23:06 Oýanmak -3/ powestiñ dowamy | |
* * *
Taryhy proza
Çak edilişi ýalam boldy. «Gul gaçypdyr» diýen habar ýaýranyndan bir hepde töweregi wagt geçis geçmänkä, Abdylla hanyň atlylary obada «kyýamat gopdurdylar». Ýöne welin, olara ýolbeledi bolup gelen Nuraly däldi-de, Abdyl keldi. ...Abdyl keliň asly eýranlydy. Ony çagaka türkmenler alamançylyga baranlarynda alyp gaçypdylar. Ýöne, «Bikärden taňry bizar» diýlişi ýaly, çagaka-da, ulalansoňam, Abdylyň yzyndan gelen bolmady. Satyp bäş şaýy gazanaryn diýip, alamançylykdan alyp gaýdan adamam soňabaka peýdasyndan-a geçen gaýtam dynsa oňupdyr. Sebäbi ol başdan özi ýalylara baş bolup, her-hili hokga çykaryp ugrapdyr. Ese-boýa galdygyça, neşe öwrenip, humarbazlyk etdi. Ýaranlary bilen meýdanda gezip ýören mallary sürmek, çolarakdyr öýden öýlerini ýarmak bilen meşgullanyp başlady. Garaz, diňe bir Durnaly obasyna däl, goňşy obalara-da ulukjyn açdyrdy. Ol ýigrimi ýaşansoň Eýranda garyndaşlarynyň bardygyny eşidip, özüniňkileriňkä gidermen boldy. Ýöne ol ýerde-de uzak togtamady. Ýaş mündügiçe akyllanmanyň deregine, gaýtam Abdylyň bujurygy artdy. Bir gezek Abdylla han Ahalda «otlap-suwlaýan» obadaşynyň bardygyny eşidip, ony ýanyna çagyrypdyr-da, özüne içaly bolup berse gadyryny biljekdigini aýdypdyr. Ine, şeýdip, ol aram-aram hanyň adamlaryna türkmenlerden at ogurlamaga kömek edip ugrapdyr. Abdyl kel girisine bir zat düşjegini bilse öz enesini satmakdanam gaýtjak däl. Oňa peýda bolsa bolany, eýranlylara-da hyýanat etmäni hiç zatça görenok. «Ýurdy belet çapar» diýlişi ýaly, Eýran obalaryna belet bolansoň, ol türkmenleriň galtamanlaryna-da baş bolup alamançylyga gidýär. «Ýat itiň guýrugy ýamzynda» diýselerem, Abdyl kel kän bir guýrugyny ýamzyna gysyp gezmedi. Ol gaýtam hondanbärsi boldy, maý tapsa hansyrady. Soňabaka bolsa Güljereniň yşgyna düşüp, ony nädeninde öz girisine salyp boljakdygynyň gamyny iýip ugrady. Şonuň üçinem ol Çakan köse bilen arasyny sazlady. Olar aralaryndan «gyl geçmeýän», iýenleri aýry gitmeýän dosta öwrüldi. Abdyl keliň ýene-de bir «artykmaç» tarapy Eýrana gidip, arzan nyrhdan tirek getirýänligidi. Onsoň Çakan ýaly neşebentleri ol edil «ýüpsüzje daňyp» goýýardy, nirä ýörese «guýrugyna tirkelen» ýaly, yzyna düşürip ýörmegiň hötdesinden gelýärdi. Bir gün ol Çakany neşeden mazaly doýurdy. – Kösäm, bir haýyş bar. Şol haýyşymy bitirseň-ä bir oljalyja alamançylyga äkideýin. Neşeden keýpini kökläp, gözüni süzüp oturan Çakan bolsa: – Şertiňi aýt, eşideli – diýdi. – Aňsad-a däldir. Çakanyň gözi ýitelip gitdi. – Şertiňi aýt diýilýä saňa. – Gaty görmersiň gerek? Çakan dymdy. Ep-esli wagtlap böwrüni diňläp oturdy. Onsoň ýaplanyp ýatan ýerinden dikeldi. – Be, nädäýdiňäý? – Gaty görjek bolsaň-a, aýtjak däl. Çakan gaty görmejegine ant içip, awy ýalasa-da, Keliň şertiniň Güljereni duluna geçirmekdigini eşidende, Abdylyň ýüzüne alarylyp seretdi, ep-esli wagtlap, aşak bakyp, sust oturdy. Wagty bilen belli bir karara gelip bilmedi. Şeýlelikde, mesele çözülmän galdy. Soň bir gezek neşesi gutaryp, azarlanda, ol nalaç Keliň şertine boýun bolmaly boldy. Ýöne olar Güljereni alyp gaçmagy alamançylyga gidilip gelnenden soňa goýdular. Alamançylyga-da gidilip gelindi. Ýöne her gezek olaryň synanyşygy puç bolýardy. Iň soňky gezegem pirimleri paşmansoň, Abdyl kel içiniň ýangyjyna Çakanyň kellesini gyjagyň kädisi ýaly pyzyp goýberipdi. Ol şo gidişine Eýrana çykyp, göni Abdylla hanyň huzuryna bardy. Hanyň inisi Rzagulynyň golunyň çapylandygyny eşidip, gaty gynanandygyny aýtdy. Syrkawyň halyny sorady. Soňra-da alamançylyk edip, hanyň obasyny talanlaryň türkmenleriň haýsy obasyndandygyny anyklandygyny, Abdylla han aryny almaga haçan gitse, ýol beledi bolmaga taýýardygyny mälim etdi. Abdylla hanyň indi näçe wagt bäri arzuw edip ýören Kepderisiniň hem türkmenleriň talaňçylyk eden obasyndadygyny aýdyp, hanyň agzyny suwartdy. Ýöne Nuraly hakda hana kelam agyz söz aýtmady. Bardy-geldi, Nuraly dolanyp geläýse, öz «syrtynyň açyljagyny» bilýärdi. Ine, ahyryn han aryny alyp, keýpden çykmak üçin, Abdyl keli öňüne salyp, tekeleriň üstüne gaýtdy. Abdylla han türkmenlerden aryny beýle köp wagt geçirmänem alyp biljekdi. Ýöne ol inisiniň ýarasynyň biterine garaşypdy. Şeýdip ol inisiniňem içini sowatdyrjakdy. Inisiniň ýarasy wagty bilen bitmänsoň, ol ar almaga özi gaýdarman boldy. Abdylyň öwrülip gelmegi hany hasam imrindirdi. Nökeriň lybasyna girip, hemişeki edişi ýaly ýüzüňi gara nykap bilen örten Abdyl kel hanyň atlylaryny göni Durnaly obasyna tarap alyp gaýdypdy. Güljereni öz çolpusyna ildirip, onuň goýnuna girmek arzuwyna atlanyp barýan Kel bu wagt begenjinden ýaňa edil uçaýjak bolýardy. Nökerler dagdan aşak inip başlanlarynda, daň ýyldyzy ýaňy dogupdy. Ýene-de bir salym ýörelensoň howa birneme ýagtylyp, aşakda Durnaly obasy göründi. Öz üstünden uly betbagtçylygyň injekdiginden bihabar oba süýji ukuda ýatyr. Abdylla hanyň buýrugy gaty zabun. Obany diňe bir talap oňaýman, ony küle öwürmelidi. Ol şeýle hem etdi. Çapawullar kürsäp öýlere girip, göze ýaramly zatlary alyp çykdylar-da otladylar. Öýler, üýşürilip goýlan bedelerdir ýandaklar, küde-küde bolşup duran çetilerdir sazaklar lowlap ýanmaga başlady. Obanyň ýokarsyndaky goýy gara tüsse barha ulalyp, has elhenç görünýär. Çaga-çugalaryň, aýal-oglan uşaklaryň aglaşýan sesleri, mal-garalaryň orlaşygy ala-zenzele bolup ýaňlanýar. Saryja aga daňdanyň ümüş-tamşynda obanyň günbatar başyndan başlanan gohy eşidip, birbada geňirgense-de, nämäň-nämedigine derrew düşündi. Ol zowzuldap, çar tarapa elewremäge başlady. Onuň bu wagt bar gaýgysy Güljeren. Gojanyň ilki hyýaly guýynyň başyna baryp, agtygyny gowa bilen guýynyň düýbüne sallamak, ýöne ol derrew bu pikirinden el çekdi. Soňra ol Güljereniň elinden tutup, ýerdölä tarap ylgady. Ýerdöläniň agzyna ýeteninden, ýene-de yzyna dolandy. Ýaşuly rejelenip basylyp goýlan ýorunja bedesiniň duşunda saklandy. Onuň hyýaly Güljereni bedäniň içinde gizlemek. Birdenem obaň ýokarsyndaky gara tüssä gözi düşüp, ýüregi howlady. Saryja aganyň göwnüne onuň agtygam edil gözüniň alnynda şol gara tüssä öwrülip barýana döndi. Ol näme ederini bilmän, durup derini syrdy, Ahyrynam Güljereni tama tarap idirdedip ugrady. Getiribem ony içki otagyň töründäki asma çuwala saldy-da, özem eline gylyjyny alyp, gapyň agzynda keserilip durdy. Abdyl kel çapawullary bilgeşleýin obaň günbatar başyndan salyp, özi Saryja agalara tarap gaýdypdy. Ol ýaşulynyň öýüne golaýlaşdygyça töweregine eserdeň garamaga başlady. Sebäbi ol Nuraly bardyr öýdýärdi. Kel ýuwaşlyk bilen daşky gapydan içerik ätläninden onuň gözi ýaşula düşüp, biraz oýlanrajak boldy. Ol öz ýüzüniň nykaplydygy ýadyna düşeninden soň has ekezlendi. Kel ýaşula hemle urmaga başlady. Gapyň agzynda saňňyldap duran goja çala-çula hemlä çekilerli däl. Abdyl kel ýene-de haýbat atdy. Ahyrynam ýaşulynyň gury haýbat bilen çekilmejegini aňyp, onuň üstüne sürnüp ugrady. Tapsyz göwre uzak çytraşyp durup bilmedi. Elinde ysgyn galman, derrew gylyjyny gaçyrdy. Kel ýaşulynyň gylyjyny aýagy bilen pyzdy-da, özünem aňyrrak itip goýberdi. Onuň kellesindäki bar pikiri çaltrak Güljereni tapmak. Ol içki jaýa girip, agdar-düňder etdi. Soňra daşky jaýyňam ähli ýerini dörüp çykdy. Ýöne, Güljeren tapylmady. Kel dym-gyzyl bolup, hum ýaly çişdi. Soňra daşaryk çykyp, bir salym durdy-da, edil aç gurt ýaly, töwereklere aýlanmaga başlady. Ol içiniň ýangyjyna ähli zada ot berýärdi. Bir salymdan gara öý, bededir üýşürilgi duran sazak, goýun agylynyň üstüne atylan agaç-ugaçlar tutaşyp, lowlap ýanmaga başlady. Agylyň içindäki baggoýunlar tüssä çydaman iki-baka urunýardy, köşekli düýedir sygyr janawarlar bolsa töweregi gurşap alan gara tüssä oýurganyşyp gazyklarynyň daşynda ters aýlanýardy. Abdyl kel Güljereni hiç ýerden tapmansoň, ýene-de içki jaýa girdi. Bu wagt Saryja aga içerini agdar-düňder edýäňiň Abdyl keldigindenem, onuň Güljereni gözleýändigindenem habarsyz. Ol öýe giren haly-paly diýen ýaly gözüne ýaran zady alyp çykar-da, gider diýen umyt bilen, ýykylan ýerinden turmaga rowgaty ýetmän ýatyr. Abdyl kel Güljereniň bir ýerde gizlenendigini aňýardy. Ýöne beýle ters aýlanmaly bolaýaryn öýdenokdy. Ol haslap, durşuna ýene-de sermenmäge başlady. Onýança-da hanyň nökerleriniň biri urdurylyp daşky gapydan girdi. Kel onuň kimdigini saýgarman, gylyjyna ýapyşdy. Gapydan gireniň ýüzüne gözi düşensoň, biraz ynjalyp ýene-de gorsanyp ugrady. Kel üstüne ýük galdyrylgy çuwallary ýeke-ýekeden gapdalyna depip, bärligine agdarýardy. Gapdala agan çuwallaryň gözüglerini gylyjynyň ujy bilen kesişdirip çykdy. Içeri agzyndan bugdaý dökülip ýatan çuwallardan, ýorgan-düşekdir, gap-gaçdan ýaňa leýis boldy. Güljeren tapdyranok. Soň gelen nöker düýrlenişip ýatan halylary biri-biriniň üstüne goýdy-da, egnine atyp, gapa ýöneldi. Gapa ýetip barýarka ol bir zat ýadyna düşen ýaly halylary ýerde goýdy. Ol diwardan asylgy duran çuwalyň ýanyna bardy-da, gylyjy bilen onuň baglaryny kesişdirdi. Baglary kesilen çuwal patlap ýere gaçdy. Çuwal ýere gaçanyndan nöker onuň agzyny açyp sermeşdirip ugrady. Birdenem onuň mährewsiz nazary Güljerene düşdi. – O-ho-ho! Ýoldaşynyň bir zatlar diýýändigini eşidip, Abdyl kel hasanaklap onuň ýanyna geldi. Çuwalyň düýbünde ýüzüni iki eli bilen tutup, ýygrylyp ýatan Güljerene gözi düşeninden Keliň gamaşyp duran ýüzi ýagtylyp gitdi. Ol derrew Güljereni çuwaldan çekip çykardy. Abdyl kel Güljereniň dady-perýadyna ünsem berenok. Ol nökere şaý-sepli düwünçegi görkezdi-de, özem gapa tarap ugrady. Güljeren bagyrýardy, Keliň ýüzüni-gözüni penjesi bilen ýyrtyşdyrýardy. Aýaklary bilen däbşenekleýärdi, gabat gelen ýerine ýumruklaýardy. Ýöne Güljerene bolan teşneligi zerarly bu wagt Kel zat duýarly däl. Berdaşly gollar ýaşajyk gyzyň näzijek bedenini özüne tarap barha berk gysýar. Saryja aganyň Güljerene gözi düşüp, «imany» depesine çykdy. Ol ýatan ýerinden ähli güýjüni jemläp, daşky gapydan çykyp barýan Keliň aýagyndan almakçy bolup topuldy. Kelem ýaşulynyň topuljagyny aňan bolarly, sag aýagy bilen onuň ýüzüne batly depip goýberdi. Ozalam rowgaty gaçan tapsyz göwre ýere ýazylyp gitdi. Kel bilen onuň ýanyndaky nöker Güljerendir Kepderini alyp baranlarynda Abdylla han olaryň gelerine mähetdel bolup durdy. Olar derrew obadan saýlanmak bilen boldular. Han iň öňden, nökerleri bolsa yzy bilen atlaryny gorgunladyşyp barýar. Bu günki çapawulçylykdan hanam, nökerlerem diýseň razydy. Oňly gaýtawul bolmansoň han-a öz inisiniň aryny artygy bilen üzülipdi, nökerlerem oljalaryndan närazy bolar ýaly däldi. Olar göterip bilen altyn-kümüşleridir halylaryny alyp barýardylar. Iň esasy zadam Abdylla hanyň indi näçe wagt bäri adyna aşyk bolup ýören aty – Kepderi ele salnypdy. Obadan mazaly saýlananlaryndan soň, ol nazaryny töweregine aýlady. Teşwüş bolmajagyna gözi ýetenden soň, öz münüp oturan atynyň eýerini Kepderä salmagy buýurdy. Kepderi eýerlenensoň bolsa oňa atlandy. Indi hanyň göwni hasam göterilip, nökerleriniň öňüni çekip ugrady. * * * Gylyçdyr Älemiň awa diýip, düýnki gidişleridi. Obalarynyň ýokarsynda barha ulalýan gara tüssä gözleri düşende olar biri-biriniň ýüzüne howsalaly seretdiler. Öz maýdalyna mytdyldaşyp gelýän atlaryny debisgileşip, Gylyja-ha öz öýlerine, Älemem Saryja agalara taran gitdi. Älem aňyrdan gelşine at ýataga gözüni aýlady. Ýatakda Kepderini görmänsoň onuň kalbyndaky harasat hasam güýçlendi. Gapyň agzyndaky gyzyl ot bolup ýanyp duran üýşürilgi sazaklar, ýalyn bolup töweregine çabraýan üýşmek bede onuň hasam sustuny basdy. Ol atynyň jylawuny boýnuna orady-da, tama tarap ýöneldi. Gapyň agzyna ýetende, onuň damagy ajy tüsseden doldy. Ol nirä barjagyny, näme işlejegini bilmän kürtdürip dur. Gözüni tegeläp durşuna, çalaja iňňildi eşitdi. Älem içerik kürsäp uranyndan, gapyň agzynda sessiz-üýnsüz ýatan Saryja aga aýagy degip büdredi. Daýaw göwräni götermäge gurbaty ýetmänsoň ol ýaşulynyň goltugyndan tutup, süýrekläp diýen ýaly daşaryk çykardy. Ýaşuly daşaryk çykarylanda, ardynjyrajak ýaly etdi-de, iňläp başlady. Golaýda Güljerene gözi düşmänsoň Älemiň ýüregi ýarylyp barýar. Ýöne onda-da Güljereniň nirededigini soramagyň ebeteýini tapmady. Ol hasyr-husur tama girip jürdekdir käsäni alyp çykdy-da, Saryja aga suw berdi. Ýaşuly suwdan gaýta-gaýta owurtlansoň bir-az özüne geldi. Birsalymdan Älem çekinibräge-de: – Saryja aga, näme boldy? Oba durşuna ot bilen ýalyn-la. Hany Kepderi, hany Güljeren? Görnenoklar-la – diýdi. Ýaşuly geplemäge rowgaty ýetmän, ýöne, ilerligine elini salgady. Älem onuň näme diýjek bolýandygyna bada-bat düşündi-de, göwresini lampa aşak goýberdi. «Eý dünýe... dünýe... Meň ozalky ýetimligimi az gördüňmi? Sen indi meni ýer ýüzündäki ýeke-täk guwanjym, ýüregimiň kuwwaty, parlak ýyldyzym Güljerenimdenem-ä aýyrdyň...» Kölegä düşek atyp, Saryja agany geçirensoň Älem Gylyçlara tarap atyny gamça basdy. Her öýüň duşundan geçende aglaşýan aýallaryň, çyrlaşýan çagalaryň sesi, ýanýan oduň gübürdisi onuň ýüregini para-para edip, on iki süňňüni lerzana getirýärdi. Älem Gylyçlara ýetäýmänkä, obanyň ýokarsynda bäş-alty atlynyň üýşüp, bir zatlaryň maslahatyny edip durandygyny gördi. Gylyjam şolaryň arasynda. Älem Gylyjy çeträge çekdi. – Güljerenem, Kepderinem äkidipdirler. Gylyç bu habary eşideninden: – Gitdik! – diýip, atynyň başyny daga tarap öwürdi. Älemem beýleki atlylaram onuň yzy bilen eňdi. Hanyň ýüze golaý atlysynyň, onda-da oky-ýaragy üpjün nökerleriniň yzyndan sekiz atly bolup gitmegiň ölüme barabardygy hakda pikir edýänem ýok. Atlylaryň öňüni çekip barýan Gylyç esli ýörelensoň akylyna aýlanyp başlady. Ýöne onda-da hyýalyndan el çekerli däl. Ol aw diýip sebsäp ýörensoň daga-da, onuň eteklerine-de diýseň belet. Gylyjyň ýüregine kuwwat berýän zat duşmandan diňe aldaw ýoly bilen rüstem çykmak. Ýöne nädip? Uzak pikirlenmäge-de wagt ýok. Sebäbi duşman barha arany açmak bilen. Olar obadan saýlandylar-da, guşluk tarapa tutdurdylar. Gylyjyň hyýaly gündogarrakdaky dere bilen kese ýatan dagyň günortasyna aýlanyp, jülgeleriň birigýän ýerine duşmanlardan öň baryp ýetmek. Şeýdibem, şol ýerde hanyň nökerleriniň öňünden çykylmalydy. Şol ýere sähel gijä galyp baraýdygyň munça goşuna gaýtawul bermekden-ä geçen, özleriniň külüniň çykjakdygyna Gylyjyňam, beýlekileriňem gözi ýetik. Daga girilip ugralandan ol hemme kişä köýnegini çykaryp selle ýaly edip kellelerine oramagy tabşyrdy. Onuň hyýaly şeýdip Eýran tarapdan hanyň öňündei çykmak. Olar hanyň nökerleriniň göwünlerine zat gelmez ýaly atlaryny maýdalyna sürüp gaýtmakçy. Öz obalary tarapdan arkaýyn ýöräp gelýän bir topar selleli pyýadadan hanyň hiç zat oslamazlygy mümkin. Onsoň oglanlaryň biri gaýalaryň maýajyrak ýerine çykyp, ýoldaşlary nökerlere golaýlandan hyrlysy bilen hana tarap atmalydy. Hanyň nökerleriniň arasyna aljyraňňylyk aralaşaram welin, Gylyç nirede-de bolsa Güljereni tapyp, ony sogrup almaly. Älem bolsa her edip-hesip edip, Kepderini alyp gaçmaly. Älemiň münüp oturan baýtaly enesi bolansoň, Kepderiniň gözüne bir görnüp bilse özlerinden galar öýdenok. Şeýle maslahat bilen olar jülgeleriň birleşýän ýerine baryp garaşmaga durdular. Ýöne welin, gelýän ýok. Wagt geçdigiçe Gylyçdyr Älemiň ýüregi howlap ugrady. Älem atyndan düşdi-de, dagyň beýigräk ýerine çykyp, gaýralygyna seretdi. Gözüne ilen zat bolmady. «Eýýäm geçen bolaýmasynlar» diýip, Gylyç aşak gözüni aýlady. Ýöne demirgazyga giden yz bar-da, günorta tarap giden yz ýok. «Be, özler-ä şu ýoldan geçmeli». Olar näçe garaşsalaram, bary biderek boldy. Ahyryn giç öýlänler «paltalary daşa degip», uly ahmyr bilen gaýralygyna gidýän ýola düşdüler. Öňdäki gaýanyň aňry ýüzüne geçiläýen ýerde hanyň nökerleriniň ýolaýrytdan günbatarlygyna gidendigi belli boldy. Gylyç dagy hana ýol beledi bolup geleniň Abdyl keldigini näbilsin. Dogrudanam, Abdylla hanyň obasyna tarap dogry gitmän, günbatarlygyna sowulmagyna sebäp bolan Abdyl keldi. Ýolaýryda ýetiläýende, aýlanyp gitmegi maslahat berende, han Abdylyň ýüzüne betgümanlyk bilen seretdi. – O näme üçin? – Han aga, özüňiz bilýäňiz, bulara türkmenler diýerler. – Olar-a türkmenler ekeni, ýeri, kim bolanlarynda-da maňa näme edip bilerler? – Han aga, men olara beletdirin. Ar üçin, namys üçin baş goýmagy hiç zatça-da görýän däldirler. Onsoň birden bir bolmasy iş bolaýmasyn. Gowusy, siz şu gezek maňa «hä» diýiň! Abdylla han özüne tüpeň gezelene döndi. Ol öňräkdäki gaýanyň ýokarsyna howatyrly seretdi. Soň çalaja sägindi-de, sesini çykarman, ýolaýrytdan günbatarlygyna tarap nökerleriniň öňüni çekip ugrady. Abdyl keliň ýolboýy hana ýalynjaňlyk edip gelşi. Onuň bar maksady hana «ol zenan maşgalany özüň alaý» diýdirmek. Muny hanam aňman duranok. Ýöne bilmediksirän bolýar. Ol gaýta-gaýta Güljerene seredip «Pah!, pah!, pah!» diýip, gözlerini süwümsizlik bilen süzgekledýär. Içýakgyç ýylgyrýar. Dodaklaryny şapbyldadyp, ellerini owkalaýar. Gala baryp, han Güljereni zyndana taşlamagy buýrandan soň-a Keliň hasam lapykeç boldy. Ýöne syr bildirmedi. «Belki-de, han Güljereni maňa toý tutup berjekdir». «Hemme gowy zat hökümdaryňky bolmaly» diýen akyla gulluk edýän Abdylla hanyň welin göwni başga-başga zatlarda. Ol hatda bu günki çapawulçylykda ýol beledi bolany üçin Kele minnetdarlygam bildirmedi, ilden artyk olja-da bermedi. Indi Kele Abylla hanyň edenine kaýyl bolup ýörmekden başga alaç ýok. Ol handan galada ýatyp-turara ygtyýar alsa kaýyl. Sebäbi hanyň deminiň düşýän ýerinden daşrakda bolsa türkmenler gelip, ahmallyga salar öýdüp az gorkanok. * * * Jahyllar paltalary daşa degip oba dolanmaly boldy. Olaryň hiç-haýsyndanam ses-üýn çykanok. Gylyç boýnuny sallap barşyna, göýä ähli musallat diňe öz üstünden sallanana dönüpdi. «Ýeri, indi bu namysyň aşagyndan nädip çykyp borka? Heý, bir gol ýapar ýaly adam tapylmazmyka? Aý näbileýin... Haý, bigaýrat, ýalançy dünýe... Haçana çen- li gelýän ýagy obalary arkaýyn çapar ýörerkä?» Älemiň bolsa şol köne heňňamy. «Eý, Güljeren... Güljeren... Han seni eýýäm öz penjesine gysaýdymyka? Beýle bolsa-ha sen oňa uzak çydamaly däl. Sen asla dirimikäň beri?» Howpurgap atynyň buduna bat bilen gamçy çalanyny onuň özem duýmady. Onsoň at säpjäp ugrady. Beýlekilerem onuň yzy bilen atlarynyň jylawuny gowşatdylar... * * * Nuraly Abdylla hanyň türkmenleri çapawullap geleninden bihabardy. Ýöne onuň irde-giçde gitjekdigini, öz aryny has artykmajy bilen aljakdygyny güman edýär. Şonuň üçinem öz obalaryny talap giden, özüni şu güne sezewar eden türkmen çapawulçylaryny näçe ýigrense-de, Saryja agadyr Güljereniň, Gylyçdyr Älemiň hatyrasyna, oba baransoňam hanyň gözüne görünmän gezmegi, birbada oba-da barmazlygy ýüregine düwdi. Sebäbi oba bardygy, onuň gelendigi barada hana habar ýetjekdigi, hanyň bolsa ony çozuşa gidende ýol beledi edinip alyp gitjekdigi gürrüňsizdi. Şu oýlara gümra bolup gelýän Nuraly az-kem dynç almak üçin böwürslenleriň gapdalyndan akýan çeşmäniň başyna geçip oturdy. Durnaň gözi ýaly çeşmäň ýakymlyja owazyny diňläp oturyşyna ol çalaja irkildi. Şobada-da ejesi göz öňüne geldi. O pahyr obanyň günbatar ýüzündäki beýige çykyp, perişan halda bärligine seredip dur. Birdenem lapykeçlik bilen depeden aşak düşüp ugraýar. Şo bada- -da ysgynsyz aýaklary diýen etmän, büdüräp ýykylýar-da, aşaklygyna togalanyp gaýdýar. Togalanyp barşyna onuň daýaw göwresi ýüzugra äpet-äpet daşlaram özi bilen alyp gaýdýar. Soňabaka biri-birine degip, şakyrdaşýan daşlardyr ejesiniň agy gatyşykly sesi garyşyp, dünýe ýöne ala-zenzele bolup dur... Nuraly ýalpa gözüni açdy. Ol uludan demini alyp dikelip oturdy. Göwnüne bolmasa gyýçak-gyýçak daşly gaýalardyr böwürslenli dere barha daralyp özüni gysyp-gowrup basmarlap barýana döndi. Ol hopugyp laňňa ýerinden galanda ho-ol ýeňseräkde böwürslenlikden çykyp bir keýijegiň suw içip durandygyny gördi. Keýik janawar bir zat duýan ýaly kellesini galdyrdy-da, töweregine howatyrly garandy. Onsoň ol seresaplyk bilen gündogarlygyna tarap ugrady. «Haý, janawar men zerarly suwdanam oňly ganyp bilmedi öýdýän... Indi bu janawar uzynly gün ine-gana otlap-suwlap bilmez...» Nuraly torbadan çykaran çöreginden bir dişle- mem datman, ýaglyga dolap yzyna saldy. Çeşmäniň buz ýaly suwuna elini-ýüzüni ýuwdy-da, eňegini basdy. Sonam ýola düşmek bilen boldy. Üstüne abanyşyp duran gaýalary, depeden sallanyşyp duran äpet-äpet gara daşlary, dagyň ýowuz gözelliklerini synlap ep-esli ýöredi. Garaňky gatlyşyberende Nuraly torbasyny kellesiniň aşagynda goýup gyşardy. Uzyn gün ýol ýöränsoň endamy syrkyraşyp dur. Garaňky asmanda töweregine ýalkym saçyp barýan Aýy synlap birsalym ýatansoň uka gitdi. Ozalam dagyň ir säherki çigregine ýygrylyp oýaly-ukuly ýatan Nuralyny ymykly oýanmaga mejbur eden zat jaň sesi boldy. Dikelip töweregine diňşirgendi. Ýerinden turaryna mähetdel özüne tarap ala-galmagal bolup gelýän üç sany mähnet köpege gözi düşdi. Ol gurap giden kerkaw agajynyň bir şahasyny döwdi-de, goranmak üçin häzirlendi. Itleriň bolup gelşi Nuralyny duran ýerinde tüýt-müýt ederli. Ol daýaw arça agajynyň üstüne çykdy. Aňyrdan gelýän çopana gözi düşüp, pürleriň gürräk ýerinde gizlendi. Birdenem Nuralynyň ýüregi sarsyp gitdi. «Be, bu gelýän Hüseýin ýaly-la, how...» Dogrudan-da ol Nuralynyň çagalyk dosty Hüseýindi. Ýöne olar soňky bäş-alty ýyllykda duşuşmandy. Hüseýin Abdylla hanyň dowarlaryny bakýardy. «Be, men asyl Rzaguly hanyň hajyk-hujugyna uýup, öz dost-ýarlarymam unudaýan ekenim-ow...» Hüseýin golaýa gelmän, birsalym arça tarap seredip durdy. Soň itlerini kowdy-da, arçanyň has golaýyna geldi. Hüseýini az salym synlandan soň, Nuraly arçadan düşdi. – Nuraly, bu senmi?.. Saglyk-amanlykdan soň Nuraly obaň ýagdaýyny soraşdyrdy. – Meňem oba barmanyma ep-esli wagt bolandyr... – Ejemiň taby nähilikä, habaryň ýokdur? – Aýdýan-a ep-esli wagtdan bäri oba baramok diýip. Ýogsa-da, sen bu ýerlere kän düşýän dälsiň-le... – Aý, sen sorama... Onsoň ol dostuna öz başyna düşen külpetleri birin-birin gürrüň berdi. – A indi oba barman, dagda beýdip ýörmäň näme? Nuraly onuňam sebäbini düşündirmeli boldy. – Sen, heý, obadan habar tutup bilmezmiň? Gelýänçäň dowarlara men göz-gulak bolaýsam... – diýip, ol Hüseýiniň ýüzüne seretdi. – Bolýa-da gider geläýerin. Öz öýmüzden habar almalyma-da kän wagt bolupdyr. Hany onda garaňky bir gatlyşsyn. – Ýöne men barada «gördüm, beýleki» diýip, hiç ýerde dil ýaraýmawergin. – Arkaýyn bolaý. Hüseýin garaňky gatlyşansoň dowarlary agyla salyp, ýola düşdi. Ol gidenden soň Nuraly kepbäniň ortasynda ýanyp duran ody synlap birsalym oturdy. Çaý içdi, çörek iýdi. Ýarygije howa üýtgäp ugrady. Ilkä günbatar tarapdan bulut bary üýşdi-de, asman garaldy. Soňam niredendir bir ýerden şemal peýda boldy-da, bulutlary sagylana dönderdi. Barha güýjeýän ýelli-ýagyş soňy apy-tupana öwrüldi. Agylyň bir tarapy gowak bolansoň dowarlar ýeldir ýagyş güýjedigiçe bölek-bölek bolup, gowagyň aşagyna süýşüp ugrady. Nuraly goşdaky öl bolaýjak zatlaryň hemmesini gowagyň aşagyna daşady. Özem agylyň töweregine aýlandy durdy. Birsalymdan harasat peselip ýelem, ýagşam ýatyşdy. Nuraly ot ýakyp, çaý goýundy. Ýagşa, ezilip, öl-myžžyk bolan eşiklerini oda tutup guratdy. Çaý içip otyrka-da uklap galdy. Nuraly «Hüseýin!» diýen sese tisginip oýandy. Gapyň agzynda ýatan taýagy alyp, ykjamlanýança bolsa kepbäniň agzynda iki sany daýaw pyýada peýda boldy. Olaryň biriniň sesi has azymly çykdy. – Bu asyl sen ekeniň-ow, hanyň güjügi! Ýeri, sen bu ýerlere nä maksat bilen düşdüň?. Nuraly özüne tüpeň çenäp duran haýbatly pyýadanam, onuň ýanyndakynam bada-bat tanady. Osmar Osman agaň ogullarydy. Nuraly gobsunjak bolaňdan üstaşyr atylan tüpeňiň sesi derelere düşüp, ýaňlanyp gitdi. Haýbatly pyýada oňuň bilenem oňman tüpeňiň gundagy bilen Nuralynyň kellesine jaýdar ýelmedi. Nuraly birsalymdan gözüni açanda elleriniň arkasynda daňylgydygyny aňdy. – Hany, jogap ber. Nädip düşüp ýörsüň bu ýerlere? ... – Muň nädip düşüp ýörenligi bellile... Bizi aňtaýandyr bu... Hany Hüseýin? Nuraly näme diýjegini bilmän, ýere seredip otyr. «Ýa-da şonda men ýalňyşypdyryn diýäýsemmikäm: Ynanarlar saňa ýagşy-da bir». Ol «Sesiňi çykarman, başa gelenini görübermekden başga alaç ýok» diýen netijä geldi. Aga-ini Nuralyny öňlerine salyp bir uçudyň gyrasyna eltdiler. Doganlaryň kiçisi Azym yzraga çekildi-de, Nurala tüpeňini çenedi. Gulamaly bolsa aňyrsyna bakyp, uzaklara seredip dur. Bu wagt onuň kalbyny düşnüksiz harasat gaplap alypdy. Ol birden bärisine öwrüldi-de inisine: – Dur, atma! – diýip gygyrdy. Aňka-taňka bolup duran inisine şondan başga kelam agyz söz aýtman baryp, Nuralynyň elini çözdi. – Muny ýok edenimiz bilen biziň handan dyndygymyz däl. Goý, gitsin. Nuralynyň endamyny sowuk der gaplap aldy. Gulamaly Nurala ýüzlendi: – Indi nämä sömelip dursuň? Bar, gidiber-dä! Azym bolsa gahardan ýaňa ýarylaýjak bolýar. – Seň edýäniň näme? Bulaň uýaňdyr iniňi nä günlere salanyny eýýäm, unutdyňmy? Ol bolup geçýän wakalaryň düýşüdigine-de, huşudygyna-da akyl ýetirip bilmän, gökden düşen ýaly bolup duran Nurala tarap ýene-de tüpeňini gezedi. Azym mäşäňi gysmakçy bolandan Gulamaly tüpeňiň nilini sowmaga ýetişdi. Azym Nurala janyýangynlylyk bilen seretdi. Gulamaly pyşyrdabrak diýen ýaly gürledi: – Ýeri, munda näme ýazyk bar? – Ýazyk bolmazmy? Şu tetelliler dälmi bizi şu günlere salyp ýören. – Sen «Alyň aryny Ahmetden çykar» diýlenini etjek bolma. Onsoňam biziň ganym duşmanymyz Nuraly däl-de, han. Düşdüňmi? Eliňden näme gelýän bolsa şoňa görkez. – Bu näme ak guş bolýa-da onda... – Bu bir ýumuş oglanydyr-da. Näme buýruk bolsa şonam etmeli bolar. – Näme onda, han «öl» diýse öläýjekmikä? – Han handyr. Eliňden ýal iýjek bolsaň «öl» diýse ölmelem bor. Azym aňyrrak bardy-da, içi-içine sygman sojap başlady. – Näme beýle doňňara daşa öwrüldiň? Git diýildi, git-dä çaltrak. Göýä düýş ýaly bolup geçen wakalara hiç akyl ýetirip bilmän, ysgynsyz ädimler bilen goşa baranda Nuralynyň gözi goýunlary örüzip ýören Hüseýine düşdi. Sesini çykarman, ýüzüni ak tam edip duran Nuralyny görenden Hüseýin oňa bir zat bolandygyny aňdy. – Görýän welin, saňa Gulamalydyr Azym duşupdyr öýdýän. Hany ýör, çaýlaly. Nuraly düşegiň üstüne geçeninden gyşardy. – Olaňňam şu töwereklerde «otlap-suwlaýanyny» saňa aýtmandyryn. Özleriniňem sendenem, handanam içleri otdur. Hüseýinem, Nuralam ep-esli wagtlap dymyp oturdy. – Inilerini alyp gaçmak başardypdyr welin, ýöne, uýalary hanyň köşgünde özüni heläkläpdir. – Han olara inilerini alyp gaçmaga maý beripdir-ow... – Olar hanyň aljyraňňy wagtyny peýläpdirler. Inisiniň goly çapylaly bäri Abdylla hanyň başga zada eli degenokmyş. Tebip üstüne tebip çagyrdýa diýýäler. Tebiplerdenem-ä haýyr bolarly dälmiş, inisiniň ýarasy barha beterleýä diýýäler. – Onda türkmenlerden aryny almaga-da onuň eli degýän däldir? – Ýok, ol eýýäm aryn-a alyp gelipdir. Bu habary eşiden Nuralyň depesinden gaýnag suw guýlana döndi. Ol ýerinden zöwwe galyp, dik oturdy. Birsalymdan bolsa Hüseýin bilen hoşlaşdy-da, ýola düşdi. Onuň kä beýige çykýan, käte-de çuň jülgä inýän dag ýodasy bilen şol gidip barşy. «...Ýeri, indi näme etmeli? Ýat it ýaly guýrugyňy ýamzyňa gysyp, ýa bolmasa it gözi tütün bilmez edip, gezibermekçimi? Ýa-da baryp ýene-de hana nöker bolmakçymy? Başga eliňden gelýän zat bolmasa dagy nädersiň? Ol seni bu maýyp aýak bilen nökerlige beri ýaradarmyka? Hawa, göni bar-da hanyň öňünde dyza çök, iki bükülip ýalbar, gözýaş et, aýagynyň astyna togalan. Boljak-da. Öňem olara sen näçe wagtlap ak ýürekden hyzmat edipdiň. Ýene-de şojagaz kesbiňi dowam ediber. Hawa, seň gadyryňam bilýärler, türkmenler tutup äkidenlerinde seni «ýesirlikden boşadanam» handyr... Öýländen soň oba-da görnüp ugrady. Ýöne Nuraly öýlerine garaňky düşenden soň barmagy ýüregine düwdi. Onsoň ol dagyň beýigräk ýerine çykdy-da, obalaryny synlamaga durdy. Abdylla hanyň hanlyk edýäni üç oba. Obalaryň üçüsem daş-töweregini daglyk tutup oturan tekizlikde ýerleşýär. Bir wagtlar uly-uly hoz agaçlaryndan ýaňa bu oba gün düşmezmiş diýip gürrüň edýärdiler. Indi welin, şol daýaw, depesi asmana seleňläp gidýän hozlardan diňe ýekejesi galypdyr. Olam hanyň galasynda. Onuňam näçe wagt ýaşajagy belli däl, eýýäm şahalary gurap ugrapdyr. «Hoz agajyny ýetişdirmek üçin gaty köp wagt gerekmiş» diýip, indi ony iş edip köpeltjek bolup azara galýanam ýok. Diňe bir hoz däl, beýleki agaçlaram köpeltmäge döwtalap adam az. Şu zatlara agyry etmeli han. Ýöne oňa baýlyk bolsa bolýa, başga ähli zatdan bizar. Ýurtdan döwlet-sahawat göçjek bolaňda ilki bag gurarmyş diýýärler. Bu hanlyga degişli demirgazyk-gündogardaky oba bolsa Peleň oba diýýärler. Peleň obanyň kethudasy Abdylla hanyň inisi Rzaguly. Hanlygyň üçünjisi Güzer oba bolmaly. Ol Hozly obadan dik günbatarda ýerleşýär. Özem derýajygyň gyrasynda ýerleşensoň oňa Güzer oba diýýärler. Hanlygyň obalarynyň üçüsem Eýranyň iň çetki künjekleriniň birinde ýerleşensoň ýylda bir gezek salgyt ýygnaýanlar geläýmese, kän gelim-gidimem ýok. Salgytçylar gelýänçäler Abdylla han salgytlary ýygnap goýansoň olaram hanyňkyda üç-dört gün keýp çekip yzlaryna dolanýarlar. Onsoň kese ýandan teşwüş bolmansoň Abdylla hanyň öz eli, öz ýakasy. Hatda, ogluny öýerjegiňem, gyzyny çykarjagyňam handan bi idin gymyldamaga milti bolmaz. Toý sähed-ä beýle-de dursun, gyzyňy kime berjek bolsaňam, kimden gyz aljak bolsaňam handan idin almaly. Ýogsam, handan birugsat edilen işiň «petine gar ýagar...» Nuraly öýlerine gelende ýassy uçurlarydy. Ol gapylaryna ýetäýmänkä, töweregine seredip bir sagypdy. Käýarym uwlaşýan itleriň, aňňyryşýan eşekleriň sesi bolaýmasa töwerek asudalyk. Ol ýuwaşlyk bilen baryp gapyny itdi. Gapy açylmady. Soňra kakmaga başlady. Ol gapa gulagyny goýup esli wagtlap diň salyp durdy, çybyş-çybyş edip ejesi geler-de gapyny açar öýdýärdi. Ýöne gapa gulagyny goýup näçe dursa-da, hiç-hili çybşyldy eşidilmedi. «Ýa-da bir ýaňa gidäýdimikä? Ol ýatymlyk nirä gidip biler?» Nuraly kepbeleriniň töweregine aýlanyp ugrady. Öýlerine golaý-goltumda girilip-çykylmandygyna gözüni ýetirensoň, howsalasy hasam artyp, ýene-de gapylaryna tarap ýöneldi. Gele-gelmäne-de gapylaryny ýumruklamaga durdy. Eli gapyň ýüp bilen daňlan zülpüne degenden soň, özüni lampa aşak goýberdi. Bir haýukdan soň köçe tarapdan biriniň gelýändigini aňyp, ol çalasynlyk bilen ýerinden turdy. Çaltrak ejesini görjek bolup, şol tarapa ugrady. Ýöne özüne tarap gelýäniň ejesi däldigini Nuraly derrew aňdy. Ol gelýän goňşulary Barat agady. Hal-ýagdaý soraşylandan soň, Barat aga: – Nuraly, ýör bize baraýaly! – diýdi. Nuraly ýaşulynyň uzak wagtlap gürlemän durşundanam ýakymsyz habaryň boljakdygyny aňanam bolsa, ynanasy gelenok. Onuň bokurdagy dolup dur. Ahyryn zordan gürledi. – Barat aga, ejem niredekä? Häliden bäri Nuralyň özüniň söz açaryna garaşyp duran Barat aga bokurdagyna ýelmeşen gylçygy aýyrjak bolýan ýaly, birki gezek ardynjyrady. – Ejeň pahyr sen gideňsoň bir kesele ýolukdy-da hiç aýňalyp bilmedi... Nuraly ysgynsyz göwresini tama diräp otyrdy. «Ýeriň ýüzünde ýeke ejem bardy. Onam maňa köp gördüňmi, eý taňrym!» – Nuraly, öleniň yzynda ölüp bolýamy... Beýdip oturma, hany ýör, öýe baraly. Ol Nuralyň goltugyndan galdyrmakçy boldy. – Barat aga, sen öýüňe bar. Menem häzir bararyn. – Onda köp garaşdyrma. Barat aga gidensoň Nuraly ejesini soňky gezek haçan görendigini hakydasyna getirjek bolup diňşirgäp oturdy. «Sen ejeň ýagdaýyny soramaga-da wagt tapman, hana hyzmat etdiň. Han welin saňa...» Barat agalara baransoňam onuň çaý-çörek bilen seri bolmady. Barat aga çaýly käsesine elini ýetirdi. – Ýogsa-da sen özüň barada gürrüň bersene. Nädip sypdyň? Nuraly özi barada göwünli-göwünsiz gürrüň berdi-de: – Han aryny üzülipdir-ow... – diýip, gürrüňi hana syrykdyrdy. – Hawa-la, onda-da nä üzülme... Gürrüň edýärler welin, ol içini sowadan bolarly. Nuraly ahyryn turarman boldy. – Sekiň üstünde düşek salnandyr, geçäý şoňa... – Aý, öýe baraýaýyn-la! Nuraly gapylarynyň agzyna düşek çykarynyp gyşardy. Ençeme günüň ukusyzlygyndan, ýadawlygyndan ýaňa endamy syrkyrap dursa-da ukusy tutanokdy. Gözüne «çiş kakylana» dönüpdi... * * * Ýeke-täk perzendi Güljereniň, göz guwanjy Kepderiniň Eýran hany tarapyndan talanyp gidilmegi Saryja aga üçin uly urgy boldy. «Sebäpsiz çöp başy gymyldamaz. Her bir zadyň, her bir hadysanyň hökman sebäbi bolmalydyr. Ilden bir zat alan bolsaň, yzyna bermelidigini, bir etmiş etdiňmi gaýtawulynyňam boljakdygyny unutma». Ol kiçijik zatlaryň netijesiniň uly hadysalaryň sebäpkäri bolandygyny-da ilden soramaly däl. Araky çapawulçylygy eýranlylaryň jähennem etmejekdiklerinem, hökman jogap berjekdiklerinem güman edipdi. Sebäbi öz mertebäňi, aryňy-namysyňy goramalydygy, hatda zerur bolsa bu ugurda başyňy goýmalydygy baradaky ýazylmadyk kanunyň hemme halkda-da bardygy belli zat. Ýöne käwagtlar durmuşyň karam edýändiginden, ýagny, Alynyň arynyň Ahmetden çykarylyp, günäkäriň oduna bigünäniň ýanýan wagtynyň, az zat üçin köp zat ýitirilýän wagtlaryň bolýandygyndan-da ýaşuly habarly. «Heý-de, parahat oturan obaň üstüne çozarsyň-da onsoň gaýtawul bolmazmy? Ar-namys hakynda azda- kände kellesine agram salýan adam aňrujy ýagdaýy bolsa aryny aljak bolar. Indi etjek alajyň ýok, boljak iş boldy». Saryja aga bu betbagtlygyň esasy sebäpkärleriniň öz nebereleridigini, has takygy Çakan köse dagydygyny bilýärdi. «Ýöne indi ölüp giden adamy kötekläp oturmak uslypmyka? Aý bolýa-da... Wah, bir wagt ölüp giden bolsam, asla dünýä inmedik bolsam mundan ýüz esse müň esse gowy bordy...» Ýaşulynyň diýeni bolsa eýranlylara arlaryny diňe günäkärlerden aldyrjak. Ýöne aňyrdan gelýän ýagy günälini-günäsizi seljerýärmi, çapawulçylyk eden türkmenmi, türkmen... Günäliň oduna bigünäniň ýanmagyny islemeýän bolsaň, adalatyň tarapdary bolýan bolsaň näme üçin parahat oturan kürt obasyna betbagtçylygyň inmegine ýol berdiň?.. Hany bu zatlary maňa geňeşýän barmy diýjeksiň... Geňeşer ýaly etmeli, ozaldan biri-biriň bilen öýkeli ýaly bolup ýörmän... Ýaşula sala salynman başlandygy, soňy dagamaga barar!..» Saryja aganyň şeýle oý-pikirleri kellesine sygdyryp bilmän ýatyşy. Ol aram-aram obany terk edip gitmegiňem pikirini edýär. «Ýöne nirä gitjek? Başga ýerde imi-sala, gohsuz-galmagalsyz ýurt bamyka? Onsoňam bu tapsyz göwre bilen nirä aşjak? Iň bärkisi häzir çaýyňy-çöregiňem-ä özüň oňaraňok». Ýaşulyny soramaga gelýän kändi. Öwezmämmediň ogullarydyr gelinleri gezekli-gezegine Saryja aga göz-gulak bolýar. Gelene-gidene çaý-çörek berýär, mal-garalara seredýär. Bir- gün adamlar dagaşyp, öýde diňe Saryja aga bilen Söýünaly galdy. – Saryja kaka, han-a işimizi görd-ow – diýip, Söýünaly dymyşlygy bozdy. Ýaşuly sesini çykarman gözlerini uzaklara dikip ýatyrdy. – Han hiç zadam edenok. Ol diňe aryny üzüldi. Söýünaly gürrüňiň teýenesine bada-bat düşündi. Şu gezekki betbagtçylygyň günäkärleriniň Söýünalynyň inileri Çakandyr Allalydygyny Saryja aganyň ýene-de bir gezek ýaňzytdygydy. Söýünaly bolsa eýranlylaryň göni gelip, öz obalaryna talaň salyp gitmeklerinde inilerinem günäkärlese günäkärleýärdi welin, ýaşulynyňam hatasynyň bardygyny, şu zatlary Saryja aganyň boşadyp goýberen ýesiri Nuralydan görýändigini ýatlatmakçy boldy. – Ahal etrabynda başga-da oba gyt däl welin, olar göni biziň obamyza geläýipdirler. Men-ä şuňa-da akyl ýetirip bilýän däldirin... Ýaşuly Söýünalynyň ýüzüne çiňerilip seretdi. Söýünalynyň tutýan çenem ugrundan barman duranokdy. Sebäbi Abdylla hanyň çapawulçylygy Nuralynyň gideniniň soň ýanynda bolupdy. Ýöne Saryja aga beýle namartlygyň Nuralydan çykmajakdygyna gaty berk ynanýar. Şonuň üçinem ol gürrüňiň äheňini üýtgetmegi makul bildi. – Söýünaly, inileriň indiki maslahaty näme?.. Söýünaly ýüzüni galdyryp bilmän kän oturdy. Sebäbi ýaşulynyň soragy onuň üçin düşnükli. Ol Saryja aganyň bar pikiriniň Güljerendigini, ony sag-aman getirip bolsa ýaşulynyň tiz aýak üstüne galyp, sagalyp gitjekdigini bilýärdi. Özüne öňde-soňda bu sowalyň beriljekdiginem aňýardy. Şonuň üçinem bir-iki günlükde inilerini ýygnap bu barada maslahatam edipdi. Ýöne inilerini bir çukura tüýkürtmek oňa başartmandy. Şonda Allaly: – Men-ä şu barada gürrüň etmäge-de utanýan. Çapawulçylyk edilenine üç hepdä golaý wagt boldy. Onsoň hanyň eline zenan bolup düşseňem özüňiz bilýäňiz – diýipdi. Bu gürrüňleri diňläp oturmaga Gylyjyň ýüregi takat etmedi. – Goýsanaý, biderek samahullyňy... Sendenem bir türkmen bomy?.. – Sen nämäni bilýäň-aý?.. Gitde sümügiňi süpür-dä... Doganlardan Allalyny mamla hasaplanam, Gylyjy mamla hasaplanam bolupdy. «Belkem, Allalyňky dogrudyr. Bardy-geldi şeýle bolaýsa, Abdylla han: «Hol-ha uýaňyz. Geregiňiz şo bolsa alyp ötäýdiň» diýip, ha-ha-haýlap gülmezmi? Ýeri şonda nädersiň?..» – Baý siziň Keýmir körüň nesli bolaýşyňyzy... Gylyç şeý diýip, gapyny batly ýapyp çykyp gidipdi... ...Söýünaly häliden soragynyň jogabyna garaşyp, özüne tiňkesini dikip oturan Saryja aganyň ýüzüne seredip bilmedi. Ol ýer dyrmap oturyşyna: – Saryja kaka, olaryň-a belli bir etsem-petsemi ýok – diýdi. Ýaşuly aňyrsyna öwrüldi. * * * Nuralyň düşeklerini ýygnaşdyryp içini hümledip oturyşy. Gap-gaçlara, çäýnek-käselere tot-tozan siňip gidipdir. Şol oturyşyna-da kepbeleriniň bir burçundaky möýe gözi düşdi. Möýüň kerebi garynjamy, siňekmi, garam-guramdan doly. Asyl-asyl bolup duran möý birden diwardan aşaklygyna ýöräp ugrady ýere düşübem göni Nurala tarap gaýtdy. Teş-wüş görmedik möýüň bolup gelşi gaty arkaýyndy... Özüne tarap ýetip gelýän möýi synlap oturan Nuralynyň endamynda bir ýakymsyz jümşüldi peýda boldy. Ol tarsa ýerinden galdy-da, sübse bilen urup möýi mynjyratdy. Nuraly şondan soňam kalbyny gurşap alan ýakymsyz duýgulardan saplanyp bilmän ep-esli oturdy. Birsalymdan bolsa öýlerinden çykyp ugrady. Ol dükanyň agzyndaky uly tut agajynyň kölegesinde oturan adamlar bilen birin-birin görşüp çykdy. Bu ýerde garry-gurty, çaga-çuga köp eken. Dükana söwda etjegem barýardy, gürrüňçilik gözläp ýörenem. Abdylla hanyň aryny alyp gelenine üç hepdeden gowrak wagt bolanam bolsa, ýene-de gürrüňçiligiň soňy şoňa ýazýardy. – Bolsa-da Abdylla han türkmenlere göz görkezib-ä bilipdir. – Etmelisem şodur, oňarsaň. Bilsinler-le, kime degip, kime degmeli däldigini... – Hanyň inisiniň eli nähilikä, ýagşy bolýamyka? – Daş ýurtdan bir atly tebip çagyrylypdyr-a diýýärler. – Ýogsa-da, han ol ýesir alyp gaýdan naçaryny näme etmekçikä? – Şoňa-ha hyrydaram ýok ýaly. Sen baryp görseň nädýä... Oturanlar gyzyl-gyran gülüşdiler. – Aý, näbileýin, owadanjamyş diýýärler-de... – Owadanja näzenin bolup eline düşseň han bitin goýberesi ýok-la. – Ýok how... Han o gyzy inisi üçin saklaýamyş diýýärler. Inisiniň eli ganymat bolaýsa şoňa berjekmiş. Bu gürrüňler Nuralynyň edil beýnisini deşip barýar. Ol uzak durman yzyna öwrüldi. «Güljerendir... Şodur... Şodur...» diýen pikir ony öýlerine gelensoňam öz erkine goýmady. «Belkem başga biridir?» Ol arkasyny kepbeleriňiň diwaryna diräp köp oturdy. «Ýa-da hanyň ýanyna baryp göräýsemmikäm? Ýeri, bardyňam-da sen onuň bilen parahat oturyp gürleşip beri bilermikäň? Näme-de bolsa hanyň huzuryna barman alajyny etmeli». Nuraly Abdylla hanyň ýanyna barar ýaly sebäp agaryp ugrady. Ahyrynam hanyň her gün giç öýlänler inisi Rzagulyny soramaga barýandygyny eşitdi. Nuraly hanyň neberelerini näçe ýigrense-de, Rzagulynyň agasy gelerräk uçurlarda olara barmagy ýüregine düwdi. Rzaguly han gat-gat edilip ýazylan düşekde hykgyldap ýatyr. Gapydan gireniň Nuralydygyny bilenden soň oňa öz ýatan düşeginiň golaýjagyna geçmegi mürähet etdi. Çaý içimlik salymdan Abdylla hanyň gelip düşendigini habar berdiler. Haý, diýmän hanyň özem gapyň agzynda peýda boldy. Abdylla hana gözi düşenden Nuraly zöwwe ýerinden galdy. Han inisiniň halyny sorandan soň, Nurala seretdi. – Bu ýigidi tanamadym-la... Rzaguly ýarasynyň azaryna çydap bilmän, çep eli bilen ýüzüni ýapyp ýatyşyna zordan gürledi. – Bu şol meni gorap, türkmenlere ýesir düşen ýigit bolmaly. Dadyma şu ýetişäýdi, ýogsam-a... Abdylla han inisiniň gözgyny ýagdanyny synlap oturyşyna oňa göwünlik berýärdi. Turarman bolanda bolsa ol Nurala ýüzlendi: – Sen indi näme pişeleýäň? – Gaýradan gelip durşum, görmeli-dä, han aga. – Onda sen gala bar, gürleşeris. Nuraly Abdylla han bilen tanşanyna hemem onuň çakylygyna az begenmedi. ýöne Güljeren hakdaky pikir welin, oňa ynjalyk berenokdy. «Ýeri, hanyň huzuryna bardyňam-da näme bahana bilen «Güljereni boşat» diýjek. Her bir sen ýalyň, oň ýalyň «boşat» diýeni bilen boşatjak bolsa, han ony şondan şuňa getirip başyna ýapsynmy? Aý, näbileýin. Gaýtam göwnüne başga zat gelip, hasam bujurygy artaýmasa...» Şol günüň ertesi Abdylla hanyň özi adam iberip ony çagyrtdy. Gala golaýlaşdygyça Nuralynyň kalbyny her-hili alasarmyk duýgular gurşaýardy. «Han eýýäm Güljeren bilen birýüzli edäýen däldir-dä, hernä?..» Ýa-da huzuryna baragadan Saryja aganyň ýadygärlik beren ak saplysyny kükreginden goýberäýsemmikäm? Şeýdäýseň-ä içiň sowaýsa gerek. Belki Güljeren entek diridir. Belki-de, ol getirilen gyrnak Güljeren däldir...» Galanyň gündogarky derwezesine ýetende garawullar Nuralyny sakladylar. – Han agamyzyň berekedi egsilmesin. Ol meni çagyran ekeni... Derwezeban ony başdanaýak synlap çykdy. – Onda biraz garaş. Han aga mälim edeli. Ygtyýar etse girersiň, bolmasa-da ýok. Saňa kim diýerler? Haýsy obadan? – Güzerden, Nuraly diýäýiň... Derwezeban derwezäniň gapdalyndaky demir gapyny derrew iç ýüzünden gulplady. Nuralynyň gelendigi hana habar edilende ol «gelsin» diýdi. Derwezeden giriläýen ýerde Nuralyny kemsiz barladylar. Soňra baş hyzmatkär öňden, iki sany nöker bolsa yzrakdan Nuralyny öňlerine salyp, hanyň kabulhanasyna tarap ugrady. Olaryň barýan ýoly suw sepilip süpürilip goýlupdy. Gala giräýen ýerinde çep tarapdaky meýdançada dört-bäş sany at daňylgy dur. Nuralynyň gözi birden Kepderä düşdi. Kepderem Nuralyny görenden ilki-hä gazygynyň daşynda aýlanmaga başlady. Soňam hokrandy-da, iki art aýagynyň üstüne galyp, şeýlebir kişňedi welin, Nuralynyň öňünden barýan baş hyzmatkär tisginip gitdi. «Han Saryja aganyň-a bilini oňrupdyr-ow». Baş hyzmatkär çalaja säginip, Nuralynyň ýüzüne seretdi. Onuň parahat görnüşinden hiç zat aňybilmänem ýoluny dowam etdi. Ýol gutaryp, indi iki sany ýanaşyk ýoda başlanýar. Gyrasyna bägül ekilen suwluja salma bolsa ýodalary ikä bölýär. Ýodalaryň gapdalyna-da güller ekilgi. Aňyrlary bolsa miweli bag bolup gidýär. Nuraly ötlem-ötlem gapylaryň sanyny ýitirdi. Köp zähmet siňdirilip ýasalan mähnet bir gapa ýetenlerinde öňden barýan hyzmatkär: – Şu ýerde biraz aýak çek – diýdi-de, özi içerik girip gitdi. Salym geçmänkä-de yzyna öwrülip geldi: – Gir! Nuralynyň yzyndaky nökerler içerik girmediler. Han iki gat per düşekçäniň üstünde goşa ýassygy tirsekläp, öňünde duran suw çiliminden käwagt bir sorup otyr. – Essalawmaleýkim, han aga! Biz garyby ýatlany üçin han agamyza minnetdardyryn! Çilimiň neşesine meýmiräp oturyşyna, han Nuralyny başdanaýak synlady. Şondan soň ol hyzmatkäre yşarat etdi. Hanyň yşarat ederine mähetdel, hyzmatkär galdawlyk bilen çilimini göterip, çep tarapdaky gapydan çykyp gitdi. Agşam ukudan galanlygyndanmy, ýa-da tirek atyp, yzyndan çaý içmän, çilim çekeninden boldumy, garaz, han gapyň agzynda duran Nurala «geç» diýmänem unudyp, agzyny giň açyp, yzly-yzyna pallady. – Ýeri, ýigit habaryňy aýdyp otur. Eşideli – diýdi-de, ol köýneginiň aşagyna elini sokup, garnyny gaşamaga başlady. – Han aga, çagyran ekeniňiz. Abdylla han oýaly-ukuly ýatan ýerinden burnuna salybrak gepledi. – Sen kim borsuň? – Nuraly diýýändirler, han aga, Güzerden. Düýn Rzaguly agaň ýanynda-da gabatlaşypdyk. Han ukudan gaty çalt açyldy, daýaw göwresine gelişmeýän çalasynlyk bilen zöwelip, dik oturdy. «Bärräk geç» diýen yşarat bilen gapyň agzynda duran Nurala öz golaýjagyndan ýer görkezdi. Nuraly hanyň görkezen ýerine geçip oturdy. – Türkmenlerden sag-aman sypypsyň-da, onda? Han Nurala köp manyly seretdi. Onuň häliden neşä meýmiräp, ýumulyp barýan gözleri indi şöhle düşýän aýnadöwük ýaly ýylpyldaýar. «Nähili edip sypdyka? Türkmenleriň eline gul bolup düşseň, edil körüň eline büre düşeninden enaýy bolmal-a däl. Ýa-da bir zady wada berip dagy edäýdimikä?» Abdylla han Nuralyny synlap oturyşyna: – Oba haçan düşdüň? – diýip, oňa öz çenini tassyklatmakçy boldy. Öz gürrüňiniň ählisini hanyň ýeke-ekeden çintgeýändigini aňan Nuraly, onuň gürrüňiniň soňuny nämä syrykdyrjagynam güman edýärdi. – Üç-dört gün-ä boldy. – Sen onda ar almaga barlanda şo taýda ekeniň-dä? Diýmek, Abdylla hanyň olara göz görkezişinden habaryň bar-da? Entegem etjegim bardyr olary. Rzagulyň eli bir gutulsyn. Ýurtlarynda ýumurtga togaladaryn men olaň... Han özüne göwnüýetijilik bilen ardynjyrady. Ol ýene-de bir zatlar diýmekçidi. Belkem «O taýda bolsaň neme üçin nökerleriň hiç haýsy seni görmändir? Sen näme üçin bizi görüp gelmänsiň?» diýip, sorasa-da sorardy. – Ýok, o wagtlar men o ýerde ýokdum han aga. Nuraly özüniň häliden bäri garaşyp oturan pursatynyň gelendigini aňyp, gürläp başlady. – «Adam başy daşdan gaty» diýleni-dä, han aga. Başymdan geçen külpetleri hakydama getirýän welin nähili çekip-çydanyma özümem haýran. – Ahmet! Baş hyzmatkär şo demde häzir boldy. – Çilimi getirsene... Haý diýmän çilimem, çaýam getirildi. Han howlukman käsä çaý guýdy. Soňam çilimi golaýragyna süýşürdi. – Aýagym agyryly bolansoň Ahalda birsalym saklap, ahyryn urup-sögüp, garaz, horluk baryňy görkezip, Hywa argyşa gidýän bir kerwenbaşa satyp goýberdiler. Kerwen Garagumuň gyzgyn çägesiniň içi bilen gün gyzybereninde düşläp, öýlänlerem ýoluny dowam etdirýärdi. Açlygyň-suwsuzlygyň, ýadawlygyň hem-de yssynyň üstesine elime, boýnuma dakylan zynjyrlar güne gyzyp edil daglap barýandyr. Ep-esli ýol ýöreleninden soň bir gezek kerwen ýaňy ýola düşende demirgazyk tarapdan bir bölek atly peýda boldy. Atlylar bolsa edil gözleri ýok ýaly, bularyň üstüne eňip gelýär. Gyk-baga, tark-turka düýeler ürküşip başdady. Şobarmaşa-da boýnumdaky zynjyryň ujy daňylgy düýe burnuna ýel aldy-da, gündogarlygyna tutduryberdi. Menem oň yzyndan süýrenip barýandyryn. Ahyryn bir beýikden aşak injek bolanda düýe janawaryň üstündäki ýük onuň boýnuna agdy. Şeýdibem düýe aşyrylyp gitdi. Menem zyňlypdyryn. Özümden gidip, näçe ýataýymy bilemok, ýöne, bir haýukdan soň özüme gelip, gözümi açsam, bir harryldy bar Seretsem, boýnunyň üstüne gaýdan ýüki galdyryp bilmän, düýe janawaryň şol harlap ýatyşy ekeni. Töwerekde bolsa janly-jemende ýok. Ilki emaý bilen boýnumdaky zynjyryň baglanan ýerini tapyp, çözdüm. Soňam düýäň ýüküni ýazdyrdym welin, janawar bir silkindi-de aýagyny uzyn saldy ýatyberdi. Ölendir öýtdüm. Turup ugramakçy bolup durkam düýe gymyldan ýaly etdi. Birsalymdan kellesini galdyryp, aýaklaryny ýygnady. Şeýdip ol, kem-kemden özüne gelmek bilen boldy. Düýe janawar mazaly aýňalandan soň, onam aldym-da bärligine tarap eňäýdim. Aç-suwsuz üç gün ýol ýörän, ahyryn garaňky gatlyşybereninde gumdan saýlanyp, bir obaň deňine ýetdim. Birden düýäni tanap hasam hupbat ýamanyny ýuwutdyraýmasynlar diýip, gitdim bir howsala. Onsoň düýäň owsaryny boýnuna orap, kowdum-da tä garaňky gatlyşýança bugdaýlygyň içinde bukulyp ýatyberdim. Il ýatyp, it uklar uçurlarynda-da bäriligine gaýtdym. Ine, han aga, şeýdip, zordan sypdym. Görlen günleri it görse gözi agarar. Han Nuralynyň gürrüňini dykgat bilen diňledi. – Indi näme etsem-petsemiň bar? Nuraly öz toslamasynyň hana ýarandygyny aňdy. – Han agamyz näme buýursa şoň bilen bolubermesem... – Hany demiňi-dynjyňy al. Onsoň görüberýäs-dä... Nuraly günortana golaý yzyna dolandy. «Görýän welin, men Rzaguly hana ýaramaz hyzmat etmändirin öýdýän. Abdylla hanam bu barada habarly bolara çemeli. Ýogsam ol meni başyna ýapsynmy?» * * * Saryja aganyň taby gün geldikçe pese gaçmak bilen. Ony soramaga gelýän adamlar erik agajynyň kölegesinde otyrlar. – Bu zatlaryň saňa agyr degýändigini biz bilýäs – diýip, Çaryklylar tiresiniň ýaşulusy Bugra aga söze başlady. – Saryja, belkem seň öz etsem-petsemiň bardyr, aýdyp otur. Adamlar, sizem nämäni makullasaňyz aýdyň, eşideliň! Hiç kimden ses-seda çykmansoň Saryja aga üzlem-saplam gürledi: – Adamlar, meň-ä pylan zat diýmäge ýagdaýym ýok. Özüňiz nämäni makul bilseňiz... Syrkawyň edil sag gapdalyndaky adam peşeneli sakgalyny daraklap oturyşyna: – Belkem, pul bilen synanyp göreris – diýdi. Aýbogdaşyny gurup, ýaýyljyrap oturan gyrçuw sakgally derrew ýekedyz oturdy: – Obada şunça gyzyleňek ýigitler barka, pul bilen soramaga özümiz-ä namys ederis. Saryja aga diňläp ýatyşyna näler «Abdylla han oba talaň salanda şol gyzyleňek ýigitler haýsy deşige giripdi? Haý gutaranlar-a...» diýesi gelýärdi. Ýöne öz öýünde beý diýmegi uslyp bilmedi. – Gowusy pul bilen sorap göräýeliň-le. Jigimiz üçin bar zadymyzdan geçmäge kaýyl. Han bahasyny belli etse bolýa – diýip, çeträkde oturan Söýünaly kädisini tyrkyldadyp, nas atdy. – Söýünaly, sen derrew zadyňy mazamlamak bilen boluberýäň. Zat bilen, pul bilen bir zat boljak bolsa biz bar zada kaýyl. Ýöne geçen gezek oglanlar Abdylla hanyň inisiniň goluny çapypdyrlar. Onsoň ozalam bu zatlara jany ýanyp duran han uýamyzy pula çalşaýarmyka? Oturanlaryň arasyna ýene-de ümsümlik aralaşdy. – Adamlar ýene-de bir ýakymsyz habaram bar – diýip, çeträkde oturan gyzyl ýüzli dolmaç pyýada ümsümligi bozdy. Hemmeler oňa üşerilişdiler. Ol iliň ünsüni çekip bilendigine öz ýanyndan monça boldy, çala gobsunjak ýaly etdi-de adamlara ýene-de birlaý göz gezdirdi. Onsoň hasam ekabyrlandy: – Ýurda günbatardan oruslar aýak basyp ugrapmyş diýýäler. – Oruslar? Bu gürrüň märeke üçin düşnüksizdi. Onsoň adamlar ýöne, agyzlaryny öweldişip otyrlar. – Şagadam tarapdaky garyndaşlarymyz-a ýurtlaryny öz elleri bilen tabşyraýypdyram diýýärler... – Be, bu nähili gürrüň boldaý?.. – Aý, nähilisi şol. Güýjüňiz köp bolsa şoňa-da taýynlanybermeli. Olar indi haý diýmän bärligine-de gaýtsalar gerek. – Garaz, indi gowy zad-a eşidiljek däl-ow... – Adamlar! – diýip, Saryja aga arkan düşüp ýatan ýerinden gürlemäge başlady. – Ýomut garyndaşlarymyzam ýurtlaryny her kimçe görýändir. Belki-de olar bir yş görýän bolaýmasynlar? – Ýurdy öz eliň bilen kapyra berip oturybermekdenem bir yş bomy? – Ulugberdi han bar, beýlekiler bar, bir alajyny etmezlermi asyl? Onsoňam bu diňe bir ýomudyň ýa-da tekäň ýagysy bolman, külli türkmeniň ýagysy ahyryn... Onsoň serdarlar üýşüp, bir çukura tüýkürişerler-dä... Gyzyl ýüzli dolmaç adam käsesindäki çaýdan bir owurtlady-da, ýerde goýdy. – Ulugberdi han dagam-a maslahat etse edendir welin, ýene ýagyň gelşi bir hana, iki hana eýgerderden güýçlüräk ýaly. Hywa hanyna, Buhara emirine ýa-da Eýran şasyna ýüz tutulsa nähili borka? Näme-de bolsa öz musulmanlarymyzdyr-da. Saryja aga sesini çykarman ýatyp bilmedi: – Hywa hanyna, Eýran şasyna ýapja bolandan-a her zat edenem gowudyr. Şolar dälmi bizi şu günlere salyp ýören... – Nämäni makul bilseňizem, ýaşulular, indi maslahaty çaltrak çugdamlajak bolmaly – diýip, ýene-de Söýünaly Güljerenli gürrüňe dolandy. Ýöne bu günem belli bir maslahata gelinmän dagaldy. (dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |