23:04 Oýanmak -2/ powestiñ dowamy | |
Bazara gidilýän ýol Kelte minaraň gapdalyndan geçýärdi. Ene her gezek şu ýerden geçende bitmän galan minara gözi düşüp, oňa ýüregi awaýar. Ol minara edil dokalyp gutarylman, orta bilinde taşlanan ajaýyp hala çalym edýär. Ene kelte minara hakyndaky rowaýaty eşidenden soň bolsa onuň ussalaryna hasam ýüregi awady.
Taryhy proza
...Gadym wagtlarda bir husyt baý ajaýyp ýadygärlik gurduryp, öz at-owazasyny dünýä ýaýratmakçy bolupdyr. Onsoň ol çar tarapa çapar ýollap, ýadygärlik gurdurmak üçin ussa gözledipdir. Özem ol guruljak ýadygärlik üçin harajadyndan gaçmajakdygyny duýdurypdyr. Ahyryn çaparlar uzak ýurtlaryň birinden ussalary alyp gelipdirler. Baý olaryň diýen puluny bermegi wada edipdir. Ussalar ajaýyp minaranyň gurluşygyna başlapdyrlar. Olaryň yhlasy bilen, minara ýerden galyp ugrandan owadanlygy bilen hemmeleri haýran galdyrypdyr. Hatda baýyň özüniňem barha ýokary galyp barýan minara gözi gidip uzak wagtlap synlap durar ekeni. Sebäbi minara onuň çak edişindenem has owadanmyş. Soňabaka barha beýgelip barýan minarany göreninde wada beren puly ýadyna düşüp, ukusy gaçyp ugraýar. Onsoň ol aga-inilerini ýygnap, olara sala salypdyr. Doganlarynyň husytlygy baýyň özüniňkidenem beter ekeni. Olaryň biri: – Munça puly berip, özüň soňundan gedaý gezjekmi? – diýse, başga biri: – Ilde senden has puldar adamlaram köpdür. Onsoň ussalar sag-aman gezip ýörseler, bujagaz minaraňa uzak baýrynyp ýörüp bilermikäň. Has köpräk pul düşjegine gözleri ýetse olar seň gurluşygyňy taşlap gitmänem hiç zatça bilmezler. Galanynam özüň gör! – diýipdir. Onsoň baýyň içiniň bükgüldisi hasam artypdyr. «...Dogrudanam ilde puldar adamlar kändir. Meň bu ussalary sag-aman goýbersem olaryň köp pul hödürläne has kaşaň ýadygärlik salyp berjekdikleri belli zat. Gowusy men bulary diri goýbermäýin. Minara biter welin, ussalaryň jaýlaryny jähenneme iberdeýin. Şeýtsem hem-ä pulum gitmez, hemem şu ussalaryň eli bilen başga ýadygärlik gurulmaz...» Baý öz bet pyglyny garaz, biriniň ýanynda dilinden sypdyrandyr-da, bu gürrüň bir gün ussalaryň gulagyna-da ýetýär. Onsoň olar haklaryny almakdan-a ellibizar geçen, gaçyp sag-aman başyny gutarmagyň gamyny iýip ugraýarlar. Ahyrynam bir gün olar maýyny tapyp, Hywadan arany açmagy başarypdyrlar. Açgöz baý şeýdip, aňňalak gapyp galypdyr. Soň ol minaranyň boýuny ýetirmegi haýyş edip, köp-köp ussalara ýalbarsa-da, boýun alan tapylmandyr. Şeýdibem bu minara şol baýyň zalymlygyny, açgöz-husytlygyny ýatladýan ýadygärlik ýaly bolup galypdyr. Ene her gezek şu ýerden geçeninde göýä öz ykbalam edil şu minaranyň ussalarynyňka çalymdaş bolup barýana dönýär. Saryja eneke bolan aýaldyr, beýleki ýesirlerden heý, birden-birine gabat gelip bolmazmyka diýen umyt bilen Ene dürli bahanalary tapyp, bazara gitmesini hasam ýygjamladýar. Ýöne, olardan gördüm-bildim ýok. Ol bir gezek bazara baranynda ak telpekli, gyrmyzy donly iki oglana uzakdan gözi düşýär. Enä ahyryn öz sakçylarynyň gözüne «çöp atyp», olaryň ýanyna barmak başardýar. – Jigiler, gurgunmysyňyz? Oglanlar bu sese ýalt edip seretseler, ynha yz ýanlarynda bir türkmen aýaly dur. Olar Ene bilen gadyrly saglyk-amanlyk soraşýarlar. – Ýeri, oglanlar, siz bu ýerlere nädip düşdüňiz? Olar medresede okaýandyklaryny, indem okuwlaryny tamamlap, obalaryna gaýtmaga kerwen idäp ýörendiklerini aýdýar. – Jigiler, size bir ýumuş bar. Gaýrat edeweriň! Ene talyplardan Saryjadyr onuň ýoldaşlaryny sag-aman Ahala aşyrmagy haýyş edýär. Özem olara bu işiň gizlin edilmelidigini, eger-de Rahym baý duýaýsa ondan eýgilige garaşmaly däldigini ýaňzydýar. Oglanlar razy bolup, anna güni şu ýerde duşuşmagy wadalaşýarlar. Soňky duşuşykda talyplar Enä kerweniň ertir ýola düşýändigini habar berýärler. Olar Saryja dagyny nireden, nähili edip alyp gaçmalydygyny maslahatlaşyp aýrylyşýarlar. Şol gün agşam Ene oglanlary oňatja naharlap, soňra-da olara ýatmak üçin ýer ýazyp berýär. Ejesiniň kalbynda bir galagoplugyň bardygyny Saryja derrew aňýar. Ahyryn ol durup bilmän: – Eje, saňa näme bolýar-a? – diýip, soraýar. – Hiç zat, balam, hiç zat... – Diýseňem hemişekiligiň-ä däl. Onsoň Ene oglanlara ertesi ýola düşmelidigini aýdýar. – Onda näme sen beýle tukat görünýäň? – Göwnüňizedir-le köşekler... Ýöne, ýola düşýändigiňizi bir adamam bilmeli däldir. Biz hemişekimiz ýaly irden bazara gideris. Şo ýerde-de men ýüp diýip, beýleki diýip garawullary güýmänimden, siz bazaryň kybla tarapyna ýörärsiňiz. Size ak telpekli oglanlar garaşjakdyrlar. – A sen? – Men soň bararyn... Enäniň gözünden bir düwme ýaş togalanyp gaýtdy. – Baýyň halysyny dokap gutarmasam, ol meni goýbermez. – A onda, halyny dokap bolalyň-da, hemmämiz bile gaýdybereliň-le. – Ýok, köşekler, siz gidiň! – Eje! Oglanlar Enä ýüň saýmaga, daramaga kömekleşerdiler. Onsoň ol hernä bazara gidende-de olary ýany bilen äkiderdi. Şeýdibem olar höwrügip gidipdiler Saryjanyňam, beýlekije oglanlaryňam gözleri balkyldaşyp, ýüzleri sallanyşyp ugrady. – Aýyp bolmazmy? Goýuň! Siz indi jahyl çykypsyňyz ahyryn. Erkek adama gözýaş ýaraşmaz. Siz beri bu sütemi görmäň, gaýdyň. Menem ynha haý diýmän bararyn... – Seni taşlap gitjek däl, eje! Ene hamsygmaga başlady. – Ýok, balam, ýok. Siz gidiň! Hemme zat edil gürleşilişi ýaly boldy. Ene bazardan reňk, ýüň saýlan bolup, öz oglanlaryndan barha arany açdy. Garawullaram oglanlara üns bermän, diňe Enäni gözlerinden sypdyrmajak bolýardylar. Enäniň gözi bazaryň kybla tarapyndady. Ahyryn talyplaryň biri bazaryň aňyrbaşynda duran ýerinden telpegini ýokary galdyrdy. Bu alamat Enä «Hoş gal!» diýildigi. Ene duran ýerinde doňup galdy. Şeýdibem ol reňk satýan aýalyň gapdaljygynda özünden gidip ýykyldy. Bir haýukdan gözüni açsa garawullar onuň üstüne abanyşyp durlar. Bazar çolaryp gidipdir. Garawullar Eneden oglanlary soradylar. – Bilmedim – diýip, ol perwaýsyzlyk bilen jogap berdi. Garawullar ilkibada oglanlar bazaryň bir ýerinden çykar öýdüp arkaýyndylar. Ýöne bazar barha çolarsa-da, geler ýerde gelmänsoňlar olary agtaryp başladylar. Näçe gözlense-de oglanlar tapylmady. Olara eýýäm Hywadan mazaly arany açmak başardypdy. Garawullar oglanlardan derek tapyp bilmänsoň giç öýlänler Enäni öňlerine salyp baýyňka tarap gaýtdylar. Baý näçe jibrinse-de netije bolmady. Çar tarapa ýollanan çaparlar boş geldiler. Sebäbi Ene oglanlaryň hersine laýyk özbek egin-başlaryny alyp berip, şäherden çykaýan batlaryna eşiklerini çalşyrmagy tabşyrypdy. Baýyň çaparlary uç tapmaz ýaly birbada öz ýurtlaryna tarap däl-de, terse gitmekligi-de salgy beripdi. – Wah, men bu heleýiň güýmeň-samaňynyň köpdügini görüp, şeýle bir zadyň boljakdygyny aňýardym-la... Baý ýene-de Enäni öz ýanyna çagyrtdy. – Ýeri, kömekçileňňem gaçyran bolsaň, bu halyny sen haçan dokap bolarsyň? – Men bu halyny indi dokaman baý aga. – O näme üçin? Ene sesini çykarmady. Ol näler: «Sungat diýlen zada joşgunly ylham gerek. Ylhamyň joşmagy üçin bolsa erkinlik gerek. Onsoňam heý, bu sütemleri görüp durkaňam haly dokap bolarmy?» diýesi geldi. Ýöne ol: «Bu melgun ylhamdyr erkinligiň nämedigini näbilsin?» diýen terzde onuň ýüzüne seretdi. – Onda näme maksadyň bar? – Aý indi mend-ä maksadam ýok. Ozalky bar maksadym oglumy ýoldaşlary bilen siziň sütemiňizden dyndarmakdy. Ynha, o maksadyma-ha ýetdim. Maňa dagy zat derkar däl. Baý mundan netije çykmajagyna gözüni ýetirip, ony gynap öldürmegi buýurdy... Ene geler ýerde dolanyp gelmänsoň obalarynda onuň heläk bolandygyny güman etdiler. «Ar almalysyň, ar. Bu sütemleri unutmak bolmaz, köşek». Gartaň aýalyň şu sözleri Saryjanyň gulagynda ýyllar boýy ýaňlandy durdy. Soňabaka bolsa birden-ä şol aýalyň, birdenem ejesiniň ruhy onuň yzyna düşüp ýören ýaly boldy. Onsoň ol ýesirlikden bile boşan ýoldaşlary bilen, bäş atly bolup Hywa tarap ýola düşdi. Saryja baýyň galasynyň edil alkymyna baraýman, bärräginde atdan düşüp, ýoldaşlaryna bir salymdan şo tarapa ýöremegi tabşyrdy. Özem pyýadalap baýyň galasyna bakan ýöneldi. Barsa Rahym baýyň ýanynyň adamlydygyny aýtdylar. Onsoň ol baýyň töweregi çolarýança garaşmagy ýüregine düwdi. Saryja köp garaşmaly bolmady. Baý öz myhmanlaryny ugradanyndan bir türkmeniň gelendigini oňa duýdurdylar. Saryja kabulhana baranynda baýyň ýeke özüdi. «Baý, özi-hä garrapdyr-ow... Tanarmyka?.. Aý, ýok-la!..» Saryjanyň uçganaklap duran gözlerine gözi düşüp, Rahym baý birneme ýöwsellejek ýaly etdi. – Ýeri, näme habaryňyz bolsa aýdyp oturyň! – Habarmy? Saryjanyň bu wagt gany depesine çykypdy. – Meni tanamadyň öýdýän? Baý ýalt edip gürrüňdeşiniň ýüzüne seretdi. Saryjanyň daýaw göwresi, ýanyp duran gözleri onuň sustuny basdy. – Öz-ä bir gören ýüzüm ýaly – diýip, baý gözlerini süzgekledip seretdi. – Tanamasaň tanap goý. Men şol saňa haly dokap beren türkmen aýalyň ogly... «Türkmen aýal» diýlenden baýyň zähresi ýarylyp, gözleri hanasyndan çykara geldi. Onýança-da Saryja çalasynlyk bilen bilindäki ak sapla elini ýetirdi. Baýyň dili tutulyp, gygyrmaga-da ýetişmedi. Bir salymyň içinde pyçak birnäçe gezek gursaga girip çykdy. Saryja gyzyl gana bulaşyp ýatan baýy süýşürdi-de, edil ýaplanyp oturan ýaly edip, onuň arkasyny diwara söýedi. Şeýdibem ejesiniň dokan halylaryny düýrläp goltugyna gysdy-da, çykyp gitdi. Soň-soňlaram Saryjanyň göwnüne bolmasa Rahym baý ganyny sarkdyryp öz yzyna düşüp ýören ýaly boldy. Ol hatda agşamlaryna-da oňly uklap bilenokdy, irkildigi baýyň ruhy ony basmarlaýan ýaly bolup, «öwhülläp» oýanardy. Şonda Saryja galan ömründe hiç hili ganly wakanyň golaýynda görünmezlige ant içdi... ...Ýesir ýigit besse-besse bolup, gandalyň yzlary tagma bolup galan goşarlary synlap oturyşyna ýüzüni kese sowdy. Saryja aga sermenip oturyşyna tozanyň içinden gözläp açary zordan tapdy. Şondan soň ol gandaly açmak bilen boldy. «Rzaguly han näme üçin gelmeýäkä? Ýa-da ýarasy bitmeýämikä? Özi gaýdyp bilmeýän bolsa nökerlere baş edip başga birini iberäýmän... Men indi haçana çenli bulara şeýtdirip özümi horladyp ýörmeli bolarkam? Han öz-ä gelse gerek...» Ýesir Saryja aganyň ýüzüne bir seretdi. Ýaşuly gandallary açyp boldy. Ýesiriň ellerindäki, aýaklaryndaky gandalyň kertip giden ýerleri barha beter jyzlap awuşaýar. Ýaşuly çyrany eline alyp, gözi bilen gapa tarap ümledi. – Hany, ýör!.. Ýesiriň şindizem arkasyny diwara diräp, gozgan- man oturyşy. – Bolsana çaltrak! Ýesir ýaşulyň ýüzüne seredip, ýylgyrjak ýaly etdi. «Indi şu ülhit ýaşula gulak asyp ýörmeli bolarmy-ka?» Ençeme gün bäri gandala endik bolan ýesiriň elidir aýagy birbada boşlawlyga öwrenişmejek boldy. Eli- ni ýere diräp galjak bolanda agyryly aýagyna agram düşüp, endamy syzlap gitdi. Onsoň ol ýene-de birsalym gymyldaman oturdy. «Ýeri, bulaň indi näme hyýaly barka?» Ýaşulynyň gapyň agzynda şol irikgä bolup durşy. Ýesir ahyryn kynlyk bilen ýerinden galdy. Näçe günüň aç-suwsuzlygyndanmy ýa-da ep-esli wagtdan bäri sergin howa çykmanlygyndanmy, daş çykanyndan gözleri garaňkyrap, başy aýlandy. Entirekläp gitdi. Ol tä başy aýlanmasy galýança ýerinden butnamady. Soňra ýuwaşlyk bilen yraň-daraň edip, gapa tarap ýöneldi. Atasy ýerdölä gireli bäri Güljereniň gapyň agzynda şol zowzuldap durşy. Ýerdöleden çykyp gelýän ýesiriň daýaw göwresine gözi düşeninden onuň ýüregi ýarylara geldi. Ol diňe atasyna gözi düşenden soň ynjaldy. Ýesir biraz ýöräp, töweregine seretdi. Onuň ýene-de başy aýlanjak ýaly etdi. Ol gözlerini ýumup, biraz sägindi. «Men nire, bendi bolmak nire? Bu bolýan zatlary diýsene...» Gözüni ýumup durşuna ol ajy ýylgyrdy. Göwnüne bolmasa indi onuň endam-janynyň syrkyramasy barha köpelýän ýaly. Saryja aganyň melheminden soň onuň aýagynyň agyrysy birbada egsilenem bolsa, indi olam bildirip ugrady. Gapydaky sekä ýetäýýänçäler ýesir ýene-de birnäçe gezek saklandy, Demini dürsedi. «Han basymrak gelip ýygnaýmasa sen boş diýenlerinde-de şu ýagdaýda oba aşybam boljak däl». Onuň haýallyk bilen keýtikläp, ýöräp oturyşy. «Bular gaýdyber diýjek bolsa, seni şondan şuňa getirip başlaryna ýapsynlarmy? Haý akmag-a... Ýogsa-da bulaň näme hyýaly barka?» Sekä barlyp ýetilensoň, Saryja aga ortadaky ýassyklary çeträge süýşürişdirdi. – Geçäý düşek üstüne. Ýesir gedemlikdenmi, ýaýdanmakdanmy, garaz, haýdan-haý geçibermedi. – Geç, geç ahyryn... Näme ýaýdanyp dursuň?.. Ýesir diňe şondan soň görkezilen ýere geçmek bilen boldy. – Gyzym, kündügi al! Çuwalyň düýbünde mumyýaly gyzyl düwünçek bolmalydyr. Şonam getiräý... Elini ýuwup oturyşyna ýesir «mumyýa» sözüni eşidip, Saryja aganyň ýüzüne seretdi. Ol elini süpürýänçä ýaşuly agtygynyň getiren düwünçegini çözüp, mumyýany owratmak bilen boldy. Ol mumyýany owradyp, käsä atdy-da, basyrylgy duran çäýnekleriň birinden çaý guýdy. Mumyýa mazaly eränden soň bolsa «iç» di- ýip, ýesire uzatdy. Ýesir käsä seredip ikirjiňlendi. «Mumyýamyka beri şu? Aý, näme bolsa şo bolsun-la...» Ol käsäni başyna çekdi. Saçak ýazylyp, nahar orta alnanda, ýesir özüni oňaýsyz duýup başlady. Näçe günüň ajy bolsa-da, onuň nahar bilenem, çaý bilenem seri ýok. Nahardyr çaýdan soň ol sekiniň çeträginde ýazylan düşege geçdi. Ýöne, wagty bilen gözüne uky gelmedi. Ol diňe daňa golaý irkildi. Ertesi bolsa ir oýandy. Daňyň düýbi çyzylyp ugrandan, dikelip oturdy. Onuň endamynyň gurşugy ýazylyp, birneme dynjyny alypdy. Şondan bolsa gerek indi onuň aýagynyň agyrysam birneme azalyşýan ýaly. Ýesiriň şol töweregini synlap oturyşy. Säheriň serginje şemaly, guşlaryň saýraşýan sesi onuň kalbyndaky buza öwrülen duýgularyň doňuny çözüp başlady. Ol güžžüldedip sygyr sagyp oturan Güljereni synlabam ep-esli oturdy. Onuň gözi daga düşende bolsa bokurdagy doldy. «Şo dagyň aňyrsy obamyzdyr. Heý, seni ýene-de görmek nesibede barmyka? Bu meň bolup oturyşymy?! Içinde demi bar bolsa Rzaguly han hökman geler, meni bu ýagdaýda uzak galdyrmaz. Ýöne bular meni bir ýana güm edäýmän şu töwereklerde goýaýsalar...» – Ýeri, sag-aman örüşdiňmi? – diýen sese ýesir tisginip gitdi. Saryja aga ýapynyp ýatan içmegini arkan serpdi-de, dikelip biraz oturdy. Haý diýmänem keçä- niň gyrasyndaky köwşe elini uzatdy. – Ýogsa-da hanym, seň adyňy soramandyryn-la... Saňa kim diýerler? Ýesir ullakan gözlerini tegeläp oturyşyna sesini çykarmady. Ýaşuly köwşüni geýip, ýerinden turdy. – Sen adyň näme... Ismiň? Ýesir ýylgyrjak ýaly etdi. Ýöne onam başarmady. – A... ism?.. Nuraly... – Nuraly diýsene... Adyň-a türkmeniňkä-de meňzäp dur. Ýesir ýene-de öz pikirine gümra boldy. «Meň aýagym döwük bolansoň bular has arkaýynlaşaýdylar öýdýän. Hany göreli-bakaly, nähili-niçik bolýarka... Eger-de yzymdan gelinmese gaçmaň ýoluny agtarmaly bolar... Ho-ol daglara bir ýetip bolsa... Wah, men nämäň gürrüňini edýän-ä... Han hökman geler. Ýöne, biraz sabyr et, ol geler, hökman geler». Güljeren sygry sagyp bolupdy. «Be, ýogsa-da şu ýaşuludyr ojagaz gyzdan başga bu öýe girip çykýan ýok öýdýän. Ýa-da şu öýde ýaşaýan diňe şu ikisimikän? Hany ol garadan gaýtmaz, dyzmaç pyýadalar? Ýa-da olaň meni şulara satdyklarymyka?... Hop ýagşy. Şeýle bolsa-ha onda bulardan sypmak itiň aňsady... Obaňam çeti. Aýagym ganymatlaşaýsa bolýa...» Ýaşuly eliňe künduk alyp, mellegiň gaýrabaşyna tarap ugrady. Sekiň üstünde ýeke özi somalyp oturmany birhiliräk gördümi nämemi Nuraly ýerinden turdy-da, ýerdölä tarap keýtikläp gitdi. Gyzar ikindinler Saryja aga baranynda ýesiriň Rzaguly han hakyndaky umytdan doly süýji arzuwlara gark bolup oturyşydy. – Beýdip, içisi hümledip oturmazlar hanym. Gezmelärler. Holha guba çägeler bar, üstüne çyksaň jümle-jahan görnüp durandyr. Gezmeleseň aýagyň ýazylar göwnüň açylar. Uzyn günki yssydan soň serginjek şemal köwsarlap başlady. Bu şemal Nuralynyňam süňňüni ýeňletdi. Ol ýüzüni gündogara tutup, keýtikläp barşyna yzyna garandy. «Be, bular menden gaty arkaýyn-la...» Ol ygşyldap oturan bugdaýlygyň gutaran ýerindäki ak çägäniň üstüne çykyp aşak çökdi. Arkan düşüp, göge seretdi. Soňra tirsegine galyp, ýene-de günorta tarapdaky daglary synlamaga durdy. Indi onuň göwün guşy şo-ol belent daglaryň aňyrlarynda pelpelleýär. «Şu taýdan ökjäni göteräýsem biläýerlermikä? Öňümem gije. Näçe gözleselerem, garaňkyda-ha bukulyp, sypsa bolar welin, ýöne, daňa çenli özümi daga atyp biläýsem?.. Aý, näbileýin-dä, bu aýak bilen. Näme-de bolsa, synanyp bir göreýin... Ýöne birbada daga tarap ýöremäýin. Sebäbi olar meni şo tarapdan gözlärler». Nuralynyň gumuň içi bilen keýtikläp, şo gidip oturyşy. Ahyryn ol daljygyp, bir ýerde dyzyny epmeli boldy. Onuň gumy ilkinji gezek görşi. Ulgam-ulgam gum depelerem, akyp ýatan ürgün çägelerem, çerkezdir gandymlaram, sözendir sazaklaram Nuraly üçin diýseň geň. Şol barmaşa-da, onuň göwnüne bolmasa bir ýerde it üýren ýaly boldy. Onsoň ol hasanaklap ýerinden turdy-da, ýene-de ýöremäge başlady. «Wah, sag-aman obama baraýsam bolýa. Siziň bu görkezen sütemiňizi üzülmesem atamyň ogly bolmadygym...» Ol ep-esli ýöräp, bir aklaňyň üstünde süýndi. Indi itleriň sesi eşidilenok. Nuraly özüniň biraz suwsaýandygyny duýup başlady. «Ýeri, dagdyr öýtdüňmi? Bu giden çölüň içinde suwy nireden tapjak? Çaltrak daga bir ýetip bolsa...» Nuraly dik oturyp, töweregine garanjaklady. «Be, ýogsa-da dag haýsy tarapdaka?» Ol ýerinden turdy-da, töweregini synlamaga başlady. Ýöne, hiç ýerde-de dag görnenokdy. Aý ýaşyp, petreşip duran ýyldyzlaram köreşip ugrapdy. «Indi ber habaryňy. Wah, gum diýeniň hemme tarapy birmeňzeş zat bolar eken-ow...» Onuň haýdap şol ýöräp oturyşy. Onýança niredendir bir ýerden horazyň sesi eşidildi. «Be, şüçe ýöredimmikäm diýsemem, gaty daşa gitmändirin öýdýän. Horazyň sesi eşidilip duran bolsa, oba gaty uzakda bolmaly däl...» Nuraly bir beýige çykyp, töweregine diňşirgendi. Horaz ýene-de gygyrdy. Özem onuň sesiň dik maňlaýdan gelýär. «Men şu tarapdan geldimmikäm diýsem, horazyň sesi düýbünden ters ugurdan gelýä-le... Bu nähili ahwalat boldugyka?» Nuraly böwrüni diňläp ýene-de birsalym durdy. «...Ýa-da öňde-de bir oba bar bolaýmasyn. Ýeri, şonda nädersiň? Suwsuzlygam-a basmarlap barýa...» Ol näme-de bolsa öňe ýöremegi makul bildi. Ep-esli ýöränsoň daň saz berip ugrady. «Oba boljak bolsa basym görünmel-ä. Horazyň sesiniň gelşi daşda däldi...» Ätiýaçdan ol sazagyň bir şahasyny döwüp aldy. Öňdäki beýige çykaýan badyna aňyrrakdaky oýuň içinde bir garam-gurama gözi kaklyşdy. Ol beýleräge süýşüp, aşak ýapyryldy. Bir düýp selne dulandy. Seredip oturyşyna, oýda goýun agylydyr ýepbeşip oturan oraçadan başga zat görmedi. Nuraly emedekläp gündogarrakdaky beýigiň gapdalyna bardy. Oý indi edil eliň aýasynda ýaly görünýärdi. Dogrudanam oraçanyň töwereginde janly-jemende ýok. Şol tarapdan gözüni aýyrman, ol ýene-de birsalym bagryny ýere berip ýatdy. «Be, bu näme boldugyka? It beýlekem ýok bolara çemeli. Ýogsam eýýäm meni görmel-ä...» Ol ýuwaş-ýuwaşdan öňe tarap süýşenekläp başlady. Şeýdibem oraça has golaýlady. Nuraly üç-dört sany towukdyr bir gyzyl horazdan başga janly-jandaryň ýokdugyna mazaly gözüni ýetirip, oýa tarap garaba-garaba ýöräp ugrady. Onuň barýan ugry agylyň ýeňse tarapy. Nuraly agyla ýetenden onuň içine seretdi. Ýöne hiç zat gözüne ilmedi. Agyla golaý-goltumda dowar girip çykana meňzänok. Onsoň ol agylyň gapdaly bilen oraça tarap ýöneldi. Şol wagt onuň gözi agylyň agzyragynda ýatan adama düşüp, aşak ýapyryldy. Bir salymdan ol çalaja kellesini galdyrdy. Onuň şol ýatyşy. Nuraly yza süýşüp ugrandan, sag tarapda, oraçanyň bäri ýanynda bir aýalyňam ýatandygyny gördi. Onuň ýatyşy hasam geň – düýrülip, ýüzüni ýere berip ýatyr. «Bu näme boldugyka?.. Gün asmana galypdyr. Bular welin şindizem ýatyrlar. Onsoňam bularyň ýatyşlary dagy nähiläý?..» Nuraly olara seredip ýene-de birsalym oturdy. Onsoň ol eýgilik däldigini aňyp, emaý bilen ýerinden turdy-da, öňe tarap ugrady. Birsalymdan sakga durdy. Agylyň agzyndakynyň kellesi gapdalynda togalanyp ýatyr. Oňa gözi düşüp, Nuralynyň ýüregi ýarylara geldi. Ol soňra oraçanyň bäri ýüzünde ýatan aýala tarap ýöräp ugrady. Kebzeden, gursakdan ok degip akan ganlar onuň eşiklerine siňip, doňup galypdyr. Bu ýagdaýy görüp, Nuralynyň depe saçy dim-dik boldy. Bulary synlap, birsalym durandan soň özüniň suwsaýandygy ýadyna düşüp, oraça tarap ýöneldi. Içerdäki çelege tarap ýöremekçi bolanda gapynyň agzynda süýnüp ýatan gyzjagaz bilen oglanjyga gözi düşdi. Gyzjagaz bolaýsa üç ýaşlaryndady, oglanjyk ondanam kiçijik. Olaryňam biriniň kükreginden, beýlekisiniň kellesinden akan gan doňup galypdyr. Nuralynyň suw ýadyndan çykyp, ilki oglanjygyň, soňam gyzjagazyň eline elini ýetirdi. Göwreler buz ýaly bolupdyr. Nuraly hasyr-husur daşaryk çykdy. Ol at toýnaklaryndan ýaňa torç bolan ýeri synlap, köp durdy. Ahyrynam merhumlaryň kimsiniň üstüne keçe, kimsiniňkä-de eline ilen köne-küşül zady atyşdyrdy. «Heý, beýle-de bir wagşylyk bolar oguşýa... Wah, seň özüň neme diýsene... Danalar tiresiniň gyzyny waýkyrdyp alyp gaýdyp, Rzaguly hanyň huzuryna getirip beren sen dälmidiň? Ýa-da bolmasa olaryň iň kiçileri dagda hana tarap ok atandygy üçin jeza berlişikde sen ýokmudyň? Bu günki gün bu jesetleri görüp, nebsi agyran kişi bolýaň...» Nuralynyň göwnüne bolmasa, ilerki beýigiň aňyrsynda bir zat gymyldan ýaly boldy. Ol gaty çakganlyk bilen oraça girip, duldaky hyrla elini ýetirdi. Soňam oraçanyň gündogar ýüzündäki towuk keteginiň aňry ýüzüne geçdi. Egni tüpeňli iki sany pyýada oraçadan çykyp barýan Nuralyny görüp, aşak ýapyryldy. Olar Gylyç bilen Älemdi. ...Ilkagşam Saryja aga olary ýanyna çagyryp daňdanlar özünden habar tutmagy tabşyrypdy. Daňdan çagyrmagynyň sebäbini ýaşulynyň özi aýtmansoň, oglanlaram sorap durmadylar. Saryja aganyň hyýaly eger-de Nuraly daňdana çenli yzyna köwlenmese, ýaş ýigitleri onuň yzyndan iberjekdi. Nuraly gelmänsoň, ýaşuly daňdanlar ýigdekçeleri ýola saldy. Ol: – Yzyny yzarlaň. Eger-de sag-aman daga özüni atan bolsa yzyňyza öwrülersiňiz – diýipdi. Özem bu barada hiç ýerde dil ýarmazlygy, bardy-geldi, «Niräk barýaňyz?» diýlip soralaýsa-da «Awa barýas» diýmegi berk tabşyrdy. Gylyçdyr Älemiň eginlerine hyrly dakynyp, bir eşege artlaşyp, daňdanky öýden çykyşlary. Yzam olary şu oýuň üstünden getirdi... Gylyç bilen Älem bir garanyň oraçadan çykyp, kümäniň gündogar ýüzüne aýlanandygyny görüp, aşak ýapyryldy. Onsoň süýşenekläp, beýigiň aňyrsyna dulandylar. Ep-esli wagtlap, iki tarapdanam hiç-hili ses çykmady. Onsoň Gylyç kellesindäki şypyrmasyny çykardy-da, bir taýagyň ujuna geýdirdi. Taýaga ildirilen telpegi azajyk ýokaryk galdyranam şoldy welin, bir gümpüldi çykdy. Ok şypyrmanyň gapdalyny böwsüp geçipdi. Olar busurylyşyp ýene-de birsalym ýatdylar. Nuraly bolsa hyrlyny taşlapdy. Sebäbi indi ondan haraý ýok. Näbelet öýüňde ok-däriniň nirededigini nädip biljek? Oňa indi dikilgi duran sözeni goparyp alyp, aňyrlygyna tarap süýşenekläp ugramakdan başga alaç galmandy. Nuraly öýden mazaly saýlananda Gylyçdyr Äleme onuň gerşi görnüp gitdi. Şobada-da Älem hyrlynyň peltesine ot degirdi. Gümpüldi çykandan, aňyrlygyna süýşenekläp barýan Nuraly ýere ýazyldy. Oglanlar birsalym seslerini çykarman ýatdylar. Ahyrynam olar günortadan Nurala baka süýşenekläp ugradylar. Golaýa baranlarynda Nuralynyň kebzesinden gan akyp, ýer bagyrtlap ýatandygyny gördüler. Älem zogdurylyp gan akyp duran ýarany görüp, özüni lampa aşak goýberdi. – Ozal adamdan çenäp görmämsoň men näbileýin onuň beýle degäýjekdigini... Gylyç Älemiň goltugyndan tutdy. – Älem, goýsana. Onsoňam ilki onuň özi at-da... Olar şondan soň ysgynsyz ädimler bilen serlip ýatan Nuralynyň ýanyna bardylar. Älem biline daňylan ak ýaglygyny çözdi-de, Nuralynyň ýarasyny emaý bilen saramaga başlady. Olar ýarany sarap, Nuralyny eşegiň üstünde keseligine ýatyrdylar-da, hersi bir tarapyndan ýöräp, oba tarap gaýtdylar. * * * Nuralynyň ýarasyna melhem edilse-de, wagty bilen gutulmady. Gylyç bilen Älem bolsa onuň ýarasy üçin köp wagtlap müýnürgäp gezdi. Älem etmişi üçin hasam berk ökünýärdi. Ol ilkibadalar Saryja agadan sapak almaga gelende-de oýlagrady. Indi näçe wagt bäri düşekde ýatyşyna Nuralynyň ýüregi hasam gaty gysyp ugrady. Aram-aram ol «Iň bolmanda daşaryny bir görsem» diýip, uzak wagtlap, penjireden seredip oturýar. Doly gutulmasa-da üç hepdeden soň Nuraly daş çykdy. Sen, hanym çöle çykjak bolsaň, bir zady berk bellegin. Golaý-goltumda bolsaň-a dag görner. Ýöne, dag görünmände-de, ugruňy kesgitlese bolýandyr! Çölüň belli-belli biläýmeli zatlary bardyr. Azaşandyryn öýtseň, ilki bilen şemalyň haýsy tarapdan öwüsýändigini anyklamalydyr. Şemal köplenç ýa-ha gündogardan, ýa-da günbatardan öwser. Onsoňam çägeler birbada beýikli-pesli bolup duran ýalydyram welin, siňeräk synlasaň, olar demirgazykdan günorta tarap ulgam-ulgam bolup ýatandyr. Olam şemalyň oýnudyr. Agşamlaryna-ha gündogaryň ýa-da günbataryň nirededigini ýyldyzlara seredibem kesgitlese bolýandyr. Nuraly ýaşulynyň maslahatlaryny gulagyny üşerdip diňledi. Onsoň ol birsalymdan keýtikläp, gündogarky guma tarap ugrady. Ýöredigiçe-de kebzesindäki ýara sorkuldaýar. Gidip barşyna aram-aram tä ýarasynyň yzasy egsilýänçä oturmaly bolýar. Nuraly ahyry aklaňyň üstüne çykyp, daglary synlamaga durdy. Birsalymdan ýakyndan eşidilen çybşylda tisginip gitdi. Oba tarap gözüni aýlandan günbatardaky beýigiň gapdalyndan bir kelle göründi. «Bulaň sypdyrmajaklary gaty çynlar-ow...» Bu gelýän Saryja agady. – Aýagyňy ýazan bolsaň, ýör, nahar sowap barýa. Olar tirkeşip gaýtdylar. Öýe ýetip gelýärkäler tamyň ileri ýüzündäki daýaw erik agajyna, ondan gündogarrakda ahyryna dökülen ýorunjadan iýip duran Kepderä gözi düşüp Nuralynyň ini dyglap gitdi. «Be, şomuka?» Olar has golaýa gelenlerinde Kepderi kellesini ýokaryk galdyrdy-da, gulaklaryny keýerjekletdi, burnuny parryldatdy, aýaklary bilen ýer peşedi, hokrandy. «Özi şu öýdi-le. Obaň günorta-gündogar çeti. Gaýra ýüzündäki öýem, tamam öňki ýerinde. Tamyň ileri ýüzündäki erik agajydyr gündogarrakdaky tudam edil salgy berlişi ýaly bolup otyr. Atam şu bolmaly. Rzaguly hanyň agasy Abdylla hanyň ölüm berýän aty. Şo gezek gijelikde synlamaga oňly maýam bolmandy. Beý, dogrudanam at-a mal dagy däl eken-ow... Eger-de aýagam bar bolaýsa-ha muň bahasyna ýetmek ýokdur. Han zaňňar at-a tanaýan ekeni... Tanama nirede-zat nirede, ol diňe adyna aşykdyr-la muň. Öňki gezeg-ä bu at hana nesip etmändi, alyp obadan saýlanyp ugranymyzdan çarpaýa galyp, böküp-böküp elimden sypypdy. Tas meni eýerden agdaryp, ýere pylçap urupdy. Belkem bu gezek başardar. Bäý, şeýdip, şu aty eltip bolaýsa-ha, han sylagymy ýetirse gerek. Maý bolaýdygy, ýene-de bir synanyp görmeli. Sen-ä tüýs «Eşegi ýal öldir, guly hyýal» diýlenini edýäň-ow. Ýeri, şu ýagdaýda al-da ötägit diýenlerinde münübem-ä biljek däl... Wiý, ýogsa-da şo gezek öňümize düşen adamam-a şu töwereklerde bolmalydyr. Şo gezek ol bizi dagyň gädiginde garşylapdy. Ýöne, näme üçin ol şonda ýüzüne nykap çekdikä? Öz-ä bizdenem çekinýän bolara çemeli. Ýogsa-da öňräkki alamançylaryňam-a biriniň sesi şoňka meňzeýärdi... Aý ýok-la, heý, beýle-de bir zat bomy? Ol hem-ä bize, hemem türkmenlere hyýanat etjek bolar durarmy? Ýa-da ol iki ýüzli gama bolaýmasyn. Aý, nätse şony etsin-le, aty ogurlamaga kömek etse bolýa... Ýöne, özi tanap gelmese, öňümden çykaýsa-da men-ä ony tanajak däl... Hany entek neneň-niçik bolýaka, göreli bakaly...» Nuralynyň diýýäni Abdyl keldi. Nuraly çaýyny-çöregini iýdi-de, Saryja aganyň «Daşarda ýatyber» diýenine-de gulak asman, ýene-de ýerdölä baryp gyşardy. Ýöne wagty bilen gözüne uky gelmedi. «Be, han näme üçin gelmeýärkä?» Ol gapdalyna agdaryljak bolanynda ýarasy sorkuldap başlady. «Aýagym ganymat boluşýa diýseň, ýene-de bir zat tapylaýýa». Nuraly kebzesindäki ýara elimi ýetireninden onuň suwjarýandygyny duýdy. * * * Gylyçdyr Älem ir bilen gelende Güljeren atasynyň Kepderini gezdirmäge gidendigini aýtdy. Ýaşulynyň öýde ýokdugyny eşidenlerinden soň, oglanlar ýerdölä tarap gaýtdylar. Barsalar Nuraly aýagyny uzyn salyp, ýeňsesini diwara diräp ýatyrdy. Bu wagt onuň uklap ýatandygyny ýa-da gözüni süzüp, pikire batandygyny aýyl-saýyl etmek kyn. Olar gapynyň jaýrygyndan yşyklap duruşlaryna giribermäge ejap edip, esli wagtlap saklandylar. Hasam Älem müýnürgeýär. Ahyryn Älem ölsem-öleýine salyp, ilki girermen boldy. Gapy jygyldanyndan Nuraly gözüni ýalpa açdy-da, dikeldi. Görse, onuň öňünde iki sany jahyl pyýada dur. – Essalowmaleýkim! Älemiň iki dyzam durşy bilen saňňyldydy. Nuraly olara seredip çalaja ýylgyrdy. Jahyllara geregem şol. Olar gezekli-gezegine ellerini uzadyp, Nuraly bilen görüşdi. Älem indi birneme ekezlendi. – Nähili, ýaraň ýagşymy? – diýip, ol eli bilen Nuralynyň egnini görkezdi. Nuralynyň bolsa şol gözlerini süzgekledip, olary synlap oturyşy. – Ýakşy... ýakşy... Gylyjam sesini çykarman durmagy gelşiksiz gördi, ellerini hereketlendirip, daşaryny görkezdi. – Ýör, gezmäge gideli! Nuraly onuň näme diýýändigine düşünen bolmaga çemeli, eli bilen «ýok» diýip yşarat etdi. Gylyç bilen Älem derrew turup ugrady. «Bolsa-da ýaraşdygymyz boldy öýdýän...» Älemiň birneme ýüregi ynjaldy. * * * Nuraly ganymatlaşansoň daş-iç çykmasyny ýygjamlatdy. Ol indi käriziň boýuna-da, gumuň üstüne-de gezmäge çykýar. Onuň eliniň-aýagynyň boşdugyny gören goňşular oýlagrap ugradylar. Saryja aga oňa Kepderini suwa ýakmagy ynanyp ugranynda bolsa «Akmak çal, guly aňňalak gapdyranyndan soň-a bilerem welin...» diýýänem tapyldy. Ýöne, ýakyndan-ýatdan ýaşulynyň ýüzüne gelip, «Seň edýäniň näme?» diýip bilýäni ýok. Yzyndan gelner umydy tala daňlan ýaly bolandan soň Nuralam Saryja aga dagy bilen barha ysnyşýardy. Gylyç bilen Älemiň tilkä gapan gurup, beýige, çykyp, oturyşlary. Töwerek bir geňsi. Uzyn gün gyzyp, howur beren ak çägelere agşamyň düşmegi bilen salkyn arap ugrady. Epgekden çekinişip, uzyn gün hinlerinde ýatan jandarlaram indi ikiden-ekeden çykyşýar. Alakalaryň jykyrdysy, guşlaryň jürküldisi, dürli jandarlaryň sesi birleşip, çöl barha janlanyp başlady. Gylyçdyr Älem tebigata maýyl bolup, asmandaky ýüzüp barýan Aýy synlap, ep-esli eglendi. Onýança-da niredendir bir ýerden geň owaz eşidilen ýaly boldy. Jahyllar ýerlerinden hasanaklaşyp turdular-da, töwereklerine diňşirgediler. Dogrudanam bir ýakymly owaz eşidilýär. Olar ses gelýän tarapa ýörediler. Jahyllar gündogardaky beýik çägäniň guşluk ýüzünde bir garanyň bardygyny Aýyň ýagtysyna saýgardylar. Onsoň olar aňryk gitmän, dyzlaryny epdiler. Aýdymyň gamgyn owazy diýseň ýakymly. Özem bu owaz ozal eşidilen sese meňzänok. Sözlerem düşnüksiz. Olar daýaw gandymy gabatlap oturyşlaryna bu aýdym aýdýanyň Nuralydygyny bildiler. Şol wagt ýeňse tarapdan ilki-hä bir çybşyldy, soňam biriniň pyňkyryp goýbereni eşidildi. Şobarmaşa-da «Bas» diýlerine mähetdel, daýaw ala köpek hasanaklap gelşine tas Älemdir Gylyjyň üstüne böküpdi. Köpek olary tanap edil ýanjagazlaryna gelip durdy. Ala köpegiň gözi Nurala düşenindenem şo tarapa eňdi. Oglanlar «Goýunçy» diýip, näçe gygyrsalaram, it saklanmady, sessiz ylgap barşyna Nuralynyň üstüne bökdi. Oglanlar ellerine ilen agajy goparyp şo tarapa ylgady. Barsalar Nuraly iti bogup dur. Soňabaka itiň haýy gaçyp, sypsa oňdy. Nuralyň elini gowşadaryna mähetdel, it ysgynsyz waňkyryp, arany açmak bilen boldy. Onýança-da hüňürdäp, Saryja aga-da gelip ýetdi. Olar bu bolup geçen wakalary gören bolara çemeli. – Dynman geçdik, bu dynylman geçen Keldir Köseden. Saryja aga gelende, Nuraly ysgynsyz ýylgyryp, endamyndaky itiň dyrnagy degip jyzlaşýan ýerlerini sypalaşdyryp durdy. Saryja aga bu zatlara özi günäkär ýaly müýnürgejek bolýardy. Olar ahyryn dört tirkeş bolup öýlerine gaýtdylar. Öýe gelip Saryja aga itiň persala eden geýimlerini çalşyrynar ýaly Nurala egin-eşik berdi. * * * Bugdaý bişerine gabat Nuralynyň aýagynyň agyrysy aýrylyşdy, kebzesindäki ýarasam biteňkirledi. Gün gyzyberende Saryja aga Bugra agalaryň toýuna diýip ugrapdy. Gylyç bilen Älemem «Gelnalyja gideris, göreşi göreris, at çapyşygyna gatnaşarys» diýip, toý ýerine gitdi. Nuraly bolsa günortanrak suwa ýakmak üçin Kepderini idip, dowarlaram öňüne salyp, käriz ýabyň olumyna tarap ugrady. Käriziň olumynyň günbatar gyrasyny tutuşlygyna gamyşdyr ýylgyn jeňňelligi tutup otyr. Aňyrrakdaky çägeligiň üstem, bäri ýüzem durşuna jeňňel. Suwdan mazaly ganan dowarlar çeträp ugrady. Kepderi bolsa käriziň gyrasyndaky çaýyrdan işdämenlik bilen otlaýar. Nuraly käriziň şildiräp akýan suwuny, suwdaky ýüzüşip ýören balyklary synlap otyr. Ýabyň aňry ýüzünde otlaşyp ýören dowarlar birden ürküp, bärligine gaýtdylar. Kepderem burnuny parryldadyp, gulaklaryny keýerjekledip, dowarlaryň ürken tarapyna seretdi. Nuraly ýerinden zöwwe galdy-da, töweregine göz aýlady. Ýöne onuň gözüne ilen zat bolmady. «Ýa-da şagal beýlekimikä?» Gözüne zat ilmänsoň Nuraly ýene-de balyklary synlamaga durdy. Olary synlamak diýseň hezil. Oklanan çörek owuntyklaryny ilki ýekeje balyk gaty seresaplylyk bilen ýüzüp gelýär-de dişläp görýär. Aňyrrakda ony synlap duran beýleki balyklar diňe howatyrly zadyň ýokdugyna mazaly gözlerini ýetirenlerinden soň çörege golaýlaşmaga başlaýar. Nuraly ýene-de çörek owradyp suwa oklady. Onýança niredendir bir ýerden daýawrak hem ekabyrrak balyk peýda bolup, derrew çörek bölejikleriniň birine agyz urdy. Şol daýaw balyk görneninden beýleki balyjaklar çörek böleklerinden ellibizar geçip, hersi bir ýana duw-dagyn boldy. Nuraly balyjaklary synlap oturyşyna golaýjakda eşidilen çybşylda ýüzüni galdyrdy. Görse ýüzi gara nykap bilen örtülen adam onuň çat maňlaýynda dur. Onuň at ogurlanjak bolnanda öňe düşen adamdygyny Nuraly bada-bat tanady. Ol birsalym Nuralyny synlap durdy-da, kürtçe gürläp başlady. – Ýeri, sag-aman gezip ýörenmisiň? – Şükür. Nuraly geň galdy. Sebäbi at ogurlamakçy bolnanda öňe düşeniňem, olary ýesir alyp gaýdanlaryňam biriniň şu adamdygyna indi ol ymykly düşündi. «Be, bu nä töwra adamka?» – Abdylla han köp dogaý salam aýtdy. Hanyň adyny eşideninden Nuralynyň ini tikenekläp gitdi. Ol tarsa ýerinden turdy. – Han agamyzyň jany sag bolsun! Nuraly şeý diýip, oňa tarap ýene-de çiňerildi. – Ol bize seni, Kepderini hemem Güljereni alyp gelmegi tabşyrdy. – Şeýlemi? Nuraly böwrüni diňläp köp durdy. «Bu ýerde bir düşnüksizlig-ä bar. Han indi näçe wagt bäri Kepderiniň adyna aşyk bolup ýörensoň, onuň şu obadadygyny bilýän bolmagy mümkin. Ondan-mundan habar tutsa, meniňem şu töwerekdedigimi bilip biler. Ýöne, ol Güljereni näbilsin?.. Güljerenem alyp gitseň, bu goja biçäräniň içersine talaň salyndygy bolmazmy? Ozalam onuň ýarym göwün ýüregi beýle jezany çekip-çydap bilermikä? Ýogsa-da hanyň meni boşatmaga ibereni çyn bolsa, ol näme üçin ýüzüni gizleýäkä?» Nuralynyň şindizem sesini çykarman, ýüzüni aşak galyp durşy. – Hany, haçanrak ýola düşýäs? Şu günki günden amatly pursat hiç haçanam bolmaz. Nuraly ýüzüni galdyrdy. – Ýeri, nähili? – Hany bir göreýin... – Git-de, tizräk Güljereni alyp çyk. Biz saňa şu ýerde garaşarys. Nuraly dolanyp gelmedi. «Saryja aga bu wakany aýtsammykam ýa-da oňsammykam? Näme-de bolsa ýaşulynyň ýüregini agyrtmaryn». Nuraly indi at ogurlamak baradaky hyýalyndan el çekipdi. Şondan soň Güljeren eýläk-beýläk çykanda ony goraglap başlady. Nuraly ilkagşam salkyn düşeninden guma tarap ugrady. Aý aýdyň bolansoň, daglary synlap oturmaly. Bir salymdan onuň gözüniň öňünde obalary janlanyp ugrady. Ähli goňşulary, bütin obadaşlary üýşüp göýä Nuralynyň gelerine garaşyp duran ýaly. Ynha-da onuň ejesiniň mährem keşbi. Birden-ä, ol obalarynyň günbatar ýüzündäki beýige çykyp, bärligine seredip duran ýaly, birdenem düşekde syrkaw ýatan ýaly. Hatda oňa çaý-suw bermäge-de adam ýok. «Eger-de yzymdan ýetmeseler hernäçe haýal ýöresemem daňdana çenli daga özümi ataryn... Daga bir ýetip bilsem, onsoň armanym ýok». Ýöne oňa uzak ýöremäge maý bermediler. Obadan mazaly saýlananda, şol ýüzi nykaply iki adam onuň ýeňünden zompa çykdy. – Näme, syrtyň bogy tutmadymy, Güljerendir aty alyp çykmaga? Nuralydan ses-üýn çykmady. – Sen hanyň ýanyna nä ýüzüň bilen barjak? Ol saňa şolary getirmese gelmesin diýipdi. Nuralynyň şol dymyp durşy. «Ýeri, hanyň meni boşatmaga gelmän-ä gelmäni, onsoň maňa ony eýtsin, muny beýtsin diýip, buýruk berip oturmasy nämekä?...» Onýança şarpyldap degen gamçy onuň arkasyny ýalap gitdi. – Hany Güljeren bilen Kepderi? Men saňa diýýän... Onuň depesinden inýän gamçylar barha ýygjamlanýar. Onsoň Nuraly uzak çydap durup bilmedi. Ýolbars böken ýaly edip edil öň ýanynda duranyň ýakasyndan ebşitläp tutdy. Ýeňse tarapdan inen ýumruk onuň gözüni garaňkyratdy. Nuralynyň ozalam tapsyz göwresi yraň atmaga başlady. Içine degen urgynyň zarbyna daýaw göwre gapdala agdy. Ýykylandan soňam onuň çem gelen ýerine depdiler. Garaz, olar Nuralyny tultuk suw edip taşladylar. Gitjek bolanlarynda bolsa olaryň biriniň: «Biz mydama seň gapdalyňdadyrys. Eger-de, Abdylla hanyň tabşyrygyny berjaý etmän, yzyňa dolanjak bolsaň, eýgilige garaşma» diýýän sesi Nuralynyň gulagynda edil guýudan çykýan ýaly bolup ýaňlandy. * * * Nuraly, Gylyçdyr Älem dagy Saryja aganyň bugdaýyny orup berdiler, döwegini döwdüler. Ynha, indem harman atylyp çäji çuwallara gapgaryp ýördüler. Nuralynyň süňňi bir zat syzan ýaly boldy. Ol ýerinden turdy-da, elini kölegeledip, käriziň gözbaşyna tarap seretdi. Suwa diýip gidenine ep-esli wagt bolsa-da şindizem Güljereniň garasy görnenok. Onýança-da bir gyk-baklyk boldy-da soňam barha uzaklaşýan at aýaklarynyň sesi gelip ugrady. Nuraly biraz diňşirgenip durdy-da, erigiň kölegesinde daňylgy duran Kepderä tarap eňdi. Älemdir Gylyç entegem hiç zada düşünmän, ýöne seredişip durdy. Nuraly özüni Kepderiň üstüne oklanyndan ýoldaşlaryna-da «Ýörüň!» diýen yşarady edip, daga tarap atyny gamça basdy. Gylyçdyr Älemem onuň yzy bilen atlaryny ýüzin saldylar. Käriziň gözbaşynyň bäri ýüzünde suwy dökülip ýatan tanyş jürdegi görenlerinden olar nämäniň nämedigine düşündiler. Ep-esli kowlandan soň, ara barha ýygrylyp başlady. Ýol baýyrlaryň arasy bilen aýlanyp geçýär. Indiki öwrümden geçiläýen badyna öňden barýanlaryň ikidigi aýyl-saýyl göründi. Çep tarapdan barýan atlynyň öňünde elini-aýagyny kelemenledip iki ýana urunýan Güljeren ata arkaýyn çapmaga maý berenok. Öňden barýanlaryň entek ýüzüni görüp ýetişmese-de, atlary göreninden Gylyjyň kalbyna birhili ýakymsyz duýgy aralaşyp başlady. Sebäbi atlar oňa tanyş. Güljereniň naýynjar sesi Älemiň ýüregini paralaýar. Onuň gözünden dökülýän ýaş at aýaklarynyň astyndan turýan tozana siňip gidýär. Ol atyny debisgeläp otyr. Eger-de, nykap bilen örtülmedik bolsa indi öňden barýanlaryň ýüzlerini saýgarmak boljak. Gylyjyň barha weji gaçmak bilen. «Be, şolmuka? Aý, ýok-la, heý-de ol Güljereni beýdermi?» Öňden barýanlar kowgularyň sypdyrmajaklaryna mazaly gözlerini ýetirdiler. Onsoň dagy alaç bolmansoň Güljereni atdan agdardylar-da, öz başlaryny gutarsalar razy boldular. Ýere zyňlyp düşeninden Güljereniň sesi tapba kesildi. Nuraly dagy derrew atdan düşüp, onuň kellesini galdyrdy. Birsalymdan Güljeren gözüni açdy. Gazap donuna giren Nuraly Gylyjyň: «Gitme, olar ýaragly!» diýenine-de bakman, Kepderä atlandy-da, öňdäkileri täzeden kowup başlady. Ony ýeke goýbermejek bolup, Gylyjam atyny gamça basdy. Älemiň bolsa, Güljereniň ýanyndan tursa, oňa bir zat bolar öýdüp gymyldap bilmän oturyşy. Nuraly atyny ýüzin saldyryp barşyna eýere daňylgy tanapa elini ýetirdi. Ara indi on bäş ädimden uzak däl. Ol çep tarapdaky atlyň boýnundan düşer-dä, diýip tanapy zyňdy. Halka laýyk düşdi. Halkanyň öz ýoldaşynyň boýnuna düşeninden tanapy kesermen bolup, gapdaldan barýan gylyjyny sogurdy. Ýöne kesmäge ýetişmedi. Nuraly tanapyň ujuny batly silkenden boýny halkaly adam atdan agdy. Onuň ýoldaşy bolsa atynyň jylawyny yza öwürdi-de, gylyjyny dalawladyp, göni Nuralynyň üstüne gaýtdy. Nuraly tanapyň ujuny çep eline geçirdi-de, sag elindäki gamçy bilen ýetip gelýän atlyny ýetişibildiginden ýüzi kessir çawlady. Ýüzi nykaply adam gamçynyň awusyna çydaman, ilkä ýüzüni sowdy, soňam janyýangynlylyk bilen has gazaplandy. Nuraly öz depesinden batly inderilen gylyjy gamçysynyň sapy bilen sowjak bolanda garşysyndakynyň ýüzüniň nykaby serpilip gitdi. «Beh, bu asyl ýene-de şol ekenow... Obamyza alamançylyga baryp, meni ýesir edip alyp gaýdanlaryňam biri şü bolmaly... Beh, bu nähili adamkanaý?... Bäý, bu tetellileri tanamak gaty kyn-ow...» Nuraly ikinji gezekki inderilen gylyçdanam sowulmaga ýetişdi. Ýöne uýan onuň elinden sypdy-da Kepderiň aýagyna çolaşyp, ony badyny gowşatmaga mejbur etdi. Ýüzi nykaply adam ýetip gelýän Gylyja gözi düşenden boýny tanaply, çabalanyp ýatan ýoldaşynyň depesinden gylyjyny inderdi. Gylyç muny görüp allaniçigsi boldy. Şondan soň ýüzi nykaply aňyrlygyna baka at goýdy. Gylyç hol beýleräkde ýatan kellä tarap ýöneldi. Atdan düşüp, çekine-çekine kelläniň ýanyna bardy. Ol gylyjynyň ujy bilen nykaby galdyrandan jynssyz gygyrdy. Ol kelle agasy Çakanyňkydy. * * * Çakanyň jesedi getirilenden Söýünalylaryň töwereginiň adamsy köpelip ugrady. Bu günki waka barada gölegçileriň arasynda her-hili myş-myşlar bar. Olaryň biri: «Saryja aganyň işigindäki guly onuň atydyr agtygyny alyp gaçanda Çakan duýup, yzyndan kowup gidipdir. Şo ýerde-de gul ony öldüripdir» diýse, beýlekisi: «Çakanam ogry şärigimiş, ýöne, ýolda barýarkalar oňuşman, gul ony öldüripdir» diýýärdi. Söýünalynyň ejesi bolsa: «Haram gul, balamdandyndardy-la» diýip uly ili bilen ses edip aglaýardy. * * * Saryja aganyň Nurala barha syny oturýar. «...Bu dünýe birhiliräk dünýe bolupdyr. Gepiň-sözüň alşyp duran adam tapmagam aňsat däl. Ýöne şu Nuraly bilen-ä düşünişse bolaýjak ýaly... Be, ýogsa-da şunça wagtlap bir içerde ýaşap, duz-emek bolsagam men ondan «Yzyňda kimiň bar?» diýibem soramandyryn. Ýa-da ýetim dagymyka? Eger-de ýetim bolsa, «Şu ýerde gal» diýeýin. «Bolýa» diýäýse-de çaltrak öýermegiň ugruna çykaýyn...» diýip, ol Nuraly bilen ymykly gürleşmegi ýüregine düwdi. Ýaşuly: – Nuraly, sen öýüňiz hakda biragzam gepläňok-la. Ýa-da ýetimmisiň? – diýip sorady. Nuraly goja tiňkesini dikip köp oturdy. Soňam ýüzüni aşak saldy. – Ýetim diýse-de bolar. Öýde bir garry enem bar. Nuraly bozuljak boldy. Uzak wagtyň aýralygyndanmy ýa-da Saryja aganyň sowaly onuň ýüregini ezdimi, garaz, birden ejizlänini özem duýmady. – Men hiç wagtam öýdençer saklan adam däl. Indem mydar ederis. Sen öýüňize gaýt, ejeň ýanyna bar. O pahyr ýoluňa gözüni dikip, kökenek bolup oturandyr. Saryja aganyň gürrüňi Nuralynyň ähli damarlaryny ýumşatdy. Ol geplemän birsalym oturakyndan soň: – Siz meň ýaralaryma melhem etdiňiz, elimi-aýagymy boş goýup, gaçyp gitmäge mümkinçilik berdiňiz. Ýöne siziň şu sözüňize garaşdym. Men ahyryn siziň şeý diýjegiňizi bilýärdim. Ýaşuly uludan demini aldy. – Şu gije il ýatyp, it uklar uçurlarynda ýola düş. Ara ýene-de dymyşlyk düşdi. – Köp sag boluň! Ýöne size guýy gerek, Saryja aga. Men guýy ussasy, size guýy gazyp bereýin. Onsoň gaýtsam... Ýaşulynyň Nuralyny synlap oturyşy. – Guýy nämä gerek, gapdalymyzdan käriz akyp ýatyr-a? Ejeň pahyryň gözi ýoldadyr. Sen gowusy, haýal etme-de ýola düş. – Ýok, guýy gazyp bereýin. Ýadygärlik bolar. Onsoň gaýdaýyn... Saryja aganyň özem araky wakadan soň gapylarynyň agzynda guýy bolaýsa kem görjek däldi. Onsoň olam «Bolýa-da onda, gaz gazsaň» diýip razylaşdy. Şeýdip şol günüň ertesi ýorunjaly peliň gündogar ýüzünden guýy gazylyp başlandy. Takyr ýer zynç ýaly gaty bolsa-da, Nuraly daňyň düýbi çyzylanyndan tä garaňky mazaly gatlyşýança işleýär. Guýy adam boýundan geçip ugrandan soň bolsa Saryja aga Älemi kömekleşmäge çagyrdy. Nuralynyň aşakdan uzadýan toprakly torbasyny Älem boşadyp, yzyna ugradýar. Guýy barha çuňalmak bilen. Soňabaka dola düýe goşulyp, toprak şonuň bilen çykarylyp başlandy. Ahyryn öl topragam göründi. Guýynyň suwy diýseň süýji bolup çykdy. Ynha indi agyz suwy üçinem, mal-garany suwa ýakaryn diýseňem guýy öz ýanyňda. Çykarmaga ýaltanmasaň az-owlak bag-bakjadyr ekin suwarmaga-da suw ýeterlik. * * * Olar aýyň ýagtysyna gapynyň agzyndaky sekide gepleşmän ep-esli oturdylar. Ahyrynam ilki dillenen Nuraly boldy. – Saryja kaka, bolýa onda, men ýola düşeýin. – Bolýa-da, gitseň sag-aman bar. Ýaşulynyň bokurdagy doldy. – Gezen ýeriňde sag gez. Saryja aga ýola çörekdir bir garyn gowurma salmak üçin içerik girende Nuraly aňyrrakda, sekiniň çeträginde ýatan Güljereni synlap birsalym durdy. Öz üstüne abanyp duran äpet göwrä birden gözi düşüp, Güljeren «häh» edip, tarsa ýerinden galdy. Nuraly çalaja pyşyrdady. – Güljeren, gorkma, bu men. Diňe şondan soň, Güljeren biraz ynjalyp, kellesindäki ýaglygyny düzetdi. – Güljeren! Nuralynyň sesi sandyrawuk çykdy. Ol başga hiç zat diýip bilmän, ýöne ýuwdunyp dur. – Güljeren, sag bol! – Wiý, o näme üçin? – Men... Men gaýdýan. Güljeren entegem nämäň-nämedigine oňly düşünenok. – Nirä gaýdýaň? – Öýümize... Beýläk. O tarapa... Ilerik... Saryja aga eline Güljereniň dokan nagyşly çörek torbasyny alyp daş çykdy. Nuraly ýene-de Güljerene ýüzlendi. – Bolýa, onda, jigim, sag bol! Nuraly bilen Saryja aga ugranlarynda Güljereniň kalbyna birhili oňaýsyzlyk aralaşdy. Ol ýerinden bir galdy, bir oturdy. Ahyrynam dyňzap gelen agysyny saklap bilmedi. Nuraly yzyna bakyp, çalaja säginen ýaly etdi-de, ýene-de Saryja aganyň gapdaly bilen ýöräp ugrady. – Saryja kaka bir zady bilip goýuň! Biziň welaýatymyzyň hanyna Abdylla han diýýändirler. Araky çapawulçylykda siziňkiler Abdylla hanyň inisi Rzagulynyň goluny gylyç bilen çapandyr. Hanyň ol-a inisi welin, daşkyrak neberelerinden biriniň burny ganasa-da, gorkmasa hakyny giderýän däldir. Sizdenem aryny hökman üzüljek bolar. Ýöne, seresabrak bolaweriň... Olar obadan mazaly saýlanyp saklandylar. – Uzadandan ýoldaş bolmaz, Saryja kaka... Goja Nurala tarap bir ädim ätdi. – Halys öwrenişipdirisem, sag-aman bar... – Sag bol, Saryja kaka... Nuraly daglara tarap ýuwaş-ýuwaşdan ýöräp ugrady. Ýaşuly bolsa tä garasy ýitýänçä, onuň yzyndan seredip durdy. * * * Ertesi «Gotazlar tiresiniň guly gaçypdyr» diýen habar bütin oba ýaýrady. Söýünalydyr onuň Çakandan kiçi inisi Allaly yzlaryna üç-dört sany adam tirkäp gelenlerinde Saryja aga tamyň kölegesinde çaý içip otyrdy. Salam-helikden soň ilki Söýünaly söze başlady. – Saryja kaka, bu nä habar boldy? Goja howlukman, käsesindäki çaýyny owurtlady. Boşan käsä ýene-de çaý guýdy. Onsoň biraz dikelibräk oturdy. – Näme aýak üstünde dursuňyz, geçseňizläň keçäň üstüne. Söýünaly dagynyň özlerem sömelişip durmagy gelşiksizräk gördüler-de, derrew ädiklerini çykarmak bilen boldular. Ep-esli wagtlap hiç kimden ses-üýn çykmady. Saryja aganyň özem gaty bir howlugyp baranok, eli bilen sakgalyny daraklap otyr. – Şeýdip, käwagt bir çaý içişmäge-de geliň ahyryn. Allalynyň bu wagt içini «it ýyrtýardy». – Saryja kaka, näme guluň gaçanyny duýmadyňyzmy? – Wah, duýsam sypdyrjakmy ony... Güljeren ilkä içerden çykaran keçelerini ýazyşdyrdy. Soňam gaýnag kitiri getirip, çäýnekleri demledi. – Gelşikl-ä däl – diýip, Allaly keçäniň üstüne geçip jaýlaşdy. Beýlekilerem çäýneklerden çaý guýunmaga başlady. – Gelşiklem bolsa, gelşiksizem bolsa indi etjek alajyň ýok. – Gaçanam owarram welin, ady ýagşy däl. Indi «Gotazlar tiresiniň guly gaçypdyr» gürrüňi bütin Kesearkaja ýaýrar. Söýünaly gaýtaryp goýan çäýnegi «demini alandyr-da» diýip, käsesine guýmaga durdy. – Biziň obamyz bir daga ýakyn, aglak oba. Ýagdaýlaram gördi, belet boldy. Göwnüme bolmasa bu gün-erte bir bölek atly obamyza döküläýjek ýaly bolup dur. Ýaşuly käsesidir çäýnegini keçäniň çeträgine süýşürdi-de, çöke düşüp oturdy. Ol dyzlarynyň üstünde goýan ýassygyna tirsegini diräp, birneme ykjamlandy. – Elbetde, alamançylyga gitmäni başaran ýigitler ýagy gelse öňünde durmaga-da hötde gelerler-dä. Oturanlaryň arasyndan Allalydan başga-da Keldir Kösäniň yzyna düşüp, alamançylyga gidenler bar. Ýaşulynyň bu gürrüňi şolara kakdyryp aýdyşydy. – Ýagy gelse, gaýtararlar-da şolar. Ýagy gelende injikleri saňňyldajak bolsalar, parahat oturan ili ozal talaňa salmaly däl eken-dä. Saryja aga ençeme wagt bäri ýüregine agram berip gelýän gaharyny şu ýerde boşadasy geldi. – Ody özüňe bas, ötmedimi, onsoň kesekä. Asla alamançylyk nämä gerek? Şuň bilen nämäňiz artdy? Yzynda kişi kimin durmagy başarmajak bolsaňyz, beýle iş etmezler. Ýaşuly Nuralynyň beýle betbagtçylyga sebäp bolmajagyna, onuň çapawullaryň öňüne düşüp gelmejegine berk ynanýar. Ýöne Eýran hanynyň inisiniň golunyň çapylandygy hakdaky Nuralynyň beren gürrüňi welin, onuň böwrüni bükgüldetmän duranok. (dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |