SÖWÜTDE DOGAN GÜN: OSMAN GAZY
"Eý, Osman, buşluk! Hak tagala saňa we seniň öwladyňa soltanlyk berdi. Bütin dünýä seniň öwladyň hemaýatynda bolar, gyzym Bala Hatyn-da saňa ýar bolar".
1258-nji ýyl...
524 ýyldan bäri dowam edip gelýän Abbasy dinastiýasynyň ahyrky günleri. Halyf el-Müstasym Billah biçäre, ýürekgysgynç, serim-sal we ýürek awarlykly ýagdaýda... Çünki, Hülagunyň baştutanlygyndaky Mongollaryň läheň goşuny tas bir aýdan bäri Bagdady gabawda saklaýar. Pajygaly netije eýýämden görnüp dur... Bagdadyň üstüne lowlap duran nebitli kesindiler we manjynyk diýilýän enjamdan atylýan daşlar ýagýar.
Diňe birje adam bu ahwaldan göwnühoş ýagdaýda içini güldürýär. Halyfyň weziri, Rafyzy ynanjyndaky Ibn Alkami döwletiň jylawlaryny büs-bütin öz ellerine geçiripdi. Galam öz elindedi. Turuwbaşdan Hülagunyň mylakatly hatlaryna gazaply jogaplar ýazdyryp, ony halyfa duşman edipdi. Şunlukda bir tarapdan mongollaryň duşmançylygyny köreden bolsa, beýleki tarapdan-da Müstansyr döwründäki 100 müň adamlyk goşuny köp diýip, 20 müňe çenli düşüripdi. Tertipsiz we derňewsiz bu goşun hem, Bagdatdan iki gonalga uzaklykdaky Mongol güýçlerine bary-ýogy birnäçe minut gaýtargy berip bildiler. Mongollaryň oklaryndan halas bolanlaryň bir bölegi Bagdada, bir bölegi-de Siriýa tarap ýazdyny berdiler.
Ibn Alkaminiň begenjiniň çägi ýokdy. Sebäbi, Mongollaryň içinde Hülagunyň iň ýakyn maslahatçysy Nasyreddin Tusy hem özi ýaly rafyzy ynanjyndady. Elgaraz, Abbasy dinastiýasynyň ýykylmagyna sebäp bolan işleri şu iki rafyzy gurap ýördi. Indi ýoluň soňuna gelipdiler.
Alkami, aljyraňňy ýagdaýdaky halyfa: "Men Hülagu bilen ylalaşyk gazanjak bolup göreýin" diýip mongollaryň düşlegine gitdi. Nasyreddin Tusynyň üsti bilen teni üçin kepilnama alandan soňra, Halyfa al salyp, ellerine tabşyrjaklygy barada Hülaguga söz berip gaýtdy.
Mustasymyň ýanyna gelip: "Hülagu, Rim mäligini öz ornunda goýuşy ýaly sizi hem dinastiýaňyzyň başynda goýmakçy we gyzyny ogluňyz Ebubekire nikalap bermekçi bolýar. Siz hem olara boýun bolarsyňyz. Şeýlelikde, häzirlikçe Musulmanlaryň janyny goradygyňyz bolar. Soň bolsa isläniňizi edersiňiz" diýdi.
Halyf onuň sözlerine ynanyp, 1258-nji ýylyň 10-njy fewralynda ogullary, döwlet adamlary we ýakyn garyndaşlary bilen birlikde Hülagunyň otagyna gitdi. Alkami, Hülagunyň şäheriň ulamalaryny we beýleki döwlet adamlaryny hem nika dabarasyna çagyrýanlygyny aýdyp çakylyk iberdi. Ýöne welin, abbasylaryň topar tutup gelýän ýaşulylaryna çadyrda elleri gana boýalgy mongollar garaşyp otyrdy. Girerlerine mähetdel, salymyny bermän baryny gylyçdan geçirdiler. Halyf hem gynalyp öldürildi.
Munuň yzýanyndan Bagdatda-da, beýleki Yslam şäherlerinde bolşy ýaly, dünýä taryhynda görlüp-eşidilmedik jenaýatlar işlendi. Ähli medeniet eserleri ýer-ýegsan edildi. Mesjidler ahyr edilip ulanyldy. Kitaphanalar weýran edilip, kitaplar ýakyldy we Dijle derýasyna zyňyldy. Şeýdip, 524 ýyllap Yslamyýete hyzmat eden, jahana ylmyň we medenietiň yşyklaryny saçan Abbasy dinastiýasynyň soňy gelýär.
Ýene 1258-nji ýyl...
Günbatar Anadolynyň iň kiçi merkezlerinden bir ýer. Söwüt obasy. Soltan Alaaddin Keýkubat tarapyndan Ärtogrul Gaza ýurt hökmünde berilen 1000-2000 km( çemesi meýdan.
Emma, bu kiçijik obada adamlar pelesaň kakyşyp, ýüzlerinde şatlyk alamatlary görünýär. Goýunlar soýulýar, gazanlar gaýnaýar, palawlar atarylýar. At çapyşdyrylyp, gylyç uruşdyrylyp ok atyşyklar geçirilýär we hemmä halat-serpaýlar ýapylýar. Bu gün hiç kimde gaýgy-gam bolmasyn!
Türkmenleriň kaýy taýpasynyň kethudasy Ärtogrul Gazynyň islegi şeýle. Sebäbi onuň ýene bir ogly boldy. Osmany dünýä indi. Ine, ylahe bir ýazgyt! Bagdatdaky batan gün Söwütde dogýar.
OGULLARYŇ ÝER ÝÜZÜNDE HÖKÜMROWAN BOLARLAR.
Ärtogrul Gazynyň beýleki ogullary dünýä ineninde känbir görülmedik bu çäksiz bagtyýarlygynyň aslynda sebäbi ýok däl. Ol heniz Osmanyň dogulmazyndan kän wagt öň bir düýş görýär.Düýşünde ojagyndaky gazanyň suwunyň gaýnap başlandygyny, gaýnadygyça köpelýändigini we ahyr soň deňize öwrülip, ýer-ýüzüni gaplap alanlygyny görýär. Seljukly Soltany Alaaddin Üçünjiniň kätibi Abdülaziz Müstefä düýşüni gürrüň berýär.
Aý näme, olam alym öwliýäniň biri. Düýşi şeýle ýorýar: "Bir ogluň bolar we onuň nesli ýer ýüzüne höküm ederler. Aslynda Osman Gazynyň dünýä inmezinden we geljekdäki döwleti döredilmezinden ozal aýdylyp gidilen habarlar diňe bir bular bilen çäkli hem däl.
Türkmenleriň arasynda Gorkut ata diýlip atlandyrylan we kän keramatlary görlen öwlüýä biri bardy. Ol kän hikmetli uly pir bolupdyr. Hanlaryň maslahat soraýan, hakanlaryň we halkyň häli-şindi sala salyp duran, hormatlaýan adamsy bolupdyr.
Ol bir gün köpçüligiň içinde şeýle diýdi: "Soltanlyk we hakanlyk iň soňunda, Oguz Hanyň wes’eti boýunça Kaýy taýpasyna geçer we bu maşgalanyň nesli bilen ahyrzamana çenli dowam eder".
Eýsem, beýik öwlüýä Muhýiddini Arabynyň yşaratyna näme diýjek... 1165-1240-njy ýyllarda ýaşap geçen, ýagny Osman Gazy dünýä inmezinden 18 ýyl öň bakyete göç eden Şyh ekberiň "Ed-Damretün-Numanniýýe fid-Döwletil-Osmanyýýe" diýen eseri ruhy söýünjileriň içinde iň haýran galdyrýandyr.
Hawa, entek Osman Gazydan we Osmanly Döwletinden hiç hili nam-nyşan ýok wagty, hälki beýik weli ylmy-jifir bilen olaryň ýakynda peýda boljakdygyny habar berip gidipdi.
Ärtogrul Gazy ogly Osmanyň gowy ýetişmegi üçin elinden geleni gaýgyrmady. Ol ajaýyp harby tälim aldy. Akça koja, Abdyrahman Gazy, Gündiz Alp, Konur Alp ýaly gazylardan gylyç ulanmagy, at münmegi, ok atyp naýza urmagy öwrendi. Wagtal-wagtal gazawatlara goşulyp, goşuny dolandyrmagy we söweş tilsimlerini gowy ele aldy. Atasy ony, beýik alym Şyh Edebalynyň ýanyna äkidip, doly Yslam terbiýesine ýugrulmagyna hemaýat berdi.
Osman 16 ýaşyna giren wagty, ýagşy gylygy, gözsüz batyrlygy we hýereketleri bilen töweregindäkileriň ýüreginde ýer edipdi. Bir tarapdan gazawatlara goşulyp, ýeňişler gazansa, beýleki tarapdan-da, wagt tapdygyndan Şyh Edebalynyň söhbetlerine we hyzmatyna ylgaýardy. Ýeketäk maksady, Resuly ekrem efendimiziň gözel ahlagyny nusga edinip, onuň ýoluny ýaýratmakdy.
EDEP WE NETIJESI
Şol wagtlar ýaş batyr Osmanda täsin düýşler, geň-taň ahwallar görlüp ugrady. Bir gije-de dostunyň myhmany boldy. Gijäň birwagtyna çenli gürrüňleşip oturdylar. Dosty düşegini salyp berdi-de, gijesiniň haýyr bolmagyny diläp çykyp gitdi.
Osman Gazy ýaňy bir ýataýyn diýip durka, ýörite ýasalan gutuda saklanýan Kur’any Kerime gözi düşdi. Allah kelamynyň bar ýerinde aýak uzadyp ýatmaga ejap etdi. Mukaddes kitaba baka dyz çöküp, daňa çenli pespällik bilen gymaldaman oturdy.
Daň atyberende öý eýeleri bolup oturşymy göräýmesinler diýip, aýaklaryny uzatman ýassyga kellesini goýan wagty ymyzgandy. Ine, şol mahal hem Jenaby Hakdan bir seda geldi:
"Eý Osman, sen meniň kelamyma hormat-tagzym edip, yz zaty-kerem eýlediň. Men hem seni, seniň öwladyňy, golastyňdakylary we kömekçileriňi belende göterip, eziz we muhtýerem (hormatlanýan) kyldym".
Osman Gazy bu düýşden soň Şyh Edebalynyň dergähine gatnawyny ýygylaşdyrdy. Söhbet galapyn giç wagtlara deňiç uzap gidýärdi we köplenç dergähde ýatýardy.
Dergähde galan günleriniň birinde geň düýş gördi. Düýşünde halypasy Şyh Edebalynyň gujagynda birdenkä aý peýda boldy. Barha ulalyp barşyna öz goýnuna girdi. Şondan soň ýanlaryndan bir agaç çykyp, bu-da ulalyp ugrady. Göm-gök öwsüp barha owadanlaşyp barýardy. Şahalarynyň kölegesi üç materigiň gözýetmez çäklerini, gury ýerleri we deňizleri dolap aldy. Kawkaz, Atlas, Toros, Emos daglary bu ýapraklar ummanynyň dört sarsmaz sütünine meňzeýärdi. Agajyň kökünden deňiz deý gämiler ýüzüp ýören Dijle, Fyrat Nil, Tuna akyp gaýdýardy. Obalar giň giden ekin meýdanlaryndan doludy, daglar gür tokaýlara bürenip otyrdy. Daglardan akyp gaýdýan suwlar bag-bakjalaryň, lälezarlygyň arasyndan towlanjyrap akýardy. Topar-topar adamlar çeşmelere baka gidýärdiler. Kimi bossanlara suw berýärdi, kimi bu suwdan aby-zemzem deý içýärdi kimi bag-bakjasynda ekin ýetişdirip, kimi bolsa sahawatly işler edýärdi, kimi-de bu gül-gülüstanlykda sapa sürýärdi. Obalarada uzakdan gümmezler, dikilgi daşlar, sütünler, ajaýyp minaralar we diňlere baý şäherler seleňläp görünýärdi. Bu läheň binalaryň barynyň çür depesinde lowurdap duran aý bardy. Minaralardan ýaýrap gidýän azany Muhammedi sedalary san-sajaksyz bilbilleriň nagmalaryna goşulyşyp gidýärdi. Birdenkä güýçli ýel ösüp, agaçlaryň täze we hoşboý ysly ýapraklaryny dünýäniň ähli şäherlere, ylaýta-da iki deňiz bilen gury eriň aýrylýan ýerine ýerleşdirilen göwhere meňzäp oturan we jümle jahany guşadan halkanyň iň gymmatly daşy deý görünýän Ystambyla tarap ýaýradyp goýberdi. Osman halkany barmagyna ötürjek bolup durka oýandy.
Ertesi düýşüni halypasyna gürrüň berdi. Şyh Edebaly oňa: "Buşluk Osman! Hak teala saňa we seniň zurýatlaryňa soltanlyk berdi. Bütin dünýä seniň perzendiňiň hemaýatynda boljak, gyzym Bala Hatyn hem saňa ýanýoldaş boljak" diýip, düýşüniň ýorgudyny aýdyp berdi. Gyzyny-da, oňa aýallyga berdi.
Zeşmelýerde ätiýaçly, sabyrly, wepadar, parasatly we mähirli Musulman hökmünde wasp edilýän Ärtogrul Gazy dogsan ýaşynda, 1281-nji ýylda (H. 680) Söwütde panydan göç etdi. Ogly Osman Gaza kiçiräk beglik, köpigören serkerdeleri we ýagşy at miras galdyrdy.
Osman Gazy bolsa ýarym asra ýakyn dowam eden begligi döwründe 600 ýyldan gowrak wagt dowam etjek döwletiň binýadyny gurup gitdi. Geljekde onuň adyny göterjek döwlet, Hulefaýy Raşidin döwründen soňra, Yslamyýete iň uly hyzmaty bermek bilen meşhur boldy. Aziýa, Ýewropa we Afrika materikleriň ortasynda we Orta er deňziň kenarlarynda adamzat taryhynyň Yslamyýetiň şanyny, adyny ýaýmak idealynyň iň gudratly wekili boldular. Medeniýetde şaheser nusgalar döretdi. Tomlap eserlere sygmajak üstünlikleriň syry nämekä?.. Döwlet haýsybilinmez binýat esasynda guruldyka? Geliň, şuňa bir ser salyp göreliň...
Muny, Osman Gazynyň soňky ýörişine, ahyrýet ýoluna çykmazdan öň ogly Orhan Gaza eden wesýetlerinden we özüniň bulary nähili amala aşyranlygyndan gözläliň.
HAÝRÜL-HALEF
Akybeti kar budur herkese,
Bady fena pir we juwana öse.
Azmy-beka eýlär bolsam men bu dem,
Döwleti ykbal üzre bol muhtýerem!
Çünki, seniň kibi halef goýmuşam
Göçüp gitsem bu jahandan ýokdur gam.
Akylly we öňdengörüji kişiler, ýoluň soňuny öňünden görýän we özlerini şoňa görä taýýarlaýan adamlardyr. Şol sebäpli Osman Gazy ogluna öňi bilen ölümi ýatladýar: "Eý, oglum! Her bir adam üçin soňky iş, ahyrky netije şudur ki, hazan ýeli, sen ýaşmyň, garrymyň parhy ýok, hemme adam üçin ösýändir. Her bir nebis ölümi datmaly bolar. Meniň hem soňum ýakynlady. Eger men, şu günlerde ahyrýete göçmekçi bolaýsam, sen döwletiň ykbaly bilen meşgul bol. Sebäbi, men seniň ýaly haýyrly perzendi öz ýerimde goýup gidýärin. Şondan ötüri, bu jahandan göçsem-de indi gamym ýok. Gözlerim yzymda galmaz".
Osman Gazy ölümi ýatlatmak bilen, hem-ä oglunyň hasap gününe taýýarlykly bolmagyny we şoňa görä hereket etmegini isläpdi, hemem bolsa, onuň hem öz ýerine goýjak miras düşerini öňünden taýýarlamagyny, işiniň ussady edip ýetişdirmegini ündäpdi.
Ärtogrul Gazy özüni Şyh Edebaly ýaly alymyň ylmy, Akça Goja we Gazy Abdyrahman ýaly ýeňilmezek serkerdeleriň harby hem syýasy tejribeleri bilen kämilleşdiripdi. Ol hem öz gezeginde ogly Orhanyň babasy Şyh Edebaly, Dursun Fakih we Ahn Hasan ýaly alymlardan ylym almagyny ýola goýdy. Konur Alp, Aýgud Alp, Turgut Alp we Gündiz Alp ýaly ärleriň ýanynda söweş tälimleri aldyrdy. Soň-soňlar bolsa goşuna baştutan edip gazawatlara iberdi. Şunlukda, Orahn Gazy ylmy, adminstratiw, harby, syýasy taýdan ajaýyp tejribeler edindi. Hazrül-halef boldy.
Osman imperiýasy dünýäde hiç bir maşgala nesip etmedik beýik we parasatly patyşalary, ine, şeýle aň-düşnje bilen ýetişdirdi. Olar eýýäm 10-12 ýaşlaryna ýetenlerinde tagta çykaryp, döwleti dolandyrmaga taýýar ýagdaýa getirýärdiler. Döwletiň jylawlary asyrlar boýy gowy ýetişen, mynasyp elýere berildi.
ADYL DOLANDYRYJYLYK
Emma, wes’et edýerin huş kyl,
Gaýry gamy deni feramuş kyl.
Dilärin eý, sahyby ykbal sah!
Itmäesiň janibi zulma nigäh!
Adalat bilen bu älemi abat kyl.
Resl-i jihad bilen meni şat kyl.
Adalat bilen hereket etmeklik, mydama-da mülküň, şondan ötüri-de döwletiň köki-teýkary, binýadynyň esaslaryndan biri hasaplanyp gelnipdir. Sebäbi, adalat döwlet hazynasynyň baýlaşmagyna we halkyň köpelmegine sebäp bolýar. Ýogsamam, halkyň san taýdan köplügi we ülkäniň ekerançylygy hazynanyň çeşmesi bolup durýar. Jebir-sütemden ýaňa haraba öwrülen ýurduň mal-mülkden, hazynadan nesibesi ýokdur. Ykdysadyeti çöküp ugrar. Halky betbagt hem ynjalyksyz bolar.
Ynha, Osman Gazy hem ogluna öňi bilen adalatly dolandyryjylygy ýola goýmagy we hiç wagt zulum ýoluna gitmezligini pent edýär.
Eýsem onuň öz durmuşy hem adalatly işlerini görkezýän mysallar bilen bezelgi dälmidir? Onuň döwründe Osmanly şäherlerindäki bazarlarda musulmanlar bilen gelip söwda-satyg edip bilýärdiler. Hiç kim olara ýüzüň üstünde burnuň bar diýmeýärdi, hile-pirime baş urup, daşyna tor gurmaýardy. Eskişäher ilinde Hamam diýen ýerde gurlan bazarda Germaniýaly bir adam Bilejik Rumlarynyň birinden käse satyn alyp, puluny tölemändi. Hälki baryp Osman Gaza şikaýat edýär. Osman Gazy diňe bir ony çagyrdyp getirdip puluny töletmek bilen çäklenmedi, ony dagy-duwara beýle işiň gyrasynda görümez ýaly berk ýazgardy. Soňra-da jarçylary gezdirip, hiç kimiň musulman bolsun ýa bolmasyn, tapawudy ýok, hiç kimse zulum etmeli däldigini, nähak ýere sütem görenleriň özüne ýüz tutmalydygyny jar çekdirdi.
Osman Gazy tarapyndan tabyn edilen Garajahisarda ýene bazar gurlup ugrapdy. Osman Gazynyň ýanyna Germiýan welaýatyndan biri gelip: "Bazaryň pajyny maňa satyň" diýdi.
Osman Gazy: "Paç diýýäniň näme bolýar?" diýip soranynda ol: "Bazara ýük getirýänlerden alynýan pul" diýdi. Osman Gazy:
"Bazara gelýänlerden pul alaryň ýaly, näme olarda aýagyň barmy?" diýip sorasa, hälki adam:
"Bu öňden dowam edip gelýän adatdyr. Beýle ýagdaýa ähli welaýatlarda duş gelip bilersiňiz. Patyşa üçin her bir ýükden pul alynýar" diýip jogap berdi. Onuň bu sözlerine Osman Gazynyň gahary geldi:
"Şu güne deňiç, şeýle zadyň hökman alynmalydygy barada ne-hä din kitaplarynda okadym, ne-de bir alymyň söhbetinde bu barada gulagyma degdi. Bu Hak tealanyň buýrugymy, Pygamberiň sözümi ýa bolmasa her welaýatyň patyşasynyň öz toslap tapyp ýören zadymy?".
Onda ol adam:
"Öňden bäri hökümdarlaryň edähedi şeýle" diýip jogap bereninde, Osman Gazynyň, Allahü tealanyň we Resulynyň emri bilen hiç hili dahylly ýeri bolmadyk bir iş üçin şeýle janypkeşlik edilýänine jany ýanyp: "Git, gaýdyp gözüme görünme, ýogsam saňa gaty zyýanym degäýmegi mümkin. Zadyny öz eli, maňlaý deri bilen gazanýan adamlaryň, alagetdin maňa pul bererleri ýaly, näme maňa bergileri barmy?" diýip, ony kowup goýberdi.
Ýanynda duran dostlary: "Size hiç zat bermeselerem, bazara gözegçilik edýänleriň iş haky üçin bir zat berseler kem bolmazdy" diýip maslahat berdiler. Osman Gazy: "Ýeri bolýar, siziň aýdanyňyz bolsun, ýüküni satan adam iki akça bersin. Satmadyk hiç zat bermesin. Mundan başga-da kime toprak bersem, sebäpsiz ýere topragy elinden alynmasyn. Ölenden soňra ogluna geçsin. Eger, ogly has kiçi bolsa, hyzmatkärleri ol ýigit ýetýänçä söweşe gitsinler. Eger, kimde-kim bu kanuny bozsa ýa-da meniň neslime başga bir kanun öwretse, Allahü teala ony dünýäde we ahyretde zelil eýlesin" diýdi.
Ilkinji Osmanly taryhçylaryndan Ahmedi "Dessan we Tewarihi Muluky Aly Osman" eserinde ýokardaky deý adalatly dolandyryşa yşarat edip başlaýar.
Zulum, kanun we nyzam diýen dona bürýenende,
Halk ony aňsatjak adalatdyr öýder.
Kän aýdyldy beýle zulmuň ussatlarynyň tymsaly.
Geliň indi, adalat ussatlaryny, Osmanlylary aňladalyň.
Hem Musulman, hem-de adyl bolan,
Bu hökümdarlary tanalyň hem gutlalyň.
ALYMLARA HORMAT
Osman Gazy ogluna pent bermegini dowam etdirdi:
Tabyn bol ulamalara tamam.
Tä tapýança emri şerigat nyzam!
Nirede eşitseň bar diýp ähli ylym,
Görkez oňa sylag-hormat hem hili!
Şerdir maýasy şahy we bes,
Şerigata ters işlýere etme höwes!
Goşun we zadyňa asla buýsanma,
Şerigat ähline betlik eýleme.
Osman Gazy atasynyň ornuna geçip, beglige baş bolan wagty, onuň töweregini Şyh Edebaly, Şyh Mahmyt, Dursun Fakyh, Aşyk Paşa ýaly ylym adamlary gurşap alypdylar. Osman Beg söweşde we asudalygyň höküm sürýän döwürleri her meselede olara sala salýardy, hiç wagt olaryň sözüni ýerde goýmaýardy. Döwletiň düzgünnamadyr-kanunlarynyň taýýarlanmagyny, tertibe salynmagyny, gözegçiligini şolara tabşyrypdy.
Ogullaryna-da, din we döwlet işleriniň berk ýola goýulmagynyň, pugtalandyrylmagynyň we mizemezliginiň iň möhüm syrynyň ulamalara (alymlara) tabyn bolmakda we olar bilen maslahatlaşmakda ýatýanlygyny görkezýär. "Bilmedigiňi din ulamasyndan sorap öwren we gowy bilmeýän işiňe-de başlama" diýenden soňra-da olaryň ünsüni bir zada çekýär:
"Goşunyňa we zadyňa buýsanyp, din ulamasyndan daşlaşma" diýip ullakan howpa yşarat edýär. Çünki, esgeriň we malyň köplügi, kuwwatyň we güýçlüligiň alamatydyr. Bu bolsa adama ulumsylyk, tekepbirlik berýän elhenç howplaryň biridir. Adam özüni iňňän güýçli we kuwwatly duýup başlan wagty, özgeleriň aklyna, maslahatyna mätäçlik duýman ugraýar. Özgeler bilen geňeşmegi kiçilik bilip ugraýar. Bu gylyk, hakyky ylym eýelerinden, din adamlaryndan daşlaşmaga sebäp bolýar we netijede, dinastiýalaryň weýran bolmagyna, güýjüň zowal bolmagyna çenlem eltip biler.
Gazawat we jihat yşgy
Osman Gazynyň begliginiň maddy we ruhy gudratynyň artyşynda, Allah ýolunda gazawat hereketi biçak möhüm orun tutýar. Ol ogluna wesýetinde:
Matlabymyz dini Hudaýdyr biziň!
Kesp-kärimiz ýoly Hudaýdyr biziň.
Ýogsa gury mähnet we gowga däl,
Jahan şasy bolmak üçin dawa däl!
Nusraty din boldy çün maksat maňa,
Maksadyma meýil ýaraşar saňa.
Osman Gazy: "Biziň kärimiz Allahyň ýoludyr we maksadymyz Allahyň dinini ýaýmakdyr. Ýogsam, gury gowga we jahangirlik jenjeli däldir. Saňa-da şular ýaraşar" diýmek bilen, döwletiniň binýadyny gazawat we jihad yşgy bilen ýogurýar. Ömri bolsa, bu ugurdaky dessan kybap gahrymançylyklardan doludyr. 70 müjahidi bilen ermenileriň geçidinde Ineköl kapyrlaryna garşy alyp baran göreşi bilen jihad baýdagyny dikdi. Yzýanyndan Garajahisary, Bilejigi, Ýarhisary, Ineköli zabt edip alanda, duşmanlary tisgindirýän, jeň meýdanynda ýowuň ýüregine wehim salýan är ýigitdigini subut edipdir. Wizantiýadan gelen ilkinji goşuny 1301-nji ýylda "Goýunhisar söweşinde" çym-pytrak etdi. Şol jeňde doganynyň ogly Aedogdy Beg hem şehit düşenleriň biridi. Bu eňiş netijesinde Kite we Keste galalary zabt edilip, Bursany we Iznigi gabamaklyga girişildi.
Wizantiýa bolsa halas bolmagyň ýollaryny güýçli soýuzdaş tapmakdan gözlemeli diýen netijä gelipdi. Diňe Mongollar şeýle soýuzdaş bolup biljekdiler. Olaryň goldawyny alaryn diýen tama bilen Imperator gyzy Şazada Mariýany Ilhanly hökümdary Gazan Mahmyt Hana berdi. Emma, Şazada gyz heniz ýoldaka Mahmyt Hanyň ölenligi zerarly, täze hökümdar Oljaetu Han bilen durmuş gurýar.
Ilhanlylaryň Anadola ýöriş etjekdigi baradaky gürrüňler Osman Gazyny bir bada kapyrlaryň üstüne hereket etmekden saklapdy.
Guramalaşdyryş we gurluşyk işleri bilen gümra bolunyp, birnäçe ýyl geçenden soňra, gazylar sabyrsazlanyp, ýaradylyşdan dana başly we asylly Hüňkäre ýüz tutup:
"Keremi we ýagşylygy netijesinde, seniň ýaly ýeňişleri özüne kölege edinen patyşany şalyk tagtyna oturdyp, yslamyň baýdaklaryny ismi gözel patyşamyzyň tagallalarynyň bereketi bilen dim-dik tutup duran beýik Rebbimize hamd edýäris. Ol pitne we pisat işleriň gözüni-de, duşmanyň gara bagty deý kör etdi. Haýsy tarapa ýönelsek ägirtliginiň soňy bolmadyk şanly patyşanyň kömegi bizi garşy alýar. Beýle ýagdaýda gylyçlarymyzyň gynynda ýatmagy, dynç alyp ýören aýaklarymyzyň hyzmat üzeňňisine basmazlygy uslyp däldir. Ýollary geçjek, ýurtlary açjak güýçlere eýe bolan bize, patyşanyň rugsady we dogasy bilen bir uçdan beýleki uja at salmak, Rebbimiziň ady şerifini çar ýana eşitdirmek gerekdir" diýdiler.
Osman Gazy amala aşyrlan fetihler netijesinde rahat hem baý ýaşaýan esgerleriniň jeňe we jihada beýle döwtalap boluşlaryny görüp, begenjiniň çägi bolmady we haýran galdy.
Edil şol wagt hem, täze fetih hereketleriniň öňüsyrasynda gazylar üçin şatlykly waka bolup geçdi. Osman Gazynyň köne dosty, Harmangaýanyň häkimi Köse Mihal gelip, Yslamyýeti kabul edýänligini mälim etdi we hyzmata girdi. Şondan soňra, Osman Begiň ýeňişleri şygar edinen goşuny ýene-de herekete geçdi (1313). Lefke, (Osmanili), Mekeje, Akhisar, Geýwe we Löblüje galalary deslapky zabt edilen galalar boldy. Bursa we Iznigiň gabawlary güýçlendirildi.
1317-nji ýyldan başlap mikris keseli zerarly ýörişlere çykyp bilmez ýaly derejede taby peselen Osman Gazy, goşunlaryny böleklere bölmek bilen ogly Orhan Gazyny baş serkerdelige belläp, ýurtlar açmaga iberdi.
1324-nji ýylda ähli goşun birleşip, Osman Gazynyň gabaw gidip durka, nähoş halyna şäheriň öňüne geldi we bir monastyryň alyslardan lowurdap görünýän gümmezini görkezip şeýle diýdi:
"Oglum, ömrümiň paýawlanyny ýüregim duýýar. Dünýäden ötsem, meni Bursada şu görünýän Kümüşli Gupbanyň aşagynda jaýla".
Ýagşylyk we sahawat
Äleme ynamyny tam ede gör
Memleket işlerini tamam ede gör.
Hyfzy reýaga işle ruzy şeb,
Tä karin bola iň soňky sapar, hemme kişä mydama haýyr-sahawat we ýagşylyk etmegini, ýurt meselelerini kem-kössüz çözmegi we gije-gündiz halkyň rahatlygy we eşreti üçin işlemegi nesihat etdi.
Osman Gazy ýagşylyk we sahawatda musulman eken ýa-da däl eken diýip, parh goýup durman hemmä-de soňuna çenli wepadarlyk edipdi. Fetihler dowam edip durka, käbir gazylar ony Bilejigiň üstüne ýöriş etmäge yrjak bolup synanyşanlarynda:
"Biz bu ile garyp geldik. Bular bizi hoşniýetli garşylap, gowy goňşy boldular. Biz hem olaryň hakyny iýmeli däldiris, mümkin boldugyça ýagşylyk etmelidiris" diýip, hak-hukugyň äsgerilmelidigini aýtdy. Ýaýlaga çykanlarynda we dolanyp gelýärkäler, Bilejik kapyrlaryna sowgatlar äkidýärdi, olara amanat zatlaryny ynanardy.
Haçanda Bilejik kapyrlary Osman Gazynyň duşmanlary bilen dildüwşik gurap, ony öldürmek üçin dürli oýunlar guranlarynda, diňe şondan soňra Osman Gazy olaryň garşysyna çykdy.
Bir gezegem Osman Gazy Esgişäher kapyry bilen bilelikde hereket edýän Köse Mihaly esir alypdy. Onuň mertligine haýran galyp "Kimde-kim, elinde güýji barka, birini bagyşlasa, Allahü teala-da ony şol sebäpli kyn gününde bagyşlar" diýen hadysy şerife uýup, ony boşadyp goýberipdi. MIhal Beg hem Osman Gazynyň bu ýagşylygyny unutmaz, günler-aýlar geçer, oňa telim gezek duşmanlarynyň hile-pirimleri barada duýdurar, iň soňunda-da Yslamyýetiň gözelligine haýran bolup, bu dini saýlap alar.
Osman Gazy garyp-gasarlara iýdirip-geedirmegi gowy görýärdi. Garyp biri, egnindäki eşiklerine sähel üns berip seredäýse, şo bada çykaryp oňa sowgat ederdi. Iň meşhur adatlary-da her üç günde bir nahar bişirdip, garyp-gasarlary jemläp iýdirmek; ýalaňaçlary we ýetimleri toplap geýdirmek we dul zenanlara sadaka paýlamakdy.
Osman Gazynyň bu ajaýyp häsiýetleri, ýagşylygy, jomartlygy, sahawaty we ynsanperwerligi dost-duşman hemmäniň ýüreginde oňa garşy söýgi döredipdi. Galalar köplenç gapylaryny özleri açýardylar. Musulman däl halklar: "Bu Türkmen biziň bilen gowy gatnaşykda bolar. Ondan bize zyýan gelmez" diýen pikir-ynanç bilen Türkleriň edarasyny höwes bilen kabul edýärdiler.
Osman Gazy zurýatlaryna ne-hä tylla goýdy, ne-de kümüş. Ýöne, onuň ömürboýy berjaý eden we ahyrýete göçende-de wesýet edip giden dessurlaryna uýanlaryň gazanmadyk zatlary barmyka?
Taryhy şahslar