20:02 Men dünýäniñ daragtynyñ ýapragy | |
MEN DÜNÝÄNIÑ DARAGTYNYÑ ÝAPRAGY
Edebi makalalar
Gurbannazar Ezizowyň çagalygy hakynda ejesi Gülnabat daýza şeýle gürrüň berýär: - O wagtlar Tejende oturýardyk. Gurbannazar bolaýsa, 6-7 ýaşyndady. Bir gün öýe girsem, ýaňky ýarym-ýaş aglap otyr. "Näme boldy, Gurbannazar jan?" diýsem, "Hommat kör, yalan sözleseň, kyýamatda oda ýakýarlar diýdi" diýýär. Hem aglaýa, hem hynçgyryp gepini düşündirjek bolýar. Hommat kör diýýäni özüne görä ekabyrrajyk oglandy. Ynha, şoň gürrüňine ynanyp, gözünden döküp otyr. "Gurbannazar jan, sen ýalan sözläňog-a. Ullakan oglan bolupsyň, aglamaly däl-ä indi sen" diýip, zordan köşeşdirdim. Şeýle ynanjaň, şeýle sadady-da... O wagtlar birinji synpda okaýardy. Biz Tejende, ileri başrakda, eýwanly hökümet jaýynda oturýardyk. Her daňdan gaýradan uly sygyr sürüsi gelýärdi-de gapymyzyň deňinden geçip gidýärdi. Gurbannazaram "Süri geçende meni turuzgyn" diýerdi. Turuzardym welin, gözüni açalak-ýumalak edip, copana şol sygyrlary geçelgeden geçirişip yzyna dolanardy. Hudaý gün berse şeýderdi. Käşgä çopan ony-muny berip aldaýan bolsa. Turuzmasam gynananrdy. Şeýle geň çagady-da. Gynanyşam uly adamyňky ýalydy. Çaga torsaran bor, öýkelän bor. Onuň welin ýüzi sallanaýardy. Onsoň dözmezdim. Her gün oýarardym. Gurbannazaryň sygyr kowuşmakdan näme lezzet alandygyna düşünmek kyn. Çagadyr bir gezek, iki gezek höwes edip, soň bes edäýjek ýaly-da. Gülnabat daýza onuň bu häsiýetini maly gowy görenligi bilen düşündirýär. Ýa-da, ynha, "Şo wagtam Tejendedik, bir owlaklyja geçimiz bardy. Şony satdykmy, soýdukmy, ýadyma düşenok welin, Gurbannazaryň gynanjyna gözünden döküp oturany gözümiň öňünde. Şeýle maly gowy görerdi. Ulalansoňam horaz soýdurjak bolsaňam goňşulary çagyrma- lydyr. Gurbannazara aýtsaň, "Yüregim bolanok" diýip oturandyr. Göwnüme, çagalygyndan ulalmadyk ýalydy-da" diýip, Gülnabat eje gürrüň berýär. Ejesi Gülnabat eje-de, aýaly Halnabat gelneje-de, Gurbannazary içgin tanaýan beylekı adamlar-da gürrünlerinin içinde gaty kän gezek "çaga ýalydy" diýdiler. "Çaga ýaly ynanjaňdy", "Çaga ýaly ýüregi yukady', "Çaga ýaly mähirlidi", "Gyzygan zadyna çaga ýaly gyzygardy"... Injilde Isa pygamber bir çagany ýanyna çagyryp şeýle diýýär: "Hakykaty aýdýaryn, eger-de bet päliňizden gaýtmasaňyz we çaga ýaly bolmasaňyz, jennete barmarsyňyz. Kim näçe çaga ýaly bolsa, şonça-da jennetidir." (Matta 18. 2-4). Adam ýaşadygyça, durmuş tejribesi artýar, öwrenişip bolmajak zatlar bilen öwrenişýär. Onuň kalby yagandan soň köp wagtlap eremän ýatan gar ýaly kirleýär. Gurbannazar welin, başky pakizeligini durmuşyň ýeňlişlerinden, ähli adama mahsus bolan şöhratparazlykdan, göriplikden, bahyllykdan... gorap saklap bilipdir. Göwnüme bolmasa, onuň iň uly goragçysy hem tä alty ýaşyna ýetýänçä, kaka ornuny tutan, kakasy gelensoň-a hasam uly mertebä göteren atasy Hümmet aga bolsa gerek. Gurbannazar biziň ruhumyzy ýuwýan goşgulary ýazýarka, şol goşgular ilki bilen onuň öz ruhuny yuwan ýaly görýärin. "Kulhuallany" okap "Şu gosgy bilen ýazylan, menem şu şekilde ýazasym gelýär” diýen Gurbannazar diñe bir şekile ýa-da owaza üns beren däldir. Gurbannazar garry atasy Çaka mollanyň, atasy Hümmet mollanyň ruhuny tamiz saklap bilen bu aýatlaryň güýjüne-de, olaryň pākizlige çagyryşyna-da, megerem, diň salandyr. • Ýeke özüň söýüp ýörseň elmydam... "Ýalan sözläniň üçin kyýamatda oda ýakýarlar" diýip aglamasagam biziň hemmämiz çagakak sada hem ynanjaň bolýarys. Adama berlen bar ömür-ä ýetmiş-segsen ýyljyk, onuñam esli bölegini mana düşmez çaga bolup geçirýäris. Niçikmi, aga- gara düşünip ugraýarysam welin, garrylyk ajaly yzyna tírkäp gelýär. Garrap ölüp bilseňem şükür edýäň. Gurbannazaryňky ýaly, diýen wagtyň ölüp ötägitmegiňem mümkin. Öğler çagalyk diýlip biderek geçýän ýyllara gynanardym. "Adam dünýä inenende, gyzyletene dogulman, güýçli, kuwatly, akylly-paýhasly dogulýan bolsa, bolmaýarmy" diýip pikir ederdim. Ýaşadygymça-da Hudaýa şükür edýän, çagalyk diýip şeýle ajaýyp ýyllary berenine, o ýaşymyzda ýüregimiz arassa, kalbymyz päk ýaşapdyrys. Şindi-şindem çagalygyňy ýatlanyňda ýüregiň durlanan ýaly bolýar. Öňräkki ýyllar iş ýerimiň golýynda "Çagalar dünýäsi" diýip uly magazin bardy. Günortan nahar wagty her gün diyen ýaly şol magazine aýlanardym. Hiç zadam satyn almazdym. Ondaky oýnawaçlar dynjymy bererdi. Sary diş adamlardan soň o dükana gireňde başga dünýä düşen ýaly bolýar- dym. Eger çagalygymyz bolman, göni şu köpbilmişligimizde dünýä ināyen bolsak dagy, gör, nähili betbagt bolardyk. Kiçijikkäk aldyran suratymyzdan gözümizi aýyryp bilmän oturýarys. Wah, şojagaz ýaşym gaýdyp gelsedi diýýäs. Şol wagt aýnadan öz ýüzüne gözüň düşäýse, öz-özünden utananyňy duýman galýaň. Çaga diýlen perişde ýaly arassa zat-da. Ýöne biz ulalýarys. Öz arassalygymyzdan, ynanjaňlygymyzdan awunan gezeklerimiz üçin wehimli bolup başlaýarys. Mekirleşýäris, dünýä düşünýäris, aldanan gezeklerimizi ýerine saljak bolup, başga birini has beter awundyrýarys. Biz edil yitiren çagalygymyz üçin ar alýan ýaly. Käte ony aňry ýany bilen başarýarysam. Gurbannazar näme, şol çagalygyna galaýdymyka? Ol şeýle bagtlydymyka? Şeýle Hudaýyň halan adamsydymyka? Oňa gözüm gidýär. Dirikä-de onuň bilen sähel salym gürleşen adamyň oňa gözi giderdi. Gyz-gelinleriň-ä oňa aşyk bolmadygy ýokdur. - Halnabat gelneje, birhili gelşiksizrägem welin, Gurbannazary gyzkaňam tanaýarmydyň? - Ýok. - Öýlenmänkä, görjek dagam bolmanmydyr? - Görjek diýipdir. Kerim aga bilen barypdyrlaram welin, görübilmändir-dä... Ýüregim jigläp gitdi. Onun gyzka Gurbannazara görnüp bilmändigine gynanjy görnüp giden ýaly boldy. Türkmen, seniň edebiñe döneýin. Hudaýym, şu bir senden aýrylmasyn. Görüşmän, bilişmän durmuşa çykan bu gelniň telim duşuşyp durmuşa çykanlaryňkydan kän çuň duýgusyny gözüň bilen görmeseň, näçe ýazsaňam bärden gaýtjak. Şonda-da ýene hemmesi täzeden başlanaýanda-da, onuň durmuşa çykjak oglanyna görünmek üçin daşaryk çykmajagy aýan görnüp durdy. Goý, ol Gurbannazaram bolsa bolubersin. Şeýle edebiň bolmasa, şeýle söýgi sende nädip ýerleşsin?! Ýogsa, bary-ýogy on ýyljyk bile yaşaşan gelin Gurbanmazary ýekeje sagat artyk görüp bolýan bolsa görsem diýerdi. Ol ony yigit çykansoň dāl, çagalygyndan göresi gelýārdi. Mekdebe bile gatnasy, bir partada oturasy gelýärdi. Ýazgyt diýýärler. Biri-birlerini yeke gezegem görmedik, ýöne, şeýle biri-birlerine taý adamy iki dünýe ýoldaş eden ýazgydyň ýazylan pursady nahili ajaýyp, täsin pursatdyka? Megerem, şol wagt periler-perişdeler begençlerine hakykatdanam guş bolup uçandyr. Käte Ýer ýüzüniňem şeýle täsin owadanlanýan salymlary bolýar. Mümkin, şol sähelçe salymlarda şolar ýaly üýtgeşik ýazgytlar ýazylýandyr. Halnabat gelnejäniň gözlerinde näçe gussa görsemem, Gurbannazara sataşanyna gynanç görmeýärdim. Ýogsa, näçe islemese-de Gurbannazar ony ýaňy otuza ýetende ýeke goýup gidipdi. Biz hemme zady ýyl bilen ölçemäge endik edipdiris. Ýöne ýanyndaky bilen tükeniksiz ýyllar bäri bile ýaşap ýören zenanlaryň içinde Halnabat gelnejäniň şol on ýyljagazyna zar bolup ýörenleriň bardygy belli. Onsoň oturýaň-oturýaň-da adam ýyl diýlen, wagt diýlen zady özüni aldamak üçin oýlap tapaýan ýaly görýäň. Adamyň doglan güni bäbek bolup zemine gelen gününden däl-de has başgarak günden başlanyp, ölen günem deminiň sogrulan gününden däl-de has başgarak günden başlanmaýarmy eýsem?! Asla dogulman ölüp gidýänlerimizem aramyzda bar ýaly. Edil şonuň ýaly asla ölmeýänlerem bar. - Görmegeý, syratly ýaş oglan. Negözel ýokary bilimli gyzlar bilen bile okapdyr. Iň soňunda-da ýedi synp bilimli oba gyzyna, görmän-bilmän öýlenip oturberipdir diýýän kä wagt öz-özüme. Alty ýaş dört aý men ondan kiçi. Atasy pahyr elli dokuzynjy ýyl ýogalypdyr-da. "Ölmänkäm öýereýin, öýleneniňi göreýin" diýse Gurbannazar etmändir. "Şonda sen etmediň, öýlenmediň” diýýä-dä ejesi welin, "O wagt Hally kiçijikdi ahyryn. Men onsoň nädip öýleneýin?" diýýädi. Bizem gülşerdik. O wagt gülki gülki bolup görnerdi, indi welin, şo sözleri ýadyma düşýär-de... Halnabat gelneje sözlerini gutaryp bilmedi. Bokurdagy dolany, gözüne ýaş aýlanany üçinem dal. Käbir sözlemler bolýar, olary hiç gutaryp bolmaýar. Edil o sözler dile niýetlenen däl ýaly. Olary kişi gulagyna-da dözer ýaly däl. O sözler hiç gutarmaýar. Sahy Jepbaryň ogly Soltan bir gezek dañdan sagat bäşlerde Gurbannazarlaryñ köçesinden geçip barýan diýip gürrüñ berýär. Görsem çyralary ýanyp dur. Işleýändir, azar bermäýinem diýýän-de ýöne, teý, öýleriniň deňinden geçip bilmedim. Heý, Gurbannazaryň deñinden geçip bolýarmydy?! Onda-da tomsuñ güni, daň atyp baryan wagty. Howa üýtgeşik gowy, keýpim kök. Şeýle bir Gurbannazar bilen oturasym gelýär. Üstesine penjiresem açyk. Emaý bilen tutyny galdyrdym welín, şeýle bir täsin zada şaýat boldum. Görsem, küştün tagtasyny orta alypdyrlar-da gelni bilen Gurbannazar ikisi şaşka oýnap otyr. Ýok, men onuň ýaly täsinligi şu ömrüme göremok. Şol wagt içerde şeýle üýtgeşik dünýe bardy. Heý beýle dünýäni bozup boljakmy?! Men emaý bilen penjiräň tutusyny goýberdim... Töre HANGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |