23:34 Güýz / hekaýa | |
GÜÝZ
Hekaýalar
Güýzüň gyzylymçyk, goňras, sary ýapraklary Jelal aganyň duşundan şemalyň ygyna eýläk-beýläk gaýmalaklaşyp aşyrym atdylar. Ýapraklaryň doýgunlyk tagamy kükeýän ysy onuň başyny sämetdi. Kellesine symyljyk agyry geldi. Ýapraklaryň möwriti hem oňa juda uzak göründi. Ýüregi gysdy. Dynç alşa çykaly bäri, uzakly gününi howlynyň içinde aýlaň-çaýlaň edip geçirendi gi üçinmi, haýsy gündügi hem kellesine gelmedi. Lapykeçligini bulutly güýz howasyndan gördi. Birdenem öňler diňe käteler gohgalmagallaryny eşidýän agtyklarynyň otagyna boýnuny uzatdy. Kiçijikleri hem onuň birdenkä öýden çykmaýan adam bolup galmagy geňirgendirýän bolara çemeli, olar: — Ata, sen işe gideniňde hem biz ejemiň ýanynda galyp, şeýdip oýnaýardyk— diýişdiler. Jelala oýunjaklar syrly bolup göründi. Olara ünsli seretdi. — Hany, harplary öwrendiňizmi? Sanamagy bilýäňizmi? Onuň sowalyna agtyklary birbada üns bermediler. — Mugallymymyz öwredýär. Jelal oýna gümra agtyklaryndan ýene-de bir zatlar eşitmek isledi. — Uçar ýasap bilýäňizmi? Kiçijik uçar, oýnawaç uçarjyk, onsoň gämi, awtomobil... — Biziň olar ýaly oýunjagymyz bar. Öň satyn alyndyk. Jelal oýunjaklarynyň toplanan çüňküne täzeden boýnuny uzatdy, olar köpdi. — Ata, sen indi işe gideňok my? Jelala bu sowal juda ýürek gyýyjy bolup eşidildi. Ol: — Belkem, ýene giderin. Meniň kim bolup işlänimi bilýäňmi, Kemal jan?— diýip, uly agtygyndan sorady. Oýna kellesi gyzan Kemaljyk «ýok» diýen terzde başyny ýaýkady-da: — Seret, ata, sen şu oýny oýnap bilýäňmi, bu örän gyzykly — diýdi. Jelal Kemaljygyň öňündäki monitora äňedeni bilen, üýtgeşik zady aňmady. Soň: — Siziň daşaryk gidip, howlymyz da futbol oýnasyňyz gelenokmy? — diýdi. Kemaljyk ýene başyny ýaýkady, jigisi Kerimjik oýun oýnanda eşidilýän heňjagazy öz ýanyndan gaýtalap, atasyna üns hem bermedi. — Kerim jan, sen meniň ýaly inžener bolasyň gelenokmy?— diýip, Jelal sorady. — Ata, bagyşla, men häzir şu oýny oýnaýyn, soň ikimiz gepleşeris. Jelal agtyklarynyň ýanyndan keýpsiz çykdy. «Eneleri bular bilen nädip dil tapyşýarka?» diýip, pikir edende ýüregi yzalandy. Aýaly Merýem: — Ömür irden gidip, agşam geldiň, eliň sypynanda hem bize eliň degmedi. Agşam ogluň topa gidende, çagalarynam özi äkider — diýeninden soň, onuň bilen hümürdeşip, göwnüm açylar umydy üzüldi. «Topa!» diýip içindenş gaýtalady. Şu sözüň özünde-de oňa näbelli bir äheň bar ýaly duýuldy. Şuny öň näme üçin duýmandygy hakda oýlananda, Jelal agany ýekelik basdy. «Men bütin ömrüme çagalary gözli-başly edip, guwanmagy arzuw etdim. Alla şükürlidirin! Tüýs diýenim boldy. Indi nämä gysylýan?!» diýip, öz-özi bilen esli salym gepleşdi. Soň telewizoryň öňünde oturdy. Oňa aňalsa-da, seri başga ýerdedi— işindedi. «Saňa, heý, işden «Git!» diýen boldumy?! Özümden. «Jelal aga, sende ýaş hünärmenlere öwrederlik tejribe kän. Güýmeniber» diýdiler. Men gaýtam: «Indi, tüweleme, oglanlar kompýuterde tehnikanyň çyzgysyny edip otyrlar. Bular — ussat. Men, iň gowusy, dynjymy alaýyn, indi biziň möwsümimiz sowlandyr» diýdim» Ol içini hümletdi. Oňa müdirleri, özi ýaňy eline diplomyny alan oglan welin: «Ýaşuly, siziň şu ýyllaryň içinde gazanan tejribäňizi öwredip biljek ylym ýokdur. Siz biziň üçin, tutuş ulgamymyz üçin duran bir hazyna. Onsoňam siziň häzir güýzde tebigatyň ähli hasylyny jem edişi ýaly, tejribäňizi tüýs görkezmeli wagtyňyzmyka diýýärin men-ä» diýdi. Köp bilýär ol, Jelal aga ony ýatladygyça ýüzi açyldy. Birdenkä hem öz-özünden içki otaga ýöneldi. — Men oglanlar bilen salamlaşyp gaýdaýyn. Olara soň bir arkaýynlykda aýlanaryn diýip söz beripdim. Barsam olaryň begenjeklerini bilýän. Soňky aýdanyny aýaly eşitmändigi üçinem, ýüreginde bir ýakymlylyk duýdy. — Lukmana görünmeli ekeniň. Öýden ibaly çörek iýen ýeriň ýok. Ýaşkaň sypynsaň senem futbola gitdiň, ýa kitaba maňlaýyňy berip oturdyň. Seniň başga aladaň bolmady. Indi ýene işe gitjek diýýäňmi? Bar, git! Aýaly, göwnüne bolmasa, nadaralyk edýän ýaly, onuň keýpi uçdy. Näme üçin «lukman» diýip aýdandygyna düşünmedi. Ýogsam, Jelal aganyň henize deňeç başy agyryp, baldyry syzlamandy. Ol göwnüniň diýenini edip ýaşady. Göwün diýen hünärinde, ondanam höwes alyp işledi. Tegelek elli ýyl! Tapanyny getirip çagalaryna iýdirdi. Ogly bilen gyzynyň terbiýesine Merýemiň özi olary elmydama janyny gaýgy edinip ýetişdirendir. Jelal agany ýene ünji basdy. Ol şunça ýyllap öz çagalarynyň, maşgalasynyň bar ýüküni Merýeme ynandy. Oňa ynanany üçin şeýtdi. Özi bolsa, olaryň ýüzi gyzarmaz ýaly, öz kakalaryna buýsanarlar ýaly edip şonça ýyl işländir! Jelal aga sesini çykarman, ýassyk aldy-da gyşardy. Bir salymdanam Merýemiň kimdir biri bilen telefon da söwda marketiň haýsy künjünde iň tagamly çöregiň bardygy hakyndaky gürrüňleri onuň ýüregini darykdyrdy. Onsoň ol ýene ýerinden turdy-da, içkiş otaga geçdi. Penjegini geýmek isledi. Indi özüniň resmi adam däldigi ýadyna düşdi. Soň özüniň täze keşbine girişmek üçin, nähili geýinmelidiginiň, oturyp, esli salym pikirini etdi. Birsellemdenem, göwnüne jaýlap geýindi-de: — Merýem, men ýöredim — diýip öýden çykdy. — Bu adam öýde oturasy ýok! Merýemiň bu sözi onuň ýüregine sanjyldy. Ondan öýkeläp, başyny alyp, bir ýerlere gidesi geldi. Oýlap tapyşlary üçin güwänama alan gezegi hem bolupdy, halkara ylmy maslahatlaryna gidip, eden çykyşlaryny soň işdeş oglanlary internetden gözläp okadylar. Her giden ýerinden hem eli boş gelmedi, çagalaryna sowgat getirdi. Ýöne Merýem oňa ömür igesini sürtüp ýör. Sebäbi ömür öýde bolmandygy üçin, oňa gynanýar. Onuň hemişe ýanynda bolmagyny isleýändir. Ýöne Jelal aga işiniň möhümdigini oňa nädip düşündirsin?! Jelal aga ýüregine ýel düşen ýaly bolup öňki işine barýardy. Ondan ýaş inženerleriň biri maslahat sorapdy. Ol bolsa, oňa eli ýetmändi. Binagärlik taslama seredilmän galypdy. Onuň pensiýa çykyp gaýdaly heniz, ýogsam, bir hepde hem ýok ahyry. Ol zawodyň girelgesiniň agzyna gelende, bady ýatdy. Täze goýlan sakçy ony tanamady. — Ýaşuly, rugsatnamaňyzy görkeziň!— diýdi. Jelal aga diňe şondan soň öňki işdeşlerine jaň etdi. — Näme üçin öňünden aýtmadyňyz? Oglanlary yzyňyzdan ulagly ugradardym– diýen jogaby eşideninde, bogazyndaky «tegek» gaýdan ýaly boldy. Göwni açyldy. Olaryň ýanynda oturyp hezil edindi. Jelal aganyň ýanyna ýaş inženerleriň biri gitse, beýleki biri geldi. Ondan her kim bir zat sorady. Birden hem ony pensiýa çykanyny tutaryk edinip, işden gidendigi üçin müýnürgemek duýgusy basdy. Ýöne bu hem uzaga çekmedi. Öýüne baranynda, Merýem onuň: — Arzuw edilýän durmuşyň bar. Ýeri, şu çagalaryň içinden hem hezil ýer bolarmy?!— diýip, bar mazasyny aldy. Ol ýuwdundy, sesini welin çykarmady. Suwsuz galan ýaly bogazy gurady. — Merýem baý, sen öňem maňa şeýdip iňirdeýärmidiň? Men muny öň duýmandyryn-la! Işden galan bir aý çemesi wagtynda onuň hem içini gemre baglap bilipdi. Aýalyny elpeşelpelikde, islegini öňünden aňyp ýaşadandygy üçin, indi ol, gaýtam, ahmyr hem etdi. Merýemiň islegi oňa kanundy. Ony öte gowy gördi, ol häzirem şeýledi. Bir gezegem ýeke aýal dogany ejiz halyna ondan az-uşak karz pul soranda, ol Merýemiň göwnüniň diýen altyn ysyrgasyny satyn almak üçin, oňa: «Uýam, gaýrat et, ynha, ýene bir taslama işlesem, şondan alanjamy saňa beräýerin. Aýdakyja gazanýanym— çagalaryň haky. Oňa degmäli» diýip, uýasyna göwünlik beripdi. Uýasy soňky aýda oňa ýüz hem tutmady. Onuň özi hödür edende bolsa: «Ýok, agam jan, adamymyň gatnaşýan dostlarynyň biri elini uzatdy. Kösenmedik. Bizi alada etme!» diýdi. Ol soň bir gezek agşam öýe gelende, Merýemi juda owadan köýnekli gördi. Ony bagryna basdy. — Sen meniň müňlerçe gözelden saýlanymsyň! — diýdi. Merýem oňa: — Ol näme üçin müňlerçe?! — diýip, näzirgäp sorady. — Sebäbi, dünýädäki gyzlaryň ählisini goýup, şolardan hem birini saýla diýen bolsalar, men hökman seni saýlardym— diýdi. Soň ol köýnegiň bahasyny eşidende, onuň üçin özüniň ýene bir taslama işläp, köp azap etmeli boljakdygyny göz öňüne getirdi. Ol ömür iş bilen başagaý bolup ýörşüne, diňe käteler durmuş hakynda pikirlenen halatynda, özüni işinde ussat edeniň hem Merýemdigi barasynda oýlandy. Merýemiň söýgüsine mynasyp bolmak üçin, ol täze ideýalary döredipdi. Ony Merýeme söýgüsi şeýdip hem umytly hem-de gyzykdyryp ýaşadypdy. Merýem oňa juda güýçli bolup göründi. Merýem onuň çagalaryny ile goşdy. Elli ýyllyk zähmeti oňa at-abraý getiren bolsa, Merýemiň bir özi, adamsynyň başyny galdyrman, ylmytaslama işini etmegi üçin elpe-şelpelik döredip, oňa köp erk berdi. Ol Merýem bolup bilmez, ol çagalarynyň arasynda bolsa, Merýemi nädip guwandyrsyn?! Merýemi ol, hakykatdanam, müňlerçe gözelden saýlapdy. Onuň Merýemi saçy agaran hem bolsa, owadandyr, taýsyzdyr. Jelal ýuwaşjadan ýöräp işine tarap barýardy. Onuň täze taslamasy bar, şäheriň hatarlanyp duran ak binalarynyň hataryny bezejek owadan binanyň taslamasyny ol hyýalynda aýlap barýardy. Özüniň gujur-gaýratynyň bardygyna begenýärdi. «Merýemiň bir özi öýümi dolap otyr, oglum, gyzym, gelnim, agtyklaryma çenli ony diňleýärler. Ol öý-ojagyň bezegi, ol — ojagymyň diregi. Meniň arkaýyn işlemegim üçin onuň bolup ýörşüni?!» diýip, içinden pikir edýärdi. Ýene-de bir aladasy, ýaş inženerleriň biriniň taslamasy işe giriziler ýaly, oňa kömek etmek gerekdi. Özüniň islenilýändigi hakyndaky duýgy ony öňe alyp barýardy. Ýüreginde bolsa, Merýem we çagalarydy. ...Köçäniň ugrunda tylla ýaly öwüşgin atýan ýapraklar gaýmalaklaşýardy. Jüýje sanaşylýan güýzüň tüýs diýen wagtydy. Bägül ANNABAÝEWA. "Garagum" žurnaly, 4/2022. | |
|
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |