07:50 Ýaş başdaky ak saçlar -3/ powestiñ dowamy | |
* * *
Powestler
Arzygül oba hojalyk institutynyň agronomçylyk fakultetiniň ahyrky kursunda gaýybana okaýardy. Pagta ýygymy başlanmanka diplom işini ýazyp bolup, şu gün irden ýolbaşçysyna tabşyrmaga diýip gidişidi. Gelip, maşyndan düşeninden Hajy bilen Annaýar aga onuň gapdalynda peýda boldy. – Arzym, gawun diýýärler-le... – Gawun? Kim ol gawun diýýän? – Aý, bir oglan-a bar. – Haty bamy? – Haty bar-la. – Onda alsyn-da. – Oň ýeke özi eken-dä. – O zatlara kelläňi agyrtmasana. Han-ha gawun gerek bolsa ýygsyn, çekdirsin, alsyn, gitsin-dä. – Begjanow hatynda ýygyşyp, ýükleşip goýberiňem-ä diýipdir. Özem respublikan agropromyň jogapkär işgäri üçinmiş. Begjanowyň ady tutulandan Arzygülüň ýakasyndan ot atylana döndi. – Özüň pikir edip gör. Her gelene gawun ýygyşyp, ýükleşip goýberer ýaly eli boş adam bamy? – Arzygülüň ýene-de bir zat ýadyna düşen ýaly boldy. – Ýogsa-da, şo haty göreýin-le. Annaýar aga bir bölejik kagyzy Arzygüle uzatdy. – Bary şümi? – Hawa, maňa-ha başga berlen zat ýok. – Heý şu hata-da gawun berip bomy? Men asyl hat diýseň möhür basylan buýrugy dagysy bamyka öýdüpdim. Bir maşyna-ha däl, Begjanowyň şu hatyna ýekeje gawunam ýok. – Arzym... Annaýar aga ýüzi alnan çaga ýaly müzzerýärdi. – Dogry-da, aňrujy kürsüsi bar adam göýä bu ýerdäki hususy mellegidir günlükçisi däldir öýdenok. Hondan bärsi bolýar. Respublikan agropromyň jogapkär işgäri üçin bir maşyn gawun, onda-da ýygşyp, ýükläp berip goýbermelimişik. Biz üçin ola-ha agropromyň işgäri welin, ondan ulurak edaraň işgäri bolaýanda-da tapawudy ýok, girdeji edilmese bir gramam gawun ýok. Azabyny çekip, ýetişdirýän-ä biz, oňa-muňa ýaranjak bolup, tarhandökerlik edýänem Begjanow. Biz-ä şulardanam halys bizar bolupdyrys. ir gün ispolkomyň işgäri, ýene bir gün pagta bazaň müdiri... Wodhozyň naçalnigi... Bäý, bu gedaýlaň köpdügini. Elinden sähel zat gelen bolýan adam torbasyny boýnuna atýa-da aýlanyberýä – diýip, Arzygül käýindi. Ýaşulyň şindizem ýaýdanyp durşy. – Arzym özüň bilýäň, Begjanow oýun eder ýaly peläked-ä däldir. – Näme, oň bilen oýun etjek bolýan bamy? – Aý şoň gepem gerek däl, gürrüňem, berip goýbereli-le. Özüm ýygyşyp, ýükleşeýin. – Bular-a özümiz ýaman öwredýäs, buýruksyz-zatsyz gawun diýse gawun, ýorunja diýse ýorunja berip goýberip... Öňräk haýsy edaraň şofýorydy, biz-ä bar işimizi goýup, oňa ýorunja ýygyp berýäs, o bolsa elini arkasyna tutup, gezmelän bolup ýör. Annaýar aga nasyny tüýkürdi-de, ardynjyrady. – Ras bermeli dälmi, onda hemme gelýäni gaty umyt oňdurmaly. Ýogsam, birine-hä diýen zadyny berip goýberýäs, başga birine bolsa «ýok» diýýäs. Dokumentsiz zat berilmejegini bir gezek duýdursak olardan gulagymyz dynç bor-la. – Ýöne Arzym bu maşyny boş goýbersek Begjanowdan eýgilige-hä garaşmaly däldir. – Aý, dünýäni ýumurýan bolsa ýumursyn-da. Ýaşulynyň naýynjar keşbini synlap, Arzygülüň oňa nebsi agyrdy. «Bu durmuş diýilýän zat adamy gör, nähili derejä eltýär. Urşuň ýowuzlyklaryna döz gelmegi başarypdyr, ýer yranyp, bütin maşgalasyndan dynanda-da başyny dik tutmaga hötde gelip bilipdir. Indi welin, bolgusyzja zat üçin ýöwselläp dur. PTU-da işleýärkä-de bu adam gör, nähili buýsançlydy. Her-hili kynçylykly ýagdaýda-da başyny dik tutup, gabahat işleň garşysyna berk göreşmegi ündäp, beýnimize guýup ýören adamyň özi gel-gel bu günki gün şol bolmaýan zatlara göz ýummaga iterýär. Ýa-da indi garrap ýörmükä?» ...Begjanow Arzygülüň adamsynyň daşkyrak garyndaşy. Ol kyrkynjy ýyllaryň aýagragynda Aşgabatdaky pedinstituty tamamlandan soň ony-muny görüp, ylmy edaralaryň birinde işe galdy. Eýdip-beýdip ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk derejesinem edindi. Şol döwürde-de ýurdumyz boýunça oba işe gitmäge çagyryş boldy. Onuň işleýän edarasynyň ýolbaşçylary Begjanowy ýanlaryna çagyryp, otuzmüňçileriň hatarynda oba işe gitmäge arza ýazmagy maslahat berdiler. Şeýdibem taryh ylymlarynyň kandidaty Begjanow öz kolhozlaryna başlyk edilip işe iberildi. Ol barandan soň ozalam yzda süýrenýän kolhoz hasam çökdi. Onsoň obadaşlary uzak çydamadylar – başlyklaryny täzelemegiň ugruna çykdylar. Başlyklykdan it masgarasy edilip kowlandan soň derrew obadan garasyny saýlamak bilen boldy. Şondan soň onuň kül dökmedik ýeri galmady. Dört ýyl mundan ozal bolsa nähilidir bir ýol bilen şu sowhozda, onda-da Arzygül dagynyň bölüminde naçalnik bolup joňkarypdy. Gele-gelmäşe-de Arzygülüň öz garyndaşy Şalaryň gelnidigini eşidýär. Onsoň ol bir gün Arzygüli ýanyna çagyryp, adamsy bilen ýaraşmagy teklip edýär. Arzygülden hoş söz eşitmänsoň, hemleli gürläp, haýbat atyp görýär. Onda-da netije bolmajagyna gözüni ýetirenden soň, Arzygüli günertläp ugraýar, maý tapdygyndan ýanap başlaýar. Annaýar agaň bular bilen ham-çamdygyny eşidip, ýaşulyny gyraklatmagyň ugruna çykýar. Ýöne Arzygül berk duransoň, onuň elinden gelen zat bolmaýar. Muňa Begjanow hasam bolmajysy bolýar, boýnuna otly tagan atarylana dönýär. Ol indi Arzygülüň ýolbaşçylyk edýän brigadasyna suwam, dökündir zapas şaýlaram bermelisinden kem berjek bolup dur. Annaýar aga çilimini tä düýbüne çenli sorup, halys ody barmaklaryna ötüp, ugrandan soň zyňyp goýberdi. – Ikibaşdan gawunlary doňuzlardyr oklukirpiler parçalap tüketjek. Arzygül kinaýaly ýylgyrdy. – Näme, gijelerine garawullaňzokmy? – Öten agşam meň gezegimdi. Ukyma sakdyrynam welin, adamçylyk-da, daňa golaý irkiläýipdirin. Oýansam bir haşyrdy bar. Garamy görenlerinden gaçyp gitdilerem-le welin, doňuz diýseň doňuz-da eýesizler, diňe iýenlerem däl, birgiden gawuny parçalapdyrlar. Arzygül gawunly kartaň ýanyndaky maşyna seredip ýene-de birsalym durdy. – Annagyň tüpeňi bamyş, kömekleş diý. Ol eýe uranlary tüpeň bilen gorkuzaýmasaň gawunlaryň galanjalaryndanam el ýuwduraýmasyn. Men agşam kontora baryp, gürleşeýin. Görýän welin, çaltrak ýygnaýmasak gawunlaň berekedi artjak däl ýaly. – Men şopura «Bolýa-da» diýäýipdim welin... Arzygül ýaşula dözmedi. – Söz beren bolsaň alsyn-da onda. Ýaşuly elini arkasynda tutup, iki baka gatnap durşuna: – Aý, oňaýsyn-la – diýdi. Arzygül ýaltyldap ýaşula seretdi. – Näme beýle?.. Annaýar agaň ýüzünden buz öwüsýärdi. Ol sesini sandyradyp gürledi. – Dogrudanam bulary öwrenişdirseň halys taganyny ataraýjaklar. Ýöne şopur bilen özüň gürleşeweri. Hajy sesini çykarman durup bilmedi. – Şoň bilen men gürleşeýin-le... Hajy pazyla tarap ýöräp ugranynda onuň yzyndan Annaýar aga naýynjar garap durdy. «Möhüminiň bitmedigini eşitse Begjanow tupan-a turuzsa gerek. Aý, nätse şeýtsin-le. Niçesary oň öňünde ýallaklap mydar etjek?» * * * Hajy soňabaka içini tutup ýören boldy. «Sülgün nirede bolup bilerkä? Heý iki ýylyň içinde bir gezek habar tutmazam adam bomy? Annaýar agany ýarym däli edip goýman, diri gezip ýören bolsa «bardyryn» diýjek ýaly... Ýogsa-da dirimikä beri?» Hajyň giň tama sygman öwfüldäp oturyşy. Dünýä oňa dar görünýär. Ol daş çykanyny kem görmedi, göýä, sergin howa dünýesini giňeldip, ýüreginiň töründe dörän ataşy peseldäýjek ýaly. Daş çykyp töweregini diňşirgänindenem Annaýar agalaň gapysynda bir hümür-sümüriň bardygyny eşitdi. Hajy durşuna gulaga öwrülip, butnaman durdy. Annaýar agaň gürrüňdeşiniň sesi oňa birhili tanyş bolup eşidildi. «Be, Mülli ýaly-la how...» Sülgünde Mülliňem göwnüniň bardygyny Hajy aňýardy. Pukaralygy üçin Müllini ýaşulyňam sulhy alman duranok. Ol hatda göwnese Sülgüni Müllä ikirjiňlenmän berjekdem. Ýöne Sülgüniň göwün guşunyň başga-başga daglarda pel-pelleýändigini aňandan soň bu barada gyzynyň ýanynda dil ýarmady. ...Mülli soňabaka içgili işe gelmäni çykardy. Özem oňa gep düşündirjek gümanyň ýok. Annaýar aga-da Müllä näçe gezek aýtdy, ýalbaryp-ýakaryp gördi. Ýöne barybir netijesiz. Ahyryn bir gün Arzygül: «Içgiňi goýmasaň seň bilen oňşup biljek däl» diýende, şobada arzasyny ýazdy. Edil şol pursat Annaýar aga-da ýokdy. Arzygül gaharyna arza goluny goýdy. Baý şonda-da ýaşuly berk gynanypda. «Sen bärde näçe wagt işlediň, hemmämiz bilen duz-emek bolduň. Saňa başga ýerde işlemek, nätanyş adamlaň bilen öwrenişmek birbada aňsad-a düşmez. Sen bir adamlaň içine-daşyna girip barýan, alçak oglanam däl». Ýaşuly öz ýanyndan Arzygüle-de käýindi. «Bu hazan urmuşyň dünýesinde adamlar nähili bolaýypdyr-a? Olar biri-biri bilen süýjülikde gatnaşmaly welin, gaýtam, barha birek-birekden sowaşyp, gadyrlary gaçyp barýan ýaly-la. Hemişeler adamlar biri-birini sähel görmese ýürekleri küýsär eken. Hatda birek-biregiňkä allowarradanam görme-görşe geler ekenler. Indi welin adamlaň doýguny biri-biri. Eý dünýe... dünýe... Müllüli meselede Arzygülüň jinnek ýalyjak günäsiniň ýokdugyny bilýän. Edepdir düzgün-tertibiň ähli zatdan eziz bolmalydygyna-da düşünýän. Ýöne, Arzygülem Mülliň arzasyna ur-tut gol çekäýmän, biraz garaşaýanda-da, biz bilen maslahat edäýende-de bolman durjak däl ahyryn. Mülli bilen menem ýene bir gezek gürleşip göräýsem nähili borka?» Ýöne Mülliňem kejeňekligi her kimiňkiçe bar eken. Annaýar agaň ähli synanyşygy biderek boldy, oňa arzasyny yzyna aldyryp bilmedi. Mülli eýýäm täze açylýan kooperatiw-kafe işe girmek barada gürleşip goýan eken. «Aý, gör-dä hanym. Men-ä şol işle,ri topraga yhlas edençe göremok. Asla özüm-ä her aýyňa boýuňa barabar gyzyl berjek diýselerem söwda ugrunda işläp bilerin öýdemok...» Dogrudanam Mülli o ýerde-de uzak durmady. Soňabaka bolsa degdi bolaýdy, işe giren ýerinde uzak togtanok. Işe içgili gelensoň, gaty basym onuň goşuny arkasyna daňýarlar. Annaýar aga bilen gürleşip duranam Müllüdi. * * * Pagtaçylary sowka gaty aljyradýardy. Öňňunky sowkasy çöplenip, saplanan kartaň bu gün ýene-de öňküligi. «Bä, sowka diýilýän belaňam edil Begjanow boldugy eken-ow...» Hajy arakesmä çykyp, düşelgä ýetip barýarka Begjanowyň çadyrly maşynyna gözi düşdi. Pagtaçylar ýaňy nahary öňlerine alanlarynda ol düşelgä geldi. Salamsyz zatsyz şlýapasyny maňlaýragyna süýşürip, elini arkasynda tutup, birsalym durdy. Arzygül Begjanowa sypaýyçylyk edip, çal guýup bermäge hyýallandy. Ýöne onuň tumşugynyň ýokarydygyny görüp, ýerindenem gozganmady. Begjanow ahyry teläriň çeträginde oturan Arzygülüň maňlaýynda dikildi. – Ýeri, düýeleri şindizem ýok edeňzokmy? – Aý, ýok. – Men geçen gezek gelemde ýok ediň diýmänmidim? Arzygülüň «Sagynyň!» diýip, sowhozdan düýe alyp berenden-ä geçen» diýesi gelip dili gijedi. Ýöne näme-de bolsa öz-özüne basalyk boldy. Sypaýyçylygy elden bermezlige çalyşdy. – Aý, düýeleň peýdasyndan başga zyýany ýok-la. Begjanowyň ozalam ullakan ýüzi hasam çişýän ýalydy. – Hususy maly sowhozyň ekinleriniň hasabyna saklamaga kim ygtyýar berýär? Düýeler sowhozyňky bolsa başga gürrüň. Teläriň töründe oturanlaryň biri: – Ýeri, tapawudy näme? Biz gaýtam «Sagynlyk düýe beriň!» diýip, azar bermesek bolýa-da – diýeninden Begjanow şol tarapa ýalta seretdi. Ol beýle-beýle gürrüňleri eşiderin öýdenokdy. Ol muňa ör-gökden geldi. – Bilip goýuň, men kommunistdirin. Jemgyýetçilik emläginiň tozdurylmagyna ýol bersem bilýäňizmi maňa näme diýerler? Onsoňam bu düýeleriň näme üçin satyn alnanlygy düşnükli-le. Çalam bir bahana, sowhozyň gawun-garpyzydyr ýorunjasy bilen bakyp, düýeleri semredersiňiz. Soňam et edägede bazarda satarsyňyz. Bilýäňizmi o düýeleriň her günde sowhoza näçe zyýan ýetirýänini? Annaýar aga «Diýýäniň näme-de?» diýmän, teläriň töründe çal bilen çörek iýip otyr. Annaýar agadyr Arzygül sesini çykarmasa-da, ýaşlaryň Begjanowyň biderek iňirdisini çekesi gelmedi. – Siz beýle jemgyýetçilik emlägi üçin kelle agyrdýan bolsaňyz, sowkadan dynmaga kömek etseňiz bolmaýamy. Begjanow gözüni jikgertdi. – Näme, sowkany gowaçalaňňyzyň üstüne men dökdümmi? Onsoňam sowkadan dynjagyňyz çynyňyz bolsa birneme emgeniň, uzynly gün teläriň kölegesinde çaý süzüp oturmaň. Gowaçalan sowka bilen kesellemegine özüňiz ýol berdiňizmi, özüňizem dynmaň najadyny garaň. – Beýle bolsa o diýip, bu diýip, sizem bize dagy-duwara azar bermäň! Begjanowyň jazyna köz ýelmeşene döndi. «Hemmesi sizden» diýýän terzde Arzygüldir Annaýar aga gözüni aýlady. – Dagyňyzy bilemok, ýöne, ertir gelemde düýeler şu ýerde dursa, menden oňňullyga garaşmaň – diýip, Begjanow maşyna mündi-de, gapysyny jarkyldadyp ýapdy. – Arzygül daýza, biz näme biderek ýere üstümize gygyrdyp durus-a. Ondan bir köpüklik peýda-ha ýok, gaýtam her gezek gelende zemzen ýaly çişip, kütek igesini syýhap dur. Ol indi juda goýmajak bolsa, direktora aýdyň-da. Ýaşlar mamla. Oýlanyp oturan Arzygülüň maňlaýyndaky gasynlar barha artmak bilen. Bu wakalar Hajynam geňirgendirýär. «Näme üçin Begjanow tetelli adamlar şindi-şindem ýolbaşçy wezipede saklanýar? Ýogsam, muň nähili adamdygyny bilmeýän bamy? Näme-de bolsa sowhoz ýolbaşçylaryna ýagdaýy duýduryb-a goýmaly. Asla näme üçin şular ýaly bolgusyzlaň gepini çekip ýörüs-ä. Ol asyl sowka hakda pikir etmelidirinem öýdenok». Hajy Begjanow barada agşam çaý başynda ejesiniň ýanynda ýaňzydanda ol: «Azajyk sabyr et» diýipdi. Arzygül ertesi bu zatlary direktora duýduranda ondan anyk jogap eşitmedi. – Begjanowyň diýýäni ugrunda ýogam däl. Düýeleri aj-a saklap bolmaz. Aç saklamajak bolsaňam gawun-garpyz, ýorunja... – Biz düýeleri baga bakman, çalyny içýäs. – Wah, o diýýäniň dogry-la. Ýöne, näme-de bolsa, garaz... – Eger sowhozyň özi sagynlyk düýe berýän bolsa bu gürrüňler bolmasa-da bolmazdy. – Hany sowhozda düýe bamy, paýlaşdyryberer ýaly. – Şoň üçinem düýeleri özümiz satyn alaýdyk-da... Onsoňam men-ä sowhozyňam ýitirýän zady bardyr öýdemok. Gaýtam pagtaçylar çaldan hezil edinýär. – Aý olam-a şeýledirle welin, Begjanow bölümiňiziňem naçalnigidir. Şonam unutmaň. Arzygül agroproma baryp, sowka hakynda aýdanda awuly himikatlary ulanmagy maslahat berdiler. Ýöne Arzygülüň çen edişi ýaly bolup çykdy. Himikatlar azajyk ýere dökülip görlende onuň gaty güýçlüdigi belli boldy. Onsoň ol derman sowkalaryňam eminden gelse geldi welin, beýleki mör-möjeklerdir guşlaram gyrýardy. «Be, bu himikat möjekleri beýdip gyrýan bolsa, adamlaň saglygyna-da zyýandan başga zat etmeli däl». Onsoň Arzygül sowkaň garşysyna ulanylýan möjejikleriň – entomofaglaryň gözlegine çykdy. Ahyrynam goňşy raýonlaryň birinden şol entomofaglar tapylyp getirilenden soň, sowkadan dynyldy. Ýöne sowka gowaça ep-esli zyýan ýetiren eken. * * * Gepiniň ýer almaýandygy Begjanowa diýseň agyr degýär. Sowkaly meselede özüne sala salynmazlygyna ýanyp-bişip, jigirdek boldy. Indi ol hasam bösir alyp ugrady, dypylap ep-esli gezdi. Arzygül daga yrsaramaga, awusyny pürkmäge bahana gözledi. Begjanow gelende Annaýar aga bilen Hajy pagta ýygyjy maşynyň ýygyjy apparatyny sazlap durdy. Ol maşyndan düşüp-düşmän gygyryp ugrady. – Şu wagta çenli remonty gutarman näme işlediňiz? Annaýar agaň «Näme diýýäňem» diýmän, öz işi bilen gümra bolup durşy. Ýaşulyň sesini çykarmazlygyna Begjanow hasam bolmajysyny boldy. – Remonty näme beýle uzaga çekýäňiz! Remonty tamamladyk diýip raýona raport berdik ahyryn. A siz bolsa bu taýda eliňiz poha batan ýaly bolşup. Annaýar agaň näler «Maglumat berseňiz berip ýörensiňiz-dä. Zapas şaý bolmasa remonty nädip gutarjak?» diýesi geldi. Ýöne beý diýseň poha daş atdygyň boljak. Onsoň bu gezegem sesini çykarmazlygy ýüregine düwdi. Begjanow olaryň alkymyna dykylyp bardy. – Bulara ynanyp bir iş edäýseň edil jürüňi dikäýjekler-ow. Çalajan ýylan ýaly bolşup, günleri geçse bolýa-da bulaň... Hajyňam ýeňse damary gatady, ol nurbaty towlamany goýdy-da, Begjanowa dikanlap seretdi. Annaýar aga gaharyny ýuwdup, Haja «Gerek däl» diýen terzde kellesini ýaýkady. Şondan soň Hajy uludan demini aldy-da, ýene işine gümra boldy. –Dagy zadyňyzy bilemok, ýöne, ýygym başladygy maşynlaň biri çykmasa-da, menden oňňullyga garaşmaň. Annaýar agaň şol dymyp durşy. «Şu maşynlara näçe ýyl bolanyny bilýäňmi? Ýa-da heý zapas şaý bereniň ýadyňa düşýärmi? Ömür zapas şaý diýip özümiz gedaý gezip ýörmeli». Dymmasa nätsin. Begjanowa aýdylan gürrüňleriň netijesizdigini, edil gurruga gygyrandan enaýy däldigini göre-göre gelýär. Ýaşuly bu gezegem ähli gaharyny ýuwutmaly boldy. – Her zat ediň welin, indiki gezek gelemde remont edilip duran maşyny görmäýin... Ýaşuly Begjanowyň ýüzüne ýalta seretdi. Hajyň Begjanowyň teýeneli gürrüňlerini çekip durmaga takady ýetmedi. Onsoň özi şu ýerde uzak dursa oňňullygyň bolmajagyny aňyp, suw içip gelmegi bahanalap, teläre tarap ýöredi. – O diýip, bu diýip plan-a beýle-de dursun, borçnamany ýerine ýetirmeseňizem bilip goý, ilki seň gümüňi çekerin. Çekip-çydardan geçdi. Bolmady. Annaýar agaň gany depesine urup, birhili başy aýlandy. Ol soňy näme bolsa şol bolsuna urdy-da, barabana goýjak bolup duran şpindelini Begjanowa tarap bat bilen dazladyp saldy. Ol eglip zordan kellesini sowmaga ýetişdi. Munam az görýän ýaly ýaşuly tuduň düýbüne sanjylgy pili aldy-da, Begjanowa tarap eňdi. Teläre ýetip barýan Hajy yzynda bir gümertde-ýamartlygyň bardygyny aňan dessine şo tarapa eňdi. Onuň indi näçe wagt bäri Begjanowy silterläsi gelýärdi. Ine, häzir oňa içini sowatmaga pursat gelipdi. Ýöne Annaýar aga-da, Hajam ät galdylar. Şofýor ýigit rejäň geň däldigini aňan bolarly Begjanow özüni oturgyja atandan maşyny batly sürüp ugrady. Ýaşulydyr Hajy ýüzlerini çuw ak edip, saňňyldaşyp, maşynyň yzyndan seredişip galdylar. Annaýar aga birsalymdan özüni dürsedi-de, Haja bakyp çalaja ýylgyrdy. – Päheý-de welin, edeniň bar bola-da – diýip, ýaşuly aşak oturdy-da, jübüsindäki nas kädä elini ýetirdi. Soňra kädisini yzyna saldy-da, çilim otlandy. Hajy bu wakany ejesine duýdurman oňup bilmedi. – Biz haçana çenli Begjanowyň bolgusyz igençlerine çydap gezmeli? «Demokratiýa», «Demokratiýa» diýilýä welin, biz-ä demokratiýa göremzok Begjanowyňdan Salyh aga-da närazy, beýleki brigadirleňňem köpüsi. Men-ä asyl «Begjanow galsyn» diýip yrlap oturan tapylar öýdemok. Onsoň näme üçin ony aýryp bolanok, hä? Ol diňe öz holtumynyň dolanyny bilýän egoist ahyryn. Üýşüp «Sen gerek däl» diýsek wezipesinden pyzyp bilýänimizden habary ýok öýdýän akmak çalyň. Ýa-da oň arkasy gaty güýçlümikä? Bir zada-ha bar, gaty arkaýyn gürleýä. Sen ýolbaşçylara bir ýetir. Eger hykgy-çokgy etseler, özümiz ugruna çykarys. Soňam nämä degse şoňa degsin. Indi munlugyna-ha goýup bolmaz. Şol günüň agşamsy Arzygül sowhozyň direktory Garaýewiň ýanyna baryp, ýagdaýlary bolşy-bolşy ýaly aýtdy. Şonda Garaýew: – Soňky döwürde Begjanowyň üstünden köpräk arz edýäňizmi ýa-da meň göwnümemikä? – diýdi. – Bizem şeýdip ýörmäge keýp edýän adam-a däl. – Aý näbileýin, ýöne «Begjanow eýdýä, Begjanow beýdýä» diýşib-ä dursuňyz. Direktoryň gürrüňine Arzygülüň birneme gany gyzdy. – Pagtaçylardan «Bölümiň ýygnagyny geçirsinler, Begjanowyň meselesini özümiz çözeris» diýýänem-ä bar. – Şeý diýsene – diýip, Garaýew biraz pikirlenip oturdy. – Belki olar Begjanowy aýryp, onuň ýerine kimi saýlajaklarynam aýdandyrlar? Arzygül onuň ýüzüne seredip çalaja ýylgyrdy. Ol direktoryň näme diýmekçi bolýandygyny eýýäm aňypdy. Garaýew Begjanowyň kürsüsine Arzygülüň özüniň hyýaly bardyr öýdýärdi. – Asyl bölümiň naçalniginiň wezipesini aýragada onuň işini sowet alyp baraýsa nähili borka? Goý, öňdebaryjy pagtaçylardan, mehanizatorlardan dörediljek şol sowet işiň netijeliligi hakynda-da alada etsin. – Göreris, maslahatlaşarys. Ýöne Begjanowy aýyrmak hakda pikirem etmäň. Onsoňam bu günlerki ýaly işiň gyssagly wagty hiç kim bölümiň işçileriniň ýygnagyny geçirmäge rugsat berip bilmez. – Beýle bolsa Begjanowyň işini suda beräýmeli bor. Ýüzüne durjak adam gyt däl. Goý, bu meseläni sud çözsün. Direktor sesini çykarman kän oturdy. Ahyrynam: Hany bir maslahatlaşyp göreýin – diýdi. Şondan sähel salym geçip geçmänkä Begjanow bölüm naçalnikliginden aýrylyp, sowhozyň ownuk mallar fermasyna müdirlige bellendi. Hajy muňa az begenmedi. Begjanowy wezipesinden boşatdyraýmagyň ýeňil-ýelpaý iş däldigini olam bilýär. Şeýlelikde ilkinji üstünlik gazanyldy. Ýöne onuň bir kürsüden başga bir kürsä joňkarmagy welin Hajyny iňkise goýdy. «Begjanowyň şeýdip ujuz sypdygy bolaýarmyka? Bu adam edeni gidip dursa o ýerde-de dek gezmez. Ençeme adamyň ýülügini sorar, ýülügini sordurmajak bolýanyňam ýüregini bular ýörer. Ýogsa-da, onuň işini mazaly barladyp, suda berer ýaly edip bolmazmyka?...» Hajy şol günleriň birinde Salyh agaň ýanyna baryp, Begjanowly mesele barada ýatladanda ol: – Aý, sag-aman dyndyk, şoňa-da şükür. Indi sud beýleki diýip ýörmäliň-de, gezibereliň-le – diýdi. «Be, bu adamlar nähilaý. Öz ýüzleklikleri, bilen ýene näçe adamy çykgynsyz güne goýýandyklaryny azar edinmedik bolýarlar...» Hajy lapykeçlik bilen yzyna dolandy. «Ýeri, direktora näme diýip, näme aýtjak? Oň Begjanowy goldaýşy gaty ýürekden welin, muň bilen şärikli zady bar bolaýmasyn. Ýogsa-da näme üçin adamlar öz hukuklaryndan peýdalanyp bilenoklar. Näme üçin fermadakylaň «Bir ýerden kowlan adamy bize müdir edýäňiz?» diýmäge bogny ysmadyka? Heý bu eden-etdiligiň, bu eňňeräň soňuna çykyp bolmazmyka?» * * * Bir gün Annaýar aga Aşgabadyň golaýyndaky garyndaşlarymyňka diýip gitdi-de geler ýerde gelmedi. Diýen gününiň ertesem gara bermedi, birigünem. Ýaşulyň yzyna köwlenmezligi Arzygülem ünjä goýsa goýýardy welin, hasam Hajyny otly köýnek geýene dönderdi. – Oňa nä döw çaldyka? Eje, çaltrak ugruna çykaly-la... Şeýdibem gözläp başladylar. Arzygül ony Aşgabatdan tapyp alyp geldi. – Eje, nädip tapdyň-a? Bu waka şeýle bolupdy. Ýekşenbe güni PTU-dan çagyrylan kömekçiler gelip, gawun ýygyşdylar. Giçden soň okuwçylar-a awtobus bilen ugradyldy, uçilişäň gawun daşaşan maşynyny bolsa okuwçylar iýer ýaly gawundan dolduryp berip goýberdiler. Gawun ýüklenen maşynyň şofýory Annaýar aganyň obadaşydy. Ýaşuly näçe wagt bäri obalaryny görmändigini, pagta ýygymy başlaýmanka baryp gaýtmak hyýalynyň bardygyny syzdyranda şofýor ýigit: «Gideli, ýüzugra düşürip geçäýerin» diýipdi. Maslahata Arzygülem garşy bolup durmady. Ýöne, şodur-da şüdür Annaýar aga gürüm-jürüm boldy. Arzygül ilki ýaşulynyň garyndaşlarynyň ýaşaýan kolhozynyň kontorasyna jaň edip, Annaýar aganyň garyndaşlaryndan, habar tutup görmegi haýyş etdi. Ýöne birsalymdan Annaýar aganyň garyndaşlaryna barmandygy belli boldy. Arzygül soňra PTU-a jaň edip görmegi ýüregine düwdi. Şonda oňa gawunly maşyny Aşgabat şäheriniň Lenin raýonynyň milisiýa işgärleriniň saklandygyny, ýöne ertesi gawunlaryň larýoga düşürilip maşynyň goýberlendigini, Annaýar agany bolsa käbir zatlar anyklanýança şol ýerde saklaýandyklaryny aýtdylar. Arzygül bu habary eşidip öz-özüne käýindi. «Ýeri, gawunlary dokumentleşdirip berip goýbersek bolmaýamy?» Arzygül ýaşulyny boşatmak beýle kyn bor öýdenokdy. Ol ilki öz raýonlarynyň milisiýa bölümine baryp gördi. «Belki, biri-birini tanaýandyrlar, özleri gowy düşünişerler». Ýöne milisiýada kömek etmekden-ä geçen, ony diňlemegem islemediler. «Be, halkyň hukugyny goramaly, oňa arkadaýanç bolmaly edaraň işgärleri şeýdip dursa, galanlaryndan näme tama etjek. Biz haçana çenli şeýder gider otyrkak?» Arzygül maşynyny göni Aşgabada sürdi. Barsa milisiýada nobatçylyk edýän murtluja, kelpeňje ýaş oglan eken. Arzygülüň başdan oňa pisindi oturmady. Ýöne nobatçy diýlip oturdylansoň, alajyň ýok, oňa arzyny aýtmaly boldy. Nobatçy onuň gürrüňini soňuna çenli diňlemegem islemedi. – Sen kim borsuň? – diýip, ol gödek gürleşip başlady. Ýöwselleseň bolmajakdygyna gözi ýeten Arzygül ýagdaýa göräräk gepleşdi. – Eger-de hiç kim bolsaň, arzyň diňlenjek däl-dä, şeýlemi? Aýdaly men pagtaçy, «Ahal» sowhozyndan. «Ahal» sowhozyndan diýen sözi eşidip, aňyrrakda zaly ýaňlandyryp, biri bilen gülşüp-gürleşip duran daýaw pyýada-da bärligine gaýtdy. – Sen asyl şol gawunly maşynyň yzy bilen gelensiň-ow... Arzygül hossar tapylanyna az begenmedi. – Hawa-la dogan, şo diýip geldim. Deşlek milisioner dykylyp geldi. – Diýmek, ýaşulyny sowhozyň gawunyny satmaga ugradan sen ekeniň-dä?.. – Ýok-la, gawun satma näme işlesin. Ol neme... Arzygül biraz aljyrady. Muny aňan milisioner hasam hüjümi güýçlendirdi. – Öz aýagyň bilen geleniň gowy bolaýdy. Yzyňdan adam iberjek bolup ýördük. Arzygülüň kejebesi hasam daraldy. Üstüne abanyp, zemzen ýaly çişip duran semiz milisioneriň ýüzüne ýene-de birlaý gözüni aýlady. Birdenem onuň ýüzi birhili tanyş göründi. Ýöne näçe oýlansa-da hakydasyna getirip bilmedi. Birdenem güpbe ýadyna düşdi. Ol öz obalaryndaky Osman keliň iň kiçi ogly Ahatdy. ...Ahat goşunçylykdan gelensoň belli käriň başyny tutman, söw-söw syryp ýördi, bir ýerde bir bidereklik bolsa gyrasynda göründi. Onsoň ony oba Sowetine çagyryp gürleşdiler. Şondan soň ol edil Annagula doga alnyşy ýaly bolaýdy. Ogurlyklar has ulaldy hemem ýygaldy. Ýöne welin näçe iş edinilse-de ele salyp bolmady. Onsoň bir gün kolhoz başlygy Ahady ýanyna çagyryp: – Sen syrtyňy dogry tutup işleseň-ä işle, bolmasa-da çaltrak obadan garaňy saýla – diýipdir. Şondan soň Ahat gürüm-jürüm bolupdy. «Gör, asyl sen nirelerde otlap suwlaýan ekeniň. Ýeri, delalat etmeli adamlar şu tetelliler bolsa, bagtymyzyň ýatyp ýördügi däldir-dä hernä?» Ahat milisioner Arzygüli tanamady. Gaýtam, ol sesini çykarman dursa, ýöwselleýändir öýtdi. – Biz bu meseleler aýdyňlaşýança senem saklamaly borus. Arzygülüň has mytalasy tutuldy. Onuň ýüzi barha gamaşyp, göýä başynda kyýamat gopana döndi. Ol ilki özüne kiçilik bilse-de, dagy alaç bolmansoň, sumkasyndan oblast Sowetiniň deputatynyň şahadatnamasyny çykardy-da, nobatça görkezdi. – Maňa naçalnigiňiziň oturýan ýerini görkeziň! Bu ýagdaý milisionerleri serpmeden gaýdan ýaly etdi. – Wah, häliden aýdan bolsaňyz... – Men size naçalnigiňizi görkeziň diýýän. Hekgerişip, horazsyraşyp duran milisionerleriň derrew bady ýatdy. Ahad-a sagadyna sereden bolup hymyr-symyr etdi-de, şu ýerden süzmek bilen boldy. Nobatçy bolsa: – Wah, ozaldan şeýdip düşündirip aýtsaňyz bolmadymy – diýip, ýallaklap başlady. Arzygülüň gahary ýetjek derejesine ýetipdi. – Hany, boluň çaltrak, men howlugýan. – Ýörüň, ýörüň – diýip, murtluja ýigit gaty çusluk bilen onuň öňüne düşüp, naçalnigiň kabinetine tarap ýöräp ugrady. Şondan kän wagt geçmänkä Arzygül bilen Annaýar aga oba bakan ýola düşdüler. Ýaşulyň haly teňdi, edil ýaraly gaplaňa dönüpdi. Onuň hiç ýüzi açylanok. Bu gürrüňleri eşiden Hajyň Annaýar aga nebsi agyrdy. «Be, bu dünýäň beýle hazan urmuş dünýe bolaýşyny. Biderek ýerdenem beýle-beýle jebre sezewar bolunjak eken-ow. Biz gowy durmuş üçin näçe göreşýämikägem diýsek, gaýtam muň bujurygy artýa-la. Ýa-da entekler şeýdip gidip oturjakmykak?..» Arzygülem, Hajam belaň körüginiň nirededigini biljek bolup, näçe jan etselerem netije bolmady. Ýöne şol wakanyň soň ýanynda Begjanow Garlyny diläp, öz ýanyna işe aldy. Onsoň Annaýar agaň milisiýa düşmeginiň sebäpkäriniňem şolar bolaýmagynyň ähtimaldygyny güman etdiler. * * * Hajy ahyry dömmeli boldy. Özüniň Sülgünsiz oňup bilmejegini ejesine aýtdy. Ýöne Arzygül näme etsin. – Eje, heý ondan-mundan sorag-ideg edip gördüňizmi? – Wah, habar tutulmadyk ýer galan däldir-le. Ýöne gördüm-bildim ýok-da... Hajy ýassygy bagryna basyp ýatyşyna uludan demini aldy. – Oň heý garyndaşy dagysy ýokmudyka? – Aý ýokdur-la. Men-ä pylan ýerde garyndaşy bar diýip eşidemok. Näme? – Şolara dagy giden bolaýmasa diýjek bolýan-da... Çagalar öýüniň direktory Annaýar aga bilen «hä-hüm» edişensoň Sülgüniň ejesiniň bardygyny bir gezek dilinden sypdyrypdyr. Ýöne bu barada Sülgüniň-ä asla-da welin, başga-da hiç kimiň hiç zat bilmeli däldigini berk tabşyrypdyr. Bir gün Hajy bilen Annaýar aga çagalar öýüne-de baryp gaýtdylar. Şonda direktor Sülgüniň garyndaşlarynyň bardygy-ýokdugy barada özüniň hiç zat bilmeýändigini aýtdy. – Ýöne men Sülgüniň ejesinden hemem çagalar öýünde bolýarka bileräk tirkeşen ýoldaşlaryndan habar tutup göreýin. Siz öýlänräk bir aýlanyň – diýdi. Ýöne direktoram Sülgüni gördüm-bildim diýen adamy tapmady. «Be, indi näme etsekkäk? Ýa-da ol...» Hopukmakdan ýaňa Hajyň ýüzi üýtgäp gitdi. * * * Daňyň ümüş-tamyşlygynda olaryň gapysy batly-batly kakyldy. «Beýle ir kim bolup bilerkä?» diýip Arzygül turup ugranda Annaýar aga gapyň agzynda söme-söm bolup dur. – Motorymy ogurlapdyrlar. Ozalam oýaly-ukuly ýatan Hajy «Motor ogurlanypdyr» sesine laňňa galdy, köneje penjegini egnine atyp, daş çykdy. Olar üç tirkeş bolup baranlarynda Annaýar agaň «Maşyn alaýsam taýýar bolsun» diýip, salan garažynyň agzy haňlap ýatyr. – Diňe motormy ýa-da başga-da alnan zat bamy? Ýaşuly sortduryp durşuna Arzygülüň bu sowalyna «Juk» edip jogap berdi. Olar böwürlerini diňläbem köp durdular. – Hajy, sen Ýakup milisä habar et. Işe soň bararsyň. Annaýar aga sen bolsa meniň maşynymda gidäý. Hajy aýak yzlaryny saýgarjak bolup, otluçöp çakdy. Sermenip ýörşüne beýleräkde ýatan gulpy gördi. Gulp döwlüpdir. Ozalam obada ownuk-uşak ogurlyk bolýarmyşyn diýip eşidilýärdi. Ýöne bu gezek Annaýar aganyň üstünden düşülmegi Hajynyň hasam kejebesini darykdyrdy. Ol döwük gulpy ýaglyga dolady-da jübüsine saldy. Indi şeýdip ýaşulynyň motosiklinden el ýuwdugy bolaýarmyka? Ýogsa-da, Owganystanda gulluk edip gelenlere: «Obany ogrulardan goramagy boýnumyza alalyň!» diýsem näme diýerkäler? Bir otrýad düzüläýse-ha olara hötde gelip bolsa gerek». Hajyň indi milisiýa diýilse hiç pisindi oturanokdy, asla olaryň düzüw işleýäni bardyram öýdenok. Ol häzirem uçastok milisioneriniň ýanyna diýip ugranam bolsa ondan delalatyň degjegine ynamy ýok. Ol baryp uçastok milisioneri Ýakuba ýagdaýlary bolşy-bolşy ýaly gürrüň berdi. – Heý, ýaşulyň özüniň çen edýäni bamy? – Aý, maňa-ha belli bir pyşgyran zady ýok. Bolsa aýdardy-la... Olar garažyň töweregine aýlandylar, aýak yzlaryny synladylar. Ýaşuly bir arzajyk ýazsyn, «motosiklimi gözläp beriň» diýip, arzasynda motosikliniň markasydyr nomerinem görkezäýsin. Motosikl edil guýa gaçana döndi, gördüm-bildim ýok. Gaýtam «kimiň towugy ogurlanypdyr, kimiň agylyndan goýny alnypdyr, hatda kimiň süzme derisi ýitipdir» diýen ýaly gürrüňler köpelmese azalanok. «Owganystanda dişine çenli ýaraglanan bandalaryň garşysyna çykylýardy, gel-gel indi bärde bolgusyzja oba ogrusynyň hötdesinden gelip bolmazmy? Näme-de bolsa otrýady çaltrak düzjek bolmaly. Ýöne bu işe kim kömek edip biler? Näme-de bolsa ilki uçastok milisionerine bir ýüz tutup göreýin». Hajy ýene-de Ýakubyň ýanyna bardy. – Sen halypa bize otrýad düzmäge kömek edip bilmezmiň? Ogrulaň garşysyna ymykly çykylmasa boljak däl ýaly. Ýöne družinany Owganystanda gulluk eden oglanlardan düzeli. Şolar ýüňsakgal edesi ýok. – Ýürejigim bolduň dost. Gaty jaý maslahat. Täzeräkden bäri işlämsoň näme etjegimi bilmän ýördüm. Şol günüň ertesi uçastok milisioneriniň kabinetine Owganystanda gulluk eden oglanlaryň bary diýen ýaly ýygnandy. Şeýdip, ozalky internasionalist esgerlerden ybarat otrýad düzüldi. Otrýadyň adyna «Şurawi» dakmak makullanyldy. Oňa komissar edibem Hajy saýlandy. Günler geçip dur. Ozalky ogurlanan zatlary tapyp, ogrularyň üstüni açmakdan-a geçen, gaýtam obadaky ogurlygyň sany köpelýär. Hajy dagy näçe çytraşsa-da netije ýok Soňabaka il arasynda «Otrýadyň çlenleri družinaň adyna dulanyp, ogurlygy özleri edýärmişler» diýen ýaly myş-myşlaram eşidilip ugrady. Onsoň obadaky ogurlygyň hem-de beýleki bidüzgünçiligiň soňuna çykylmasa özleriniň biabraý bolup barýandyklaryna Hajam, beýleki oglanlaram düşünýärdi. Olar ýene-de Ýakup milisioneriň kabinetine üýşdüler. – Ýeri, oglanlar, näme maslahat? Ilki bilen Kowus dillendi. – Daşgulakdan eşidişime görä degirmeniň harabaçylygynda jahyllardan deňňenä üýşýäni bamyş. Ras deňňenemi, o ýerde içgem bolmaly, neşe-de. Onsoň mugturak pul düşmese garşy-garşy deňňene aňsat däldir. Diýmek, biziň ilkinji wezipämiz deňňeneçileriň kimlerdigini anyklamak. Kimlerdigini bilip bolsa olaň haçan, nirede ýygnanyşýandyklaryny bilse bor. – Şuň ýaly myş meňňem gulagyma degdi. Ýöne uç tapyp bilmän ýörşümdi – diýip, Ýakup dillendi. – Otrýadyň çlenleriniň sany biraz köpeldiläýse nähili borka? – diýip, gapyň agzyragynda oturanlaryň biri madyrdady. – Maslahatda. Ýöne men-ä şu sanymyzam ýeterlikmikä diýýän. Hajynyň bu pikirini başga-da goldan tapyldy. Şol gezekki maslahatda obada agşamlaryna nobatçylygy ýola goýmak karar edildi. Otrýadyň çlenleri üç-üçden toparlara bölünip, obaň arasyna aýlanmaga başladylar. Köçeleriň ugrunda toparlanyşyp, gijäniň bir wagtyna çenli oturýan ýaşlara on birden soň öýli-öýüne dagamak maslahat berilýärdi. Gije sagat on birden soň geçip barýan maşynly ýa-da motosiklli nätanyş adam bolsa onuň kimdigi, nireden gelip, nirä barýandygy anyklanylýardy. Bir gezek Hajy dagy nobatçylyk edip ýörkä tomusky kinoteatryň ýanyndaky bagjagazda bir hümür-sümüriň bardygyiy aňdylar. Otrýadyň çlenleriniň özlerine tarap gelýändiklerini görselerem oglanlaryň azaryna däl. Hajy dagy golaýlandan aragyň ysy hapba urdy. – Ýer-ow, goç ýigitler, nämejik işleýäňiz? Hajy dykylyp has golaýa bardy. – Goç ýigitler-ä dynç alýa... Hajy dili çala aýlanýan pyýadany tanajak bolup näçe egsilse-de garaňkyň içinde onuň ýüzüni saýgaryp bilmedi. – Jemgyýetçilik ýerlerine içgili gelmegiň bolmaýandygyny bileňzok öýdýän. – Diýmek onda «komendant sagady girizildi» diý-de, gutar-da. Asyl zatdan habarymyzam ýok. Olar dagamak bilen boldular. Hajy tä öýlerine barýança pikir öwrüp gitdi. «Seredip otursaň ýaňky oglanlar günäkärem däl. Klubdur kitaphana agşamlaryna işlänok. Sport bilen meşgullanmaga-da ýer ýok. Onsoň derekli güýmenje bolmasa bular näme işlemeli? Nirede-de bolsa bir ýerde wagtlaryny geçirmeli ahyryn...» * * * Bu ýyl gowaça bitginli boldy. Sowkaň zaýalan ýerleri bolaýmasa, galan ýerde gowaçalar ak sümege basyrylyşyp otyr. Hajyň sürüp oturan pagta ýygyjy maşyny kartaň aňyrbaşyna aýlanyp geldigi bunker dolýar. Töweregi synladygyça Hajyň göwni joşup, aýdyma zowladyberesi gelýär. Pagta ýygyjy maşynyň işleýşine keýp edip, şol sürüp otyr. Demirgazyga garşy ýörände ekerançylyk meýdanynyň aňyrsyndan başlanýan Garagumuň aňsat-aňňat guba çägelerine gözi düşüp, kalby joşgundan dolsa, günorta öwrülende Köpetdagdyr onuň etegindäki aýna ýaly göm-gök bolup ýatan ajaýyp köli synlap doýup bilenok. Onuň arzuw guşy barha uzaklara ganat ýaýýar. «Bu, durmuş diýilýän zadyň ajaýypdygyny...» Onuň ýüzi birden gamaşyp gitdi. «Durmuşyň bir kemi bar, olam Sülgün. Ýeri indi onuň şeýdip ýitip gitdigi bormuka? Sag-aman pagtany birýüzdi etdigimiz onuň ugruna ymykly çykaryp. Heý, seni ýene-de görmek bamyka, Sülgün?!» Hajy sagadyna seretse bir bolup barýar. Şobarmaşa-da onuň gözi düşelgäniň golaýyndaky erewde-berewlige düşdi. Ol kartaň gyrasyndaky teležka bunkeri boşatdy-da maşyny üsti çelekli traktora tarap sürdi. Maşynynyň şpindellerini ýuwup, düşelgä barýança sagat bir boldy. Düşelgede adam diýseň kän. Komsomolyň raýon komitetiniň birinji sekretary, agitbrigadanyň çlenleri diýermiň, sowhozyň partorgy, komsorgy, telestudiýanyň, raýon gazetiniň işgärleri, garaz, myhman bary bar. Bu gün Arzygülüň ýolbaşçylyk edýän brigadasynyň pagtaçylary plany dolupdyrlar. Dabara şolaň şanynady. Gutlaglardan soň çeper höwesjeňler konsert berdiler. Hajy häliden bäri komsomolyň raýon komitetiniň birinji sekretarynyň ýanyna barmaga çemelenýärdi. Sowhozyň komsomol komitetiniň işiniň juda ýaramaz- dygy, hiç-hili guramaçylyk, medeni-köpçülik işleriniň geçirilmeýändigi barada Süleýmanowa aýdasy gelýärdi. Ýöne sekretar gyzyň ýanyna barmagyň ebeteýini tapman, horlanýar. Şol wagt aýdym aýdyp duran oglan gezegi saryýagyzja gyza berdi. Oňa gözi düşenden Hajyň ýüregi jigläp gitdi. O gyzyň keşbi agynja Sülgün. Onuň sesem edil Sülgüniňki ýaly näzijekden çekimli. Hemişe şular ýaly konsert bolanda Sülgündir Annaýar aga bilelikde çykyş ederdi. Ol gyzyň aýdymyny diňledigiçe Hajyň weji gaçdy. Onsoň ol kellesine urlan ýaly bolup märekeden saýlanmak bilen boldy. Kölüň gyrasyna barybam gamyşlykda süýnüp ýatdy. Aýdymçy gyzyň sesi şindizem onuň gulagynda ýaňlanyp dur. «Sülgün nirede bolup bilerkä?» Çaýryň baldagy bilen dişini synçgap ýatyşyna birhaýukdan sagadyna seretse, üç bolup barýar. Onsoň hasyr-husur turup pagta meýdanyna tarap ugrady. Ol maşyny bilen kartaň aýak ujuna öwrüm edip gelende ejesi, Süleýmanowa, partorg, komsorg hem-de telestudiýaň işgärleri garaşyp durlar. Arzygül Hajyň maşyndan düşerine mähetdel gürläp başlady. – Näme birden gürüm-jürüm bolaýdyň-la. Ine, komsomolam, telestudiýaň işgärlerem seni görjek diýýäler. Süleýmanowanyň ýylgyryp durşy. Otrýad döredipsiňiz diýip eşitdik-de, «şowly bolsun!» diýäýeli diýdik. Gowy edipsiňiz, ýöne, birneme aýgytlyrak hereket etmek gerek. Onsoňam birigün agşam sagat sekizde raýon medeniýet öýünde harby gulluga çagyrylýan ýaşlar bilen duşuşyk boljak, Owganystanda gulluk eden esger hökmünde sizem şol duşuşyga çagyrýas. Hajy ejesine seredenden Süleýmanowa öňürtdi. – Hemme zat gürleşildi. Partorgam razy, brigadirem. Ýöne çykyş etmäge az-owlak taýýarlansaňyz gowy bor. Hajy uludan demini alyp, boýnuny ýygyrdy. – Men bir çykyş edip ýören adamam-a däl, näme diýerkäm? – Birigüne çenli wagt bar, gowuja pikirlen. On- da näme duşuşygyň ýarym sagat öň ýanynda raýkom komsomolda garaşarys. Süleýmanowa ugraberjek bolanda: – Ine, bu ýigitlerem telestudiýadan. Ozalky internasionalist esgerler hakda gepleşik taýýarlan ýörler – diýdi. Telestudiýaň işgärleri eýýäm apparatlaryny gurupdy. Sekretar gyz hoşlaşyp gidenden eli mikrofonly habarçy Hajyň golaýjagyna bardy-da: – Ine, şu taýrakda dur – diýip, oňa nähili durmalydygyny görkezdi. – Indi bolsa Owganystanda gulluk edişiň, oba gelip işleýşiň barada aýdyber! Ozalam birigünki duşuşykda näme diýjegini bilmän, «Bor» diýenine ökünip aňyrsyna çykyp bilmän duran Hajy indi hasam uly basga galdy. «Ýeri, näme diýsemkäm?» Habarçy ýigit Hajyň ýagdaýyny aňan bolarly. Oňa näme diýmelidigini salgy berip başlady. – Meň özümem Owganystanda gulluk etdim – diýdi-de, ýoldaşlaryna «Başlaberiň!» diýen äheňde yşarat etdi. – Onsoň gabawa düşen bolsaň şol barada, hüjüme gidişiňiz barada, gelip işe başlaýşyň, «Şurawi» otrýadyny döredip, obada bidüzgünçilik edýänleri terbiýeleýşiňiz barada aýdyber. – Wah, hiç kimi terbiýeläp bilemzok-da. Hajyň şol dommarylyp durşy. – Çaltrak boljak bolaweri. Bulary saklama. Habarçylaň başga-da barmaly ýeri bar – diýip, partorg Hanalyýew Hajyny gyssady. – Hawa, halypa bizi saklama, goňşy kolhoza-da barmaly. – Aý, onda men oňaýaýyn-la... – Ýok, ýok. Sen oňsaňam biz oňup bilmeris. Öňdebaryjy komsomol-ýaşlar brigadasynda zähmet çekýän internasionalist esgeri, onda-da obadaky bidüzgünçilikleriň garşysyna göreşýän otrýadyň komandirini tapmak bize aňsat düşmez. Şoň üçinem gowuja pikirlen-de, iki agyz gürlejek bol. Görýäň-ä biz Aşgabat ýaly ýerden ýörite geldik. Hajyň şindizem ýaýdanjyrap durşy. «Ýogsa-da Begjanowly meseläni agzaýsam, bularyň kömegi degmezmikä? Häk, näbileýin-dä, habarçyň ýüzi ýaman ýuwan görünýär. Näme-de bolsa «Ýatyp galandan atyp gal» diýipdirler, ýatladyp bir göreýin». Ol ýüzüni galdyryp habarça seretdi. – Obada menden has möhümräk zatlar bar, şolar hakynda gürrüň etseňiz kem bolmazmy? Habarçy lapykeçlik bilen gürledi. – Meselem, näme hakynda? – Ine, aýdaly bölümimiziň öňki naçalnigi Begjanow hakynda. Partorg ýaltyldap Haja seretdi. Habarçy bolsa entek Hajyň näme diýmekçi bolýandygyna düşünenok. – Näme, olam Owganystanda gulluk edipmidi? – Ýok-laýt gulluk etme näme işlesin. – Onda näme? – Adamlara gan ýuwutdyrdy. Biz ondan sag-aman dyndyk diýsek, ony başga bir ýere geçirdiler. Ine, şoň etmişleri barada telewizorda gürrüň edilse gowy bolmazmy? Habarçyň biraz ýüzi açylyp ugrady. – Genialno... Genialno... Internasionalist esger obadaky negatiw ýagdaýlar barada mesele gozgaýar. Ol mikrofony alyp, Hajyň has golaýragyna bardy. – Begjanow diýilýäni basdylarmy? Partorg Hanalyýew sagadyna seredip, aýagy bişen ýaly ikibaka zowzuldaýar. Hajy barha çynyrgaýardy. – Wah, gepem onuň basylmaýanlygynda-da. Men aýdýana biziň bölümimizden aýryp, ownuk mallar fermasyna müdir edip goýdular diýip. – Oň bölüm naçalnikliginden aýrylmagynyň sebäbi näme? – Adamlara biderek azar berýänligi üçin. Biz ony bölümiň naçalnikliginden aýyrmak hakynda ilki sowhoz ýolbaşçylarynyň, soňra-da raýkompartiýanyň öňünde mesele goýduk. – Gaty gowy, gaty gowy. Barypýatan demokratiýa. Onuň işinde heý, jenaýat elementlerini subut edin boljak tutaryk tapylarmy? – Wah, hawa-la. Juda bolmasa, onuň para alýandy gyna-ha subut edip bolsa gerek. Brigadirlerden ondan ýaňa gan eňreýänleri bar. Habarçy ak papagyny maňlaýragyna süýşürdi-de, jübüsinden çykaran ýaglygy bilen gara äýnegini süpürmäge durdy. Pzrtorg Hajydyr habarçyň ýanyna dykylyp geldi. – Men howlugýan, başga-da iş köp, şoň üçinem basymrajyk bolsaňyz... Habarçy äýnegini dakynyp partorgyň ýüzüne seretdi. – Siz howluksaňyz gidiberiň. Görýän welin, biz bärde biraz eglenmeli boljak öýdýän. Hanalyýew gülesi gelmese-de ýylgyran boldy. – Maňa sizi goňşy kolhoza-da eltip gaýtgyn diýipdiler-dä. – Azat Perdäýewiç, görýän welin, başga kolhoza baryp ýetişmezmikäk diýýän. Işimizi siziň sowhozyňyzda tamamlamakçy. Partorg paltasy daşa degensoň, aňyrraga baryp gazarylyp durdy. Birsalymdan ýene-de burnuna salybrak gürledi. – Men-ä size düşünemok. Internasionalist esger hakynda gepleşik taýýarlamaga geldik diýýäňiz. Şo gepleşik ýamanlanýanmy ýa-da öwülýän? Habarçy uludan demini aldy. – Bilýäňizmi näme, biz ilki beýle-beýle problemalara gabat geleris öýtmändik. – Onda raýkompartiýadan ygtyýar bolmasa tankydy gepleşik aldyryp bilmeris. Habarçam ýöwsellärli däldi. – Raýkomdan ygtyýar nämä gerek. Faktlar dogry bolsa... Soňundan baryp aýdaýarys. – Ýok. gadyrdan, beýle-beýle urdum-şalyga ýol berip bilmen. Bu zatlara men kelläm bilen jogap berýän. Hajyny surata düşürip bolan bolsaňyz men sizi ugratjak. – Biz nädogry zady surata alýan bolsak arz edip bilersiňiz. – Men arz edişip ýörmegi halamok. – Şeýlemi? Serediň-dä onda ýagdaýyňyza. – Onda näme, bizlik işiňizi gutaran bolsaňyz... – Ýok, biz indi başlajak bolýas. Sizem näme gyssag işiňiz bar bolsa gidiberersiňiz-dä... Öz ulagymyz bar. Onsoňam bu taýlar näbelet ýerlemmizem däl-le. Hanalyýew ýeňsesini tüňňerdip tosaň-tosaň edip aňyrrakda duran maşynyna bakan ýöräp urady. Şondan soň komsorgyňam uzak durasy gelmedi – partorgyň kölegesi ýaly bolup, onuň maşynyna münmäge ýetişdi. Habarçy olaryň yzyndan seredip birsalym duransoň Haja: – Näderis, dowam ederismi? – diýdi. Ol Hajy çekiner öýdýärdi. – Näme dowam etmän? Hajy sowhozda Begjanow bilen baglanyşykly zatlar hakynda-da, komsomol guramasydyr medeni aň-bi- lim edaralarynyň düýbünden işlemeýändigi hakynda-da aýdansoň telestudiýaň işgärlerini Salyh agaň brigadasyna alyp gitdi. Ýaşuly Begjanowly mesele hakynda interwýu bermejek bolup näçe çytraşsa-da bolmady. Hajydyr habarçy bu meseläni şunlugyna galdyrjak däldiklerini, şoňa görä-de gowusy ol barada bilenjesini aýtsa özi üçin kem bolmazlygynyň mümkindigini Salyh aga duýdurdylar. – Begjanowy şu ýagdaýa ýetiren özümiz bolduk – diýip, Salyh aga gaty kyn görse-de, ahyryn mikrofona gürläp başlady. – Eger-de süýkenip başlandan temegine kakylan bolsady, bu derejä ýetmese-de ýetmez- di. Beýleki brigadirler-ä bilemok welin, ol garaw bolmajagyna gözüni ýetirensoň, diňe menden her aýda üç ýüz manat pul talap edip ugrady. Garagymyz akan ýaly bolup berýäs. Ilki-ilkilerä-hä «Bir zat üçin gerek, soň üzerin» diýse, puly öz jübimden çykarardym. Ýöne, puly gaýtarmajagyna mazaly düşünemsoň, nädeýin işlemeýän adamlaň birnäçesiniň adyna hak ýazyp ugradym. Şonça puly her aýda hökman oňa beräýmelidi. Jenaýatdygyna-da düşünýän, ýöne nädeli? Ýa-ha işiň bilen hoşlaşmaly, ýa-da bereýmeli. Arz edibem gördüm, netije bolmady. Indem näme maňlaýdakyny görübermeli bor-da. Wödümisleri barlasaňyz bellidir. Begjanow soňabaka oň bilenem oňman, «kömek etmeli» diýip, käbir brigadalaň adyna pagta geçirdibem ugrady. Öz elimiz bilen ýetişdirip, öz elimiz bilen ýygan pagtamyzy birnäçe gezek başga brigadalaň hasabyna tabşyrdyk. Pagtaçylammyzyň bu zatlardan habaram ýokdur. Biläýseler näme jogap berjegimem bilemok. Ýöne welin, ahyryn bilinjegine-de gözüm ýetýä. Irki döwürde gowaçany sähel artyk ekseňem bilinäýdigi sud edip basardylar. Indi welin, hezil, näçe ekseň ekiber, sudam ýok, beýlekem. Hojaýynlaň holtumyny doldursaň bolany. Hiç-hili wehim ýok. Hajyň ýaşula nebsi agyrdy. Az salymdan ýene-de partorgyň maşyny göründi. Ol gele-gelmäne habarçylaň ýolbaşçysy Altyýewiň gyssagly telefona çagyrylýandygyny aýtdy. Habarçylar apparatlaryny ýygnaşdyryp, maşyny sowhozyň kontorasyna tarap sürdüler. Hajydyr Altyýew partorgyň yzy bilen gapydan girende sowhozyň direktory Garaýew dylym-dylym edip telefonda gürleşýärdi. Ol habarça eli bilen «Otur»! diýen yşarat etdi. Ýene-de birsalym gürleşenden soň, gepleşýän adamsyna: «Ol-a gelendir» diýdi. Şondan soň telefonyň trubkasyny Altyýewe uzatdy. Şindizem Altyýewiň zatdan habary ýok. Özüni telefona çagyrýanyň kimdigini bilenok. Goňşy kolhoza barjak diýen wagtlary baryp bilmänsoňlar jaň edýän raýkomsomolyň işgäridir öýdýärdi. Ol trubkany gulagyna ýetirenden jaň edýäniň kimdigi belli boldy Aňyrdakyň hemleli sesi trubkany ýaraýjak bolýardy. Ol Altyýew dagynyň edarasynyň iň uly başlygydy. – Ýer-ow, sen indi nähili hokga çykarmakçy bolýaň. Şo ýerden tankydy material aljak bolýanyňy heý öz edaraň ýolbaşçylaryndan bilýäni bamy? Onda näme öz kelläňe gelenini edip ýörsüň? Öňdebaryjy sowhozdan tankydy material alyp, sen nä maýaklary masgara etjek bolýaňmy? Seň bu eden-etdiligiňe ýol bermeris. Ýa-da olary gorkuzyp bir zat tamakinçiligiň-ä ýokdur?.. Dagy gürrüňiňi bilemok, çaltrak geliň! Men tä sen gelýänçäň garaşjakdyryn. Hajy sesini çykarman şol diňläp durdy. – Onsoňam ertir Kadyrow Çärjewe gidýär. Şo taýdan reportaž taýýarlamaly. Başga BTS-i ýok, sendäkini äkitmesek, çaltrak gel – diýip, aňyrdaky trubkany goýdy. Hajy bilen Altyýewe kabinetdäkilere gözlerini alardyp oňaýmakdan başga alaç galmady. Direktordyr partorg bolsa geçileri ekiz guzlan ýaly dylmyldaşyp otyr. Hajydyr Altyýew lapykeçlik bilen çykyp ugradylar. Olar maşynyň ýanynda biri-biriniň ýüzüne seredişibem esli durdular. – Ine, halypa tankydy material aljak bolsaň şeýleräk bolýa-da. Ýöne her niçik bolsa-da bu zatlary munlugyna galdyryp bolmaz. Ýene-de hökman gelerin, ertir bolmasa birigün, birigün bolmasa ýene bir gün. Ol bloknodynyň arasyndan wizit kartoçkasyny çykaryp Haja uzatdy. – Indi bular senem günüňe goýmajak bolarlar. Ýöne azar beriberjek bolsalar hökman jaň etgin. Altyýew hoşlaşdy-da, maşyna mündi. Hajy gapdaly «Gosteleradio» diýen ýazgyly «RAF» maşyny tä gözden ýitýänçä yzyndan seredip durdy. (dowamy bar)... | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çözgüt - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň soñy: Bamyny agladan aýdym - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -11: «Mekge däl, Meskew diýip, çaldy milletler heň. .» - 08.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Kök küý kiss me - 05.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan, çopanystanda. Ýalñyzlyk oýlary - 03.07.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powest - 29.08.2024 |
√ Guduzlan it / powest - 09.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |