00:30 Bir pursat / hekaýa | |
BIR PURSAT
Hekaýalar
— Dogrudanam: bu — sen! Gözüme ynanamok. — Menem düýşümmikäm diýýän. — Hawa-la, edil düýş ýaly! Sen edil öňkiň ýaly. — Nähili? Hää... «Öňkiň ýaly». Göwnümi aldamasana. — Ýok, menä, gaýtam owadanlaşypsyň diýjek boldum. Birden gamlanaýdyňmy? Beýtmesene, öňkiň ýaly bolsana. — Hää, onda elimi baga diräp, ynha şeýdip durubereýinmi? — Hawa, baga tarap öwrülip dursana, men hemişe-de şol pursady ýatlaýan. — Waý, meniňem seniň diýeniňi etjek bolup başymy çaşyrşymy?! — Beý diýmesene! Käşga sen meni ýatlaýan bolsaň?! Men-ä seni ýatlamaýyn diýsemem ýatlaýan. — Goýsana, iller görerler, indi ikimizem uly adam. Unudaly! Baga elimi diräp dursam, näme üçinkä, gowy pikirlenýän diýýärdim. Aslynda utanýanym üçin aňryma bakýadym, ýogsam... Bilýäňmi, ýatdan mesele çözerdik. Käte şonda menem seni utýardym. — Wah, sen meniň ömrümi utan bolaýma?! — Goýsana, ol bize baglymy näme?! — Sen edil ozalkylaryň ýaly, çynyň bilen gepleýäň. Men seniň şeýdip gepleýäniňi hemişede gowy görýädim... Menä, şol günleri unudyp bilemok. Bar many şonda ýaly göwnüme. — Indi ikimizem uly adam. — Bee, sen ýenede şeý diýýärmiň?! Uly adam? — Hawa. — Uly adam däl, biziň ýaşymyzdakylar uly adam, ýöne... — Maňa öýümizdäkiler igenme kemini goýanoklar, «Deň-duşuň çagaly-çugaly boldy» diýip. — Menem eşidýän şol gepi, hamala, meniň durmuşym ile gerek ýalydyr. — Seniň şol öňküligiň! Iliň seredýäni bilen işiň ýok. — Meniň ýaman niýetim barmy? Arassa duýgymy aýdanym bilen, onuň nämesi aýp bolýar? Öňem sen şeýdip halys gorkanyň üçin, biziň toýumyz bolmady. Meniň bar arzuwym küle sowrulyp gitdi. — Goýsana, meniň näme günäm bar? Seniň özüň kakamyň ýanyna gelip, bar işi bulaşdyrdyň! — Dagy näme, başga ugur tap masam, men şeýderin-dä! Sen özüň ikimiziň birekbiregi gowy görýändigimizi öýüňizdäkilere aýdan bolsaň, men armanly galmazdym. Kakaň düşüner öýtdüm, düşünmedi. — Geçeni geçdi bileli, indi yza ýol ýok. Kakam şu wagtam seniň adyňy eşitsede gahary gelýär. Men seni gowy görýändirin öýdüp pikirem edenok. «Arzylap oturan gyzymy olar ýaly abraýy bilmeýän adamyň yzyna salyp men samsykmy?!» diýip, ejemem oňa gop berýär. — Olar düşünmezlermikä? — Bilmedim, şu gün uniwersitete gutaranymyzy bellemäge gidýänimizi aýtdym. Kakam sesini çykarmady. Ýöne ýene öňki heňi. «Gyzyň niýeti Batyra äre barmak bolsa, meniň yrzalygyma garaşmasyn» diýýär. Menem: «Ykbalymdan çykjak Batyrdan özge biri bolsa, menem yrza däldirin» diýdim. — Sözüň gurbany bolaýyn, Söýligö zel! Soň, hawa, soň on ýyllap sen meni görmän ýaşadyň. Menem seni... — Nädeýin, kakamyň sözi sözdür, sen meni gowy görýändigiňi oňa özüň baryp aýtmadyk bolsaň... — Meniň öňüme düşjek hossarym barmy? «Ýetim oglan özi ýeser, öz göbegini özi keser» diýip eşitmänmidiň?! Ýok, onuň üçin däl, kakaň meniň pukaradygymy bilýär. Onuň gyzyny gurply ýere beresi gelýär. — Hawa, nädeýin, şeýle bolmagam ahmal... — Indi näme, ýene on ýyl garaşalymy? — Bilmedim. Indi, ýöne, ýüregim ýarylyp barýar. Hawa, menem adam, menem söýüp bilýän... — Söýüp bilýän? Eý, Allajanlarym, meniň bagtlydygymy! — Hawala, duşuşanymyz gowy boldy. Ömür geçip barýar. — Ilki başda soň arman etmez ýaly gowy oýlanyşmalydyk. — Hawa, ýöne ýuwaş, hany, ýyldaşlarymyzyň ählisi gelendir. Birden bile duranymyzy görseler... — Görsünler! — Utanmazmyň?! — Näme üçin utanaýyn?! Logika boýun egýän ähli zatlara erkim ýetermikä diýýärdim. Beýle däl eken, Söýligözel! Kakaň näme üçin yrzalyk bermeýänine akylym ýetenok. — Bilmedimdä, könäni yzarlaýar öýdýän. Onuň diýýän adamlary häzir aýatda hem ýok. «Alynyň aryny Ahmetden çykarýar kakam» diýip, ejeme-de aýtdym. Pisint etmedi. Nädeýin?! Häzirä menem gaharyma hiç kime ýyly söz bermän gezip ýörün. Gyzynyň duluny saklap oturanyna özi soň gynanmazmy? — Sen edil çaga ýalyda, Söýligözel, bolýar. Garaşaly, onuň yrza bolaryna garaşaly. Esasy zat seniň meniň dünýämde barlygyň. Sen meniň dünýäm, hyýalymdan ömür öçmejek dünýäm. Meniň şeý diýýänimi gaty görme, Söýligözel! — Hawa, dagy näme edeli?! Ikimizem häzir işimize gümra bolup, wagtymyzy geçirýäs. Toý etmänkäk, belkem, sen alym bolarsyň. — Senem. Näme üçin diňe men? — Bilmedim. Belkem, menem, hawa, şu wagt bir tema aldym. Men muny saňa soň aýdaryn. — Soň? Haçan soň? Sen meni bir şäherde bolup ýeke gezek gördüňmi?! — Indi görerin. Aspirantura girsem, her gün görüşeris. — Wah, Söýligözel jan! Şu ýyllaryň içinde men seniň sesiňe zar boldum. Aý, ýokla, sen bu duýgulara henizem düşüneňok! — Wah, düşünýändirin, Batyr, ýöne, nädeýin?! — Bolýala, meniň halym näme bolanynda, näme?! Bu kiçijik adamyň ýyllarboýy çeken ejiri bilinjekmi?! Ýan, köý! Hawa, hawa! Häzire deňeç meni ýaşadýanam şol ot. Oduň özi keramat, ondada meniň kalbymyň harasatyndan tutaşan ot, ol dünýämi büsbütinleýin gapdy, Söýligözel! — Bee! Batyr, men seniň şeýdip örtenmegiňi islämok! — Hää?! Çynyňmy?! Onda, Batyr, sen — ýaşaýarsyň, sen — diri, Batyr! Wah, bi käşgä çyndan bolsady! Çynmy bu, aýtsana? Sen men hakynda pikir edýärmiň?! — Hawa, edýärin, men seniň juda gowudygyňy bilýärin. — Ine, seniň meni ýene otlasyň gelýär, düşnükli. Sen meniň ýananymy synlap, lezzet alýan bolaýma?! Men sensiz ýaşap bilemok, başaramok, Söýligözel jan! Düşünýäňmi, sen meniň üçin ähli dünýä. Bolany — şol. Sen ýok, dünýede edil ga raklynyň batyl galyşy, onki synasy sagat kişiniň birdenbir ýarym san hala düşüşi ýaly ýitip galýar. Men, çyndanam, gury san! Gury gäp men, özbaşyma yrgyl atan bolup ýörün. Ýeri, men kime gerek?! Aýyň-Günüňem her gün ilki beýik daglara keşbini rowa görşi ýaly, seniň jemalyňam şol owadan surat bolup, meniň, ine, şu garagyma siňip gidipdir. Hawa, şeýle, Söýligözel! — Bee, men, men indi näme diýjegimi bilemok?! — Hümm... Owf!!! Meniň söýgime güman etjekmiň? Söýligözel jan, saňa bolan söýgimi meniň duýşum ýaly duýsadyň, ýüregimiň yzalydygyny bir bilsediň! Hasrat çekersiň! Ýokla, men seni hasrata galdyrarynmy?! — Batyr, wah, men saňa näme diýsemkäm?! — Näme diýseňem bolar, Söýligözel, sesiňi eşideýin! Bular ýaly näzik sesi men ynsan oglunyň döreden hiç bir sungatyndanam tapman. Tapman diýýän, meniň bu heňe şeýle suwsandygymy bir bilsediň. Wah, Söýligözel jan, tebsirän ganar, men welin ganmaryn, ömür zarzelildirin. — Aý oglan, senä öň däl, meni indi däliretjek, akylymy çaşyrdyňla halys. Bilýäňmi men nähili bolýan?! — Sen nähili bolsaňam gowusyň. — Gowy bolarynmy?! Sen ýenede meniň başymy tupana goýarsyň, bilýän! Hemmesem sen zerarly, Batyr! — Kakaňa hiç zat aýtmaly. — Geleniň sözüni alman otyryn, ýeri gönüläp diýmänimde, kakam şony bilmezmi?! Bilýär. — Meniň duýgyma adatydyr öýdýärler. Bilenoklar. Söýginiň ylahy gelen emrini duýanoklar. — Menem samsyk däl, ejem: «Menem kakaňy toýdan öň sulhum almandy» diýýär. Men onuň aýtjak bolýanyna düşünýän, ýöne ikimiziňki beýle däl, biz şeýlede birekbirek bilen uzak gün gürleşip otursagam ýadamzokdyk, ýadyňa düşýär gerek?! — Heý, ýadyma düşmezmi, sen hakdaky ähli zat meniň ýadymda. Meniň kellämiň hiç haçan düzelmejek derdi, ol hem sen, Söýligözel! — Meniň hem senden başga adam bilen gepleşesimem gelenok. Gepleşsemem boş, manysyz zatlar gepleşýän ýaly bolýan. Iliň ugruna gülsemem, şol gülküde gussamy, gaýgymy gizleýän. Gizleýän, Batyr! Senem gizle! Ähli zady unutda, durmuşyň hözirini gör! — Wah, senli ýaşaýyş maňlaýyma ýazylan ýaly! Garaşjak, ömür garaşjak! Janlyjandaryň bahara garaşyp, bir müddeti doňan, eşidýaňmi, asyl manysy bolmadyk togtan ýaşaýyşda ötürişi ýaly, ýaşaryn! Umydym meni aldamaz. Bir gün seniň güler ýüzüňe hem mähiriňe miýesser bolaryn. Çydaryn, näçe ýüküň bolsa, at gerdene çekerin. Yhlas soňy rahatdyr, Söýlim! Meniň duýgymyň erki öz elimde. Ony syndyrmazlar. Dil bilen diňe söz harlanýar, gadyrsyz galýar. — Şeý diýmesene! Ýalbarýan! Kakamdan gaty görme. — Bolýar, ýöne kakaň meni kemsitmesi käteler şeýle bir gaharymy getirýär... — Köşeşsene, Batyr! Kakam ahyry düşüner, men aýtmasamam düşüner. Söýgiňi pynhanlykda sakla! — Pynhanlykda sakla?! Indi maňa Batyr diýenoklar, Batyr aga diýýärler... — Hawa... — Men ähli şertiňe kaýyldym, sen utandyň. Meni söýýäniňi aýtmagada utandyň! Häzirem şeýle... — Senem bir zatlar diýäýýäň, Batyr, bu juda kyn, kyn diýýänä! — Meniň üçin seniň ýeke sözüň ýeterlik. Kakaňa düşündirip aýdaýmaly. — Ýüzüm çydamaýar! Ýogsam, aýtsam, belki... eger birden düşünmese, onda... — Düşüner, biz onsoňam indi iliň içinde hem tanalýan adamlar. — Bolamyzda näme? Eneatanyň närza zadyny edip, gönenerin öýdemok, gorkýan. — Bee, ikimiziň durmuşa gezek gelende beýle ejiz bolaýşymyzy! — Wah, Batyr, seniň özüň bir töwra-da! Ýeri, senden başga özi üçin söz aýdyp gudaçylyga barýan oglan barmyka?! — Bolýala, meniň üstümden gülme! Şonda özüme erk edip bilmedim, seni başga biri alar öýtdüm. Bolanok, söýgi çydamsyz agyryly güýç! — Zenanyň duýgusy has inçe bolýar. Erkek adam hiç haçanam, olar ýaly ýürekden syzyp duýup bilmez! Ýöne — «söýgi, söýgi»! Näme ol? Ertekimi? Abat maşgala gurmak üçin ylalaşyk gerek, Batyr! Soň söýgi özözündenem dörär. Seniň söýgi diýýäniň bolsa, başga bir zat. Men oňa näme diýjegimi bilemok. Ol ruhy birlikdir, ýogsam men seni şeý dip söýmezdim. Ikimizem özümizi ejire goýýas, hamhyýala çümýäs. — Söýligözel jan! Ýürege giren ýürekden çykanok. Eger çykýan bolsa, onda, belkem, ol girenem däldir. Gel, indi berin meni örtendirmesene! — Sen ýenede meniň saňa söýgime ynanaňokmy? — Boldy, beý diýme, janym, ýüregiň urgusyna goşulmadyk ynsana: «Söýýän!» diýme! — Diliňe alyp, ile jar edilmese, söýgi däl-dä! Şol mahal senem kakamdan gaty görmeli däldiň. Men şol günler seni söýýänimi aýdyp bilmesemem, köp-köp garaşdym, ýene dolanyp geleriňe garaşdym. Agladym, kemsindim. Sen welin, gaýtam maňa halaşýanymyzy aýt diýýäň. Ýeri, nämä gerek?! Goý, enematam diýenlerine kaýyl bolýan gyzlarynyň bardygyna begensinler. Menem düşünýän. Ýöne men özümiňkileriň eýerýän ýörelgesine hormat goýman, bagtly bolup bilerinmi?! Bolýala! Häzir beýlekilerem üýşerler. Dile düşeris. — Wah, käşgä bilinmeýän bolsa, meniň seni söýýänimi aýtmak gerek däl! — Ikimiz barada her hili gepgürrüň çykarsalar gowumy?! — Ýenede Söýligözel jan, sen özgäniň pikiri hakda gürrüň edýärsiň. Öňem bagtymyzy ýatyran özgäniň gürrüňi dälmi?! — Beý diýme, Batyr, ili günäkärlemäli! Günä özümizdedir. — Biz günäkär, Söýligözel jan, şeýlemi?! — Hawa. Sen meni söýýäniňi bildirýäň! Söýgi — pynhanlyk. — Ol näme üçin men gursagymy ýaryp barýan päkligi gizlemeli?! Gizlinligiň aňyrsynda gözüňi gapylara getirýän tümlük bar. Ol ýerde Günem ýok, Aýam. Ynamam körügsi. Barysy gümürtiklik hem şübhe. — Wiý, sen ýaňadan ot alýaňmy?! — Çynyňy aýdan bolsaň, söýgimizi halas ederdiň. Men ýaşardym. Seni aýamda göterip, seni söýýänimi ulusile jar edip ýaşardym. — Utanaňokmy? Goýsana şu gürrüňleriňi. — Meniň uly ilim bilen aglasym gelýär. — Erkek adam halyňamy?! Goýsana! Biri aglasa, men aglamaly. Men duýgymy hiç kimiň bilmeginem islämok. Goý, özüm bileýin, özüm ýanaýyn. Barybir şu ömri ýaşamaly. — Ýaşamaly, ýöne seniňki ýaly, öz islemeýän zatlaryňa kaýyl bolup ýaşamaly däldä! Adama akylhuş näme üçin berlipdir?! — Men — akylsyz, aýdyber! Şu pikir bilen söýginiň nädip ýerleşýänine ynanamok. Meni söýseň şeý diýip bil mezdiň... — Bee, asyl seniň özüň meniň söýgime ynamsyzda! — Men... seniň kimdigiňi bilmänetmän söýüpdirin. — «Söýüpdirin?» Söýüpdirin diýdiňmi, Söýligözel jan? Ýokla, sen meni ahyrynda akylymdan azaşdyrarsyň. Şondada munuň bar sebäbiniň sendigini hiç kim bilmez. Okumyşlygyndan bir bela uçrady diýerler. — Käteler näme üçin dümtünip ýörenime gaty gaharym gelýär. Seniň işleriňi okap, «Şundan soň näme ýazjak?» diýýän. Beýleki bir mesele babatda welin, ine... — Näme? Hää? — Söýgüde. — Söýligözel jan, seniň bu sözi diliňe alyp bilýäniňe begenýän. Söýgi diýip, söýgä ähmiýet berip bilýän adam çyndanam söýer. Sen — mukaddeslik, sen — söýgi! — Beý diýmesene! Men şeý diýýäniň üçinem hemişe utanyp gezdim. Utanýan. Indihä, sen uly adam. Menem söýýän diýsem, geň! Öňem seniň şu sözi aýtjagyň ýadyma düşende, çekinýärdim. — Öz ykbalyňy özüň çözeňde bolmazmy?! Gaýtam beýlekiler seniň durmuşyň üçin sebäpkär ýaly bolup galýarlar. Biziň öz ykbalymyzy özümiz gurmaly. — Türkmençilik edilse ýagşy, herki zadyň gelşigi bar. — Her kim çagasynyň göwnüni diňlemän, maşgala meselesini çözmeýär. — Dogry! Men ýöne pylanyny go wy görýän diýmäge utanýanda! Birhili, duýgularyňa eýeçilik etmeýän ýaly peslik görýän şony! — Peslikmi?! Söýligözel jan, pikirlen! Asyl ähli janlyjandaryň ýaradylyşy şeýledir. Ýürek o taýa owsunar, bu taýa owsunar, maksadam küýsegleýäniň di daryna ýetmekdir. — Batyr, sen näme diýýärsiň?! — Ikimiz birdiris, Söýligözel jan! — Ine, sen ýene öňkiň ýaly! Ýöne maňa «jan!» diýip otyrsyň! — «Janym!» bolsaň, «jan!» diýerin dä! Janym sen meniň! Näçe gün Alla maňa ömür beren bolsa, men şonça günläbem saňa «Janym!» diýerin. — Men juda erbedem bolsam, sen maňa şony diýjekmi?! — Seniň gowulygyň, juda gowy, hiç bir taýsyz gowulygyň baradaky pikir meniň pikirim. — Ol üýtgemezmi? Ynanyp bilemok! Sen meni unudansyň, indem ýüregiňden bütinleýin syryp aýransyň hem diýdim... — Hawa, sen ýüregiň söýgi tarlaryny islän ugruna dartjak bolduň, süýnen tarlar sozulyp, bir ýürege barar öýtdüň. Bolmady! Söýgi... — Goýsana, ýöne söýgi, söýgi, seniň diliňde söýgi, başga söz bileňok. Söýgi ýürekde bolmaly?! Gepleme, pynhan bolsun! — Ýüregiňdäki diliňde bolarda, Söýligözel jan! — Menä henizem bolsa, utanýan, Batyr! Iliň bizden başga gürrüňi bolmaz. Garaşaýaly! — Ömrümiziň ýene näçe gününi ýalňyzlyga höküm edeli?! Indi gepläli! Dymmaly, Söýligözel jan! Maňa haýpyň gelsin. Ýaşasym gelýär. Seniň jemalyňa guwanyp ýaşasym gelýär! — Jemalyňa?! Diňe owadanlygym üçin söýýärsiňmi, Batyr?! — Ýok, men seni dynman taryp edesim gelýär. Wah, ýöne men çeper gepläp bilýän bolsadym! — Batyr, özüňi heläkläp ýörme, nesibämizde bolsa, bir gün toýumyz bolar! — Bolar diýdiňmi?! Bolarmy? Sen çynyňy aýdýarsyňmy, Söýligözel jan?! — Nesip, ykbal işidir. — Hawa.... — Iller eýýäm ýygnanyşandyrlar! Hiýh, ikimiziň duranymyzy gören bolaýsalar?! — Gören däldirler. — Sesleri eşidilýän ýalyla?! — Hawa, üýşselerem üýşendirler. On ýyl! Az möhletem däl! Meniň seni görmänime-de şonça ýyl! — Bizi gözleýändirler. — Taparlar. — Nädip?! — Öňki ýerimizden. Şu bagyň aşagyndan... — Oýun etmesene! — Menä seni görjegime begenip, uçup gaýdypdyryn. — Menem duşuşygymyzyň bardygy ny eşidenimden, sen ýadyma düşdüň. — Ýör gideli! Wiý, bile barmaly! Aýp görler. Menä utanýan. — Hiýh! Bolýa-da! Näme diýseň kaýyldyryn, indi ökünmeli bolmaly, arzymanym! — Gepläp bilýäňle, bu sözler nireden diliňe gelýär? — Ýüregiň özi gürledýän eken. — Ýokla, sen ýene şol heňiňe başlaýarsyň. Gepleme! — Bolýar! — Beýdip maňa seretmesene! — Seredesim gelsedemi?! — Seredesiň gelermi?! — Meniň ýaşamagym üçin bir üfem howanam gysganýaňmy?! Gysganç sen! — «Söýgi pynhan bolmaly» diýip aýtdyma. Pynhanlygyndan aýrylsa, ol söýgi däl. — Söýgi! — Bolýala, ýene ikimiziňkiň soňy ýaňkalaşma barar. — Janym Söýligözel jan, beý diýmesene! Maňa gazaply daraýaň. Sen ýanymda bolsaň bolýar! — Bolýa, gideýin. Waý, dogrudanam, sesleri bar, biziň gürrüňimizi edýändirler. Gowy däl! — Söýligözel jan, sen henizem gorkýaňmy? — Utanýan, Batyr, sen meniň akylymy çaşyrdyňa! — Bolýar, men birinji, sen soňrak baraý! — Ýok, ilki men gideýin. Utanýan. — Bolar, meniň bagtym, hoş gal! Alla bizi ömürlik sataşdyrsyn. ... Wah, şujagaz pursat! — Ömürlik bolsun! — Näme?! Çynyňmy?! — Goý... — Söýligözel! — ... Bägül ANNABAÝEWA. | |
|
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||