21:52 Otuz ýediň pidasy | |
OTUZ ÝEDIŇ PIDASY
Taryhy makalalar
- Halmyrat Sähetmyradow hakda nämeler bilýäňiz? - ? - Halmyrat Sähetmyradow kim bolupdyr? - Özi—hä, bir ýerlerde adyna-ha gabat gelipdik. - Halmyrat Sähetmyradow haçan ýogalypdyr? - Birki ýyllykda ýogalan MK-nyň sekretary Sähetmyradow-a däldir? (Okuwçy, student, kolhozçy, gurluşykçy bilen gürrüňdeşlikden). Men dürli kärdäki ýäş ýigitler bilen bolan gürrüňdeşlikde, Sähetmyradow hakda subutly bir zat aýdyp bilmändikleri üçin olaryň hijisinem günäkärlejek bolamok. Günä başga zatda. Onuň köki öz başlangyjyny baryp-ha 1937-nji ýylyň ahyrlaryndan alyp gaýdýar. • Hronika 1914-nji ýyl – Daşkentdäki mugallymlary taýýarlaýan seminariýa okuwa girýär. 1919-1920-nji ýyllar RK(b)P-niň hataryna kabul edilýär. Atyjylyk diwiziýasynyň çykarýan “Golos Bednoty” gazetiniň işine aktiw gatnaşýar. RK(b)P-niň Poltorask musulman býurosynyň prezidiumynyň çleni. Poltorask uezd halk magaryf bölüminiň müdiri. Türküstan Kompartiýasynyň V, Türküstan Sowetleriniň IX gurultaýlarynyň delegaty. 1921-1924-nji ýyllar-Türkmen obkomynyň ikinji sekretary. RK(b)P MK-nyň Orta Aziýa býurosynyň metbugat bölüminiň müdiri, Moskwada Swerdlow adyndaky kommunistik uniwersitetiň studenti. 1925-nji ýyl – Türkmenistan K(b)P MK-nyň sekretary. Ol şo wagt 27 ýaşynyň içindedi. 1928-1936-njy ýyllar – BK(b)P MK-nyň Orta Aziýa býurosynyň bölüm müdiri, Moskwada marksizm-leninizm kursunyň diňleýjisi. BK(b)P MK-nyň Orta Aziýa býurosynyň bölüm müdiri, Moskwadaky zawodlaryň biriniň partkomunyň sekretary, BK(b)P Gazak ülke komitetiniň ylym we mekdepler bölüminiň müdiri. 1936-1937-nji ýyllar – Moskwadaky SSSR halklarynyň dili we ýazuwy ylmy-barlag institutynyň direktorynyň orunbasary. H.Sähetmyradow Türkmenistan K(b)P-niň I.II.III gurultaýlarynyň, BK(b)P-niň XIV, XV, XVI gurultaýlarynyň, XIII, XIV, XV Bütinsoýuz konferensiýalarynyň delegaty.BK(b)P-niň wekili hökmünde Kominteriniň VI kongresine delegat bolup gatnaşypdy. *** Gara Myradowiç Amanmyradow, TSSR-iň at gazanan medeniýet işgäri, pedagogik ylymlarynyň kandidaty: - Atamyz Sähetmyradowyň uly ogly biziň kakamyz Amanmyratdy, kiçisi Halmyratdy. Halmyrat kakamyzyň ýaşaýan jaýy häzirki 1-nji poliklinikanyň ýerinde ýerleşýärdi. Olaryň giň howlusynda islän bägüliň ösüp otyrdy. Gelnejemiz Anna Markowna Lewina öýüne gaty yhlasly aýaldy. Olaryň öýi, ýörite saklawyň bardygyna garamazdan, hemişe adamlydy. Respublikamyzyň dürli ýerlerinden, aýratynam Aşgabadyň etegindäki obalardan daýhan bary gelýärdi. Şolaryň birem kabul edilmän goýberilmezdi. Halmyrat kakam öz işiniň çendan agyrdygyna garamazdan, olary güler ýüz bilen garşylap, myhman alýardy. Olaryň arz-şikaýatlaryny üns bilen diňläp, işlerini bitirip goýberýärdi. Şonuň üçin bolsa gerek, oba adamlary Merkezi Komitetiniň öýüne gelip, arz-hallaryny aýtmaga hiç hili çekinmezdiler. Ogly Timur biziň bilen deň-duşrak bolansoň, hemişe onuň bilen bile oýnardyk. Gyzlary Pöwrüze iki-üç ýaşyndady. Olar çagalary gowy görerdiler. Biz Halmyrat kakamyzy 1935-nji ýylda iň soňky gezek görüp galdyk. Ol şol wagtlar Gazagystanda işleýän ekeni. Şo ýyl dogduk obasy Köşä görme-görşe geldi. Oba mekdebiniň giň howlusyna uludan-kiçä ähli adam süýşüp gelen ýaly boldy. Şonda öz obadaşlarynyň arasynda düşnükliden sada çykyş edendir weli, heý, goýaý. Aýal-ebtat, oglan-uşak bir gulaga öwrülen ýaly boldy. Şonda ol dünýä täzeliklerinden söz açdy, halky ylmy-bilime, medeniýetlilige çagyrdy. Ony biz – onuň dogan-garyndaşlary, tutuş Köşi ilaty iň soňky gezek görşümiz boldy. Şondan iki ýyl geçip-geçmänem oňa halk duşmany diýdiler. Munuň ýalan töhmetdigine ynanýardyk. Öz halkynyň gamyny iýip, onuň aladasy bilen ýaşaýan adamam halkyň duşmany bolarmy? Otuz ýedinji ýylyň ahyrlarynda atamyz Sähetmyrady Aşgabada çagyrdylar. Şol wagtlar ýetmişe golaýlan goja eşegine mündi-de, ýeke özi Aşgabada gaýtdy. Ol agşamlar öýüne gelip, hemmämizi ýygnady. “Halmyrat Moskwadan gelipdir, Işläp oturan eken. Iş köp. Wagt az. Oba-da baryp biljek däl. Köp dogaýy salam iberdi hemmäňize” diýdi. Oba arasyna ýaýran habaryň ýalandygyny eşidip, birbada begensek-de, ýöne bir gümürtik pikir kalbymyzy gaplap aldy. Aşgabada gelenem bolsa, iki ädim ýere gelip bilmeýändigine teý düşünip bilmedik. Aradan köp wagt geçmänka, alasarmyk ýagdaýam aýdyňlaşdy. Obada tutha-tutlyk başlandy. Gije gelip, oba Sowetiniň başlygy bolup işleýän kakamyzy turzup äkitdiler. Ertir geler öýtdik. Gelme nirede, zat nirede? Şondan soň obada hepde-de bir ýa iki gezek ýygnak geçirilýärdi. Ýygnaklarda oba Sowetiniň sekretary Aga Annadurdy, Atabaý Borjak, Çary Atakişi yaly mugallymlar, Annamyrat Durdyýew, Ylýas Meredow, Agamyrat Ataýew ýalylar aktiwsiräp çykyş edýärdiler, bile duz-emek bolan, egin-egne berip işleşen, günde-günaşa görşüp, ýakyndan tanaýan adamlaryna töhmet baryny ýagdyrýardylar. Oba sekretary Aga Annadurdynyň dagy kakam hakda ýygnakda aýdan zatlaryny gulagyň bilen eşider ýaly däldi. “Milletçi, iňlis içalysy Halmyrat Sähetmyradyň guýrugy , Turkiýä gulluk edýän agent, aý, ýöňkelmeli zatlaryň barysy ýöňkelýärdi. Şol ýygnakda aýyp ýöňkelen adamlaryň gije ýygnaljakdygyny hemmämiz bilýärdik. Ertesi olaň öýi yzan-da-çuwandyr. Öýlerde kyýamat gopýandyr. Köşi obasynyň özünden Halmyrat Sähetmyrat bilen baglanyşykly 150-den gowrak adam tutuldy. 150 adam! Pikir edip görüň-ä! Tutulanlaryňam köpüsi kolhoz işinde tüýs ýürekden işläp ýörenler: Meret Akmergen, Ata Wallak, aga-ini Meret bilen Baýram Güjük, Ogulbossan Nazarowa... ýalylar. Şo 150 adamyň içinden diňe Ogulbossan Nazarowa bilen Baýram Güjükden özgesi dolanyp gelmedi. Kakamyz tutulanda uly doganym Nyýaz Aşgabat pedinstitutynyň fiziki-matematika fakultetiniň 2-nji kursunda okaýardy, menem şol ýyl geografiýa fakultetine okuwa giripdim. Niýazy halk duşmanynyň ogly hökmünde okuwdan çykardylar. Meňem kowulmagym ikuçsyzdy. Şoň üçinem näme bolsa şo bolsuna urddum-da, göni direktoryň ýanyna girdim. Oňa Halmyrat Sähetmyradyň doganynyň ogludygymy, ýöne kakamyň näme üçin basylandygyny bilmeýändigimi, özümden uly doganymyň halk duşmanynyň ogly hökmünde okuwdan çykarylandygyny aýtdym. Şo wagt ýörgünli bolan “atasy üçin oglunyň jogapkär däldigini” ýatladyp, azar bermeseler okajakdygymy, bolmasa-da okuwy taşlajakdygymy aýtdym. Rus adamsy bolan direktor ýüzüme nebsiagyryjylyk bilen seretdi-seretdi-de: - Bolýa. Arkaýyn okaber. Hiç kim seň adyňy tutmaz - diýdi. Emma ähli hupbat öňde ekeni. Tiz wagtdan halk duşmanynyň maşgalasy hökmünde biziň obada ýaşamaly däldigimiz, dogduk diýary terk etmelidigimiz hakda oba Sowetiniň kararyny elimize tutdyrdylar. Bäş baş maşgalany eklemek boýnuna düşen naçar ejemiň bu habary eşidip bozlaýşy göz öňüme gelse, şindi-şindilerem inim tikenekläp gidýär. Başga alaç bamy näme? Dadyňy kime ýetirjek? Mert bolup, özüň öz günüňi göräýmeseň, kimden haraý gözlejek. Biz-ä ýaşyrak, iň ulymyz Enwer Aşgabatdan eýdip-beýdip bir kiçijik haraba jaý tapypdyr. Aldajy gyşyň içi o ýerini-bu ýerini suwap, derrew göçmek bilen bolduk. Öý goşlarymyzy maşyna ýükläp, ýola düşdük. Alagöz atly itimiz bardy, olam biziň yzymyzdan galmajak bolup, çaň-tozana garylyp galdy. Şo sowuk gyşda 5-nji klasda okaýan gyz jigimizi elden giderdik. Ýeke otagly darajyk jaýyň içinde hazan öwüsýärdi. Ýarym-ýalaňaç gyzjagaz erbet sowuklady. Däri-dermany nireden aljak? “Halk duşmanynyň” çagasyna kim seretsin? Şeýdibem gyz jigimiz dünýäden armanlyja gitdi. “Halk duşmanynyň” çagalary bolan bize ynamsyzlyk bilen garaýardylar. Kakamyz tutulandan bir ýyl geçensoň biz TSSR Merkezi Ispolnitel Komitetine ýüz tutdyk. Niýaz öňki okuwyna dikeldildi. Köşüdäki jaýymyza göçmäge-de rugsat berildi. Ol jaýa biz Aşgabada gaýdanymyzda kolhoz başlygy Sapar Myradow öz maşgalasy bilen göçüp baran ekeni. Niýaz bilen bile okap ýörüs. Sport işlerine-de aktiw gatnaşýas. Şonuň üçin ikimizi-de Moskwanyň Gyzyl ploşadynda geçirilýän bedenterbiýeçileriň Bütinsoýuz paradyna gatnaşmaga saýlap aldylar. Ýöne anketamyza seredip, “halk duşmanynyň” çagalary hökmünde Moskwa ibermediler. Bu ýalňyşmasam, otuz dokuzynjy ýyl bolmaly. • Pöwrize Sähetmyradowa: - Men Aşgabatda kakam Halmyrat Sähetmyradowa ýadygärlik dikeldilendigi üçin partiýa, Türkmenistan hökümetine öz çäksiz minnetdarlygymy bildirýärin. Şeýle hem ýadygärligiň proýektiniň awtorlary Fuad Bagyrowa, skulptor Magtymguly Nurymowa, gurluşykçylara gaty minnetdar. Men ýadygärligiň açylyş dabarasyna Leningrad şäherinden geldim. Baglyga bürenip oturan Aşgabady synlap, oňa ýüregimden guwandym. Ýigriminji ýyllarda rewolýusion Türkmenistanyň partiýa guramasyna ýolbaşçylyk eden kakamyň başlan işiniň bu günki miwelerini görüp, buýsanman bilmedim. Türkmen halkynyň milli medeniýetiniň gülläp ösmegi üçin güýç-gaýratyny gaýgyrmadyk kakamyň röwşen keşbi ýürekde buýsanç duýgusyny döredýär. Meniň ejem, Halmyrat Sähetmyradowyň aýaly - Anna Markowna Lewina graždanlyk urşunyň frontlarynda-da, ýigriminji ýyllaryda Türkmenistanda Sowet häkimiýetini berkarar etmek ugrundaky göreşlerde-de hemişe onuň ýanynda bolupdy. Doganym Timur bilen ýetim galyp, agyr şertlerde hiç kimden kömek gözlemän, ýokary bilim almaga çalyşdyk. Men Leningradyň sazçylyk konserwatoriýasyny tamamladym. Emma Timura ýokary bilim almak miýesser etmedi. Ol ýigrimi ýaşyndaka,1942-nji ýylda Stalingradyň etegindäki aldym-berdimli söweşleriň birinde wepat boldy. Aşgabatda meniň dogan-garyndaşym köp. Olar bilen hiç wagtam gatnaşygy ýitiremok. Aýratynam doganoglanlarym amanmyradowlaryň, ilbaýewleriň maşgalasy bilen gatnaşyk saklaýan. Biziň bala-çagalarymyz hem şeýle gatnaşykda. • Sapar Güjükow, pensioner mugallym: - Halmyrat Sähetmyrady basdylar-da, onuň obadaşlarynyň, dogan-garyndaşlarynyň daşyna aýlanyp başladylar. Obanyň ortasyndaky Öwlýätuduň ýanynda ýygnak yzyna ýygnak geçirýärler. Barýas weli “Troskist Halmyrat Sähetmyradyň guýruklary” diýip, töhmet baryny ýapyp, biziň üstümizden düşýärdiler. Çöpläp - çöpläp iň soňuna çykdylar. Ahyry bir gije gelip, iki dogan ikimizi hem turuzdylar. Baýram bilen meni. Bizi äkitmge gelen iki sany harby eşikli adam. Biri Baýramyň dokumentlerini gördi-de, “Barybir goýbärler” diýdi. Agam ozal türkmen polkunda gulluk edipdi, leýtenant çini bardy. Ol Baýrama ýüzlenip: “Sen kän zadam alma, 50 manat pul, bir çörek, biraz ýal alaý” diýdi. Meniňem žurnallarymy aldylar. Şol wagtlar likbez okadýardym. Sagadymy aldylar, jübümdäki pullarymy žurnalyň üstüne atdylar. Baýramyň sagady, puly aýry ýerde, meňkem. Onsoň meni biri turzup, dik durzup görýär. Biri “äkideli” diýýär beýlekisem “äkitmäli” diýýär. Aý, şeýdip, garaz, bir sagat dagy bir-birine geňeşdiler. Men bolsam zagyrdap uçup barýan. Özümem on sekiz ýaşymda. Ahyry meni goýup gitdiler. Likbez okadyp gezip ýörün welin, günde meni kolhozyň başlyy Sapar Myradow ýanyna çagyrýar. “Sen deýýus, troskist, Halmyrat Saparmyradyň guýrugy, siziň içiňiz hiç ýylamaz, sizi güm edip, tohumyňyz bilen atmaly, ýok etmeli” diýip gygyrýar. Şol döwürde meniň agamyň ýerine Köşä direktor bolup gelen Kakaly Öwezow diýip biri bardy. Özem partorgdy. Ol Sapar Myradowa “Sen şu oglana degme” diýdi. “Ýaş oglan troskistiňam bilenok, hiç zadam bilenok, ýaş oglan-a, bu” diýdi. Şonda-da ol maňa azar bermesini goýmady. Muňa men halys çydamadym. Şondan soň Magaryf halk komissarlygynda işleýän Tagan Berdiň ýanyna bardym. Tagan Berdi agam bilen bile peduçilişide okan döwründe öýe gelerdi. Salamlaşdym. Ol: - Ýagdaýlar nähili? – diýdi. - Aý, Tagan aga, ýagdaýlarymyz gaty erbet – diýdim. – Sapar Myradow diýip, kolhoz başlygymyz bar, günde ýnyna çagyryp: “ Sen troskist Halmyradyň guýrugy, deýýus, seni ýok etmesek bolmaz.” Diýip, günüme goýanok. Men näme edeýin? – diýdim. Olam biraz oýlanyp durdy-da: - Daşhowuzda mugallymlar kadrlary az, şol ýerik ibereýin-diýdi. Daşhowuz o wagtlar maňa Moskwadanam daş görünýär. Ýitip giderin gorkymam bar. Ýaňam öýlenen wagtym. Öz içimden bolsa “ Sapar kellesiziň berýän azarlaryndan-a dynaryn. Gitmeli bolsa gidäýerin” diýdim-de, razylyk berdim. Birki günüň içinde dokumentlerimi şark-şurk düzedişdirdim. Tagan Berdiýewem elime bäş şaýy ýol puly berdi. Daşhowuza barybam “Gyzyl Oktýabr” kolhozynda mygallymçylyk etdim. Soň Ataýaba, mekdebiň direktory edip bellediler. Ikilenji ýyl işläp ýörün welin, bir gezek raýona barmaly boldum. Ol ýerde-de Tagan Berdä gabat geldim. Salamlaşanymzdan soň Tagan aga: - Sapar, agaň Baýram geldi. Öten agşam bile oturdyk. Gözüň aýdyň! – diýdi. Bu habara begenip, rugsat alyp oba gelsem, agam dogrudanam gelen eken. Görsem, urup, bar dişlerini döküpdirler. Şol wagtlaram ýüz-gözüniň çişi aýrylmandyr. Baýrama “Agalaryň troskist. Eýranda gatnaşyk saklaýan adamyň bar, sen mekdebiň aşagyny gazyp, däri goýup otlajak bolupsyň” diýip, kagyza gol çekdirjek bolupdyrlar. “Boýnuna goýjak bolup, essiň aýrylýança urýarlar,” diýip, Baýram gürrüň berdi. – Kamera alyp baranda, söýeden aňry geçmäge halyň ýok. Öli ýylana ýüp daňyp süýrärsiň, şol ýaly süýräp eltýärler. Urdurmajak bolsaň, gol çekmeli eken. Gol çekenem atýarlar” diýýärdi. Amuns diýip Aşgabatda uly prokuror bardy. Baýram boşap gelende ol öýe geldi. Dost ekenler. Şonda ol Baýrama: “Seni boşatjak bolup, Staliniň adyna köp hat ýazdym” diýdi. Soň Amuns Gazagystana işe gitdi. Şonda-da agam Baýram bilen aragatnaşygyny ýitirmedi. Gara Myradowiç Amanmyradow: -Öz başlaryndan geçiren horluklary barada gelnejem Anna Markowna gözýaş dökmän, güürüň edip bilmezdi. Gije ýatyrkalar olaryň gapylary kakylýar. Açsalar, enkewedäniň işgärleri. Salymyny bermänem är-aýal ikisini öňlerine salyp äkidýärler. Timur bilen Pöwrüze-de nämäň-nämedigine düşünmän galýarlar. Gelnejemiň aýtmagyna görä, ony Moskwadan bir topar aýal bilen eşolona mündürip, ýanlary saklawly bir ýerlerik äkidýärler. Nirä barýandyklaryny hiç kim bilenok. Goňşy eşelona bolsa erkek adamlary mündüripdirler. Anna Markowna uzak ýolboýy Halmyratdyr çagalary hakda pikir öwürýär. “Halmyrat häzir niredekä? Oňa näme günä ýüklenýärkä?” Ine, şeýle pikirler ony hiç erkine goýanokdy. Bu soňsuz soraglara weli hiç hili jogap ýokdy. Uzak ýol geçilensoň, bir gün goňşy eşelonda Halmyradyň geýýän köwşüne meňzeş köwşe onuň gözi kaklyşýar. Ýüregi jigläp gidýär. “Halmyratmykan? Nädip oňa özümiň hem onuň ýanyndadygyny duýdursamkam?” Anna Markowna öz ýanyndan rewolýusion aýdymlara hiňlenýär. Soňundanam eşdiler ýaly, birwagtlar ürç edilip aýdylýan “Köşekli-torumly gumdaky baýlar, baýlyk sizden öter döwran eglenmez” diýip, başlanýan aýdymy aýdýar. (Bu Halmyradyň ýigrimnji ýyllaryň başlarynda ýazan öz goşgusydy.) Eger-de Halmyrat şol eşolonda bolsa, hökman ses beräýmelidi! Ine, birdenem Anna Markowna özüne tanyş, mähriban sesi eşidýär: “... Baýlyk sizden öter, döwran eglenmez”. Otly Gazagystanyň uç-gyraksyzz çöllerinden geçende, olar özleriniň Aşgabada äkidilýändiklerini bilip galýarlar. Otly Aşgabada gelip togtansoň, aýallary aýratyn maşyna, erkeklerem aýratyn maşynlara mündürýärler. Getiribem enkewedäniň ýerzeminine dykýarlar. Anna Markowna Moskwadan Aşgabada getirilende göwreli ekeni. Sähetmyradowlar ýakynda dünýä injek çaga garaşýardylar. Bir gezek Anna Markowna “Adyna näme dakarys?” diýip, Halmyratdan soranda, ol: - Gyz bolsa ejemiň adyny dakarys – diýipdi. Sorag üstüne soragyň, haýbat atmalaryň, kemsidilmeleriň yzy tükenenokdy. Ine, şol günleriň birinde hem Anna Markownanyň çagasy dünýä inýär. Bir tarapdan agyr kemsidilmeler, üstüne atylýan agyr müjabatlar, bir tarapdanam ýaňy dünýä inen çagasynyň gözgyny ýagdaýy enäni aldym-berdime salýardy. Ene süýdüne zar çagajyk ýüregiňi elendirip aglaýardy. Emme soraýardy. Emma “halk duşmanyna”, onuň çagasyna kimiň ýüregi awasyn?! Hiç hili medisina gözegçiligi bolmansoň, çaga uzak ýaşamady. Öz derdini unudan ene çagasynyň perişan halyna zaryn-zaryn bozlady. Ony kimiň nirede gömendigi hem enä näblli bolup galdy. Belki-de, ol kakasy bilen bir çukurda gömlendir. Kim bilýär?! Anna Markowna Lewina ýigrimi ýyla ýakyn wagtlap, “halk duşmany” diýen ady göterdi. Diňe 1956-njy ýylda özüniň aklanýandygyny sürgünlikde ýörkä bildi. Şo ýyl H.Sähetmyradow hem aklandy. Ýöne onuň özi ýagty jahanda ýokdy. Anna Markowna onuň mazaryny tapmak başartmady. Onuň bu hakda ýazmadyk ýeri ýokdy. Emma ol hiç hili anyk jogap alyp bilmändi. Şeýdibem Anna Markowna 1961-nji ýylda aradan çykdy. Otuz ýedide iki sany jigerbendini elinden aldyran Sähetmyrat aga 1944-nji ýylda, 76 ýaşynda ýogaldy. “Amanmyrat bilen Halmyrat jandan heý habar-hatyr eşdilenokmy?” Bu gojanyň öz töweregini gallap oturan adamlara aýdan iň soňky sözleri bolupdy. Meret Myradow, Köşüdäki 15-nji orta mekdebiň mugallymy -Men indi 58 ýyldan bäri mugallymçylyk işinde işläp ýörün. Şu işe höwes döredenem, bizi okuwly-bilimli edenem Sähetmyradowyň hut özüniň tagallasy boldy. Halmyrat Sähetmyradow 1922-nji ýylda Köşüde internat açdyrdy. Ol otuz töweregi oglany ýygnap, bizi internada ýerleşdirdi. Ýewgeniýa Stepanowna Dabiçem terbiýeçimiz boldy. Halmyrat aýda iki-üç gezek gelip, biziň ýagdaýymyzdan habar tutup durýardy. Ýigrimi dördünji ýylda bizi Ýewgeniýa Stepanowna Aşgabatda açylan Ata Ilbaýew adyndaky internata alyp bardy. Soň 1927-nji ýylda Daşkentdäki Puşkin adyndaky magaryf institutyna okuwa girdik. Şonda-da Halmyrat Sähetmyradow biz studentlerden hökman habar tutýardy. Köşüde 1927-nji ýylda täze mekdep açyldy. Oňa Ene Kulyýewanyň ady dakyldy. Şol mekdebiň açylmagynda-da Halmyrat Sähetmyradowyň tagallasy bardy. Ol öz obadaşlarynyň uludan-kiçä ählisiniň atlaryny bilýärdi. Her gezek ol Köşä görme-görşe gelende, obaň içi toý-baýramçylyga öwrülen ýaly bolardy. “Halmyrat gelipdir!” diýip, obaň garry-ýaşy onuň bilen salamlaşmaga barardy. Halmyrat degişgen adamdy, gaty mylaýymdy, medeniýetlidi. Bäş-on oglanyň oýnap oturanyny görse, şolaň ýanynda durup, derrew çagalar bilen dil tapyşardy. Galyberse-de, onda ildeşlik, tarapgöýlük diýen ýaly hapysa zatlar düýbünden ýokdy. Biz Köşi obasynyň adamlary Merkezi Komitetiň sekretary H.Sähetmyradow tarapyndan aýratyn bir alada bilen gurşalandyrys öýdüp pikir edemzok, onuň ýaş nesli hatly-sowatly etmek aladasy tutuş respublika üçin deň derejededi. Onuň aýaly Anna Markowna Lewina hem respublikada aýal-gyzlary täze durmuşa çekmekde, bahasyna ýetip bolmajak hyzmat bitirdi. Onuň tagallasy bilen türkmen zenanlarynyň gör, näçesi täze durmuş ugrundaky göreşiň öň hatarlaryna çekildi. Anna Markowna ençe ýyllap Türkmen obkomunyň aýal-gyzlar bilen işlemek baradaky bölümine ýolbaşçylyk etdi. Men Halmyrat Sähetmyradowy iň soňky gezek 1935-nji ýylda Gazagystandan Köşä görme-görşe gelende gördüm. Onuň halk duşmany hökmünde tutuldy habaryny 1938-nji ýylyň 8-nji martynda Darganatada mugallym bolup işläp ýörkäm eşitdim. Ýöne bu habaryň asyl-ha ynanasym gelenokdy. Ynanar ýalam däldi. Köşi obasynda Hudaýguly Hanow atly gaty sowatly adam ýaşaýardy. Ýigrimnji ýyllarda TSSR Ýokary sudunda ýolbaşçy işlerinde-de işlän ekeni. Otuz ýedide ol Köşüde hasapçy bolup işleýärdi. Köp adamlara kömek edendir. Çirksiz arassa, gowy adamdy. Şonam otuz ýedide “Halmyrat Sähetmyradyň guýrugy” diýip ýygnapdyrlar. Olam dereksiz gidenleriň biri boldy. Aý, garaz, uly bir obadan sanlyja adam bolaýmasa, galan hemmesini Halmyrat Sähetmyradyň yzyndan ýygnan ekenler-dä. Ellinji ýyllaryň başlarynda Çärjew pedinstitutynda işläp ýörkäm, Türkmenistan komsomolynyň taryhyndan dissertasiýa ýazdym. Halmyrat Sähetmyradowyň, Çary Wellekowyň, Gurban Sähedowyň bitiren hyzmatlary komsomolyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydy. Men ylmy işimi bu hakda hemme taraplaýyn ýazypdym. Emma ol wagtlar ol hakda çala ýaňzytmagyň özem hatarly diýsem öte geçdigim däl. Ýöne taryh taryh bolýar. Ony ýülmäp, her döwrüň özüne görä ýazmak indiki nesliň öňünde ýuwulmajak günä. Şonuň üçinem men ylmy işimde otuz ýedide halk duşmanlary hasaplanyp tutulan ýaňky gerçekleriň bitiren hyzmatlaryny ýazman biljek däldim. Emma ylmy iş goralman galdy. Şol wagtlar dissertasiýa goramak üçin taýýarlan referatym häzirem arhiwimde ýatyr. Ýigriminji ýyllaryň ýaşlary bolan biz Halmyrat sähetmyradowyň düzen goşgularyny aýdym edip aýdýardyk. Onuň “Gumdaky baýlar” atly goşgusyny ýaşuly nesliň häzir bilmedigi ýokdur. Onuň “Türkmen gyzy” goşgusy Göter perdäni ýüzüňden, Göwnüň geçmesin özüňden. Aýlansam, gara gözüňden, Eý, türkmeniň gözel gyzy. diýen setirler bilen başlanýardy. Onuň “Türkmen ogly” goşgusynyň iki bendi ýadymda. Bu goşgyny Halmyrat türkmen halkyny ak gwardiýaçylara, iňlis interwentlerine garşy göreşe çagyryp ýazypdy: Türkmen ogly, batyrlykda çykar adymyz, Ata-baba kärimizdir, dakyn gyljyň, ýör urşa!.. Şahsyýet kulty döwründe eden-etdilikleriň bir wakasy ine, şeýle. Ýöne tutuş ýurdumyz boýunça alanyňda weli, ol bimöçber. Halypa žurnalistleriň biriniň beren gürrüňi ýadymda. Ol ellinji ýyllaryň başlarynda raýon gazetinde işleýär eken. Gije gazete gol çekilip, pyýada öýe gaýdanda, onuň ýoly enkewedäniň jaýynyň ýanyndan geçmeli bolýar ekeni. Emma ol her gezegem ol ýerden geçmäge milt edip bilmän, başga bir köçeden sowlup geçmäge mejbur bolýardy. Ine, adamlaryň gözüniň ody alnanda şeýle derejä-de ýetilýän döwürlerem bolupdyr. Dogan-doganyň, dost-dostuň... üstünden ýamanlap, öz ynsabynyň öňünde ikilik edilenligiň mysallary az bolupmydy? Bir obadaş ýaşuly bir garry aýal hakynda gürrüň edende, onuň öz doganyny daşary ýurt bilen gatnaşykda aýyplap, galp düşündiriş berendiginiň şaýady bolandygyny ýatlapdy. Depe saçyňy düýrükdirýän bu waka Staliniň şahsyýet kulty döwrüne mahsusdy. Eýsem-de bolsa, başga hilli bolup-da biljek däldi. Staliniň şahsyýet kultunyň pidasy bolan diňe Halmyrat Sähetmyradow däldi. Gaýgysyz Atabaýew, Nedirbaý Aýtakow, Nikolaý Paskuskiý, Çary Wellekow, Gurban Sähedow, Hajy we Öwezgeldi Atabaýewler, Anna Muhammedow, Bäşim Gulbeşerow, Bäşim Pereňliýew, Döwlet Mämmedow, Ýakow Popok, Garry Kulyýew... ýaly görnükli partiýa we döwlet işgärleriniň ençemesi otuz ýediň gurbany boldular. Olaryň ählisini bir maksat birikdirýärdi. Olam Leniniň beýik ideýalaryna jana-jan wepalylyk duýgusydy. Olar öz maşgalasynyň bol-elin ýaşamagynyň, dogan-garyndaşlarynyň artykmaç hukukdan peýdlanmagynyň aladasy bilen däl-de, eýsem öz halkynyň bol-elin ýaşamagynyň, ýokary medeni derejesiniň artmagynyň aladasy bilen ýaşaýardylar, işleýärdiler. Olaryň ýadawsyzlyk bilen alyp baran işleri şu günki nesil bolan bize nusga alarlykdyr. 1988 ý. Maý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |