23:02 Oýanmak / taryhy powest | |
OÝANMAK
Taryhy proza
Olaryň deredir jülgeleriň ugruny syryp şol gidip oturyşlary. Ilkibada duýmadygam bolsa ýesiriň aýagynyň agyrysy barha güýjemek bilen. Gapyrgalaryny bolsa eýer owradyp, kül edip barýar. Ol elleridir aýaklary daňylan ýüpi çözjek bolup kän synanyşdy. Ýöne towy ýetirilip, çöpürden işilen ýüp hiç gowşarly däl. Ýene-de ep-esli ýol geçildi. «Ýeri, men nire, ýesir düşme nire? Beýle namysa galandan ölen ýagşy dälmidir?» Indi ýoluň uçudyň gyrasyndan aýlanyp geçýän ýerine ýetilipdi. «Şundan amatly pursat bolarmy – bolmazmy?» Ýesir özüni atyň üstüne kese basyp alyp barýan bilen bilelikde uçuda oklamakçy bolup, bar güýjüni tijäp dyzady. ýöne Abdyl keliň ahmal galjak gümany barmy? Ol ýesiriň hyýalyny derrew aňdy-da, onuň kebzesinden has dözümli basyp gymyldamaga maý bermedi. Şondan soň ýesiriň aýagynyň sorkuldysydyr endamynyň syrkyramasy has-da artan ýaly boldy. Ol gözüni ýumup, dişlerini berk gysdy. «Bolsa-da Rzaguly han bu beladan sypdy. Şoňa-da şükür». Ýesiriň endam-jany zer zaw. Çalaja gobsunjak bolandan onuň gözi Abdyl keliň ýüzüne düşdi. Keliň nikaby syrylan ýüzi ýesire juda tanyş göründi. «Beh, men muny nirede gördümkäm?» Ol kellesini galdyrjak boldy. Ýöne dözümli el ony ýene-de aşak basdy. Alamançylar dagdan inip ugradylar. Dagyň gutaran ýerinden baýyrlyk, soňra bolsa düzlük başlanýar. Günbataryňam düz, gündogaryňam. Gaýrada bolsa düzlügiň aňyrsy Garaguma baryp direýär. * * * Gylyç itiň jabjynyp-jabjynyp üýrýän sesine tisginip gitdi. Ol diňe şondan soň, Älemiňem, özüniňem çaý içip oturan ýerlerinde uklap galandyklaryny duýdy. Gylyç ýerinden zöwwe galdy-da, itiň üýrýän tarapyna seretdi. Görse, Aýyň ýagtysynda iki adamy it alarladyp barýar. Ol Elemi yralamaga durdy. Älem entegem ukusyndan oňly açylybilmän, gözlerini owkalap oturyşyna gyryljyk sesi bilen: – Arslan nämä üýrýär-äý! – diýdi. – Hany, ýör, göreli-le. Olar itiň üýrýän ýerine ylgaşyp gitdiler. Golaýlaşdyklaryça geňirgenişip, ädimlerini gowşatdylar. Sebäbi it näçe jabjynyp dursa-da, onuň ýanyndakylar giderli däldi. Öňräkden ýöräp barýan Gylyç ahyryn saklandy. Onuň şindizem itiň ýanyndakylary saýgaryp bilmän, ikirjiňlenip durşy. Onýança-da Arslan daýaw pyýadalaryň biriniň arkasyna hopba boldy. Ýöne. gursakdan giren ak saply ony çiň-arkan serpdi. It janawar ilkä bäş-üç ýola ysgynsyzja çyňsady, aňyrraga barybam ýere ýazyldy. Garaňkynyň içinde oňly saýgarmasa-da, ite bir zat bolandygyny Gylyç derrew aňdy. Ylgap barşyna ýüzugra tamdyryň başyndaky kesewini aldy-da, aňyrdakylaryň üstüne topuldy. Oslagsyz çykan «Gylyç!» diýen tanyş sese ol bialaç badyny gowşatmaly boldy. Bu ses onuň agasy Çakanyňkydy. Gylyç gahardan ýaňa ýarylaýjak boldy. – Ýeri, bu nätdigiňiz boldy? Arslan näme etdi size?.. – Gylyç jan, görýäň-ä alarladyp barýar-a ol eýesiz... Itiň ýatan ýerine bardy-da, Gylyç aşak oturdy. Barha endamy sowap barýan Arslanyň kellesini sypap oturyşyna onuň gözlerinden ýaş paýrap gitdi. Gylyç birsalymdan haly teňlik bilen gapa ýöneldi. Beýlekilerem onuň yzy bilen gaýtdylar. Gylyç ýorgany başyna çekip sojap ýatyrdy. – Gylyç jan, edil çaga ýaly bolýaň-aý. Heý-de it üçinem bir aglarlarmy? Yzgantda bir tanşymyň ganjygy guzlapdyr. Özem tüýs tohum itiň güjükleri. Geregiň it bolsa şolaň birini hökman getirip bererin. Ýogsa-da sen meň ýumşuma gitmediňmi? Çakandyr Abdyl kel gün ýaşyberende Gylyjyň eline ep-esli pul berip, goňşy obadan tirek getirmegi tabşyrypdylar. – Ýok. – Sen-ä oňarmansyň. Bir ýumuş buýrulanda bitiräýseň gowy bordy-da. Men saňa aýtdym-a, Saryja kakamlaň öýüne özüm göz-gulak borun diýip... Hany, ýogsa-da, Güljeren jigimiz nirede? Bu wagt Gylyjyň gürläsi gelenokdy. Birsalymdan: – Güljereni Söýünalylara ugratdym – diýdi. Şondan soň Çakan kösedir Abdyl kel lapykeçlik bilen turup ugrady. Olar dymşyp gitselerem bu wagt edil biri-biriniň içine girip çykan ýalydy. Abdyl kel: «Ýeri, köse, alamançylyga gitmäge ýoldaş bolsaň, sag-aman dolanyp geldigimiz Güljereni öz elim bilen atyň yzyna mündürip goýbereýin» diýipdiň. Gelelimiz bäri üç gün geçse-de, henizem sözüňde tapylaňok» – diýip, öz ýanyndan içini hümledýärdi. Oňa Çakanyňam jogaby taýýardy: «Görüp dursuň-a ýagdaýlary. Senem derrew ýüregiňi eliňe alyberýäň. Bu gün bolmasa ertir bar, birigün bar. Biraz sabyrlyrak bol ahyryn...» * * * Ýesiriň aýagyna gandal salnyp, onuňam ujy gömme gazyga baglanyp goýlupdy. Gandalyň açaryny bolsa Çakan köse başga hiç kese ynanman, öz jübüsine salypdy. Dagda alamançylar bilen söweşde ýesir düşen ýigit sag aýagynyň üstüne ýykylypdy. Şondan bärem onuň injigi çişip, ýel berlen ýanlyga dönüpdi. Injigiň yzasy ýürege baryp dökülensoň, ol gijesini-gündizini çirim etmän geçirmeli bolýardy. Geleli bärem dişiniň kirinem açanok. Onsoň daýaw göwre barha sykylmak bilen. «Geçä jan gaýgy, gassaba ýag» diýleni-dä, ýesiriň maýyplygy Çakan kösäni oda salýardy. Onuň hyýaly ýesiri Hywa argyşa gidýän kerwenleriň birine satyp, kisesini galňatmakdy. Ýöne entek-entekler onuň bu niýeti başa bararly däl. Maýyp adamy kim başyna ýapsyn? Köse gyssanýardy. Ol aram-aram gelip, ýerdöläniň gapysyndan yşyklap gidýärdi. Ýesiriň sag aýagyny epläp bilmän, gözgyny bolup oturyşyny görübem nalaç yzyna öwrülýär. Soňabaka Kösäň ýüregine betgümanlyk aralaşyp başlady. Göwnüne bolmasa, ýesir jögülik edýän ýalydy. Bir gün Çakan ýesiriň jögülik edýändigine ýa-da çynydygyna ymykly göz ýetirmek üçin ýerdölä tarap ýöneldi. Köse ýerdölä gireninde ýesiriň arkasyny diwara diräp, aýaklaryny uzyn salyp oturyşydy. Ony görenden ýesir ýalt etdi. Ahmyrdan ýaňa petreşýän gözler Kösäň içinden geçerlidi. Köse ýa-ha onuň gözlerinden gorkdy ýa-da bendisiniň özüne beýle seretmegini ýokuş gördi, garaz, ädiginiň burny bilen ýesiriň aýagyna depip goýberdi. Agyry ýürege sanjylan bolara çemeli, ýesir gaşyny çytyp, gözlerini berk ýumdy. Köse ýene-de depdi. Ýesir ap-ak dişlerini berk gysyp, gozganman otyr. Çakan ony birsalym synlap durdy-da, bilindäki pyçagy gynyndan sogurdy. Bendi ahyryn gözüni açdy. Köseleç, ýympyk ýüzli, hyrsyz pyýada ýalaňaç pyçakly alkymynda dursa-da, ol gaty bir äwenok. Çakanyň bolsa şol betgümanlygy. Onuň hyýaly pyçagyň ujuny bendiniň agyryly aýagyna çümdürip görmek. Ol jögülik edýän bolsa pyçagyň yzasyna çydaman aýagyny gozgar öýdýärdi. Pyçagy golaýladandan Kösäň gözi topukdaky çişe düşdi. Daýaw pyçak tene ýetäýmän, balagyň gonjuny dilip goýberdi. Dyzyňam, baldyryňam tutuşlygyna güp ýaly çişdigini görensoň Çakan lapykeçlik bilen çykyp gitdi. Ol öýlänler ýene-de öwrülip geldi. Indi onuň ýanynda bir tebibem bar. Kösäň niýeti tebibe mazaly barladyp, ýesiriň aýagynyň döwülendigini ýa-da ýöne çişendigini anyklamak. Tebip injige elini ýetirip, sypalaşdyryp ugrandan kellesini ýaýkap başlady. Tebibiň bolup oturyşyny görüp, Köse jynlan ýaly bolup çykyp gitdi. «Ýeri, indi ber habaryňy. Ony satyp harçlanjakdyň. Ýöne, olam-a boljak däl. Birhowa neşe puly bolaýarmyka öýdüpdim-dä... Ýogsa-da, Eşmet bege algyň ujundan şuny al diýsem etmezmikä? Aý ýok-la, nan ýagysy boljak maýyby Eşmet başyna ýapsynmy? Onda nätmeli? Muny beýdip saklap ýatandanam-a netije ýok. Ýa-da garaňky düşdügi süýrekläp, ho-ol ilerki gurruklaryň birine oklaýsammykam? Aý ýok, indi olam bolmaz. Wah, şu pikir öňräkden kellä gelse bolmaýarmy? Ynha indi Söýünalam, Saryja kakamam eşidendir. Olaryň muny etdirjek gümany barmy?». Çakan içini hümledip köp ýatdy. Uzyn gije edil gözüne çiş kakylana döndi. Daňa golaý laňňa ýerinden galyp, dik oturdy. «Ýa-da «Saryja kaka, senem bir ýekelli adam. Şonuň üçinem şu ýesiri saňa getirip berdim» diýäýsem nähili borka?» Ýöne, bu teklip bilen ýaşulynyň ýanyna Çakanyň özi baryp bilmez. Indi üç ýyldyr Kösäň ýaşulyň gözüne görnüp bilmän ýörşi. Saryja aganyň kiçi ogly Sadygyň ölüminiň sebäpkärleri Çakan köse bilen Abdyl keldi. ...Olar Gowşut sebitlerinde biriniň gyzyny süýrejek bolupdylar. Keldir Köse obadan arany açyp ugranlarynda kowga gözleri düşüp, gyzy taşlap, aty gamça basdylar. Olar obalaryna barmaga çekinip, kowgyň gözüne çöp atyp, Eýrana çykdylar. Kowgunçylar bolsa olary tanansoňlar göni Durnala gaýtdylar. Şolar bilen bolan çaknyşykda Sadyk heläk boldy. Ep-esli wagtdan öwrülip gelenlerinde bolsa Çakanyň agasy Söýünaly Keldir Kösäň yzlaryna it salyp oba- dan kowdy. Ondan bäri üç ýyl geçdi. Olaryň täzeräk oba dolanyşlary. Söýünaly Çakandan özlerine-de, ile-güne-de abraý ýokdugyny aňýardy. Ol inisinden halys bizaram bolupdy. Ony başy bilen kowup goýbermänem hiç zatça görjek däl, ýöne, ejesiniň gykylygyndan çekinýär. Ejeleri Çakana zat diýilse halanok. Çakanyň gün-güzeran bilenem işi ýok, çagalaryny eklemek bilenem. Hemmesi ejesiniň boýnuna. Ol «Sag-aman gezip ýörse, bolýa» diýýärdi. Gaýtam neşe puly tap diýip azar bermese ondan müňde bir razy. Ejesi şeýdip duransoň, Söýünalynyňam inisine gaty-gaýrym zat diýmäge bogny ysanok. Kösedir Kel oba dolanyp gelenlerinde Saryja aga Söýünalyny ýanyna çagyryp, «Iniň meň gözüme görünmesin. Şony görüp dursam öňküligim boljak däl» diýip, berk tabşyrdy. Kösedir Keliň dek gezjek gumany barmy? Saryja agadyr Söýünaly dagy uzak gumda ýaşaýan bir garyndaşlarynyňka pata gidenlerinde olar obanyň ýaş-ýeleňlerini ýygnap, Eýrana alamançylyga gidipdiler. ...Çakan patadan gelnen günüň ertesi ir bilen agasynyň ýanyna bararman boldy. Ol salam berip, gapydan ätländen Söýünaly esli wagtlap sesini çykarmady. Inisiniň bolsa iç işikde şol gazarylyp durşy. – Näme dikilgazyk ýaly bolup dursuň? Geç-dä geçjek bolsaň. Söýünalyň birden hemleli çykan sesine gap böwürde hamyr ýugrup oturan aýalam tisginip gitdi. Çakan gapyň agzyragyndaky keçäň gyrasyna geçip oturdy. – Haý ýagşy-da bir iş bitiripsiň... Çakanyň sesini çykarman, ýeri dyrmap oturyşy. – Näme habaryň bolsa aýdyp otur! – Aý, hiç-le ýöne... – Seň keýpine gelmeýäniňi bilýän... – Aý, bir gul getiripdik welin, onuňam sag aýagy şikesliräk ekeni... Onsoň... Söýünalynyň şol gözüni alardyp, torsarylyp oturyşy. – Ýeri, onsoňyň näme? – Onsoň... Eger razy bolsa Saryja kakamlara beräýmesek, oň dagy ýarajak zady ýok. Söýünaly ýassygy tirsekläp ýatan ýerinden dikeldi. Inisiniň gözüne jikgerilip ep-esli oturdy-da, tarsa ýerinden galyp, ýerdölä tarap gitdi. Döläniň gapysyndan yşyklap, diwara arkasyny diräp oturan bendini synlady. «Aýagy maýyp bolsa gaçyb-a bilmese gerek...» * * * Näçe gün bäri ýol ýörelensoň endam janynyň syrkyrap duranlygyndanmy ýa-da ýassy uçurlarynda howanyň birden üýtgäp, güýçli ýeliň turmagyndanmy, garaz, Saryja aganyň bu gije ýatyp weji bolmady. Eýlesine agdarylyp bir çykdy, beýlesine agdarylyp bir çykdy. Diňe daňa golaý ymyzgandy. Ýöne uzak ýatyp bilmedi. Golaýda bir ýerde gygyran baýguşuň sesi ony gaty basym ukudan açdy. Ol ýatanda dasynýan ýaglygyny haýdan-haý çözüp, şypyrmasyny geýdi. Soňam egnine çäkmenini ýelbegeý atyndy-da daş çykdy. Ilki ýatakdaky atyna, soňam beýleki mal-garalaryna, ekin-dikinlerine göz gezdirdi. Hemişeler gije-girim daş çykanyndan ýanyna gelip, ýalym-ýulum edip, gysmyljyraýan köpegini ýatlady. «Bu biweçleriň derdinden ite-guşa-da gün ýok-da» diýip, öz ýanyndan Çakan daga käýindi. Ýaşuly mis kündügi alyp, täret kylmaga oturdy. Şobada-da hälki baýguşuň sesi ýene gaýtalandy. Saryja aga täret kylyp bolýança zordan çydap oturdy-da, soňra eline kesek alyp, ýakymsyz sesiň çykýan tarapyna ýöneldi. Ýöne ol kesegi zyňjak bolup çemelenýänçä baýguş uçup gitdi. Saryja aga guşuň yzyndan seredip durşuna «Bä, bu betbagtyň meň öýümiň alkymyna gelip gygyrmasy nämekä?» diýip, içini gepletdi. Birsalymdan ol küdä söýelgi maňňaly eline alyp, ýorunjaly pele tarap ugrady. Ýarygijeki ýelden soňky ýagan ýagşa kirşeni ýuwlan ýorunjalar birgeňsi bulduraşyp otyr. Ýaşuly ýorunjaly peliň bir gyrasyndan gädip ugrandan gazygyň daşynda aýlanyp duran Kepderi çalaja hokrandy. Aýaklary bilen ýer peşäp duran atyň ahyryna bir gujak ýorunja dökülse-de, ot bilen seri bolmady. Saryja aga şondan soň atyny obanyň gündogarsyndan geçýän käriz ýabyň gözbaşyna tarap idip ugrady. Göz- başyň bäri ýanyndaky oluma ýetenindenem Kepderiniň uýanyny sypyrdy, sagrysyny sypalady. Durnaň gözi ýaly dury suwdan mazaly ganansoň Kepderi ýabyň boýundaky çaýyrlardan otlamaga başlady. Saryja aga bolsa gözbaşdan çykýan sowujak suwa eli ii ýuwdy, agzyny çaýkady. Soňra käriz ýabyň gündogar ýüzüne geçdi. Ol iki eli bilen dyzlaryny gujaklap oturyşyna töweregine göz aýlaýardy. Günorta tarapda seri ak bulutlara sepleşip gidýän Köpetdagy, demirgazyk hem gündogar tarapda aňňat-aňňat bolşup oturan guba çägeleri, günbatardaky gamyşlykdyr ýylgyn jeňňelligini ilkinji gezek görýän ýaly, heziller edip synlaýardy. Asmanda toýnuk gurap uçup barýan dur- nalara gözi düşende, onuň kalbyny birhili alasyrmyk duýgular gaplap aldy. Ol durnalar mazaly gözden ýitensoňam ýaşuly pikire batyp, köp oturdy. Garrylygyň barha basmarlaýandygyndanmy ýa-da durnalaryň adam ömrüni ýatladýandygyndan boldumy, ýa-da özüniň bu dünýäden binyşan, perzentsiz gidip barýandygy baradaky gussanyň gursaga agram salmagyndanmy, garaz, ol biraz bozuljak boldy, ejizledi. ...Saryja aganyň çagalary durmazak boldy. Sekiz çagasyndan ikisi adam boldam welin, olaryňam ömri gysga ekeni. Agtyk-çowluk höwesi bilen Saryja aga uly ogly Welini has ir öýerdi. Gyz agtyjagam boldy. Agtyjagy ele tutak bolandan ir ertir, giç agşam mal-garasydyr ekinlerine aýlananda-da, goňşularynyňka gümür-ýamyra çykanda-da ony elinden goýmady. Ýöne bir gezek... ...Diňe bir Kepderiniň hokranany üçin gozganmasa-da gozganmazdy welin, ýöne, item yzly-yzyna gaty-gaty üýrüp duransoň Saryja aganyň ynjalygy gaçdy. Ol donuny egnine atyp, daş çykandan atyň töwereginde gaýmalaşyp ýören iki sany daýaw pyýada gözi kaklyşdy. Olaryň biri itiň kellesine bir zat bilen ýelmändir-dä, janawar gaty-gaty waňkyryp, çyňsap gaçyp gitdi. Saryja aga atynyň töweregindäki gomadaklaşyp ýören adamlara tarap ýöräp ugrady. Kepderi ýüzleri nikaply nätanyşlary golaýyna getirenokdy. Kellesini ikibaka bulaýlaýardy, art aýaklaryna galyp öň aýaklaryny kelemenledýärdi. Aram-aram art aýaklaryny salýardy. Saryja aga golaýyna barandan at ogrularynyň biri onuň bilinden tutup, ho-ol beýläk zyňyp goýberdi. Ýaşuly boguk sesi bilen zordan «Weli!» diýip, gygyrmaga ýarady. Daşarda bir gümert-ýamartlygyň bardygyny aňan Weli atylyp daş çykdy. Ýykylyp ýatanyň kakasydygyny garaňkynyň içinde zordan saýgardy. Onuň «imany» depesine çykypdy. Weli söýget berip, kakasyny dikeldýänçä öýden ýaşulyň kiçi ogly Sadygam çykdy. Kakalarynyň «Kepderi gitdi, Kepderi. Ýeteweriň!» diýenini eşidip, olaryň ikisem ata tarap okduryldylar. At ogrulary eýýäm Kepderiniň tanapyny kesip, ujuny ellerine oramaga ýetişipdiler. Şeýdibem, olar daga tarap tutduryp ugradylar. Weli ylgap barşyna atyň arkasyna ýapylan keçä elini ýetirenem şoldy welin, Kepderini gapdallap barýan atly onuň depesinden gylyjyny inderdi. Yzrakdan ylgap gelýän Sadyk atdan ellibizar geçip, aglamjyrap agasyna tarap topuldy. Şeýdibem Weli dünýäden ötdi. Weliniň gaýyn tarapam bu wakanyň soň ýanynda öz dul galan gyzlaryny alyp gitdiler. Ilki Weliniň, soňam çaknyşykda Sadygyň ölümi Saryja aganyň bilini bükdi. Kiçi oglunyň ölüminden soň dagy ol uzak ýaşarynam öýdenokdy. Ýöne, «Adam başy daşdan gaty» diýleni, ýaşulynyň şol yra-dara gezip ýörşi. Indi haraba ýaly gugaryp galan goşa tamdyr gara öýde Weliniň heniz on dört ýaşynam doldurmadyk gyzy Güljeren bilen Saryja aga ikisi galyberdi. Bu wakalar ýaşulynyň etli-ganly daýaw göwresini kiçeltdi. ...Käriziň gözbaşynda içini hümledip oturan Saryja aga özüniň ömür tanapynyň barha gysgalýandygyny ýene-de bir gezek duýdy. «Ýeri bolýa-da, kysmatdyr-da. Ýöne, ölmänkäm, şu Güljereni abraý bilen ýerleşdirip bilsem...» Gylyçdyr Älem gelmedik bolsa ýaşuly entek-entekler oýdan-pikirden açylarly däldi. – Ata, salawmaleýkim!.. Sag-aman geldiňizmi? – Waleýkimessalam, köşekler! Gurgunmysyňyz? Bar, Älemim, Kepderini alyp gel. Indi birçenem boldy, gaýdalyň! Älem otlap ho-ol aňyrrak giden Kepderä tarap ýönelenden Saryja aganyň gözi Gylyjyň elindäki ýaglyga düşdi. – Ýeri, Gylyç beg, bu eliňdäki ýaglygyň gaty gaba görünýä-le. Nirden gelýäňiz? – Awdan gelýäs, ine, guş tutduk – diýip, Gylyç elindäki ullakan düwünçegi ýerde goýdy. Boýny sogrulan gögerçinlerdir serçelerden ýaňa uly ýaglygyň dört burçy zordan çatylypdy. Saryja aganyň ozaldanam eňşäp duran ýüzi hasam gamaşdy. Oňa guýudan guşuň nähili tutulýandygyny öwretmek gerek däldi. ...Saryja aga dagy oglan wagtlary bir gezek şeýdip, guş tutup ýörkäler obanyň ýaşulularynyň biri göräýýär. Şonda ol: «Beýdip ýörseňiz siz guşlaryň piriniň gaharyny getirersiňiz. Guşlaryň piriniň gahary geldigem ol betbagtlyk inderip başlarmyş. Özem betbagtlyk diňe bir guş tutanlaryň üstünden inmän, bütin obaň üstünden inermiş. Ine, oglanlar eger-de şol betbagtçylyga kaýyl bolsaňyz-a tutuberiň!» diýipdi. Olar şondan soň ýa-ha şol ýaşulynyň gürrüňine berk ynandylar, ýa-da guşlara nebisleri agyrdy, garaz, guýudan guş tutmalaryny çürt-kesik goýdular... Ýaşulynyň şol ýüzüni eňşedip oturyşy. – Ýeri, bu guşlary gyryp näme etjekdiňiz, hä? Bu guşlary gyryp, siz gör, näçe jüýjeleri ýetim goýanyňyzy, höwürtgelerdäki näçe ýumurtgadan jüýje çykmazlygyna sebäp bolanyňyzy bilýäňizmi? Aý inerlerim-ä... Gylyjyň näler: «Näme üçin aw etmek uly adamlara bolýa-da bize bolanok? Bujagaz guşlar dagy nämejik. Meret golak dagy her gezek awdan gelenlerinde dört-bäş sany keýik getirýär. Ýa-da keýigi awlamak bolýa-da, bu guşlary awlamak bolmaýamy?» – diýesi geldi welin, ýöne atasynyň ýüzüne gelip bilmän saklandy. Şondan soň olar üç tirkeş bolup Saryja agalara garap gaýtdylar. Gylyç olardan barha ökje ogurlap, yza galdy-da, obaň günorta-günbatar tarapyndaky şehide garşy tutdurdy. Barybam ýaglygyny şehidiň gapdalynda gögerip oturan bir topbak gyzganyň düýbüne silkdi. Gaýdyp gelende Saryja aganyň ýüzi birneme açylyşypdy. Olar ellerini ýuwup, öýe girip, jaýlaşanlarynda Güljeren bir okara süýdi getirip atasynyň golaýynda goýdy. – Hany, süýşüň ýakynraga... Oglanlar iki aýtdyrman, saçakdyr süýtli okaranyň golaýyna süýşdüler, çüm-süm edibem derrew yza çekildiler. Saryja aga naharyny iýip bolýança ara biraz dymyşlyk düşdi. – Ata diýýän-ä – diýip, Gylyç dymyşlygy bozdy. – Sen birwagtlar Maryda gaty uly-uly kitap saklanylýan ýerler bolupdyr diýýäň welin, näme o kitaplar häzir galmanmy? – Aý, kitap galdymy, zat galdymy. Biziň ýurdumyz bir betbagt ýurt ahyryn. Çala galnyp ugradygy çar tarapdan çozup, talap-tozduryp, ýer bilen ýegsan edilýär. Onsoň olar ýaly ýurtda kitaphana galarmy, ýadygärlik galarmy? Ýogsam, Marydaky şol kitaphanalarda gündogaryň men-men diýen akyldarlary gelip işläp gider ekenler... Güljeren gelip ortada duran oduň sag gapdalynda oturdy-da, çaý demlemek bilen boldy. – Tebigatyň adam ýaly döreden ajaýyp zadam ýokdur, wagşy zadam. Gylyjyň bu wagt: «Ata, sen näme üçin bar günäni iliň üstüne atýaň. Biziň öz halkymyz beýle mysapyr hakyna kaýyl bolýan bolsa, onda näme üçin alamançylyga gidilýär. Ýa-da alamançylyk zorluk bolmaýamy?» diýesi gelýärdi. Ýöne, edil häzir atasyna bu sowaly bermegi uslyp bilmedi. Onsoň ol ýene-de söhbeti öňki gürrüňe ýazdyrmagy makul bildi. – Hywada, Samarkantda ajaýyp-ajaýyp ymaratlar köp diýýärler. Şolar ýaly ýadygärlikler bizde bolmanmy? – Näme bolman, bolandyr. Ýöne aýdýan-a basybalyjylar ýykyp-ýumrupdyrlar, tozdurypdyrlar diýip... Ýaşuly hernä şu zatlar ýadyna düşende uzak geçmişiň awuly tyglary edil ýüregine sanjylýan dek galpyldap başlaýardy. Gylyç: «Onda näme üçin özbeklerdäki ýadygärlikler dur-da, bizdäkiler tozdurylypdyr?» diýip, soramaga çemelenende daşardan Söýünalynyň ardynjyramasy eşidildi. Ýaşuly Gylyjyň taryh, edebiýat, sungat bilen içgin gyzygýanyny bilýärdi. Gylyç ýaşuludaky kitaplaryň baryny öwran-öwran okap çykypdy. Saryja aga Gylyja: «Hywadaky medreseleriň birine okuwa git, hem-ä okarsyň, ylymly-bilimli adamlardan sapak alarsyň, hemem ajaýyp ýadygärlikleri görersiň» – diýip, maslahat bermekçidi. Häzir Söýünaly salam berip içerik girenden ol gürrüňi şundan başlamakçydy. Ýöne Söýünalynyň ýüzüniň hemişekä görä has agrasrakdygyny gördi-de, edil häzir okuw hakda söhbet açmakdan saklandy. Söýünaly gapydan ätländen Gylyçdyr Älem turup ugradylar. Söýünaly Saryja aganyň doganoglany Öwezmämmediň ogullarynyň iň ulusy. Ol keçäň üstüne geçip jaýlaşdy. Söiünaly öz bolup oturyşyny birhili ynjalyksyz gördi. Onsoň ol ýekedyz oturdy. Saglyk-amanlyk soraşyldy. Söýünaly selçeňräk sakgalyny barmaklary bilen daraklap, dymyp otyrdy. Saryja aga ilki gözüniň gytagy bilen Söýünalyny birsalym synlady-da, soňam demli çäýnegi golaýragyna çekip, çaýy gaýtarmaga başlady. Güljeren Söýünala-da çaý getirip, öýden çykyp gitdi. Ýaşuly ep-esli wagt sesini çykarmady. Söýünaly bolsa bu mahal öz getiren habarynyň oňa nähili täsir etjegi barada oýlanýardy. Ýöne onuň hökman aýdylmalydygyna-da gözi ýetikdi. Özi aýtmasa-da bu habaryň ýaşulynyň gulagyna ýetjekdigini bilýärdi. «Nämeden başlamaly?» Söýünaly şu sowala jogap tapman, dodaklaryny müňküldedip köp oturdy. Saryja aga aram-aram gözüniň gytagyny aýlap, Söýünalyny synlaýardy. Onuň bolup oturyşyndan keýpine, salama gelmändigi bildirip durdy Onsoň Söýünalynyň özi dil ýarmasa, sesini çýkarmazlyga saldy. Söýünaly birki gezek ýuwdunjyrady-da, ahyryn «çybanyny» ýardy. – Saryja kaka! Ýaşuly agraslyk bilen käsesini eline alyp birki gezek owurtlady. Söýünaly bolsa oýkanjyrap oturyşyna, ahyryn aýbogdaşyny gurup ornaşdy: – Saryja kaka, oglanlar-a bir iş edipdirler welin... Ýaşuly uly gözlerini Söýünala tarap dikende, ol aşagy ýumakly ýaly arkaýyn oturyp bilmedi. Ýöne, ol nätsin? Boljak iş bolupdy. Söýünaly «ölsem öleýine» salyp, ýüregini bire baglady. – Biz guma gidemizde Çakan dagy Eýrana gidipdirler. «Eýran» sözüni eşidenden Saryja aganyň hasam myrryhy atlandy. Ol galan çaýyny bir tarapa serpip, käsäni oklap goýberdi. Çök düşüp, eglibräk oturyşyna esli wagtlap sesini çykarmady. Bir haýukdan soň: – Ýogsa-da, Seniň batyr inileň bardyr-ow... – diýip, Söýünalynyň ýüzüne seretdi. Söýünaly ýaşulynyň teýeneli sözlerine bada-bat düşündi. – Arada bir çaknyşykda Çakanyň yzgantly tanyşlarynyň biriniň ogly öldürilipdir. Ar almaga gidende bulary şol ýoldaş edinen eken. – Aram bir bahana, olara talaňçylyga giden aga diýerler. Olar şondan soň seslerini çykarman ýene-de birsalym oturdylar. – Bir ýesirem getiren ekenler. Güljeren jigimizem entek ýaş. Onsoň size-de öýdeniçer bolsa zyýany degmezmikä diýýän. Razy bolsaňyz size beräýmekçi. Ýöne ýesiriň aýagy biraz şikesliräk... Ýaşuly sakgalynyň ujuny dişläp dommarylyp oturyşyna ahyry: – Adamlaryň äjit-mäjide öwrülip, biri-birini iýip başlajak zamany gelip ýör öýdýän – diýdi. – Saryja kaka, o diýýäniň ras-la. Ýöne boljak iş bolupdyr-da... Nätjek... Ýaşuly ähli zadyň iki tarapynyň bardygy – bir kişä ýagşylyk etseň ýagşylygyň, ýamanlyk etseňem ýamanlygyň hökman özüne gaýdyp geljekdigi barada pikir öwürýärdi. «Eýranlylaram «hä» diýmän geläýseler gerek... Tenini bilýän adam büçe namysyň aşagynda galyp uzak oturyb-a bilmez. Aryny aljak bolar. Onsoňam Eýranyň bärki obalarynyň hany Abdylla han gaty özüne göwni ýetýän hanmyş diýýärler. Hä, gapyl galaýmasak ýagşydyr-ow hernä... Gapyl galman näme, siziňkiler çozanda olara duýduryp çozupmydylar diýsene... Ine, şular ýaly biderek adamlaryň günäsiniň oduna ýan-da ýör şeýtde... Eý, dünýe, dünýe...» Söýünaly ýene-de birsalym oturdy. Ahyrynam ýaşuludan anyk jogap alyp bilmänsoň turmak bilen boldy. Saryja aga uzak gijäni pikir edip geçirdi. «Göwnüme bolmasa, kezzaplardyr messepsizleriň, aldawçylardyr bigaýratlaryň sany artyp, adamkärçilik, mertlik ýaly belent mertebeler azalyp barýan ýaly. Ýöne başa gelenini görübermekden başga etjek alajyň näme?» Ol ýagşyň şybyrdysyny diňläp ýatyşyna daňa golaý irkildi. Ertesi Gylyç, Älem hemem Güljeren üçüsini daşyna ýygnap, elindäki kitaba seredip, bir zatlary düşündirip otyrka, Söýünaly ýene-de geldi. Her kimiň bar ünsi kitapda bolansoň onuň gapa gelip durany hem duýulmady. Saryja aganyň bulary daşyna üýşürip, kitap okap berip oturanyny ýa-da bolmasa hat ýazmagy öwredip oturanyny görende Söýünalynyň her gezek «Gylyçdyr Äleme-hä bolýaram welin, Güljerene okuw nämä gerek?» diýesi gelýärdi. Ýöne Saryja aganyň: «Okuw diýip bir ýere iberemok. Oňardygymdan özüm ders berýän. Onsoňam öz başym dikkä bu zatlaryň aladasy ile galmandyr» diýäýmeginden çekinip saklanýardy. Söýünaly gapyň agzynda gazarylyp durşuna ahyryn ardynjyrap gelenini duýdurdy. Saryja aga Söýünala gözi düşenden elindäki kitabyny gapdalda goýdy. – Giriber... Saryja aga: «Bulaň ýesir diýýäni nähili adamka? Ýa-da baryp göräýsemmikäm? Belki-de, bir adam ysly ynsan bolsun-da. Ýogsa-da men birden haýal-ýagallyga salsam, ony bir zandyýamana satyp goýberibermesinler...» diýip, içini gepletdi. Ol çagalaryň hersini bir ýumuş bilen ugratdy-da, Söýünala ýesiri getirmegi buýurdy. – Ony sen maňa agşamam aýdypdyň – diýip, ýaşuly bürgüt nazaryny Söýünala tarap aýlady. * * * Ozalam sähel gymyldyny garalla bilýän ýesir ýolboýy keýtikläp gaýtdy. Çagalara bu wagt başga tomaşa gerek däl. Kimsi köçäň gyrasyna gelip, ýesiri tä duşundan geçýänçä synlaýardy, kimsi onuň yzyna düşüp gelýärdi. Guluň bolsa eli-aýagy daňylan zynjyryň sesine diňşirgäp, käwagtam bir töweregine ýalta garap, şol gidip barşy. Onuň öňräginden Çakan köse, gabat yzyndan bolsa Abdyl kel ýöräp gelýärdi. Kel ýesire lak atyp, her zat diýip çykýar, aram-aram aýagyny keýtikledip, oňa öýkünýär. Abdyl batnyksyzlygyny edip, gapdalragyna gelende ýesir oňa tarap ýiti seretdi. «Be, bu ýene-de şol-aý... Sesem bir tanyş ses... Men oňa ozal nirede sataşdymkam?» Ýesir ýigit Abdyly hakydasyna getirip bilmedi. Kelem ýa-ha ýesiri tanady, ýa-da Saryja agalaryň öýlerine golaýlanlaryndan soň ondan çekindi, garaz, weji bolmady. Köse ikisi ýuwaş-ýuwaşdan ökje ogurlap ugradylar. Söýünaly ýesiriň zynjyrynyň ujuny Saryja agalaryň ýerdölesiniň burçundaky gazyga daňyp goýdy. Ýüzi-gözi kokuşyp soýuk-soýuk bolan, hemem sakgala basdyran daýaw pyýada ýerdöläniň diwaryna arkasyny diräp, gözüni ýumdy. Özüniň ýesir düşüşini, edil bir süýji düýş ýaly bolup galan şol gijäni ýatlady. «Bolsa-da Rzaguly han sypdy, şoňa-da şükür. Ýeri, ol ele düşäýen bolsa şonda näderdik?..» ...Bu welaýatyň hanyna Abdylla han diýerdiler. Ýöne, welaýat uly bolansoň her obada onuň iň ýakyn adamlaryndan dikmesi bardy. Ol bu oba hanlyk etmegi inisi Rzagula tabşyrypdy. Rzaguly han bu wagt nökerleri bilen awdan gelýärdi. Birden gaýa tarapdan atylan ok hanyň surudan tikilen çürrüjek telpegini gaýdyryp goýberdi. Nuraly tüpeň sesi çykan tarapa eýýäm atmaga ýetişipdi. Şobada-da gaýanyň bilräginden bir göwre togalanyp aşak gaýtdy. «Be, bu nämäniň alamatyka? Hana tarap ýarag çenemäge het edip biljek kim bolup biler?» Nuraly ine, şu sowallara jogap tapyp bilmän kösenýärdi. Çep egninden ok degip, gany zogdurylyp duran ýaş ýigit daşlaryň arasynda towlanyp ýatyrdy. Az salymdan onuň endam-jany ýaradan akýan gana boýaldy. Daşlara degip çapylan dodagydyr çep gözüniň üsti güp ýaly çişdi. Duluklarydyr maňlaýam gan öýüp soýuk-soýuk bolupdy. Alaň-açyk ýerde uzak durmaga çekindimi-nämemi hanam atyny nökerlere tarap sürdi. Nökerleriň biri ýaralyň depesinden gylyjyny indermekçi bolanda han: – Saklan! – diýip gygyrdy. – Ýeke özi ekenmi? – Şeýle bolara çemeli. Şundan başga gözümize ilen bolmady. Irişmesini çeýnäp, bir ýerde durup bilmeýän atyň üstünde oturan hanyň ynjalygy gaçdy. – Onam alyp ýörüň, çaltrak! Nuraly ýaralyny nökerleriň biriniň öňüne keseligine bereninden soň, olar atlaryny gorgunladyp gitdiler. «Kim bolup bilerkä?» Hanyň ähli keýpine sogan dograldy. «Be, ok atmag-a beýle-de dursun, maňa gözi düşen adamlaryň öňümden kese geçmäge-de milti ýokdur-la... Dünýeler üýtgäp ýör öýdýän. Kimkä beýle töwekgel kişi?» Rzaguly han yzrakdan atyny ýorgaladyp gelýän Nurala gözüni ümledi. Yşarat edilerine mähetdel Nuraly derrew atyny hanyň aty bilen deňledi. Han oňa ýaralyny görkezdi. – Tanaýaňmy kimlerdendir? Nuraly ýigdekçäniň kimlerdendigini aýdanda, Rzaguly hanyň ýüzi üýtgäp gitdi, ýarala ýaňadandan gözüni aýlady, hasam keýpi gaçdy, murty süllerdi. Hanyň ozalky hyýaly öýe baryp mazaly dem-dynjyn alansoň düýnki getirden ýaşajyk zenanyň goýnuna girmekdi. Ol awda-da uzyn gününi şol süýji arzuwlaryň girdabyna çümüp geçiripdi. Ynha, indem onuň ähli arzuwlary puç boldy. Bu ýigdekçe şol gyzyň dogan bolup çykdy. Indi hanyň ýüreginiň töründe ar almak, onda-da ile göz edip ar almak hyjuwy möwç urdy. Ine, ol şu oýlaryň deňzine gark bolup barýarka, uzakdan oba-da göründi. Hana ok atanyň ýeke däldigi bellidi. Onsoň han bu habar oba ýaýraýmanka ähli zadyň magadyna ýetmekçi boldy. Şu niýet bilenem Nuralynyň ýanyna bäş sany nökeri goşdy-da, ýigdekçäniň öýlerinden habar tutmagy buýurdy. Nuraly dagy gaty çalasyn yzlaryna öwrülip geldi. Olar ýigdekçäniň agalarydyr doganoglanynyň awa diýip ertirki gidişleridigini, öýlerinde bolsa garry atasydyr aýal, oglan-uşaklardan başga hiç kimiň ýokdugyny aýtdylar. Näme etmeli? Rzaguly han özüne edilen bu hyýanaty şunlugyna galdyryp bilmez. Gyzyň hossarlarynyň erkek göbeklileriniň ählisiniň kellesini kesdirer, aýal, oglan-uşaklary bolsa it masgarasy edip obadan kowar. Ýigdekçäniň özüni bolsa häzirlikçe ýalaňaçlap, çygar çybyk bilen ýençmegi, soňundanam bokurdagyna çenli derse gömmegi Nurala tabşyrdy. Nuraly diýlişindenem beter etdi. Ýenjileniň göwresi tultuk suw bolup, usurgap ýatyrdy. Ony çukura sallap, bokurdagyna çenli gömýänçäler iňrik mazaly garaldy. Dört nökeri oňa saklaw goýup, Nuraly oba gaýtdy. Nökerleriň bolýan jaýynda Nuraly dagy ýaňy nahary öňlerine alan batlaryna ony hanyň ýanyna çagyrdylar. Han kesgitli gepledi. – Nuraly, o zenan seňki bolar. «...Be, han agamyzyň bu näme etdigikä? Gyzy ol özi üçin getiripdi ahyryn... Ýa-da dogrudanam ony şu günki waka eýmendiräýdimikä?..» Nuraly daňa golaý ýuwaşlyk bilen ýoldaşlaryndan sogruldy-da, iň çetki jaýa tarap ýöneldi. Ol gapydan ätläninden gara togalak aýal ortarada düşek ýazdy-da, ýüzüni tutup, burça gysylyp oturan ýaşajyk gyzdyr Nuralyny ikiçäk goýup, çykyp gitdi. Söýe bilen boýuny deňeşdirýän ýaly bolup, sömelip duran Nuraly ümezläp duran gözlerini ilki düşege, soňam tutulyp getirilen keýik owlagy ýaly bolup oturan gyza tarap öwürdi. Birdenem entirekläp oňa tarap ýöräp ugrady. Aňyrsyny bakyp, ýüzüni tutup, oturan gyzyň gözi özüne tarap ýetip gelýän äpet göwrä düşenden ýüregi ýarylan ýaly jynssyz gygyrdy. Nuraly yraň-daraň edip gyza has golaýlady. Gyzyň çepiksije göwresi, görmegeýje ýüzi Nuralyny barha imrikdirýärdi. Ýöne nirededir bir ýerde itleriň üýrüşýän sesleri, at aýaklarynyň dükürdisi Nuralyny tisgindirdi. Daşardan eşidilen goh-galmagal soňra bolsa «Atlanyň!» diýen ses ony bir demde aýňalmaga mejbur etdi. Ýaňky gygyran Rzaguly hanyň özüdi. Nuraly hasyr-husur geýnip daş çykanda ýoldaşlarynyň eýýäm atlaryny ýüzin saldyryp barýandygyny gördi. Onsoň olam atlandy-da atynyň jylawyny şo tarapa öwürdi. Aladaňdanky bu başagaýlyk alamançylyga gelen türkmenleriň döreden başagaýlygydy. Obadan mazaly saýlananlarynda kowgy olaryň yzlaryndan ýetipdi. Nuraly olara ana, şol ýerde-de ýesir düşüpdi... «...Rzaguly han yzymdan hökman gelip, meni boşadar. Şonda türkmenlere göz görkezişime bir seret...» * * * Bu ýyl tomus ir düşerli. Çünki baharyň soňaldysynda epgek öwsüp başlansoň oňly boý alyp bilmedik otlar gurapdy. Gün ýaşansoňam howa wagty bilen salkynlaman, şol bir petişligine durýar. Mallaryň toýnaklaryndan galýan tozanlaryň uzak wagtlap, asmanda asyl-asyl bolup durmagy howany hasam içgysgynç görkezýär. Saryja aga ikindi boluberende mallara ot berip, peliň üstünde çommaldy. Ol mis tabak dek lowurdap duran mähirli Günüň daga dulanyşyny synlady, soňam ep-esli wagtlap gyzaryp duran şapaga seretdi. Şapak ýaşandan soň ol öý işleri bilen gara başyna gaý bolup ýören agtygy Güljerene nazar aýlady. Güljeren baggoýunlaryna iým berip, käriz ýapdan suw getirdi. Sagylaryna mähetdel bolup molap duran sygyrlaryny sagdy. Ojakda süýdi atarýança düýe-de örüden geldi. Enesine gözi düşenden uzyn sözenden dikilen gazygyň daşynda aýlanyp duran köşejik zaryn-zaryn bozlady. Köşejik nogtasynyň ujunyň gazykdan sypdyrylaryna mähetdel, patanaklapjyk enesine tarap eňdi. Güljeren ojakdaky süýdüň aşagyna bir bölek çüýrük ýandak salyp, öýe girdi. Ol süýt kädä suw çalyp çykýança düýe eýýäm iýdiripdi. – Ata, köşegi çeksene... Güljeren ýaňy on dördüni dolduryp, on bäşine aýak basypdy. Indi ol atasy ikisi iýer ýaly nahar bişirip bilýär, kirlerini ýuwýar. Düýeleridir sygyrlaryny sagmagam öwrendi. Garaz, öý işleriniň galapynyna özi hötde: gelýär. Saryja aga agtygyny synlap oturyşyna ýuwaŞlyk bilen ýerinden gobsundy. Ol enesinden aýrylmajak bolup, aslyşyp duran köşejigiň nogtasyndan tutup, ujundaky halkany beýleräkdäki gazyga ildirdi. Agtygy düýäni sagyp bolup, ojakdaky bişip duran süýdi düşürýänçä garaňky mazaly gatlyşdy. Ýaşuly şondan soň çybşyldap, mal ýatagynyň gaýra ýüzündäki ýerdölä tarap ugrady. Barybam gapynyň jaýrygyndan yşyklap gördi. Ýöne garaňkynyň içinde saýgaran zady bolmady. Onsoň ol yzyna dolandy-da, tekjedäki duran ýagçyrany otlady. Işigiň çep gapdalynda dikilgi duran dagdan agajyndan asylgy duran açary tapyp alandan soň çyrany öçürdi. Öýden çykyp ýene-de ýesirli dölä tarap ýöredi. Eli bilen sermeşdirip, gapynyň gulpuny açdy-da, içerik ätledi. Şobada-da bir dymyljyk ys onuň hapba burnuna urdy. Ol hiç zada üns bermän, ýany bilen alyp gelen ýagçyrasyny otlady. Çyra ölügsije bolsa-da darajyk ýerdöläniň içini ýagtyltdy. Ýesir döläniň bir burçunda sag aýagyny epläp bilmän çep dyzyny gujaklap otyr. Onuň içiňden geçip barýan gözlerine gözi düşeninden Saryja aga birbada üýşenmänem durmady. Ýesir aňyrsyny bakdy. Onuň elýeterinde goýlan saçagyň şol durşy-durşy. Diwara urlup kül-uşak bolan çäýnekdir käsä gözi düşeninden bolsa ýaşuly hasam geň galdy. «Bä, bu nätöwra adamka?..» Saryja aga ýesiri synlap ýene-de ep-esli durdy, Daýaw pyýada diýseň buýsançly. görünýär. Onuň şol aňyrsyny bakyp, ýüzüni aşak salyp oturyşy. Ýaşuly näderini bilmän, ýaýdanyp köp durdy. Ahyry ýesir ýalt edip bärsine bakdy. Onuň bu wagtky bolup oturyşy, janagyryly seredişi, durky bilen gazaba öwrülen göwresi ýaraly gaplaňa çalym edýär. Onuň gözlerine çyranyň şöhlesi düşüp, hasam eýmenç görünýär. Ýaşuly çep elindäki çyrany öňe uzadyp, agyryly aýagy görjek bolanda zynjyrlaryň şakyrdysy onuň howuny basdy. Saryja aga tisginip, ýesiriň ýüzüne seretdi. Iki jübüt göz biri-birine seredişip birsalym durdy. Ýaşuly aşak egilmekçi bolandan, ýesir ony kellesi bilen süsüp goýberdi. Saryja aganyň elinden sypyp, diwara degen ýagçyra pagşyldap, kül-uşak boldy. Ýaşulynyň özem ho-ol beýläk zyňlyp düşdi. – Aý, bidöwlet diýsäni, sen-ä oňarmadyň-ow!.. Şondan soň garaňkynyň içinde ep-esli wagtlap olaryň hiç haýsyndan ses-üýn çykmady. – Ýagşylyga ýamanlyk diýleni-dä! Aý, jähennem bolsana... Saryja aga hüňürdäp gapa tarap ugrady. Ýesir bolsa öz ýanyndan dişini gyjaýardy. «...Sag-aman Rzaguly han gelip boşadaýdygy bolýar, siziň ýurduňyzy başyňyza ýumraryn... Dogrudanam han mamla ekeni... Eger wagtynda depelerinde gylyç döwüp bulary bakna eden bolsadyk, bu sütemler görülmese-de görülmezdi... Gylyjyň sapyna erkiň ýetýärkä, berkräk tutmany başarmasaň boljagyň şudur. Sag-aman şu ýerden başymy alyp çykaýsam bolýar. Ýogsa-da, han agamyzyň ýagdaýy nähilikä? Galanynyň bir zady bor-la, şo bir sag-aman aýak üstüne galsa...» Ýaşuly dolanyp, şol peläkediň ýanyna barmazlyga şert edip yzyna dolandy. Ýöne wagt geçdigiçe onuň ynjalygy gaçmak bilen boldy. «O bedibagt birden ajyndan heläk bolaýmasa ýagşydyr...» Saryja aga ertesi gün gyzyberende ýene-de geldi. Ol ýesiriň ösgün gara sakgalyny, horugan ýüzüni synlap, ep-esli durdy. Ýaşuly: «Ene-de näme etseň göreli» diýen terzde ýesiriň golaýjagyna baryp jaýlaşdy. Ýesir gozganjak ýaly etdi-de, gözüni alartdy. – Otursana! «Ýagşylyk bilmez» diýlenini etjek bolma-da. Şu adamlardan ýamanlygyň çykmajagyny bilmeli ahyryn sen. Ýaşuly emaý bilen ýesiriň balagynyň agyryly aýakdaky gonjuny ýokarlygyna syrdy. Injikdir dyzdaky güp ýaly çişe gözi düşeninden, onuň ýüzi üýtgäp gitdi. Ol topukdan başlap, tä dyza çenli elleşdirip gördi. Injik süňküniň döwülendigine mazaly gözüni ýetirenden soň çalaja kellesini ýaýkady. Şondan soň ol çykyp gitdi-de, salym geçmänkä ep-esli ýumurtgany, mata bölegini hem-de uzynja-uzynja ýasyja agaçlary alyp geldi. Ilki bilen matany ýere ýazdy-da, üstüne ýumurtga çakdy. Soňra bolsa ýesiriň uzadyp oturan aýagynyň çişli ýerlerini ýalaňaçlady-da, sypalaşdyrdy. Birdenem aýagy özüne tarap batly çekdi-de, çalaja gaňryp goýberdi. Aýagynyň agyrysy baryp ýüregine sanjylan ýesir ýüzüni çytdy, çalarak iňledi. – Häzir... Häzir... Saryja aga hasyr-husur üstüne ýumurtga çakylan matany çişiň üstüne ýapdy-da, ýaglyk-bilen orady. Yzyndanam ýasyja agaçlary dyzyň daş-töweregine goýuşdyrdy-da, ýüpjagaz bilen mäkäm sarady. – Emiň-ýomuň şo bolgaý-da hernä. Ol içinden ýene-de birtopar zatlary pyşyrdap ýerinden turdy. Agtygy çaýyny demläp öňünde goýanda Saryja aga dagyň kybla tarapyna tiňkesini dikip otyrdy. Ol bu wagt asmandan täze dogan Aýy gözleýär. Ýöne kütelişen gözlere ilen zat bolmady. Ol çaýy gaýtaryp bolandan soň biline guşanan ullakan ýaglygyny çözüp, çäýnegi basyrdy. – Gyzym, bir gyzgynjak naharam edeweri – diýip, ol ýene-de nazaryny kybla tarap öwürdi. Güljeren atasyna seredip köp durdy. Sebäbi hemişe atasy: «Ýatar garna ýagly-ýüzli iýseň siňmezek bolýa» diýip, çöregi agaran ýa-da süýt bilen iýerdi. Güljeren gazarylyp durmagy birhiliräk görüp, bişen süýdi çanaga guýdy. Süýtden boşan gazany bolsa ojakda ataryp, nahar bişirmek bilen boldy. Ahyryn ýaşulynyň gözi täze dogan Aýa düşdi. Ol Aýy ýüzüne syldy. Çor- ba bişýänçä töwerekden iliň aýagy ýygnanypdy. – Ata, çörek dograýynmy, ýa-da?... Saryja aga çaýynyň soňuny käsesine sarkyrdy. – Hany, içerden ýene-de bir keçe çykar. Nahary guýmaly bolanda, özüm aýdaryn... «Be, atamyň näme hyýaly barka?» Ýaşuly eline çyrany alyp, ýerdölä tarap ugrady. Keçe çykarmak üçin işigiň agzyna baran Güljeren atasynyň ýerdölä girip gidenini görüp, aňk bolup galdy. Ýesiriň aýagynyň agyrylary birneme egsilen bolma- ga çemeli, Saryja aganyň gözüne ol birhili irkilen ýaly bolup göründi. Telim gün bäri güýçli yzadan ýaňa süňňi lerzana gelen ýesir dogrudanam ymyzganypdy. ...Ynha, onuň gözüniň öňünde hanyň galasyndaky şo-ol çepiksije gyz sazanaklap dur. Lebleri dagysam tep-terje. Bili diýseň, bir gysym. Ol naçaryň ýürejiginiň gürsüldisem ýesir ýigidiň gulagyna gelip dur. Ynha, ol gyzy garbap alyp, gujagyna gysýa-da, ýazylgy düşegiň üstüne geçýär... Ýerdöläniň gapysynyň şakyrdysyna ýesir ýalpa gözüni açdy. «Arkaýyn düýş görmäge-de goýanoklar...» Ýaşuly çyrany ýerdöläniň bir burçunda goýdy-da, gandalyň açaryny alyp, ýesire tarap ýöneldi. «Indi nähili hokga çykarmakçyka bular? Ýogsa-da, näme üçin her gezek şu ýaşuly gelip durka?» Saryja aga ykjamrak oturyp, açary gandala ýetireninden ýesir silkip goýberdi. Ýaşulyň telpeg-ä beýläk zyňlyp düşdi, özem gapdala ýykyldy. Ol ýerinden gozganjagam bolman, bendisine tarap seredip ep-esli ýatdy. – Aý, bidöwled-ä... Gandalyň ujuna dakylan zynjyryň bat bilen degen ýerleri jyzlap, ýaşulynyň elleri awuşamaga başlady. Ol emaý bilen elini ýere diräp, dikeldi. Onuň sakgalynyň titir-titir edip durşy. Soňabaka bütin göwre saňňylda öwrüldi. Ýesire tarap seredip oturyşyna, oňa nebsi agyrýardy. Ýaşuly süýşenekläp diýen ýaly ýene-de onuň alkymyna dykylyp bardy. Ol çommalyp oturdy-da, ýeňlerini çyzgady. Iki goşaryndaky gandalyň kertip, tagma eden ýerini ýesire görkezdi. – Ine, görýäňmi? Menem bir wagt edil seň ýaly bendi bolup görüpdim... ...Ol wagtlar Saryja aga bolaýsa on iki, on üç ýaşlaryndakyja oglandy. Hywa hanynyň çapawulçylary Kesearkajy taladylar: adamlary ýesir alyp, mallary sürdüler. Şeýdibem olary niredesiň Hywa diýip alyp gitdiler. Aýal-oglan-uşaklaryň aglaşýan seslerinden, at aýaklarynyň dükürdisinden, mäleşýän, molaşýan, bozlaşýan mallaryň gopgunyndan ýaňa çöl ýöne uly orlaşyk. At aýaklarydyr dowarlaryň toýnagyndan galýan tozan bolsa bu betbagtlygyň kölegesi ýaly bolup, asmana göterilýär. Saryja dagy bu ýygnyň çeträginden barýar. Horkuldap, sojap ýöräp barşyna ol, öz egnine elini goýup barýan aýal: – Bolaweri köşek, yza galmaweri! – diýensoň, özüniň bosgunlardan ep-esli yza galandygyny aňdy. Onýança-da, ýygnyň öňräginden barýan hyrsyz nökerleriň biri atyny yza öwrüp, göni olara tarap gaýtdy. Gele-gelmäşe-de çalgyrdrak dilde bir zat, bir zat diýip, gamçysyny indermäge durdy. Saryja gözüni ýumup ýegşerilip durşuna, gerşini gamçynyň çawlap başlaryna garaşýardy. Ýöne gamçynyň şuwwuldysy eşidilse-de, oňa gelip degenok. Saryja nökere tarap seredip bilmän durşuna, ahyryn ýüzüni galdyrdy. Görse, şol gartaň aýal onuň üstüne gerlip gamça öz arkasyny tutuberip dur. Ahyryn nökerem irendir-dä, hüňürdäp, sögünip, atynyň başyny aňyrlygyna öwürdi. – Köşek, gaýrat et. Bular aýakbagy bolany ýeke oka tabşyraýmanam hiç zatça görmezler. Özüne hossar çykylanyna bozulan Saryjanyň gözlerinden biygtyýar ýaş paýrap gitdi. Gartaň aýal Saryjanyň elinden tutup, ony ýygnyň yzyndan ýetirdi. Olar ep-esli ýörediler. – Kimiň bardyr, köşegim öýňüzde? – Ejem... – Wah, wah, käbäm yzymda bozlap galdy diýsene... Ol aýal uludan demini aldy. – Ejem ýaranokdy. – Başga kimiň bar? – Kakamyň doganlary, doganoglanlary... – Hm-m... Şondan soň olar edil eneli-ogul ýaly ýatsalar-tursalar bir ýerräkde boldular. Ine, şeýdip çölüň içi bilen ençeme gün ýol sökülenden soň, ahyry uzakdan belent-belent ymaratlar, gümmezli binalar, çar baglar görnüp başlady. – Köşek, başymyzda ne külpetleriň bardygy belli däl. Ýöne, sen bir zady welin berk bellegin – Watany unutmagyn. Watan Watan bolýandyr. Bize-hä indi öwrülip barmak nesip edermi etmezmi, belli däl, Ýöne sen welin, diri gezip ýörseň, ýatsaň-tursaň bar küýüň-köçäň ýurduňa gaýdyp barmak bolmalydyr. Ol aýal Saryjanyň ýüzüne dikanlap seretdi. – Eger-de, azda-kände ynsanlyk duýgyň bar bolsa halkyňa edilen bu sütemleri, görkezilen jebir-jepalary, dökülen nähak ganlary unutmaly dälsiň... Ar almalysyň köşek, ar... Olary Hywa eltip, şäheriň çeträgindäki bir köneje gala dykdylar. Ertesi bolsa gul bazary başlandy. Galanyň içi ýöne, ala-zenzele bolup dur. Ýesirleri topar-topar edip äkidip ugransoňlar, goh-galmagal hasam artdy. Ýolda birek-birege höwrügişen adamlar her-hili süteme kaýyl bolsalaram aýrylyşmany gaty ýokuş görýär. ýöne ýesir ýesir bolýar, olaryň gepini gara şaýa alýan barmy. Gul satyn alýan adam kimi söýlese, bahasyny töläp alyp gidýär. Saryjany hemem ýene-de dört sany ýaňy işe ýarap ugran ýaş oglany bir özbek baýy satyn alyp, galadan çykyp ugrady. Şonda Saryja-da öz enekesinden aýrylyşmajak bolup, baý, bagyryp-da... Ýöne, etjek alajyň ýok, baýyň nökerleri derrew ýesirleriň eline-aýagyna gandal salyp, idirdedip alyp ugradylar. Olary bazardan getirişlerine bir saraýa dykdylar, ertesem işe çykardylar. Hojaýyn özüne diýseň uly köşk saldyrýardy. Gurluşygyň gyzan wagty edil «Ere gurt düşen» ýaly, ýöne mygylly bolup dur. Adam näçe känem bolsa olaryň hersiniň etmeli işi belli. Saryja daga tabşyrylan iş jykyr bilen kerpiç daşamak. Olary daň agarandan tä iňrik mazaly garalýança işledýärdiler. Saryja iş hasam agyr degýär. Ozal munuň ýaly şatyny görmedik çaga sütüni süýnüp, surnugyp, zordan agşama ýetýär. Ol bu jebirden dynmak barada näçe oýlansa-da hiç-hili çykalga tapman, içini hümledip gezip ýör. Gaçmak hakynda-ha asla pikirem eder ýaly däl. Birinjiden olary nökerler gözleriniň astyndan hiç sypdyranoklar. Ikinjidenem bu ýat ýurtda gaçyp niräk gitdi. «Ýok, näme-de bolsa synanyp görmeli. Ýöne, haçan, nädip?» Ine, şeýle oýlara gümra bolup ýörkä bir gün baýyň nökerleri gelip, Saryjany alyp gitdiler-de ony bir jaýa getirdiler. Açlykdan-horlukdan ýaňa garört bolan ýigdekçe aýagynyň üstünde zordan saklanýar. Onuň başy aýlanyp, gözleri garaňkyrap, göýä ýer durşuna goduklap duran ýaly. Ol birden aýňalyp özüne gelende gözlerine ynanmajak boldy. Sebäbi onuň edil öň ýanynda duran ejesidi. Olam birbada ogluny tanamadyk bolarly, ilki biraz saklandy-da, Saryja topuldy. Ejesine gözi düşenden kalbyna ejizlik aralaşyp, şondan boldumy ýa-da endam-jany durşy bilen syrkyraşyp duransoň ysgynsyz aýaklar diýen etmedimi, garaz, bu wagt onuň ejesine tarap ýekeje ädim ätmäge-de mejaly ýokdy. Ejesi Saryjany bagryna basyp köp durdy. – Yzyňdan gaýtsamam gaýtdym welin, görerin öýdemokdym. Bar ekeniň balam, şoňa-da şükür. – Saryjanyň ukuda ýaly şol doňup durşy. Ejesi oglunyň ýüzünden-gözünden ogşap, ony ýene-de bagryna basyp, hamsygmaga durdy. – Eziz balam, seni nä günlere salypdyrlar? Ahyryn eneli-ogly baýyň ýanyna getirdiler. Baý ýeserje gözlerini süzgekledip, gysgajyk gürledi. – Bor, ogluňyzy bereris. Ýöne onuň bahasyny özüňiz kesiň! Ene baýy synlap birsalym durdy-da, «Häzir» diýip, çykyp gitdi. Bir salymdanam daşyna mata dolangy zady gujagyna alyp geldi-de, daňysyny çözmäge başlady. Ol türkmen halysydy. Ene daşyndaky matasyny aýryp, halyny emaý bilen ýazyp goýberdi. Lowurdap duran köz ýaly haly baýyň kabulhanasyny ýagtyldyp gitdi. Baý aňk bolup oturyşyna ep-esli wagtlap ýerinden gozganmady. Soňra ýuwaşlyk bilen halynyň golaýjagyna gelip synlamaga durdy. Ol göýä öz gözlerine-de ynanmaýan ýaly, eglibem birsalym durdy. Soňam halynyň üstünde aýbogdaşyny gurup oturdy-da, eli bilen sypalaşdyrmaga durdy. Baýa ozalam ençeme gezek türkmen halylaryny synlamak miýesser bolupdy. Onuň kabulhanasynyň töründe ýazylan düşekleriňem ençemesi türkmen halylary. Ýöne welin, bu halynyň dokalyşam, reňkem üp-üýtgeşikdi, beýlekilerden mazaly saýlanyp durdy. ...Saryja dagy ýesir edilip sürlüp gaýdylanda ejesi ýeke dikrarynyň yzynda bozlap, bagyryp galypdy, ozalam syrkaw halyna gaýra üzülipdi. Bäri bakandanam ogluny öz hünäri bilen satyn almagy ýüregine berk düwüp, şu halyny ýüwürdipdi. Ol şeýdibem bu hala ähli yhlasyny, ähli ukybyny, zehin-paýhasyny, ýürek-bagrynyň yzasyny siňdiripdi. Halyny kesen gününiň ertesi bolsa bir kerwene daklyşyp, bärligine rowana bolupdy... Baýyň şindizem jadylanan ýaly bolup, halynyň üstünden galyp bilmän oturyşy. Ol ýüzüni galdyryp, Saryjadyr onuň ejesini synlabam ep-esli oturdy. Bir salymdan bolsa oýkanjyrady-da, äwmezeklik bilen ýerine geçdi. Baý gapynyň agzyndakylary ýene-de birlaý synlady. – Hal-a ajap ekeni. Onuň gözi şindizem halyda. Baý bir salymdan aýňalan ýaly etdi-de: – Balaňyzy alyp ötäýdiň! – diýdi. Ene indi şu ýerden çaltrak göterilenini kem görmedi. Ol ogly bilen gidip barýanyna şindizem ynananok. Göwnüme bolmasa «Duruň!» diýiläýjek ýaly. Şonuň üçinem olar galadan çykan batlaryna ädimlerini barha ýygjamlatmak bilen boldular. Ädimler soňabaka ylgawa ýazdy. Eneli-ogul bazara golaýlanlarynda zordan yzlaryna garanmaga het edip bildiler. Olar kowgyň ýokdugyna mazaly gözlerini ýetirenlerinden soň uludan demlerini alyp, biraz arkaýynlaşdylar. «Rahym baý mekirdir, zalymdyr diýselerem juda beýle-de däl eken-le...» Olar bazaryň golaýyndaky kerwensaraýa tarap ýörediler. Her ýerden gelýän kerwenler şu ýerde ýük ýazdyrýardy. Ene Ahal etrapdan gelýän kerwenleriň birine daklyşarys diýen umyt bilen şu ýere gaýdypdy. Barsalar dogrudanam kerwen bar ekeni. Kerweniň eýesi ýüküni doly ýerläp, aljak zadyny alyp bilmändigini, şoňa görä-de, indiki bazara-da galmaly boljakdygyny, eger-de eneli-ogul howlukmasalar ýük görjek däldigini aýtdy. «Ýeri howlugaňda nätjek?» Onsoň olara kerwene garaşmakdan başga alaç ýok. Bir gün Saryja: – Eje, ýoldaşlammam diläp görseň, baý bermezmikä? – diýdi. Saryjany ýoldaşlary bilen bileje alyp gidäýmegi Enäniň özüniňem ýüregi küýsemän duranok. Sebäbi şu wagta çenli habar tutulmadyk bolsa oglanlaryň yzlaryndan gelip biläýjek degerli hossarynyň ýokdugyýy ol güman edýärdi. Ýöne Rahym baýyň oglanjyklary mugt bermejeg-ä köre hasa. Muzduny töläp almaga bolsa Enäniň gurby çatjak däl. Näme etmeli? Ene şu oýlara gümra bolup ýene-de bir gününi geçirdi. «Belki-de baýa oglanlaň bahasyny soň ibereýin diýip görerin... Haý näbileýin-dä... Ýa-da ilki baý bilen gürleşip, näçe pul sorasa kerwenbaşydan haýyş etsem...» Ene ahyryn çekine-çekine Rahym baýyň huzuryna bardy. Ol gapydan ätläninde baý süwümsiz gözlerini güldürip, gadyrly kabul etdi. Sebäbi ol Enäniň gaty bir möhüm zat bolaýmasa yzyna köwlenmejekdigini güman edýärdi. – Myhman, näme hyzmat, aýdyp oturyň! – Hyzmata-ha baý aga, oglumyň ýoldaşlarynam iberäýseňiz diýip geldim. Baý ýeserje gözlerini oýnaklatdy-da elindäki tesbisini sanamasyny dowam etdirdi. – Bolar... Bolar... – Onda olaryň bahasyny eşitsek. Baý Enä tarap köpmanyly seredip, çalaja ýylgyrdy. Bu ýylgyryşyň adamlaryň işini görýän ýylgyryşdygyny Ene pahyr näbilsin. Balalaryň bahasyny özüňiz aýdaýsaňyz... – Ýok, siz aýdyň! Baý gobsundy. Ol ýere ýazylgy Enäniň halysyna ýene-de birlaý gözüni aýlady. Muny Ene-de aňdy. Onsoň onuň näler: «Wah, bu halyň seň ýalyň aýagynyň aşagyna ýazylmagyny rowa-da göremok welin, maňlaýyň şor bolsa etjegiň-goýjagyň bolýamy?» diýesi geldi. Ýöne, ýuwdundy-da oňaýdy. Ep-esli dymyşlykdan soň baý ahyryn dillendi: Olaryň her haýsyna öz balaňyz üçin getiren halyňyz ýaly haly bolsa bolar... Ene baýyň ýüzüne çiňerilip seretdi. «Indi ber habaryňy. Ýeri, munça halyny sen nireden aljak? Özüm dokaýyn diýseňemä gaty köp wagt gerek. Belki-de kerwenbaşyda bardyr... Eger-de bar bolaýsa oba baraýdygym üzerin-le...» Ol şeýle umyt bilen turup ugrady. Barsa kerwenbaşy iki sany hordarak halynyň galandygyny aýdyp: «Eger derdiňe ýarasa al-da ötägit» diýdi. Şol gün öýlänler Ene ýene-de baýyňkyda peýda boldy. – Baý aga, ine, iki sany haly getirdim. Galanlarynam soň iberäýsem... Baý halylary ýazyp gördi. Olaryň Enäniň halysyça ýokdugyny baýam aňdy. Onuň soňky halylara pisindi oturmady. Ol biraz salymdan abşarybrak durdy-da, Enäniň ýüzüne çiňerilip seretdi. – Ine, şü halyň taýy bolaýsa – diýip, ol Enäniň öz dokan halysyny görkezdi. – Balalary berip goýbererdim... «Baýyň çynymyka? Eger-de onuň gepinde durjagyny bilsem-ä birsalym galyp halyň taýynam dokaýmaly. Ýöne, haý näbileýin-dä... Näme-de bolsa bagta töwekgellik edip «bolýa» diýeýin... Belki-de sözüniň üstünde duraýady-da». Ene şeýle umyt bilen haly ýüwürtdi. Halyny çaltrak boljak bolup, ogluna-da ilki-hä darak kakmany, soňam gyrmany öwretdi. Eneli-ogul gije-gündiz işleýärdi. Ahyrynam ylaýjak bir aý diýlende halyny kesdiler. Halyň kesilen güni baý beýlekije oglanlaram eneli-ogluň ýanyna getirdi. Özlerine-de ertesi ýola düşmäge ygtyýar berýändigini aýtdy. Ýöne bu baýyň pyrryldaklarynyň biridi. Ol Enäni ýene-de ýanyna çagyrdy. Lowurdap duran goşa haly edil baýyň kürsüsiniň öň ýanynda ýazylgy durdy. – Siziň dokan halylaryňyz biziň jaýa aýratyn görk berýär. Şoňa görä-de kabulhananyň galan ýerinem doldurar ýaly bir uly haly dokap berseňiz size çäksiz minnetdar bolardyk. – Baý aga, özüňiz bilýäňiz, obadan çykylanyna-da üç aýa basalyk wagt bolup barýa... – Bilýän. Ýöne bilseňiz Rahym baý ýaly tanalýan-bilinýän adamyň öýüni hünäriň bilen bezemegiň özem uly bagtdyr. Bu gürrüňe Enäniň «myrryhy atlanyp», çekgesiniň damarlary dartylmaga başlady. Onuň näler: «Beýle bagtyň bize näme zerurlygy bar?» diýesi geldi. Ýöne, ol bu wagt sypaýyçylygy elden bermeli däldigini unutmady, «dilini dişledi». – Biz ol halyny obamyzda dokap, iberäýsek nähili bolarka? Özüňiz bilýäňiz beýle äpet halyny dokamak üçin köp güýç, hemem köp wagt gerek. – Aý howlukmaň-da dokaberiň. Halyny dokap bolan badyňyza sylagyňyzy ýetirip, elinje öýüňize eltip gaýtmak biz bilen. Ene Rahym baýyň sözüniň kesgitlidigine, oňa gep düşündirip bolmajagyna ymykly gözüni ýetirdi. – Bolýa, men razy. Ýöne oglum bilen getirilen beýlekije oglanlaram maňa kömekçi edip berseňiz. Olara-da haly dokamany öwretsem, çaltrak bolardyk. Şo gije ol gözüni çirim etmän daňyny atyrdy. Biri-birine gysylyşypjyk ýatan gögeleje oglanlary synlap oturyşyna aram-aram gözünden boýur-boýur ýaşyň dökülýändiginem duýmady. Ene bärik gaýtmanka oňa ýagşylyk bilen ogluny alyp gaýtmajagyny duýdurypdylar. Onda-da ol synanyp görmegi ýüregine düwüpdi. «Juda bolmasa oglum bilen bir ýerräkde-hä bolaryn-da» diýipdi... Onsoň ol äpet halyny dokamagyň ugruna çykdy, Indi onuň aladasy halynyň çaltrak dokalary däldi-de, amatlyrak pursady peýlemek boldy. Sebäbi bu halyny dokap bolaýanyňda-da, baýyň sag-aman goýberjegi-goýbermejegi gümanady. Onsoň ol äwmezlige salýardy. Saryja ýolda eneke bolan gartaň aýal hakynda gürrüň berenden soň bolsa Ene ýuwaşlyk bilen şol gartaň aýaldyr, beýleki ýesirlerem sorag-ideg edip başlady. Haly dokamak üçin getirilen ýüňlere göwni ýetmedik bolup bazara gidip, özi saýlap ugrady. Getiribem saýýar, daraýar. Ol näçe «ysyrgansa-da» beýleki ýesirlerden derek tapyp bilmedi. (dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |