16:50 Öwlüýäler: Ýusup Hemedany | |
Hoja Ýusufi Hemedani (Ýusup Hemedany)
Taryhy şahslar
Uly öwlüýälardan biridir. Ady, Ýusuf bin Ýakub Hemedani, Künesi Ebu Ýakubdyr. Ynsanlary hakykata çagyran, olara dogry ýoly görkezip, hakyky saadete gowuşdyran we özlerine-de "Silsile-i aliýe" diýilip at berilen uly alym we welileriň sekizinjisidir. 440-njy (m.1048) ýylda Hemedanda doguldy. 535-nji (m.1140) ýylda Hyratdan Merwe barýarka ýolda wepat etdi. On sekiz ýaşyndaka Bagdada gelip, Ebu Ishak-i Şiraziden fykyh ylmyny öwrendi. Ýaşynyň kiçiligine garamazdan Ebu Ishak oňa aýratyn üns berdi. Bunuň we beýleki fykyh alymlarynyň derslerine (sapaklaryna) dowam etmegiň netijesinde, Hanefi mezhebinde fykyh we münazara alymy boldy. Yspyhan we Samarkantda, öz döwrüniň meşhur hadys alymlaryndan hadys ylmyny öwrendi. Tasawwuf ylmyny Ebu Ali Farmedi hezretlerinden öwrendi. Onuň söhbetlerine gatnaşyp, bu ylymda özüni kemsiz ýetişdirdi. Abdullah Jüweýni, Hasen Simnani we ýene birnäçe uly alymlar bilen görüşip söhbet etdi. Olardan ylym öwrendi. Altmyş ýyl gowyrak ynsanlara dogry ýoly görkezmek bilen meşgullandy. Ýüzlerçe talyp ondan ders (sapak) aldy. Abdullahi Berki, Haseni Endaki, Ahmed Esewi we Abdulhalyky Gonjdüwani ýaly uly welileri ýetişdirdi. Bulardan Ahmed Ýesewi, Türkistan tarapa göçüp, ynsanlary irşad edip uly hyzmatlary ýerine getirdi. Ýusuf-i Hemedani bütün dostlaryna, talyby Abdulhalyk-y Gonjdüwaniýe bagly bolmalaryny isleýändigini aýtdy. Özünden soňra bu talyby ynsanlara dogry ýoly görkezdi. Ýusuf-i Hemedani (r.a.), başda Merw şäherinde bir mütdet ýaşap Hyrada gitdi. Hyratda uzak wagt ýaşandan soňra, gaýtadan Merwe gelip ýene bir mütdet bu ýerde ýaşady we Hyrada yzyna döndü. Hyratdan Merwe gelýärkä ýolda wepat etdi. Gubury Merw şäherinde ýerleşýär we halk tarapyndan zyýarat edilýär. Ýusufi Hemedani, Imam-y azama (Ebu Hanife) örän baglydy. Yrak, Horasan, Maweraünnehr sebtleriniň aýra-aýra şäherlerinde bolup, halka saadet ýoluny düşündirmek bilen meşgullanypdyr. Ylmy, fazileti (işleri) we keramatlary bilen Yslam äleminde tanalypdyr we örän söýülipdir. Hakyky Yslam alymlaryndan we uly öwülýalardan biri bolan Ýusuf-i Hemedani (r.a.)( orta boýly, bugdaýreňkli, hor bir öwliýädy. Eline näme geçse mäteçlere berer, hiçkimden zat islemezdi. Hemmeleriň göwnüni tapardy. Ynsanlara garşy ýumşak häsiýetli we merhemetlidi. Ýolda ýörände-de Kuran-y kerim okardy. Hoşdud diýilen ýerden jamiýe (metjide) gelýänçä bir hatim çykar, metjidiň gapysyndan, Hasen Endaki we Ahmed-i Ýesewi Hüjresine barýança Bakara süresini bitirerdi. Kä wagt ýüzüni Hemedana öwürer we aglardy. Selman-y Farisi hezretleriniň hasasy bilen sellesi ondady. Her aýyň başynda Samarkant alymlaryny çagyryp, olar bilen söhbet ederdi. Bir tarapdan obalylara we ýanyna gelen herkime diniň kadalaryny dogry öwretjek bolup jan ederdi. Ynsanlar bilen meşgullanmana, olary ýetişdirmek üçin gaýrat sarpetmäne hiç ýaýdanmazdy. Bir tarapdan-da agyrylara we ýaralara derman taýýarlap, herkimiň derdine çäre tapmak üçin elinden geleni ederdi. Böýlelik bilen, maddy we manewi (bedeni we ruhi) näsaglyklaryň tebibiligini subut ederdi. Talyplaryna we özüni söýenlere mydama Hz. Pygamberimiziň we Eshab-y kiramyň ýolundan gitmelerini maslahat bererdi. Kalbynda bütün mahlukata garşy çuňňur söýgü bardy. Müslüman bolmadyklaryň (gaýry müslümleriň) öýlerine gidip olara yslamiýeti düşündirerdi. Hemme zada sabyr we tahammül (çydamlylyk) eder, heme kişä garşy söýgi beslärdi. Altyn we kümüşden ýasalan zatlaryň ulanylmasyna ýol bermezdi. Garyplara baýlardan has köp bil baglardy. Zühd eýesidi. Dünýä ähmiýet we gymmat goýmazdy. Otagynda hasyr, keçe, kündük, iki sany ýasdyk we bir pitiden (gazançadan) başga hiç zat ýokdy. Talyplaryna dört uly halyfalaryň menkibe we faziletlerinden söz ederdi we olar ýaly ahlakly bolmalaryny nesihat ederdi. Ýusuf-i Hemedani bir gün öz öýünde otyrdy. Göwni daşaryk çykmak isledi. Aslynda Juma gününden başga günlerde daşary çykma adaty ýokdy. Bu isleg örän güçlüdü. Näme üçin gitmek gerekdigini welin bilip bilmedi. Merkebine (eşegine) mündi: "Allahü Teala niräk islese o taýyk gitsin" diýip, haýwanyň jylawyny goýberdi. Merkep ony şäherden çykaryp, wadi (çöketlik) tarapyndaky bir metjide eltdi. Ol ýerde bir ýigidiň başyny aşak salyp pikir edýänini gördü. Oňa garaşdy. Bir sagat soňra başyny galdyrdy. Görünişi haýbatly bu ýigit, Ýusufi Hemedaniniň talyplaryndan biridi. Hojasyna (mugallymyna) şöýle diýdi: "Eý Hojam! Başymda çözüp bilmedigim bir müşgil mesele bar. Siziň geleniňiz gowy bolaýdy. Kelebiň ujyny ýitiripdim." Ýigit meselesini hojasyna düşündirdi. Hojasam oňa gaýgydan gutular ýaly edip jogap berdi. Ondan soňra öz talyby bolan bu ýigide şöýle diýdi”: "Eý ýigit! Nä wagt gaýga batsaň şähere gelip menden sora! Bu ýere gelmek üçin meni ýadatma!" Muhýiddin-i Arabi, bu wakany aňladansoň şöýle diýdi: "Sadyk bir talip, dogryçyllygy we yhlasy bilen, hojasynyň öz ýanyna hereket etdirip gelmesine güç ýetirip biler." Bir gün, Hemedandan bir zenan, aglap Ýusuf-i Hemedanynyň huzuryna geldi we şöýle diýdi: "Oglumy Bizanslylar (Rumlylar) ýesir alypdyrlar." Zenana: "Sabrediň" diýdi. Zenan: "Sabretmäne takatym galmady" diýdi. Bundan soňra Ýusuf-i Hemedani hezretleri: "Ýa Rabbi, bu zenanyň ogluny ýesirlikden boşat. Gynanjyny şatlyga öwür!" diýip doga etdi. Zenan öýüne gelende ogly öňünde otyrdy. Geň galdy. Ogluna: "Düşündir balam! Bärik nädip geldiň?" diýdi. Ogly: "Az öňräk Stambuldadym. Aýaklarym baglydy. Başymda ýasawul bardy. Birden bir adam geldi. Meni alyp göz açyp ýumasy salymda bu ýere getirdi" diýdi. Ýusuf-i Hemedani hezretlerine, yslam alymlarynyň we ýol görkezijileriň azalyp ýok bolan wagty näme etmek gerek? Diýip soralanda, şöýle diýdi: "O wagt, her gün o uly alymlaryň ýazan kitaplaryndan bir bölüm okaň." Özünde, sansyz keramatlar we faziletler toplanan Weliýý-i kamil bir alymdy. Keramatlaryň iň ulularyndan biri: Allahü tealany tanamak ýolunda örän uly dereje we makamlara (mertebelere) eýe bolan, Abdülhalyk-y Gonjdüwani ýaly uly bir weli ýetişdirmesidir. Ýusuf-i Hemedani (r.a.) hakynda terbiýesiz sözler aýdyp, ony garalaýan biri bardy. Bu ýagdaýy eşiden wagty Ýusuf-i Hemedani hezretleri gynandy we: "Ýakynda jezasyny çeker" diýdi. Birnäçe gün içinde o adam, garakçylar tarapyndan öldürildi. Bir gezek Ýusuf-i Hemedani (r.a.) ynsanlara wagyz edýärkä iki kişi gelip: "Gepleme! Ýalňyş zatlar aýdýarsyň" diýdiler. "Asyl siz geplemäň. Size diri diýilmez" diýdi. O iki kişi şol wagtyň özünde, duran ýerinde öldi. Nejibüddin Şirazi atly bir alym şöýle gürrüň berýär: "Bir wagytlar öwlüýä zatlaryň sözlerinden birnäçe bölek elime geçipdi. Okadym. Maňa örän gowy täsir etdi. Bu sözü yzarladym. Kimiň sözüdir. Bundan başga eserleri barmydyr. Bu zaty tapaýynda öňünde dyza çökeýin diýdim. Bir gije düşümde, haýbatly, peşeneli, ak sakgally, nurana bir zatyň öýümize girenini gördüm. Gelşi ýaly täret kylynýan ýere gitdi. Täret kyljakdy. Ak kaftan geýinipdir. Kaftanyň üstüne iri hat we altyn suwy bilen Aýet-el-kürsi süresi baştan soňa çenli ýazylypdyr. Men onuň yzyndan gitdim. Kaftany çykaryp maňa berdi. Bu kaftanyň aşagynda has-da göz gamaşdyran ýaşyl reňkli ýene bir kaftan bardy. Buňada öňki ýaly hat we altyn bilen Aýet-el-kürsi süresi ýazylypdyr. Onyda maňa berdi. "Men täret kylýançam bulary sakla!" diýdi. Täret kyldy we: "Bu iki kaftandan haýsyny isleseň saňa bereýin" diýdi. Ikiside meniň üçin gymmatlydyr diýdim. Ýaşyl kaftany maňa geýdirdi. Agyny-da özi geýdi. Soňra: "Meni tanaýarmyň? Men, tapyp okan sözleriňi ýazan adam. Sen ony isleýärdiň. Men Ebu Ýakub Ýusuf-i Hemedani. Oňa, ýagny o tapyp okan sözleriňe Zinet-ül-haýat diýip at goýdum. Bundan başgada Menazil-üs-salikin we Menazil-üs-saýirin ýaly söýülen eserlerimde bardyr." diýdi. Oýanamsoň örän begendim. Oňa bolan muhabbetim (söýgim) has-da artdy. Ibni Hajer-i Mekki hezretleriniň Fetawa-i hadisiýýe atly eserinde aňladylyşyna görä, Ebu Said Abdullah we Ibn-üs Sakka we Seýýid Abdulkadir-i Geýlani ylym öwrenmek üçin Bagdada geldiler. Abdülkadir-i Geýlani hezretleri o wagtlar örän ýaşdy. Hoja Ýusuf-i Hemedani hezretleriniň, Nizamiýe Medresesinde wagz edýänligini eşidipdiler. Bular, ony zyýarat etme karary kabul etdiler. Ibn-üs-Sakka: "Oňa jogap berip bilmejek soragyny sorajak" diýdi. Ebu Said Abdullah: "Menem bir sorag sorajak. Göreliň jogap berip bilermikä" diýdi. Ýaşynyň kiçiligine garamazdan örän uly edep-ekrama eýe bolan Abdülkadiri Geýlani de (r.a.) "Allah saklasyn. Meniň oňa sorag soramana hetdim ýokdur. Diňe huzyrynda garaşaryn, ony görmek şerefine gowuşaryn we berekedimi artdyraryn" diýdi. Soňunda Ýusuf-i Hemedani hezretleriniň ýanyna bardylar. O wagt Ýusuf-i Hemedani hezretleri ol ýerde ýokdy. Bir sagat töweregi soňra geldi. Ibn-üs-Sakka tarap dönüp, "Eý Ibn-üs-Sakka! Diýmek maňa jogap berip bilmejek soragymy sorajakdyň. Seniň soramak isleýän soragyň şudur. Jogabyda şöýledir. Görünüşe görä sen küpüre girjek bolýaň" diýdi. Soňra Ebu Said Abdullaha tarap dönüp: "Senem maňa bir sorag sorarsyň we görersiň men o soragyň jogabyny örän göwnejaý bererin. Seniň soramana niýet eden soragyň şudur. Jogabyda şöýledir. Emma, edepsizlik edeniň üçin, seniň ömrüň gam-gussa bilen geçer" diýdi. Soňra Abdülkadir-i Geýlaniýe (r.a.) dönüp oňa ýakynlaşdy we: "Eý Abdülkadir! Bu oňat edep-ekramyň bilen, Allahü tealany we Resulyny razy etdiň. Men seniň Bagdatda bir kürside oturanyňy, örän uly ylymlar aňlatýanyňy we: "Meniň aýagym, bütin öwlüýälaryň boýunlarynyň üstündedir" diýeniňi görýärin. We men, seniň zamanaňdaky bütün öwlüýäny, seniň özlerinden üstünligiň garşysynda boýunlary egik ýagdaýda görýärin " diýdi we gözden gaýyp boldy. Ony soňra görmediler. Aradan uzyn ýyllar geçdi. Hakykatdanda Abdülkadir-i Geýlani (r.a.) ýetişdi. Döwrün-de ýaşan öwlüýälaryň iň üstüni, baştäji boldy. Örän ýokary dereje we mertebelere (makamlara) gowuşdy. Ynsanlardan we uly zatlardan herkim gelip, mübärek söhbetlerinden peýdalanýardylar. Bir gün beýik bir kürsüde oturyp wagz edýärdi. Şeýle diýdi: "Meniň aýagym, bütin öwlüýälaryň boýunlarynyň üstündedir." O döwürde ýaşan bütün öwlüýälar onuň özlerinden üstünligini kabul edýärdiler we üstünligine boýun egýärdiler. Bu ýagdaýlar orta çyktyk-ça, Hoja Ýusuf-i Hemedani hezretleriniň birnäçe ýyl mundan öň keramaty bilen habar beren hakykatlary da orta çykýardy. Ibn-üs-Sakkadan habar alsak: o Ýusuf-i Hemedani (r.a.) bilen aralarynda bolup geçen o wakadan soňra, şeri (şerigat) ylymlary bilen meşgullandy. Örän ýakymly we labyzly geplärdi. Şan-şöhrady döwrüniň soltanyna baryp ýetdi. Soltan ony Bizansa (Ruma) ilçi edip iberdi. Hristiýanlar onuň bilen örän ýakyndan gyzyklandylar. Soňunda olaryň aldawyna düşüp hristiýan boldy. Bu wakany gürrüň beren zat şeýle diýýär: "Bir gün ony gördüm. Ýarawsyzdy. Ölümiň öň ýanyndady. Men ýüzüni kybla öwürdim. O başga tarapa öwürdi. Gaýtadan kybla öwürdim. O ýene başga tarapa öwürdi we şol ýagdaýda öldü". Ebu Said Abdullaham şeýle diýýär: "Men Şama (Damask) geldim. Wagz etdim. Ömrüm her dürli kynçylyklar bilen geçdi. Ýusuf-i Hemedani hezretleriniň üçümiz barada aýdanlary aýdyşy ýaly orta çykdy." El-Müşerre-ir-rewi atly kitabyň ýazyjysy Jemaleddin Muhammed bin Ebi Bekr el-Had-rami eş-Şafii (r.a.) şeýle diýýär: "Bu menkybe köp sanly rawy tarapyndan rowaýat edilenligi sebäpli sözleri üýtgeşik-de bolsa, manysy agyzdan agza geçip ýaýylan menkybedir. Allahü tealanyň öwlüýä zatlaryny inkär etmäne ýürek edenler, neüzü billah, Ibn-üs-Sakkanyň başyna gelenleriň öz başyna gelmesinden gorkmalydyrlar. Öwlüýa hakynda edepsizlik etmesiniň, ylym we emeliniň köplügine garamazdan Ibn-üs-Sykkany soňsuz bela-betere duçar edenligi, Behjet-ül-Musannifede Abdülkadir-i Geýlani hezretleriniň menkybeleri aňladylanda ýatlanyp geçilýändir. Ebu Ali Dekkak Nişapurda ýetişen uly öwlüýälardan biridir. Ady Hasan bin Muhammed, lakamy Ebu Ali Dekkakdyr. Döwürdeş alymlarynyň baştutanydyr. Öz döwründe ýaşan öwlüýälaryň birnäçesi bilen görüşüp söhbet etdi. Ebul-Kasym Nasrabediniň talyby we Ebul-Kasym Kuşeýriniň gaýynagasy we ussadydyr. 405 (m.1014) ýylynyň Zilkade aýynda Nişapurda ýogaldy. Geplände örän düşnükli we owadan gürlärdi. Ynsanlaryň dünýä we ahyret saadetleri üçin ýol görkezen gymmatly sözleri bardyr. Her ýyl bir ülkä gidip, o ýerde ýaşaýan ynsanlara wagzy-nesihat eder, soňrada yzyna Nişapura dönerdi. Ýüreginde, Allahü Tealaýa garşy çuňňur söýgi beslärdi. Fykyh, tefsir, hadys we beýleki ylymlaryň alymydy. Sözleri ýüreklere täsir edýän, keramatly we beýik mertebeli welidir. Günleriň birinde bir adam, tewekkülüň nämeligini soramak üçin, Ebu Ali Dekkak (r.a.) hezretleriniň mejlisine geldi. Içerik girenden soň Ebu Aliniň başyndaky gymmatly sellä gözü düşdü. Bu selläni göwnü meýletdi (isledi). Şol wagt Ebu Ali hezretleri gelen adama tarap döndi we şeýle diýdi: "Tewekkül, Allahü teala bil baglamak we onuň-munuň sellesine göz dikmezlikdir" diýdi. Soňra sellesini çykaryp o adama sowgat etdi. Bir adam gelip, Ebu Ali hezretlerinden ulularyň söhbetlerini diňlemegiň peýdalaryny sorady. Şeýle jogap berdi: "Bunuň iki peýdasy bardyr. Birinjisi”( eger diňlän adam ylym öwrenmek isleýän bolsa, Allahü Teala we Onuň dinine garşy söýgisi, baglylygy we söhbediň berekedi bilen ylmy artar. Ikinjisi( diňlän adamda men-menlik we ulumsylyk ýaly häsiýetler bar bolsa bu häsiýetleri ýok bolar. Yslamy we edep-ekramy artar. Ruhy taýdan ýokary derejelere çykar". "Erkinlik nämedir" diýip soran bir adama: "Eger sen nebsiňe uýan bolsaň, nebsiňem dünýäden hantama bolsa, onda sen, nebsiň hyzmatkärisiň" diýdi. "Fütüwwet nämedir" diýip soranlarada: "Fütüwwet, Hezreti Pygamberimiziň gowy ahlaklaryndan biridir. Bunuň üçin magşar güni herkim: "Men! Men! diýende O: "Ymmatym! Ymmatym! Diýip ýalbarjakdyr" diýdi. Ebu Ali Dekkak hezretleriniň tüçjar baý bir talyby bardy. Bu talyp günleriň birinde nähoşlady. Hojasy ony görmäne gitdi. Talybyna: "Nädip näsagladyň" diýip soranda talyby oňa: "Tehejjüd (gije okalýan namaz) üçin turupdym. Täret kylmak üçin taýýarlanýarkam arkam gyzyp giden ýaly boldy. Erbet bir agyry peýda boldy. Humma (birdürlü näsaglyk) boldum" diýdi. Bu sözleri diňlän Ebu Ali Dekkak: "Balam! Başy agyrýan bir adamyň aýagyna derman çalanyň bilen onuň näsaglygy geçmez. Seniň birinji etmeli işiň ýüregiňdäki dünýä malyna bolan söýgini ýok etmekdir. Birinjini goýup başgasyna hyýallansaň peýda tapmarsyň. Bütin etjek işleriňi rugsat alyp etseň peýda taparsyň." diýdi. Ebu Ali Dekkaka: "Ömrüňizde haýsydyr bir waka gaty gynanyp puşman bolduňyzmy?" diýen birine "Bir wagtlar giň bir sährada ýolymy ýitiripdim. Gaty suwsapdym. Ýoly tapan wagtym garşyma bir esger çykdy. Maňa içer ýaly suw berdi. Bu içen suwumyň halallygyndan şübhelenýärin. Bu sebäpli otuz ýyldan bäri göwnümden güman gidenok. O suwy içenime puşmanlygym henizem dowam edýär" diýdi. "Hojasyna garşy çykanyň ýagdaýy nähili bolar" diýip soran birine: "Kimde-kim hojasyna garşy çykmak üçin ýürekden niýet etse, onuň ýolunda ýöräp bilmez. Beren sözüni tutmadyk adam bolar. Bu sebäpli toba etmek o adam üçin wajypdyr. Ussadyna garşy biedeplik edenler üçin bolsa toba ýokdyr." diýdi. Ömrünüň soňlarynda aýdan çuňňur manyly sözlerine, öňde baryjy talyplaryndan diňe käbirleri düşünip bilýärdi. Wepat edenden soňra Ebil-Kasym Kuşeýri düşünde onuň aglanyny gördi. "Näme üçin aglaýarsyňyz? Täzeden dünýä gelmek isleýän ýaly görünýärsiňiz" diýende, Ebu Ali Dekkak: "Dogry aýtdyňyz. Täzeden dünýä gelmek isleýärin. Ýöne dünýälik işler üçin mejlis gurup akyl satmak üçin däl. Mynasyp geýinip, hasamy elime alyp, ýadaman-ýaltanman gapy-gapy gezmek we ynsanlara: "Düýbü çürük işler etmäň. Allahü tealanyň emirlerini ýerine getiriň. Gadagan eden hereketlerinden gaça duruň. Ahyrete taýarlanyň" diýmek üçin. Ine men şunuň üçin aglaýaryn" diýdi. Ebu Ali Dekkak hezretleri wepat edenden soňra bir adam ony düşünde gördi. Gaty inli bir syrat köprüsinden geçip barýardy. "Ussadym! Syrat gyldan inçe, gylyçdan kesginmikä diýýärdik. Bu näme boldugy" diýip sorady. "Bu söz dogrydyr. Emma, üstünden geçýän adama görä üýtgär. Kim dünýäde arkaýyn gezse (Allahü Tealanyň emirlerine boýun egmese) bärde dar bir köprüden geçer. Dünýäde Allahü Tealanyň emirlerini doly ýerine getirenler bolsa bärde giň bir köprüden geçer" diýdi. Ölenden soňra Ebu Bekr Saýrawi atly talyby şeýle gürrüň berdi: "Hojamyň mazaryna zyýarata gitdim. Mazarynyň başujynda uklap galypdyryn. Düşümde mazar açyldy. Içinden hojam çykdy. Howada uçýardy." Ussadym! Niräk barýarsyňyz?" diýdim. "Ruh äleminiň üstünde meniň üçin bir kürsü guruldy. O ýerdäkilere söhbet etmäne barýan" diýdi. Ebul-Kasym Kuşeýri şeýle aňladýar( Bir adam ýanyma aglap geldi. "Näme üçin aglaýarsyň" diýdim. Düşümde kyýamat gopanyny we özümiň jähenneme äkidilenimi gördüm. Meni äkidip barýanlara: "Meni jähenneme äkitmäň. Çünki men Ebu Ali Dekkak hezretleriniň talyby." Diýdim. Bu sözümi eşidip: "Ebu Ali Dekkanyň talyby bolsa ony jennete äkidiň" diýdiler. Ebu Ali Farmedi öz döwrüniň iň uly öwlüýädygyna garamazdan şeýle diýdi: "Kyýamat güni azapdan gutulmak üçin, "Men Ebu Ali Dekkanyň atdaşydyryn" diýmekden başga çärem ýokdur." Ebu Ali Dekkak (r.a.) şeýle diýdi: "Özbaşdak ösen agaç ýaprak getirer. Emma miwe getirmez. Miwe getirsede lezzeti bolmaz. Ynsanam şonuň ýalydyr. Men bu aýdanlarymy özbaşdak aýdamok. Bu aňladan zatlarymy hojam Nasrabadiden öwrendim. O Şibliden, o-da Jüneýdi Bagdadiden öwrendi (r. aleýhim). Biz ulularymyza ullakan hormat goýardyk. Hojamyň huzuryna gitjek wagtym gusül (boýdan başa ýuwnup täret kylmak) alyp ondan soňra giderdim." "Ýa Rabbi! Biz amal depderimizi günä bilen garaladyk. Sen saç-sakalymyzy gün bilen agartdyň. Eý agy we garany ýaradan Allahym! Lütfuň we fadlyň bilen günälerimizi bagyşla." "Jähennemden gorkup ýa-da Jenneti isläp toba etmek mümkin däldir. Allahü Teala Bekara süresi 222-nji aýeti kerimesinde mealen, "Hakykatdan-da Allahü teala toba edenleri söýer" diýýär. Bu söýgä gowuşmak üçin toba etmek gerekdir. Allahü tealany çyn ýürekden tanap oňa göwün berseň, injalykly we şat bolarsyň." "Hojasynyň gapysynyň süwsesi bolmadyk adam, hakyky aşyk däldir." "Yhlas( ynsanlary özüňe çekmek, olary özüň bilen gyzyklandyrmak üçin dälde, amallary diňe Allah üçin ýerine getirmekdir. Dogrulyk bolsa( eden amallaryňa (ybadatlaryňa) buýsanmazlygy üçin öz nebsiň öňini almakdyr. Bu sebäplide yhlasly kişilerde gözboýagçylyk, dogryçyllarda-da özüne göwniýetijilik ýokdur." "Sydk( ynsanlara garşy bolşuň ýaly görünmek ýa-da görnüşiň ýaly bolmakdyr". "Allahü teala Dawud aleýhisselama wahedip: "Meni isleýän birini gören wagtyň, oňa hyzmatkär bol" diýdi. "Allahü tealanyň emirlerine uýmakda kemçilik goýberen we bu sebäplide Allahü teala ýakynlyk nygmatyndan mahrum bolan ýaltalaryň aýaklaryna hor-homsylyk bukagasy baglanar (tegmili basylar). O ynsanlar Kurbdan (Allahü teala ýakynlykdan) uzakdyrlar." "Ulularyň huzuryndan kowulmaklygyň sebäbi, biedeplikdir." "Başgalar ýaly geýin, olaryň iýenini iý ýöne, kalbyň olaryňkydan tapawutly bolsun." "Allahü teala giden ýolda, ýüregi ýaraly, gam-gussaly ynsanlar beýlekileriň ýyllaryň dowamynda geçip bilmedik ýollaryny bir aýda geçerler." Hezreti Pygamberimiz (sallalahü aleýhi we sellem) "Allahü teala bütin dertli gullaryny söýýändir" diýdi." "Hakyky toba( toba, inabe we ewbe şeklinde üçe aýrylýandyr. Jähennem azabyndan gorkup, eden günäleriňe puşman etmek tobadyr. Jennetdäki nygmatlara gowuşmak umydy bilen günäleriňe puşman etmek inabedir. Bular bilen baglanşyksyz, ýagny Allahü teala emr edeni üçin günäleriňe puşman bolup toba etmek bolsa ewbedir." "Haris-i Muhasibi (r.a.) halallygy şübheli bir nahara el uzadanda, barmagynyň ujundaky bir damary derrew çişerdi we naharyň şübheliligi orta çykardy". "Sükut (dymmak) uly edeplerden biridir. Allahü teala Araf süresi 204-nji aýeti kerimesinde mealen şeýle diýýär: (Kuran okalan wagty derrew ony diňläp başlaň we dymyň. Merhemet edilmegiňiz mümkün)" "Bir gezek Merw şäherinde çalarak näsagladym. Nişapura dönmäne niýetlendim. Bu pikirleriň arasynda uklap galypdyryn. Düşümde biri maňa: "Bu diýardan aýrylmagyň mümkin däl. Jynlaryň bir jemagaty söhbetleriňi örän haladylar. Olar seniň ders berýän mejlisiňe gatnaýarlar. Olaryň söhbetlerinden peýdalanmana dowam etmeleri üçin, seniň bärde galmaň gerek" diýdi. "Ebu Amr-y Bikendi bir ýerden geçip barýardy. O ýeriniň halky bir ýaş ýigidi özlerini birahat edenligi üçin kowup çykarjak bolýardylar. Ýaş ýigidiň ejesiligi bildirip duran bir aýal bolsa aglaýardy. Ebu Amryň bu aýala nebsi agyrdy. Özüne goýulan hormat üçin bu ýigidi bir gezeklikçe bagyşlamalaryny, egerde ýene biynjalyk etse derrew çykarmalaryny isläp adamlara ýüzlendi. Adamlar Ebu Amryň hormatyna ýaş ýigidi goýberdiler. Bir wagytdan soň Ebu Amr ýene şol erden geçip barýarka, o aýalyň ýene aglaýanyny gördi. Sebäbini soranda ýaş ýigidiň ölendigini aýtdylar. "Ýagdaýy düzelipmidi" diýip sorady. Aýal şeýle aňlatdy: "Janyny berjek wagty meni ýanyna çagyrdy we şeýle diýdi. Ölen wagtym bu habary hiç kime eşitdirme. Olary biynjalyk edipdim. Jynazama gelmezler we meni näletlärler. Men eden işime puşman boldum. Köp gözýaş dökdüm. Inşallah Rabbim meni bagyşlar. Senem meniň üçin Alla-hü tealadan doga-dileg et. Meni gabra ýerleşdireniňden soň, üstüne "Bismillah" diýip ýazylan şu ýüzügimem ýanyma goý. Depn edip bolanyňdan soňam meni bagyşlamasy üçin Alla-hü tealadan doga-dileg et" diýdi we wepat etdi. Men wesýetini bolşy ýaly ýerine ýetirdim. Mazarynyň başyndan aýryljak wagtym mazardan oglumyň sesini eşitdim. "Enejan! Öýe gidiber. Özüňi rahat tut. Meniň üçin gynanma. Indi men keremli Allahü teala gowuşdym" diýýärdi.". "Sabr edenler dünýäde we ahyretde uly saadete eýe bolandyrlar. Sebäbi olara, Alla-hü teala bilen bile bolmak ýaly uly bir nygmat garaşýar. Sabyr, takdyra teslim bolmakdyr. Takdyra garşy çykmazlykdyr. Edepsizlik edip başyňa düşen kynçylyklary aňlatmak, sabyrsyzlyk bolar". "Günleriň birinde bir wezir, patşanyň huzurynda durka, ýanyndaky hyzmatkärleriň birinden çykan sesi eşidip oňa bakdy. Patyşa weziriniň özüne üns bermän başka bir ýere bakýanlygyny gördü. Wezir patyşanyň özüne seredýänligini bildi. Emma başga tarapa seredenligi üçin patyşa ýalňyş pikir edäýmesin diýip, o tarapdan ýüzüni sowmady. Bu wakadan soňra wezir, patşanyň huzuryndaka dowamly bir ýerik serederdi. Patşa bu ýagdaýy weziriň häsiýetidir diýip çaklady. Weziriň gözüniň çaşyran bolup biljekdigini pikir etdi. Allahü tealanyň ýaradan bir mahlugynyň, özü ýaly bir mahluk öňünde nähili ätiýaçly hereket edýänligini görüp, ähli zady we şol sanda edep we gorkyny ýaradan Allahü tealanyň huzurynda nähili ätiýaçly hereket etmek gerekdigi pikir edilmelidir". "Razylyk( başa gelen belalara garşy çykmazlyk däldir. Razylyk( Allahü tealanyň hökmüne, takdyryna garşy çykmadan boýun bolmakdyr." Bir talyp hojasyndan: "Ussadym! Bir adam Allahü tealanyň özünden razylygyny ýa-da närazylygyny bilermi?" diýip sorady. Hojasy şeýle jogap berdi: "Öz ýüregini diňlär. Ýüregi Allahü tealadan razy bolsa, Allahü tealanyňda özünden razylygyna göz ýetirer." "Bir wagtlar gözüm agyrypdy. Bir näçe günläp uklap bilmedim. Bir gün ir bilen uklap galypdyryn. Bir adam maňa: "Allah öz guluna ýetmezmi?" (Zümer-36) mealendaky aýeti kerimäni okap berdi. Men oýandym. Gözlerimiň agyrysy pyçak bilen kesilen ýalydy. O wakadan soňra hiç wagt gözüm agyrmady". "Her ynsanyň göwresinde ýüzlerçe damar bardyr. Bu damarlaryň hemmesi hezreti Pygamberimiziň Eshaby kiramyna garşy söýgi besleýän bolsa, içinden diňe birinde Eshaby kiramdan birine garşy duşmanlyk we söýgisizlik bar bolsa, ölüm wagty emir geler we o bir damardan janyny alarlar. O damaryň bozuklygy sebäpli dünýäden imansyz gider". Öljek wagty üç zady nesihat berdi: "1) Juma güni gusül (boý täreti) alyň. 2) Her gün agşam ýatmankaňyz täret kylyp ýatyň. 3) Nähili ýagdaýda bolsaňyzam Allahü tealany ýatlaň." Muhammed Bin Said Ibni Ebil-Kady Taryh, hadys, usul we Şafii fykyh alymydyr. Lakamy, Ebu Ahmetdir. Ady Muhammed bin Said bin Muhammed bin Abdullah bin Ebil-Kadidir. Näçinji ýylda doglany belli däldir. Asly Horezimlidir. Ibn-i Ebul-Kadi we Imam-ül-kebir lakamlary arkaly tanalýandyr. 346-njy (m.957) ýylda wepat etdi. Babalary we atasyda alymdyr. Muhammed bin Said ibni Ebil-Kadi başda maşgala agzalaryndan ylym öwrendi. Ebu Ishak Merwezi we Sirafiden ders almak üçin Yraga gitdi. Uzak wagtlap Yrakda ýaşady we o ýerdäki alymlardan ylym öwrendi. Soňra Horezme yzyna döndi we uzyn ýyllar talyplaryna ders berdi. Dinde we ylymda belent mertebelere çykdy. Özünden öň ýaşap geçen yslam alymlarynyň ussularyny, içtihad we fetwalaryny (Içtihad( alymlaryň çykaran dini hökümleri. Fetwa( bir herekediň dine uýup-uýmadygy hakynda Yslam alymlary tarapyndan berilen jogap.) örän gowy öwrenipdi. Hemme agzalary alym bolan Kadi maşgalasynyň iň üstüni, fykyh ylmyny iň gowy bilýäni we iň jomardydy. Ömrüni soňlap barýarka, 342-nji (m.953) ýylda Mekgä gitdi. Haremeýnede ybadat etmek we Yslam äleminiň her ýerinden gelen alymlar bilen söhbet etmek üçin, wagtlap Mekgede boldy. Yzyna dönen-de Bagdada degip geçdi. Bagdat halky we alymlary oňa uly hormat goýdular. Bagdatda ýaşap özlerine ders bermesi üçin köp ýalbardylar. Emma o, watanyna dönmek isleýändigini aýdyp o ýerden aýryldy. Horezmde we giden ýerlerinde ynsanlara dogry ýoly görkezdi. Köp sanly talyp ýetişdirdi. Ähli ynsanlaryň Yslamyýeti öwrenip kadalaryny ýerine ýetirmeleri we Jähennem azabyndan gutulmalary üçin gaýrat sarp etdi. Talyplarynyň hiç hili päsgel bilen garşylaşman dinlerini öwrenmelerini isleýärdi. Şu sebäplide talyplarynyň bütin iýip-içgi çykdajalaryny özi töleýärdi. Talyplarynyň käbirleri şulardyr( Ebu Said Karabisi, Ahmed bin Muhammed bin Ibrahim bin Kattan, öz ogly we yzyny dowam etdirijisi Ebu Bekr Abdullah. Talyplaryndan Ebu Said Karabisi: "Hojam Ebu Ahmed ibni Ebil-Kadi Mekgä gidende, düýe we ýabany eşegiň üstünde namaz okalmagyna alymlaryň garşy çykýandyklaryny öwrendi we Horezimdekä bu şekilde okan namazlarynyň ählisini täzeden okady. Hadys ylmy taýdan özüne bil baglap boljak bir alymdy. Talyplaryna mydama göz-gulak bolardy. Öz emläginden olara paýlardy. Örän duýgur ýüreklidi. Hemişe günälerine toba ederdi we aglardy." (Kafi) atly kitabyň ýazyjysy: "Muhammed bin Said uly bir ymamdyr we Horezm topragynyň öwünjidir. O ylymda özi ýaly alymlardan öňdedir. Öz döwrüniň kazylarynyň içinde fakyh ylmyny ondan has gowy bilen we ondan üstün bolan biri ýokdur." diýip ony öwýär. O hakda: "Muhammed bin Said kazylyk wezipesini ýerine ýetirenleriň iň mertebelisi. Horezmde kazylaryň iň ulusy we peýdaly we gowy häsiýetleri bolan bir zatdyr" diýilipdir. Buňa meňzeş köp öwgüli sözler aýdylypdyr. Birnäçeler onuň kowmunyň seýýidiligini (Pygamberimiziň nesli) beýan edipdirler. Käbirleri o hakynda söz açanlarynda: "Ýusuf bin Ýakup bin Ishak bin Ibrahim ýagny Ýusuf (a.s.) kerim ogly kerim ogly kerim ogly kerimdir. Muhammed bin Said bin Muhammed bin Abdullaham: alym ogly alym ogly alym ogly alym ogly alymdyr. Atalarynyň ählisi takwa alymlardyr" diýip söz edipdirler. Ebu Said Karabisi şeýle diýýär: "Muhammed bin Said gizlinlikde köp sadaka berýärdi. Käbir dostlarymyz onuň bütin emlägini sadaka edip paýlandygyny habar berdiler". Gyş möwsiminde garyplar iýere zat tapmadyk wagtlary talybynyň eline pul bererdi we oňa: "Derýa doňan wagty jeňňele git. Derýanyň gyrasynda dur. Maşgalasyny eklemek üçin arkasy bilen odun daşaýan güçsüzlere bu pullary paýla" diýerdi. Şafii mezhebiniň öňde gelen alymlaryndan biri bolan Muhammed bin Ebil Kadi hezretlerini bütin ynsanlar söýüp hormatlardylar. Wepat eden wagty köp adamlar gynanç bildiren mersie (şygyrlar) ýazdylar. Şygyrlardan biri şeýledir: "Ynsanlar, din üçin aglanlar bu alym zat üçin aglasynlar. Çünki ynsanlaryň söýgüli ýol görkezijisi Muhammed bin Said topraga girdi. Muhammed bin Saidi ýitirmek bilen onuň üstün häsiýetlýerinide ýitirdik. Sen Muhammed bin Said el-Kadi ýaly uly alymlara meňzejek bol. Olar garaňky gijede parlaýan yşyk ýalydyr. Olar bu diniň diregleridir. Olar üstün ýaşadylar we üstün öldüler. Olara hiç bir erbetlik ýanaşyp bilmedi." Fykyh ylmy hakynda kitap ýazanlaryň ilkinjilerinden biri bolan Ebu Ahmed ibni Ebil-Kadi, "Hawi" we "Amd" atly kitaplaryň ýazyjysydyr. "Hawi" atly kitabyny Ebu Ibrahim Müzeniniň "Jati-ül-kebir" atly kitabyna esaslanyp ýazdy. "Amd" atly eserini bolsa 342 (m.953) ýylynda Mekgeden gelýärkä Bagdatda ýazypdy. Imam-y Mawerdi we Furani "Hawi" we "Amd" atly kitaplarynyň atlaryny Ibn-i Ebil-Kadiniň eserlerinden aldylar. Kitab-ül-hidaýede Şafii mezhebiniň fykyh usuly hakynda ýazylan peýdaly kitapdyr. El-Kafi atly eserinde bolsa Horezm taryhy ýazylandyr. Segsen toma ýakyn uly bir eserdir. Bu kitaplarynda Horezm taryhyny we bu topraklarda ýaşap geçen öwlüýä we alymlary aňladypdyr. Şemseddin Muhammed bin Zehebi bu kitaby gysgaldypdyr. Er-Reddü alel-muhalifin we başgada ütgeşik meselelerde ýazylan köp sanly risaleleri bardyr. (Risale( gysga çaply kitap. Makala.)" | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |