06:18 Öwlüýäler: Nesai | |
NESAI
Taryhy şahslar
Hadys we fykyh alymydyr. Lakamy Ebu Abdurrahmandyr. Ady Ahmed bin Şuaýb bin Ali bin Sinan bin Bahr bin Dinardyr. Meşhur ady Ymam-y Nesaidir. Asly Horasanyň Nesa (Nusay) şäherindedir. 214-nji (m.830) ýylda Nesa şäherinde doguldy. 303-nji (m.915) ýylda Palestinanyň Remle şäherinde wepat etdi. Mekgede ölendigi ýa-da harijiler tarapyndan şehit edilenligi hakynda-da maglumatlar bardyr. Hadys ylmynda ymamlyk mertebesine eýedi. Ýagny( üçýüz müňden köpräk hadys-y şerifi rowaýatlary bilen birlikde ýatdan bilýärdi. "Sü-nen-i sagyr" atly eseri, "Kütüb-i sitte" diýlip at berilen 6 hadys kitabyndan biridir. Hadys ylmyndaky rumuzy (bellik) sin (s) harpydyr. Ylym öwrenmäne Horasanda başlady. Yrak, Şam, Hijaz, (Mekge we Medine) we Jeziredäki (Mezopatamiýa) alymlardan ylym öwrendi. Müsürde ýaşamana başlady. On bäş ýaşyndaka Kuteýbe bin Saidiň talyby boldy we bir ýyl iki aý onuň ýanynda ýaşady. Ishak bin Rahaweýh, Hişam bin Ammar, Isa bin Hammad, Hüseýin Mensur Sülemi, Amr bin Zürare, Muhammed bin Nasri Merwezi, Süweýd bin Nasr, Ebu Kureýb, Muhammed bin Rafii, Ali bin Hujr, Ebu Ýezid Jermi, Ebu Dawud Süleýman Eşas, Ýunus bin Abdilala, Muhammed bin Beşar, Muhammed bin Geýlan we ýene birnäçe alymlardan ylym öwrendi. Olaryň birnäçesinden hadys-y şerif diňledi we özünden soňkylara aýdyp berdi. Hadys ylmynda öz döwrüniň iň uly alymydy. Fykyh ylmynda-da Müsüriň iň üstün alymydy. Haramlardan gaça durmakda we köp ybadat etmekde deňi-taýy ýokdy. Gürlände Allahü tealanyň razylygyny gazanmak üçin gürlär, bir iş eden wagty ýene Onuň razylygy üçin ederdi. Ymam-y Nesai rawylaryň hadys-y şerif rowaýat edip bilmeleri üçin, Buhari we Müslimden has agyr şertler goýardy. Jerh we tadiline (hadys rawylaryna bil baglap boljakdygy ýa-da bolmajakdygy hakyndaky pikirleri) bütin alymlar bil baglaýardylar. Ymam-y Nesai hezretlerinden( Ebu Bişr Dülabi, Ebu Ali Nişapuri, Hamza bin Muhammed Kesasi, Ebu Bekr Ahmed bin Ishak, Muhammed bin Abdullah bin Haýuýe, Ebul-Kasym Taberani, Fakyh Ebu Jafer Tahawi ýene birnäçe alym ylym öwrenip, hadys-y şerif rowaýat etdiler. Ymam-y Nesainiň üstünligi hakynda birnäçe uly alymyň aýdan sözleri bardyr. Horasanyň hafyzy ady bilen meşhur bolan Ebu Ali Nişapuri şeýle diýýär: "Ebu Abdurrahman Nesainiň hadys ymamylygyna hiç kim garşy çykyp bilmez." Fakih Mensur we Ebu Jafer Ta-hawi bolsa: "Nesai musulmanlaryň ymamlaryndan biridir" diýipdirler. Ebu Bekr ibni Haddad Ymam-y Nesaiden başga hiç bir adamdan hadys-y şerif rowaýat etmändir we şeýle diýipdir: "Allah bilen meniň aramdaky delil Nesaidir. Men ondan razydyryn." Ebul-Hasen Dare Kutni: "Nesai asrynyň iň uly alymydyr." diýýär. Hafyz Muhammed bin Muzaffer-de, öz hojalarynyň: "O döwürde Müsürde gije-gündiz Nesainiň ybadat etmekde gaýratlydygyndan söz edilerdi. Emir bilen birlikde jihada giderdi. Söweşlerde gahrymanlyk görkezerdi. Musulmanlaryň öz janlaryny Allah üçin nähili pida edendiklerini görkezýän wakalary kitaplaryna ýazardy" diýip gürrüň berendiklerini aňladýar. Ymam-y Nesai hezretleri başda "Sünen-i kebir" atly eserinde, hadys-y şerifleriň gözbaşlary we toplanmalary hakynda maglumat berip, şertlere uýan hadys-y şerifleri ýazdy. Şol wagtyň hakiminden biriniň kitabyndaky hadys-y şerifleriň ählisiniň dogrulygyna doly göz ýetirdiňmi?" diýip sorady. Bundan soňra hadys-y şerifleri saýlady we "Sünen-i kebiri" gysgaldyp täzeden ýazdy. Rowaýat eden rawilere alymlar tarapyndan garşy çykylan hadys-y şerifleriň hiç birini kitabyna ýazmady. Özü tarapyndan "Müstena" diýip at berilen bu kitabynyn ýörgünli ady "Sünen-i sagyrdyr". Bu eser häzirki zamanda "Sünen-i Nesai" diýlip atlandyrylýar. Bu eser, meşhur alty hadys kitabynyň biridir. Musulmanlaryň baştäji boldy. Has soňralar çap edilip başlandy we peýdalanmak aňsatlaşdyryldy. Nesai ömrüniň ahyrlarynda Şama gitdi. O ýerde hezreti Alini ýamanlaýan harijiler bilen gabatlaşdy. Bu sebäplide, hezreti Alini we Ehl-i beýt-i Nebewini öwüp kitap ýazdy. "Ki-tab-ül-hasais fi fadl-i Ali bin Ebi Talib we ehl-i beýt" atly bu eserinde ulanan hadys-y şerifleriniň köpüsini Ahmed bin Hanbel hezretleriniň rowaýatlaryndan aldy. Bu kitabyny näme üçin ýazandygyny bilmeýän käbir adamlar: "Şeýhaýnyň" (Hezreti Ebu Bekr we hezreti Ömer) üstünliklerini näme üçin ýazmadyň" diýip soradylar. Nesai hezretleri bu sorag sebäpli "Fedail-üs-Sahabe" atly Eshab-y kiramyň (r.anhüm) üstünliklerini we faziletlerini aňladýan kitabyny ýazdy. "Müsned-i Ali", "Müsned-i Malik" we "Duafa wel-metrükin" atly eserleri onuň iň gymmat bahaly eserleridir. Soňkysy bolsa çap edilipdir. Ymam-y Nesai hezretleriň "Sünen-i sagyr" atly kitabynda rowaýat eden käbir hadys-y şerifleri: "Besmele bilen başlanmadyk möhüm işlere, haýyr we bereket ýokdyr." "Size bir sowgat berilen wagty, onyň garşylygynda sizem şonuň ýaly bir sowgat beriň. Eger sowgat bermäne gurbuňyz çatmaýan bolsa, berilen sowgada ýeter ýaly doga ediň." "Allahü teala bu dini, ahyretden nesibsizler bilende güýçlendirer". Iman taýdan iň faziletli mümin kimdir? diýip soradylar. Resulullah (s.a.w.): "Ahlakly bolanydyr" diýdi. "Paýyş sözler aýtmakdan gaça duruň. Çünki Allahü teala hapa sözleri we paýyş gürrüňleri söýmez". "Eshabyma gowulyk ediň. Soňra olaryň yzyna eýerenlere (Tabiine) hormat goýuň. Soňra ýalançylyk köpeler. Hatda adam, ant içmesi islenmänkä ant içer. Şaýatlyk etmesi islenmänkä şaýatlyk eder". Ýyrtyjy we aç iki sany gurduň (möjek) bir goýun sürüsine beren zyýany, şan-şöhrat, dünýä maly we wezipe söýgüsiniň musulman adamyň dinine beren zyýanyndan köp däldir". "Allahü teala üç dürli adamy halamaz. Bular, garranlygyna seretmezden zyna edenler, beren zadyny minnet eden husytlar we ulumsy garyplardyr". "Gysgançlyk bilen iman bir ýürege ýerleşmez". "Üç zatdan uzak duranlar ölen wagty Jennede giderler. Bu zatlar, ulumsylyk, bergi we azynlykdyr". "Iň üstün imanly mümin, gowy ahlakly we maşgalasyna garşy merhemetli mümindir". "Arş-y azamyň töwereginde nurdan kürsüler bardyr. Bu kürsülere oturjaklaryň egin-başlary we ýüzleri nur ýaly parlar. Bular Pygamberem däl, şehitlerem däldirler. Pygamber we şehitler o adamlar ýaly nurdan kürsülerde oturmak islärler". Resulullaha (s.a.w.): "Bular kimler" diýip soralanda, Resul-i ekrem (s.a.w): "Olar Allah üçin bir-birini söýenler, Allah üçin duşuşyp oturanlar, Allah üçin bir-birini zyýarat edenlerdir". buýurdy. "Gören ýagşylyklaryny gizläp, gören ýamanlyklaryny äşgär edýän erbet goňşudan Allah gorasyn". "Içiňizden biri asgyran wagty "Elhamdülillah" diýsin. Ýanyndaky "Ýerhamükellah" diýsin. Asgyranam "Ýagfirullahü li we leküm" diýsin". "Ýoksullara berilen bir sadaka, mahremlere (gizlin) berilen bolsa iki sadakadyr". "Eneňe, ataňa, uýaňa, iniňe we nobatyna görä beýleki ýakynlaryňa gowulyk et" "Bir kowum içinde baş galdyranlary ýola getirip biljekler bar bolupda, baş galdyrma göz ýumsalar, Allahü teala, ýakynda ählisine birden azap iberer" "Oraza tutan käbirleriniň, tutan orazalaryndan, açlyk we suwsuzlykdan başga gören peýdalary ýokdur" "Saňa Arş-y azamyň aşagynda we Jennet hazynalaryndan biri bolan bir amaly öwredeýinmi? O "Lä hawle wela kuwwete illa billah" sözüdir. Bir gul bunu aýdan wagty Allahü teala "Gulum yslam boldy we teslim boldy" diýer" "Azan bilen ikamet arasynda edilen doga-dilegler kabul ediler" "Juma günlerinde meniň üçin salewaty köp getiriň" "Dowamly toba eden adama, Allahü teala her kynçylykdan bir çykyş, her darlyga bir giňlik berer we garaşmaýan ýerinden oňa rysk berer" "Gije turup we maşgalasynyda turuzyp bileje namaz okanlar. Är-aýal zikr edenlerden (ýatlanlar) hasaplanarlar" "Ýüpek we altyn, ymmatymyň erkeklerine haram, zenanlaryna halaldyr" "Käbirleriniň okan namazlaryndan nesibelerine düşen diňe ýadowlyk we zähmetdir" "Namaz okan saga-sola iltifat etmedikçe, Allahü tealada oňa iltifat etmez" (Iltifat-ýüzüňi öwürip seretmek) "Kyýamat güni çagajyga "Jennede gir" diýiler. Çagajyk Jennediň gapysynyň öňünde durar we "Diňe enem-atam bilen Jennede girerin" diýip direner. Şonda "Ene-atasynam onuň bilen bile Jennede salyň" diýiler "Birine bakmana (bu ýerde iýdirip-geýdirmek manysynda) mejbur bolan adam, bu wezipesini ýerine ýetirmese, bu günä oňa ýeter" "Üç adama nebsiňiz agyrsyn: "Sowatsyzlaryň arasyndaky alyma, baý bolup garyp galana we kowmunyň içinde abraýlyka soňradan biabraý bolana" "Allahü tealanyň bu ymmata kömek etmesiniň sebäbi, diňe güçsüzleriň doga-dileg, yhlas we ybadatlarydyr" "Ölüleriňizi diňe gowulyk bilen ýatlaň. Eger olar Jennetlik bolsalar, olar hakynda erbet sözler aýtmak bilen günä gazanarsyňyz. Jähennemlik bolsalar, o ýagdaýlary olara ýeter" "Allahü teala diňe gowy niýet bilen we Onuň razylylygyn almak üçin ýerine ýetirilen amallary (ybadat) kabul eder" "Men siziň üçin çagasyna garşy ata ýalydyryn" Ene-ata nähili öz çagasyny dünýäde otdan goraýan bolsa, Pygamberimizem (sallallahü aleýhi we sellem) ymmatyny ahyretde otdan gorar "Müminiň öldürilmesi Allah gatynda (onuň gözünde) dünýäniň ýok bolmasyndan has uly bir işdir (jenaýatdyr). "Allahü tealanyň ýanynda (oňa görä) ybadatlaryň iň gowysy wagtynda okalan namazlardyr. Ondan soňra ene-ata boýun egmekdir. Ondan soňra Hak ýolunda jihat etmekdir" "Dul aýalyň, garybyň işlerine kömek eden bir musulman( Allah ýolunda jihat eden ýaly ýa-da gijelerine namaz okap, gündizlerine oraza tutan ýalydyr" "Şuny biliň! Siziň ähliňize, mirasçylaryňyzyň emlägi öz emlägiňizden gowy görünýändir. Ýaşaýarkaň hallalyk bilen sarp edenleriň seniň emlägiňdir. Yzyňda galdyranlaryň bolsa mirasçylaryň emlägidir" "Allahü teala öz gullaryna bäş wagt namazy parz etdi. Allahü teala, bütin edep-ekramyny doly berjaý edip o namazlary okanlary Jennede ibermäne söz berendir". Ebu Said-i Ebül-Haýr Uly öwlüýälerden biridir. Ady, Fadullah bin Ebul-Haýr Muhammed Miheni, lakamy bolsa Ebu Saitdir. 357-nji (m.967) ýylda Horasanyň Hawaran bölgesinde ýerleşýän Meýhene (Mihene) şäherinde doguldy. 440-njy (m.1049) ýylyň Şaban aýynyň 4-nji güni Juma gijesi şol ýerde dünýäden ötdi. Gabry Mäne-Çäçede. Bizde Mäne Baba diýlip tanalýar. Özü şeýle aňladýar: Kur’an-y kerimi okap başlanymda atam meni Juma namazyna äkitdi. Ýolda, uly öwlüýälerden biri bolan Ebul-Kasym Gürgani hezretlerine gabat geldik. Atama: "Talyplary ýitirip dünýäden ötüp bilmeris. Bu gün, bu ýetginjegi bize getir" diýdi. Namazdan soňra huzuryna gitdik. Bize görkezen ýerinde oturdyk. Otagynda örän ýokarda bir tekje (etažerka) bardy. Atama: "Ýetginjegi göter. Tekjäniň üstündäki nany alsyn" diýdi. Atam meni göterdi. Men tekjäniň üstündäki nany aldym. Gyzgynjak arpa nandy. Gyzgynlygy elimi bişirip barýardy. Ebul-Kasym hezretleri nany ikä bölüp ýarsyny maňa berdi we: "Muny iý!" diýdi. Ýarsynam özü iýdi. Atama hiç zat bermedi. Soňra şeýle buýurdy: "Bu nan, otuz ýyldan bäri şu tekjede dur. Maňa bu nan kimiň elinde gyzgyn bolsa şu söz oňa aýdylmaly diýen şekilde söz berildi. Buşluk! O adam seniň çagaňdyr" diýdi. Maňa-da: "Gaýratyňy, bir azajyk wagt Hak bilen birleşdirmegiň, seniň üçin, ýer ýüzüniň saňa berilmesinde has gowydyr" buýurdy. Fykyh ylmyny Merw şäherinde, Şafii fykyh ylymlaryndan biri bolan Ebu Abdullah el-Husriden öwrendi. O ölenden soňra, Ebu Bekr-i Kaffaldan sapak aldy. Ylym öwrenmek üçin, Merw şäherinde on ýyl ýaşandan soňra, Serahs şäherine gitdi. Ulurak bir depäniň üstünde Lokman-y Mežnuny gördi. Ýanyna baran wagty, kaftanyny ýamap otyrdy. Ebu Said (r.a.) ony synlap durka, Lokmanyň kaftanynyň üstüne kölegesi düşýärdi. Lokman-y Mežnun, kaftanyny ýamap bolan soň şeýle buýurdy: "Eý Ebu Said! Biz seni şu ýamak bilen şu kaftana ýamadyk." Soňra elinden tutup Ebu-Fadly Serahsi hezretleriniň huzuryna äkitdi. Oňa: "Eý Ebul-Fadl! Bu sizdendir. Şonuň üçünem muny sakla" diýdi. Ebul-Fadl-y Serahsi (r.a.) Ebu Saidi elinden tutup öz ýanyna oturtdy we: "Maksadymyz, ynsanlara Allahü tealanyň ýoluny görkezmekdir. Ynsanlara iberilen ýüz ýigrimi dört müňden gowurak pygamber, olara "Allah" diýdirmek we Oňa ybadat etdirmek üçin geldiler" buýurdy. Ebu Said (r.a.) Ebul-Fadlyň jana şipa berýän bu sözlerini lezzet bilen diňledi. Ebul-Fadl, ony talyplyga kabul etdi we: "Ybadat et. Ybadat etmek döwletlikdir. Ony elden sypdyraýma" diýdi. Ebu Said Ebul-Haýr (r.a.) tasawwufda belent mertebelere çykdy. Öz döwründe bütin öwlüýäleriň baş täji, ýagny öwlüýäler soltany boldy. Ebu Saidi bütin musulmanlar söýýärdi. Oňa uly hormat goýulýardy. Tasawwuf ýolunyň bütin inçe syrlaryny bilýärdi. Fykyh, tefsir, hadys we başgada bir näçe ylymda güýçlü alymdy. Agyz beklenmeli däl günlerden başga, ýylyň bütin günlerinde oraza tutardy. Gury nan bilen agyz açýardy. Gije-gündiz ybadat edýärdi. Bütin ybadatlarda, esasanam namaz okanda örän hatyrjem we ätiýaçly hereket edip, üns bilen okaýardy. Her bir namaz üçin gusl edýärdi (boý täreti alýardy). Hemişe Allahü tealany ýatlaýardy we "Allah, Allah" diýýärdi. Nä wagt uky bassa, eli otdan ýasalan naýzaly örän haýbatly bir adam peýda bolup: "Allah diý" diýýärdi. Böýlelik bilen bedeniniň ähli öýjükleri zikr edýärdi. Gijelerne hemmeler uklandan soňra turup ybadat edýärdi. Özüni aýyply we kemçilikli görmekde, nebse garşy çykmakda iň öňdedi. Çakdan aşa kiçigöwünlidi. Geplände o, men we biz diýmezdi. Hemişe olar, ýagny o ulular diýerdi. Mübärek sözleri şeýle bir jana ýakymly we täsirlidi. Şonuň üçünem: "Ebu Saidiň (r.a.) sözüniň baran ýerinde, bütin kalplar şatlanar" diýlipdir. Akylly, zehinli we örän düşünjelidi. Ýady, biçak güýçlüdi. Aýdylşyna görä, heniz çaga wagty otuz müň araby bent okapdyr. Keramatlary, manyly sözleri çar tarapa ýaýylypdyr. Emma o, meşhur bolmak, barmak bilen görkezilmek islemezdi. Ähli hereketleriň, yslamyýetiň emir we gadaganlaryna bap gelmelidigini, şeýle herekteleriň bahasyna ýetip bolmajakdygyny aýdýardy. Bir gün ondan: "Pylany, suwuň üstünde ýöreýär. Şu hakynda siziň pikiriňiz nähili" diýip soradylar. "Bu ýagdaý üstünlik däldir. Ördek bilen gurbaga-da suwda ýüzýär" diýip jogap berdi. "Pylany, howada uçýar" diýdiler." "Siňek bilen çaýkelem uçýar. Siňegiňki ýaly üstünligi bar" diýdi. "Pylany, göz açyp-ýumasy wagtda bir şäherden beýleki şähere gidýär" diýdiler. "Şeýtanam bir demde gündogardan günbatara gidýär. Beýle zatlar dinimize görä üstünlik däldir. Mert adam köpçüligiň içinde bolar. Söwda-satyk eder, öýlener. Emma, hiç wagt Rabbini ýatdan çykarmaz" buýurdy. Çagalykdan bäri şu şygyry aýdardy: Meň ýüregim sensiz hiç takat tapmaz, Seniň ihsanlaryňy sanara san ýetmez, Bedenimdäki ähli gyllar birden dillense, Üýşüp, saňa müňde bir, şükredip bilse. Atasy şeýle aňladýar: "Her gije otagyny barlag edip, uklandygyna göz ýetirem soň, özümem ýatýardym. Bir gün, ýary gije oýandym. Görsem ýerinde ýok eken. Gözläp tapyp bilmedim. Birnäçe gije bu şekilde yzarladym. Biziň ýatar wagtymyz bolandan soňra o, çykyp gidýär. Ertir azanyndan öňünçä yzyna gelýärdi. Ahyryn, gapysyny zynjyr bilen bagladym. Indi çykyp bilmez, diýýärdim. Emma, ýene çykdy. Zynjyr şo durşuna durdy. Nädip çykanyna düşünip bilmedim. Niräk gidýändigini bilmek üçin yzarladym. Bir mesjide bardy. Gapyny ýapyp, içinden gulplady. Penjireden ony synladym. Namaza durdy. Mesjidiň bir burçunda guýy bardy. Namazdan soňra guýynyň ýanyna bardy. Guýynyň agzyna bir agaç goýdy. Aýaklaryny, bir ýüp bilen şol agaja daňdy. Soňra özüni baş aşaklygyna guýa sallady. Kur’any kerim okap başlady. Säher wagty boluberende hatm etdi. Soňra daşaryk çykyp täret kyldy. Men derrew ýakyn ýoldan öýe gaýdyp ýatdym. Olam, menden sähel wagt soňurrak gelip otagyna girdi. Men, zynjyrlaryň baglydygyna garamazdan nädip girendigine, ýene düşünip bilmedim. Biraz wagtydan soň, namaz wagty boldy. Ony turuzdym. Bileje mesjide gidip, jemagat bilen namaz kyldyk. Şondan soňra, haýsydyr bir päsgelçilik bolmadyk wagty ýene şol hereketleri gaýtalaýandygy ünsümi çekdi". Özü şeýle aňladýar: "Bir dagyň dik gaýalarynda gowaklar bardy. Oňa seredeniň, gorkudan dyzy titrärdi. Günleriň birinde şol gowaklaryň birine çykyp, edil gyrasynda namaz okap başladym. Namazdan soňra newsime: "Eý nebsim, eger şu ýerde uklasaň, özüňi aşakda öli ýagdaýda görersiň. Şu ýerde Kur’any kerimi hatym edýänçäň uklamak ýok" diýdim. Soňra Kur’any kerimi okap başladym. Bir müddet soňra uklapdyryn. Oýanan wagtym, boşlukdadygymy we ýere ýetip barýandygymy gördüm. "Kömek ediň" diýip, gygyrdym. Birden özümiň ýokaryn çykyp başlanymy gördüm. Allahü teala kömege ýetişipdi". Ebu Said-i Ebul-Haýr (r.a.), bir mesjitde wagz edip, hojasyny ilkinji gören güni oňa öwredişi ýaly, "Ynsanlara Allahü tealanyň ýoluny görkezmek" üçin, nesihat berýärdi. Huzuryna gelip toba edenleriň sany köpdür. Halk ony tüýs ýürekden söýýärdi. Onuň mübärek sözlerinden, süýji söhbetlerden, ruhy taýdan peýdalanmak üçin jan edýärdiler. Ebu Ali Dek-kagyň gyzy, Ebu Said-i Ebül-Haýryň wagzyna gitmek isledi. Atasy, onuň gaty isleglidigini görüp: "Başyňa köne bürenjek at. Hiç kim seni tanamasyn" diýdi we gitmesine rugsat etdi. Olam, atasynyň aýdyşy ýaly geýindi we ýokarky gata çykyp aýallaryň ýanynda oturdy. Ebül-Haýr hezretleri wagz edýärdi. Wagzynyň bir ýerinde: "Bu sözü, Ebu Ali Dekkakdan eşitdim. Şu wagt, Ebu Ali Dekkagyň bir bölegi şu ýerdedir" buýurdy. Bu sözü eşden gyz, özünden gidip ýokarky gatdan aşak gaçdy. Ebül-Haýr hezretleri: "Ýa Rabbi! Bu zenany gaýtadan öňki ýerine çykar" diýdi. Şol bada gyz, howada ýokaryk çykyp başlady. Ikinji gatyň deňine gelen-de, howada durdy. Aýallar çekip öz ýanlaryna aldylar. Ony söýýänler, onuň ulanýan zatlaryndan birini ýanlarynda goýýar ekenler. Bereketlenmek üçin köp gaýrat eder ekenler. Bir gün elinden gaçan garpyz gabygy 20 altyna satylypdyr. Özlerini tanamaýandyklary üçin ägirtligini iňkär edenler bolupdyr. Emma, bularyň köpüsi ýalňyşyna düşünip toba gelipdir. Güýçlüligini iňkär edenleriň sözleri, şyltyklary haçan gulagyna degse, gizlin, bir ses: Rabbiň saňa ýetmezmi?" (Fussylet-53) mealindäki aýat-y kerimäni aýdýardy. Ebul-Kasym atly biri, Ebu Saidiň (r.a.) güýçlüligini iňkär edip, garşysyna gep ýaýradýardy. Bir gün kürsüde wagzedip otyrka: "Kimde-kim Ebu Saidiň mejlisine gitse, birnäçe zatdan mahrum bolar" diýdi. O gije düşünde Pygamberimiziň (sallallahü aleýhi we sellem) ýolda ýöräp barýanyny gördü "Ýa Resulullah! Niräk barýarsyňyz?" diýip sorady. "Ebu Saidiň mejlisine barýaryn" buýurdy. Ebul-Kasym oýanyp haýran galdy. Ýalňyşyna düşündi. Ertesi gün Ebu Saidiň huzuryna bardy. Ebu Said (r.a.) Ebul-Kasyma, öýünde we ýolda gelýärkä bolup geçen gizlin ýagdaýlarynyň käbirlerini habar berdi. Şondan soňra Ebul-Kasymda käbir üýtgeşikler boldy. Ebu Saide garşy iňkäri ýok bolup, oňa garşy kalbynda söýgi döredi. Şondan soňra aralaryndaky söýgi artyp, birek biregi zyýarat edip başladylar. Ebul-Kasym bir gün kürsüde wagz edýärkä: "Kimde-kim Ebu SAidiň mejlisine gitmese, öwlüýälige bagly birnäçe zatdan mahrum bolar. Men, öň bu sözüň tersini aýdypdym. Emma ýalňyşyma düşünip toba etdim. Indi beýle diýýärin" buýurdy. Ebu Saide (r.a.) göriplik edýän, güýçlüligini iňkär edýän, oňa şyltak atyp näletleýän, Ebu Hasen Tüni atly bir adam bardy. Bu adam, hezreti Ebu Saide (r.a.) hiç hili hormat-sylag goýanokdy. Ebu Saidiň (r.a.) bolan ýerine girmezdi. Bir gün Ebu Said (r.a.): "Atymy eýerläp taýarlaň. Ebu Hasen Tüniniň ýanyna gidýäris" buýurdy. Bir näçeler munuň hikmetine (many) düşünmän haýran galdylar. "O hakykatdanam bizi ýalňyş ýoldadyrlar öýdýär. Allah ryzasy üçin ýalňyşy näletleýän bolsa, bu nälet sebäpli Allahü teala oňa rähnet eder" buýurdy. Talyplaryndan birnäçesi bilen ýola çykdy. O adamyň bolýan ýerine ýakynlaşan wagty, talyplaryndan birini iberip, görüşmek üçin gelendigini habar berdi. Ebu Hasen Tuni, bu ýagdaýy eşdip: "Onuň bärde näme işi bar. O, buthana gitsin. Onuň ýeri buthanadyr" diýdi. O talyp, bu habary hojasyna aýtmana mejbur boldy. Hojasy: "Bismillah! Beýle diýýän bolsa, bizem o ýere gideris" diýip, buthana gitdiler. Şol wagt hristiýanlar, ybadat etmek üçin buthanada toplanypdylar. "Näme üçin geldikä?" diýip, bilesigeljilik bilen onuň töweregine ýygnanşdylar. Içerik girdi. Diwarda, Isanyň (a.s.) we hezreti Merýemiň suratlary diýip çekilen iki sany ullakan surat bardy. Ebu Said (r.a.) suratlara seredip: "Eý Mer’em ogly Isa! Allahy goýup, meni we enemi iki iläh ediniň diýip ynsanlara sen aýtdyňmy?" (Maide-116) mealindäki aýaty kerimäni aýtdy we: Muhammed aleýhisselamyň dini hak din bolsa, bu suratlaryň ikisem şu wagtyň özünde sežde etsinler" buýurdy. Allahü tealanyň erki bilen o iki surat ýere gaçdy. Ýüzleri Käbe tarapa bolup, sejde edýän görnüşe girdiler. O ýerdäki hristiýanlar perýat etdiler. Kyrk sanysy derrew Kelime-i şehadet getirip (kelemesini çöwürip) musulman boldy. Ebu Hasen Tüni, bu ýagdaýy eşdip, ýalňyşyna düşündi we puşman bolup, toba etdi. Derrew Ebu Said hezretleriniň ýanyna gelip ötünç sorady we sadyk talyplaryndan biri boldy. Ebu Said-i Ebül-Haýryň güýçlüligini iňkär edýänlerden biri, Ebu Saidiň (r.a.) "Maşgalamda hiç kim halal lokma tapyp bilmese we haram iýse, biz şonda-da haram iýmeris" diýen sözüni eşdipdi. Ebu Saidi (r.a.) synap görmek isledi. Halal pul bilen bir oglak satyn aldy. Şoňa meňzeş başga bir oglagam haram pula satyn aldy. Bulary gyzardyp, hyzmatkärinden Ebu Saide iberdi. Özem öňden gidip olaryň ýanyna baryp oturdy. Hyzmatkär, gyzardylan oglaklary getirýärkä garşysyna iki sany serhoş çykdy we haram pul bilen alynan oglagyň eti goýulan mejmäni alyp, oglagy iýdiler. Hyzmatkär, halal pul bilen alynan oglagyň etini getirip, Ebu Saidiň öňünde goýdy. Oglaklary iberen adam ýagdaýy eşden wagty serhoşlara gaty gaharlanypdy. Emma, ýagdaýyny belli etmedi. Hezreti Ebu Said (r.a.) o adama seredip: "Biderek ýere özüňi gynama! Haram bolany itlere gider, halal bolanam halal iýýänlere geler" buýurdy. O adam gaty utanyp, toba etdi. Bu wakadan soňra Ebu Saide (r.a.) garşy çykmady. Hasen Müeddeb atly biri, söwda üçin Ebu Saidiň (r.a.) ýaşaýan şäherine gelipdi. Onuň şan-şöhradyny eşdip, mejlisine gitdi. Aslynda tasawwufu we bu ýoluň uly alymlaryny iňkär edýärdi. Ebu Said (r.a.) ony görüp: "Gel! Seniň bilen işimiz bar" buýurdy. Biraz söhbet eden soňlar, bir garyp derwüş üçin eginbaş sorady. Hasen Müeddeb sellesini bermek isledi. Soňra pikirinden dänip: "Bu maňa sowgat berilipdi. Hemem bahasy on altyn" diýip pikir etdi. Ussat gaýtadan sorady. O ýene ses çykarmady. Şol wagt onuň ýanynda oturan adam: "Ýa ussat! Allahü teala guly bilen gepleşermi?" diýip sorady. Jogabynda: "Allahü teala, ýanyňda oturan adam bilen bir selle üçin üç gezek gepleşdi. O bolsa "Berip bilmerin: "Bu maňa sowgat edildi. Bahasam on altyn" diýýär" buýurdy. Hasen Müeddeb bu sözü eşdip bir hili boldy. Sandyrap başlady. Turup, Ebu Saidiň (r.a.) alkymyna ýakynlaşdy. Sellesini çykaryp oňa berdi. Toba etdi. Kalbynda iňkär galmady. Bütin emläginem Ebu Said we onuň talyplary üçin sarpetdi. Onuň sadyk talyby boldy. Hojasynyň hususy hyzmatkäri boldy. Ebu Saidiň (r.a.) söhbetlerine dowamly gatnaşýan bir tüçjar bardy. Hezreti Ebu Said, bir gün söhbet dowam edip durka, mätäç bir talyby üçin söhbedi diňläp oturanlardan kömek isledi. O tüçjaryň bir dinary bardy. Bir dinaram bergisi bardy. Kellesine bu bir dinary garyba bereýin. Soňra öýe gidip ýene bir dinar alaryn we şonuň bilen bergimi ödärin, diýen pikir geldi. Soňra bu pikrinden dänip, bu bir dinar bergimi ödäýin, diýen pikire geldi. O bir dinar bilen bergisini üzdü. Ebu Said hezretleri bu tüçjara: "Sen Allahü teala bilen çekeleşjek bolýarmyň? O saňa, bir dinary garyba ber diýdi. Sen bolsa gidip bergiňe berdiň" buýurdy. Ebu Saidiň (r.a.) keramatyny gören tüçjaryň dili tutuldy. Kalba öňürti gelen haýyrly pikiriň, Allahü teala tarapyndan gelendigini, gijikdirmän derrew etmelidigini, ýogsa şeýtan we nebsiň, o haýyrly işi etmäne päsgel boljakdyklaryny aňlady. Ebu Said-i Ebül-Haýr, başyna nähilidir bir müşgül iş düşen wagty derrew, Serahs şäherinde ýaşaýan uly öwlüýälardan biri bolan Ebu Fadlyň ýanyna uçup gelýärdi. Ondan çäresini sorap müşgül işini çözýärdi. Günleriň birinde Ebu Fadlyň talyplaryndan biri hojasyna: "Ussadym! Ebu Said-i Ebül-Haýr uçup gelýä" diýen wagty "Sen ony uçup barýarka gördüňmi?" diýip sorady. Talyp: "Hawa ussadym" diýende hojasy: "Bu seniň kör bolman ölmejekdigiň alamatydyr" buýurdy. Hakykatdanam ömrüň ahyrlarynda o talybyň gözleri kör boldy. Bir ýetginjek, söwda etmek üçin bir kerwen bilen sapara ugrapdy. Gaty ukysyzlygy sebäpli: "Kerweniň düşlän ýerinde dynjymy alyp, ondan soňra ýola dowam ederin" diýip pikirlendi. Kerwen düşlän wagty köp wagt geçendigine, ýoldaşlarynyň bir eýýäm gidendiklerine göz ýetirdi. Ümbilmez sährada ýoldaşlarynyň yzyny tapyp bilmedi. Haýsy tarapa barýandygyny özem bilmän ylgady. Emma, adam-gara gözü düşmedi. Bilmeýän ugruna ýöräp başlady. Howa gyzypdy. Ajygyp we suwsap başlapdy. Sabretdi. Bir gün geçdi. Bu ýerlerde ölüp gitjekdigine göz ýetirdi. Iň soňky umyt gözüne ildi. Ähli güýjüni jemläp, şol tarapa ylgady. Çeşme bardy. Derrew täret kyldy. Salkynlady. Soňra namaz okady. Birazajyk garaşdy. Günortan bolupdy. Uzaklardan biri geldi. Uzyn boýly, haýbatly, , gür sakally, ak ýüzlü owadan adamdy. Täret kyldy. Namaz okady. Soňra gitdi. Ýetginjek onuň bilen gepleşmäne ýürek edip bilmedi. Ikindin wagty bolanda o adam ýene geldi. Ýetginjek, namazdan soňra oňa ýagdaýyny düşündirip kömek sorady. Şol wagt ýanlaryna bir ýolbars geldi. O adam egilip, ýolbarsyň gulagyna bir zatlar aýtdy. Soňra ýetginjegi ýolbarsa mündirip: "Gözüňi ýum! Ýolbars niräk baryp dursa, şol ýerde düşersiň" diýdi. Ýetginjek: "Bolýar" diýip gitdi. Epesli wagt ýöränden soň ýolbars durdy. Ýetginjek ýolbarsdan düşdi. Gözüni açan wagty, ýolbars eýýäm ýokdy. Watany Buhara gelipdi. Birnäçe günden soň, Ebu Saidiň (r.a.) Buhara gelendigini eşitdi. Bilesigeljilik bilen ony görmek isledi. Görse, özüni ýolbarsa mündiren adamdy. Ebu Said (r.a.) ýetginjege bakyp: "Bu syry, ömürboýu hiç kime aýtmagyn" buýurdy. Biri: "Ony nirden gözläýin? diýdi. Ebu Said (r.a.): "Bir ýerden gözlediň-de, tapmadyňmy? Eger, görmek isläp sydk bilen bir ädim etseň, nämä seretseň Ony (ýagny, Allahy) görersiň" buýurdy. Ebu Said-i Ebül-Haýr hezretleriniň bir ogly bardy. Kiçijik wagty mekdebe gitmekden gorkardy. Günleriň birinde Ebu Said (r.a.): "Talyplaryň gelenini kim habar berse, näme islese ýerine ýetirjek" diýdi. Bu sözü eşden ogly, derrew tamyň üstüne çykyp, myhmanlaryň geljek ýoluna seredip başlady. Garaşylýan myhmanlaryň gelýändiklerini uzakdan görüp, derrew atasyna habar berdi. Atasy: "Näme islegiň bolsa aýt" buýurdy. Ogly: "Meni mekdebe iberme" diýdi. Ebu Said (r.a.): "Bolýar gitme" buýurdy. Oglanjyk: "Hiç gitmäýinmi" diýdi. Ebu Said (r.a.) başyny egip biraz pikir edenden soň: "Hiç gitme. Emma, Fetih süresini hökman ýat tut" diýdi. Çagajyk begenç bilen kabul etdi. Fetih süresini gysga wagtda ýat tutdy. Ebu Said (r.a.) dünýäden ötenden soň, Ebu Tahyr atly bu ogly, gaty garyp düşüp, bergä batdy. Ispyhanyň häkimi Haje Nizam-ül-mülküň ýanyna gitdi. Nizam-ül-mülk, ony tanaýandygy üçin, uly hezzet-hormat etdi. Gerek-ýaragyny alyp berdi. Ebu Tahyry halamaýan biri, bu ýagdaýy görüp: "Seniň kömek edýän adamyň dini bilimlerden habarsyz. Iň bolmanda Kur’any kerimem okap bilenok" diýdi. Haje Nizam-ül-mülk, bu ýagdaýa gynanyp: "Ony çagyraly. Seniň isleýän bir süräni okasyn. Eger okap bilmese, seniň aýdýanlaryňy kabul ederin. Meniň tanaýşyma görä o, din işleri bilen, dine hyzmat etmek bilen meşgullanýan adam bolmaly" diýdi. Alymlaryň üýşen mejlisine Ebu Tahyry çagyrdylar. Nizam-ül-mülk o adama seredip: "Haýsy süräni okamasyny isleýäň" diýdi. Ol hem: "Fetih süresini aýdyp bersin" diýdi. Ebu Tahyr gözýaş döküp Fetih süresini ýatdan aýdyp berdi. O adam gaty utandy. Nizam-ül-mülk bolsa, örän şatlandy. Nizam-ül-mülk, Kur’any kerim okan wagty näme üçin gözýaş dökýändigini sorady. Ebu Tahyr, Fetih süresini ýat tutmasyna sebäp bolan, ýagny, çagalygynda atasy bilen aralarynda bolup geçen wakany aýdyp berdi. Nizam-ül-mülk: "Örän belent mertebeli adam. Balasynyň garşylaşjak kynçylygynyň çäresini ýetmiş ýyl mundan öň salgy beripdir. Biz, o alymyň nähili belent mertebelere çykandygyna göz ýetirerden ejizdiris" diýdi. Bu wakadan soňra uly alymlara bolan söýgüsi hasam artdy. Ebu Said (r.a.) bir gün, Tus şäherine gitmek üçin ýola düşdi. Bir dagyň üstünden geçmelidi. Bu dagy geçýänçä aýagy köwşüniň içinde doňan ýaly bolupdy. Ýanyndaky adamyň kellesine: "Aýaklaryna sarar ýaly, üstündäki matadan bir bölek bereýin" diýen pikir geldi. Biraz ýöränden soň, üstündäki matanyň gymmat bahalydygyny pikir edip, öňki niýetinden dändi. Soňunda Tus şäherine ýetdiler. Ýanyndaky adam Ebu Saide (r.a.): "Ussadym! Hakyň ylhamy bilen şeýtanyň weswesesini düşündirip bilersiňizmi?" diýip sorady. Jogabynda: "Saňa, Ebu Saidiň aýaklary üşemez ýaly o matanyň bir bölegini ýyrtyp oňa ber diýmeleri ylham, muny etmäňe päsgel beren bozuk pikir bolsa weswesedir" buýurdy. Bu jogap, o adama gaty täsir etdi. Bu waka bilen, ýagşylyk etmek isleginiň derrew ýerine ýetirilmelidigine, bozuk pikirleriň kelleden çykarylmalydygyna has gowy göz ýetirdi. Hujwiri (r.a.) Keşf-ül-mahjub atly eserinde şeýle aňladýar: "Mihene şäherinde, Ebu Said-i Ebül-Haýryň guburundadym. Guburyň üstünde bir bölek mata bardy. Bir ak kepderi uçup geldide, o matanyň aşagyna girdi. Bir zatdan gaçýandyr. Şonuň üçinem matanyň aşagynda gizlendi diýip pikir etdim. Bilesigeljiligim artdy. Matany galdyran wagtym kepderi ýokdy. Haýran galdym. Ertesi we birigüni bu waka ýene gaýtalandy. Hikmeti (sebäbi) nämekä diýip pikir edip ýörkäm, bir gije düýşümde Ebu Saidi (r.a.) gördüm. Gören wakamy ondan soradym. "O kepderi, amallarymyň sapasydyr. Her gün gabryma gelip, maňa nedim (söhbetdeş) bolýar" buýurdy. Ebu Saidiň (r.a.) gowy amallarynyň (ybadatlarynyň) ak kepderi sypatyna girip gabryna gelýändigine we onuň bilen süýji-süýji söhbet edýändigine göz ýetirdim" Aşakdaky rubagyny Ebu Said (r.a.) aýdypdyr: "Nebsiňe uýmak dogry däldir elbet Bas nebse aýagyňy, himmeti ulalt Eý dost, Allah ýolunda köp gaýrat sarpet Ýylan bilen etseňem, nebsiň bilen etme söhbet" Ebu Said-i Ebül-Haýr şeýle buýurdy: "Tasawwuf( başyňdaky söwdany taşlamak, eliňdäki dünýäni dagatmak we hakda takat tapmakdyr" "Allah bakydyr we ýeterlikdir. Ondan başga zatlar biderekdir. Boşdur. Ondan başga ähli zatdan nebsiňi uzak sakla". "Allahü teala bilen gul arasyndaky perde, ýer we gök däldir. Arş we Kürside däldir. Perde, ynsanyň benligidir. Ýagny, nähili adamdygydyr. Bu aradan syrylsa Allaha gowuşyp bolar." "Allahü tealanyň dört kitabyndan, şu dört söz saýlanypdyr: Töwratda "Kanagat eden doýar", Injilde Uzlet eden (ynsanlardan aýra ýaşan) gutuldy", Zeburda "Dyman, az geplän gutuldy". Kur’any kerimde Allahü teala tewekkül edene (takdyra razy bolana) Allah ýeter". | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |