21:35 Ýaş başdaky ak saçlar -6/ powestiñ soñy | |
* * *
Powestler
Daň golaýlapdy. Hajy maşyny göni Ýakubyň ýanyna sürdi. Barybam oňa bar zady bolşy-bolşy ýaly gürrüň berdi. Şondan soň Ýakup şaýkaň çlenlerine obadan hiç ýana gitmejekdikleri barada dilhaty ýazdyrmaga durdy. Ukusyzlykdanmy ýa-da kalbyny Sülgün baradaky duýgularyň gaplap alanyndanmy, garaz, Hajy uzyn gününi alasarmyk bolup geçirdi. «Näme üçindir Müllüdir Garlyny ýüregim küýseýä. «Olary ýene-de brigada işe alalyň!» diýsem ýoldaşlarym etmezmikä?» Ol giçden soň nobatçylykdan gelende ejesi entek ýatman ekeni. Arzygülüň durşy bilen kagyza çümüp oturyşy. Ol nahar äberip ogluny synlady. Oglunyň daýaw göwresine, merdemsi ýüzüne seredip ep-esli oturdy. «Indi-hä öýlenäýse-de bolman durjak däl. Ýeri, muň özüniň heý, birinde göwni ýokmuka? Häk şu Sülgün bolaýan bolsa jaý boljakdy welin, muň özünden boldy-da. Aý, bähbit bola-da...» Hajy nahary aňyrrak süýşürip, çaýy öňüne çekende Arzygül onuň taryna kakyp görmegi ýüregine düwdi. – Oglum diýýän-ä, indi-hä gelinligiňem ugruna çykybermelimikä diýýän. Hajy elindäki käsäni ýerde goýdy. – Eje, entek gelinden başga-da alada gyt däl-le... Hany sen aýtsana, öňki oglanlaňdan işe geljegi bolsa alarmyň? Arzygül gözünden äýnegini aýyrdy. – Näme, işe baraýsam diýýäni bamy? – Aý hawa, Mülli bar, Garly bar. – Ozal-a mazaly gönendiripdiler. Arzygül ýerinden turup, aşhana äkitmek üçin nahardan boşan jama elini ýetirdi. – Olara özüň geliň diýdiňmi ýa-da özleri dillendilermi? – Aý hawa, olaň özleriniňem hyýaly ýok däl eken-de... – Seňňem-ä tapyp ýören adamlaňňy. Bir-ä süpük alkaş, tirýeki, beýlekiňem şondan gowulygy ýok. Üstesine-de Mülliň-ä bir aňkaw, Garlam emgenmäni kyn görýän, ýeserje oglandyr. – Belki, indi kösäp durmaýadylar-da. – Aý, näbileýin... – Işe bir al, onsoň olar bilen gowuja gürleşeris-dä. – Näme işe alyp goýmaga meň ýeke özümiň ygtyýarym bamy? Brigadaň çlenleri näme diýse, şoňa göräräk bolmaly bor. Hajy ýerine geçip gyşarsa-da, wagty bilen gözüne uky gelmedi. «Ejeme Garlyň Sülgüni gum içine äkidendigi barada aýtsammykam ýa-da... Gel entek howlukmaýyn-la... Sülgün, heý-de seni ýene görmek bamyka? Seň şu muşakgatlyklara sezewar bolmagyňa diňe men günäkär». * * * Ertesi günortana golaý Garlyny Begjanow çagyrdy. Garly onuň ýanyna barsada bardy welin, oýlagramanam duranok. «Kampaniýamyzyň ele düşenini ýoldaşlammyzyň biri dilinden sypdyraýdymyka? Eger şeýle bolaýsa-ha işimiziň gaýtdygy. «Üç adamyň bilýän syrynyň gizlin boldugy däl» diýilýäni çyn bolup çykd-ow». Dogrudanam kimem bolsa biri dilinden sypdyran ekeni. Ýöne şaýkaň çlenleri obada gezişip ýörensoň Begjanow biraz arkaýynlaşdy. – Ýer-ow Garly beg, ýagdaýlar niçik? Begjanowyň güňleç sesi edil gapyň agzyragynda duran Garlyň gulagynda top atylandanam güýçli ýaňlandy. Begjanowyň sowalynyň niräni tozadýandygyny bilmänsoň Garlam edil onuň özi ýaly köp manyly gürledi. – Hawa, ýagdaýlaram öz-ä garaz... Ýaşuly gür gara gaşlarynyň aşagyndan öküziňki ýaly ullakan gözleri bilen Garlyny birlaý synlandan soň oňa oturmaga ýer görkezdi. – Hany, geç bärräk. Garly «t» harpy şekilli goýlan stollaryň bäri başkysynyň çep gapdalyna geçip oturdy. Begjanow deşli göwresine gelişmeýän çakganlyk bilen ýerinden turdy-da, gapyny ykjam ýapdy. Penjirelerem tutulgy bolansoň, içeri garaňky. Ýaşuly çyrany ýakyp ýerine geçdi. Ol hüžžerişip duran gataňsy saçlaryny barmaklary bilen daraklady-da, çilim otlandy. Garly sesini çykarman ony synlady. Ýöne Begjanowyň ajan hamyr ýaly pöňlek ýüzünden Garlyň aňlap bilen zady bolmady. Ýaşuly papirosyndan sordy-da, küldür çilim galyndysyndan ýada depe bolup duran küldanyň gyrasynda goýdy. – Näme, azar berjek bolýan bamy? Onuň her bir hereketini dykgat bilen synlaýan Garlyň birneme ýüregi düşüşdi. «Diýmek doly eşitmändir». Garly indi hasam arkaýynlaşdy. – Aý, hawa, garaz, neşämiz-ä pozdular-da. Begjanow yzly-yzyna ardynjyrady. – Heý, ele salyp bilek zatlary boldumy? – Ýok-la, zordan peçe atmaga ýetişdim. Wah, ellerine dagysyna zat düşen bolsa bizi beýdip arkaýyn gezdirjekmi bular? Siziň harytlaňňyzy ýerlemek barada oglanlar bilen gürleşipdim. Ýöne indi edil häzir... Näbileýin-dä... Begjanow ullakan gözlerini Garla dikip oturyşyna ep-esli wagtlap gürlemedi. Ol ahyryn sönüp barýan çilimine elini ýetirdi. – Olaň ýolbaşçysy kim? – Aý, kim bor öýdýäňiz? – Hajy bilen Ýakup dämi? Bulary indem bir edişime seret. Eneleriniň adyny tapmaz ýaly ederin olaň. – Serediň-dä garaz, özi. – Ellerine zat düşmedik bolsa bolany. Begjanow bäbenegini Garla çümdürjek bolup ýene-de birsalym sesini çykarman oturdy. – Sen zady gaýgy etme, bary düzeler. Bular dagy biziň ýanymyzda nämejik. Şular ýaly ýerde nepleri degmejek bolsa dostlammyzy ýallap nädeli, it ýallan ýaly. – Hä, näbileýin-dä. – Gaty arkaýyn bolgun. Olara çala syzgyn berdigim küllerini atmaýamy bulaň. Men häzir Aşgabatdan jaň edilerine garaşýan. Senem öýderäk boljak bol. Ikimiziň ýola düşübermeli bolmagymyzam gaty ahmaldyr. «Bäý, muň beýle garadan gaýtmaz bolaýşyny. Ýeri, indi näme hyýaly barka? Näme-de bolsa Hajyny habardar edeýin. Ýogsam muň bilen ele düşäýsem öňki-soňkyň çenem bolmaz, agaç kesilýän ýere şaýyňy tutubermeli bolar». Begjanowyň ýanyndan turandan Garlyň bar aladasy Hajyny görmek boldy. Agşamara Hajylara inisini iberse, olam tapman geldi. Onsoň «ştaba gelýärkä görerin» diýen umyt bilen garaňky düşenden ýoluny gabalap ugrady. Ýöne Hajy ştaba-da gelmedi. Hajyň ştaba gelmezligi Ýakupdyr «Şurawi» otrýadynyň çlenlerinem iňkise goýdy. Družinaçylardan kimiň nirelerde nobatçylyk etmelidigi belli edilensoň Ýakup Hajylara tarap ýola düşdi. Gidip barýarka-da Garla gabat geldi. – Ýagdaýa-ha şeýleräk halypa. Özem Begjanow maňa öýderäk bol diýdi welin, haryda garaşýamyka diýýän. – Sen onda şoň diýeni bilen boluber. – Hajyň nirededigini sen-ä bilýän dälsiň? «Dogrudanam oňa näme bolduka?» Bu sowal Ýakubyň böwrüne iňňe bolup sanjyldy. Onsoň ol maşynyny Hajylara tarap sürdi. Barsa Arzygül öýde eken. Ýöne, ogly barada onuňam weçli bilýän zady ýok. Ýakup kabinetine gelip, raýon guramalarynyň ýolbaşçylarynyň öýüne jaň edip ugrady. Komsomolyň raýon komitetiniň işgärlerindenem, harby komissariatdanam, Hajyň bolaýjagrakdyr öýden beýleki ýerlerindenem habar tutdy, gördüm-bildim ýok. Onsoň ol halys «paltasy daşa degip» raýmilisiýadan habar tutup görmegi ýüregine düwdi. – Ýer-ow, Poşanow, bu senmäý? Salam! Näme nobatçylyk edýäňmi? «Ahaldan» Ýakup biynjalyk edýäläý. Dagdanow familiýaly birini gözleýäs welin, hiç ýerden tapamzok. O barada heý, size maglumat-a düşen däldir? Näme?... Milisiýada saklaýas? Oň milisiýada näme işi bar? «Saklamaly» diýip buýruk boldy. Naçalnigiň hut özüniň görkezmesi boýunça. Ýer-ow siziň edýäniňiz näme? Kimi saklaýanyňyzy bilýäňizmi? Men saňa diýýän. Boşadyň çaltrak şony. Näme? Aňkarowyň özi boşat diýmese boşadyp biljek däl diýýämiň?.. Haý, siz-ä gutarypsyňyz-ow... Aňyrdaky trubkany goýan bolara çemeli, sesi kesildi. Ýakup bu zatlara telefon günäkär ýaly trubkany- şakyrdadyp goýdy. ...Şu gün öýlänler iki adam gelip, gyssagly raýona çagyrylýandygyny aýdyp, Hajyny alyp gidipdi. Olar- Haja «Sen aýal zorlamaga synanyşyp, paşmansoňam öldürjek bolup pyçakly topulypsyň, üstüňden arz& bar» diýipdiler. Hajy ýüzugra «Sowhozyň prawleniýesiniň jaýyna ýa-da uçastok milisioneri Ýakubyň ýanyna sowlup geçeli, zerur aýtmaly zat bar» diýse-de etmändiler. Ol raýmilisiýa eltilenden soň komsomolyň raýon komiteti ýa-da harby komissariat bilen habarlaşjak bolsa-da, telefona golaýlaşdyrmadylar. Gapysy gözenekli garaňky otagyň agzyna baranyndan alyp gelýän-ä Hajyny içerik batly südenekletdi, kameraň içinde duran bolsa onuň ýüzüne jaýdar ýelmedi. Zyňlyp burça düşenden burny ganady. Ol birhaýukdan nämeleriň bolýandygyny biljek bolup diňşirgenenden demir gapyň jarkyldap gulplananyny biliş galdy. Oňa indi garaňky jaýda ýeňsesini diwara diräp aýaklaryny uzyn salyp oturmakdan başga alaç galmady. Hajyň bu ýere getirilmegini gurnan Begjanowdy. Garly arada Mülliň aýalyna Hajyň pyçakly topulanyny gürrüň berende Begjanow: «Hop ýagşy. Häk, senjagaz, köpeý ogly duruber bakaly» diýip amatlyrak pursata garaşdy. Begjanow meslekdeşi – raýon milisiýasynyň naçalnigi Aňkarowa bu ýagdaýlary duýduranda ol Mülliň aýalynyň adyndan arza gerekdigini, galanyny özüniň oňarjakdygyny aýtdy. Begjanow ülpetleriniň güýjüne bil baglaýar. Şolaryň saýasynda özüne hiç kimiň batyrynyp bilmejegine gaty ynanýar. Ýöne onda-da «Ýagyň ýanyňdan örmesin» diýlişi ýaly Hajydan az çekinenok. Ol Garlyň şaýkasynyň dargadylmagynda-da Hajyň nähili rol oýnandygyny eşidipdi. Şoňa görä-de ol bu gezekki tirýek operasiýasynyň puç bolaryndan çekinip, Garly ýanyna gelip giden dessine Aňkarowa jaň edip, Hajyny çaltrak ýygnamagy tabşyrdy. ...Ýakup raýon milisiýasynyň naçalniginiň öýüne jaň edende, onuň bir möhüm iş bilen çöle gidendigini eşitdi. Ýakup soňra partiýanyň raýon komitetiňiň birinji sekretarynyň öýüne jaň edip, onuňam Aşgabada Merkezi Komitetiň nobatdan daşary Plenumyna gidendigini bildi. Ýakup uzyn gijäni näderini bilmän geçirdi. Iş barha çylşyrymlaşýar. Sülçiniň «Eliňe pyçak alyp, şol aýalyň üstüne topulanyň çynmy?» diýen sowalyna Hajy «Hawa» diýip jogap berdi. Hajyň bu jogaby protokola-da ýazyldy. Hajy bu hereketiniň sebäbini düşündirmekçi bolanda bolsa sülçi diňlemegem islemedi. Ýakup ertesi ir bilen Arzygül işe gidäýmänkä ýetişeýin diýip maşynyny şolara baka sürdi. Barsa ol ugrajak bolup dur eken. Onýança Annaýar aga-da gelip ýetişipdi. – Ýene-de aýal meselesimi? Düzeläýdimikä diýip dik welin, muňky boljak däl öýdýän. Garagy aksyn. Şo mesele bilen ýygnalan bolsa ugruna çykmaga-ha beýle-de dursun, şo tarapa aýagymam ätjek däl. Annaýar aga delmuryp: – Arzym, Ýakubyň diýýäni ugrunda bar bolaýmasyn. Belki Hajyda günä ýokdur. – Senem ýöne, eňegiňe tutup dursuň. Günäň bolma-sa milise ýygnasy ýok. – Bir ýalňyşlyk bolandyr-da, elbetde. Sen deputat ahyryn. Seň gürrüňiň gowy diňlener. – Hany, şu gürrüňi goýalyň-la. Bizar boldum şu dogman geçenden. Annaýar aga lapykeçlik bilen aşak oturdy. – Ýalňyşmazam bir adam bomy? – Hajy indi oglan oglanjyk däl, ýalňyşyp durar ýaly. – Men aýdýana milisäň ýalňyşmagy mümkin diýip... – Gepiň kelte ýeri, men şoň üçin bir ädimem ätjek däl. Netije bolmajagyna gözi ýeten Ýakup, göwünsizlik bilen maşyna atlandy. Ol Mälige ýagdaýlary duýduraýyn diýip, ýüzüniň ugruna baryp, onuň öýüne jaň etdi. – Häzirä ýok, bir iş bilen çykdy... Kim soraýa? – Aý, «Ahal» sowhozyndanla. Ýakup saçlaryny penjeläp goparjak bolup otyrka tapy açyldy-da, içerik Garlyň gyz jigisi Patma girdi. Ol elindäki eplengi kagyzy Ýakuba berip, çykyp gitdi. Onda «Şu gün agşam myhman gelýä, biz ertir daňdan ýola düşmeli» diýen ýazgy bardy. «Indi ber habaryňy». ...Şu gün irden Begjanow Garlyny ýanyna çagyryp: – Agşam myhman geljekdir welin, öýüňde bolawergin – diýdi. Garly Begjanowyň dolmaç ýüzüni synlap oturyşyna birden ýylgyryp goýberenini özem duýmady. «Bäý, bu adamyň nejisdigini. Bardy-geldi haryt getiren yzarlanyp, biri ele düşmeli bolsa-ha men düşmeli.. Bu bolsa çetde galybermeli. Hajyk-hujugyna ynanyp, muň toruna düşüp ýörşümi diýsene. Aý, akmak kelle... Hany, göreli, bakaly, şu gezek kim kimi aldaýarka». Garlyň sesini çykarman oturyşy. Begjanow çiliminden birki gezek sordy. – Ertir daň bilen ýola düşmelidiris, guma. Gidiljek ýol uzakdyr. Maşynyň eýlesine-beýlesine seredişdir. Baklaňňam, çelekleňňem benzinden doly bolsun. Garaz, çöle nähili gitmelidigini mei saňa öwretmeli däl. Garly şu ýerden çykandan maşyny göni öýlerine sürdi. Barybam jigisinden şu hatjagazy iberdi... ...Ýakubyň pikire çümüp oturyşy. «Her niçik bolsa-da melguny hökman şu gezek harydy bilen ele saljak bolmaly. Wah, Hajam bolaýan bolsa bolmaýamy...» Hajyny boşatdyrmaga Garlyň hemaýatynyň degjekdiginiň ujy iki däl. «Hajy meni ilki zorlajak, soňam öldürjek boldy» diýlip jelep aýalyň adyndan ýazylan arzada şaýat hökmünde Garlyň ady görkezilipdir. Şoňa görä-de Garlydan: «Ýok, beýle däl» diýip dilhaty alnaýsa Hajyň boşadyljakdygyna Ýakubyň gözi ýetik. Ýöne Garlydan dilhaty alnyp, Hajy boşadylsa Begjanowy «harytly» ele salmak operasiýasy puja çykjak. Hajyň nähili ýol bilen boşadylandygynyň Begjanowa gaty basym ýetjekdigine Ýakup kemsiz düşünýär. «Ýeri, indi näme etmeli?» Ýakup telefona ýapyşdy. – Raýkomkomsomolyň birinji sekretarynyň öýümi? – Wiý, asyl ýoldaş Süleýmanowa özüňizmi? Salam! Howwa-la mendirin. Hajyny raýmilisiýada saklaýarlar. Dagdanowy. Bilmedim-dä. Aýdanoklar näme üçindigini. Aňkarowyň öz görkezmesi boýunça... Şeýdiň gaýrat ediň! Hoş... Ýakup ýene-de telefonyň diskini aýlap ugrady. Harby komissariatmy? «Ahaldan» uçastok milisioneri Ýakup biynjalyk edýär. Dagdanow diýip bir internasionalist esgerimizi... Näme? Tanaýaň diýýäňizmi? Ol-a hasam gowy, şony raýmilisiýada saklaýarlar. Wah, oň nähili etmişiniň bardygyny aýdanoklar-da. Aý, meňňä diýenimi edenoklar. Bilmedim-dä. Bize-de ol şu wagt gaty zerur. Gaýrat ediň... Hoş... Ol trubkany goýdy-da birsalym oturdy. – Indi kime jaň etsemkäm? Aşgabatdan raýkompartiýaň birinjisi gelmedimikä? Ýagdaýlary duýduraýsam. Ýakup trubka elini ýetirdi. – Salawmaleýkim! Gurgun oturanmysyňyz? Meläýewiň öýüdir-le. Ýaşulyň öz-ä ýokdur. Näme? Aşgabatdan ýaraman geldi? Öz-ä gaty zerurdow. «Turuzmaň» diýdi. Şeýlemi? Bolýa-da onda... «Men-ä düşünýän däldirin. Dünýelerde bir zat-bir zatlar gopup ýör öýdýän...» * * * Garlyňam barha ynjalygy gaçýar. «Ýeri, Ýakuba hat ibereniň bilei bolaýýamy? Gumda müň sany ýol bar. Olar seň haýsy ýol bilen gideniňi näbilsinler?» Ol haýdan-haý Ýakubyň gözlegine çykdy. Onuň edarasyna barmaga ejap etdi-de, jaň edip gördi. Ýöne Ýakupdan jogap bolmady. Soňra onuň öýüne jaň etdi. Şonda Ýakubyň işe diýip ertirki gidişidigini eşitdi. Garly dagy alaç tapman, Müllini aňtap ugrady. Aýlanyp ýörşüne ahyryn Mülliň teležkaly traktoryň kabinasynda oturandygyny gördi-de, ur-tut saklady. Onuň gürleşesiniň gelmeýändigini bilip dursa-da, Garly öz maşynynyň kabinasyny açyp: – Bolsana çaltrak, zerur iş bar – diýdi. Mülli kabina girenden maşyny yzyna öwürdi. Ep-esli ýöräbem saklady. – Men Hajynam tapmadym, Ýakubam. Häzir senden çemeli adam ýok. Men ertir daň bilen ýola düşmelidigimiz barada Ýakuba habar edipdim. Olaň meň yzymdan gaýtmaly bolmagy ahmal. Garly maşyndan düşdi-de, yzyna aýlandy. – Ine, şuny görýämiň? Ol yzky tigirleriň biriniň daş ýüzündäkini görkezdi. Tigriň soýlan ýeri mese-mälim. – Şu bellige üns ber. Çöldäňi maşynlaryň ara- synda şu bellikli yz bolsa meň maşynymyň yzydyr. Mülli özüne beýle möhüm syryň ynanylýanyna monça boldy. * * * ...Sülgüniň gyzyl gülälekli meýdanda töweregini synlap gezip ýörşi. Meýdanam çym gyzyl, Sülgüniň egnindäki keteni köýnegem. Al reňkleriň öwüşgini Hajyň gözüni gamaşdyrdy. Ýöne, onda-da bir düýp selne dulanyp ýatyşyna ol Sülgünden gözüni aýranok. Sülgüniň bolsa ýuwadyr ýelmikden ýolup agzyna salyp gelşi. Ol ýakynlaşdygyça Hajyň ýüregi çalt urdy. Sülgün özünden başga janly-jemende bardyr öýdenok. Hajy bolsa durşy bilen sandyrap dur. Onuň, indi ýekeje maksady bar, olam ýakynrakdan Sülgüniň ýüzüni synlamak. Sülgüniň şindizem dünýeden habary ýok. Hajyň gözlerini gerjeşdirip oturyşy. Ahyryn onuň gözi Sülgüniň mähirli ýüzüne düşýär. «Bä, Sülgün... Sen indi beri meň ýüregimi sogrup al-da, öz ýanyňdan goýma...» Sülgüniň ýüzi biraz solupdyr, alkymynyň aşagynda kiçijik ýygyrtlar peýda bolupdyr. «Be, onuň kellesindäki ak saçlar nämekä?» Hajy zöwwe ýerinden galdy. Golaý-goltumda özünden başga adam bardyr öýtmeýän Sülgün tisginip gitdi. Ol Hajyny synlap bir pursat saklandy-da, götinlän ugrady. Hajyň aýaklary duşalan ýaly, şunça ylgajak bolýa hiç bolanok. Ol özüni dürsände Sülgüniň arany açandygyny gördi. Töwerekdäki güllerem birden-ä sap-sary, birdenem çuw-ak öwüsýär. Hajy oňa elini uzadyp ädimini çaltlandyrdy. Sülgün eýýäm gülälekli goluň aňyrçetine ýetipdi. Özem edil uçup barýan ýaly. Hajy gülälekli meýdanyň çetine ýetip, daljygyn nalaç oturdy. Onuň dyzyny epenini görüp, Sülgünem badyny gowşatdy. Sülgüniň oňa gamgyn garaýyş bilen seredip durşy. Hajy demini dürsänden ýene-de turup ugraýar. Özem şu gezek hökman ýeterin diýen umyt bilen ylgawyny barha gataldýar. Ýöne Sülgüniň yzyndan ýetjek gümanyň barmy? Ol goldan-gola, beýikden-beýige iňňän ýeňillik bilen inip çykýar. Hajy ahyryn ýetip bilmejegini bildi. Bir beýige çykyp, onuň yzyndan ahmyrly seretdi. Hajyň bady gowşansoň Sülgünem saklandy. Ol aklaňyň üstünde çelgi ýaly bolup dur. Gapyň şakyrdysyna Hajy nalaç gözüni açdy. Şol bada-da, milisioner gapydan boýnuny uzadyp, onuň çagyrylýandygyny aýtdy. Hajy soraga çygyrylýandyryn öýtdi. Haçan-da Ýakup, Mälik hem-de Süleýmanowa daga gözi düşende onuň ýüregi jigläp gitdi. Mälik Hajyny görenden: – Ýer-ow dost, bu näboluş? – diýip, ony garsa gujaklady. – Görşüň ýaly-da. Süleýmanowa hoşlaşyp gidensoň, oba tarap ýola düşdüler. Olar raýon merkezinden demirgazyga çykyp ugranlarynda iňrik mazaly garalypdy. Mälik şu günki Plenumda Merkezi Komitetiň birinji sekretary Kadyrow aýrylandan soň, onuň meslekdeşleriniňem daşyna geçilip başlanjakdygyny aýtdy. Düýnki kollegiýada edaralarynyň başlygy Çakanowyň işden boşadylandygyny, özüniň bolsa ýaşlar redaksiýasynyň müdiri wezipesine saýlanandygyny gürrüň berdi. Olar Hajylara baryp, ýaňy öňlerine çaý alanlarynda gapydan Mülli girdi. Ol gele-gelmäşe Garlyň tabşyran zatlaryny bolşy-bolşy ýaly aýtdy. «Begjanowyň özi ýola düşmekçi bolsa onda «harydy» çökderräkdir. Ol nirede ele salynsa amatly borka? Obadamy ýa-da ýolda?» Olar indi şu meseleler barada kelle döwmäge başladylar. Ýakuby iňkise goýýan başga-da bir mesele bar. Olam «kit» tutmak operasiýasyna kimi çagyrmaly diýen mesele. Ol edil häzirki pursatda milisiýa işgärlerine içini ynanyp bilmez. Raýon milisiýasynyň naçalnigi bolup Aňkarow otyrka onuň ýanynda Begjanowy ele salmak barada heý dil ýaryp bomy? Şonuň üçinem olar bu işde diňe «Şurawi» otrýadynyň çlenlerine bil baglamaly diýen netijä geldiler. Şonda Ýakup: – Eger ony obada ele salyp bolsa-ha has gowy. Bolmasa-da her kim ýola taýýar bolup dursun – diýdi. Bardy-geldi ulag zerur bolaýanda-da Ýakubyň UAZ-ydyr Hajyň «Niwasy» bilen mydar etmegi makul bildiler. Mälik daňa golaý öwrülip geljekdigini aýdyp, turup ugrady. Ol wideokamerasyny galdyryp gelen ekeni. Öýlerinde «Ahal» sowhozyndan jaň etdiler diýlenden bärligine eňipdir. * * * Garly maşynyny sazlap, ýangyç guýup, skladdaky iýmden ýükländen soň, gapylaryna getirip goýdy. Ol şeýdibem «myhmana» garaşmaga başlady. Ahyryn gije sagat birden işläberende derwezäň agzynda bir maşyn gelip saklandy. – Essalawmaleýkim! – Waleýkim salam! Garly garaňkyň içinde özüne garşy ýöräp gelýän milisiýa formaly iki adamy tanamady. Maşynyň içindenem hümürdi eşdilip duransoň, ýanyna gelenleriň ýoldaşlarynyňam bardygyny aňdy. Olaryň biri has alçaksyrady. – Garly, neneň-ow ýagdaýlar! Olar tirkeşip öýe girdiler. Milisiýa formalylar ýaş ýigitlerdi. Olaryň gözlerem gara äýnekli. – Ýaşulyň harydyny getiripdik-de. – Oňarypsyňyz-da getiren bolsaňyz, Has ekabyrsyraýan pyýada egnindäki sport sumkasyny emaý bilen ýerde goýdy-da, ondan haltajyklary çykardy. – Onda näme, harydy elinje gowşyrsyň-da eýesine... Myhmanlar haýdan-haý turarman boldular. – Hany, çaý-paý içmejekmow siz? – Biz çaý içip oturmaly. Gije-de birçene ýardy, Olar Garlylardan çykyşlaryna yzlaryna – günorta tarap däl-de, maşyny demirgazyga sürdüler. Družinaçylar harydy goýman, Garla nirede garaşjakdyklaryny aýdandyrlar, şeýdibem olar obadaň çeträkde duşuşarlar öýdüp çakladylar. Şondan soň Garlylaryň jaýyny garawullap başladylar. Ýöne «myhmanlar» tilki sapalagyny atyşda.. Ekerançylygyň içinden geçýän ýol bilen günbatarky oba çykypdylar. Olar gidenlerinden soň birsalymdan ýene-de jygyldap gapy açyldy. Garly ýatan ýerinden kellesini galdyranda Begjanowyň mähnet göwresine gözi düşdi. Näçe parahatsyrasa-da onuň durşy bilen galpyldap durandygyny Garlam aňdy. – Ýeri, «myhmanlar» gelip gitdi dälmi? Garly penjiräň öňünde ýatan haltajyklary oňa uzatdy. – Häk, senem-äý, heý, onam bir o taýda goýarlarmy? – diýip, eline alandan haltajyklaryň agramyny saldarlap gördi. Soňra-da ullakan ýaglygy ýazyp, paketleri şoňa salyp, berk düwdi. Ol şondan soň biraz rahatlandy. Haýdan-haý gapa tarap ýumlukdy. Garlyň ýerinden gobsunjak bolanyny görüp: – Ugratjak bolup azara galma. Gaýtam irräk ýat-da, dynjyňy al. Ertir ir ugramalydyrys – diýdi. Mekdebiň duşuna ýetende Begjanowy družinaçylar salam berip sakladylar. Onuň elinde hiç zat ýokdugyny görensoň, Ýakup: – Ýaňy gaýraky obada goýun ogurlanjak boldy diýip habar geldi. Del adam-a gözüňize ilen däldir? – diýdi. – Äý ýok, men-ä üýtgeşik adam göremok... «Be, dogrudanam bulaň obadan çeträkde duşuşjakdyklary çyn öýdýän» diýip, Ýakup barha uzaklaşyp barýan Begjanowyň yzyndan içiki hümledip galdy. Begjanow öýüne gelenden işleriň bulaşýandygyny aňyp ugrady. Gije sagat iki töwereginde jaň edilip, ozaldan bellenen parol boýunça ondan harydy alanyny-almanyny soramalydylar. Ýöne gulagyny jam ýaly edip, näçe garaşsa-da, telefon jyňňyrdamady. Onuň indi barha ynjalygy gaçdy. Ol uzak kanagat edip oturyp bilmedi. Trubkany galdyrandan telefonyň işlemeýändigini bilip galdy. Muňa hasam ýüregi ýarylara geldi. Onuň çaý-çörek iýip, ýerine geçip ukusyny almag-a beýlede dursun, howsaladan ýaňa süňňüni saklap bilenok. Onsoň ol haňlap ýatan giň jaýda gazarylyp oturyşyna daňyň ataryna-da kanagaty ýetmän, ýola düşermen boldy. «UAZ-69» maşynyny otlady-da, göni Garlylara sürdi. Bu gije Garlyňam gözüne çiş kakylana döndi. «Ýakup dagy Begjanowy tirýegi bilen ele salyp bildilermikä ýa-da sypdyrdylarmyka? Eger ele salan bolsalar maňa-da habar ediljek ýaly... Onda näme üçiň hiç-hili habar ýok?..» Garly şu pikirleň girdabyndan çykyp bilmän, basga galyp durka tamlarynyň ýeňse ýüzünde bir maşynyň gelip saklanandygyny gördi. Begjanow maşyndan düşen badyna durna seresaplylygy bilen töweregine göz aýlady. Onuň ilki hyýaly Garlylara ogluny iberip, özüniň obaň demirgazygynda – Kömekleň eriginiň ýanynda garaşjakdygyny habar bermekdi. Ýöne özi barmasa Garlyň haltajyklary tapmajagy ýadyna düşüp, nalaç sowulmaly boldy. Begjanow töweregine garanjaklap durşuna gapydakyň Garlydygyna mazaly gözüni ýetirensoň, oňa tarap ýöredi. Gele-gelmäşe-de: – Ýeri, gaýa-gopuz ýok dälmi? – diýdi. – Onda bol çaltrak, ýola düşeli. Garly näderini bilmänem ep-esli eglendi. Ahyryn geýinmek üçin gapa tarap ýöräp ugranda Begjanow goýun ýatagyň ýokarsyna gysdyryp goýan düwünçegini aldy. Olar şeýdibem ýola düşdüler. Begjanowdyr Garly obadan mazaly saýlanandan soň, «Şurawi» otrýadynyň çlenlerem olaryň yzy bilen ýöräp ugrady. Olar Garlylara haryt getirenleriň ýaragly bolaýmagy mümkin diýip, obadan sorag-ideg edip ätiýaçdan hersi bir aw tüpeňinem aldy. Otrýadyň çlenleriniň hyýaly Begjanowy gumuň eteginde ele salyp, yzyna öwrülmekdi. Ýöne Begjanow öňden ýöräp oturyşyna maşynyň gazyny barha gataltdy. Garlyň maşyny onuň yzyna zordan eýgerýär. Mälik oba gelip, Hajy dagyny hiç ýerden tapmady. Ol ştabyň golaýynda näderini bilmän, ýaýdanyp durka Mülli geldi. Hajy oňa Mälige ýagdaýlary aýtmagy tabşyran eken. Şonda Mälik: – Sen maňa ýoldaş bolup bilmezmiň? Bizem olaň yzy bilen gidibersek – diýdi. Mülli onuň töwekgelligine geň galdy. – Häk näbileýin-dä... Menem guma gaty belet däl. Men ýoldaş bolaýamda-da, hany, guma gider ýaly ulag bamy? – Meň şu bedewümden gowam ulag bomy? – diýip, Mälik gülümsiredi. * * * Garly bilen Begjanowyň şol ýöräp oturyşy. Indi ýol daýaw-daýaw sazak tokaýlygynyň içi bilen külterlenip ugrady. Garly her öwrümde yzyna seredip, Hajy dagyň gelýänini gelmeýänini görjek boldy. Ýöne Begjanowyň maşyny edil öň ýanyndan baransoň çekinmänem duranok. Guruganlyk howa bolanda Garly maşynyny batyryp, güýmeň-saman etmäge-de hyýallanman durjak däl, Ýöne, içiňi ýakaýyn diýen ýaly agşamky ýagyşdan soň ýol asfaldy küýsedenok. «Bolsa-da ýere yz gowy düşýä, şoňa-da şükür». Mälige garaşman gaýtmaly bolandyklaryna Hajy diýseň gynandy. Onuň howsalasyny artdyrýan zatlaryň birem Mäligiň töwekgelligi. «Ol bu gumlara näbeletdirin diýmez, hökman yzymyzdan gaýdar». Hajy şonuň üçinem Müllä «Eger Mälik ikigöwünli bolsa goýberme, azaşyp, heläk bolup ýörmesin. Juda eňegine tutup dursa-da özüň bile bararsyň» – diýip, berk tabşyrdy. Ýöne onda-da ynjalyp bilmedi. Ahyryn guma girilip ugranda Hajy: «Näme-de bolsa Begjanow indi sypaýasy ýok-la. Oň ýanynda Garlam bar-a» diýip, Mälik daga garaşmaga ýoldaşlaryny razy etdi. Olar diňe Mälikdir Mülli yzlaryndan ýetensoň ýollaryny dowam etdiler. Gün günorta golaýlanam bolsa Begjanowyň şol gidip oturyşy. Garlyň kalbynda gopýan harasat aldym-berdime salýar. «Ýa-da goşany garnyna diräge-de, elini arkasyna daňyp, yzdakylar gelýänçä garaşaýsammykam?». Onýança-da olar aklaňdan geçip, uly alaňyň çetinden girip ugradylar. Alaňyň aňry başynda garaja öýdür tam göründi. Maşynlar golaýlandan ýaşuly bilen ýaş ýigit öýden çykdy. – Ýeri, Gajar köse, gurgun otyrmyň! – Şükür! Hä, hojaýyn, obalaram saglykmydyr? Özüň gelmekçi bolaýypsyň-ow. – Aý, hawa, şu golaýda çöle-de çykyp göremok. Hemem seňňem halyňdan habar alaýaýyn diýdim-dä. Gajar köse ogly Sazaga dowar soýmagy tabşyrdy-da: – Hany, onda näme, öýe baralyň! – diýip, Begjanowa seretdi. Begjanow dünýäni ahmal görüp ýaýdanjyrap durşuna: «Häzir» – diýip, Garlyň maşynynyň kabinasyny açdy-da, oturgyjyny galdyryp, içi haltajykly ýaglygy çykaranda Garly gaty geň galdy. Obadan ugraýmanka Garly geýinmek üçin öýe girende Begjanow tirýekli haltajyklar düwülgi ýaglygy onuň oturgyjynyň aşagyna atypdy. «Bäý, bu adamyň ýeserdigini... Harydyny özüme aýtman, zat etmän meň maşynymda gizläp ýetişäýşini. Bardy-geldi tutulaýsagam meň zatdan habarym ýok diýjekdir-ow, şü çal...» Garlyň özne gözüni aýyrman seredip duranyny görüp, Begjanow mekirje ýylgyryşyny etdi. – Näme?! Garly «hiç-le» diýýän äheňde kellesini çalaja yrady. – Bu dünýe şeýleräk dünýe bolupdyr. Ýeserräk bolaýmasaň ahmallyga saljak bolup durlar. Ysyrganyp ýören it kän... «Onda diýmek özüň sähel ýöwselläýseň şol itleriň agzyna meni tutdurmakçy-da». Daşyna saralan ýaglyk aýrylansoň haltajyklara gözi düşüp, Begjanowyň ýüregi biraz aram tapdy. – Köse, çaýyňy tizläweri, ýarygijeki öýden çykylyşydyr. Gajar agaň özem oduň tutaşaryna howlugýar. Indi näçe gündür azarlap oturyşyna Begjanowyň harydyna sabyrsyzlyk bilen garaşdy. Ol kündükleri suwdan dolduryp, oduň gapdalynda goýdy. Birsalymdan ot tutaşyp ugrady. Gamyş tüýdüklerdir simini çemeläp,. gultunyp oturan Kösäň iki gezi Begjanowda. Onuň bu bolup oturyşy barly öýüň gapysynda iki barmak çörek berlerine ymtylyp, sarysadylla bolup oturan ýetimegiň bolşundan enaýy däl. Hajy dagyň gelmeýänine Garlyň içini it ýyrtýar. Begjanowyň bolsa barha geçisi ýaýraýar. Ol Kösäň bolup oturyşyny synlap bilgeşleýin äwmezlige salýar. Kündükler demlenip, öňe alnansoň, Köse uzak saklanyp bilmedi, simini oduň gapdalyndan sokdy. – Ine, tüýdüklerdir simiň-ä taýýar. Begjanowam Gajar agany mundan artyk kösemäni uslyp bilmedimi nämemi haltajyklaryň biriniň agzyny çözermen boldy. – O zatlaň taýýar bolsa dermanyňam bizden al. Diňe şondan soň Gajar agaň ýüzi ýagtylyp gitdi. – O zatlaňňa ýagşy-la welin... – Weý, bu weliniň näme, Han aga? – Aýtdyma saňa, göz agyrysy ýaly biderek adam köpelipdir diýip. – Şeý diýä. – O ýezitleň esasy jyny tirýege düşüpdir. Hamana tirýekkeşler ganym duşmanlary ýaly. Olaň hyýaly ellerinden gelse-hä tirýegi ýok etmekdir. Onsoň näme çekinilýän bolarly, aňyrky hojaýynlaram tirýegi ibermäni azaldyp ýörler. Özüň bilýäň, azalýan harydyňam bahasy gymmatlamak bilen bolýa... Gajar kösäň ýene keýpi gaçdy. – Ýeri, gymmatladyp-gymmatladyp, mundan beter nätjekkäler muny? Şumadam bahasy ýet-dä, ol eýewuranyň. Ähli gazanjymyzy bersegem, hemişeki ýaly doýjak gümanymyz ýok. – Wah, meňňem diýýänim şo-da, ýöne indi arzan beräýenoklar. Şu gezegem gymmadrak almaly boldy-da... Begjanow howlukman sellofan haltajyklary çykaryp, agzyny çözmäge durdy. Gajar köse çaga ýaly delmuryp seretdi. – Han aga, şunyňdan çaltrajyk bereweri. Şahymy zordan goýnuň yzyndan ugratdym. Ýogsam öýde ölen ýaly bolup ýatyr, azarlap. Şoň yzyndan iberjek. Begjanow uly gözleriňi Gajar aga öwürdi. – Ibereniň-ä ýagşy welin, ikimiz hasap-hesibem-ä etmelidiris. Hasaplyja dost uzaga gider diýýändirler. Köse ep-esli wagtlap dommarylyp oturdy. – O nämäň hasap-hesibi? – Muň bilmedik bolşuny. Sizin bu iýýän tirýekleňňizi men näme zikge kakyp alýandyr öýdýäňizmi. Gajar agaň ýitije gözleri üznüksiz gyrpyldap ugrady. – Bütin ömrümi seň hyzmatyňda geçirdim. Indi ogullammam seň hyzmatyňda süplük. Onsoň gowuja hasaplaşsak gaýtam özüň bize bergili bolaýma. – Diýmek onda, men sizi mugt ýallamaly-da, şeýlemi? – Han aga ozalam içim otdur. Eger-de örüzäýsem senden ýaňa içi ýangynly pyýadalar Garagumda başga-da kändir. Gowusy meni gürletme. Şol wagt niredendir bir ýerden maşyn sesi eşidilip ugrady. Köse öz ýanyndan: «Başga wagt tapan dälsiňiz-ow, göz agyrysy ýaly bolup» diýip, gargynsa, Begjanow: «Bu wagt bular kimler bolup bilerkä?» diýip, uly basga galdy-da, gaty çakganlyk bilen harytlaryny ýygnamaga durdy. Maşyn sesleri Garlyny arkasyndan degirmen daşy aýrylana dönderdi. Maşynlar gelip durandan Gajar agadyr Garly daş çykmak bilen boldy. Begjanow bolsa olar çykandan gapyny çalaja açyp yşyklamaga durdy. Onuň gözi Ýakup milisedir Haja düşenden ýakasyndan ot atylana döndi, gany depesine urdy. «Be, Hajyny kim boşatdyka?» Hajam eýýäm ony görmäge ýetişipdi: «Sen melgun, indi näme işlärkäň?» Gajar köse-de myhmanlaryň eýgilige gelmändiklerini aňan bolara çemeli, çokgaja sakgaly titir-titir edýär. Onuň bolup durşy: «Bu melamatlar nireden biziň başymyza döküldilerkä?» diýýäne çalym edýär. Myhmanlar bilen saglyk-amanlyk soraýyşam gaty göwünsiz. Ol myhmanlar bilen görşüp bolansoňam zat gürlemän, dommarylyp kän durdy. Bir haýukdan: – Gelen döwlet diýipdirler, giriberiň öýe – diýip, sypaýyçylyk etse-de, ýaşulynyň ýüzünden gar ýagýandygyny aňmak kyn däl. Birsalymdan howlukmanraga-da Begjanowam çykdy. – Bo-how asyl tanyş adamlar eken-le bular – diýip, ol şelaýynsyrap myhmanlar bilen görüşdi. Ol beýleräkde duran Hajy bilen görüşmeg-ä beýlede dursun, gözleri bilen iýäýjek boldy. «Be, bu deýýus miliseden nädip sypdyka? Aňkarow: «Edil körüň eline büre düşen ýaly edendirin, indi ondan ýaňa arkaýyn bolam-a» diýipdi. Ýa-da dünýeler üýtgäp ýörmükä?» Begjanow alçaksyrady. – Näme, asyl size Gajar köse öýe giriňem diýenokmy? Kösäm gysylmaweri. «Her myhman öz yrsgy bilen gelermiş» diýýärler. Hany, ýörüň öýe. Myhmanlar öýe girip, oduň töwereginde jaýlaşdy. Begjanow bu wagt özünden başga hemme kişini ýigrenýär. Ýöne gözünde oky bolsa i:ki bilen gapyň agzyragynda oturan Garlydan dynjak. «Belaň körügi asyl sende eken-ow... Şu çaka çenli goltugymyň astynda saklap ýörenimiň ýylandygyny bilmeýşimi diýsene. Aý, akmak kelle... Bähbit bola-da... Garadan gaýtmazlar ýetişäýmese-hä bulardan eýgilik tamasyny edip bolmaz. Hany, göreli-bakaly, şolar bir gelsin, onsoň kim rüstem çykaýarka? Eý, hudaýjan, şu beladan sag-aman sypsam ýoluňa näme aýtmaly bolsa kaýyl... Oba baraýsam bolýa bujagaz köpeý ogullaryny atasynyň adyny tapmaz ýaly etmesem Begjanow bolmadygym». Käbir maglumatlara görä, şu öýde ep-esli tirýek bolmaly. Ony özüňiz tapyp berýäňizmi ýa-da... – diýip, dymyşlygy ahyryn Ýakup bozdy. Gapböwürde oturan Gajar köse Begjanowa gözüniň gytagyny aýlady. Begjanow daýaw göwresindäki galpyldyny bildirmejek bolup, näçe çytraşsa-da, özüne erk edip bilmedi. – Be, bizem-ä ýaňyrak geldik welin, Gajar aga-da neşe bara meňzänok. Galanynam özüňiz biliň, nämäni makul bilseňiz. Öýe ýene ümsümlik aralaşdy. Diňe labyrdap ýanýan oduň sesi bolaýmasa, başga ses eşidilenok. – Onda näme, tapyp bermejek bolsaňyz, özümiz gözlemeli borus – diýip, Ýakup ýerinden gobsundy. – Toba tagsyr, toba tagsyr. – Enemizden dogup, gözümizi açalymyz bäri çöldediris welin, öýüň dökülip ýörlenini ilkinji gezek görýäs. Uzak ýoldan ýadap gelensiňiz, çaýyňyzy bir arkaýyn içiň ahyryn... Begjanow Gajar aga alarylyp seretdi-de, gözi bilen ümläp nähilidir bir yşarat etdi, ýöne öý eýesi oňa düşünmedi. Ýakup papkasyny açdy-da, bir kagyz çykardy. – Ine, şü-de siziň öýňüzi dökmäge ygtyýar berýän hat – diýip, kagyzy Gajar aga uzatdy. Ýöne ýaşulynyň bu wagt hiç zada – hatda özüne uzadylýan kagyzy almaga-da mejaly ýok. Ýakup, Hajy hemem Mülli dagy içerini dökmäge durdular. Mälik bolsa içeri garaňkyrak bolansoň gapyny açyp ýagtyltdy-da, sýomka etmäge başlady. Ol wideokamerasyny orta üýşýän goşlara, aram-aram bolsa Begjanowdyr Gajar aganyň ýüzüne öwürýär. Gapyň agzyragynda müzzerip oturan Garlyň bir gözi Begjanowda bolsa beýlekisi ýoldaşlarynda. «Be, tirýekli haltajyklara näme bolduka? Öýdenem-ä çykyp giden ýok». Öý elem-tagt edilse-de tapylýan zat ýok. Hatda öýüň tärimine ýaplanyp goýlan unly çuwallara çenli birinden başga gaba geçirilip barlandy. Ýöne barybir netije ýok. Indi Ýakubyňam, Hajynyňam göwnüne müňkürlik aralaşyp ugrady. «Ýa-da Garly garyn ikiýüzlülik edäýýämikä?» Garlyň bolsa öz ynsaby özüni gemrip barýa. Gajar agaň ýüregine birneme giňlik aralaşdy. Ýöne gözlenilýän zadyň tapylmazlygy ýaşulynam geňirgendirmän duranok. Indi diňe keçeleri syryp aşagyny barlaýmasaň, galan zat ilik-düwme edilipdi. Haltajyklar ýere gömülen bolaýmasa başga hiç ýerde ýok. Onsoň düşekler syryldy, keçe ýazylan ýerleriň ählisi, hatda gapdalraga süýşürilip ot ýakylýan ýeriň aşagam pyçak sokulyp barlandy. Ýöne barybir netijesiz. Onsoň adamlara haýran galmakdan ýaňa eginlerini gysaýmakdan başga alaç galmady. Ýakup gözlenilýän zat daşaryk oklanan bolaýmasyn diýip, öýüň töweregine-de aýlanyp çykdy. Barybir göze ilen zat bolmady. Bu wagt beýlekileriňem ynjalygy gaçsa gaçýar welin, ýöne hasam Garly otly köýnek geýene dönüpdi. «Ýa-da tirýegi bu melgun oda ataýdymyka? Aý ýok-la, edil öldüriljegini bilse-de onça tirýegi oda oklamaga Begjanowyň bogny ysmaz. Onsoňam onça tirek oda atylsa ysyndanam durar ýaly bolmaz-la...» Garaz, myhmanlaryň paltasy daşa degdi. – Ýogsa-da tamda daga-ha däldir-dä? – diýip, Ýakup ýoldaşlaryna ýüzlendi. – Ýok, nirede bolsa-da hökman şu öýde bolaýmaly. Garlyň sesi pert çykdy. «Ýöne ol nirede bolup bilerkä?» Myhmanlar biri-biriniň ýüzüne seredişibem birsalym durdular. Ýakup öý eýesiniň ýüzüne müýnli seretdi. – Gajar aga, bagyşlaweriň, sizi biderek azara goýduk. Bu wagt Gajar aga-da alasarmyk bolup dur. Olam munça tirýegiň birden zym-zyýat bolanyna diýseň haýran. Begjanow sandyrap duran elini jübülerine sokup bir zat gözledi. Ahyrynam penjeginiň çep jübüsinden gaty gap papirosyny çykaryp, ýanyp duran kesindileriň biri bilen otlady. Ol çiliminden uzyn-uzyn sordy. Garlyň galpyldap oturyşy iňňäň üstünde çommalanyňkydan enaýy däl. – Tirýek hökman bolaýmaly, ýaňam bardy. Öýdäkileriň barynyň nazary ona gezeldi. «Bolmaly bolsa tap-da, hany nirede?» Garly ýazykly ýaly ýüzüni galdyryp bilmän otyr. Begjanow Garlyny gözi bilen iýäýjek bolýar.. «Köpeý ogly, duruber bakaly, şu gezek bir sag-aman sypdygym seni edişime seret». Ýaşuly elinde duran kesindisini oduň üstüne oklap goýberdi. Myhmanlar ýene-de biri-biriniň ýüzüne seredişdiler. Indi akan-dökän edilip orta üýşürilen goşlar ýerli-ýerinde goýaýmasaň dagy alajyň näme? Goşlar ýerbe-ýer edilenden soň çaý orta alynsa-da hiç kimiň weji ýok. Göz astyndan myhmanlary synlap oturan Begjanow birneme arkaýynlaşdy. Barlagçylaryň şowsuzlygyna onuň diýseň göhi geldi. Ol demlengi çäýnegiň birini öňüne çekdi-de gaýtardy. Ýakup dagyny barmagynyň başynda pyrlap bilenine monça bolup, göýä, geçisi ekiz guzlan ýaly heşelle kakdy. Şowsuzlyk hasam Hajyň kejebesini darykdyrdy. öz ýanyndan ýanyp-bişip otyr. «Be, tirýege näme bolduka? Näçe adamy işden goýup, şondan şuňa heläk edildi». Hajyň nazary ahyryn derçiräp çaý süzüp oturan Begjanowda saklandy. «Dogrudanam ýeser adam. Elinden gaty köp zat gelýä... Ýogsa-da, biz gelemizde Bejanowyň wagty bilen daş çykmanlygynyň sebäbi bar bolaýmasyn... Ýeri, çykanda çykmanda oň şu öýden giden ýeri ýok. Bärik gelýärkäler ýolda bir ýerde gömüp goýaýan-a däldir-dä? Eger şeýle bolsa Garly bilmeli ýaly-la». Haja içeriň howasy has petiş ýaly bolup ugrady. Onsoň ol daş çykanyny kem görmedi. Onuň yzy bilen Ýakup, Mülli, Garly dagam turdy. Bu wagt olaryň hiç-haýsysynyňam gürläsi gelenok. Hajyň yz ýany bilen ýöräp gelýän Garlyň dymyp gitmäge takady ýetmedi. – Men how, öz gözüm bilen gördüm, Begjagnowyň tirýekli haltajyklary alyp içerik girenini, soňam agzyny çözüp oturanyny. Siziň maşynlaňňyzyň sesi gelip ugrandanam hasyr-husur ýygnamak bilen boldy. Soňam ynha edil ýer iýen ýaly etdi. Men-ä haýran. Hajy ýöräp barşyna yzyna gaňrylyp onuň ýüzüne seretdi. Garlyň mekirräkdigini bilse-de, bu wagt onuň ýüzünde hilegärligiň alamatyny görmedi. – Geleňizde del adam-a gözüňize gören däldir? – diýip, Ýakup Garla ýüzlendi. – Ýok-laý. Menem gepim ýalan çykmasyn diýip şondan gözümi aýyrmadym. Kösäň uly ogly süriň yzgyda diýdiler. Kiçi ogly Sazak bolsa nahar etmek bilendi. Olar oýuň günbatar ýüzündäki beýik aklaňa çykyp birsalym töweregi synlap durdular. Bu ýerden oý edil eliň aýasynda ýaly. Şo wagt öýüň gündogar ýüzünde duran aýal maşgala gözi kaklyşyp, Hajyň ýüregi jigläp gitdi, göýä tok uran ýaly tisgindi. Bu ýagdaýy Garlydyr Ýakubam aňdy. Hajy ýuwaşlyk bilen ýumşak çägäň üstüne çökdi. Ol aýal maşgala Sülgündi. Sülgün gazanyň başynda durup Sazak bilen bir zatlar hakynda gürleşýärdi. «Gör, sen nirelerde ekeniň. Ahyryn seni görmek nesibede bar eken-ow, Sülgün». Hajy dagy beýikden aşaklygyna inip ugranlaryndan Sülgün tama girip gitdi. Bu wagt Hajyň huşy başyndan uçupdy. Ol alasarmyk bolup, ümüriň içinde gezip ýören ýaly. Sülgüniň bu taýdalygy Ýakubam alasarmyk edip goýdy. Sülgüniň iki ýyl bäri gözlenip ýörleninden olam habarly. «Belki-de ol Sülgün däldir». Olar şeýle oýlaryň girdabyna çümüp durkalar ähli zat edil çöp döwlen ýaly boldy duruberdi. Başy gyňaçlyja Sülgün eli jamly tamdan çykdy-da sakga durdy. Olary ýeke-ýekeden synlady. Birsalymdan bolsa «Salam» diýdi-de, buýsanç bilen gazanyň başynda duran Sazaga tarap ýöredi. Hajy üçinem beýlekiler üçinem ýagdaýlar öz-özünden aýdyňlaşdy. «Näçe wagt bäri arzuwlap ýören laçynymyň alyslara uçanyny, özümden has daşlaşanyny ozalam-a aňýadym. Ýöne onuň kesekiniň albaýyna gonjagy hiç kelläme gelmändir. Aý, hawa-da, hemmesi özümden-le. Näme-de bolsa diri gezip ýörenini gördüm, şoňa-da şükür...» Olar lapykeç bolup durkalar Hajyň kellesine bir pikir geldi. «Sülgündir Sazak nahar edip, köplenç daşarda bolandyrlar. Belki-de, gözlenilýän zatdan olaryň habary bardyr. Ýöne Sazak görenem bolsa aýdaýarmyka? Näme-de bolsa Sülgünden soramaly. Emma Sülgün bilen gürleşmeg-ä däl, ýanyna barmaga-da seniň bognuň ysarmyka? Onuň Garlynam itden beter ýigrenýän bolmagy mümkin. Gowusy Ýakup soraýsyn-la...» Sülgün yzyna gaýdanda Ýakup ony saklap, özleriniň nähili maksat bilen gelendiklerini gürrüň berdi. Şonda Sülgün birden bir zat ýadyna düşen ýaly: – Awçy! Awçy! – diýip gygyrdy. Hemişe ady tutularyna mähetdel ylgap gelýän tazy çyňsajak ýaly etdi-de, biraz eglendi. Soňam keteginden çykyp, maýpyl-maýpyl edip Sülgüniň ýanyna geldi. – Siziň gözleýän zadyňyz şunda bolaýmasyn. Sülgün tazyň julunyň ýüpüni çözmäge durdy. – Siz gelmeziňizden ozal tazyň july arkasyna ýapylgy däldi. Bu günler howa maýyl bolansoň, taza juluny ýapamzok. Begjanow her gezek gelende awa äkiden bolup bu janawara-da tirýek öwredipdir. Ynha indi garasyny görenden ýa-da sesini eşidenden ýalym-ýulum edip şoň ýanyna ýumlugaýýar. Soňky maşynlar gelip, öýdäkiler daş çykanlarynda Begjanow öýüň gözeneginden «Awçy!» diýip gygyrdy. Şondan soň Awçyň arkasyndaky juluny görüp geňirgendim. Tazyň bolşam hemişekiligi däl, ýöne, gysmyljyrap, oýun edişjek bolup dur. Ony gazanyň başyndan kowdum welin, ketegine girdi-de ýatyberdi. Sülgün juluny aýryp başlanyndan tazyň garnynyň aşagyndaky sellofan haltajyklar patlap gaçdy. Bu zatlary synlap duran Hajy dagyň ýüzi birneme ýagtyldy. Şondan soň tazy ýene-de ketegine tarap ugrady. Tazy gapyň daş ýüzünde duran Begjanowy görüp ýalym-ýulum edip, ýanyna baranyndan ol batly depip goýberdi. Waňkyryp giden taza tarap üşerilişenlerinde hemmeleriň gözi Begjanowa düşdi. Sülgün tazyň adyny tutup gygyranyndan Begjanow zöwwe ýerinden galyp, daş çykypdy. Hajy bilen Ýakup emaý bilen haltajyklary ellerine, alyp, synladylar. – Bujagaz tiýrek dagy nämejik. Begjanow her aýda diýen ýaly mundanam köpräk tiregi ýa-ha özi getirer, ýa-da birinden iberer. Şu etraby tirýek bilen üpjün edýän şüdür. Ol näçe adamyň tirýeki bolmagyna sebäp bolandyr. – diýip, Sülgün gürrüňini dowam etdi. – Siziň Begjanowyň sürülerinden habaryňyz ýok bolmagam mümkin. Onuň müňe basalyk dowarydyr ýüzden gowrak düýesi bar. Üstesine-de ol malyny bakyp berenler bilen diňe tirýek, iýer-içer ýaly zat, egin-eşik bilen hasaplaşýar. Bir köpügem pul berjek gümany bolmaz. Ahyryn Begjanowyň özi adamlaryň arasyna geldi. – Men siziň oýun etjek adamyňyz däldirin. Näme munça tirýegi men ýerden tapýandyr öýdýäňizmi? Tirýek zawudymyň ýokdugynam-a özüňiz bilýäňiz. Onsoň yzarlaberseň bilýäňizmi oň bir ujunyň nirelere baryp ýetjegini? Ho-ol ýokardaky ketdelere dirär. Men ýöne bir häki ýumuş oglany, kiçijik hyzmatkär. Ýokarraklarda ullakan-ullakan «kitlerdir pilleriň» barygynam bilip goýuň. Olaň gaharyny getirseňiz, sizi gaty erbet ederler. Şoň üçinem diýenimi etseňiz-ä maňa azar bermäň. Begjanowyň bolup durşuny, Hajydyr Ýakubyň elindäki haltajyklary Mälik ýetişibildiginden surata düşürýär. Begjanow oňa ýigrenç bilen seňrigini ýygyrdy-da, soňra töweregindäkilere ýene-de birlaý gözüni aýlady. – Hawa, bu ýerde az-owlak dowardyr bir bölek düýe-de bar. Ýöne, olar meňki däl... Ýok-la, men diňe olaň çopany. Olaň hakyky eýeleri bilýäňizmi kimler? Gowusy siz-ä bize degmäň, bizem size. Eger ony etmeris diýseňizem özüňiz biliň. Meňkä ýöne bir duýdurmak. Tirýekler Ýakubyň ýany bilen alyp gaýdan terezisinde çekilip ugralansoň, Gajar aga ýuwdunjyrap, olaryň ýanynda kökerilene döndi. Tirýekli haltajyklar ýeke-ýekeden çekilip bolundy. Soňra olary ykjamlap daňdylar-da, akt ýazdylar. Gajar aga ilki: «Me ýaşuly, saňa biraz dermanlyk beräýeli» diýerler öýdüpdi. ýöne myhmanlaryň rejesi dadymlygam bererli däl. Onsoň gultunyp durmaga ýaşulyň uzak kanagaty ýetmedi. – Han-ow iniler, onyňyzdan bermejekmi asyl? Ýaşuly bu dilegi etmäni özüne juda peslik bilýärdi. Ýöne nalaç soramaly boldy. Myhmanlar biri-biriniň ýüzüne seredişdi. Ýakup akty ýazyp bolup Gajar aga gözüni aýlady. Ýaşulynyň naýynjar keşbine onuň ýüregi awady. Emma her niçigem bolsa kanun kanundy, tirekden oňa dynnym ýalyjagam berip bolanok. Ol ýaşula seredip oturyşyna akty Haja geçirdi. Hajy okap gördi-de, goluny çekdi. Soňra beýlekilerem ýeke-ekeden okap gollaryny goýdular. Olara ymtylyp, irikgä bolup seredip duran Gajar aga öz dileginiň bitmejegine gözüni ýetirensoň özüni lampa goýberdi. «Eý, dünýe, dünýe. Sowhozyň malyny bakýarkak gör, nähili gowy günümiz bardy. Hakjagazymyzam wagty-wagtynda geler durardy. Begjanow diýilýän melamat başymyza towky bolup inensoň ähli zatdan kesildik. Wah, başda muň hajyk-hujugyna güp ynanypdyrys-da. Tirýegini mazamlap ugrandan öwrenişdirmedik bolsag-a biz bu günlere düşmelem däl. Özüm-ä hiç, sanalgyja günüm galypdyr, öler-ýiter giderin. ýöne Şahym näme işlärkä? Ol indi neşe bolmasa ýekeje günem oňup bilenog-a... Ony indi näçe gündür «tirek ynha geler, şindi geler» bilen saklap ýörün. Diňe bir Şahymam däl, Garagumda Begjanowyň tiregine göz dikip ýatan pyýada gaty köpdür. Ýeri, tiregi beýdip keýigiň şahyna çykaryberseler olar näme işlärlerkä? Eý, dünýe, dünýe...» «Gajar aga sen bir neresse çaga ýaly türkana çopan ahyryn. Sende näme ýazyk bar. Seň ýazygyň tirekiligiň, öz keseliň özüňi jezalandyrýar. Bar zadyň günäkäri Begjanow tetelliler. Olar jübülerine bäş şaýy düşjegini bilse çem gelen zada baş urup, bütin halky gyrgyna bermäge taýýar adamlar ahyryn. Onsoň olar tirýek satmag-a däl, pul düşjegini bilse, halal-haram diýip, seljerip oturman hiç zatdan gaýtjak däller. Neşe diýen zatdan adamzady nädip halas edip bor-ka? Olar edil loly gelinler ýaly özüne çekegen. Adamy adamçylykdan aýyrýanam şu, gaýratdan aýyrýanam. Adamyň gutumyny guradýanam şu, erkini elinden alýanam. Her dyzynda adam oturybermeli pälwan kişiler neşe öwrendigi derrew iňňä sapaýmaly iglä öwrülýär». Begjanow sesini çykarmasa-da ýylpyldaşyp duran gözlerinden onuň dişini gyjaýandygyny aňmak bolýar. «Hany, garadan gaýtmazlar. Näme üçin gelip ýetişenoklarka? Aňkarow: «Arkaýyn bolgun. Şu gezek seni özüm gorajakdyrynam» diýipdi-le. Onuň adamçy erkegiňki ýaly uly gözleri barha hanasyndan çykara geldi. «Ýa-da Aňkarowyňam piri kädä gabalyp ýörmükä? Nähili zamana boldaý?.. Ýok... Ýok... Goýaweri». Gyşyň güni kyrk tüýsli diýleni-dä, birden bulut geldi-de, howaň ýüzi üýtgäp ugrady Günbatardan öwsüp ugran sowuk şemal edil içiňden-bagryňdan geçip barýar. «Be, bu ejemiň hazan diýýänimikä?» Bärik ugraljak bolup durka Arzygül Haja: – Çaltrak yzyňa dolanjak bolawergin. Hazan uraýmanka gawunlary ýygnajak bolmalydyr» diýipdi. «Dogrudanam indi ýola düşüljek bolsa çaltrak ugramaly...» Işler saýpallaşansoň, Hajy-ha ertir oba hojalyk institutynda gaýybanaçylaryň giriş ekzameniniň başlaýanlygy üçin, Mälik bolsa uly gepleşigiň ýazgy edilýändigi üçin hökman ertir Aşgabatda bolaýmalydygyny aýdyp ýola düşmek bilen boldular. Ýakup olar bilen hoşlaşyp: «Şondan şuňa garşy-garşy gelip gidip durmagam aňsat däl, bizem oglanlar bilen Begjanowyň dowarlarydyr düýelerini hasaba alyp bararys» diýdi. Ugraýmankalar Hajy ýene-de bir gezek adamlara seredende yzrakda goltugy çagalyja duran Sülgüne gözi kaklyşdy. Göwnüne bolmasa ol bildirmän gözýaşlaryny süpürýän ýaly. Hajy uludan demini aldy-da «Hoş» diýýän äheňde çep elini çalaja galdyrdy. Onýança-da, Mälik «Zaporožesini» sürüp ugrady. Birsalymdan olar beýik-beýik alaňlaryň arasy bilen geçýän inçejik ýol bilen barýardylar. Bu wagt Mälikdir Hajyň hiç haýsynyňam gepläsi gelenok. Olaryň barha güýçlenýän harasat zerarly togarlanyşyp barýan ketgenleri, başlaryny dik tutup, güýçli ýele zyg etmän oturan sazakdyr sözenleri synlap baryşlary. Göräýmäge Mäligiň bar ünsi rulda ýaly welin, ýöne çuň oýa batypdy. Onuň bar aladasy şu obaň adamlary hakyndaky gepleşigi çaltrak efire bermek, Begjanow ýalylaryň eden-etdiligini, öňlerinden çykylmazlygyň nämelere eltýändigini görkezmek. «Ýöne maskalylaryň kimdigini bilip bolaýan bolsa hasam gowy boljakdy welin, bolmady-da. Ýogsa-da olara goldaw berýänler kimkä? Ýa-da Begjanowyň aýdyşy ýaly bularyň ruhlandyryjylary has ýokarrakdaky edaralaryň ketdeleri bolaýmasyn. Ýeri, bolanda näme? Kimem bolsa dogry hereket etmeýämi, derrew temegine kakmaly, ýa-da gümüni çekmeli. Biziň wezipämiz şolar ýalyny ýüze çykarmak...» Hajy bolsa ýöne meýmiräp oturan ýaly. Bu wagt onuň göwni ekerançylyk meýdanlarynda ýer sürüp ýören traktoryň kabinasynda. ...Meýdanyň hasyly ýygnalyp, çöpi çapylypdy. Topraga dökünem berlipdi, Ynha indi näçe gün bäri şüdügär sürümi dowam edýär. Hajy ýer sürüp ýörşüne traktoryny saklady-da, töweregi synlady. Ahyrynam traktordan düşermen boldy. Şobada-da onuň gulagyna ýakymly saz eşidilip ugrady. Ýöne traktoryň tarryldysy oňa ine-gana saz diňlemäge maý berenok. Hajy traktoryny öçürdi-de, ýene-de töwerege diň saldy. Dogrudanam Mylly agaň uly hyjuw bilen çalýan sazy onuň kalbyna barha çuňňur ornaşýar. Hajy saza melul bolup durşuna töweregini synlaýar. Meýdan tutuşlygyna bugaryp ýatyr. Giden meýdanyň ýap-ýaňyja agdarylan topragyny synlamagyň özem özboluşly lezzet. Ol ýöräp barşyna toprakdan bir penjesini aldy. Ýylyjak toprak seçelenip ýatyr. Özem ol diýseň owadan. «Heý, şu mele topraga yhlas etmekdenem lezzetli zat bamyka? Näme üçin käbir adam şu topraga yhlas. etmäge derek, biderek-biderek zatlara baş goşýaka? Topraga hyzmat etmegiň şeýle lezzetlidigini şolar ýalyňam aňyna guýup bolsady...» Gidip barşyna Hajyň gözi töwereginde. Gyzaryp ýatan toprak, jyza baglaşyp oturan daragtlar, göm-gök öwsüp duran Köpetdagyň ýalçy gaýalary onuň göwün guşuny al-asmanda pelpelledýär. Ol güne seredip, howlukmaçlyk bilen traktoryna tarap gaýtdy. Hajy traktoryny otlamaga durandan niredendir bir ýerden Süleýmanowa peýda boldy. Ol sürlen meýdanyň aňry çetinde hiç zat gürlemän, ýöne ýylgyryp dur. Hajyň göwnüne bolmasa, ol bu gün hasam mähirli. Näme diýjegini bilmän, Halsy ýene-de birsalym durdy. Ahyrynam oňa tarap ýöräp ugrady. Indi onuň ädimleri ýapaşaga gaýdýan ýaly, barha gatalmak bilei. Soňabaka bolsa ädimler ylgawa ýazdy. Birden sazam tapba kesildi, Süleýmanowa-da gözden gaýyp boldy. – Dost, azaşypdyrys. Şemalam alyp barýar-aý... – Onda ýoldan gaty uzaga gitmänkäk, garaşaýaly-la ýel ýatyşýança... – Indi garaşmaly diýseňem etjek alajyň ýok... Harasat barha güýçlendi. Howaň bolşy ahyrzaman gopana döndi. Hajydyr Mälik «heý görnen zat bolmazmyka» diýip, beýige dyrmaşyp ugradylar. Gara ýeliň derdinden asman-zemin tapyşypdy. Bir ýerde dursaň ýel edil gömüp barýar. Olar depäň ýokary bilirägindäki sazaga yklap başlaryny basyrynyp ep-esli ýatdylar. Şol wagtam niredendir bir uzak bolmadyk ýerden tatyrdy eşidildi. Ses gelip ugrandan Hajam, Mäligem depäň iň beýik ýerine çykyp töweregine seretdiler. – Eý, o taýdan birtopar motorly geçip barýan ýaly-la – diýip, Mälik begenjinden ýaňa bokurdagyna sygdygyndan gygyryp ugrady. – Ehe-heh-heý. Eý bärik!!! Hajy barha golaýlap gelýän howpy aňan ýaly: – Ýuwaşrak-la! – diýdi. – Bular kimlerkänäý? – Çopan dagy bolaýmasa. – Haý näbileýin-dä. Çopan bolsa bir bor, iki bor. Bar köp bolsa bu çölde üç bor diýeli. Olar how, gaty köp-le. Be, özem indi göni bärligine gaýtdylar. Bizi gördüler öýdýän. Şol wagt motosiklliler oýda duran «Zaporožesiň» golaýyna gelip saklandylar. Olaryň üçüsi motosikllerini goýdular-da, Hajy daga tarap ýöneldiler. – Eý, Hajy bular şol maskalylar ýaly-la how. – Dogrudanam bärik gelýänleň iň öňdäkisi Aňkarowyň özi... Motosikllileriň bolşy gaty arkaýyndy. Olar indi maskalarynam aýrypdyrlar. Garadan gaýtmazlaryň her haýsynyň egninde nili kesilen tüpeň asylgy. – Ýer-ow goç ýigitler, ýol haýyr bola-da. Bu gürlän Aňkarowdy. Aňkarowyň sag tarapyndan ýöräp gelýän bärligine batly saýlandy-da, senmen ýok, gelip Hajyň ýakasyndan ebşitläp tutjak boldy. Hajy itip goýberenden ol beýläk zyňylyp düşdi. Barha güýçlenýän sowuk şemal edil içiňden geçip barýar. «Dogrudanam hazan diýilýän şu bolsa gerek...» Aňkarow ýoldaşlarynyň duran ýerinden öňräge süýşdi. – Ýer-ow Dagdanow! Internasionalist esger, ýagdaýlar niçik? Nädýä, «Şurawi» otrýadynyň işi ýola düşýämi? «Bular how, Owganystanyň duşmanlaryna garşy söweşen ýigitlermiş. Duşman diýilýänler beýle nalajedeýin adamlarmykanaý, şulara daga-da... Haý, siziň bir... Aňkarowyň bagyr ýaly rehim-şepagatsyz ýüzi durdugyça hyrsyzlandy. – Wah, kysmatyňyz şeýle bolsa biz nädeli... Hajyň möjek sürüsi bilen başa-baş söweşe taýýar ýaly bolup durşy. «Be, eger-de adamlary goramaly, olara howandar bolup, hemaýat etmeli edaralaň ýolbaşçylary şeýdip ýören bolsa, jemgyýetimiziň işiniň gaýdyp ýördügi däldir-dä hernä...» Harasadyň şol güýçlenip gidip oturyşy. Syraýan çägeden ýaňa gözüňi açar ýaly däl. Sazakdyr sözenleriňem bu harasada, bu apy-tupana döz gelmeýän ýaly şol zaryn-zaryn şuwlap durşy... Soñy. Amangeldi ŞYHLYÝEW. | |
|
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
√ Baga bagşy -10: Çarhy-pelegiň oýny - 08.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanyñ üç ýoldaşy - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň soñy: Bamyny agladan aýdym - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Melek kebelek - 03.07.2024 |
√ Baga bagşy -4: Halypanyň demi - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Taraşa -2/ powestiñ dowamy - 01.02.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çakylyk - 06.03.2024 |
√ Oñat oglan / powest - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||