18:28 Öwlüýäler: Şihabüddin Sührewerdi | |
ŞIHABÜDDIN SÜHREWERDI (Aşyk Aýdyň Pir)
Taryhy şahslar
Beýik öwlüýä we fykyh alymydyr. Ady Ebu Abdullah, doly ady bolsa, Ömer Bin Muhammed bin Abdullah bin Muhammed es-Sührewerdidir. Ebu Nasr we Ebul-Kasym Sopy hem diýipdirler. Ata-baba aňyrsy Ebu Bekr Syddyga (r.a.) baryp direýär. Şyh Ebün Nejibiň doganynyň ogludyr. 539-njy ýylda (M.1144) Sührewerdde dünýä inip, 632-nji ýylyň (M.1234) Muharrem aýynda aradan çykýar. Şihabüddin Sührewerdi ylym öwrenmek üçin Bagdada gitdi. Agasy beýik alym Ebün nejip Abdülkahyryň söhbetlýerinde boldy. Ondan tasawwuf ylymlary boýunça sapak aldy. Şol bir wagtyň özünde-de Abdülkadyr Geelany hezretleriniň söhbetlerini hem diňleýärdi. Basradaky Ebu Muhammed bin Abdullahyň söhbetlerine-de sypdyrman gatnaýardy. Ebu Hafs Sührewerdi; agasyndan, Ebu Muhammet Hibetullah bin Şibliden, Ebul-Feth bin Battydan, Mamer bin Tahyrdan, Ebu Züra Makdisiden, Ebul-Fütuh Tapdan we başga-da birgiden alymlardan hadysy şerif diňläp ýat tutdy we özgelere öwretdi. Özünden bolsa; Ibni Dübeýsi, Ibni Nukta, Zeki Berzaly, Ibni Nejjar, Kawsy, Ebul-Ganaýin bin Allan, Izz el-Farusy, Ebul-Abbas el-Eberkuhy we başga alymlar ylym öwrenip, hadysy şerif diňlediler. Ebu Hafs Sührewerdi, fakyh, parasatly, sopy, ygtybarly, takwa, aryf adamdy. Hakykat ylmy ugry boýunça döwrüniň şyhydy. Şafi mezhebindedi. Kän ybadat edýärdi. Elindäki bar-ýoguny gaýgyrman garyp-gasarlara we mätäçlere paýlaýardy. Fykyh ylmyny agasyndan we Ebul-Kasym ibni Fadlandan öwrendi. Ibni Nejjar o barada şeýle diýýär: "Ebu Hafs Ömer Sührewerdi hakykat ylmynda öz zamanasynyň şyhydy. Ol ryýazat we öz nebsi bilen göreş etmek ýollaryny saýlap tutdy. Fykhy, deňeşdirmeli hukugy, Arap dili we edebiýatyny özleşdirdi. Ençe alymlardan hadysy şerif diňledi. Soňurrak bolsa tasawwuf ýoluna girdi. Ilki-ilkiler zikir we ybadata gümra boldy. Soňralar adamlara wagyz edip ugrady. Agasynyň Dijle boýundaky medresesinde sapak okadýardy. Onuň söhbetini we derslerini diňlemek üçin yslam ülkeleriniň her ýerinden ençe alymlar we topbak-topbak adamlar gelýärdiler. Onuň sözleriniň berekedi bilen günäkärler derrew toba edýärdiler. Talyplary edil ýyldyzlar deý çar ýana ylym saçýardylar. Hiç kim onuňky ýaly soltanlaryň hormatyny we köňlüni gazanyp bilmedi. Ömrüniň ahyrlarynda kesele uçrady. Ýöne şonda-da zikirlerini azaltmady. Entegem ony jemagatyň içinde görmek mümkindi. Ýaşy ýüz ona golaýlaberen çaglary haja gitdi. Kepenlik pulam goýman dünýäden ötüpdi". Ibni Nukta bolsa şeýle diýýär: "Şihabüddin Ebu Hafs, döwründe Yragyň şyhy, göreşiji, jomart, ýagşy gylykly, mürüwwetli we zikirli mübärek kişidi". Ibni Subky "Tabakat-ül-wusta" eserinde Ebu Hafs Sührewerdiniň talybynyň: "Halypamyz Sührewerdi hezretleri-hakykatlar çeşmesi, döwrüniň ymamy, asrynyň ýeke-täk göwher gaşydy. 539-njy ýylda (M.1144) Sührewerdi dünýä inýär. On alty ýaşyna çenli şo taýda bilim alýar. Soňra Bagdada gidip, agasyndan fykyh we tasawwuf öwrenýär. Agasy aradan çykynça elinde okaýar. Agasynyň ölüminden soňra Ebul-Kasym bin Fadlanyň söhbetlerine gatnap ugraýar. Fykyh ylmynda çuňňur alym bolup ýetişdi. Soňra tasawwuf ýoluna girdi. Köplenç wagtyny ybadat we zikir bilen geçirýärdi. Adamlara Allahü tealany razy etmekligi ündedi. Sözleri ýüreklere täsir edýärdi. Döwründäki dürli tarikata degişli adamlar oňa hat ýazyp ýagdaýlaryny soraýardylar we fetwa bermegini haýyş edýärdiler. Günlerde bir gün şeýleräk mazmunly hat gelip gowuşdy: "Halypam, işimi taşladym. Şondan soň birhili bedenime ýeňillik aralaşdy. Haçan işläp başlasam öz-özüme göwnüýetijilik duýgusy peýda boldy. Haýsy meniň üçin has gowy bolar?". Ebu Hafs Sührewerdi:"Işle we bu ýagdaýyň üçin Allahü tealaga toba et" diýip oňa jogap ýazdy. Halypamyzyň diýseň çeper we ajaýyp şygyrlary bar" diýip gürrüň berenligini belläp geçýär. Ebu Hafs Sührewerdi kän eserler ýadygär galdyrdy. Bulardan käbirleri şular: 1-Akydetü erbab-it-taki, 2-Behjet-ül-ebrar fi menakyb-il-Gaws-il-Geelani, 3-Bugýet-ül-beýan fi tefsir-il-Kur’an, 4-Awari-ül-magaryf fi beýany taryk-il-kawm; tasawwuf hakynda. Bu eserden käbir bölümler: Sopularyň ylymlarynyň faziletleri: Darymydan aýdylýan hadysy şerifleriň birinde, biri Resulullahdan (sallalahü aleýhi we sellem) şer barada sorady. Resuly ekrem (sallalahü aleýhi we sellem): "Menden şer barada soramaň. Menden diňe haýry soraň" diýip, sözleriniň yzyny şeýle dowam etdirdi: "Alymlaryň iň erbedi, adamlaryň iň ýagşysydyr". Alymlar-ymmatyň delilleridir, diniň diregidir, mälim bolan nadanlyk garaňkylygyny ýagtyldýan çyralardyr, Yslamyýetiň goragçysydyr. Kitap we sünnetiň hökümlerini düşündirijilerdir, gullaryň tebipleri, ägirt uly amanady göterijilerdir. Olar halk içinde iň takwa adamlar. Gullaryň içinde zühde, terkidünýälige iň köpräk mätäç bolanlar-da ýene şolar. Sebäbi, zühde özleri we özgeler üçin mätäç bolup durýarlar. Çünki, olaryň ýoldan çykmagy, adamlaryň ýoldan çykmagydyr, olaryň dogry ýolda bolmagy-da adamlaryň dogry ýoldadygyny aňladýar. Süfýan bin Uýeýne şeýle buýurýar: "Bilýänlýerini amala aşyrmakdan gaça durýanlar, adamlaryň iň nadanydyr. Ynsanlaryň iň alymy, bilýänlerini berjaý edýänlerdir. Adamlaryň iň belendi, Allahü tealadan iň köp gorkýan adamdyr". Bu söz örän mamla. Ylmyny berjaý etmeýän, ulanmaýan alymyň alym däldigi barada höküm çykarýar. Sebäp diýseň ylym, Yslam ýolunda eýesini har edýän däldir. Alym ylmynyň berekedi bilen halas bolar. Ylym öwrenmeklik hem parzdyr, hem-de faziletdir, düşünjeliklikdir. Diniň jogapkär eden zatlaryny amala aşyrar ýaly derejede her bir adamyň ylym öwrenmegi parzdyr. Zerurýetden köp ylym öwrenmek bolsa, kitap we sünnete laýyk gelmek şerti bilen faziletdir. Kitapdyr-sünnete dogry gelmeýän, bu ikisinden çykarylmadyk ýa-da bu ikisine dogry gelmeýän ýa-da bolmasa bulara esaslanmaýan her bir ylym fazilet däl-de masgarylykdyr. Bular adamy gedem edýär. Dünýäde we ahyretde ryswa bolmagyna getirýär. Parz bolan, öwrenmekligi gaýragoýulmasyz ylym: Ebu Nejip Sührewerdiniň Enes bin Mälikden diňläp aýdan hadys-y şerifinde Resuly ekrem (sallalahü aleýhi we sellem) şeýle buýurýar: "Ylym Çyn-maçynda hem bolsa talap ediň. Çünki, ylym öwrenmek her bir musulmana parzdyr." Haýsy ylmyň parz bolanlygy barada alymlaryň arasynda çapraz pikirler döredi. Käbir alymlar: "Praz bolan ylym, yhlas ylmy we nebsiň apatlaryny paş edýän zatlaryň ylmydyr. Çünki şu alty kerimede, mealen; "Emma weli olara, diňe Allaha, Onuň dininde yhlasly kişiler hökmünde, beýleki batyl dinlerden yslama ýönelip ybadat etsinler, namazy gerek bolşy ýaly okasynlar we zekat bersinler di lip emr edilipdi. Ynha, şu emr edilen zat, gös-göni hak dindir" (Beýýine-5) diýlip amal emr edilişi ýaly yhlasly bolmaklyk hem emr edilýär. Yhlasyň binýadyny weýran edýän; nebsiň ýalanlaryny, tekepbirligini, hile-allaryny we gizlin isleglerini bilmek üçin bu ylmy öwrenmek parzdyr. Çünki bendesi parza, diňe parz bilen ulaşyp biler. Alymlaryň käbirleri bolsa, öwrenilmegi parz bolan ylym, ylmyhal ylmydyr diýdiler. Sehl bin Abdullah şeýle diýýär: "Parz bolan ylym ylmyhaly öwrenmeklikdir, ýagny guluň dünýä we ahyrýetinde Rebbi bilen arasyndaky halyň hökmünini bilmegidir". Ýene şeýle diýildi: "Öwrenilmegi parz bolan ylym batyny (syr we hakykat bilen baglanşykly) ylymdyr. Bu ylym bilen bilen, guluň Allahü tealaga bolan ýakynlygy artar. Bu ylmy, Allahü tealanyň öz esgerleri eýelän we hyrydarlaryny Oňa gowuşdyrýan, dogry ýoly güýçlendirýän we adamlara dogry ýoly görkezýän alymlaryň söhbetinde öwrenilýändir. Bu alymlar, Pygamberleriň mirasdarlarydyr". Ebu Talyby Mekki şeýle buýurdy: "Parz bolan ylym, Yslama binýat bolup durýan bäş esasy hemme adamlar üçin praz edipdi. Berjaý edilmeli parzlaryň öwrenilmegi-de parzdyr. Tewhid ylmy hem şuňa girýär. Sebäbi, bäş esasyň ilkinjisi şehadetdir (keleme). Yhlas hem bäş esasyň biri bolup durýar". Bir musulmanyň ähli dini ylymlary öwrenmegi mümkin däl. Eger, ylymlaryň bary adamlara parz edilen bolsady, Allahü tealanyň nazar salan adamlaryny hasaba almasak, bu hiç kime-de başartmazdy. Meniň göwnüm (Sührewerdiniň göwni) has köpräk Ebu Talyby Mekkiniň sözüne, aluw-satuw, nika we talak ýaly meselelere zerurýet hasyl bolan wagty öwrenmekligiň parzlygyna meýil edýär. Dogrusyny Allahü teala bilýändir. Ýene şuny aýdasym gelýär (Sührewerdi): "Öwrenmeklik parz bolan ylym, emirler we gadagan edilen zatlardyr. Emr edilenler; edilse sogap, edilmese-de jeza bolan zatlardyr. Gadagan edilenler; edilse jeza beriljek, gaça durulsa-da sogap beriljek zatlardyr. Emirdir-gadagan edilen husularyň bir bölegi Yslamyýet dowam etdigiçe gula hemişe gerek. Käbirleri bolsa, bende haýsydyr bir waka bilen ýüzbe-ýüz bolan halaty dowamly zerurdyr". Ebu Hafs Sührewerdi şeýle buýurdy: "Belent mertebede oturan öwlüýä birine hiç hili keramat ýa-da adatdan daşary täsinlikler berilmezligi mümkin. Çünki, keramatlar täsinliklere mätäçligi ýokdur. Keramatlaryň bary birleşende-de, Hudaý tealanyň zikrinden we kalbyň bu zikir bilen zynatlanyşyndan pesde galar". Şihabüddin Ebu Hafs Ömer bin Muhammed Sührewerdi ogluna nesihatynda şeýle diýýär: Eý, ogul! Saňa, Allahü tealadan gorkmagyňy, Allahü tealanyň we Resulynyň (sallalahü aleýhi we sellem), ýene-atanyň we öwlüýäniň hak-hukugyny äsgermegiňi maslahat berýärin. Eger, muny berjaý etseň, Allahü teala senden razy bolar. Açykdan-açyk ýa-da pynhanlykda Allahü tealanyň emirlerini we gadagan eden zatlaryny ýerine etir. Gizlin we açyk, içden we daşdan, pikir edip, elemli we agy bilen Kur’any kerim okamagy unutma. Ylymdan ýekeje ädim hem ýüzüňi sowma. Ylym öwren tasawwuf ählidirin diýip ýaňraýan nädogry ýoldaky nadanlardan bolma. Sebäbi olar din ogrularydyr we musulmanlary dogry ýoldan çykarýarlar. Pygamberimiziň (sallalahü aleýhi we sellem) sünneti-seniesine berk ýapyş. Dinde soň-soňlar ýüze çykyp, dindendir öýdülýän, aslyetinde weli dinde bolmadyk bid’at dalaletdir. Zenanlar bilen, bid’atlar we baelar bilen hem-de öz nebsiniň yzynda ylgap ýören nebsewürler bilen bile bolma. Çünki, olar seniň diniňi gidirer. Dünýäde az zada kanagat et. Ýalňyzlyga pugta ýapyş. Hata we günäleriň üçin köp agla. Halal iýjek bol. Çünki, halal iýmek (haramlarden çeke durmak), ähli haýyrlaryň we gowulyklaryň açarydyr. Asla harama meýil etme. Çünki, harama meýillenseň, kyýamat güni Jähennmde ýanarsyň. Halal eşikler geý. Eger, şulary berjaý etseň, imanyň we ybadatyň tagamyny duýarsyň. Allahü tealadan dowamly gork. Ertirki gün kyýamat gününde, Allahü tealanyň huzurynda niçik ýagdaýda boljaklygyňy unutma. Gijeler namaz okamagyňy goýma. Hiç wagt baş boljak bolma. Sebäbi, ýolbaşçylyga ymtylýan we yşgyna düşen adam hiç wagt ynjalyk ýüzi görmez. Höküm edýänleriň we soltanlaryň mejlislerine barma. Adamlar bilen çekeleşme. Seni öwýän adamlaryň sözlerine aldanma. Seni döwýän adamlaryň sözlerine-de gyýlyp-gynanma. Hemmä garşy ýagşy gylykly bol. Kiçigöwünli bol. Çünki, Resulullah efendimiz (sallalahü aleýhi we sellem): "Kimde-kim, Allahü tealany razy etmek üçin kiçigöwünli bolsa, Allahü teala ony beýgelder. Kimde-kim, tekepbirlik etse we öwünse, Allahü teala ony peselder" buýurdylar. Elmydama, ýagşylara-da, ýamanlara-da edepli bol. Uly-kiçi hemmä rehimdar bol. Olara mähirli we merhemetli seret. Kän gülme. Çünki gülmek gapyllykdan hasyl bolýar. Gülmeklik ýüregi öldürýändir. Resulullah efendimiz (sallalahü aleýhi we sellem): "Eger siz, meniň bilýänlerimi bilsediňiz, az gülüp, kän aglardyňyz" buýurdy. Allahü tealanyň rehnedinden umydyňy üzme. Umyt we gorky aralygynda ýaşa. Eý, ogul! Dünýäni terk et (Haram zatlary, Allahü tealanyň gadagan eden zatlaryny we dünýä söýgüsini terk et). Çünki, dünýäni isleýän we söýýän adamyň dini gidýändir. Namazyňy oka, orazaňy tut. Allahü tealanyň öwlüýä gullaryna; zadyň, bedeniň we wezipäň bilen hyzmatkär bol. Olaryň göwünlerini gör, olaryň ýaşaýyşlary ýaly hereket et. Ähli sünnet ynanjyna girmeýänleriň daşyndaky hiç bir alymyň sözlerini inkär etme. Eger, şeýle ýagdaýda edäýseň, hiç wagt eşrete ýüzüň düşmez. Eý, ogul! Mydama jomart bol. Allahü tealanyň saňa rysk edip beren zatlarynda eliň açyk bolsun. Gysgançlykdan, görübilmezçilikden, kineden we hilegärliklerden daşrak dur. Çünki, gysgançlaryň we göripleriň orny Jähenenemdir. Hiç haçan ynsanlara içiňi dökme. Daş görnüşiňi bezelse. Çünki, daşyňy bezemeklik, içiň harap bolanlygyny aňladýar. Rysk babatda Allahü tealanyň wadalaryna ynan. Sebäbi, Allahü teala her bir janly-jandaryň ryskyny berjekligi barada kepil geçdi. Allahü teala, Kur’any kerimde mealen: "Ýerde ýöreýän näçe janly bar bolsa, hemmesiniň rysgy, diňe Allahü tealaga degişlidir" buýurdy. (Hud-61). Adamlardan asla zat hantama bolma. Hakykaty aýt. Ýaradylanlaryň hiç haýsyna meýil etme. Biderek işler bilen wagtyňy boş ötürme. Pygamberimiz (sallalahü aleýhi we sellem) bir hadysy şerifde: "Kişiniň peýdasyz işlerden gaça durşy, onuň ajaýyp musulmanlygy sebäplidir" buýurdy. Eý, ogul! Ynsanlara nesihat ediji we peýdaly bol. Iýmegi, gürlemegi we ukyny azalt. Diňe mätäçligiňi giderer ýaly mukdarda iý. Zerur bolmasa gürleme. Kän ýatma. Namaz, oraza we Allahü tealanyň zikri bilen gümra bol. Kalbyň hasratly, gözüň ýaşlar döküji, işiň tüýs ýürekden, dogaň hamdaly-şükürli, dostlaryň garyp, öýüň mesjit, barlygyň ylym, zynatyň takwalyk bolsun. Eý ogul! Bu pany dünýäniň zynatyna aldanyp, buýsanma. Kimde-kim, dünýä meýil etse heläk bolar. Ahyrýet ýoluna taýýar bol. Eliňde pursat-puryja bar wagty, Allahü tealadan özgelere köňül berme. Bir gün geler, puşmanlygyň peýdasy degmez". ÝAHÝA BIN EKSEM Beýik hanefi fykyh alymlaryndan. Ol ylymly, parasatly, ähli ýerde tanalýan adam bolupdyr. Ebu Muhammediň doly ady Ýahýa bin Eksem bin Muhammet et-Temimi el-Esedi el-Merwezidir. Aňyrsy meşhur Arap kazysy Eksem bin Saýfa baryp direlýär. 159-njy ýylda (m.775) Maryda dünýä indi. 242-nji ýylda (m. 856) haçdan gaedyp gelýärkä Rebzede 83-ýaşynyň içinde panydan göç etdi. Ymamy Muhammet Şeýbanydan, Abdullah bin Mübärekden, Fadl bin Musa es-Sinanydan, Hafs bin Abdyrahman en-Nişapurydan, Mihran bin Ebi Ömer er-Razyýýyndan, Süfýan bin Uýeýneden we başga alymlardan (r.aleýhim) sapak alyp, hadysy şerifler ýat tutdy. Özünden bolsa, Muhammet bin Ysamýyl el-Buhari, Ebu Hatem er-Razy Ysmaýyl bin Ishak el-Kady we dogany Hammad bin Ishak ýaly ençe alymlar hadysy şerif diňlediler. Ýahýa bin Eksem hezretleri entek ýigrimi ýaşyndaka, Ymamy azamyň (r.a.) agtygy Ysmaýyldan soňra, Basra şäheriniň kazysy edilip işe bellendi. Basralylar täze gelen kazynyň şeýle ýaşdygyny görüp geňirgenipdirler: "Kazymyzyň ýaşy näçäkä?" diýip sorapdyrlar. Ol: "Men, Pygamberimiziň (sallalahü aleýhi we sellem) Mekgeýi mükerremä kazy edip bellän Attabyndan (r.a.) we Emeniň kazylygyna bellän Muaz bin Jebelinden has uly ahyryn" diýip jogap berýär. Hatib el-Bagdady o hakda şeýle diýýär: "Ýahýa bin Eksem, Ähli Sünnet wel-jemagat itikadynda (ynanjynda) bolup, bid’atdan gaty ägä gezýärdi". Talha bin Muhammet bin Jafer şeýle diýýär: "Gelip-geçen ylym adamlarynyň içinde aýratyn orna eýe bolan, ýediden-etmişe hemmeleriň tanaýan meşhur alymydyr. Çuňňur ylymly pähimdaryň hemmeler bilen gatnaşygy gowudy. Özüni iňňän salyhatly alyp barýardy. Müşgil meseleleri aňsatjak çözüp goýberýärdi. Halyf Memunyň ýanynda onuň gadyr-gymmaty ap-aýrydy. Memun ony kazylyk we ýurduň işlerine serenjam bermek ýaly jogapkärçilikli işe belledi. Hatda wezirler-de onuň pikirini soraman bir iş etmeýärdiler. Ebu Aýna: "Döwrüň tanymal adamlarynyň birinden: "Ýahýa bin Eksem bilen özi ýaly halyfyň hormatlaýan adamsy bolan Ibni Ebi Duanyň haýsysy has ýokarda durýar?" diýip soardylar. Onda hälki kişi Ýahýa bin Eksemiň has belentde durýanlygyny, sebäbi onuň diňe bir dostlary bilen däl, eýsem duşmanlary bilýenem oňşukly ýaşaýandygyny, hemmelere hoşniýetli ýakynlaşýanlygyny aýtdy". Ýahýa bin Ekseme Memunyň çagalaryny terbiýelemeklik tabşyrylypdy. Ýahýa bin Eksem Memun döwründe baş kazydy. Biri gelip: "Allahü teala kazymyza ýagşylyklar berip, halyny gözel eýlesin. Nahar iýmekde ölçegim nähili bolmaly, a dyp berermisiňiz?" diýip sorady Ýahýa bin Eksem: - Açlyk bilen doklugyň ortasy bolsun - Gülmekde ölçeg nähili bolmaly? - Ýüzüň açyk bolsun, ýöne sesiňi gataltma - Aglamak barada näme diýersiň? - Allahü tealadan gorkyňa aglaýanlygyňy hiç kime aýtma - Amallarymy gizlin tutmak barada aýdaýsaňyz? - Güýjüň ýetdiginden gezlemäge çalyş - Amallarymyň näçerägini görkezeýin? - Salyh kişiler saňa uýar ýalyragyny we adamlar saňa ynanarlary ýalyragyny görkez - diýdi. Bu jogaplar hälkiniň ýüregine jüňk boldy. Ysmaýyl bin Ishak, Ýahýa bin Eksemiň fykyh babatda biçak gymmatly kitaplarynyň bardygyny, ýöne uzynlygy sebäpli adamlaryň olary okmaga mümkinçilikleriniň bolmandygyny aýdypdyr. Onuň, Yrak alymlarynyň usulynda ýazan "Tenbih" eseri meşhurlyk gazanypdyr. Ýahýa bin Eksem hezretleri (r.a.) dünýäden ötenden soňra, özüni söýýänlerden Ebu Abdullah Hüseýniň düýşüne girdi. Ebu Abdullah ondan: "Allahü teala saňa nähili çemeleşdi?" diýip sorady. Ýahýa (r.a.) şeýle jogap berdi: "Allahü teala maňa: "Ýa Ýahýa! Sen dünýäde wagtyň meniň üçin şeýle-şeýle işleri edipdiň, dogry dälmi?" buýurdy. Men hem: "Ýa Rabbi! Men eden işlerime däl-de, eşiden bir kudsy hadysa ynanyp umytlandym" diýdim. Allahü teala: "Ol hadysy kudsy nedir?" buýurdy. Men hem: "Maňa Muammer, Ymamy Zühriden, ol bolsa Urweden, ol hem Hezreti Aýşe Syddykadan, ol bolsa Hezreti Pygamberimizden, o-da Hezreti Jebrailden, ol bolsa Allahü tealadan habar berdiler. Allahü teala: "Men azymüşşan, Yslamda anaran sagdyr-sakgala azap etmekden haýa edýerin" buýurdy diýdim. Onda Allahü teala Hezretleri şeýle buýurdy: "Sen, Muammer, Ymamy z"hri, Urwe, Aýşe we Muhammed aleýhisselam hem-de Jebrail wepalysyňyz. Hatda Men azymüşşan seni bagyşladym". | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |