23:08 Oýanmak -4/ powestiñ dowamy | |
* * *
Taryhy proza
Günbatar türkmen taýpalarynyň bir toparynyň kethudalarynyň özlerine arka gözläp ruslara ýüz tutandyklary, olaryňam türkmenleri özlerine raýat edip almaga razylyk berendikleri hem-de Hazardan bärik geçip, ugrandyklary baradaky habar ähli ýere ýaýrady. Bu habary eşiden badyna Abdylla hanyňam «gonjuna gor guýuldy». Ýöne ol ätiýajy elden bermedi, derrew beýikligi dört gulaç, ini ýarym gulaç gala saldyrmagyň gamyny iýip ugrady. Gala gaty uly bolmalydy. Oňa Abdylla hanyň ilen-çalanlary, beýleki ähli emeldarlar maly-garasy bilen ýerleşmelidi. Abdylla hanyň başga-da bir maksady bar. Olam täze, has kaşaň, bezegli, minaraly köşkde döwran sürmek. Ol özüniň bu maksadyny gaty oýlanyşykly amala aşyrýardy. Soňundan gep-gürrüň bolmasyn diýip, ol iki sany wekilini Eýran şasyna tarap ýollady. Olaryň eline-de öz maksadyny beýan edýän ýagny täze saldyryljak gala üçin döwletiň pul goýbermegini soraýan haýyşnamany berip goýberdi. * * * Bir gün Nuraly öýlerinde içini hümledip otyrka Abdylla hanyň ýasawuly gelip, ertesi irden hanyň köşgüne barmalydygyny duýduryp gitdi. Nuraly näçe oýlansa-da, tä hanyň öz ýanyna baraýýança çakylygyň sebäbini bilip bilmedi. Çakylygyň sebäbi Nuralynyň ýadyna-oýuna geljek zat däl. * * * Türkmenlerden üç sany atlynyň galanyň agzyna gelip durandygyny, özem hanyň huzuryna barmakçydyklaryny Abdylla hana aýdanlarynda, ol çalaja ýylgyrdy. Sebäbi ol ele düşen gyrnagyň «Durnaly» obasynyň uly tiresiniň biriniň ýaşulusynyň gyzydygyny Abdyl kelden eşidipdi. Şonuň üçinem ol bujagaz gyrnagyň yzyndan gelnerine garaşýardy. Han myhmanlara çaý-suw bermegi buýurdy. Özem ertesi günortandan soň kabul etjekdigini olara mälim etmegi tabşyrdy. Bu wagt hanam, türkmenlerem öz ýanlaryndan pikir öwürýärdiler. Abdylla han türkmenleri şu günem kabul edip biljekdi. Ýöne ol beýtmedi. Onuň birinji maksady myhmanlary ertire çenli saklap, olaryň howuny basmak. Ikinji maksadam myhmanlary Abdyl kele synladyp, olaryň näjüre adamdygyny anyklamak. Üçünji maksady bolsa, myhmanlaryň üsti bilen Nuralynyň türkmenlerden gaçyp gaýdyşyny has ymykly aýdyňlaşdyrmak. «Kim bilýär, belkem, onuň türkmenlerden sypyşynyň başga bir emmasy bardyr? Ine, Abdylla hanyň Nuralyny çagyrtmagynyň esasy sebäbi şol. Elbetde, türkmenler hanyň özlerini şu gün kabul edenini kem görenokdy. Sebäbi olaryň maksady han näçe pul talap etse-de töläp, Güljerendir, Kepderini alyp, çaltrak Saryja aganyň gözüne görkezmek. Emma etjek alajyň näme? Han han bolýa. Bir ýerden gelip, oňa «Bizi şu gün kabul et» diýip bolýamy. Onsoň türkmenlerem Abdylla hanyň gedemligine kaýyl bolmaly boldular. Nuraly ertesi irden Abdylla hanyň huzuryna baranda, han oňa türkmenlerden üç sany atlynyň gelendigini, olary kabul eden wagtynda Nuralynyň öz ýanynda bolmalydygyny aýtdy. Bu habary eşiden badyna Nuralynyň ýüreginiň howsalasy hasam artdy. Gün günortadan agyberende myhmanlary köşge alyp gaýtdylar. Myhmanlar köşgüň çep ganatyndaky gapydan çykyp iki sany gartaň kürt aýalynyň bir ýaş gyzy özlerine tarap alyp gaýdandyklaryny gördüler. Aňyrdan gelýänler golaýlaşdyklaryça gyzyň egnindäki keteni köýnegine gözi düşüp myhmanlaryň bedeninde sowuk jümşüldi peýda bolup ugrady. Güljereniň ysgynsyz aýaklary zordan ädilýär. Onuň çorlanyp içine giden gözleri dünýeden bihabar. Indi asyrdan gelýänleriň ýüzleriňi mazaly saýgarmak bolýardy. Hanyň bu oýnuna Bugra agadyr Söýünaly çydasa-da Gylyç çydap bilmedi. – Güljeren! Ýüzüni aşak salyp barýan Güljeren adynyň tutulanyny eşidip, sakga durdy-da, ses gelen tarapa seretdi. Güljereni alyp barýan kürt aýallaram nalaç aýak çekmeli boldular. Güljeren edil iki ädim gapdalynda duranlaryň öz hossarlarydygyna ynanmajak boldy. Ýiti-ýiti seretdi. Birdenem dyňzap gelen agysyny saklap bilmedi-de, ulili bilen möňňürmäge başlady. Sebäbi yzyndan gelinjekdigine berk ynanýardy. Ol özüniňkilere tarap ylgamakçy boldy. Emma aýallar Güljereniň golundan berk ýapyşdylar, oňa asla gymyldamaga-da maý bermän, idirdedip alyp ugradylar. Güljeren ýene-de dyzap gördi. Ýöne berdaşly gollaryň ýanynda çepiksije, onda-da ysgynsyz göwräniň manysy barmy? Gylyç ýaragyna elini ýetirmekçi bolup, gapdalyny sermedi. Emma eline ilen zat bolmady. Gala girenlerinde olaryň ýaragyny alypdylar. Onsoň ol Güljereni alyp barýan aýallara topulmakçy boldy. Bugra aga, Söýünaly ony zordan saklady. – Biderek bolma, bu ýeri seň ganygyzgynlyk etjek ýeriň däl. Bu wagt penjireden seredip, ajy ýylgyryp duran Abdylla hanyň keýpi diýseň kök. Türkmenler gapydan salam berip girenlerinde, ol eýýäm öz ýerinde jaýlaşykly otyrdy. Myhmanlar hanyň gapdalynda oturan Nurala bada-bat gözleri düşüp, iç işikde birbada kürtdürişip durdular. «Söýünalydyr Gylyç gelen bolsa, ýesir edilip getirilen zenan Güljerenden başga adam bolmaly del». Nuralynyň kalbyndaky öwsüp ugran şemal güýçlenip-güýçlenip, ahyryn harasada ýazdy. Ol indi durky bilen saňňyldy bolup dur. Saňňyldysyny näçe peseltjek boldugyça-da göwnüne bolmasa beterleýän ýaly. Bir tarapdan han onuň ýüzünde-gözünde üýtgeşiklik görjek bolup, öküziňki ýaly ullakan gözlerini petredip synlasa, myhmanlaram ony gözleri bilen iýäýjek bolýardy. Dört jübüt göz Nurala naýza sünjülendenem berk yza çekdirýär. Daşyndan synlana gürrüň göýä ýesiri boşatmak hakynda barman, eden etmişi üçin Nuralyny jezalandyrmak barada barýan ýalydy. Nuraly biraz dikeldi-de usullyk bilen Bugra aganyň ýüzüne seretdi. Onuň garaýşyndan: «Seni Saryja agaň duzy tutsun. Yhlasy ursun!» diýen manyny okasa, Söýünalynyň kiçijik gözlerini gyrpman, tiňkesini dikip oturyşyndan «Wah, inilerim seni ýok etjek bolanlarynda saklamaly däl ekenim, oňarmandyryn» diýen manyny aňlady. Gylyjyňam Nurala tarap gezelişip duran gözleri gyjytdyr ýigrençden ýaňa ýanyp dur. Gylyç bärik gaýtjak bolanda Älem: «Nuralynyň gözüne seretgin. Adamyň gözüne siňe seretseň onuň kalbyndaky hakyky maksadyny okap bolýamyş» diýensoň, ol gözleri bilen iýäýjek bolýar. «Biz adammykaň diýip, seni özümize dost tutundyk. Sen bolsaň gömülgi ýatan ýylan ekeniň, Nuraly!». Nuraly iki oduň arasynda örtenýärdi. Uzaga çeken dymyşlykdan soň, han gözlerini süzgekledip, myhmanlary ýene-de bir gezek synlady. – Ýeri, habaryňyzy aýdyp oturyň! – Habarymyzy aýtsak biziň bir naçarymyz bolmaly şu ýerde. Biz-ä şo diýip geldik... – diýip, Bugra aga söze başlady. Han idelip gelneniň kimdigini gowy bilse-de bilmediksireýärdi, mahlasy «at oýnadýardy». – Kimkänaýt ol..? Haýsy naçar? Bugra aganyň näçe ýeňsesi gatasa-da, parahat geplemäge çalyşdy. Naçarlarynyň kimdigini mälim etdi. – Hä-ä o diýsene... O bolsa, elbetde, şondan şuňa haýyş bilen gelen bolsaňyz bitiräýmeli bor. Goňşy aralykda ylalaşmasak bolmaz-a... Ondan başga bir ýigdekçe-de bolmaly, goňşy obaňyzdan, onam bereris. Bir tohum atam alnyp gaýdylypdyr. Biriniň eý görýän maly bolara çemeli, gazygynyň daşynda aýlanyp dur, kişňäp, onam bereris... Han öňündäki çaýly käseden owurtlady-da, gürrüňini dowam etdirdi. – Biz bilen siziň halkyňyz, dünýe gurlaly bäri diýsegem ýalňyş däl, goňşy ýaşap gelýä. Ýöne bolgusyz zatlar üçin birek-biregiň göwnüne degýäs, birek-biregi duşman saýýas... Ýogsam, bizem, sizem musulman ahyryn. Biz birek-birege gol ýapyp, gerek bolan wagty hemaýat etsek, hiý şundan ajabam bir zat bomy? Entek Abdylla hanyň haýsy perdeden gopýandygyny bilýän ýok. – Daş gulakdan eşdişime görä, siziňem ýagyňyz ýeterlik bolaýjak ýaly... Günbatardan kapyrlar ýetip gelýämiş diýýärler... Myhmanlar hanyň jomartlygynyň soňunyň niräk baryp direýänini indi bilip galdylar. Han aýlawly gürrüňiň soňuny gönüläp goýberdi. – Diýjek bolýan zadym gelýän ýagyny gaýtarardan siziň güýjüňiz pesräkdir. Ýöne, näme, Eýrana raýat bolsaňyz oruslary ýele ýanyňyzdanam geçirmeris. Bugra aga sowap giden çaýyndan bir-iki gezek owurtlady-da, käsesini ýerde goýdy. – Biz bir erkana gezmäge endik eden adamlardyrys. Garyndaşlyk etmänem oňarmarys, raýat bolmanam. Oruslaram gelse, näme, görübermeli bor-da... Han gür gara sakgalyny sypalap, ep-esli oturdy. – Şeý diýseňiz-le – diýip, kepjebaş ýylan ýaly kellesini dik tutup, iki ýana owsunyp ugrady. – Belki, gyssanmaly däldir. Obaňyza baryp, ýaşulularyňyz bilen maslahatlaşyp görersiňiz... – Biz maslahaty edip geldik. Onsoňam han türkmende oba kän, ýurt giň. Biz bir obaň adamy bolup, külli türkmeniň adyndan gepläp bilmeris bu ýerde. Onsoňam bu wagt biz bir kiçijik ýumuş bilen gelen adamlar. Şo naçary berseňiz, bizem ýola düşsek... Abdylla han ajy ýylgyrdy. – Hümm... Naçar diýseňizläň... Ojagaz naçaryň bahasy gaty gymmat bolar, byradarlar... – Bahasyny aýtsaňyz bor, han aga, gymmatlygy hiç oň... – diýip, aýbogdaşyny gurup oturan Söýünaly ýekedyz oturyp, ykjamlandy. – Onuň bahasyna küli batmana ýetmeýän türkmeniň gurby çataýarmyka? – Onda-da aýdyp oturyň, eşideli... – Ýogsa-da kapyrlara garşy durar ýaly güýjüňiz bar bolsa, ýumruk ýaly gyrnak üçin dünýäň puluny dökmek nämä gerek?.. – Güýje-dä daýanyp bilerdik weli... Häliden bäri dilini dişläp, zordan saklanyp oturan Gylyç bu sözleriň nädip dilinden sypanyny duýman galdy. Hemmeler oňa seredişdiler. Hanyň gözleri hanasyndan çykara geldi. Ol tarsa ýerinden turdy. – Beýle bolsa güýjüňiz bilen geliň. Siziň güýjüňizem bir göreli. Möhümi bitmedik türkmenler agraslyk bilen ýerlerinden turdular-da, gapa tarap ýöneldiler. Çykjak bolanlarynda bolsa barysy ýigrenç bilen Nurala seretdi. * * * Zyndana getirilip taşlanan gününden bäri Güljeren yzyndan gelnip, alnyp gidilerine garaşýardy. Hossarlaryny göreli bäri bolsa onuň ýüreginiň gürsüldisi hasam artdy. Göwnüne bolmasa olaryň biri gapydan girägede: «Ýör, jigim, gideli!» diýäýjek ýaly. Ýöne näçe garaşsa-da bu günem «Ýör!» diýen bolmady. Güljeren gijäni çirim etmän geçirdi. Diňe daňa golaý ymyzgandy. ...Ol beýik ýalçy gaýanyň düýbüräginde ýatyr. Özüniňem gymyldamaga mejaly ýok. Ynha-da bir topar aç möjek oňa tarap topulyp başlaýar. Olaryň bolşy Gül- jereni duran ýerinde tüýt-müýt ederli. Möjekler Güljereniň ýanyna biri-birinden öň ýetjek bolşup, basalaşyp barýarlar. Olaryň arryldaşyp, dişlerini syrtardyp duruşlary, gulagyňy deşip barýan uwwuldlary hasam aýylganç. Gymyldamaga ysgyn-mydary bolmasa-da Güljeren iki eli bilen daşlara ýapyşyp, arkanlygyna süýşmekçi bolýar. Onýança-da, daşdan eli sypyp, togalanyp gaýdýar- Möjekler muňa guduzlan ýaly bolýarlar. Möjekleriň biri Güljereniň çep aýagyndaky köwşüne agzyny ýetirenden, ol jynssyz gygyryp sag aýagy bilen ony batly depdi. Möjekler indi hasam öçli ýaly topulýarlar. Şeýdip Güljereniň barja ysgynam gaçýar. Onuň indi iki eli bilen ýüzüni tutup, özüni möjekleriň tüýt-müýt edip başlaryna garaşyp oturmakdan başga alajy ýok. Edil şol wagtam asmandan bir eýmenç ses eşidilip ugraýar. Ol ses jülgä düşüp hasam güňleç ýaňlanýar. Bu aýylganç sese möjekleriň zähresi ýarylyp, ýer bagyrtlaýarlar. Niredendir bir ýerden çuw ak, ullakan durna peýda boldy. Şol durna ganatyny kakanda emele gelen ýelden ýa-da onuň elhenç sesinden çekinipmi, möjekleriň gymyldamaga milt edip bilmän ýatyşlary. Şobarmaşa-da goh, harasat has güýçlenýär, jülge tüm garaňkylyga öwrülýär. Muňa Güljereniň hasam ýüregi ýarylara gelýär. Onýança-da bir äpet güýç ony ýokarlygyna alyp ugraýar. Güljeren hopugyp, gözüni berk ýumýar. Birsalymdan gözüni açsa ol ýaňky durnanyň penjesinde. Möjekler bolsa öz awlarynyň ellerinden gidip barýanyny görüp, hasam örç alyp galýarlar. Ýöne näçe uwlaşsalar-da, arlaşsalar-da indi olaryň edip biljek alajy ýok. Güljeren asmana galdygyça beter hopugyp, gözüni berk ýumýar. Möjekleriň gohy bolsa şindizem onuň gulagynda ýaňlanyp dur. Ol birsalymdan kert-kert daglaryň üstünden uçup barýandygyny görýär. Birdenem dag gutarýar-da, bir tarapy giden düzlük, beýleki tarapy bolsa aňňat-aňňat gum depeli meýdan başlanýar. Şobarmaşa-da Güljereniň öz tamlaryna, gapylaryndaky beýik erik agajyna gözi düşýär. Şondan soň pessaýlamaga başlaýar. Holha-da wagtynda sagylmansoň bozlap duran düýeleri, gölesi bilen emşip duran sygyrlary. Güljeren aýagy ýere degenden ylgap baryp tamlaryna girýär. Soňra çalasyn çykýar-da, gara öýleriniň gapysyndan boýnuny uzadýar. Näçe gözlese-de atasyny tapanok. Ýorunjaly pellere, baglaryň arasyna, bugdaýlyga aýlanyp çykýar, hiç ýerde Saryja aga gözi ilenok. Ol elewreýär. Ahyryn uklap ýatan atasyna gözi düşendensoň ýüregi biraz ynjalýar. Birdenem aňyrdan bösňäp gelen agysyny saklap bilmän hamsygmaga başlaýar. Soňra ol ýuwaşlyk bilen atasynyň ýanyna baryp, birsalym seredip durýar. Atasynyň bolsa şol uklap ýatyşy. Atasyny oýaraýmaýyn diýip aýagynyň daraklygyna basyp, yza ýöreýär. Ýöne eýýäm ak durna ýok. Bir seretse ak durna gündogardaky gum depelerine ýetip barýar. Güljeren durna tarap ylgamaga başlaýar. Onýança-da gök gürleýär-de, güýçli çabga gelýär. Çabga näçe güýçli ýagsa-da, Güljeren ylgap otyr. Egnindäki köýnegi ýagşa süllümbaý ezilip, endamyna ýelmeşipdir. Öl bolan saçlaryndan hemem ýüzünden-gözünden syrygýan ýagşy eli bilen syryp, ylgap oturyşy. Ynha-da ol gum depeleriniň arasynda. Güljeren aklaňlaryň iň beýigine çykyp töweregine seredýär. Ýöne hiç ýerde-de durna gözi düşenok. Ol soňra aňyrky beýige çykýar. Onda-da gözüne ilýän zat ýok. Güljeren çerkezlerdir gandymdaryň, sazaklardyr selinleriň düýbüni barlap çykýar. Onda-da hiç-hili netije ýok. Ahyryn ýadap, lapykeç bolup, bir düýp sazaga ygyşaklap oturýar. Birsalymdan ýagyş kiparlap ýuwaş-ýuwaşdan diňýär. Güljereniň dagyň ýokarsyndaky bölek-bölek bolşup, gündogarlygyna süýşüp ugran bulutlary synlap oturyşy. Bulutlar süýşdügiçe töwerek ýagtylyp barýan ýaly. Holha-da bütin jahana öz mährini çaýyp, asmanyň ýüzüniň tuwagy – Gün dogmaga başlady. – Eý, mähirli Gün! Häzir sen bütin jümle-jahanyň ýeke-täk howandary. Belkem, sen ak durnany görýänsiň. Edil ýüregim howlap, agzymdan çykaýmanka, aýtsana çaltrak, hany, nirede ol? Güljereniň gulagyna ýeňse tarapdan bir şygyrdy eşidilen ýaly boldy. Gaňrylyp, şo tarapa seretse-de, gözüne ilen zat bolmady. Ol bu wagt giden çölde ýeke özi bolansoň oýlagramanam duranok. Güljeren birsalym oturdy-da, ahyryn çekinjeňlik bilen ses gelen tarapa ýöräp ugrady. Tümmejigiň üstündäki selne golaýlaşdygyça, onuň ýüregi batly gürsüldäp başlady. Onýança-da bir adam zöwwe ýerinden galdy. Muňa Güljeren allaniçigsi boldy. Onuň edil öň ýanymda duran Nuralydy. Güljeren çekinjeňlik bilen: – Nuraly, ak durnany görmediňmi? – diýip, sorady. – Güljeren, şol ak durna men-dä... Hany gowuja seret, meňzeýänmi? – diýip, Nuraly çalaja ýylgyrýar. – Wiý, şeýlemi asyl? ...Güljeren hopugyp ýalpa gözüni açdy. Ak durna-da ýok, Nuralam. Şo bir ýerzemin, şo bir tümlük. * * * Nuraly hanyň galasyndan çykyp, öýlerine gitmedi-de, göni käkilikli derä tarap ýöredi. Ol barybam çeşmejigiň gapdalyndaky ullakan gara daşa arkasyny berip oturdy. «Güljeren... jigim, seniň ykbalyň meniňkidenem keç boldow... Saryja aganyň taby nähilikä?.. Aý, nähili bolar öýdýäň?.. Hanam-a Güljereni bererli däl. Söýünaly dagam baryp, ýaşula hanyň köşgünde meni görendiklerini aýdar. Onsoň o pahyram nälet okap başlar...» Nuraly garaňky gatlyşyberende çeşmäniň başyndan turup, oba tarap ugrady. «Wah, meň elimden gelýän zat bamy... Näme-de bolsa bir alajyny etjek bolmaly... Nätmeli? Hanyň bu etmişlerini gaýtawulsyz galdyraýmalymy? Wah, hanlaryň haýsy bir etmişine gaýtawul berip bolýa... Ýok, näme-de bolsa gaýtawul boljakdygyn-a duýdurmaly. Gop, edeniniň gidip durmaly däldigini bilsin. Şeýtseň ol ikinji gezek şunuň ýaly bir iş etjek bolanda iň bolmanda böwrün-ä diňlär-dä...» Nuraly zöwwe ýerinden galdy. «Beýtsem, bite gahar edip, ýorgany otladygym bolmazmy? Näme-de bolsa häzir-ä başga elimden gelýän zat ýok». Ol uly-uly ädimler bilen günbatarlygyna ýöredi. Guran otuň bedeleri onuň aýagyna çolaşyp dur. Ol dyza ýetip duran bedeleri gujak-gujak edip her ýerde-her ýerde üýşürip, otlamaga durdy. Soňra ol aňyrlygyna ýöredi-de, daga çykylýan ýerde küde edilip goýlan bedelerem otlap başlady. Soňabaka ot barha tutaşyp, töwerege ýaýrap ugrady. Az salymdan bütin dag lowlap ýanyp duran oda öwrüldi. Nuraly töweregine seretdi. Göwnüne bolmasa ot barha golaýlap hatda öz üstüne-de çabyrap barýana döndi. Şobada-da onuň gözi oba tarapdan ylgaşyp gelýän adamlara düşdi. Nuraly saga tarap ylgap ugrady. Ol günortadaky egniň aňry ýüzündäki ullakan gara daşyň gapdalynda, esli wagtlap bukulyp ýatdy. Adamlar alagoh bolşup oda tarap geçip gitdiler. Nuraly olaryň yzyndan garap esli durdy. Lowlap ýanýan oduň ýalkymy düşensoň töwerek ýap-ýagty. Nuraly garaba-garaba öýlerine tarap gaýtdy. * * * Türkmenler bilen maslahat bolan günüň ertesi Abdylla han şadan öz hatyna jogap aldy. Şa hatynda türkmenleri özlerine raýat etmek hakynda Abdylla hanyň teklibini goldap, onuň üçin minnetdarlyk bildirýärdi. Soňra, hatda, şa ýakyn wagtlarda Abdylla hanyňka özüniňem gelip, şu etraplaryň hanlary, begleri bilen maslahat etjekdigini duýdurýardy. Ýöne şu mesele boýunça iňlislerdir türkleriň hem pelesaň kakýandygyny ýatladyp, obalarda del adam görünse, ony saklamagy tabşyrýardy. Iň soňunda bolsa Abdylla hana berk jan saglyk arzuw edilip, halkdan ýygnalýan salgytlary goranmak üçin zerur hasaplan zatlaryna harçlamaga ygtyýar edilýärdi. * * * Nuralyny Abdylla hanyňkyda göreli bäri Gylyç janyna jaý tapanok. «Bu dünýe nähili bolaýypdyr-ai? Ýa-da adamyň leb-ziniň, adamkärçiliginiň şol ýok bolup gidip oturyşymyka? Asla dünýede içiňi ynanar ýaly adam beri galdymyka?.. Indi näme etmeli? Ýa-da şeýdip, Güljereni hanyň ýerzemininde çüýredäýmelimi?» – Älem, indiki maslahat? Olar atlaryny gorgunladyp baryşlaryna käriz ýabyň olumyna ýetdiler. Atlar agyzdyryklarynyň ýazdyrylaryna mähetdel, suwa eňeklerini basdylar. Älem çaýyrlygyň üstünde çommalyp, dişini çöpjagaz bilen synçgalap oturyşyna wagty bilei sesini çykarmady. Birhaýukdan soň bolsa: – Näme etseňem, men-ä taýýar – diýip, Gylyjyň ýüzüne seretdi. Elini-ýüzüni ýuwup, Gylyjam Älemiň gapdalyna gelip oturdy. – Geňeşmäge, maslahatlaşmaga adamam galmandyr. Her kim öz güni, öz güzerany bilen başyna gaý. – Hawa-da, iliň nä azary... – Hanyň galasyna çozulaýsa nähili borka? – Ýeri, çozar ýaly kimi özüňe ýaran edinjek? – Ýaşululara duýdursag-a bolmaz. Ýöne özümiz ýaly bäşlek, üçlek oglanlara diýäýmesek... Şondan iki gün geçensoň on-on iki jahyl säher bilen obadan saýlanyp ugrady. «Niräk barýaňyz?» diýenlere-de: «Awa» diýip jogap berdiler. Maksat gün gyzyberende daga ýetip agşama çenli güýmenmelidi. Il ýatyp, it uklar uçurlarynda bolsa Abdylla hanyň galasyna çozmalydy. Ep-esli ýörelenden soň, Gylyç yzyna bir seretdi. Gündogarsydyr gaýrasy gum bolup duran oba barha yzda galdy. Saryja agalaryň beýik erik agajam, käriziň boýundaky tallaram, gara öýlerdir tamlaram kiçelip-kiçelip, gara nokatjyga öwrülip barýar. Olar daga girip ugrady. Dagy ilkinji gezek görüşleri bolansoň, oglanlaryň köpüsi üçin äpet-äpet daşlaram, jülgäň ugry bilen akýan suwam diýseň geň. Olar haýran galyp, töweregi synlaýardylar. Aňryk ýöreldigiçe dagyň ýalçy gaýalary, depäňden sallanyşyp duran gara daşlar, düýbi görünmeýän jülgeler olaryň howalasyny basyp ugrady. Häliden gyzykly-gyzykly wakalary gürrüň berip, gülüşdirip gelýän Şalynyňam indi kän bir gürrüň bilen weji ýok. Ýene-de birsalym ýörelenden soň, çar töwerek dag bilen gurşaldy. Oglanlardan iki-eke ýeňsä tarap ogryn seredýänlerem ýok däl. Ýöne indi näçe seretseňem sähraýy, tekiz meýdany görjek gümanyň ýok. Barýan maksatlaryna indi düşündilermi ýa-da töwerekdäki daglar howalasyny basdymy, garaz, oglanlardan «Gaýdybereliň-le» diýilse, ikirjiňlemän, atyň jylawuny yza öwrüp, biline depjekler ýok däl. Indiki öwrümde bäş-alty atlynyň görünmegi iki-ýeke «guş ýüregiň» hasam zähresini ýardy. Ozalam gözlerini tegeleşip gelýän oglanlar olary görenlerinden atyny yza öwrüp, gamça basdylar. Diňe Älem bilen Gylyç ikisi galdy. – Aý, siziň türkmen bolaýşyňyzy. Birsalymdan oglanlaryň ikisi ýene-de yzyna öwrülip, Gylyçdyr Älemiň ýanyna geldi. Galanlarynyň bolsa «Assa gaçan namart» edip şol gidişleri. Gylyç, Älem, beýleki iki oglan öňden gelýänlere tarap seredip durdy. Aňyrdan gelýänlerem olary görüp, atlaryny has gaty sürüp ugradylar. Olar Gylyç dagynyň ýanyna gelip saklandylar. Olaryň ikisiniň kellesinde sopbaç telpegi, iki sanysynyň bolsa sellesi bar. Öňden gelýänleriň biri gyzyl begresden tikilen çürüje telpekli. Onuň gapdalyndakynyň geýimi welin has üýtgeşik. Maňlaýy ýokaryk galyp duran papak ony has-da haýbatly görkezýär. Melemtil matadan tikilen balagydyr penjegini, ýalpyldap duran aýnagonç ädigini, sag egniniň üstünden aşyrylyp dakylan gaýyş guşaklaryny göreniňde onuň harby adamdygyny aňmak bolýar. Ol altyn çaýylan äýnegini süpürip durşuna gyzyl begresden tikilen çürüje telpekli adama düşnüksiz dilde bir zat, bir zat diýýärdi. Çypar ýüzli, papagynyň aşagyndan çogşup duran mele saçly, sary iýmeşik murtly, şeýle üýtgeşik adamy ilkinji gezek görýändikleri üçin Gylyç dagy agyzlaryny öweldişip dur. Begresden tikilen çürüje telpekli adam: – Essalawmaleýkim! – diýdi. Onuň ýeserje gözleri oýnaklap dur. – Waleýkimsalam... Ol adam oglanlaryň haýsy tarapyň adamlarydygyny eşiklerinden tanandyr-da, arassa türkmen dilinde gürläp başlady. – Oglanlar, gurgunmysyňyz? Ugur hanjakdyr? – Bizmi? Biz neme... awa barýas... – Özüňiz Ahal tarapdan dälmi? Oglanlar «Hawa» diýip, jogap berenlerinden soň hälki üýtgeşik geýimli, çypar ýoldaşyna, bir zatlary aýtdy. – Tanyş bolalyň, oglanlar. Biz Türkiýeden gelýäs. Maňa Muhammet türkmen diýerler. Bu jenap bolýa sa Bill Rojers. Biz bilen dostlukly aragatnaşyk saklaýan Beýik iňlis döwletiniň wekili. Bularam ýoldaşlarymyz. Biz bir gezende adamlar, syýahat edip ýörüs. Ýogsa-da, oglanlar siz Annaberdi işanyň obasyndan-a dälsiňiz? – Edil obadaş bolmasagam Işan agaň obasy bizden gaty daş däl. Näme? Gylyjy hem-de onuň atyny synlap, iňlis Muhammet türkmene ýene-de bir zatlary diýdi. Muhammet türkmen terjime etdi: – Ýigit, atyň-a sataýmarsyň-da? Gylyjyň münüp oturan owadan aty Kepderiniň doganydy. Bu aty oňa Saryja aga iýnji beripdi. – Bizde dost satylmaýar. – Düşünmedim? – Bizde at adamyň dosty hasaplanýar. – O... brawo, brawo... Iňlis Muhammet türkmeniň has golaýyna gelip, oňa ýene-de bir zatlar aýtdy. – Oglanlar awa diýip, çykan bolsaňyz bile aýlanaýalyň. Biziňem bir gyssanyp aljak galamyz ýok. Jahyllar bu teklibe garşy bolup durmadylar. Ýoldaşlary gaçyp gidensoň özleriniň Abdylla hanyň galasyna çozmak pikirleriniň netijesiz boljakdygyny güman edýärdiler. Gylyç, Älem, iňlis, Muhammet türkmen dagy awa çykdy. Ýoldaşlary bolsa çeşmäniň başynda aw etinden şara eder ýaly ot ýakmagyň aladasy bilen boldular. Awçylar ilerki gerşiň güneş ýüzüne geçip, iki topara bölündiler. Muhammet türkmen bilen Älem çep tarapa, iňlis bilen Gylyjam sag tarapa ýöräp ugradylar. Iňlis öz ýaragyny Gylyja berip, ondaky hyrlynam öz eline alyp synlamaga durdy. Ol hyrla pisint etmän, çalaja ýylgyrdy. Soňra bolsa Gylyçdan öz tüpeňini alyp, eliniň hereketi bilen ony atmagy öwretdi. Olar birsalymdan aňyrlygyna ýöräp ugradylar. Onýança-da iňlis Gylyjy saklap, onuň egnine kakdy. Gylyç seretse, öňräkdäki ýapyň ýüzünde bir süri keýik otlaşyp ýör. Gylyç edil iňlisiň öwredişi ýaly edip mäşäni gysdy. Tüpeň sesi çykandanam keýikleriň biri togalanyp gaýtdy. Gylyç geň galyp, ýene-de mäşäni gysyp goýberdi. Tüpeň ýene-de göçdi. Ol bu gezek ýapyň çep ýüzündäki daşy tozadyp goýberdi. Olar ok degip ýykylan keýige tarap ylgap gitdiler. Urnup ýatan keýigiň ýanyna baranlarynda iňlis başam barmagyny Gylyja tarap çommaldyp, bir zatlary diýişdirdi-de, elini çarpyp gülmäge başlady. Gylyç keýigi egnine atandan soň, ýoldaşlaryna tarap tirkeşip gaýtdylar. «Bä, şuň ýaragy ýaly ýarag bolsa-ha meýdanda aw galmasa gerek. Özem her gezek ok sürüp, peltä ot degirjek bolup azara-da galmaly däl, mäşäni zol-zol gysybermeli. Biri degmese, biri degjek. Seniň ýarag bolaýşyňy...» Gelseler Älemdir Muhammet türkmenem bir topar käkiligi getiren eken. Çeşmäniň başynda galanlar derrew keýigiň etini pudarlap, şara edinmegiň ugruna çykdylar. Käkilikler bolsa eýýäm inçejik taýaga düzülip, otda goýlupdyr. Iňlis oglanlaryň her bir hereketini inçelik bilen synlaýar. Ol häliden bäri Gylyjyň öz tüpeňinden gözüni aýyrmaýandygyny-da aňýar. Iňlis Muhammet türkmeni ýanyna çagyrdy. Ol derrew iňlisiň sözlerini terjime etdi. – Siz oglanlar jenap Rojersiň göwnüne ýarapsyňyz. Ol size öz tüpeňini peşgeş bermekçi. Rojers bir hatar oky bilen tüpeňini Gylyjyň eline tutdurdy. Gylyç tüpeňi saklap durşuna, garader bolup, saňňyldap ugrady. «Heý, beýle-de bir peşgeş bolarmy? Her öňüňden çykana munça zady peşgeş berjek bolsaň, gaty basym tozaýmarmykaň?» Gylyjyň näme ederini bilmän, şol garader bolup durşy. – Nämä çekinýäň, peşgeş peşgeş bolar-da, al inim! Muhammet türkmen alçaksyrap edil içiňden-bagryňdan geçip barýar. Onuň. alçaklygy soňabaka Gylyjyň mädesine degip başlady. Bolsa-da sypaýyçylygy elden bermedi. Tüpeňi alarman boldy. – Oglanlar siziň bir aladaňyz-a bar. Gylyç eýranlylaryň çozuşlary, özleriniňem näme niýet bilen ýola çykandyklaryny birin-birin gürrüň berdi. Iňlise terjime edilip berlensoň bu gürrüňlere onuň hasam göhi geldi. – Wah, oň ýaly bolsa, aýtsaňyz bolmaýamy? Ol-a Abdylla han ekeni, isleseňiz jigiňizi Eýran şasynyň özüne-de getirdip bileris. Ýöne biz häzir Annaberdi işandyr Ulugberdi hanyň ýanyna howlugýas. Ynha gaýdyşyn, baş üstüne, Abdylla handan uýaňyzam, atyňyzam elinje özüm getirip bererin. Oglanlar bu gürrüňe ynanjaklarynam bilmediler, ynanmajaklarynam. Onsoň olar seslerini çykarman, iňlisiň gürrüňiňi diňläp otyrdylar. – Siziň gürrüňiňizden aňlaýşyma görä gyzyň atasy obaň ýaşulularyndan biri bolmaly. Ýaşululary kösäp ýören bolsa, Abdylla hanyň temegine kakaýmaly bor... Ýogsa-da siz aýdyň, üstüňize günbatardan ruslaryň goşun sürüp gelýändiginden habaryňyz barmy? – Hawa, şoň ýaly gürrüň-ä edýäler. – Bu hakda ýaşulular näme diýýä? – Aý, ýaşululaň pikir-ä dürli-dürli. Oruslar gelse, gowy bor diýýänem bar, bela köpeler diýýänem... Muhammet türkmen söze başlady: – Siziň halkyňyzyň Türkiýe, Britaniýa ýaly beýik döwletlere arka diremegi gerek... Oruslar gelse, bujagaz günüňizem tapmarsyňyz. Ine, biz, şu meseleler! barada Ulugberdi han, Dykma serdar, Annaberdi işan hemem kethudalaryňyz bilen maslahata barýas... Olar nahar-şam edinip Ahala tarap ýola düşdüler. * * * Şadan idin alansoň Abdylla han haýdan-haý galanyň gurluşygynyň ugruna çykdy. Täze salynmaly gala diýseň kaşaň bolmalydy. Ol uzak ýurtlardaky bina salyjy ussalara-da çapar ýollap ugrady. Gala-da özüniň üýtgeşikligi bilen tapawutlansa tapawutlanmalydy welin, onuň içindäki köşk has owadan gurlup, bu görülýän köşklere meňzemeli däldi. Täze gurjak köşgüdir galasy üçin Abdylla hanyň zat gaýgyrjak gümany ýok. Şadan gelip gowşan nama onuň hasam işdäsini açdy. «Ýow güni obalaryň ähli halky ýerleşer ýaly gala salmaly» diýen bahana bilen ol birbada salgydam iki esse galdyrdy. * * * «Meýdandaky üýşürilgi bedeleridir örini otlany her zat ediň welin, tapyň» diýip, Abdylla han ýangyn bolan gijesi buýruk beripdi. Şondan üç gün geçensoň, hanyň nökerleri Azymy öňlerine salyp gelipdiler. Azymyň tutulyp getirilenini eşideninden Nuraly ýakasyndan ot atylana döndi. «Indi näme etmeli? Olara dagda ilki gabat gelenem sen. Onsoň olar özleriniň nirededigini hana şugullan sendir öýderler. Indi onuň nädogrudygyny hany Gulamala düşündir-dä düşündirip bilseň. Dert köpelýä, dert. Güljereni nädip boşatjagymy bilmän ýörkäm, Azymyňam bulaň eline düşäýşini diýsene. Wah, bite gahar edip, ýorgana ot beräýen bolsam nätjek? Men hana ýamanlyk etjek bolsam, gaýtam, beýle bolup çykdow». Örini otlamakda aýyplanyp, Osman körüň ortanjy oglunyň tutulyp getirilmegi, ozalam olara dişini gyjap ýören Abdylla hany hasam gazaba mündürdi. «Ozalam ujuz sypdyňyz. Senjagazy indi bir edişime seret». Hanyň Azymdan dynjagy gaty çynydy. Ýöne ony nädip jezalandyrmaly? Asmalymy, atmalymy, diriligine gömmelimi? Ýa-da derisini soýmalymy? Ine, ol şu mesele üçin kelle döwýär. Azymyň ele düşmegi diňe bir özüniň ganym duşmanlarynyň biriniň ele düşenligi üçinem däl, edil häzirki pursatda halkyň gözüniň oduny almaga adam tapylandygy üçin hanyň guşy uçýar. Sebäbi täze galanyň zabun alnyp barylmaly gurluşygynda-da, barha galyp barýan salgytlary tölemekden boýun gaçyrmaga-da hyýal etjek topalaňçylaryň boljakdygy ikuçsyz. Ol Azymy dardan asdyrmaly diýen netijä geldi. Özem ony ile göz edip, üç günläp asylgylygyna goýmagy emr etdi. «Goý, bilsinler, Abdylla hana garşy dursaň nähili jezaň garaşýandygyny». Nuraly bolsa aýagy bişen ýaly iki baka elewreýär. «Ýa-da hana baryp, Azymy goýberiň, örini men otladym diýäýsemmikäm? Wah, şeý diýeniň bilen ol seň sözüňe ynanar-ow, eýsem. Azymdana-ha bir dynar, üstesine sendenem... Her bir zadyň magadyna ýetmän, şunuň ýaly çözjek bolsa, mundanam bir han bomy? Hany adalat?.. Meň aýdýanymy?.. Adalatly boljak bolsa, ondanam bir han bomy, şa bomy? Azda-kände hökümi ýöreýän adamyň adalatlysy bolmajak eken-ow... Olar diňe öz bähbidini araýalar. Aý, bolýa-da.... Galany hiç-le... Ýöne nädip Azymy halas edip borka?» Nuraly agşamara Hüseýiniň dowar bakýan ýerine ugrady. «Näme-de bolsa baraýyn, belaň körüginiň özüm bolandygymy bir boýun alaýyn». Ol Hüseýiniň ýanyna baranda gije ýarymdan agypdy. Gara görneninden goýunlar güsürdeşip ördüler. Itleriniň gohuna Hüseýiniň özem geldi. – Wiý, Nuraly, bu senmi asyl? Tümlüge çalaja ýagty saçyp, köräp duran közüň üstünde goýlan gara kündük salym geçmänkä lakyrdady. Hüseýin çaýy demläp, saçagy orta aldy. Demini alan çaýyň reňki diýseň owadan görünýär. Nuraly esli wagtlap sesini çykarman oturdy. – Nuraly, eýgilikmi how?.. Hüseýin ody ölçerdi-de, gapdalda duran töňňelerden birki bölegini oklady. Oduň ýalkymy Hüseýiniň ýüzüne düşüp, ony hasam mährem görkezýärdi. – Eýgilik bolsa, men şeýdip, gije syňsyraklap ýörjekmi? Nuraly uludan demini aldy. – Azymy tutupdyrlar. Ol zordan ýuwdunyp ýüzüni aşak saldy. – Näme, Azymy tutupdyrlar?.. Haý garamaňlaýa-a... Hüseýin dyzlaryny gujaklap oda seredip oturyşyna esli wagtlap sesini çykarmady. Soňam gapdala gyşardy-da, eli bilei ýüzümi ýapyp, birsellem ýatdy. – Bu töwereklere Gulamal-a gelýän däldir? Nuralynyň pyşyrdysy Hüseýiniň gulagynyň agzynda top atylandanam eýmenç zenzele bolup ýaňlandy. – Näme, sen indi Azymy az görüp, Gulamalyňam ýoguna ýanmakçy bolýaňmy? – Hüseýin, indi senem maňa ynanaňokmy? Senem men hakda şeýle pikirde bolsaň, onda bagtymyň ýatyp ýördügidir... – Azymy şu töwereklerde senden başga gören ýok. – Meň ony hana baryp satanymy gören bamy? Hüseýin esli wagtlap sesini çykarmady. – Ýumruk ýalylykdan bile tirkeşsegem, seni tanamaýşymy diýsene... Nuraly tarsa ýerinden turdy: – Men seň ýanyňa maslahata gelipdim welin, bolýa-da onda... – Otur, hiç ýaňa-da gymyldamarsyň. Hüseýin dikelip oturdy. – Rzaguly hanyň nökerikäň Osman agalaryň gyzyny hana eltip beren sen dälmi, hä? Awdan gelýäkäňiz olaryň iň kiçisi Röwşen ýarag gezäninde, hanyň önüne pena bolup, Röwşene tarap ok atan sen dälmi, hä? Sen Röwşene jeza bermäge-de gatnaşan dälsiň? Hüseýiniň gözleri hanasyndan çykyp barýardy. – Bu aýdýan zatlaňňa men «ýok» diýip biljek däl. Dogrudanam o zatlar meň goýberen hatam... – Türkmenlere näme söz berip gaýtdyň? Hä? Ýogsam seni olar diri sypdyrarlarmy? Azymy satyp handan näme peşgeş aldyň? Ýa-da onuň goltugynyň astynda ýylyjak ýer tamakinmiň? Häý... Nuraly, Nuraly... Aý, bolýa-da... – Ine, bu gürrüňleňňe welin men «hä» diýip bilmen. – Aý, nätseň şony etsene... Oduň közi öçüşip ugrapdy. Nuraly oduň gapdalyn daky düşege geçip oturdy. – Men ozalam şu jahanda özümiň barymyň-ýogumyň parhyny bilip duramok, Hüseýin! Sen Gulamalyň gezýän ýerini bilýän bolsaň, bar-da aýt, men onuň bilen düşünişmäge geldim. Tüpeňini maňlaýymda goýup otlaýanda-da, oňa şeýdýäň diýsem, bigaýrat boldugym. Ýüregim howlap ýanyp barýa... Öz etimi özüm iýiberesim gelýä... Dowarlara özüm göz-gulak bolaryn... Sen git-de, Gulamaly bilen bir habarlaş... Hüseýin Nuralynyň ýyldyrap duran gözlerine seredip köp oturdy. – Dogrudanam sen Gulamaly bilen düşünişmeli. Ol şeý diýip, ýola düşmek bilen boldy. Ertesi gün gyzyberende öwrülip geldi. Nuraly ylgap onuň öňünden çykdy. – Ýeri, neneň? – Men oňa baryny aýtdym. – Hawa. – Ol-a seň bilen gürrüňim ýok diýýä. Nuraly lapykeçlik bilen oba tarap ýola düşdi. Ýoda beýikli-pesli gerişleriň düýbi bilen aýlanyp geçýär. Ol günortana golaý derä inip, ýabyň gyrasyna baryp oturdy. Elini ýuwmak üçin eglenem şoldy welin, ýeňse tarapdan bir şygyrdy eşidilen ýaly boldy. Nuraly yzyna öwrülenden özüne gezelip duran tüpeňe gözi düşdi. Emma ol aljyramady. Gulamala barmysyňam diýmän, sowukganlylyk bilen elini-ýüzüni ýuwup agzyny çaýkady. – Ýeri, hanyň güjügi, duşman öýtdüňmi? Gulamalynyň sesi sandyrawuk çykdy. – Gulamaly, biderek bolma. Men senden çekinýän bolsam, bu daglara ýeke çykman. Diňleseň-ä iki agyz sözüm bar. Ýok, diňlemeseňem özüň bil. Ygtyýar özüňde. Ataryn diýseňem at. – Gelme golaýyma, sen tetelli bilen gürrüň bolmaz. Wah, Azym seň hakyňdan çykjakdy welin, menden boldy-da. Şonda kelte edipdirin... Nuraly butnaman durdy. – Aýt eşideli, näme gürrüňiň bolsa. – Görýän welin, gürrüň edişip durmagyň zerurlygam ýok ýaly-la... – Seni şu gün dünýäň azabyndan dyndarjak. Ýöne seň näme aýtjak bolýanyňy bir eşideýin. – Habaryň bamy-ýokmy, bilemok. Abdylla han Azymy bedelerdir ýerini otlamakda aýyplaýar, Gulamaly tüpeňini şakyrdadyp, dişini gyjady. – Azymyň adyny tutma. Ýene-de bir gezek tutaýsaň... Nuralynyň gany depesine ursa-da, bu wagt sowukganlylyga salmalydygyny aňýardy. – Ýöne bededir öriňi otlan men. Dagy elimden gelýän zat bolmansoň hana ýamanlyk diýip edenim şu boldy. Olam gaýtam... – Men senden soraýan, Azymy hana şugullan kim? – Bilemok... Ýöne men däl... – Bilmersiň sen. Etjegiňi edýäň-de bilmersiň. Nuraly oňa tarap ýöräp ugrady. – Näme gorkýandyr öýdýäňmi? At-da dynda dynjak bolsaň... Gulamaly tüpeňini gapdala oklap goýberdi-de, aşak oturdy. – Men edil beýle bolaýar öýtmedim. Beýle boljagyny bilsem otlajakmy? Ýangyn bolan badyna han ähli nökerlerini daga iberipdir. Ele düşenem Azym bolupdyr. Elbetde, ýangyn bolmadyk bolsa, Azym ele düşmese-de düşmezdi. Garaz, şeýle boldy-da, Azymyň ele düşmegine diňe men günäkär. Ýöne ony şugullanym üçin däl-de, ýangyn üçin. Onsoň ynha nähili jeza bererin diýseň, öz işiň... Olaryň ikisem sesini çykarman ep-esli oturdy. – Ýeri, indi näme maslahat? Gulamaly suwuň tolkunyny synlap, töweregindäki dürli owazlara diň salyp köp oturdy. Birhaýukdan soň ol otuň üstünde gyşardy. – Biz telek işi biri-birimizden görjek bolup ýörmeli däl-de, bolmaýan zatlaryň garşysyna bileleşip alaç tapmalymykak diýýän. Gulamaly tirsegine galdy-da, geňirgenip Nuralynyň ýüzüne seretdi. – Hawa, bolmaýan zatlaň garşysyna bileleşip alaç tapmaly. Onsoň handan dynmaň ugruna çykaly diýseňem men bar... Ýöne ilki Azymy halas etjek bolmaly. Men şoň üçin seni gözläp geldim. Agşam Hüseýinem ýanyňa şoň üçin iberdim. Gepleşeris, düşünişeris öýtdüm. Bu gürrüň Gulamala gulagynyň agzynda tüpeň atylandanam beter täsir etdi. Ol Nurala tarap agzyny öweldip ýene-de ep-esli oturdy. Ahyrynam Nuralyny alkymyna baryp çommaldy. – Gep şu gepmidir? – Gep şu gepdir. Bize başga-da ýaran boljak tapylarmy? – Tapylar. Ilde töwekgellik edip öňe düşüp biljek adam tapman ýören köp. Öňe düşüp bilseň, ýaran tapylar. – Ýöne gaty ynamdar adamlar bolsun. Gowy tanamaýanyň ýanynda dil ýarma. – Ondan ýaňa arkaýyn bol. – Senem, menem Hüseýinden habar tutup durmaly borus. Görjek adamyňy görüşdir. Ilki şu töwereklerde üýşüp maslahat ederis. Näwagt, nirede ýygnanmalydygyny Hüseýine özüm habar ederin. Gürleşdikmi? – Gürleşdik. Olar biri-biriniň elini berk gysyşdylar. * * * «Annaberdi işan Mekgeden sag-aman geleniniň şanyna toý berýämiş» diýen habar Ahal etrabynyň hemme ýerine ýaýrady. – Özem at çapdyryp, göreş tutdurjakdyr-la how!.. Aýdym eşidip gulagynyň posuny açasy gelýänlerem barybermelidirler how!.. Her obada şeýdip jar çekdirildi. Ýaşululara bolsa aýratyn çakylykçy iberildi. Ýöne ulyny-kiçini gyzyklandyrýan zat Annaberdi işanyň zyýaratdan sag-aman geleniniň şanyna sadaka bermän, toý edýänligidi. Şu gürrüň çykaýan badyna halkyň arasynda başga-da her hili myş-myşlaram köpeldi. Kimsi: «Işan aganyň üýşmeleňi hem-ä toý, hemem sadakamyş» diýse, başga biri «Uzak ýurtdan gelen, üýtgeşik myhmanlary bamyş. Işan aga şolara türkmeniň däp-dessuryny görkezjek bolýamyş» diýýärdi. Bu gürrüňler bir ýerden Älemiň gulagyna-da ildi. Onsoň ol Gylyjyň ýanyna gelip: – Näderis, atlaryň aýagyny görerismi? – diýdi. – Seň ýadyňa toý düşýär – diýip, Gylyç nägile boldy. Her niçik bolsa-da Gylyjy yrmak Äleme başartdy. Toý çakylygy Gotazlar tiresiniň ýaşulusy Saryja aga-da gelipdi. Özi ýaraw bolmansoň ol toýa görünmegi Söýünala tabşyrdy. Dogrudanam toýuň tutumy uludy. Iki ýerde bagşy aýtdyrylýan bolsa, üç ýerde keçe-keçe oýnalýardy. Işan agalaryň ileri ýüzündäki meýdançanyň bir ýerinde ýaglyga towsulsa, aňyrrakda hiňňildik uçulýardy, göreş tutulýardy. Garaz, toýuň tutulyşy göz üçin edilýän ýalydy. Gylyç bilen Älemiň ýöne aňk bolup ýörşi. Beýle toýa tomaşa etmek olara bu golaýda miýesser bolmandy. At çapyşygam başlandy. Gylyç bilen Älemem ilkinji tapgyrda atlaryny goşdy. Ynha-da atlar pellehanadan gaýtdylar. Olaryň özleriniň keýpsizliginden boldumy ýa-da beýleki atlar has ýüwrük boldumy garaz, Gylyç bilen Älem iliň tozanyna galyp gelýärdi. Pellehana golaýladygyça, her kim atyny has bek gyssamaga başlady. Atlaryň toýnagyndan galýan tozan dik asmana göterilýär. Älemiň gözi töwereginde. Ol çapyp barşyna, Gylyja beýemçileriň ýanyndakylary gözi bilen ümläp, bir zatlar diýdi. Ýöne onuň näme diýýändigini Gylyç aňşyrmady. Atlar pellehanadan daýyrdaşyp geçip gitdiler. Gylyçdyr Älemiň şol gidçişi-gidişi boldy. Olar yzlaryna dolanjagam bolmady. – Näme, şeýder gaýdybererismi? – Dagy nätjek. Iň yzdan gelenlere-de baýrak bardyr öýtseň-ä, ýör, baraly. Älem indi atyny gapdallaşdyryp sürüp ugrady. – Äý, sen görmediň-äý... – Nämäni görmändirin? – Işan agaň gapdalyndaky adamlary. Olar ho-ol arakylar-da, bize dagda duşanlar. Gylyç Älemiň ýüzüne seredibem birsalym ýöredi. Olar toý ýerinden mazaly arany açansoşlar atlaryny idip gitdiler. – Şoň ýaly bir zady bardyr-la. Toýuň tutulyşyny gaty kaşaň gördüm-le. Şagalaňyň iňlisdir türkiýeliň hatyrasyna şeýle uludan tutulandygyny, toýdan soň ýaşulular bilen bolan geňeşde Annaberdi işanyň Türkiýä raýat bolmagy maslahat berendigini, ýöne ýaşulularň bu maslahaty doly unamandygyny Gylyçdyr Älemem eşitdi. * * * Nuraly ahyryn Güljereniňem, Azymyňam galadaky zyndanda saklanýandygyna göz ýetirdi. Onsoň ol Gulamaly dagy bilen maslahat etdi. Gulamalynyň yzyna düşüp gelen adam ýedi dagy bardy. Nuraly olary gowy tanamansoň, öz matlabyny jikme-jik gürrüň berip durmady. Ýene-de iki günden şu ýere ýygnanyşmaly ödilip dagaşyldy. Adamlar dagansoň Nuraly Hüseýindir Gulamala öz maksadyny gürrüň berdi, * * * Abdylla han galanyň gurluşygyna başlady. Galanyň gurluşygynda hanyň gol astyndaky obadarda ýaşaýanlaryň ählisiniň aýry-aýrylykda bölünip berlen ýeri bar. Jan başyna iki gulaç ýeri dikeltmelidi. Eger ýagdaýyň bolsa günlükçi tutunyp, öz paýyňy şoňa saldyrmaga-da ygtyýar edilýärdi. Her adam üçin bölünip berlen ýeri hanyň emeldarlary ölçäp kabul edýär. Hiline berk üns berilýär. Bardy-geldi, bölünip berlen ýeri möhletinde bitirip bilmeseň, pagsaň üstüne geçip süýnäýmeli, başga hiç hili gürrüň bolmaga haky ýok. Hanyň nökerleri üstüňi gömüp başlamaga häzirdir. Halk birbada iki gezek tozdurylýar. Hem-ä gije-gündiz galanyň gurluşygynda mugt işlemeli, hemem salgyt tölemeli. Elbetde, bu ýagdaýlar halkyň etinden geçip, süňňüne ornaýar. Ýöne etjek alajyň näme – buýruk buýrukdy. Nuraly gün gyzyberende hanyň galasyna tarap ýola düşdi. Ýolboýy hanyň hyrsyz ýüzi onuň gözüniň öňünden gitmedi. «Men onuň bilen syr bildirmän gürleşmegi beri başararmykam? Ýogsa-da, gürrüňi nämeden başlasamkam?» Nuraly baranda han galadaky bagyň içinde gezmeläp ýördi. Nurala gözi düşenden onuň ýüzüne dikanlap seretdi. Saglyk-amanlykdan soň hanyň özi habar gatdy. – Görünmediň-le? – Howa salkynlap barýa-da, kepbämi suwadym. Başga-da ownuk-uşak iş tapyldy, han aga. – Şeý diýsene... Olar aşyrlygyna ýöräp ugradylar. – Han aga, size bir zat diýip durmagam birhili welin, şu türkmenleri yzlaryna goýbermän, olardan dynaýan bolsaňyz, gowy bolarmyka diýýän. – O näme üçin? – Aý, olar obalaňňyzyň ýerleşişinem, galaňyzam gördüler-dä... – Ýeri görenlerinde näme? Nuraly sesini çykarmady. Han bolsa çalaja ýylgyrdy. Hanyň özünde-de ilki türkmenler welaýatdan mazaly saýlanansoňlar olaryň atlarydyr pullaryny aldyryp, kellelerini kesdirip, çuňrak dereleriň birine oklatmak hyýaly ýok däldi. Ýöne ölçerip-döküp, bu pikirinden el çekipdi. Onuň türkmenler obalaryna baryp, ýene-de bir gezek maslahatlaşarlar, soň ruslara elgarama bolanlaryndan özlerine raýat bolmak hakdaky teklibe razy bolup, öwrülip gelerler diýen tamasy bardy. Şonuň üçinem ol türkmenleri yzyna goýberipdi. Han bagy synlap barşyna: – Goý, gitsinler, olaň elinden geljek zat bamy? – diýip, hakyky matlabyny Nurala bildirmedi. Olar de ep-esli ýörediler. – Ýogsa-da, indi seň näme etsem-petsemiň bar? Nuraly häliden şu sowalyň berlerine garaşypdy. – Han aga, siz nämäni makul bilseňiz, şoň bilen bolubermesem... Ol gözüniň gytagy bilen hanyň ýüzüne seretdi. Han bolsa nazaryny uzaklara dikdi. – Irde-giçde türkmenlere ar almaga gideňizde, menem alyp gitseňiz... Içimi bir sowatsam... Han Nuralynyň ýüzüne seretdi. – Hm... Şeý diýsene... – Oňa çenli, makul bilseňiz, siziň ýanyragyňyzda bolubermekçi. Türkmenlerden çekinmänem duramok, öýde ýeke bolamsoň. Abdylla han ýodajygyň gyrasyndaky üzümden aldy-da, birnäçe dänesini agzyna atdy. – Öýüňizde kimiň bar? – Hiç kimim ýok, han aga. Mende sizden ýakyn hossar bolmaz. Bir ejem bardy, o pahyram meni türkmenler äkidenlerinde yzymda ýogalypdyr. Han aýak çekdi. – «Bir-ä ýekeden, birem köplükden gork» diýipdirler. Olar gelen ýodalary bilen yzlaryna gaýtdylar. – Haçanam bolsa türkmenlerden arymy alyp berseňiz bolýa. «Ar» sözüni eşidende han ýene-de Nurala çiňerilip seretdi. Sebäbi ar meselesinde Abdylla hanyň türkmenlerden ýaňa içi tütäp durdy. Ol Nuralyny ýene bir gezek boýdan-başa synlady. «Näme-de bolsa, synap bir göreýin. Belki, çynydyr. Bolmanda-da, onuň maňa edip biljek zady näme?» – Näme hünäriň bar? – Hünärim-ä guýy ussasy, han aga. Onsoňam siz näme ýumuş buýursaňyz, şoň bilen bolubermeli bor-da. – Bolýa-da, ertir gel, gürleşeris. * * * Abdylla hanyňam aladasy özüne ýetikdi. Täze galadyr onuň günorta çetinden gurulýan köşgüň gurluşygynyň hossasyny hasap etmäniňde-de, oňa inisi Rzaguly hanyň ýarasy iş bolýardy. Ýara gatybir bitip barmansoň bir ýerde tebip barmyş diýip eşitse, çapar ýollaýardy. Soňky döwürde şa ýurduň demirgazyk serhetlerine aýlanyp başlanmyş diýen habar geleli bäri bolsa, Abdylla hanyň hasam ynjalygy gaçyp, edil oda düşen kebelege döndi. Köne galanyň töweregine serenjam berdirýärdi. Ýollary bejerdýärdi. Şa baran ýeriniň hemme ýerlerine, hatda zyndanlaryna-da aýlanyp görýärmiş diýen habary eşidip bolsa, bendileriň boşadar ýalysyny boşatdy. «Ýeri, Azymy nätmeli? Bardy-geldi şa «Onuň ýazygy näme?» diýip gyzyklanaýsa şonda näme jogap bermeli? Elbetde, Osmanyň ogullarynyň inim Rzagula ok atandyklaryny aýtmaly bolar. A eger-de «Rzaguly hana näme üçin ok atypdyrlar?» diýip gyzyklanaýsa... Aý ýok-la, şa uly ýurtdaky bujagaz ownuk-uşak zatlaryň haýsy biri bilen gyzyklansyn. Näme-de bolsa, gowusy şa gelmänkä çaltrak ondan dynaýyn...» Han öz matlabyny hiç kime duýdurmady. Ol diňe ertesi ir bilen ähli iliň gözüniň öňünde Azymy dardan asmak barada buýruk berdi. Nuraly gala giren badyna bir guwul-çuwullygyň bardygyny aňdy. Ol näderini bilmän, böwrüni diňläp durka, Azymy zyndandan çykaryp alyp ugradylar. Şonda Nuralynyň ýüregi tas agzyndan çykypdy. Onýança-da onuň gulagyna uzakdan bir ýerden jarçynyň sesi gelip ugrady. – Galaň gündogar ýüzündäki depede Azym Osman ogluna jeza berilýändir-le how!.. Jeza berilýän wagty welaýatyň ýerden ýörän ähli ilaty şo ýerde bolmalydyr-la how!.. «Ýeri, indi ber habaryňy...» Nuraly derwezeniň gapdalynda näderini bilmän durdy. Nökerler Azymy onuň duşundan alyp geçdiler. «Aý, Azym dost, Azym dost, indi men näme edip bilerin?.. Seň ykbalyň beýle şum bolaýşyny!» Nuraly daga tarap ýöräp ugrady. Obadan çykylaýan ýerdäki ýorunjalykda gezip ýören alaşanyň duşagyny çözdi-de, özüni onuň üstüne oklady. «Ýeri, gyssagarada Gulamalyny nireden gözlejek? Tapylaýanda-da, indi eliňden geljek zat bamyka?» Bara-barmaşa ýagdaýlary Hüseýine mälim etdi. – Men näme-de bolsa Gulamalyny tapjak bolaýyn. Sen şu töwerekde bol. Hüseýin tiz dolanyp geldi. – Gulamalyny hiç ýerden tapmadym. Nuraly indi gala tarap howlukdy. Ýöne eýýäm giçdi. Boljak iş bolupdy. Şondan soň ol güň ýaly boldy. Ukusy gaçdy. Irkiläýdigi ýylgyryp duran Azym onuň edil başujuna gelip durýar. «Baryna men günäkär. Men... men...» Ol uludan demini alyp ýalpa gözüni açýar. «Indi Güljereniň bir soňuna galaýmaýyn...» Şu pikir beýnisine berk ornan Nuraly galanyň içinde bolan wagtam, girende-çykanda-da zyndanyň saklawy bilen gyzyklanyp ugrady. Zyndanyň bäri ýüzünde ala köpek daňylgy. Aňyrrakda zyndanyň agzyragynda bolsa mydama iki garawul durýar. «Zyndanyň açary kimdekä?» Ol ahyryn açaryň Güljerene göz-gulak bolýan kempirdedigini bildi. «Kempir bilen gürleşip görüläýse nähili borka? Ýeri, nämäni bahana edip açary sorajak? O kempir açar bilen gyzyklanýanyňy hana şugullaýmazmy?» Nuraly pikirlenip köp gezdi, ölçerdi dökdi. Ahyrynam galanyň daş ýüzünden, edil zyndanyň gapdalyndan guýy gazmaly diýen netijä geldi. «Ýöne, guýyny edil şu taýdan gazmaga hany nädip boýun edip borka?» Ol ertesi ir bilen ýene-de hanyň galasyna tarap ýola düşdi. Derwezeden girip barýarka Nuraly öz gözlerine ynanmajak boldy. Edil alkymynda Abdyl kel durdy. Olaryň ikisem biri-biriniň ýüzüne seredişip, aňkaryp galdy. «Hana özüň baradaky otaryp beren ertekileriň ýalandygyny bilmeýändir öýdýäňmi? Men hakda diliňi ýaraýsaň, ähli syryňy ile peçan ederin...» Nuraly ony synlap esli durdy. «Senem diliňe bek bolmasaň, türkmenler bilen çapawulçylyga geleniň şu günki ýaly ýadymdadyr. Hana şony duýduraýdygym başyňda gopjak apy-tupany özüň gowy bilýänsiň. Onsoňam Abdylla hanyň ýanynda men saňa görä ýüzlüräkdirin. Etmişimiz terezä salnyp görlende-de, meňki ýeňilräk geler». Abdyl kel temegini ýokary tutup, galanyň içine girip gitdi. Ol birdenem gaňrylyp Nurala seretdi-de, öz barýan ugrundan çepe – göni ýerzemine bakan ýöräp gitdi. Nuraly derwezeban bilen gürleşen bolup, Abdyl keliň yzyndan garap durdy. Ýöne ala köpek Abdyl keli ýerzeminiň golaýyna eltmedi. Ol nalaç yzyna dolanmaly boldy. * * * Nuraly ahyryn derwezäniň ýokary ýüzünden, köne galanyň edil gündogar gapdalyndan guýy gazyp başlamaga Abdylla handan idin aldy. Guýynyň gazyljak ýeri täze galanyň günbatar tarapydy. Guýynyň ýerini belläp berenlerinden soň Nuraly oturyp, töweregine birlaý göz gezdirdi. Birdenem hopugyp ýerinden turdy. Göwnüne bolmasa, bäş ädim gapdalyndaky köne galanyň diwarlary onuň üstüne ýykylyp barýan ýaly. * * * Saryja aga anna agşamy jan berdi. Ony bütin oba bolup jaýladylar. Gölegçiler gaýdyşyp, öý birneme çolaransoň Gylyç: – Ýeri, agalar, indiki maslahat? – diýip töweregindäkilere ýüzlendi. Gylyjyň sowaly hemmeler üçin düşnüklidi. Ýöne, onda-da birbada hiç kimden ses-seda çykmady. Gylyç agalarynyň ýüzüne birlaý göz gezdirdi. Ahyryn ol gapdalynda oturan, özünden eda ulusy Allala ýüzlendi. – Ýeri, Allaly nädýäs? Allaly morta gürledi. – Abdylla hanly gürrüňi birsalym goý. O bir tanyş ýagy. Güýjüň bolsa ýagyň has ulusy gelýämiş, şoňa görkezmeli. – Güljeren hanyň penjesindekä başga ýagyň pikiriini etmäge neneň eliň degýä? – Gylyç, şu wagt kelläni agyrtmasana! Hanyň Güljereni aňsatlyk bilen bermejegini öz gulagyň bilen eşidipsiň-ä... Hany onsoň, olyryň üstüne çozup alar ýaly nökeriň bamy? Gylyç uludan demini aldy-da, ýerinden turdy. Älemem onuň yzyna düşdi. * * * Güýz düşse-de howanyň yssysy gaty bir egsilip baranok. Bu yssyda zynç ýaly topragy gazmak näçe kynam bolsa, Nuralynyň garader bolup, şol gazyp oturyşy. Kömekçi edilip berkidilen iki ýaş ýigit Nuralynyň toprakdan doldurýan suwluk torbasyny ýokaryk çykaryp, boşadyp, ýene-de yzyna iberýärdi. Olaryň üçüsiniňem eşikleri derden ýaňa sykybermeli. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |