15:14 Süzmeli söhbet | |
SÜZMELI SÖHBET
Edebi makalalar
- Indi goňşulardan süzme getirmäge-de men gitmeli-dä. - Dagy name, işşekçer çykan ogluň biriniň gapysyndan "Süzmäňiz barmy?” diýip barsynmy? Ýadyma öz oglanlygym düşüp gitdi. Biz o wagtlar şäherde agamlarda ýaşap, şäher mekdebinde okaýardyk. Köçämiziň o tarapynda azyk harytlaryny satýan dükan bardy. Maňa bir kile gant alyp gel diýipdiler. Barsam, kiçiräjik magazin adamdan hyryn- dykyn. Köpüsem aýallar. Delje şokaladmy, kökemi bir zat gelipdir. Giden nobat - men öň geldim-de, men belläp gitdim. Gant alman yzyma dolandym. Maña "Nalajedeýin", "Magazinden gant almanam oňarmaýañ" diýipdiler. Içim-içime sygman, içki jaýa geçip, ýassygy gujaklap ýatanym ýadyma düşýär. Men özüme gaharlanýanyma-da, öýdäkilerden öýkeleýänime-de düşünmeýärdim. Şol wagtlar näçe ýaşymdadygymy anyk bilemok welin, pesinden 14-15-ä bardyr. Aslynda, ulalamsoňam bu häsiýet menden aýrylmady. Talyp ýyllarym psihologlaryň adam häsiýetlerindäki kemçilikleri ýeňmegiň ýollaryny öwredýän kitaplaryny ýörite kitaphana gidip okardym. Depderçäme bellik ederdim, öz-özüne erk etmegi öwrenmek üçin ýörite maşklar ederdim. Ýeňmäge degişli häsiýetlerimiň in önde durýany çekinjeňlik bilen ulumsylykdy. "Dag yerinden üýtgäpdir diýseler ynangyn, emma adamyň häsiýeti üýtgäpdir diýseler ynanma" diyen adam, megerem, gaty dogry aýdypdyr. Çekinjeňlik menden ayrylmady. Elbetde, okan kitaplarymyňam, owrenen maşklarymyňam zyýany degmese degen däldir, ýöne men köplenç özümdäki çekinjeňlik duýgusynyň derdini çekdim. Setanda-seýranda dogumlyrak bir hereket edäýsem uly bir gala alan ýaly begenerdim. Emma mesele mende däl, bir adam çekinjeň bolany-bolmany bilen, belki, dünýede ullakan üýtgän zat bolmaz. Elbetde, Gitler ýaly biri edýän işinde ikirjiňlenip, çekinjeňräk bolan bolsa, dūnýe ynsandan utanmaly, ynsan dünýeden utanmaly bolmazdy. Utanjaňlyk, ýygralyk, öz-özüňi keseden synlamagy başarmak adamy bezeýän hem bolsa bir sowal maňa azar berýär - biriniň çekinjeňligi başga biriniň bihaýalygyna, ýüzügalyňlygyna yol açmaýarmyka? Bihaýany kiçijikkä "Berekella! Seni daşa daňsalaram hor bolmarsyň" diýip, onuň sypjyklygynyň, egri bolsun, dogry bolsun ugurtapyjylygynyň arkasy sypalanman utandyrylan bolsa, belki, bihaýa-da bihaýa bolmajak ýaly. Kimi durmuş terbiýeleýär, kimi ene-atasy. Dünýäň deňagramlylygy üçin ynsanyňam her hilisi gerekdir. Esasy özüň ýüzügalyňlaryň, bihaýalaryň arasynda bolmasaň bolýar. Meniň pikirlerimi bölmek islän ýaly, goňşym oturmaga geldi. Ýöne tamam çykmady. Ol hem oturyp-oturman oglunyň ýygralygyndan zeýrenip başlady. "Zehinem bar, akylam bar welin, özüň gowşak bolsaň, ýaryňça ýoklaram gala eýesi bolýar oturyberýär". Goňşymyň ogly, meniň agtygym, ýene biriniň gyzy ýetişip gelýär. Olar häzir ne çekinjeň, ne-de yüzügalyň. Ýöne uly tama baglaýan çagalarymyzyň kim bolup ýetişjegi biziň haýsy häsiýete aşyklygymyza bagly dalmi? Içimden: "Başga biriniň çagasyna "Alyp-ýolup barýar-aý” diýip gatyrgansak, öz çagamyzyň ýuwaşlygyna kāýinýāris. Bar aladamyzam, goňşym aýtmyşlaýyn, "gala eýesi" bolmak" diýip pikir etdim. Aýalymam: "Honha, biziňkem, "Goňşulardan süzme getirmäge utanýan” diýip etmän otyr" diýip, gürrüňe goşuldy. Emma ýüzügalyňlykdan bärde-de dogumlylyk, lellimlikden aňyrda-da öz mertebesini gorap bilýän bir häsiýet hem bardyr ahyryn? Ýöne ol häsiýetler şeýle bir dar köprä meňzeýär - edil syrat köprüsi ýaly, sähel çepe gyşarsaň, bihaýa, sähel saga gyşarsaň hem hakyny alyp bilmeýän lellim bolýaň. Ogullar, agtyjaklar! Ataňyz- a saga-sola köp urnandyr. Sizi bir beýle urunmadan Alla gorasyn! Oňa çenli gyzym: "Men gidäýeýin” diýip, boş jamy aldy-da goňşulara tarap ugrady. Goňşym: "Indiki gyzlar oglanlardan, aýallar hem erkeklerden edenl-ä" diýip güldi. Hemmämiz gülüşdik. Süzme-de geldi. Töre HANGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |