06:18 Öwlüýäler: Ebu Bekr Wasyty | |
EBU BEKIR WASYTY
Taryhy şahslar
Uly öwlüýälerdendir. Ady Muhammed bin Musadyr. Ibn-i Fergani diýlip tanalýar. Jü-neýd-i Bagdady we Süfýan-y Sewri ýaly uly alymlaryň söhbetlerine gatnaşypdyr. Ýaşlygyn-da Yrakda ýaşady. Soňra Merw şäherine gelip ýerleşdi. Zahiri ylymlaryň alymy Ebu Bekr Wasyty 320-nji (m.932) ýylda dünýäden ötdi. Gubury Merwdedir. Ebu Bekr Wasyty döwrüniň ýol görkezijisidir. Hakykat we maryfetde (bu ýerde, dile çeperlik we ussatlyk) ýeketäk, Allahyň birligine düşündirmekde ondan ynandyryjy gürläp bilýän ýokdy. Meşhur sözleri, menkybetleri we menkybeleri we nesihatlary bardyr. Özü şeýle aňladýar: "Bir ýerde möhüm bir dini wezipäni ýerine ýetirýärdim. Depämde bir guş uçup başlady. Gaflata düşüp guşy tutdym. O elimdekä başga bir guş depämde uçup başlady. Elimdäki guşuň ýoldaşy ýa-da enesidir öýdüp guşy goýberdim. Guş şo bada öldü. Buňa gaty gynandym. O günden soňra mende bir gaýgy gam döredi. Bu gaýgy-gam bir ýyl dowam etdi. Bir gije düşümde Hezreti Pygamberimizi (sallallahü aleýhi we sellem) gördüm: "Ýa Resulullah! Bir ýyldan bäri başymda gaty köp gaýgy-gam bor. Bu gaýgy-gamyň täsiri netijesinde aýakda durup namaz okara mejalym galmady" diýenimde, şeýle diýdi: "Bunuň sebäbi, bir serçäniň Allah huzurynda seni şikaet edenligidir" Buny eşidip, bagyşlanmam üçin ýalbardym. Emma kabul edilmedi. Bundan bir müddet soňra öýmüzdäki pişik çagalapdy. Men gaýgylanyp pikire batyp oturşyma, bir ýylanyň pişijiklerden birini tutjak bolýanyny gördüm. Derrew ýylanyň kellesine hasamy zyňdym. Ýylan gaçdy. Enesi gelip pişijegi alyp gitdi. Şol pursatdan başlap gaýgy-gamdan gutuldym we namazlarymy aýakda durup okamana başladym. Şol gije düşümde ýene Hezreti Pygamberimizi (sallallahü aleýhi we sellem) gördüm: "Ýa Resulullah! Bu gün gowulaşdym" diýenimde, şeýle diýdi: "Bunuň sebäbi, bir pişigiň Allah huzurynda saňa sag bolsun aýtmasydyr" "Hojasy Jüneýd-i Bagdady Ebu Bekr Wasyta ýazan hatynda şeýle diýýär: "Ýa Ebu Bekr! Alymlar we häkimler Allahü tealanyň ynsanlara bir rähnetidir. Ynsanlara söz aýdyp biler ýaly, olaryň ýagdaýyna gel. Olara güýçlerine we ýagdaýlaryna görä söz sözle. Sen olaryň nebisleri üçin dogry sözler sözle" Ebu Bekr Wasyty näsaglan wagty: "Bize wesiýet et" diýenlere, "Allahü tealanyň sizden islän zatlaryna görä hereket ediň" diýdi. Wasyti şeýle diýdi: "Ybadaty goramak, ony ýerine ýetirmekden has kyndyr. O edil, tiz döwülýän çüşe ýalydyr. Oňa riýa, men-menlik, ulumsylyk, gopbamlyk degse döwüler" "Iň uly ybadat, wagtyňy biderek geçirmezlikdir" "Eden ybadadyňa bil baglamak, Allahü tealanyň ihsanyny (bagyşlaýyjylygyny) unutmaklyk bolar" "Dinine sadyk bolany belli edýän alamat( göwresi ýoldaşlarynyň arasynda bolsada, ýüreginde Allahü tealany ýatdan çykarmazlygydyr" "Allahü tealanyň beren nygmatlaryny, "Eden ybadatlarymyň garşylygy" diýip hasap edenlerden bolmaň" "Nebsiň etdirjek bolýan işine göwün berme. Nebsiň islemeýän işlýerine göwün ber" "Iň erbet häsiýet( takdyr edilene (alnyňa ýazylana) garşy çykmakdyr. Owalda takdyr edileni doga-dileg bilen üýtgetmek islemekdir" "Utanan adamyň alnyndan dökülen derler, ondaky faziletiň miwesidir" (Fazilet-gowy häsiýet) "Gowy ahlak( bilimiň güýçlüligi sebäpli seniň hiç kime duşman bolmazlygyň we hiç kimiňem saňa duşman bolmazlygydyr" "Allahü tealanyň razylygyny almak üçin ybadat eden adam, sogap gazanar" "Eden ybadatlaryň üçin bir girdejä garaşmak, Allahü tealanyň lütfunu (gowulyk edijiligini) ýatdan çykarmak bolar" "Hiç kim Hezreti Pygamberimiziň (sallallahü aleýhi wye sellem) mertebesine eýe bolup bilen däldir. Ondan uly çykdym ýa-da çykaryn diýenler, dogry ýoldan çykarlar. Çünki welileriň iň ýokary mertebesi, Pygamberleriň iň pes mertebeleri bilen deňdir" "Ynsanlar üç topara bölüner( Birinji topara Allahü teala imanyň nurlaryny bagş etdi. Bu sebäplide bular küpürden, imansyzlykdan we iki ýüzlülikden uzakdadyrlar. Ikinji topara Allahü teala inaýet (gowulyk) nurlary bag şetdi. Bular bolsa ne uly ne kiçi günälere girmezler. Üçünji topara Allahü teala kifaeti bagş etdi. Bular gaflatdakylara gelişjek hereketleri etmezler" "Höwes etmek üçin höwes gerekdir. Höwes bolsa gowy dostluk bilen gazanylar. Eger bir adamda höwes ýok bolsa o, söýginiň nämeligine bilmez" "Ruhlar on mertebä aýrylarlar: Birinjisi, zulmata gark edilen yhlaslylaryň ruhlarydyr. Bular özlerine näme ediljek bolýanyny bilmezler. Ikinjisi, gullaryň ruhlarydyr. Bular eden ybadat we amallarynyň netijesinde dünýäniň üstünde bagtyýar bolarlar. Ybadadyň beren güýjü bilen ýörärler. Üçünjisi, isleg we arzuw edenleriň ruhlarydyr. Bular sydk (ýüregi arrasa) lezzetleriniň içinde, sydka daýanan amallaryň saýasynda melekler bilen bilelikde ýaşarlar. Dördünjisi, sünnetlere uýanlaryň ruhlarydyr. Bular nur yşyklarynyň içinde Arş-y aladan (asmandan) aşaklygyna sallanandyrlar. Iýmitleri rähnet, içgileri lütufdyr. Bäşinjisi, wepalylaryň ruhlarydyr. Bular istifa (bir işden öz islegiň bilen aýrylmak) mertebesinde şatlanarlar. Altynjysy, şehitleriň ruhlarydyr. Bular Jennetde ýaşarlar. Jennediň gülüstanynda islän wagty islän ýerine giderler. Ýedinjisi, görmek isleýänleriň ruhlarydyr. Ýaýylan edebiň üstünde oturarlar. Sekizinjisi, meşhur alymlaryň ruhlarydyr. Bular mukaddeslik dergähinde ertir-agşam Allahü tealanyň kelamyny (sözlerini) eşderler. Ýerleri Jennetdedir. Dokuzynjysy, Allahü teala aşyk bolanlaryň ruhlarydyr. Allahü tealadan başga hiç bir zady bilmezler. Hiç bir zatda ynjalyk tapmazlar. Onunjysy bolsa, derwüşleriň we pukaralaryň ruhlarydyr. Ýokluk mertebesinde ýerleşip ýaşarlar". Ebu Hamid El-Merwezi Taberistanda ýetişen uly alymlardan biridir. Ady Ahmed bin Hüseýin (ýa-da Hasen) bin Ali el-Merwezi, lakamy Ebu Hamitdir. Ibn-i Taber we Fakyh-y Hanefi diýilip tanalýar. Atasynyň asly Hemedanly bolanlygy üçin, Ebu Hamid Ahmed bin Hüseýin el-Hemedani diýilibem tanalýar. Merwde doguldy. 376-njy (m.986) ýylyň Sapar aýynda Buharada wepat etdi. Hanefi mezhebiniň alymlaryndandyr. Fykyh ylmynda müçtehid (aýat we hadyslardan höküm çykaran din alymy), tefsir ylmynda ussat, hadys ylmyna bolsa hafyzdyr (ýatdan bilýän). Ýüzmüň hadys-y şerifi rawylary bilen birlikde ýatdan bilýärdi. Köp ybadat ederdi. Ýiti zehini bardy. Taryh ylmynda alymydy. Belh şäherinde Ebu Kasym Saffardan fykyh ylmyny öwrendi. Ebu Kasym Saffar fykyh ylmyny Nasyr bin Ýahýadan olam Muhammed bin Semadan olam Ymam-y Ebu Ýusufdan we olam Ymam-y agzamdan (Ebu Hanife) öwrenipdir (r.aleý-him). Ebu Hamid Bagdada gelip Ebul Hasen el-Kerhiden ylym öwrendi. Başgada, Muham-med bin Ömer, Ahmed bin Hadr el-Merwezi, Muhammed bin Abdurrahman ed-Dagweli, Ha-ris bin Abdülkerim, Muhammed bin Rezzam el-Merwezi we başga alymlar bilen görüşip olardan ylym öwrendi. Soňra Nişapura gaýtdy. O ýerde Kadil-kuda (baş kazy) boldy. Köp sanly kitap ýazypdyr. Ebu Bekr el Berkani (r.a.), Ebu Hamid el-Merwezi hakynda: "O, sika (bil baglap boljak) bir zatdyr. Onuň gaty haýyrlydygyny bilýärin" diýýär. Ebul Abbas Seýýari Uly öwlüýälerden we öz döwrüniň ymamlaryndandyr. Ady Kasym bin Kasym el-Meh-di, lakamy Ebul Abbas Seýýaridir. Fykyh we hadys ylmynyň uly alymlaryndandyr. Faziletli we keramatlydy. Ebu Bekri Wasytiniň iň uly talybydyr. Bir näçe uly alym bilen görüşip ylym we edep öwrendi. 340-njy (m.951) ýylda Merw şäherinde dünýäden ötdi. 342-nji ýylda ölenligi hakynda-da maglumatlar bardyr. Gubury Merw şäherinde bolup halk tarapyndan zyýarat edilýändir. Guburyny zyýarat edip, bu alym hormatyna Allahü tealadan doga-dileg edenleriň, dilegleriniň kabul bolup arzuwlaryna gowuşýandyklary tejribeler bilen subut edilendir. Toba etmezden öň örän baýdy. Atasyndan oňa uly miras galypdy. Bütin serwetini berip, hezreti Resulullahyň mübärek Sakal-y şerifiniň iki sany gylyny satyn aldy. Sakal-y şerifleriň berekedi bilen Allahü teala oňa, toba gelmegi nesip etdi. Ebu Bekr-i Wasytynyň söhbetlerine gatnaşdy. Uly üstünliklere eýe boldy. Ölen wagty wesetini berjaý edip mübärek Sakal-y şerifleri agzyna goýdular. Ebul Abbas Seýýari (r.a.), haram we halallygyndan şübhe edilýän zatlardan örän gaça durardy. Dünýä malynda gözi ýokdy. Aýaklaryna, Allahü teala garşy çykmak üçin bir gezejigem ädim ätdirmedi. Oňa şeýle sorag berdiler: "Allah ýolunda ýöreýän bir adam nähili işler edende köňlü Jennet bagy ýaly arassa we gözel bolar? "Şeýle jogap berdi: "Allahü telanyň emirlerini ýerine ýetirmäne we gadagan eden zatlaryndan gaça durmana dowam etmek. Sabyrly bolmak. Alymlar bilen bile bolup olaryň söhbetlerine gatnaşmak we dostlaryna hyzmat etmek bilen" "Bu ýolda nädip aňsatlyk bilen öňe gidip bolar" diýip soranlarynda, "Allahü tealanyň emirlerine doly boýun egmek we alymlaryň söhbetlerine gatnaşmana dowam etmek bilen" diýip jogap berdi. Ebul Abbas Seýýari (r.a.) şeýle diýdi: "Bir adam öz ömründe Yslamyýetiň emirlerini näçe gowy ýerine ýetirse, Yslamyýete ters gelýän bir işi etmemek üçin näçe gaýrat sarp etse, ahyretde syrat köprüsi şonça giň bolar. Olam kynçylyk çekmän syrat köprüsini geçer. Eger bir adam dünýädekä emirlere boýun egmekde haýal-ýagallyk etse, gowşak hereket etse we Yslamyň emirlerini doly berjaý etmek üçin gaýrat sarp edýänlerede päsgel berse, ahyretde syrat köprüsi şonça daralar". "Kimde-kim özüniň haklydygyna garamazdan, özüni günäkär hasaplap garşysyndaka "Seniňki dogry meniňki ýalňyş" diýse, ahyretde onuň başyna kynçylyk we muşakgat gelmez." Fadlullah Bin Ahmed El-Miheni Uly öwlüýälardan biridir. Lakamy Ebu Said, ady Fadlullah bin Ahmed bin Muhammed el-Mihendir. Ähli sünnet ynanjynda, sünnete doly uýýan, keramatlary akyllary haýran galdyrýan alym adamdy. Köp adamlar, ony görüp, söhbetlerini diňläp dogry ynanja girdiler. Ebu Said hezretleri, uly alymlardan biri bolan Ebu Abdurrahman es-Süleminiň mejlisine gatnaşdy. 440-njy (m.1048) ýylda Mihene şäherinde dünýäden ötdi. Fadlullah bin Ahmed, zahir bin Serahsi we ýenede köp sanly alymlardan ylym öwrenip, hadys-y şerif rowaýat etdi. Ondan bolsa( Ymam-ül-Haremeýn. Ebül Meali el-Jüweýni, Ebul-Kasym Selman bin Nasyr el-Ensari, Hasen bin Ebi Tahyr el-Jiýliý, Abdülgaffar eş-Şi-ruwiý we ýene bir näçe alym ylym öwrenip, hadys-y şerif rowaýat etdi. Abdülgafir Siýak atly kitabynda, Fadlullah bin Ahmed (r.a.) hakynda şeýle diýýär: "El-Miheni hezretleri, döwrüniň ulularyndandy. Tasawwufda öňde baryjylaryň biridi. Marifetli birisidi. Şan-şöhrady älemi dolupdy. Öz döwründe ýeketäkdi. Onuň ýaly alym, başga ýokdy. Ýaşlygynda, müjahede ýoluny seçdi (müjahede-öz nebsiň bilen söweşmek). Köp ybadat ederdi. Ýekeligi söýýärdi. Keramatly we parasatlydy. Özü şeýle aňladýar: "Uly alym Ebu Abdurrahman es-Sülemi hezretleriniň huzuryna ilkinji gezek gezek gidenimde, maňa: "Häzir size, öz elim bilen bir ýazgy ýazyp berjek. O ýazgy, ýatlamagyňyza we sapak almagyňyza sebäp bolar" buýurdy. Menem: "Bolýar ussadym" diýdim. Şeýle ýazdy: "Uly alym bolan atam Ebu Amr Ismail bin Nüjeýd es-Sülemiden eşitdim. Ol hem, Ebul-Kasym Jüneýdi bin Muhammediň şeýle buýrandygyny aýtdy: "Tasawwuf( gowy ahlakdyr. Gowy häsiýetden ybaratdyr. Ahlagyny düzeldeniň mertebesi beýgeler." Ondan soňrada şuny ýazdy: "Iň gowy söz, Ymam Ebu Sehl Muhammed bin Süleýman es-Sulukiniň sözüdir. Gowy häsiýet, garşy çykmazlykdyr." Ebu Said el-Miheni şeýle buýurdy: "Tasawwuf( ynsanyň öz nebsini söýmezligi, onuň yzyna eýermezligi, kalbyny Allahü teala baglap, Oňa gulluk etmesidir". Ebu Hasen Ali bin Ebu Bekr en-Nişapuri şeýle aňladýar: "Ussat Ebu Osman Ismail bin Abdurrahman en-Nişapuri, geýnüwli ýagdaýda Ebu Said Fadlullah bin Ebül-Haýr el-Miheni hezretlerini zyýarat etmäne gitdi. O ýere baransoň oturyp: "Ussadym! Ýadyňyza düşýärmi? Serahsda, Şeýh Ebu Ali Zahir hezretleriniň ýanyndadyk. Ondan hadys-y şerif diňläpdik. Bize aýdyp beren birinji hadys-y şerifi haýsysydy?" diýdi. Ebu Said Fadlullah el-Miheni hezretleri şeýle buýurdy: "Onuň aýdyp beren birinji hadys-y şerifinde "Dünýäni söýmek (göwün bermek, göz gyz-dyrmak) günäleriň başydyr" buýurylýardy. Biz ony eşdip ýazyp alypdyk". | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |