14:34 Oýun bilen çyn | |
OÝUN BILEN ÇYN
Edebi makalalar
Oýun hakynda oýun edip bilsedim, gaty gyzykly bir zat bolardy. Sebäbi çyn hakynda-da çynyň bilen bir zat aytmaga çalyşsaň ýa ýürekgysgynç ýa-da düşnüksiz, çylşyrymly bolýar. Üns berseňiz, degişmä salybrak çynyňy aýtsaň, garaşanyňdan täsirli bolup çykýar. Eger bu dünýede oýun bolmadyk bolsa, biz çynyň aşagynda gark bolup giderdik. Oyun täsin närse. Kä halat şeýle bir gaharyň gelip, janyň ýananda ýene oýna salsaň, gaharyň ýatyşyp, janyň ýangynjyna suw sepilen ýaly bolýar duruberýär. Emma meniň ol oýun däl-de, çagalygymyň oýny hakynda gürrüň edesim gelýär. Onuňam sebäbi henizem özümi çagalygymyň oýnuny dowam edip ýören ýaly duýýaryn. Çagaka her kim bir oýna gyzygýandyr. Bu beýle bir möhüm zadam däl ýaly, ýöne men çägeden köşk ýasamagy gowy görýärdim. Kiçijikkäm biziň içerimizde Görogly köp okalardy. Elden-ele geçip daşy könelip giden kitabymyzda Göroglynyň atly köşgüň üstünden uçup barşynyň hem onuň çürbaşyndaky altyn gupbany ýaý çekip urşynyň suraty bardy. Men sol altyn gupbaly köşgi yhlas bilen gurardym. Daşynyň galasyna, içiniň köçelerine çenli yasamaga çalşardym. Çygly çägä ähli yhlasymy siňdirerdim. Soň... soň garaňky düşüp köşgümi goýup gitmeli bolýardym. Tomsuň güni daşarda ýatýardyk. Meniň galam hem uzakda däldi. Aý-aýdyň gije ak çägeden guran galam kölegeleri, öwüşginleri bilen täsin görünýärdi. Köşgümde kä Hüñkar patyşa, kä Görogly ýaşaýardy. Köşgüm Hünkar patyşanyňky bolanda onuň gaharly hem ahmyrly sesi ýaňlanýardy. Göroglynyňky bolanda welin Sapar kösäniň degişmesine gülüşýän kyrk ýigidiň şadyýan sesi, Göroglynyň namasy eşidilýärdi. Men galamdan gözümi aýryp bilmän ýatyşyma uklap galardym. Ekzýuperi "Men çagalygymyň dünýesinden gelýärin" diýýär. Onda, megerem, biziň her birimiz çagalygymyzyň oýunlaryndan gelýäris. Bu oýun nirede, haçan çyna öwrüldi ýa-da asla şol oýunlarymyz dowam edip ýörmi bu sowalyň jogaby mende yok. Birden-birden çagalygymyň oýny çyna, bu çyndyr öýdip başagaý bolup ýören dünýämem oýna-da meňzäberýär. Kähalat kükregimi howadan doldurmagymy oýun, demimi göýbermegimi çyna meňzedýän. Bütin ömrüni kolhoza bagyşlan kakam pahyryň bir gürrüňi hiç ýadymdan çykanok. Gyşyň güni ýary gije kolhozyň suwçusy: "Başlyk, böwet ýykyldy" diýip, kakamy turuzýar. O döwürler käriz suwuna tutuş kolhozyň ekinleri suwarylardy. Suwuň her damjasy hakykatdan-da gyzyldan-da gymmatlydy. Kakam barşyna böwediň ýykylan ýerine özüni urýar. Suwçy bolsa haýdap kakamyň öňüne ýandak, çöp-çalam basyp, soň gum atmaga başlaýar. Şeýdip olar ýykylan böwedi täzeden basýarlar. Kakamyň öýe gelip näçe içmege dolansa-da galdyrap ýatyşyny göz öňüme getirýärin. Ýogsa, o döwürler men entek dünýä-de inmän ekenim. Şonda-da edil galamdan Göroglynyň namasyny eşidişim ýaly ejemiň adyny tutup "Ody güýçlüräk ýak" diýýän kakamyň sesi gulagyma gelýär. Kakam pahyr öldi gitdi. Kolhozlaram dargady. Dargamalydy, dargady. Kakamyň kolhozyndanam edil meniň çägeden galdyran galam ýaly hiç zat galmady. Onda kakamyň ömrem oýun bilen geçäýdimikä? Hany onda çyn? Men muny kakamdan dirikä soramandyryn. Ruhy bolsa "Edil beýle-de däldir, oglum" diýýän ýaly. Belki, meň galamam, kakamyň kolhozam oýun däldir-de, biziň üçin deňinden geçilen her zat oýna meňzäp galýan bolaýmasyn?! Ýa-da ynsan oýun oýnan ýaly edip çyny döredýärmi? Eger çyny wagtyň dürbüsi bilen gözlesek, ol näçe gözümize dürtülse-de oýun bolup görner. Okunda aýlanýan Ýer togalagynyň bir çaganyň pyrlap göýberen togalak pökgüsinden tapawudy nämede? Birinde çägeden salan galasyna seredip uklap galýan oglanjyk bilen kolhozyna çyndyr öýden pyýadanyň ýaşandygyndamy? Bu Ýerem bir gün pyrlanmasyny goýar. Şol günem biz onuň üstünde oýnuň ýok ekendigini bilip galaýjak ýaly. Sekizinji gatdan daşaryk seredip durun. Uzakda Garaşsyzlyk binasy hellewläp görünýär. Edil aşakda bir yigit bilen gyz aralaryna bäş-alty ädim ýer goýup gürleşip dur. Hon-ha biri gyssanmaç haýdap barşyna zol-zol sagadyna seredýär. Beýle tarapdanam iki kişi gelýär. Olar ellerini galgadyşyp bir zadyň jedelini edýär. Aňyrrakda bolsa oglanjyklar aşyk oýnaşyp ýör... Töre HANGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |