05:44 Öwlüýäler: Ali Ramiteni | |
ALI RAMITENI
Taryhy şahslar
"Hudaý dostlarynyň huzurynda tewazu eýläñ, ýalbaryň, siziň uzyn doga etsinler we kabul bolsun." (Ali Ramiteni) Beýik yslam alymlarynyň biridir. "Hoja Azizan" we "Pir-i Nessaj" atlary meşhurdyr. Mahmud-i Injirfagnewiniň talybydyr. Buharanyň 15 km. Ýakynynda ýerleşýän Ramiten obasynda doguldy. Ramitende ylym öwrenmäge başlady. Gysga wagtyň içinde, ylym ýolunda ep-esli ýoly geçdi. O döwrüň iň beýik alymy bolan Hoja Mahmud-i Injirfagnewiniň sapaklaryna höwes bilen dowam etdi. Hojasynyň ylymlaryna eýe boldy. Maddy we ruhy ylymlarda kämilleşdi. Şeýlelik bilen, döwrüniň iň uly alymlarynyň, ýol görkezijileriniň biri boldy. Aljyranlaryň penakäri, dogry ýoldan aýrylanlaryň ýol görkezijisi, hakykata çagyrýanlaryň biri boldy. Ali Ramiteni (r.a.) silsile-i aliýe diýilýän beýikleriň meýdana getirýän altyn halkalary diýip atlandyrylýan Hak ýoly zynjyrynyň on ikinji halkasy bolmak bilen şerefine gowuşdy. Halal nan gazanmak üçin dokmaçylyk bilen meşgullanýardy. Beýik makamlara, haýran galdyryjy keramatlara eýedi. 721-nji ýa-da 728-nji (m.1328) ýylda, ýüz otuz ýaşynda Horezm (Köneürgenç) şäherinde wepat etdi. Hajaty bolanlar guburyny zyýarat edip, mübärek ruhanyetinden peýda görýärler. Ali Ramiteni hezretlerine " Azizan" diýilmeginiň sebäbi şeýle düşündirilýär: Bir wagtlar Ali Ramiteniň öýünde, iki-üç günläp iýer ýaly zat bolmady. Öýdäkiler azlyk sebäpli kösenýärdiler. Öýe gelen myhmana hödür eder ýaly hem hiç zat ýokdy. Şol günlerde, Ali Ramiteni hezretleriniň talyplaryndan bolan, azyk satýan bir ýaş ýigit, towukly palowy sowgat edip getirdi. "Bu nahary siz we ýakynlaryňyz üzin taýarladym. Eger sowgadymyzy kabul etseňiz hoşal bolarys" diýip ýalbardy. Bu dartgynly ýagdaýda gelen nahardan örän hoşal bolup, o talybyna iltifat etdi. Bu nahary myhmanyna hödür etdi. Myhman gidenden soň, o talybyny çagyryp: "Getiren naharyň kyn ýagdaýda dadymyza ýetişdi. Sen hem bizden näme islegiň bar bolsa isle. Sebäbi hajat gapysy şu wagt açyk" buýurdy. Ýaş ýigit: "Zahirde (görünýände) we batynda (görünmeýände) size meňzemekden başga islegim ýok. Meni bu ýagdaýa gowuşdyrmagyňyzy towakga edýärin ussadym" diýdi. AliRamiteni hezretleri: Örän kyn we agyr ýükli işi islediň. Munuň ýüküni göterip bilmersiň. Üstümizdäki ýük, seniň gerdeniňe düşse ýykylarsyň. Isleseň başga bir zat isle" buýurdy. Ýaş ýigit bolsa: "Dünýädäki ýeke-täk arzuwym, edil siz ýaly bolmakdyr. Size meňzemekden başga zat maňa teselli berip bilmez. Şeýle-de bolsa, siz näme isleseňiz men şoňa razy, ussadym" diýdi. AliRamiteni (r.a.): "Bolýar" diýip, onuň elinden tutup hususy halwethanasyna girdi. Ýüz-ýüze oturyp, o kişä tewejjüh etmäne başlady. Bir müddet soňra o ýaş ýigit, Allahü tealanyň rugsady bilen, zahir we batynda Ali Ramiteniniň şekiline gezdi. Onuň derejelerine gowuşdy. Emma, yşkdan serhoş bolup özünden gitdi. Kyrk gün şeýdip ýaşandan soň, wepat etdi. Oňa bir demde öz makamlaryny berip, özi ýaly edendigi üçin, iki aziz manysynda, hezret-i ussadyň ady "Azizan" bolup galypdyr. Azizan hezretleri Seýýid Ata atly mertebeli adam bilen görüşýärdi. Aralarynda hat alyşýardylar. Şeýle-de bolsa Seýýid Ata, Ali Ramiteniniň beýikligine göz ýetirip bilmändi. Şol sebäpli hem ondan hem-de oňa garşy görünişde biedeplik ýaly bolup görüňýän ýagdaý ýüze çykdy. Şol günlerde, Gypjak sährasynda ýaşaýan Türkmenler, Seýýid Atanyň ýaşaýan ýerlerini çapawulladylar. Ogluny hem ýesir aldylar. Seýýid Ata, bu betbagytsyzylygyň, Azizan hezretlerini gynandyrmagyň jezasydygyna göz ýetirdi we puşman boldy. Ullakan zyýapat taýarlady. Ötünç soramak üzin Ali Ramitenini (r.a.) çagyrdy. Azizan (r.a.) Seýýidiň maksadyna göz ýetirip haýyşdyny kabul etdi we çakylygyna bardy. Bu mejlisde köp sanly alym we öwlüýä bardy. Bu gün Ali Rametini (r.a.) örän rahatdy. Saçaklar ýazyldy. Hemmeler nahara başlan wagty Azizan (r.a): "Seýýid Atanyň ogly gelmese, Ali bu saçakdan duz datmaz we naharlara el uzatmaz" diýip, bir müddet sessiz garaşdy. Ol ýerde oturanlar bu sözüň näme many berýänligini pikirlenip otyrkalar, birden gapy kakyldy. Içerik Seýýid Atanyň ogly girdi. Bu ýagdaýy gören meýlisde, bir dady perýat gopdy. Ol ýerdäkiler haýran galmakdan ýaňa doňup galdylar. Gelen ýetginjekden nädip halas bolandygyny soradylar. Ýetginjek: "Şu wagt bir topbak adamyň elinde ýesirlikdedim. Elim-aýagym ýüp bilen daňylgydy. Indi bolsa, özümiň siziň ýanyňyzdalygymy görýärin. Nähili boldy, ellerim çözüldi, meni kim halas etdi, nädip on günlik ýoldan ýanyňyza geldim, hiç zat bilemok" diýdi. Mejlisdäkiler bu hadysanyň, Azizan hezretleriniň keramaty bilen bolandygyna göz ýetirdiler. Ählisi, onuň talyby bolmak bilen şereflenmegiň ullakan nygmatlygyny aňlady. Ali Ramiteni (r.a) Horezm (Köneürgenç) şäherine göçmek isledi. Ýakynlary bilen birlikde Köneürgenje gelip, o ýeriniň soltanynyň ýanyna iki talybyny iberdi. Talyplaryna: "Soltanyň ýanyna gidiň. Şäheriňize bir garyp dokmaçy geldi. Rugsat berseňiz bu ýerde galjak, rugsat bermeseňiz yzyna dolanjak diýiň. Eger rugsat berse, soltanyň elinden möhürli kagyz alyň" buýurdy. Talyplary baryp soltana ýagdaýy arz etdiler. Soltan beýle bir islegi ilkinji gezek eşidýänligi üçin, geň gördi. Emma, gelen talyplaryň göwnüni ýykman, olara möhürli rugsat dilhaty berdi. Talyplar bu dilhaty hojalaryna getirip berdiler. Azizan hezretleri şäheriň gyrasynda bir ýere ýerleşdi. Her gün işçileriň toplanýan bazar ýerine gidip, aralaryndan birnäçe kişini alýardy. Olardan günlik iş haky sorandan soň: Indi bolsa täretiňizi kylyp, ikindi namazyna çenli söhbetimize goşulyň. Ikindiden soňra bolsa, iş hakyňyzy alyp öýüňize dolanyň buýurýardy. Işçiler, işlemän oturyp, hem-de ybadatlaryny ýerine ýetirip hiç islemeýän zatlaryny öwrenýärdiler, agşama ýakyn iş haklaryny almagy nygmat diýip kabul edýärdiler. Ali Ramiteni (r.a) hezretleriniň söhbedine bir gezek gatnaşan adam, söhbetiniň lezzetinden doýup bilmän, gaýdyp ondan aýrylyp bilmeýärdi. Bu ýagdaý bütin şähere ýaýyldy. Hemmeler, Ali Ramiteniniň (r.a) talyby bolmak, janyňa şipa berýän söhbetini diňlemek bilen şereflenmek üçin onuň gapysyna ylgaýardy. Her gün öýi dolup-daşdy, onuň dogasyny almak üçin, adamlar bir-biri bilen ýaryşdy. Ahyrynda ýagdaýy soltana şeýle habar berdiler: "Şäherde bir hoja döredi, hemme kişi akyn-akyn oňa ylgaýar. Onuň ýolundan ýöreýärler. Bir diýenini iki aýtdyranoklar. Bir islegi bolsa edil emr ýaly ony ýerine ýetirmek üçin ýaryşýarlar. Bu gidişine gitse, ony özlerine soltan edip saýlarlar we siz soltanlygyňyzy elden gidirersiňiz. Häzirden çäresini görmeseňiz soňy gowy bolmaz. Galanyny hem özüňiz bilýäňiz..." Soltan, Ali Ramiteniniň şäherden çykmasy üçin bir perman ýazyp, adamlaryndan iberdi. Azizan (r.a)" gelen adamlara: "Biz ýanymyzda, şähere girip biljekdigimizi kepillendirýän, aşagyna möhür basylgy bir perman göterýäris. Eger soltan, öz goluny, möhürini we rugsadyny inkär edýän bolsa, biz çykyp gitmäne razydyrys diýip jogap berdi. Bu jogaby soltana ýetirdiler. Soltan, beren rugsadyny yzyna alyp özüni kiçeltmedi. Ali Ramiteni hezretlerini zyýarat edip, söhbetini diňledi. Onuň söhbetleriniň lezzetine, nesihatlaryndaky inçe syrlara göz ýetiren soltan, onuň iň saýlama talyplarynyň biri boldy. Ali Ramiteni hezretleri şeýle aňldýar: "Hojam Mahmud Injirfagnewi (r.a) döwründe, talyplarynyň biri Hydyr aleýhisselamy (Hydyr ata) gördi we ondan: "Bu döwürde, oňa uýup boljak ussat kimdir? " diýip sorady. Hydyr (aleýhisselam): "Şu ýagdaýda, aýdan alamatlaryňyzy eýe bolan adam Hoja Mahmud Injirfagnewi hezretleridir diýip jogap berdi". Bir gün, Azizan Ali Ramiteni talyp ýoldaşlary bilen Ramiten sährasynda, Allahü tealanyň özi we sypatlary barada söhbet edýärkäler, uçup ýören ullakan ak guş gördüler. Guş olaryň üstüne gelen wagty, ynsan dilinde: "Eý Ali! Kämil bir är bol!" diýen sözleri aýtdy. Bu guşy görmek, aýdan zatlaryny eşitmek bilen ýoldaşlaryny bir duýgy gurşady, özlerinden gitdiler. Soňra özlerine gelip, guş we geplemegi barada soradylar. Ali Ramiteni: "O, hojam Mahmud Injirfagnewidi. Allahü teala oňa bu keramaty ihsan etdi. Kelimullah Musa aleýhisselamyň makamynda, müňlerçe söz we kelam bilen mydama uçýar. Şu wagt Hoja Dihkan (r.a) hassa, iň soňky pursatlaryny ýaşaýar. Ony zyýarat etmäne barýar. Sebäbi o, Allahü tealadan, soňky deminde kömek etmesi üçin öwlüýälerden birini ibermesini isläpdi. Hojam Mahmud Injirfagnewi bu sebäpden onuň ýanyna barýar." diýip düşündirdi. Azizan hezretleriniň dört uly halypasy bolup, ählisi onuň wepatyndan soňra, jenab-y Haky isleýän talyplara ders öwretmek bilen meşgullandy. Halyplarynyň dördüsiniň hem ady Muhammetdir. Birinjisi, Hoja Muhammed Külahduzdyr. Horezmde depn edilipdir. Ikinjisi, Hoja Muhammed Hallaj-y Belhi-dir. Belh şäherine depn edilipdir. Üçünjisi, Horezmde depn edilen Hoja Muhammed Bawer-didir. Dördünjisi we halyplaryň iň beýigi, Hoja Muhammed Baba Semmasi bolup, ajaly ýa-kynlaşan wagty, ony bütin talyplaryny ýetişdirmek bilen wezipelendirdi. Ýerine Muhammed Baba Semmasi hezretlerini wekil edip galdyrdy. Ali Ramiteni şeýle buýurdy: "Allahü teala, mü’min gulunyň köňlüne bir gijede üç ýüz altmyş gezek nazar eder" sözüniň manysy şudyr: "Kalbyň göwrä açylýan üç ýüz altmyş penjiresi bardyr. Köňül, Allahü tealanyň zikri bilen gaýnap joşan mahaly, Allahü teala o kalba nazar eder. Bu nazar bilen kalba gelen ylhamlar we nurlar, Ýaňky üç ýüz altmyş goldan bütin göwrä ýaýrar. Beýle ylham we nur ýaýylan wagty, hoşallyk bilen ybadat eder, edilen taat we ybadatlardan lezzet alar." Ýene şeýle buýurdy: "Talybyň, maksadyna ýetmek üçin köp işlemesi, nebsini terbiýelemek üçin iňňän tutanýerli bolmalydyr. Emma bir ýol bardyr ki, nebisi doýuryp, ruhy gysga wagtda belent mertebelere gowuşdyrar. O ýol, Allahü tealany söýgüli gullaryndan biriniň göwnüni awlamakdyr. Çünki olaryň kalby, Allahü tealanyň nazar eden ýeridir." Rükneddin Alaüddewle Semnani (r.a), Azizan hezretleriniň zamanynda ýaşapdy. Bir-birlerine hat ýazýardylar. Şeýle diýýärler; bir gezek Rükneddin bir adam iberip soraglarynyň jogabyny isledi. Soraglarynyň biri şeýledi: "Biz gelenlere her dürli hyzmaty edýäris, emma muňa garamazdan gelenler size gelýärler. Biz dürli-dürli naharlar hödür edýäris. Emma siz-de o ýok. Şonda-da adamlar sizden razy bizden razy däl. Munuň sebäbi näme?" Jogap: "Minnet bilen hyzmat edýänler köpdür. Eden hyzmaty üçin minnetdar bolýanlar azdyr. Eden hyzmatyňyza minnetdar bolmak üçin işläň. Şeýtseňiz şikaýetiňiz bolmaz." Ikinji sorag: Eşidişimize görä, sizi Hydyr aleýhisselam terbiýeläpdir; bu nädip boldy?" Jogap: Allahü tealanyň öwlüýäsine şeýle bir aşyk bolan gullary bardyr welin, Hydyr hem olara aşykdyr. Şeýle buýurdy: "Hallaj-y Mensur döwründe, beýik mürşid Abdülhalyk Gonjdüwani (r.a) hezretleriniň talyplaryndan biri bolan bolsa, elbetde onuň dadyna ýetişip, tasawwufyň iň beýik mertebelerine çykarardy. Hallaj-y Mensur o güňlere düşmezdi." Şeýle buýurdy: "Allahü teala doga eden wagtyňyz hiç dönüklik etmedik diliňiz bilen ediň ki, dogaňyz kabul bolsun." "Iki ýagdaýda özüňizi saklaň: Söz sözläniňizde we nahar iýeniňizde". "Halky Haka çagyrýan adam, wagşy haýwan terbiýeçisi ýaly bolmalydyr. Wagşy haýwan terbiýeçisi, terbiýeleýän haýwanynyň häsiýetini bilip, şoňa görä hereket edýär. Haka çagyrýan hem şonuň ýaly..." Parsça şygyrlaryndan bir bent: Biri bilen oturyp kalbyň toparlanmasa Kalbyňdaky dünýä derdini senden almasa, Onuň bilen söhbetden etmeseň sen teberri, Saňa ýardama gelmez azizandan hiç biri. Iki ogly bolup, ikisi hem maddy we ruhy ylymlary bilýärdi. Hoja Azizan, wepat edenden soň ol ýerdäki talyplar bilen meşgullanmak işini, kiçi ogly Ibrahime galdyrdy. Uly ogly hem maddy we ruhy ylymlarda güýçli alymdy. Ynsanlara dogry ýoly görkezmek wezipesi näme üçin uly oglyna berilmedi? diýen pikir, bulary tanaýan adamlaryň kellesine geldi. Beýik alym Hoja Ali Ramiteni bu pikirlere düşünip şeýle diýdi: "Uly oglum bizden soň köp ýaşamaz. Gysga wagtda bize gowuşar." Hakykatdan hem, wepat edeninden on dokuz gün soňra uly ogly atasyna gowuşdy. Ali Ramiteni tarapyndan ýazylan, Süleýmaniýe Kitaphanasynyň Tahyr Aga bolümin-de, 265/2 nomerli risalede (tekst) şeýle buýurylýar: "Allahü teala tarapyndan söýülen gul bolmagyň on şerti bardyr. Birinjisi; arassa bolmakdyr. Arassalyk hem ikä aýrylýar. 1-Zahiri arassalyk: Daş görnüşiň arassa bolmagydyr ki, bütin ynsanlaryň üns berjek hususlarydyr. Geýiljek, iýiljek, içiljek we ulanylajak ähli zatlaryň arassa bolmagydyr. 2-Batyn arassalygy: Kalbyň gowy häsiýetlerden doly bolmagydyr. Görüplik etmezlik, başga adamlar hakda erbet pikirde bolmazlyk, Allahü tealanyň duşmanlaryny ýigrenmek, dostlaryny söýmek ýaly jenab-y Hakyň halaýan gowy häsiýetleri. Kalp, Allahü tealanyň nazargähidir. Şol sebäpli hem, kalby dünýä söýgüsinden doldurmaly däldir. Haram iýmitler bilen iýmetlenmeli däldir. Hadys-y şerifde: "Uzak ýoldan gelen, saç-sakaly dagan, ýüz-gözi tozan bolan bir adam, elini asmana uzadyp doga edýär. Ýa Rabbi! Diýip ýalbarýar. Aslynda, iýip-içeni haram, iýmiti mydama haram. Munuň dogasy nädip kabul bolsun?" Ýagny, haram iýýän adamyň dogasy kabul bolmaz, buýurdy. Köňül, ýagny kalp arassa bolmasa ybadatlardan lezzet alyp bolmaz, marifet, Allahü teala degişli maglumatlara gowuşyp bolmaz. Ikinjsi; diliň arassalygydyr. Diliň ýerliksiz we biedep sözleri aýtman dymmagy, Kur’an-y kerim okamagy, emr-i maruf we nehý-i münker etmegi, ýagny, Allahü tealanyň emirlerini ýerine ýetirmegi we gadagan eden zatlaryndan gaça durmagy bildirmegi, ylym öwretmesi ýaly. Çünki, söýgüli Pygamberimiz (sallalahü aleýhi we sellem) şeýle buýurdy: "Ynsanlar, dilleri sebäpli Jähenneme atylarlar". Üçünji şert; mümkin boldugyça ynsanlardan daşyrakda durjak bolmalydyr. Şeýdilse, gözüň haram bolan zatlara seretmedigi bolar. Çünki kalp göze tabyndyr. Harama seretmek kalbyň aýnasyny garaldar. Pygamberimiz (sallalahü aleýhi we sellem) şeýle buýurdy: "Nä-mährem zenanlaryň ýüzüne jynsy isleg bilen seredenleriň gözlerine, kyýamat güni erän gyzgyn gurşun guýular". Nämährem zenanlara seretmek haramdyr. Allahü teala, Nur süresiniň 31-njy aýat-y kerimesinde mealen: "Eý Resulym, mü’minlere aýt, harama seretmesinler we uýat ýerlerini haramdan gorasynlar! Imany bolan zenanlara-da aýt, harama seretmesinler we uýat ýerlerini haram işlemekden gorasynlar" buýurdy. Dördünji şert; oraza tutmakdyr. Ynsan oraza tutsa, meleklere meňzedigi we nebsine ezýet çektirdigi bolar. Munuň bilen baglanşykly hadys-y kudside: "Oraza maňa degişlidir. Orazanyň sogabyny men bererin. Sogaby soňsuzdyr. Hökman, sabr edip ölenleriň sogaplary bi-hasapdyr" buýurylýar. Ýene hadys-y şerifde: "Oraza, Jähenneme galkandyr" buýuryldy. Oraza tutup köňli ynjalyga gowuşdyrmaly we şeýtanyň ýoluny ýapyp, päsgel emele getirmelidir. Hadys-y şerifde şeýle buýuryldy: "Oraza tutýan adam üçin iki ferahlyk (begenç) bardyr. Birinjisi agzaçar wagtynda, ikinjisi bolsa Rabbine gowuşan wagtynda". Oraza tutmak bilen saglyga gowuşylar. Esasan-da Rejep, Zilkade, Zilhijje we Muharrem aýlarynda tutulan orazanyň faziletleri barada hadys-y şerif örän köpdür. Bäşinji şert; Allahü tealany köp ýatlamak, adyny köp agzamaktyr. Iň faziletli zikr "Lä ilähe illallah" diýmekdir. Lä ilähe illallah diýen adam yhlasa eýe bolar. Yhlas, bütin işleriňi Allahü tealanyň razylygy üçin etmek, dünýä degişli bolan mal-mülkden we makamlardan (iş-dolžnostü) höwesiň kesip ahyreti talap etmek, islemekdir. Yhlasly bolan adam: "Ilahi! Meniň isleýänim sensiň, seni isleýärin" diýer. Resulullah (sallalahü aleýhi we sellem): "Lä ilähe illallah" diýmegiň öräň faziletlidigini we günäleriň bagyşlanjakdygyny aýtdy. Allahü teala Kur’an-y kerimiň Ahzab süresiniň 41-nji aýat-y kerimesinde mealen: "Eý iman edenler! Allahy köp zikrediň" buýurdy. Nebsiň isleg arzuwlaryndan halas bolmak üçin dowamly zikr etmelidir. Altynjy şert; hatyra, ýagny kalba gelen pikirlerdir. Ynsanyň kalbyna gelen pikirler dört dürlüdir. Bular; Rahmani, Melekani, şeýtani, nefsanidir. Hatyr-y rahmani; gaflatdan oýanmak, erbet ýoldan dogry ýola gowuşmakdyr. Hatyr-y melekani, ybadata, taate ýykgyn etmekdir. Hatyr-y şeýtani; günäni bezemekdir. Hatyr-y nefsani; dünýäni islemekdir. Eger yn-sanyň, muňa güýji ýetmeýän bolsa, şeýle doga etmelidir: "Allahümme erinel hakka hakkan werzukna itti ba’ahu we erinel batyla batylan werzukna ijtinabehu bi-hurmeti Seýýidil-beşer sallalahü aleýhi we sellem". Ýedinji şert; Allahü tealanyň hökmüne razy bolmak, tewekkül we tewfiz etmek razy bolmak, tewekkül we tewfiz etmek, ýagny, dünýädäki zatlaryň hiç haýsyny halaman, özüňi, jenab-y Hakyň ygtyýar we erkine bermekdir. Hafw we reja, gorky we umyt arasynda ýaşamakdyr. Sebäbi Allahdan gorkan adam günä işlemez. Mü’min näumyt hem bolmaz. Allahü teala näumyt bolmazlygy emredýär. Sekizinji şert; salyhlar bilen söhbet edilen ýagdaýynda, günälere perde çekiler, haramlar göze erbet görüner. Dokuzynjy şert; gowy we gözel häsiýetler bilen bezenmekdir. Bu bolsa, ähli zady ýaradan Allahü tealanyň ahlagy bilen ahlaklanmakdyr. Çünki Pygamberimiz (sallalahü aleýhi we sellem): "Allahü tealanyň ahlagy bilen ahlaklanyň" buýurdy. Onunjy şert: Halal we arassa lokma (iýmit) iýmekdir. Bu hem parzdandyr. Allahü tea-la Bekara süresiniň 168-nji aýat-y kerimesinde mealen: "Ýer ýüzündäkilerden halal we arassa bolanyny iýiň" buýurdy. Pygamberimiz (sallalahü aleýhi we sellem) bolsa: "ybadat on jüzdir (bölümdir). Dokuz sanysy halaly talap edýär." Beýleki bütin ybadatlar bir jüzdür. Halal iýmeýän adam Allahü teala boýun egme güýjüni özünde tapyp bilmez. Halal iýýän adam bolsa Allahü teala garşy baş galdyrmaz. Halal we arassa iýer, isrip etmez. Allahü teala Araf süresiniň 31-nji aýat-y kerimesinde mealen: "Iýiň, içiň, emma isrip etmäň" buýurýar. Besmele-siz soýulanlary hem iýmeli däldir. Çünki Allahü teala En’am süresiniň 121-nji aýat-y kerimesinde mealen: "Üstüne Allahyň ady zikredilmedik (Besmele aýdylmadyk) zatdan iýmäň" buýurýar. Gafyllar bilen bile oturmaly däldir. Iýmiti arassa bolan we Besmele bilen nahar bişirýän adamlaryň iýmitini iýmelidir. Çünki bu husus gaflat sebäbidir. Allahü tealanyň dostlary, mynasyp bolmadyk adamlardan gelen iýmitleri, öz ýaradylyşlaryna laýyk görmändikleri üçin iýmändirler. Allahü teala bizi we bütin mü’minleri halal we arassa rysklar bilen rysklandyrsyn." EBU SEHL KUHY Beýik musulman astronomiýa alymydyr. Ady Ebu Sehl bolup, doly ady Weýjen bin Rüstem el-Kuhydyr. Hazar deňziniň günortasyndaky Taberistanyň dagda ýerleşýän Kuh obasynda dünýä indi. Doglan wagty bilinmeýär. 1014-nji ýylda (H. 405) dünýäden ötdi. Kuhy, astronomiýada ulanylýan ölçeýji enjamlary ýasamak we örän çylşyrymly astronomiki hasaplamalary ýüze çykarmak bilen uly meşhurlyk gazandy. Gadymy grekleriň astronomiýa degişli käbir çaklamalaryny ylmy taýdan tankytlap, ýalňyşýan ýerlerini subut etdi. Meseleleriň hakyky çözüwini tapdy. Büweýhilerden Şerefüddewle we Adudüddewle döwründe Bagdatda gözegçilik punktlaryny gurnady. Bu ýerlerde hut öz ýasan enjamlaryny ulandy. Astronomiki gözegçiliklerinde, şol wagtlar mälim bolan ýedi planetany analiz etmeklige uly üns berdi. Bularyň hereketleriniň çäklerini we kada-kanunlaryny kesgitlemäge çalyşdy. Günüň aýlanşy barada çynlakaý teoremalar işläp düzdi. Ebu Sehl Kuhy, astronomiki gözegçilikler bilen baglanşykly alan netijelerini, alymlaryň bir gurultaýynda ylym dünýäsine hödürledi. Kuhy, Bagdatda radiusy 12,5 metr bolan şar görnüşinde ýörite bina gurdyrdy. Binanyň ortasynda kiçiräk deşik bardy. Deşikden girýän gün yşyklarynda gündelik gözegçilik edilýärdi. Kyfty "Taryh-ul-Hukema" eserinde, Kuhynyň ulanan guraly barada şeýle belläp geçýär: "Hakykatdan-da, Kuhynyň ýasap, gözegçilik punktlarynda ulanan enjamlarynyň dünýäde deňi-taýy ýokdur. Ylmy taýdan iňňän inçelik bilen we örän pugta edilip ýasalypdyr. Örän aýdyň we düşnükli netijeler beripdir". Tä biziň döwrümize çenli, bu pudakda ulanylan gözegçilik enjamlarynyň kömegi bilen has çuňňur derňewler alyp barmaga ýaramly bolupdyr; şunlukda, barlag geçirilýän gökdäki jisimler bilen baglanşykly iň dogry maglumatlary toplamak başardypdyr. Kuhy Batlamiusyň "Almagestini", Oýklidesiň "Elementlerini" we "Usulyny", Arhimediň "Lemmasyny" we beýleki eserlerini hem-de Apolloniusyň "Sektionlaryny", Galeniň we Aristoteliň käbir eserlerini gözden geçirip, ylymda täze basgançaklara ulaşdy. Mundan başga-da, döwürdeşleri Ybraýym bin Sinanyň, Ebu Sad el-Ala bin Sehl we Sabit bin Kurranyň-da eserlerini okap, bulardaky ylymlaryň esaslaryny doly öwrenip özleşdirdi. Kuhy, şol bir wagtyň özünde, döwrüniň öňde gelýän jebir alymlaryndan hasaplanýardy. Arhimed kanunlarynyň üstünde işledi we çuňňur barlaglar geçirdi. Ikinji derejeli üç elementleri ösdürdi. Dürli agyrlyklaryň ölçeglerini analiz etdi. Ilkinji gezek basyşy we agyrlyk merkezini tapmagyň esaslaryny işläp düzdi. Bu mesele, has soňky asyrlarda Barycentris Theorems diýen at bilen kämilleşdirildi. Kuhy, döwürdeşlerinden Ebu Ishak es-Sabi bilen ylmy hat alyşmalarynda, ylaýta-da "Basyşyň we agyrlyk merkezleriniň hasaplanmagy" temasyna aýratyn ähmiýet berýärdi. Bu hatlaryň biri Aýasofýa Kitaphanasynyň 4832-nji nomerinde hasapda durýar. Ebu Sehl Kuhy, basyşyň we agyrlyk merkezleriniň hasaplanyşynda, geometrik usullardan peýdalandy. Eserlerinde bulary düşündirmezden we subutnamalara geçmezden öňürti, munuň ýaly ylmy işleriň, Jenaby Hakyň ýaradan deňsiz-taýsyz sestemasyna we nyzamyna sähelçe-de bolsa göz ýetirebilmek üçin ýaramly boljakdygy barada söz açyp şeýle diýýär: "Geçirlen barlaglaryň hemmesi; Allahü tealanyň älemi ýaradyp guran düzgün-nyzamynyň akly we aň-düşünjeleri haýrana goýýanlygyny görkezýär". Kuhy, basyş we agyrlyk merkezleriniň hasaplanmagy babatda gadymy Grekleriň eden işleriniň örän ýönekeýdigini we ylmy işden has daş galýandygyny mälim edip, öz tapan usullaryny we eden açyşlaryny iňňän açyk deliller bilen subut etdi. Bu hususda orta atan kesgitlemeleri şo wagta çenli bilinmeýärdi. Matematikada analiz we sentez terminlerini ilkinji gezek ulanan we amala aşyran alymdy. Şeýlelikde, Kuhy, matematik analiz usulynyň esaslandyryjysy boldy. Tebigy bilimlerde, ýagny tejribe bilen baglanşykly bilimlerde ahyrky hakykata matematiki metodlar bilen ýetip boljakdygyna ynanýardy. Onuň ýokary derejedäki bu düşünjesi, diňe aradan köp wagtlar geçenden soňra Nýuton we beýleki bilim adamlary tarapyndan soňky asyrlarda kabul edildi. Ebu Sehl Kuhynyň käbir eserleri şulardyr: 1- Es-Saire fil-Emtar ala temad-il-Esar. 2- Kitabu merakiz-il-ekr. 3- Kitab-ul-usul ala Tahrikaty Oklides. 4- Kitab-ül-Berkan-it-tam, 5- Kitabu merakiz-ud-Dewair alel Hutut min taryk-it-tahlil dun-et-terkib, 6-Kitabu-sanat-il-Usturlab bil-Berahin, 7-Kitabu Ihraj-il-Hatteýn ala nisbetin, 8-Kitab-ud-Dewair-il-mütemasse min taryk-it-Tahlil, 9- Kitab-uz-Ziýadat ala-Arşimedes fil-makalet-is-sanie, 10-kitabu istihrajy dil-il-misba fid-Daire, 11-Kitab-ül-muraselat Beýnel Kuhy wes-Sabi, 12-Risaletün fi ameli Muhammesin. Eserde, belli bir kwadratyň içinde, deňtaraply bäşburçlygy nädip gurup boljakdygy analiz edilýär. Kuhy bu eserini Büweýhi hökümdary Şerefüddewläniň adyna ýazypdy. Eser, S.P. Hodendijik tarapyndan gözden geçirilip, iňlis diline terjime edilýär. Kuhy bu eserinde şuny subut edýär; Bilşimiz ýaly, belli bir kwadrat içinde, pergel ýa-da beýleki geometrik enjamlar bilen deňtaraply bäşburçlygy hiperbol ulanmak arkaly iň gowy metod bilen neneň çyzyp boljakdygyny düşündirýär. Onuň eden bu açyşy, orta asyrlardaky bilim adamlarynyň hiç haýsynda duş gelmeýär. Ýöne, bu metody Gresiýaly okumyş Apollonius koniklerde ulanan hem bolsa, eseriň Arapça terjimelerinde bu mesele ele alynmandyr. Şol sebäpli Kuhy bu usuly ikinji gezek açyş edip, original görnüşde subut eden alymdyr. Tutanýerli ylym adamy Kuhy, şol bir wagtyň özünde döwrüniň öňdebaryjy ylym ündeýjilýerinden biridi. Onuň eden işleri we tagallalary we Ebu Hamid Sopanä gop berip, olary ylmy işlere itipdir. Şunlukda, Kuhy, şol döwürde adatdan daşary ýokary derejedäki ylmy atmosfera bilen akademiki hyzmatlaryň alnyp barylmagyna ýol açypdyr. Ebu Sehliň basyş we agyrlyk merkeziniň hasaplanmagy hususyndaky işleri, ençe asyrlar soňra, XIX asyrda A.F. Mabius tarapyndan ele alnypdyr. Bularyň ählisi-de, ençe asyrlar ozal, Yslam alymlarynyň, her biri gymmatly ylym hazynasy bolan örän kän eserler döredendiklerini görkezýär. Döwrüniň geometriýa ussady diýlip baha berlen Kuhynyň alyp baran işleri barada barlaglar dowam edýär. FERIDÜDDINI ATTAR Uly öwlüýädir. Ady Muhammed bin Ybraýymdyr. 1119-njy ýylda (h. 513) Nişapurda dünýä indi. Nişapury we Hemedany mynasybetli Feridüddin lakamy bilen meşhurlyk gazandy. Birazrak wagt ata kesbini ýöredip; derman, atyr ýasap satanlygy üçin (attar-atyr satýan diýmekligi aňladýar) Feridüddini Attar diýlip tanalýardy. 1229-njy ýylda (H. 627) Mongollar tarapyndan şehit edildi. Şadbah obasynyň golaýlarynda jaýlandy. Feridüddini Attar, çagalyk ýyllarynda bir tarapdan Şadbah (Şadýah) obasynda atasynyň attarlyk kärini öwrenýärdi, beýleki tarapdan-da Kutbüddin Haýdar diýen mübärek kişiniň söhbetlerine gidýärdi. Kelam, fykyh, tefsir we hadys ýaly din ylymlaryny, arapça, grammatika we sintaktika deýin dil ylymlaryny we tebigy bilimleri öwrenýärdi. Haç üçin sapara çykanda, tasawwuf baradaky eserleri okady. Hallajy Mansur, Ebu Said Ebul-Haýr ýaly gelip-geçen uly öwlüýälerden alan feýzleri bilen kämillige ulaşdy. Şyh Mejdüddin ýaly şol döwrüň uly welileriniň söhbetlerinde bolup gördi. Galan ömrüni Allahü tealaga ybadat etmek, halypa tasawwufçylar we olaryň durmuşy barada gürrüň berip, olary adamlara söýdürmek we kitap ýazmak bilen geçirdi. Atasy bilen mongollaryň çozuşyndan gaçyp, Balhdan çykyp gaýdan bäş ýaşyndaky Möwlana Jelaleddini Rumy bilen duşuşdy. "Esrarnama" kitabyny, başga bir çeşmede habar berlişine görä bolsa, "Mantyk-ut-taýr" kitabyny oňa sowgat berdi. Mongollar Gündogar Türkistany, Hytaýy we Hindistan taraplaryny basyp aldylar. Horezmlileriň elindäki Maweraünnehri we Nişapury taladylar. Baran ýerlerinde görlüp-eşdilmedik jebir-sütemler etdiler. Feridüddini Attar (r.aleýh) Nişapura gelen Mongol nökerlerinden biriniň goluna düşdi. Aýdyşlaryna görä, hälki mongol ýetmiş ýa-da ýüz on dört ýaşlaryndaky garryny öldürmek üçin şäheriň daşyna alyp çykdy. " Ýaşulyny öldürme. Saňa müň altyn bereli" diýenlerinde, Feridüddini Attar özüni satmaga çemeleşýän mongola: "Meni bu bahadan satma! Ganym üçin has köp pul bererler" diýdi. Ýene birsalym ýöränlerinden soňra, mongollaryň biri olara henek atdy: "Bu garryny maňa sat! Saňa bir torba saman bereýin". Feridüddini Attar: "Ine, indi meni satsaň bolar, hakyky bahamy, ganymyň gymmatyny tapdym. Meniň mundan zyýat baham ýok" diýdi. Zalym mongol bu sözlere gaharlanyp, ony gylyjy bilen çapyp şehit etdi. Emma, Feridüddini Attar ýere ýykylmady. Kesilen kellesini alyp ýarym fersah (3km) ylgady we ýykylan ýerinde topraga berildi. Aradan ýyllar geçdi. Feridüddini Attaryny söýýänler ony unutmadylar. Kynçylyga düşenler, Hak aşyklary feýzinden we bereketinden peýdalanmak üçin onuň gabryna zyýarata baryp durdular. Kän wagt geçmänkä-de Yslamyň ýyly şemaly zalym mongollaryň daşdan ýürekleriniň doňlaryny çözüp ugrady. Mongol şazadalary, serkerdeleri yslam bilen mertebelenip, zalym babalarynyň ýykan ýerlerinde adalat nuruny saçyp ugradylar. Ýahýa bin Saidi Nişapura baş kazy edip bellediler. Ajaýyp nesihatlary we öwlüýäler barada aýdýan menkybeleri (kyssalary) bilen halkyň ýüreginde orun tutan we dillerinden düşmeýän Feridüddin Attaryň gadryny bilmeýänler, onuň gymmatyny aňşyrmaýanlar-da tapylman durmady. Baş kazy Ýahýa bin Said hem ony öz ýanyndan hekaýa otaryp ýören garry hasaplaýardy. Halk baş kazyny hem söýýärdi. Söýgüli ogly aradan çykanda Feridüddini Attaryň aýak ujuna jaýlamagy maslahat berdiler. Emma, Ýahýa bin Said muňa garşy çykansoň başga ýerde topraga berdiler. Şol gije kazy düýşünde Feridüddini Attaryň gabrynyň başynda duranlygyny gördi. Gabryň başynda öwlüýäler, erenler we kutuplar jemlenşip hormat bilen tagzym edip, gol gowşuryp durdylar. Kazy tanyşlaryndan utanyp, o ýerden daşlaşdy. Ýöne ogly aglap: "Ata jan, ýalňyş iş etdiň. Meni Allahü tealanyň weli gullarynyň bereketinden mahrum etdiň. Çaltrak dadyma ýetişeweri!" diýip, atasyna ýalbardy. Kazy bu düýşi gören gününiň ertesi haýal etmän ogluny Feridüddini Attaryň aýak ujunda jaýlamak üçin rugsat aldy. Öňki aýdan sözlerine gaýtmyşym etdi. Feridüddini Attaryň gabrynyň üstüne gubur we minara galdyrtdy. Has soňurrak bu ýerde Aly Şir Nowaýy tarapyndan 1486-njy ýylda (h.891), ondan soňra-da Muzaffereddin Şa döwründe gaýtadan dikeldiş işleri geçirildi. Eserleri we täsiri; Feridüddini Attaryň, öwlüýäleriň ömür ýol we kyssalaryny öz içine alýan "Tezkiret-ül-öwlüýä" kitaby we goşgulary meşhurdyr. Feridüddini Attaryň goşgularynda akyjylyk, inçelik; nesihatlarynda ýiti täsir, akyllary haýran edýän dana sözleri bar. Eserleriniň birinden özgesi manzum (nyzamdan gelýär) formasynda ýazylandyr. Manzum eserleriniň käbirleri şulardyr: 1- Musybetnama; Mesnewi formasynda ýazylan bu eserinde kiçijik hekaýalar ýer alýar. Eser Tarikatnama ady bilen terjime edilendir. 2-Esrarnama; tasa-wwuf baradaky bu eseri ýigrimi alty makaladan ybarat mesnewidir. Bu eser hem Ahmedi diýen biri tarapyndan Türk diline terjime edilendir. 3-Mantyk-üt-Taýr we Makamaty tuýur; Feri-düddini Attar bu eserinde tasawwufy guşlaryň dilinden düşündirýär. Eser kiçiräk hekaýalardan ybaratdyr. Ahmedi Gazalynyň Risalet-üt-Taýr eseri esas edip alynýar. Bu eserde manzum we nesir formalary bilen birnäçe gezek türk diline terjime edilendir. 4-Muhtarnama; temalaryna görä bölünen rubagylar toplumydyr. Elli bapdan ybarat eser, Ikinji Selim Han döwründe Türk diline geçirilipdir. 5-Jöwher-üz-zat; Allahü tealadan gaýry ähli zadyň panydygy barada söz açýar. 6-Eşturnama; 7-Bilbilnama; 8-Bisernama; 9-Haýdarnama; 10-Derýaýynama; 11-Şypa-ül-kulup; 12-Pentnama; Tas her asyrda diýen ýaly terjime edilip, şerhler ýazylanlygyny görmek mümkin. Feridüddini Attaryň ýeke-täk proza eseri Tezkiret-ül-öwlüýädir. Eserinde segsen töweregi öwlüýäniň terjimehallaryny, kyssalaryny, dana sözlerini galama alypdyr. Eserinde; Şerh-ül-kalp, Keşf-ül-esrar, Marifet-ün-nebe, Tabakat-üs-sufiýýe, Hilýet-ül-öwlüýä we Keşf-ül-mahjub ýaly çeşmelerden peýdalanypdyr. Bu eser aslynda Parsça bolup, dürli wagtlarda Türk, Fransuz we Arap dillerine terjime edilipdir. Eser, tasawwuf taryhy jähtden örän möhüm bolmak bilen, tasawwufy durmuşyň ösüşi taýdan-da iňňän degerli eserdir. Ol eserine sözbaşy ýazanynda; "Aýaty kerimeleri we hadys-y şerifleri gözöňünde almasak, öwlüýäniň sözleri ýaly gymmatly söz ýokdur. Sebäbi o sözlerde Rabbani täsirleri bar. Hut şu sebäplide, olaryň sözlerini adamlaryň eşitmegi we bu sözleriň bir eserde ýyllar boýy okalmagy üçin şu ki-taby ýazdym. Mundan başga-da, terjimehallaryny we sözlerini ýazan adamlarym, ertirki gün kyýamat güni bu sebäp bilen şepagat ederler diýip pikir etdim" diýýär. Onuň eseri, Möwlana Jelaleddini Ruma we on dördünji asyrda ýaşap geçen Gülşährä diýseň ýiti täsir edipdir. Gülşähri onuň Mantyk-ut-Taýryny biraz üýtgedibräk terjime edipdir. Feridüddini Attaryň parsça ýazylan goşgusyndan terjime: "Syrlar älemine uçan guş idim, Peslikden belende galmak isledim Syrlary bilýäne duşup bilmämsoň Girenje gapymdan yzyma çykdym". SOŇKY DEM Feridüddini Attar, atasynyň ölüminden soňra, bir tarapdan attarlyk edýän bolsa, beýleki tarapdan-da gymmatly dini eserleri, öwlüýäleriň ömür ýollaryny we kyssalaryny ürç edip okaýardy. Bir gün atasyndan galan dükanda dünýäni unudup işläp otyrka, bir garyp gelip; Allahü tealanyň razylygy üçin bir zatlar bermegini haýyş etdi. Feridüddini Attar bar ünsi işde bolansoň, ony eşitmedi. Biçäre birnäçe gezek haýyşyny gaýtalady. Sesini gataldybrak: "Begim, sen nädip ölmekçi bolýarsyň?" diýip sorady. Feridüddin: "Seniň ýaly" diýip jogap bereninde: "Sen meňki deý ölüp bilermiň?" diýip ýene sorag berdi. Feridüddin: "Elbetde" diýeninde, hälki garyp elindäki laýdan ýasalan gabyny kellesiniň aşagyna ýassyk edip ýere uzandy. Şo bada-da Allah diýip ruhuny tabşyrdy. Feridüddini Attar bu ýagdaýy görüp birdenkä galpyldap ugrady. Dünýä söýgüsini bütinleý ýüreginden çykardy. Dükandaky zatlaryň baryny mätäçlere paýlap, özüni ybadata berdi. Allahyň dostlarynyň söhbetlerinden galmady. Rükneddini Ekafyň talyplarynyň biri boldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |