21:34 Ýaş başdaky ak saçlar -5/ powestiñ dowamy | |
* * *
Powestler
Ýene-de Altyýew geldi. Haçan-da ol buhgalteriýadan aýlyk ýazylýan wedomostlary soranda kes-kelläm garşy çykdylar. Diňe partiýanyň raýon komitetine baryp, jaň etdirensoň, Arzygülüň brigadasyna degişdi dokumentleri onuň öňüne patyladyp okladylar. Salyh agadyr başga käbir brigadalaryň dokumentlerini talap edende bolsa berselerem berdiler welin, Mäligiň burnundan getirdiler. Ol dokumentlere göz gezdirip otyrka, giçden soň Hajy geldi. Ol pagta tabşyrylyşy bilen baglanyşykly dokumentleri has düýplüräk barlamagy maslahat berdi. Agşam sowhozyň komsomollarynyň hasabat-saýlaw ýygnagynyň bardygyny aýdyp, işleri irräk tamamlamak üçin özem Mälige kömekleşdi. Komsomollaryň hasabat-saýlaw ýygnagynyň ös ýanynda partorg öz howatyrlanýan zady barada Begjanowa çybanyny ýarmasa ynjalmady... – Maňa-ha entek syzgyn berilýän zat ýok welin, ýöne, raýkomkomsomolyň-a hyýaly komsorg edip Hajyny saýlamakmyka diýýän. Hajyň ady tutulandan Begjanowyň ýüregi ýaryldy. – Haýsy Hajy? Arzygülüň ogly dälmi? A bolasy jikjerýä diýýän-le. Ýitirsenäý seňňem komsorg etjek bolýan adamyňy. Ejesi ikisinden ozal bizar dälmi siz. Komsorg dagy edäýseňiz bu taýdan başyňy alyp sag-aman çykyp bilseň kaýyl borsuň. Partorg ýeňsesini gaşap, ýaýdançly gürledi: – Wah, maňa galsa etjegimi bilýän-le welin... Begjanow has rüstem gürledi. – Häzir bizi nä güne salýa o diýip, bu diýip. Komsorg dagy bolaýsa ataýry ýaly depäňe çykar. Oň ugruna özüň ykjam çyk. – Näbileýin-dä oň kandidaturasyny aýyrdyp bolaýsa. – Bir-ä entek goşunçylykdan geleli bäri alty aýam bolanok diý. Onsoňam gulluga gitmänkä o ýaşulyň gyzy bilen arasynda bir gürrüň bolupdyr. Täzeräk ol Mülliň aýalynam zorlajak bolanmyş. Göwnemänsoň pyçak alyp topulypdyr. Olaň üstüne Garly, Mülli hemem ejesi gelipdir. Ol gelip gaçyp sypypdyr diýýärler. – Mülliň gelniniň nähilidigini il bilýär ahyryn, Han aga. Ony zorlamak nämä gerek. – Ýeri bolanda näme, saňa Hajyny komsorg saýlatmazlyga delil bolsa bolýa-da. – Näbileýin-dä. Ýeri, subut et diýseler näme diýerin? – Sen ýygnakdan öň şeý diý-de bir myş ýaýrat. Öz oglanlaňdan birine-ikisine hemem Garla-da çykyş et diý. Şu işleri oňarmajak bolsaň häzirden aýt. Bu işleri edil şänik döwen ýaly edäýjek ýigitler kän. Düşündiň dälmi? – diýip, Begjanow ýene-de bir gezek partorgy berkitdi. – Hany bir göreli. Hanalyýew iki daşyň arasynda galypdy. Ol indi hasam ynjalykdan gaçdy. Çaltrak şu ýerden çykanyny kem görmedi. Begjanow: – Näme habarça dokumentleri görkezmän bolmadymy? – diýenden gapa tarap ýöneljek bolup duran partorg ziňkildäp gitdi. – Ýapyşyp ýatyr how, Han aga. Oň edil ýapyşak boldugy. Ýogsam, partiýanyň raýon komitetinden ygtyýar bolmasa, pagta bilen baglanyşykly dokumentleri berjek däl diýibem gördük. Ol bir görsek raýkomyň birinjisine jaň edip otyr. Olam habarçy näme sorasa görkeziň diýdi. – Habarçyň gaýtdymy ýa-da entek obadamy? – Bilemok-da, Han aga. Hajyň guýrugyna tirkelen ýaly bolub-a ýördi. Komsomol ýygnagyna-da galsa gerek. Begjanow daýaw göwresini kreslodan sogurdy-da sesini-üýnüni çykarman ikibaka ýöräp ugrady. «Hop ýagşy. Hany göreli-bakaly». * * * Hajy bilen Mälik komsomol ýygnagyna apparatlaryny alyp baranlarynda partorg: – Bu günki ýygnakda aç-açan gürrüň ediljek. Şoňa görä-de kese ýerden gelen adamyň işi ýok – diýip, Mäligi zala goýbermejek boldy. Aňyrrakda komsorg bilen gürleşip duran Süleýmanowa muny diňläp duran eken. – Zyýany ýok. Komsomolda gizlin gürrüň bolmaz – diýeninden soň, Hajy bilen Mälik zala girip gitdiler. Ýygnak uzaga çekdi. Beýle çekeleşikli ýygnak bu ýerde hiç-haçanam bolmandy. Ahyryn Haja-da söz berildi. Ol gürrüňi komsomollaryň passiwliginden başlady. – Meselem Begjanowly meseläni alyp göreliň! Onuň adamlar bilen işleşip bilmeýändigi, arassa däldigi köre hasa ahyryn. Onsoň ferma müdir belemän, gaýtam ony jenaýat jogapkärçiligine çekmel-ä. Zalyň gohy barha artmak bilen. Şobarma-şa-da öňräkde oturan ýaş ýigit ýerinden turdy-da: – Han agany jenaýata çeker ýaly han-ow seň faktyň bamy? Ýöne agzyňa gelenini samahyllap dursuň – diýip gygyrdy. – Men fakt bolmasa beýle zatlary aýman-a. Äsgerilmän edilýän zatlar şü. Onsoňam diňe bir Begjanow bilen baglanyşykly däl, başga-başga has düýplüräk faktlaryň bardygyna-da gözüm ýetýä. Komsomol ýygnagy ýerli radio boýunça eşitdirilensoň bu gürrüňlere Begjanow öýünde oturan ýerinden barha çyrpynýardy. «Duruberiň bakaly, men jenaýata kimi çekmelidigini, kimem nirä ugratmalydygyny gözüňize görkezerin». Hajy çykyşynyň soňuny sowhozyň merkezi posýologynda «Ýeňiş» skwer-kompleksini döretmäge syrykdyrdy. Komsomollar Hajynyň bu teklibini goldap, sowhozyň işçileriniň umumy ýygnagyna hödürlemegi karar etdiler. Ýygnakda komsomol komitetiniň täze sostawy saýlananda Hajynam goşdular. Sekretar saýlajak bolanlarynda onuň özi razylyk bermedi. Häliden näderini bilmän, elini-aýagyny ýitirip oturan partorg şondan soň biraz ynjaldy. – Işlänok diýip, ähli günäni komsorgyň üstüne atyp bolmaz. Döwür şeýle, eger ýolbaşçylaň diýenini etmän, öz işini eden bolsa muny uzak saklaslaram ýok. Şoňa görä-de, men ony ýene-de bir gezek synap görmegi teklip edýän. Tamany ödemese, islän wagtymyz täzeläp bileris-le. Komsomol komitetiniň çlenleri Hajynyň bu teklibi bilen razylaşdylar. Hoşlaşjak bolanlarynda Süleýmanowa Haja gaýybaia okuwa girmegi maslahat berdi. Okuw hakynda onuň özem pikir edýärdi. ýöne belli bir netijä gelip bilmän ýaýdanyp ýörşüdi. «Ýeri, nirä synanmaly? Ozal-a seň bar arzuwyň harby uçilişä girmekdi. Harby adamlaram-a gerekse gerekdir welin, tertip-düzgüni bozýanlardyr jenaýatkärleriň garşysyna göreşer ýaly ýurist ýa-da milisiýanyň işgäri bolup bolsada-ha kem boljak däl. Ýöne bu ugurlarda işlejek bolsaň aýgytlyrak hereket etmelem bor. Asyl jenaýatkärlere girere deşik galmasyn-la...» Hajy komsomol ýygnagyndan soň «çaýlaşaly» diýip, Mälik Altyýewi öýlerine alyp gitdi. Hajylaryň köçesiniň ugrundaky garaňky ýerde duran maşyn birden ýöräp ugrady-da, göni olaryň üstüne gaýtdy. Hälem ýoluň bir gapdalyna zordan sowulyp ýetişdiler, ýogsam-a tas maşynyň aşagynda galmaly bolýardylar. Hajy maşynyň yzyndan näçe seretse-de çyrasy ýanmansoň nomerini görüp bilmedi. «Be, bu nämäň alamatyka?» Çaý-çörek iýlenden soň Mälik gaýdarman boldy. Hajy ýat-da ötägit diýip näçe özelense-de gaýdanyny kem görmedi. – Gideýin-le. Ýatyp geljek diýmänsoňum ejemem tä barýançam ýola gözüni diker oturar. Aý, onsoňam ýene basym gelerinem-le. Ozalam-a şübhesi ýetikse ýetikdi welin, ýöne çyrasyz maşyn bilen bolan wakadan soň-a Hajyň howsalasy hasam artdy. Şoňa görä-de bu wagt dostuny goýberesi gelenokdy. Ýöne Mäligi saklap bilmejegini aňandan soň öz şübhesi hakda oňa syzgyn bermedi. – Onda apparatlaňňy goý-da ötägit, ýük edinip ýörme. – Dogrudanam goýaýaýyn-la. Hajy dostuny kanalyň köprüsinden geçirip goýbermegi makul bildi. Şeýdibem Haja «Ýawasy» bilen öňden, Mäligem «Zaporožesi» bilen yzrakdan ýöräp ugradylar. Obadan ep-esli açyklykda kanalyň bärräginde, ýoluň gündogar ýüzünde öwlüýä bardy. Öwlüýäň çar töweregi hatda onuň gapdalragyndan geçýän ýoluň iki tarapam ýylgyn jeňňelligi. Jeňňellige golaýlaşanlaryndan Hajyň ýüregi ýakymsyz zady syzan ýaly boldy. Dogrudanam jeňňellige girip ugranlarynda bir eli fonarly, beýlekisi ala taýakly adam olary saklady. Durmasaňam etjek alajyň ýok, batlyrak sürüp ala taýaklyň duşundan geçäýeniňde-de aňyrrakda ýoluň üstünden dartdyrylan ýogyn sim olary goýberjek däl. Edil şo ýerde ýol daralansoň yza öwrülmäge-de maý ýok. Bardy-geldi Hajy motoryny yza öwrüp biläýende-de, Mälik maşynyny öwrüp ýetişjek däl. Garaz, «maňlaýda ne bolsa görülsin indi» diýip durubermekden başga alaç galmandy. Onýança-da ýoluň gyrasyndaky agaçlaryň düýbünden ýüzi maskaly adamlar çykyp başlady. – Ýer-ow gadyrdanlar, ýarygije nirä ýola rowana bolduňyz? – Gaty uzaga-ha gitmekçi däl. – Beýle bolsa dokumentleriňizi göreli. – Görjegiňiz dokument bolsun – diýip, Mälik maşyndan düşüp, olara garşy ýöredi. Hajy «Gerek däl» diýip, yşarat etse-de Mälik ony görmedi. Onsoň Hajam nalaç barmaly boldy. – Bulara dokument gerek däldir-le. Maskalylaryň biri: – Sen näm-ow jikjerýän? – diýip, Hajyň alkymyna dykylyp geläge-de ýumrugyny aýlandan, ol sowulmaga ýetişdi. Hajyň özem gowy maý alyp, onuň hakyny ýetirdi. Soňra özüňe tarap ýöräp ugran iki maskalynam ýolbars böken ýaly edip aşagyna düýrledi. Şol aralykda ol ýerde gymyldaman ýatan Mäligi depýän maskalylary gördi. Olar ýetişip bildigine Mäligi depýärdiler. Hajy bara-barmaşa olaryň birini kakyp serreltdi. Ýöne haý diýmän, onuň öz arkasynada hopba bolundy. Hajy ony pylçap goýberdi-de beýlesinden ýetip gelýäniň ýakasyndan tutup, batly suňşurdy. Hajy näçe daýaw bolsa-da maskalylaryň sany köpdi. Şeýle-de bolsa Hajy Mäligiň daşyndakylary gyran-jyran etdi. Olaryň biri ahmallyga salga jaýdar dependen Hajyň başy aýlanyp, gözüniň öňi garaňkyrap ugrady. Urgy Hajyň bitip ugran ýarasynyň üstünden düşüpdi. Ýiti agyry barha ýürege ornamak bilen. Ol edil çynar ýykylan ýaly gapdala agyp gaýtdy. Maskalylar indi Hajydan gaýtawul bolmajagyny bilip, daşyna üýşdüler-de, çem gelen ýerine depip, endam-janyny tultuk etdiler. Olardan gaýtawul bolmaz ýaly edensoňlar, maskalylar Mäligiň maşynyna tarap ýöneldiler. Maşyny gyzyl-dörjük etselerem wideokameradyr kassetalary tapmadylar. Olar paltasy daşa degip yzyna gaýtdylar. Gaýdyşyn kanistri alyp gelip, Hajydyr Mäligiň üstüne benzin sepişdirdiler. Biri otluçöp çakyp otlamakçy bolanda aňyrrakda duran ony saklady. Ol gelen şefdi. –Ýok, o bolmaz. Entek kassetalary tapmasak bulardan dynmaň gürrüňini etmäň. Baýrak bize kassetalar üçin goýuldy. Äkideliň, galanyny daçada gürleşeris. Özlerine gelensoňlar kassetalaň nirededigini aýtdyrarys. Ýeriň deşiginde bolsa-da, hatda bulaň öýlerinde bolsa-da, tapmalam, almalam. Şol wagtam oba tarapdan çyra göründi. Maskalylaryň biri gaty sygyrandan olaryň arasynda erewde-berewlik başlandy. – Şef ýeri, bulary näderis? – Ýylgynyň düýbüne süýşüriň. Maşyn geçensoň alyp gideris. Maskalylar Hajydyr Mäligi gaty çalasyn ýylgynyň düýbüne süýşürenlerinden ýoluň ýakasynda bukup goýan motosikllerine bakan eňdiler. Göz açyp-ýumasy salymda-da edil garasar uçan ýaly göterildiler. Oba tarapdan gelýän maşyn raýkomkomsomolyňkydy. Süleýmanowa ýygnakdan soň komsomol guramasynyň sekretary bilen gürleşip eglenipdi. Ýakup milise-de raýon merkezinde ýaşansoň olara daklyşypdy. Olar ýoluň gyrasyndaky motosikldir, onuň gapdalynda ýatan kaskany görüp durdular. Hajydyr Mäligiň iňňildisini eşidibem şo tarapa eňdiler. Ýakup fonar bilen ýagtyldyp Hajyny derrew tapdy. Ýüzi garagan bolansoň, Süleýmanowa ony zordan tanady. – Wiý, asyl bu sizmi? Şofýor ýigidem Mäligi arkasyna alyp diýen ýaly zordan getirdi. Ýakup bilen Süleýmanowa Hajyny dikeldip oturtdylar. – Ýer-ow, bu nähili ahwalat boldy? Hajy Ýakubyň degişmesine ýylgyrjak boldy. Ýöne ýylgyryp bilmedi. Ol zordan gürledi. – Mäligi ugradaýyn diýsem, öňümizden çykdylar-da... Süleýmanowanyň ýüzi barha gamaşýardy. – Biz indi şeýdip elimizden hiç zat gelmän, gezip ýörmeli bolarmykak? Hajydyr Mäligi maşyna mündürenlerinden soň Süleýmanowanyň özi ruluň başyna geçdi. Ýakup «Zaporožesde», şofýor ýigidem «Ýawada» onuň yzy bilen ýörediler. Endam-janynyň yzasy Haja barha berk bildirýärdi. * * * Aýnaň öňünde ýüzüniň sypjyrylan ýerlerine derman çalyp otyrka Hajyň gözi birden kellesindäki ak gyla düşdi. Ony sypap oturyşyna ýoljagynam bilmedi, ýolmajagynam. «Ýaňy ýigrimi ýaşadyň kelläňde bolsa eýýäm ak saç bar...» * * * «Ýogsa-da maskalylar bilen deňňeneçileriň arasynda bir baglanyşyk bar bolaýmasyň. Çynymyzy etsek deňňeneçiler-ä anyklap bolsa-da bolar welin, ýöne, maskalylary näbileýin-dä... Deňňeneçilerden Mülliň habarynyň barlygy çynmyka? Onda-ha olary ele salmak şeýlebir kynam bolmasa gerek...» Hajy ýerine geçip gyşarsa-da gözüne uky gelmedi. Dik oturdy. Bir salymdanam Müllülere tarap ýola düşdi. Barsa onuň tamynyň gapysy gulply eken. «It aýagyny iýen ýaly, bu wagt nirede entäp ýörkä?» Hajy töweregini garanjaklabam birsalym durdy. «Merjen eje-de ýene zeýrense zeýrener welin, näme-de bolsa gelipdirin ýagdaýlaryny bir soraýyn» diýip, ol ahyryn mellegi ikä bölýän peliň ugry bilen ýöräp ugrady. Salam berip girenden törde bükülip ýatan Müllä gözi düşdi. Diňe şondan soň ol biraz ynjaldy. «Şül-ä bolaýypdyr. Ýeriň ýüzünde eneli-ogluň diňe ikisi. Olaram biri-biri bilen gepleşmän, öýkeli bolşup ýörseler şondan beterem bir kyýamat bomy? Ozalam ynsanyň näme ömri bar, ojagazam it bilen pişik ýaly bolup geçirse...» – Merjen eje Haja gözi düşenden çalaja gozgandy. – Saglykmy guzym, gurgunmysyň? Mülliň ýüzüni diwara öwrüp ýatyşy. Hajy oňa gözüni ümledi. – Näme ýaranokmy? Garryň sesi gussaly çykdy. – Muňky şo bir keseldir-dä. Zährimary tapyp dursa-ha adam, ýogsa-da hassa – diýip, gyňajynyň çowy bilen gözlerini süpürişdirdi. «Aý, Mülli, dostuň bar bol-a. Ýeri, neşe öwrenmek nämäňe gerek diýsene. Adamlar öz eli bilen nä günlere düşýär. Ýa-da «Dokluk belasy açlyk belasyndan beter bor» diýilýäni çynmyka?» Bokurdagy dolup oturan garry ardynjyrady-da, gürläp başlady. – Hajy, muny bejerdip dagy edip bolmazmyka? – Bor-la, hany soraşdyryp bir göreýin – diýip, Hajy çalaja gürledi. – Şeýtsene guzym. Bejerdip bolaýsa-ha bir gowy zat welin, näbileýin-dä. Birsalymdan Mülli bärsine öwrüldi. – Sen Hajy entek azar edinme. Hany özümem bir göreýin... – Bor-da... Ýagşy onda, men-e turjak. Merjen ejäň aladaly nazary bir-ä ogluna, birde Haja gönügýärdi. Mülli ysgynsyzja sesi bilen ýene-de gürläp başlady. – Hany, otursana birsalym. Bolgusyzja üsgülewik oňa uzak gürlemäge maý bermedi. – Eje, çaý goýsana, ajyrak çaý içsek dagy birneme gowulaşmazmykam! Merjen eje çaý goýmaga çykandan Hajy: – Mülli diýýän-ä, şu tiregi nireden alýaňyzaý? – diýdi. – Puluň bolsa tapylmaýan zat bamy? Ýöne ine, biz ýaly üçin «keýigiň şahyna çykdy» ol. – Garaz, anda aýtjak däl-dä. – Aý, nämä geregäý? – Bolýa-da onda. Seň bilen adam ýaly gürleşip bolaýarmyka diýipdim welin, boljak däl öýdýän... Hajy turarman boldy. – Otursanaý, birden ýüregiňi eliňe alyberýäň. Ýeri, tiregi nireden alamda saňa näme? – Sen bilýäňmi, tirek zerarly näçe adamyň san- dan çykýanyny, keselleýänini, heläk bolýanyny? – O diýeniň-ä şeýle-le. Dostunyň çynydygyna mazaly gözi ýetensoň Mülli üsgülewüge bogulyp birsalym oturdy. – Biz-ä how, Garlydan alýas, il-ä bilemok welin. – Şeý diýsene asyl. A Garlyň nireden alýangny-ha bilýän dälsiň? – Aý, oň bize aýtjak gümany bamy? Ýöne iki gürrüňiniň birinde «şef-ä» diýýä. Hajy onuň ýüzüne seredip, diňşirgäp oturdy. – Men senden bir zat sorajak... Eger dogryňdan gelseň, seni öz brigadamyza işe aldyrmaga synanyşyp göreýin. Mülliň kükregini ýassyga diräp ýatyşy. – Obada bir şaýka bamyş. Olara «deňňeneçilerem» diýýäler öýdýän. Şondan seňňem hökman habaryň bolaýmaly. Mülli nury öçen gözlerini Haja öwürdi-de: – Ä... ä. Seň o diýýäniň Garly garnyň şaýkasydyr-ow – diýip, agzyny giň açyp pallady. «Bäý, Garlyňam ýetmeýän ýeri ýog-ow onda». Hajy Mülliň ýüzüne seretdi-de, gürrüňini dowam etdi. – Näme, olar seni goşanoklarmy? – Goşarlar-la, puluň bolsa. Oňa pul gerek. – Sen olaň haçan, nirede ýygnanyşýanlaryny bilip bilmezmiň. – Aý, indi men şony görjegem, biljegem bolmaýyn-la... – Mülli, sen bir zada düşün, olaň özler-ä bir sandan çykýar, üstesine töwereginem ulukjyn açdyrýar. – Maňa nähili ýumşuň bolsa buýur. Ýöne indi «Garlyň ýanyna bar» diýme. Hajy ellerini owkalap ugrady. – Seň ýagdaýyňa düşünýän-le... Ýöne bu işe senden gapyl adam ýok. Mülli meýmireýän ýaly ep-esli wagtlap ýere seredip oturdy. – Garly beg, öz-ä ýeserdir-ow... Näbileýin-dä. Onsoňam arakydan soň gürleşmeg-ä beýle-de dursun, on ýüzünem görýän däldirin. – Wah, ol-a şeýledir-le weliň, dagy alaç ýok. Sen gaýrat et. Oňa ýalbaran bol, «gelnimi tapyp ber» diý. – Gel, şu gelinli gürrüňi goýaly-la. – Näme-de bolsa gaty ynandyryjy bahana gerek bor. – Göreli-dä welin, meň olara goşulmanyma ep-esli wagtam bolaýypdyr. – Olara goşulmak üçin näme etmeli? – Garly öňünden pul ýygnaýandyr. Ýa-ha elli manat çemesi pul bermeli, ýa-da et tapmaly. – Pulam gerek bolsa, etem gerek bolsa biz tapyp bereli. – Bolýa-da onda, synanyp göreýin. Sen bir toklyny ýa-da çebşi taýýarlaý. Pul alyp barsam Garly garyn müňkürlik edermi, nädermi. Hajy bu meseläni birýüzli etdim hasap edip, Mülliň ýüzüne seretdi. Onuň ýene-de bir zat diýjek bolýanyny Müllem aňýardy – Mülli diýýän-ä, sen maskalylar hakynda-ha bilýän zadyň ýokdur? – O nä maskalylar? Dostunyň olar hakynda hiç zat bilmeýändigini bilensoň turup ugrady. «Ýa-da olar başga şaýkamyka? Belki-de hakyna tutulanlardyr?» * * * «Ýeňiş» skwer-kompleksini, şeýle hem onda ýadygärlikdir muzeý döretmek karar edilip, ýer bölünip berlenden komsomollar oňa şeflik edip başladylar. Olar bada-bat Beýik Watançy yk urşuna gatnaşanlar, uruş döwründe tylda iş gänler hem-de Owganystanda gulluk edenler barada eksponat ýygnamagyň ugruna çykdylar. Muzeý döretmek baradaky toparyň ýolbaşçysam Hajydy. Hajy Salar agalara tarap ýörese-de ýöredi welin, ýöne çekinjeňlik syýyndan aslyşyp, ýöremäge maý bermejek boldy durdy. Asla Hajy olara ýoldaşly barmaň gowudygyny ýa-da ýeke barmaň gowudygyny bilmän, ýaýdanybam köp gezdi. Ahyryn ýeke barmagy ýüregine düwdi. «Nämeden başlamaly?» Salar agaň agtygy Narlam Owganystanda gulluk edýärkä wepat bolanlaryň biri. Hajy baranda Salar agadan başga adam ýok eken. Ýaşuly gapyda tirtlik samany owkalaşdyryp otyrdy. Saglyk-amanlyk soraşylandan soň Hajy özüniň näme iş bilen gelendigini aýdanda ýaşuly ellerini biri-birine kakyşdyrdy-da, turup ugrady. Ol öňe düşüp barşyna içki otaglaryň birine girdi. Bu otag Narlyňkydy. Ýaşuly otaga bir- laý gözüni aýlady-da, Hajyň ýüzüne seretdi. Hajyň serenjam berlen otagy synlap durşy. Bu otagyň özi edil muzeý ýaly. Hemme zat ýerbe-ýer. Aňyrky diwardaky uly halyň ýüzünde Narlyň portreti asylgy dur. Portrete gözi düşenden Hajy kürtdürdi. Narly diýseler Hajy odur öýdenokdy. Hajy ýedinji klasda okaýarka Narly mekdebiň komsorgydy, okuwyna ýaramaz ýetişýändigi, tertip-düzgüniniň ýaramazlygy barada Hajyny çagyrakda hiç käýemezdi, diňe ýylgyrardy-da: «Näderis, gaýrata galarysmy?» diýerdi. Onsoň Narlyny görende Hajy özüni müýnli duýýardy. Özüne seredip duran portret häzirem Haja: «Näderis, gaýrata galarysmy?» diýip, ýylgyryp duran ýaly. Hajy oňa uzak seredip bilmän, ýüzüni sowanda ýaşula gözi kaklyşdy. Ýaşulyň gözündäki ýaşy görüp onuň hasam weji gaçdy. Hajy Salar agany synlap durşuna onuň ýüzünden «Men agtygymyň ölüminiň sebäbine düşünemok, biziň Owganystanda nähili borjumyz bolup biler sen hany şony maňa düşündir» diýen sowaly okady. Onsoň ol şu ýerden çaltrak gidenini kem görmedi. – Salar aga kyn bolmasa Narlyň zatlaryny jemläp goýsaňyz, soň alyp gideris – diýdi-de, ýuwaşja- dan çykyp ugrady. Ýaşulynyň bolsa şindizem portrete seredip, doňup durşy. * * * Garly garnyň şaýkasynyň çlenleri ýetjek derejesine ýetipdi: ikibir-ikibir çatlyşyp, biri-birine kellesini degirjek bolşup, myňňyldaşyp ugrapdylar. Penjiräň öňünde goýlan akkumulýatordan potolokdaky çyra sim çekilip, içerini şol ýagtyldýar. Gapyň agzyragynda çoýun peç gübürdäp ýanyp duransoň, içerdäkiler derleşip otyrlar. Olaryň dik oturany haýsy, paltosydyr penjegini ýassyk edinip gyşaryp ýatany haýsy, garaz, şu wagt dünýäni suw alaýanda-da, olarys topugyna çykjak däl. Törräkde ýatan Gandym keldi-keldi-de, ümezläp duran gözlerini elek-çelek edip, birsalym oturdy. Ol tirsekläp çaý süzüp oturan Garlyň golaýragyna ýassygyny süýşürdi. – Garly halypa, araky ýaly talaplyrajyk ýumşuň ýokmaý? Gandym kel çaý guýunmaga durdy. Garly gabaklaryny galdyryp oňa bir seretdi. – Yzynda durup bilseň, ýumuş tapylar-la. – Oňňam bir gürrüňi bomy, suw ýaly motoryň ýanynda. Garly çäýnegiň düýbüni käsesine sarkyrdy. – Ine, şu günem töwekgeliňiz bolsa ýene-de talap boljakdygyny aýdaýyn diýip ýygnadym. Kimiň hyýaly bolsa. Gandym gözlerini gyrp-gyrp etdi-de: – Onda dost, meni bir unutmawergin – diýdi. Aňyrrakda arkasyny diwara ýaplap, pallap oturan Çoluk Şagal: – Äý, hyşy-wyşyňyzy goýuň-äý. Näme gepiňiz bolsa eşitdirip gürläň – diýip myňňyldady. Ýöne oňa, «Aýdýanyň näme?» diýýänem ýok. Ol onsoň hekgeribiräk oturdy. – Äý, Garly, bilýäňmi näme, hakyt sen maňa ikI bolup görünýäň-dä. Garly bu gezek onuň gürrüňini eşiden borly. – We, biz saňa ýaňy iki bolup görünýäsmi? – diýip käsäni doldurybyrak arak guýdy-da, Çoluga uzatdy. – Me, hany şujagazam bir gönder, onsoň näçeräk bolup görnäýerkäk? – Garly, maňa «iç» diýmesene, «çek» diýseň başga gürrüň. – Ýüregiňi eliňe alybermesene how, häzir çekersiňem. Hany entek şujagazy bir göter. – Aý, ýüregim bulanýalaý... – Il-ä muny seň ýüregiňe derman bolsun diýip berýä. Ýagşylygy bilmez şagal deýýus-a. Elindäki meň bilen temmäkini owkalap boş papirosa dykjak bolup yranyp oturan Kertik göknar sykylan käsesinden owurtlady-da: – «Ýagşylyk et-de deňze at, halk biler» – diýipdirler. Garly han, şagal içmese içmesin, bärik uzadaý – diýdi. – Nädäýdiňaýt. muny, nakyl aýdaňda-dagy edil eşege ters münen ýaly edäýýäň. – Aý, tapawudy nämaý. Bar şomuşdykda. Synçgylawugy tutup duran Çakan elindäki çilimini peçe oklap goýberdi. – Mirap aga, näme adamlary ala tutýaň? Dillenäýmese biz ýala-ha hakynam berjek däl öýdýän sen. Arz ederis how, oba şurasyna. Garly loh-loh edip güldi. – Geregiň suw bolsun Çakan batyr. Heý seňňem bir hakyňy iýip bomy? Ol dikelip oturdy-da: – Hany onda atly atyny tutsun – diýip, boýnuzyn çüýşä elini ýetirdi-de, uzaşyp duran käselere arak paýlady. – Onsoňam diýýän-ä... Hemme kişi şo bada durşy bilen gulaga öwrüldi. – Her kim öňki haryt äkidýän ýerine gitse razy dälmi? – diýip, ol ýoldaşlarynyň ýüzüne seretdi. Gandym göýä özi kem galyp barýana döndi. – Aýtdym-a özüm bir zat ederin diýip. Haçandygyny aýtsaň bolýa. – Ýüregiňi eliňe alyberme how, Gannym aga! Etjegiňiz ýumuş bolsa hemmäňize-de tapylar. Onsoňam men sizi has ynamdarrak göremsoň aýdýan. Ýogsam... – Bizden ýaňa arkaýyn bolsana. Haçanrakdygyny aýtsaň bolýa. – Bu gün, erte bolsa gerek. Özüm duýduraryn. Aragy birnäçe gezek gaýtaladylar. – Çaýjagaz ýokmaý? – Ind-ä birsalym «klarnet» çalşaýsagam bilman durjak däl ýaly... Garlydyr nökerleri tüýdükleridir, çäýnek-käselerini alyp, peçiň agzyragyna süýşdüler. Peçe sokulyp çym-gyzyl bolan oragy bir eline, ujuna tirek dürtülgi inçejik simem beýleki eline alyp, agzy tüýdükli eglip ugrandan Garlyň gözi gapyň agzyragynda arkasyny diwara ýaplap ýatan Müllä düşdi. Onuň ile goşulman ýatyşy Garlyny iňkise goýdy. «Be, muňa nä jyn urduka? Onuň bolşy hemişeki Müllä-hä meňzänok...» ...Düýn Mülli Hajylara gelip, ertir agşam Garly garnyň şaýkasynyň gumuň Çürnek diýen oýundaky kaşara ýygnanýandygyny habar beripdi. Bu oýda çopanlar bir-ä owlak-guzy alynýan döwürde, birem gyrkyma gabat bolansoňlar kaşar başga wagt galapyn boş bolagandy. Ertesi ikagşamdan «Şurawi» otrýadynyň çlenleri Ýakubyň kabinetine ýygnandylar. Otrýad sagat on birden geçiberende ýola düşdi. Maşynlar uly ýoldan sowulynýan ýerdäki eginden geçilip, çuň gollaryň bi- rinde goýuldy. Aňyrlygyna pyýadalamalydy. ...Garly ýoldaşlarynam ät etdi. Ol elindäki gyzaryp duran oragy oklap goýberdi-de, Mülliň golaýyna süýşdi. – Näm-ow sen beýle mysapyrsyran bolýaň? Mülli üstüne abanyp duran Garla kellesini galdyryp seretdi-de: – Birhili ugrum ýok – diýdi. – Oň ýaly bolsa ýagşy-la. Ol kagyz tüýdükleriň birini Müllä uzatdy. – Hany, şuny al-da peçe golaý süýş, nädersiň häziriň özünde tut ýaly bolaýsaň. Mülli sesini çykarmady, ýatan ýerinden gozganjagam bolmady. Garly bolsa ony synlap ýene-de birsalym durdy. – Ýa-da içjekmi? Müllüden wagty bilen jogap eşitmänsoň, Garly käseleriň birine arak guýup, ýarty etdi. Ol eli arakly Mülliň alkymyna dykylyp bardy. – Senden soralýa, içjekmi ýa çekjekmi? Beýlekileriň gözlerini gerjeşdirip, irikgä bolup oturyşlary. Tüýdügini çemeläp oturan arryklaç Köse Garlyny has-da gižželedi. – Belki ikisinem etjekdir. Ol arakly çüýşäni alyp, çaýkanjyrap turup ugrady. Käsäňdäkini azrak görýän bolaýmasyn? Köse Garlyň elindäki käsäni arakdan püre-pür doldurdy. Garlyň Müllä barha jyny atlanýardy. – Saňa diýilýä how. Mülliň şo kellesini ýassykdan galdyrman ýatyşy. Sen şu ikarada sopy bolaýmadygyňy bilýän hödür edilende alsaň gowy bor. «Şurawi» otrýadynyň çlenleri kaşaryň ýanyna ýetipdi. Olar kimiň nirede, haçanrak nähili hereket etmelidigini «bişirmäge» durdular. – Elbetde, gapydan ilki özüm girmeli borun – diýip, Ýakup esasy jogapkärçiligi öz üstüne alarman boldy. Bu wagt Hajyň Ýakubyň ýüzüni göresi gelýärdi. Gapydan ilki girmek gaty töwekgelligi talap edýär. Ýarygije bu çöle çykyp, meýlis gurap bilýänlerden nämä garaşsaň garaşybermeli. Hajyny ölemen gyzyklandyrýan ýene bir zat: olam Ýakubyň öz gulluk borjy bolanlygy üçin şeýle diýýändigini ýa-da şu şaýkany şeýle ýigrenip, ony ýok etmäge tüýs ýürekden ýapyşýandygyny – onda wyždanlylygyň aňyrbaşynyň jemlenýändigini bilmek. Hajynyň pikiriçe wyždanlylyk diýen düşünje üç kategoriýa bölünýär: birinjisi şeýle etmegiň zerurdygyny, şeýle etmeseň dagy ýagdaýyň ýokdugyna ymykly gözüňi ýetirip hereket etmek, ikinjisi gulluk borjuň bolansoň hereket etmek; üçünjisi bolsa tüýs ýürekden hereket etmek. Elbetde, wyždan diýen zat adamyň zandynda bolmasa şu kategoriýa degişli hereketleriň hiç haýsynam edip bolmajagyna onuň akly çatýar. Ýöne wyždan kategoriýalaryndan iň naýbaşysyny – tüýs ýürekden hereket etmegi adamlaryň hemmesiniň kalbyna guýup bolsady, onda ýetilmejek sepgidiň bolmajagyna-da, dünýäde ähli zadyň gülala-güllük boljakdygyna-da ol gaty gowy düşünýär. Hajy ýene-de Ýakubyň ýüzüne seretdi. Şular ýaly jygba-jygly pursatda adamda ozal bilinmeýän, görünmeýän sypatlaryň peýda bolýandygyny ol göre-göre gelýär. Käwagt gorky duýgusynyň mertlikdir batyrlykdan rüstem çykýan wagtlarynyň bolýandygyndanam ol habarly. Hajy sesini çykarman durşuna tirekden ýaňa meýmireşip eplenişip ýatan pyýadalary göz öňüne getirjek bolup azara galýar. «Bu biweçlere nädip şu zatlaryň biderekdigini düşündirip borka? Bulaň nä maksat bilen özlerini neşedir aragyň pidasy edýändigine, ruhy taýdan tozýandyklaryna düşünemok. Ruhy taýdan tozmagy özüm-ä ölüp, ýok bolup gidençe-de görjek däl. Ölen-ä ölýä gidýä, o ruhy göýdüklere bolsa uly il nälet okaýa. Ýöne her zat etmeli welin, bulary bu kärlerinden el çeker ýaly etjek bolmaly...» ...Bir gezek Hajy duşman bandasynyň çlenlerinem toba getirmäge synanypdy. Bir bölek goşunyň Seýit Ahmediň obasyna çozandygy barada habar gelipdi. Banda berlen buýruk nirede-de bolsa Seýit Ahmedi diri tutup, ony Pakystana aşyrmak. Şonuň üçinem kontrrewolýusiýa bu gezegem Seýit Ahmet öýündedir diýen umyt bilen çozupdy. Owganystanyň hökümet goşunlarydyr sowet goşunlarynyň esgerlerine berlen tabşyryk bandalara tarap ok atman, olar bilen mümkin bolsa gepleşik geçirmäge synanyşyp görmek. Eger olaryň ýüregini milli ýaraşyga uýduryp bolsa, onda ýene-de ep-esli adamyň halk häkimiýetiniň tarapyna geçmegini gazanyp boljak. Şonuň üçinem esgerler bandalaryň göräýjegräk ýerinde ak baýdagy galdyryp garaşmaga başladylar. Banda daňdanlar obadan saýlanyp ugrady. Olar aňyrdan gelişlerine baýdaga gözi düşüp, kürtdüren ýaly etdiler. Birdenem atyp başladylar. Indi olar ýöne gyzyl ot bolup ýetip gelýärdi. Maksat bolsa urup-ýaryp geçmek. «Näme etmeli?» Esgerler «Bandalar baýdagy görmeýän bolaýmasynlar» -diýip, has ýokarrak galdyryp bulamaga durdular. Ýöne baýdak tiz wagtdan eleme-deşik bolandan soň, olar bilen gepleşik geçirip bolmajagyna esgerler düşündiler. Indi esgerleriň ýeke-täk maksady ýesir düşen bolsa Seýit Ahmedi halas etmek. Bandalar golaý geldikleriçe iki taraplaýyn atyşyk güýçlendi. Hajyň häliden bäri iki eli bile-n ýüzüni tutup oturyşy. Söweşe gatnaşyşy ilkinji gezek dälem, bolsa, hiç öwrenişip bilenok. Ol özi atmakdan-a geçen, gaýtam her gezek ok degip ýykylýan adam görse tisginip gidýär. Onuň ýüzi çuw ak bolup, başy aýlandy. Bular ýaly atyşyklarda diňe bir öz ýoldaşlarynyň däl, ýaralanýan, heläk bolýan bandaň çlenlerine-de Hajyň ýüregi awaýar. Onuň kalbynda iki Hajy biri-biri bilen gürleşip başlady. «Asla şu söweşler nämä gerekkä? Her kim öz işi bilen gümra bolup ýörse bolmaýamy?» «Wah, näsini aýdýaň! Atyşygy togtadyp, gürleşmäge az wagtlygam bolsa maý bolsady, bu zatlaň biderekdigini olara düşündirjek bolardym». «Asla bulaň dawasyna goşulmaga biziň hakymyz beri bamyka? Belki-de töwerekden goşulmasalar bular biri-biriniň dilini gowy tapar...» «Häk, näbileýin-dä...» Hajy dagyň ýoldaşlarynyň beýleki topary ýeňsesinden hüjüm edip başlansoň, bandanyň çlenleri iki oduň arasynda galdy. Ýöne nähilidir bir ýol bilen olar ýoldaşlaryna habar etmäge ýetişen bolarly, birsalymdan esgerlere ýeňse tarapdaky jülgeden ok ýagdyrylyp başlandy. Söweş ikä bölündi. Esgerleriň beýleki topary bilen obadan çykan bandalar, Hajy dagy bilen bolsa ýeňseden gelenler aldym-berdimli söweş alyp barýardy. Günortana golaý esgerleriň awtomatlarynyň sesi seýrekläp ugrady. Söweş beýle uzaga çeker öýdülmänsoň ok-ýaragam laýygrak alnypdy. Bu ýagdaýy bandaň çlenlerem aňan bolarly, olar indi ör boýuna galyp, gypynç-ýapynçsyz göni ýöreşip gelýärler. Özem olar tüýs «gözsüz batyr» diýilýänler. Hajy banda diýilse-de, olar beýle gaýduwsyzdyr öýdüp pikir edenokdy. Ynha indi welin ýer sürüp, ekerançylyk bilen meşgullanyp ýörmeli, daýaw-daýaw görmegeý, sakgallak, selleli pyýadalar eginleri hatarly, elleri awtomatly müňedekleşip gelýär. «Ellerindäki awtomata derek azaldyr pil bolsa has gowy boljakdygyny olara düşündirip bolmazmyka? Ýöne olaryň bolup gelşi heý, togtadyp bolarlymy?» Hajyň näderini bilmän elewräp durşy. Ol bu wagt awtomatyny çenemän, nilini öwrüp, mäşesini gysyberende-de duşmanlaryň näçesini paýhynlap biljek. Ýöne awtomatyň mäşesine elini ýetirmäge onuň mejaly ýok, ynsaby çatanok. «Adam adam bolýança gör, näçe hupbat ýuwutmaly bolýar. Çagaka-ha ene-ata onuň üçin ençeme wagtlap ukudan galmaly. Aýak üstüne galyp ugrandanam garnyny doýrup, otdan-suwdan goramaly. Şeýdip, yhlas bary siňdirilip, kemala getirilen ynsany ýeke ok dünýä inmedik ýaly edýä oturyberýä. Wah, iň aýylganç ýerem ynsanyň janyny ynsanyň jähenneme iberýänliginde. But adam diýlen zadyň beýle wagşy ýaradylaýşyny... Heý-de seň şu edýäniň telek, gaty gabahat iş diýip, olaryň ýüregine guýup biljek gudrat tapylmazmyka?» Hajy elindäki awtomatyny bat bilen aýlap, daşyň ýüzüne urdy. Ol bandalara «Hany, duruň how, biraz gürleşeliň!» diýip görmegi ymykly ýüregine düwüp, ýerinden galdy. Ýöne, olaryň bolup gelşi hiç zat bilen togtadyp bolarly däl, gaýtam, barha aýgytly hüjüm edýärdiler. Olar Hajyň ýaragsyzdygyny görenlerinden soň-a hasam badyny gataltdylar. Onýança-da niredendir bir ýerden çawup gelen ok Hajynyň uýlugyny gyzdyryp goýberdi. Elini ýetirse eýýäm gara gan. «Sen tetelli ekilmedik ýerde gögerýänlere geregem şüdür». Ozalam başy aýlanyp, entirekläp duran Hajy ýuwaş-ýuwaşdan ullakan gara daşyň gapdalyna syrylyp gaýtdy. Hajyň ýoldaşlarynyň biri ony gören ekeni, bandalara tarap bir granat oklady. Hajy bu ýagdaýlary synlap oturyşyna gözüni berk ýumdy. Gözüni açanda gospitalda ýatandygyny bilip galdy. ...Hajy töweregine diň saldy. Onuň häzir deňňeneçileriň ýanyna baragadan: sagalar, iniler edýäniňiz näme? Neşedir içgiň adamy sandan çykarýandygyny bileňzokmy?» diýäýesi geldi. Ýöne, Ýakup ýapy ýaly bolup duransoň Hajy biraz ýöwselledi. Onuň ýene-de Ýakubyň ýüzüni synlasy geldi. Her bir aýgytly pursatda adamyň ýüregindäkini onuň gözünden okajak bolmak onuň ennigi. «Jygba-jyga gelende ýüzi boz-ýaz bolup durjak adam beýle arkaýyn gürlemez. Her niçik-de bolsa özüm töwekgelligi elden bermäýin...» Hajy çalaja ardynjyrady-da:. – Gapydan ilki men gireýin – diýeninden Ýakup onuň ýüzüne çiňerildi. Onuň bolşy Haja: «Sag bol, halypa, senden tama-da şeýledir. Ozalam-a entek gerçek ýigitler düýbünden gutaraýmadymyka diýýädim-le» diýýän ýaly. Soňra ol biraz durdy-da: – Bilýäňmi sen, olaň ýaragly bolmagy mümkin. Bolmanda pyçaklar-a bardyr. Onsoňam meň gulluk borjum. – Halypa, Owganystanda bulara görä has elhenjiräk bandalaram görlendir. Şeýlelikde, otrýadyň çlenleriniň dördüsine penjiräniň daş ýüzüni saklamak, üçüsine bolsa gapyny garawullamak tabşyryldy. Olar tama baka ýöräp ugradylar. Jaýa golaý baryldygyça içerdäkileriň gohy barha artýardy. Hajydyr Ýakup ikisi .gapyň jaýrygyndan yşyklamaga durdy. Bu wagt içerdäkileriň zatdan habary ýok, gaty arkaýyn. Garly Mülliň ezeneginden tutup, zöweldip dur. – Hany, aýt, sen kime satyldyň, hä? Ol Mülliň garnyna bat bilen urandan Hajydyr Ýakup ikisi içerik urduryp girdi. Olary görenden Garly birbada aljyrajak boldy. Ýöne gaty tiz neneňini dürsedi. Onuň gözi edil gapyllykda üstüni aldyran ýyrtyjynyňky ýaly ýyldyrady. Ol penjire gözüni aýlady. Ýöne o taýda-da adam bardygyny derrew saýgardy. Onsoň bir dem pikirlendi-de ýerinden böküp turdy, çalasynlyk bilen akkumulýatordan gelýän simi gopardy. Indi içeri tüme döndi. Hajydyr Ýakup ellerindäki çyra bilen içerini ýagtylatdylar. Ýöne, Garly eýýäm ortadaky tirekli, göknarly, meňli düwünçegi syrmaga ýetişipdi. Onuň hyýaly düwünçegi peçiň agzyndan oklamak. Ýöne oňa maý bermediler. Hajy Garlyň elindäki ýaglygy kakyp alandan, Ýakup kebzesinden basyp, ony ýere ýazdy. Içeri el çyralary bilen ýagtylandyrylandan soň Garlyň çorbaly jama kellesini sokup ýatandygyny gördüler. Mülli serrelip ýatam ýerinden turdy-da çyraň simini akkumulýatora birikdirdi. Diňe içeri mazaly ýagtylanda Ýakup Garlynyň arkasyndan basyp duran aýagyny aýyrdy. – Häliden seň hiç zada goşulman oturyşyňdanam-a bilýädim-le – diýip, Garly ýüzünden çorbaň ýaglaryny syryp oturyşyna Müllä hemle urdy. – Ýeri, Garly beg, ýaman çola çekilipsiň-le? – diýip, Hajy çalaja ýylgyrdy. – Gaty hekgeriberme, entek göreris – diýip, Garlyň şindizem hum ýaly çişip oturyşy. Hajy ýaglygy ykjamlap, düwüp bolupdy. Onuň näler: «Seň indi görjek zadyň gutaran bolaýmasa» diýesi geldi. Ýöne sesini çykarmady. Ýakup dagy şaýkaň çlenleriniň motosikllerini, getirip, kaşaryň bir böwründe goýdular-da, olaryň özlerini maşynlara tarap alyp ugradylar. Hajy Garly garny, Müllini öz ýanyna aldy. Ýakup dagy şaýkaň beýleki çlenleri bilen başga maşyna mündüler. Şeýdibem ýola düşdüler. «Häk, şu wagt apparatlary bilen Mälik bolan bolsady, bu «tomaşany» surata alyp, ile peçan ederdi». Garly ýol boýy hüňürdäp gelýär. – Siz biziň ýaly ejizleň üstüne şirsiňiz. Uly-uly «kitlere» welin barmagyňyzam batyryp bilmersiňiz. Hajyň bu gürrüňiň aňyrsyna ýetesi geldi. – Kimdir ol seň «kit» diýýäniň? – «Kit» «kit» bor-da, kim bolanda olara edip biljek zadyň bamy? Hajy degişmä saldy. – Garaz, aýtjak däl-dä. Bu aýlawly gürrüňleriň aňyrsynda bir zatlaryň bardygyny ýa-da ýöne, Garlyň aýdyp goýberen gürrüňidigini biljek bolup Hajy azara galdy. «Belki-de, bir zatlar bardyr. Ýogsam, bular munça tiregi hemem beýleki neşeleri nireden alsynlar?» Olar gije ýarymdan agyberende sohozyň merkezi posýologynyň çetinden girip ugradylar. Maşynlar uçastok milisioneriniň kabineti ýerleşýän jaýyň duşuna baryp saklandy. Neşeler terezijikde çekilip, akt ýazyldy. Şondan soň Ýakup telefonyň diskini aýlap ugrady. – Alýo, Alýo... Raýmilisiýamy? Bu men, Ýakup «Ahaldan»... Şol şaýkany-ha ele saldyk. Häzir ugraýas... Näme?.. Nobatçy ondan: – Näçe adam? – diýip sorady. – Sekiz dag-a bar. Näme? – Ýeri, oňça adamy saklamaga bärde ýer bamy näme? Kameralar doly how... – Kameralar doly bolanda näme? Bir zada-ha etmeli bor. Bular how, nä günlik bilen ele salyndy. – Men bärde onça adama ýeriň ýokdugyny aýdýan. Nätseňiz şeýdiňde ertire çenli saklaň. Naçalnikler gelensoň, belkem Aşgabada äkidersiňiz. – Onda Aňkarowa bir duýdur. Näme?.. Komandirowkada... Nobatçy trubkany goýan bolara çemeli, telefon «zuk», «zuk» edip başlady. – Bäý, bu nähili boldaý? Haý sen, raýmilasiýa bolaýşyňy. Ýer ýokmuş bulara. Ýeri, indi ber habaryňy... Ýakup hüňürdäp birsalym durandan soň, şakyrdadyp trubkany ýerinde goýdy. Hajyň hem-ä Ýakuba nebsi agyryp, hemem dünýä haýran galyp durşy. – Aý, men-ä bilmedim-ow. Bulary şu gije şu taýda saklamaly borus-da. Dagy nätjek. – Şül-ä bähbit -bolaýanam bolsa ahmal. – O nä? – Men «Beýlekiler äkidiläýende-de Garlyny nädip alyp galmaň alajy borka?» diýip durdum. – Ýeri, sen Garlyny nädersiň? – Gürleşip göreýin. Oňa tiregi nireden alýandyklaryny aýtdyryp bolmazmyka? – Birden bulaşdyraýmasa... – Aý, indi ol näme edip biläýerkä? Çekinerem-le... – Näbileýin-dä. Onda bir-ä özüň ýanyndan aýrylma. Onsoňam ertir howa ýagtylmanka şu ýere alyp gelersiň. – Bor-da. Hajy «Niwasy» bilem Garlyny alyp ugrady. Olaryň hiç-haýsyndanam ses-üýn çykanok. Haj-a gürrüňi başlamaň ebeteýini tapanok. Garly bolsa ala-böle özüniň goýberilmeginiň sebäbini biljek bolup kelle döwýär. Hajy ahyryn «Ýagşy söz ýylany hinden çykarar, mollany dinden» diýlenini etmegi ýüregine düwdi. – Garly diýýän-ä ikimiz näçe ýyllap duz-emek bolsagam, soňky döwürde arkaýyn oturyň, ine-gaňa çaýlaşybam bilemzok. – Hawa, ind-ä hasam gowrak çaýlaşar ýaly bolaýdyk öýdýän. Garlynyň teýeneli gürrüňini Hajy ýüzüňe-de almady. – Ýogsa-da Garly seň «Kitli» gürrüňiňe düşükmedim-le. Uly «kit» diýdiň, kiçi «kit» diýdiň... Bu taýda düşünip düşünmez ýaly näme bar? Uly «kit» bolsa-ha «kitleň» uluragy, kiçi «kit» bolsa-da kiçirägi bor-da. – Meňňä seň bu pelesepäňden başym çykjak gumaýy ýokdur. Olar Garlylaryň derwezesiniň deňine gelip saklandylar-da, maşyndan düşdüler. Hajy maşynynyň gapysyny gulplamak bilen boldy. Garlyň oňa dikanlap seredip durşy. Onuň bolşy «Bu melamatyň indi näme hyýaly barka?» diýýäne çalym edýär. Ahyryn ýene-de Hajy dillendi. – Bir käse çaýyňy gysganmasaň-a sowuljak. Garly oňa «ýörem» diýmedi, «galam». Ol bu wagt Hajydan aňsat sypmajagyny güman edýärdi. – Seň bizden çaý içjegiň gaty çynyň öýdýän. – Hawa, çaý berseň-ä içjek, özüň bilýäň öýde-de şaňňyrdap oturanym ýok, gözüni ýoluma dikip... Garly uly tamyň öňündäki jaýyň gapysyny açdy-da, çyrasyny ýakdy. – Giräý, içerik, Hojanur däli ýaly bolup durma-da. – Görýän welin, senem gatybir myhmansyrap barýana meňzäňok. – Dogrusyny. aýtsam edil şuş-şu wagt gatybir myhmansyrabam duramok. ýöne senem gaty höçjet ekniň, gidäýerli däl. Garly gazda çaý goýdy-da gapyň agzyragyndaky üýşürilgi duran odundan salyp, peçi otlamak bilen boldy. – Gel, ikimiz gürrüňi uzaldyp oturmaly-da, egri oturyp, dogry gürleşeli-le – diýip, Hajy ädigini çykarmaga durdy. Soňam keçäň üstüne geçip, jaýlaşdy. – Sen şu «kitli» gürrüňiňi düşündirsene... Ot tutaşmansoň. Garly peçiň agzyny açyp üfledi. – Garaz, onda seni «kit» gyzyklandyrýar-da? Peç mazaly tutaşyp ugrandan soň, törräge geçdi-de, aýbogdaşyny gurup, sesini çykarman, oturdy. Ahyryn: – Entek sen bir zady aýt, şu günki şakyrdy üçin bize näme diýerler? Hajy ony synlap oturyşyna häzir Garlyda hemişeki gedemlikden nam-nyşan galmandygyna, onuň durşy bilen ünjä çümüp oturandygyna düşündi. – «Berekella» diýip, kelläňden sypalmajagy-ha belli. Garlyň ýüzi barha gamaşdy. – Ýöne, «kitiň» kimdigini aýdyp, ony ele salmaga delalatyň degse, hyzmatyň göz öňünde tutulsa gerek... – Şeýlemi? Ýogsa-da «kiti» tutmaga kömekleşsem saňa-da ýaraman, durubermese. – Düşünmedim. Peç mazaly gyzandan soň Garly arkasyny diwara ýallap oturdy. – Kiçi «kit» diýýänim-ä halypa, biler bolsaň Begjanow bolmaly. – Bä, ýene-de Begjanowmy? – Dogruda walla. – Garly meň çynym. Näme men oýun edýändir öýdýäňmi? – Begjanow diýsene... – Näme ýaramadymy, hawa-da, garaz, garyndaş garyndaş bolýa-da. – Garyndaşlygy-ha hakdyr, ondan ýolnup aýryljak ýerimiz ýok. Ýöne ol jenaýatçymy, kimem bolsa jezasyny çekmeli bor. – Aý, ony görübereris. Onsoňam halypa, hälki ýaglykdaky harytlaram şoňky bolmaly. – Şeý diýsene. – Görýäňmi, gylyjyňam öz gynyny kesesi gelýän däldir. – Eger-de seň şu gürrüňiň çyn bolsa ola-ha Begjanow ekeni, oňa görä ýakynragymam bolsa meň üçin parhy ýok. Garly gaýnap duran kitiri aldy-da, peçiň gapagyny ýapyp, çäýneklere çaý atyp demledi. Duldaky köneje şkafdan alan gazetini Hajyň gapdalynda ýazdy. Demlenen çäýnekleri gazetiň üstüne geçirenden soň, holodilnikden ýaryna golaýy içilen arakly çüýşäni çykaryp goýdy. Gowurdakly pitini süýşüreninden soň özem ornaşykly oturdy. – Halypa diýýän-ä ýüz gramjyk urarys-a?.. Ol arak guýmakçy .bolandan Hajy käseleriň birini çekip, çäýnekdäki çaýy gaýtarmaga durdy. Garly Haja seredip, ep-esli oturdy. – Men içemok. – Seň nädýäniňi özüm gowy bilýän. O... ol Mahym dagy bilen magnitofony ýuwşumyzy. Al käsäni bärik. – Aý, indi o döwürden oba göçendir dost. – Sopy boldum diý-de gutar-da. Garly öz käsesini püre-pür edip, eline aldy. – Onda näme, rugsat bolsa... – Diýennmi etseň-ä saňa-da içme diýjek, galanynam özüň bil. – Özüm bilmäge rugsat edýäň dälmi? Ol käsäni başaşak etdi-de, ysgan, demi gelmeýän ýaly birsalym oturdy. Awulygyň yzasy gaýdyşandan soň pomidor bölegini agzyna saldy. Birsalymdan bolsa çörekdir gowurdaga elini ýetirdi. – Aý, halypa, bu zatlar senli-menlä eýgertmez. Ol Hajyň ýüzüne seretdi. Soňam «Aý, näme bolsa, şol bolsun-la» diýýän ýaly gürläp başlady. – Öňde biriniň «Dünýeler düýşdür keýtige» diýşi ýaly, Han agaň oýunlaryny görseň kimem bolsaň agzyňy açanyňy duýman galarsyň. Oň ýanynda biz dagy nämejik. Ýönekeýje peşe – çirkeýjik. Garly turup peçe odun saldy. – Hiç ýylnyp bilemok. Ol ýerine geçip, çüýşäň düýbünde galanja aragam käsä guýdy. – Men-ä onda şujagazam urjak. Käsedäki arak ýom-ýok bolandan soň,, ony şagga der basdy. – Begjanow Begjanowdyr. Ol Han aga adyny güne ýatyp alan adam däl, bir gezekki tirek operasiýasyndan azyndan elli-altmyş müň manat peýda görýä. Garlyny diňläp oturyşyna Hajy oňa ynanjagynam bilenokdy, ynanmajagynam. «Bäý, dogrudanam şeýlemikä? Heý beýle-de bir zat bomy? Aý. dogrudanam öňlerinden çykylmajagyny bilse, Begjanow tetellileriň durjak pellesi ýokdur-la. Heý asyl bular ýalyň öňünden çykan tapylmazmyka? Ýogsa-da, men çykmasam, o çykmasa, onda kim çyksyn?» – Biler bolsaň halypa, Begjanowyň Garagumda dowaram gaty kändir. – Näme, dowar edinmek gadaganmy? – Sürüläp dowar edinmäge rugsat beriläýýänem däldir-le. Onuň sürüsi bar, müňläp goýunly. – Müňläp goýunly süri? Bäý-bä... Hajy Garlyň gürrüňine aňk bolup, birsalym dymdy. – Garly diýýän-ä, seň Begjanow bilen dostdugyňy ozalam-a bilýädim welin, onda-da, edil bular ýaly syrlaryny aýdýandyr öýdemokdym. – Maňa ynanman kime ynansyn. Ol obada mensiz bir ädimem gymyldap bilmez. Aý, onsoňam oň oýny köpdür-le, biz ýalyň bilýäni ýöne bir häki'... – Garaz, senem onda ýöne-möne adam däl-dä?.. – Men bir Begjanowyň elindäki kiçijik hyzmatkär, näme buýrulsa ylgap ýören ýumuş oglany... Talaban. – Beýle bolsa Garly dost, sen bize Begjanowy jenaýatyň üstünde tutmaga kömek edip bilmezmiň. Ýagny tirýekli. Garly ýalt edip Haja seretdi. Soňra ýere ýazylgy gazetden ýyrtyp aldy-da, elini-agzyny süpürişdirdi. – Halypa ol ele salardan galarakdyr. Bilýäňmi, oň nirelerde arkasy bar? – Ýeri, bolanda näme? Garly gap-gaçlary ortadan aýyrdy-da, peçiň gapdalynda duran çäýnegi öňüne çekdi. – Senli-menlä Begjanow el bermez. Gury dynç başymyzy depirjik äre berenimiz galar. Ho... ol ýokarlardaky «syrty kädili» dostlary ony otdan-suwdan. gorap otyrlar. – Düýeden uly piliň bardygynam unutmagyn... Garly böwrüni diňläp birsalym oturdy. – Häk, näbileýin, göwnüme bolmasa şolardan uly düýe-de, pilem ýok ýaly bolup dur. Ol käsesindäki çaýy howlukman owurtlady. Soňra käsä ýene-de çaý guýup, diňşirgäp oturyşyna söze başlady. – Bardy-geldi ony ele salmak başardaýdam-da, onsoň maňa neme diýerler? Men onuň talabany ahyryn.. Begjanowly gürrüňi goýaly-la. Şo ýadyma düşýä welin, inim tikenekläp ýüregim howlaberýä... Garly uludan demini aldy-da, kellesini ýaýkady. – Ýok, başarman. Men başarmajak işime kellämi sokmaýyn-la. – Bilýäňmi, Begjanow tetelliler zerarly negözel ýigitler, ençeme adam sandan çykýar. Şolar sebäpli biziň gurluşymyza iliň ynamy azalýa. Sen şu zatlardan habaryň bamy? Seňki düşnükli-le, gara gaýgyň öz janyň. Ýöne bir zady bilip goý, siziň şu günki şakyrdyňyzam jenaýat ahyryn. Ýanyňyzdan ep-esli neşe-de çykdy. – Edil Begjanowy ele salaýmag-a şeýle bir kyn düşüp durmasa durmaz welin, ýöne, yzynda durup bilýäniň tapyljagyna ynamym ýok. – Sen yzynda durmaň aladasyny etmesene. – Ýok, oň aladasyny bek etmeli bor. Men ony gowy tanaýan. Ol bäri-bärä-hä baş bermez, goldaw has güýçlüräk ýerden bolaýmasa. Men gürleşer ýaly ýerler bilen gürleşerin. – Aý, näbileýin-dä. Oň gulagy gaty ýitidir. Eger işiniň pyrryk bolup barýandygyny aňaýdygy ikimizem ýoklap goýbermek oň çep elinden geler. Sen-ä hasam mahabatyny ýetirýäň-äý. – Oň nähili adamdygyny ilden soramaly däl-dä. Hajy ýassygy çekip gyşardy. – Ýogsa-da sen Begjanowyň tirýegi nireden alýanyna bilýän dälsiň? – Kim bilen, nirede, nähili gepleşýänin-ä bilemok welin, ýöne tirýek oň üstüne gelýä, getirip berýärler. – Maskaltar-a däl, motosiklli. – Maskalymy, maskasyzmy, onçasyna bilemok. Garly müýnürgäp oturyşyna, ýüzüni galdyryp, Haja seredende ol ünsli diňläp otyrdy. Garly ýene-de bir zat diýjek boldy. Ýöne bogny ysman, ýaýdandy. Dodaklaryny müňküldedip, ahyryn aýgytly netijä geldi. – Halypa diýýän-ä – diýip, ol sözüne dyngy berdi. – Men Han agaň tabşyrygy bilen Sülgünem Gajar agalara eltipdim. Sülgüniň adyny eşidenden Hajyň ýüregi agzyna geldi. Ol laňňa ýerinden galdy. – Gajar agalarda diýsene... O taýyk nähili gitmeli? – Gaty daşda. Tümüň bäri ýanynda? Garly elindäki çaýkanyp duran käsäni ýerde goýdy. – Sen goşunçylyga giden uçurlaňdy. Han aga «gözüňde bolsun» diýensoň Sülgüniň çolaraga çykanyny aňtap ýördüm. Bir gün öýlänler çola ýolda Sülgüne sataşaýmanmy. «Niräk?» diýip sorasam, «Aşgabada» diýdi. Meň oň bir zatdan gaty göwnüniň galandygyny bada-bat aňdym. Aglamakdan ýaňa ýüzi-gözi gyzaryp dur eken. Sülgüne belet bolamsoň oň gulagyna ýaraýjak gürrüňi bilýädim. Onsoň oňa: «Gumda bir ýaşuly bar. Mundan on alty, on ýedi ýyl ozal aýaly ýogalanda gyzjagazyny çagalar öýüne beripdir. Indem ony tapyp bilemok diýýä. Salgy berýä welin, agynja sen. Eger isleseň şolara baryp geläýeli» diýdim. Ol bu habary eşidenden aglamjyrap ugrady. Şeýdibem men ony Garagumuň çolaja ýerinde – Gajar agalarda goýup gaýtdym. Hajyň reňkiniň bir agyp, bir dönüp durşy. – Öz-ä gaty daşdyr-ow... Tümüň bäri ýanynda. Özüm elin äkitmesem sen o ýeri taparsyňam. Hajy bar zady unudyp, gapa tarap ýöneldi. – Onda gaýrat et, ertir hökman gideli. Hoşmy? – Hany, ertire bir çykaly. Halypa diýýän-ä, Han agany ele salasyň gelýäni çyn bolsa, şu günki wakany hiç kim bilmeli däldir. Biziň, onda-da, neşe bilen tutulandygymyzy aňaýdygy Begjanow el bermez. Özem gaty duýgurdyr edil, tilki boldugydyr. (dowamy bar)... | |
|
√ Baga bagşy -7: Ýatlamalaryň ýumagy - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Duşagy tisgindiren agy sesi - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň soñy: Bamyny agladan aýdym - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Bamy - 05.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powest - 29.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Synag - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Kök küý kiss me - 05.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çakylyk - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |