19:51 Öwlüýäler: Magtymguly | |
MAGTYMGULY
Taryhy şahslar
"Türki halkyýetleriň arasynda Magtymguly ýaly milli şahyrly halk diňe türkmenlerdir." W.Bartold Bilmeýip soranlara aýdyň bu garyp adymyz Asly Gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymgulydyr. Magtymgulynyň 1730-njy ýyllarda doglandygy bilinýär. O türkmenleriň Gökleň taýpasynyň Gerkez urugyndandyr. 1780-nji ýyllarda ölendigi çak edilýär. Gubury Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmensähra welaýatyndadyr. Görmek isleýänler üçin zyýarata açykdyr. Magtymgulynyň çagalyk, ýetginjeklik döwrüniň öz deň-duşlarynyňkydan känbir üýtgeşik bolmandygyny aýtsa bolar. Muny nämä esaslanyp aýdýarys? Birinjiden, munda, esasan, ýaşaýyş-durmuş wakalarynyň daşky tarapynyň göz öňünde tutulýanyny aýtmaly. Il deňinde mal bakypdyr, ekerançylyk işine güýmenipdir, kümüşçilik bilen gyzyklanypdyr, ýany bilen gaňňa, eýer ýasamak... ýaly neçjarlyk, gönçülik hünärine hem eli ýetipdir. Sebäbi geçmiş türkmenlerimiziň ýaşaýyş däbinde her bir hünärden gowy baş çykarmasaň hem özüň kösenmezlik derejede bilmeli diýen ýörelge bar eken. Magtymguly çagalykdan saýlanyp-saýlanmaka enesi aradan çykýar. Bütin ömründe bolşy ýaly, çagalyk, ýetginjeklik ýyllarynda-da şahyra iň köp täsir eden onuň atasy Döwletmämmet Azady bolupdyr. Ir ýogalan enesinden ganyp bilmedik mähriniň öwezini hem atasy kanagatlandyran bolarly. Döwletmämmet Azadynyň, Magtymgulynyň we beýleki türkmen klassiklarynyň ömri hem döredijiligi otuzynjy ýyllardan güýçli öwrenilip başlandy. O ýyllarda bolsa stalinizmiň berk ýumrugynyň täsirinden çykabilmediler. Üstesine-de, proletkultçylaryň gizlin sesi uzaga ýaýrapdy ahyry. Onsoň Türkmenistanda bir şahyryň ömri we döredijiligi öwrenilip başlanan-da barlagçynyň, ylmy işgäriň ilkinji edähedi-pylany garyp-daýhan maşgalasynda doglupdyr, ömri pukaraçylykda, ýeter-ýetmezlikde geçipdir diýýär. Şu sözi ur-tut aýtmasa, o şahyry öwrenmek, eserlerini ile ýetirmek müşgil bolupdyr, üstesine şol ylmy işgäre-de gara duman abanyp başlapdyr. Şoňa görä, türkmen klassyklarynyň ählisi diýen ýaly ýer urup ýerde galan pukara edilip görkezilýär. Emma hakykata dury nazar öwürseň, bu pikiriň birtaraplylygy mese-mälim özüni görkezip dur. Ynha, hut şol galp tolkun astynda Döwletmämmet Azady, Magtymguly hem gereginden artyk pukaralaşdyrylypdyr. Özüňiz oýlanyp görüň: kümüşçi ussa bolmak üçinem, okuwçy okatmak üçinem, öz döwrüniň ylmyndan habardar bolmak üçinem harjy zerur ahyry. Halkyň adalatly aýdyşy ýaly, gedaýçylyga-da gurp gerek. Magtymguly başlangyç ylmy atasy Döwletmämmet Azadydan öwrenenden soň, Lebap welaýatynda ýerleşýän Idris Bawa medresesine gidipdir. O ýerde bir müddet ylym öwrenenden soň, Buharadaky Gögeldaş medresesine gidip ylym öwrenipdir. Iň soňunda-da Hywanyň Şirgazy medresesinde ylym öwrenipdir. Magtymguly bilen halypa Nyýazguly arasynda bolup geçen bir waka hakynda owganystan türkmenleriniň arasynda ýörgünli bir rowaýat bar. Şol rowaýatda aýdylşyna görä: Bir gezek Halypa Nyýazguly haja gitmek üçin uçup barýarka, ondan öwlüýalygy alynýar. Ýagny, keramaty alynýar. Halypa Nyýazguly çöl-beýewanda näme ederni bilmän otyrka Magtymgula gözi düşýär. Şol wagt Magtymgulam eşekli haja barýan eken. Magtymguly ony eşeginiň syrtyna alyp, haja äkidýär. Aradan birnäçe wagt geçenden soň, Magtymguly ylym öwrenmek üçin Halypa Nyýazgulynyň dergähine barýar. Şägirtleri halypanyň şu wagt öýde ýokdygyny aýdýarlar. Magtymguly garaşman, howlugyp gapynyň agzyna şu goşgusyny ýazyp gaýdýar: Galam alyp namany gönderdigim bilmezmiň Efsun okyp hüt-hütni indirdigim bilmezmiň Arş üstüne galdyryp mündirdigim bilmezmiň Dört gije dört gün aglap dyndyrdygym bilmezmiň Eşek ünip Isa dek ýeldirdigim bilmezmiň. Halypa öýüne gelen wagty şägirtleri oňa bolup geçen wakany aýdýarlar. Halypa goşgyny okap görýär we alyslara seredip: "Magtymguly şu wagt Safa bilen Merwäniň arasynda eşegini çapdyryp ýör." diýýär. Halypa Nyýazguly Halaç etrabynyň Gyzylaýak obasynda doglupdyr. Güýçli alym we öwlüýä bolupdyr. Öz döwrüniň Buhara emirine halypalyk edipdir. Buharada ölendigi çaklanýar. Doglan ýyly we ölen ýyly belli däl. Halypa Nyýazguly bir gezek Buhara emiriniň huzuryna çykyp, medrese gurmak üçin ondan ýer isleýär. Emir onuň islegini kabul edýär. Ýöne, şorlap ýatan ýer berýär Halypa Nyýazguly bir hepdeläp hasasy bilen gurjak ymaratynyň proektinini çyzýar. Çyzuw işini dynyp, ýene bir gezek emiriň huzuryna çykýar. Bu gezek emire ýüzlenip: "Şu gije men medresäni dikeltjek. Ýöne, hiç kim daşary çykmasyn. Daşary çykan adam özüne zyýan eder." diýýär. Emir jar çekdirip daşary çykmazlygy emr edýär. Emre garamazdan bir adam daşary çykdy. Emma çykyp-çykmanka bir gudrat onuň kellesini egninden gopardy. Gün dogan wagty görseler, şol şorlap ýatan ýerde häzirki Çar-Minar medresesi dikeldilipdir. Ýagny, Halypa Nyýazguly Çar-Minar medresesini bir gijede dikeldýär. Bu medrese Buhara şäherinde ýerleşýär we häzir hem görmek islänleriň zyýaratyna açykdyr. (Rowaýat we Halypa Nyýazguly hakyndaky maglumatlar, Stambulda ýaşaýan Owganystanly türkmen ýaşulylaryndan alyndy.) Magtymguly diňe bir şahyr däl, eýsem görnükli alymdyr. Ömri hakynda geçirilmeli barlaglar, öwrenilmeli zatlar köpdir. Bu meselede ylmy işgärlerimize uly iş düşýär. Onuň şahsyýeti barada rowaýatlar aýdylýar. Molla şahyr bolan Döwletmämmet Azadynyň ogly Magtymguly, XVII asyryň ikinji ýarymynda türkmenler arasynda has şöhratlanan hem-de bir-birleri bilen syýasy taýdan baglanşykly bolmadyk, dagynyk türkmen tireleriniň hemmesi üçin deň derejede gymmatly görülýär we umumy milli şahyr hasaplanýar. Türki halklaryň özgesiniň munuň ýaly bitewi milli şahyry ýok. Magtymgulynyň şahsyýeti barada eýýäm köp sanda rowaýatlar aýdylýar. Akademik A.E. Krymskiý Totalitar sistem ýyllarynda haýsydyr bir şygyry halka ýetirip bilmek üçin, öňürti o şygyry dini düşünjelerden saplanmaly bolýardy. Ýa-da şahyra filosof diýmeli bolýardy. Magtymgulyny hem şeýdipdirler. Onuň, pygambere bagyşlap ýazan goşgularyny, göýä pelsepi düşünje ýaly edip halka ýetiripdirler. Magtymgulynyň pygambere bolan söýgüsini görkezmesi üçin, size iki sany şygyryny hödürleýäris. Semada belli Nury mähweş bolan kutlug Habibim Adyň ser depderde lawada belli Ýedi asman dokuz pelek üstünde Beşer resulunda ziýada belli Mahlaryň täji sen, gözler çyragy Gökde melek ýerde beşer geregi Zeminiň rafyi gögüň diregi Löwhül mahfuzda hem semada belli Şefi-il mü’minin magşar gününde Makam-y ala sen Hakyň ýolunda Şam-y säher ymmatynyň dilinde Mü’min dileginde dogada belli Begler gymmatyňy bilmän gibiler Az bahaýa satdy niçe sebiler Arzuw edip geçdi öňki Nebiler Jelil rahmeti sen, senada belli Muhabbetiň tende, ýürekde, janda Ne bir janda, belki jümle-jahanda Hury ryzwan okar jennet mekanda Taha we Ýasinde semada belli Gelsin diýip habar gelgeç Habipden Burag mündiň çykdyň Arz-y şerifden Şepagatyň daryg etme garypdan Magşar güni ýetirgin myrada belli Aklymny oýnatdy yşgyň höwesi Ýüz jan bolsa bir görnüşiň pidasy Magtymguly diýer, şermende asy Atasy şehzada Azada belli KÖRGEÇ RESUL Düşdi bir hoşluk jihana nusratyň körgeç Resul Sernegun boldy senemler lümatyň körgeç Resul Külli älem boldy ykrar sünnetiň körgeç Resul Rahy zulmet boldy röwşen adyňy körgeç Resul Tapdy dowzahdan aman kim söbetiň körgeç Resul Sen ki geldiň dünýäge butlar bulundy sernegun Artdy yslam şöhrady kafirler oldy hem zebun Hem Eba Bekr we Omar, Osman çün bolgaç rähnemun Boldy kafir zyddy saňa ismi mukrebiň körgeç Resul Hurmet ile hak salam bergen sefiullah gibit Älemi gark eýlegen Nuh nebiullah gibi Gökde günde ýar olan Isa ruhullah gibi Nije müň pygamber ol Musa kelimullah gibi Kaldylar haýranda lewlak hylkatyň körgeç Resul Ol şebi miraç habar etgeç saňa magşukdan Arş farş olmuş tejelli çün munuň dek şowkdan Bu mkarrablar besi babehredür bu zowkdan Hem besaty kurb üzre bardyň oturdyň foukdan Koýdy diş parmaga munlar kurbatyň körgeç Resul Dewri sabykda ötenler ýa jemalyň çün işiň Gerdişi şanyna galan mutakytlardan ýakyn Kullugyňda gün hyjalat içre kalmyş hem zemin Hem felek üzre melekler diýdiler sat afýerin Bu makam ala ile bu hümmetiň körgeç Resul Hamdyňa tiller kusurdyr arş farşlar aglady Bi dahan bi zaban otlar agaçlar aglady Eşki abyň joşduryp bu dag-daşlar aglady Edi gün Käbe daşynda gurt-guşlar aglady Aýdýar Magtymguly bu fyrkatyň körgeç Resul Kirmani (ABDURRAHMAN BIN MUHAMMED) Hanefi mezhebiniň güýçli fykyh alymlaryndan biridir. Ady Abdurrahman bin Muhammed bin Emirweýh bin Muhammed bin Ibrahim el-Kirmani, lakamy Rükn-üd-din we Rükn-ül-Yslamdyr. Ibn-i Emirweýh diýilibem tanalypdyr. 457-nji (m.1065) ýylyň Şewwal aýynda Kirmanda dünýä indi. 543-nji (m1149) ýylyň Zilkade aýynyň ýigrimisine düşen Juma güni Merw şäherinde dünýäden ötdi. Ylym öwrenmek üçin Merw şäherine we başga ýerlere gitdi. Başlangyç ylmyny atasyndan öwrendi. Soňra ylmyny dowam etdirmek üçin Merw şäherine gitdi. Ol ýerde, Fahr-ül-kudat Muhammed bin Hüseýin el-Ersa-bendiden fykyh ylmyny öwrendi. Başga alymlaryňam ylmy mejlislerine gatnaşyp, olardan peýdalandy. Kirmani hezretleri ylym öwrenmek üçin, köp gaýrat sarpedýärdi. Biçak gaýrat we edep bilen hojasynyň sapaklaryna dowam edýärdi. Gün geçtikçe ylmy artyp, mertebesi beýgelýärdi. Bir tarapdan ylym öwrenýär, beýleki tarapdanam ýazýardy we ýazanlaryny ýaýýardy. Fykyhdan başga, tefsir, hadys we beýleki ylymlarda-da güýçli alym bolup ýetişdi. Kirmani (r.a.), öz döwründe Horasanda ýaşaýan Hanefi mezhebiniň alymlarynyň iň güýçlülerinden biridi. Onuň, deňi-taýy ýokdy. Alymlarynyň reisi, ýagny, iň üstünidi. O ýaşap geçenden soňra, Horasanda onuň ýaly uly alym ýetişmändir. Çar tarapdan gelýän talyplar, ylym aşyklary onuň töweregine ýygnanyp başladylar. Ebül-Feth Muhammed bin Ýusuf el-Kantar-i es-Semerkandi, Bedrüddin Ömer bin Ab-dülkerim el-Buhari, Ebu Bekr Muhammed bin Abdürreşid el-Kirmani we başgada ýüzlerçe alym, ondan alan ylymlaryny we onuň ýazan eserlerini dürli ülkelere, gaty uzak ýerlere çenli ýaýdylar. Özi we talyplary çar tarapda tanaldylar. Hemmeler tarapyndan söýülip, hormatlanýardy. Köp sanly adamyň saadetine, ýagny, ebedi bagtyýarlyga gowuşmasyna sebäpkär bolupdyr. Kirmani hezretleri käbir eserleri ýazypdyr. Fykyh ylmy bilen baglanşykly "Tejrid" atly eserini ýazyp gutarandan soňra, bu kitabyň düşündirişi bolan üç tomluk eser ýazdy. Muňa-da "Izah" diýip at berdi. Bulardan başgada "Şerhu Jami-ül-kebir", "Işarat-ül-esrar", Fetwa" we başga-da birnäçe eseri bardyr. MUHAMMED BIN MANSUR ES-SEMANI Hadys we fykyh alymlaryndan biridir. Lakamy Ebu Hafyz el-Kebir, lakamy Taj-ül-Ys-lamdyr. 466-njy (m.1073) ýylda doguldy. 510-njy (m.1116) ýylda dünýäden ötdi. Şafii mezhebiniň fykyh alymlaryndandyr. Fykyh, hadys we edebiýat ylymlarynda meşhurdyr. Hafyz, waiz we hatip alymdyr. Şu alymlardan ylym öwrenipdir; atasy Ebu Muzaffer Mansur bin Mu-hammed, Abdurrahman bin Ebi Kasym Kuşeýri, Nasrullah bin Ahmed Huşnami, Esad bin Mesud Utbi, Ebül-Hasen Ali bin Muhammed Allaf, Muhammed bin Abdülkerim Huşeýş el-Hafyz, Ebül-Ganaim en-Nersi (ez-Zeýni) we Merw, Nişapur, Reý, Hemedan, Bagdat, Kufe, Ispyhan, Mekge we beýleki ýerlerdäki alymlardar. Ýaşlygyndan başlap gowy terbiýe alypdyr. Ybadat edip ulalypdyr. Kiçijikliginden ylym öwrenmäne başlapdyr. Atasy oňa hat ýazmagy öwredip, arapça, nahiw, şygyr we nesir okadyp, edebiýata gowy ýetişdiripdir. Örän owadan hat ýazýardy. Ifadeleri, tertibi örän gowudy. Sözleri inji ýaly edip düzýärdi. Edebi ylymlary öwrenenden soňra, hadys we fykyh ylmyny öwrenmäne başlady. Bu ylymlaram öwrenip, döwrüniň uly alymlarynyň arasyna goşuldy. Hadys ylmynda rawi we senetlerde, jerh we tadil bilimlerinde tahrif, tebdil, zabt-ül-metn, ensab hususlarynda mütebahhir (çuňňur) alymdy. Ylym öwrenmesini tamamlandan soňra, atasynyň ýerine sapak okadyp, wagz etmäne başlady. Örän täsirli we peýdaly bolandygy üçin hem halk tarapyndan, hemem alymlar tarapyndan söýüldi. Özüne görüplik edip garşy çykanlara, sabr etdi. Ogly Ebu Said şeýle diýipdir: "Atam müňlerçe gezek mejlis gurup, ylym imla etdirdi, ýagny, ýazdyrdy. Bu işde, hiç kim ony geçip bilmedi. Hadys ylmy bilen baglanşykly köp kitap ýazdy. Köpüsini wakfetdim. Bu onuň hadys, fykyh we dil ylmyndaky belent mertebesini görkezer." Muhammed bin Mansuryň atasyndan edebiýat we dil ylmy bilen baglanşykly bir zat soran wagtlary: "Muhammetden (oglumdan) soraň. Çünki o, dil ylmyny menden has gowy bilýär." diýýärdi. "Kafi" atly kitabyň ýazyjysy şeýle ýazypdyr: "Ymam Ebu Muzaffer bin Semaniniň talyplaryndan biri bolan Ebu Abdullah bin Hasen el-Merdahaniden eşitdim. Şeýle aňlatdy: "Ebu Bekr Muhammed bilen okuwa dowam edýärdik. Ebu Abdullah en-Nişapuri sapaklarymyza taýýarlanşymyza gözegçilik edýärdi. Bir gezek, hojamyz Muhamed bin Mansur sapaga giç geldi. Aglamakdan ýaňa gözi gyzaryp gidipdir. Ebu Abdullah: "Näme üçin gijä galdyňyz? Bir zat boldymy?" diýip soran wagty, şeýle buýurdy: "Düýşmde Resulullahy (sallallahü aleýhi we sellem) gördüm. Suwdan doly bir käsäni maňa uzadyp "iç" buýurdy. Menem alyp baryny içdim. Oýanan wagtym bütin bedenimde täsirini gördüm." Ebu Abdullah muny eşdip, derrew Ymam Ebu Muzafferiň bolýan ýerine ylgady. "Buşluk, buşluk" diýip düýşi aýdyp berdi. Muny diňlän Ebu Muzaffer şeýle diýdi: "Elhamdüllilah menem edil şonuň ýaly gördüm. Emma men suwuň baryny içmedim. Diňe birazragyny içdim. O bolsa baryny içipdir. O, Resulullahdan (sallalahü aleýhi we sellem) rowaýat edilen hadys-y şerifleriň köpüsini bilýär." Hafyz Ebu Sad şeýle diýipdir: "Wepat etmezden öň iň soňky sapagy okadan wagty, Resulullahyň (sallalahü aleýhi we sellem) şu hadys-y şerifi bilen başlady. "Öňüňizde aşylmasy kyn bolan işik bardyr. Ýüki agyr bolanlar ol ýerden geçip bilmezler. Ine men şol päsgeli (işigi) geçip bilmek üçin ýükümi ýeňletmek isleýärin". Tefsir sapagynda bolsa mealen: "Bu gün siziň diniňizi dyndym" buýurylan Maide süresi 6-njy aýat-y kerimesini tefsir etdi. Soňra, kyrk üç ýaşyndaka Juma güni wepat etdi. "Emali" atly üç tomluk meşhur eserinden başgada köp eseri bardyr. 1-Hafyz; 1. Kur’any kerimi ýatdan bilýän adam 2-Waiz; 1. Wagyz edýän. 3-Hatip; 1. Mejitde hutbe okan adam. 2. Owadan ýakymly we dili dogry ulanyp geplän adam. 4-Ifade (ler); 1. Düşündirmek. 5-Rawi; 1. Rowaýat eden, aýdan. 6-Senet; 1. Daýanylan zat. (2.Bir zady subut etmek üçin daýanylan delil.) 7-Jerh; 1. Ýaralamak; ýaralanmak 2. Çüretmek. 8-Tadil; 1. Düzeltmek, dogrulamak. 2. Üýtgeşiklik. 9-Tahrif; 1. Harplaryň ýerini üýtgetmek, bozman, üýtgetmek. 2. Bir sözüň manysyny üýtgetmek. 10-Tebdil; 1. Üýtgetmek, başga görnüşe geçirmek. 11-Zabt-ül-metn; 1. Bir bölek ýazgynyň (meselem; hekaýa) manysyna dogry düşünmek. 12-Ensab; 1. Şerler, bela-beterler. 2. Butlar, heýkeller. 13-Wakfetmek; 1. Bir maly ýa-da mülki, satmazlyk şerti bilen haýyr sahawat işi üçin bagyşlamak. ÖMER BIN MUHAMMED EŞ-ŞIRAZI Fykyh we kyraat alymy. Lakamy Ebu Hafe, ady Ömer bin Muhammed bin Ali bin Ebi Nasr eş-Şirazidir. Ömer bin Muhammed, 449-njy (m.1057) ýylda Serahsyň Şiraz etrabynda doguldy. 529-njy (m.1135) ýylda Merwde dünýäden ötdi. Köp sanly uly alymdan sapak alan Ömer bin Muhammed, Şafii mezhebiniň öňde baryjy alymlarynyň hataryna girdi. Ömer bin Muhammed, gününiň köp bölegini Kur’any kerim okap geçirýärdi. Ylmy barlaga uly üns berýärdi. Ebu Hafs, gymmatly eserler ýazypdyr. Ömer bin Muhammed; el-Ymam Ebül-Muzaffer bin es-Semani Eş-Şeýhden, Ebu Ha-mid eş-Şüjaýiden fykyh ylmyny öwrendi. Bularyň ýany bilen Serahsda; Ebül-Hasen Muham-med bin Muhammed bin Muhammed bin Zeýd el-Alewiden, Belhde; Ebu Ali el-Wahşiden we Ispyhanda; käbir alymlardan ylym öwrenip, hadys-y şerif diňledi. Ömer bin Muhammetden bolsa, Ibn-i Semani ylym öwrenip, hadys-y şerif diňledi. Eş-Şihab el-Wezir onuň hakynda: "Eger, Ömer eş-Şiraziniň damarlary ýarylan bolsady, gan ýerine fykyh maglumatlary akardy. Ölýänçä Merwde ýaşady." Ömer bin Muhammediň ýazan eserleriniň käbirleri şulardyr; 1-El-Itisam, 2-El-Itisar, 3-El-Esile fil-hylaf wen-Nazar. | |
|