BAŞAŞAK
Bu ýerlerdäki dag-derelerde başaşak diýip bir güljagaz barmyş diýýärler. Onuň gunçalary röwşenlik döredýärmişin. Owaňa agşam goýsaň, ertesi gözüň ýagtylyp gidýärmişin. Bu güljagazyň täsin gudraty adamlaryň akylyny halys kökerip goýupdyr. Olar käteler güljagazy gabanyp, onuň ýanyndan geçýänleri aňşyrmak üçin, topraga diň salyp ýatypdyrlar. Şol jülgä sary gadam goýan atlynyň toýnak sesini aňybam, başaşaga kömege ýetişipdirler. Olar nätanyş atly derelerindäki güljagazy görmän geçse-de, onuň şeýle täsin ösümligiň edil ýanjagazyndan geçibem, barlygyny duýmandygyna gynanypdyrlar. Eger atly güljagazy idegläp gelen bolsa, olar onuň güljagazy ynjytmanjyk almagyny isläpdirler. Bu obada:
Asman-a atamyz, Ýerem enemiz,
Neneň söýmän ýaşamaly ýene biz?!
— diýen aýdymjyga hiňlener ekenler. Munuň manysy hem olara düşnükli bolara çemeli.
Olar başaşagyň syrynyň bardygyny bilipdirler. Ony ile ýaýyp ýörmändirler. Ýogsam bu obadaky adamlaryň juda salykatlylygy hem şol güldenmiş diýýärler. Bu ýerdäki jülgäniň ady dakylan Arwaz obasynyň adamlary diňe şol güljagazlaryň häsiýetine belet adamlar bilen dostlaşyp bilýärmişin. Sebäbi olar bir zada ynanypdyrlar. Adam bilen dostlaşmak üçin, oňa düşünmeli. Asman — Zemin aralygyndaky ähli zatlara düşünseň, olar bilen ýakynlaşýarsyň. Iň bärkisi ene-ata hem öz çagasyna düşünmese, onuň bilen dostlaşyp bilmeýär. Şonuň üçinem bu obadakylar ilki töwerekdäki görülýän, duýulýan ähli zatlara düşünmelidigine ynanypdyrlar. Diňe tebigata düşünmeýän adamlar onuň bilen erbet gatnaşyk saklap biler diýipdirler.
Bularyň obalarynda hem Asmana uçup, Ýeriň has çuňlugyny barlap görübem, açyş edýänler bolupdyr. Ýöne olar Ýeriň, Gögüň ygtyýaryny aňýan ekenler. Eger bir ýerde Asman atanyň we Zemin enäniň tebigatyna laýyk gelmeýän bir iş ediljek bolunsa, olar muny öňünden duýupdyrlar. «Bulary öz janyň bir bölegi ýaly duýup bilmeseň, ynjydarsyň» diýip, juda alada edýärmişler. Halys özlerini diňläp, ýene-de kütek çyksalar, bulara atalarynyň öňler aýdan tymsaly kömege ýetişipdir. Asmany, Zemini söýmelidigine ynanyp, indiki ediljek açyşlaryňam onuň özünde bir ýerde gizlenilgidigini duýýan ekenler. Olarda: «Päliň düz bolsa, ýoluňam düz bolýar» diýen bir kada hem barmyşyn. Adamlaryň soň-soňlar asyl manysy oňyn duýgy bilen gurnalan hyýalyň hakykat bolýandygy hakyndaky ýazan köp-köp kitaplary olaryň şu sözündemiş. Olar munuň şeýledigini bildirjegem bolmandyrlar. Azaşan oglanam ahyry yzyna gelýär ahyryn! Asman — Zemin ogullarynyň, ýerdäki ähli adamlaryň ahyry özleriniň asylky tebigatyna dolanjakdygyna ynanypdyrlar. Şonuň üçinem olar adamlaryň içindäki ýüregini görýän şol güljagazlaryny gorap geziberipdirler.
Bu güljagaz Gün çyksa-da, başyny aşak egipdir. Owalynda Arwazyň ýakynyndaky ýylysuwlularyň arasynda «Ýaş maşgalanyň ýüzi aşak bolar» diýen aýtgam şondan galanmyşyn. Ýylysuwlular başyň aşak bolsa, topragy görýäň diýipdirler. Ýaş-ýuş gyzlaryna, jahyllara päli pesligi, ýer ýaly agraslygy ündäpdirler. Bular bu jelegaýlarda bitýän her ot-çöpden özlerine ýakyn bir tymsaly aňyp, ony hem perzentlerine geçirmegi adat edinipdirler. Bu ýeriniň ýigitleri arça ýaly berk, çynar ýaly berdaşly bolanmyşyn. Gyzlar gülälek ýaly näzik, häsiýetem ömür başy aşak egilgi şol güljagaz ýaly salykatlymyş.
Başaşak olaryň ýeke bir gözüni ýiteltmän, bu dünýäni görşüni aýdyň etmän, olaryň aňyny hem ýiteldýärmişin. Başaşak adamlaryň köňül gözünem açýarmyşyn. Şonuň üçinem bu oba has rysgallymyşyn, bu oba has agzybirmişin, döwletli hem diýýärler.
Adamlara asylky tebigatyny ýadyna salýan şol güljagaz şu mahallaram barmyşyn. Gözüňiz ýeten ýerinden gözläberseňiz, ony taparsyňyz.
Bägül ANNABAÝEWA.
Hekaýalar