09:51 Hezreti Möwlana we "Çuwal serpen" | |
HEZRETI MÖWLANA we "ÇYWAL SERPEN"
Iş yerimde diwaryň ýüzünde: «Bolşuň ýaly sözle, ýa-da sözleýşiň ýaly bol» Jelaleddin Rumy - diýen ýazgy bardy. Men o ýyllar ägirt weliniň hakykatda «Görnüşiň ýaly bol, ýa-da bolşuň ýaly görün» diýenini hem bilmeýärdim. Adamlaryň jedelleri, iki ýana zybyrt-zybyrt gatnamalary maşynlaryndan hem öňe düşýän ýyllarydy. Göwnüm ümsümligi küýseýärdi. Edil ýaňy bir owganystanly ýigit ýanyma gelip gidende "Rumy däl, Balhy" bolmaly diýip janygyp gitdi. Emma sözleriniň ýoýulandygyny aýtmady. Megerem, ol hem anyk bilmeýän borly. Gelýänlerden köp kişi bu ýazgyny depderçelerine göçürip alsalar-da, ussadyň aýdanlarynyň anygyny aýdan tapylmandy. Gel, şonda-da gel! Kim bolsaň bol, şonda-da gel! Isle kapyr bol, isle butparaz bol, isle otparaz... - diýen Möwlana Ýer ýüzüniň ynsanlaryny ýüregine sygdyryp bilen wagty, adamlar ony paýlaşyp bilmeýärler... Bar zady unudyp ruhumy diňläsim gelýär. Ansatmy! Onuň üçin daşyň beýle-de dursun, içiňem dymmaly. Içiňi gepletseňem bu dünýä dolanyp gelýäň. Seslerden ýadaw, ümsümligiň aşygydym. Işden sütünim süýnüp öýe gelemde-de, kellämi ýassyga goýdugym uklap galýardym. "Işiňe gijä galýaň!" diýen sese-de oýanyp, alňasak örýärdim. Şeýdip ses bilen oýanyp, sesiň tolkunlarynda gark bolup ýördüm. Şeýle günleriň birinde-de Çaryýar Juma geldi. Arkasynda-da ýörite dokalan haly daşlykly tüýdügi. Çaryýar bilen öňem salam-heligim bardy, ýöne ony içgin tanamokdym. Bu kelte boýly, buýra saçly pyýadaň kiçigöwün ýylgyryşy bar. Oturyp oturmanka: "Näme ýüzüň salyk?" diýdi. "Үüregim gysýar» diydim. «Haý, onda hezil-le, dur, men göwnüñi açaýyn» diýen manyda bir yakymly sözler aytdy-da, hasyr-husur arkasyndaky toňkatar ýaly bolmasa-da, geň görünýän haly ddaşlygyny açmaga durdy. Menem turup gapyny içinden gurdum. Hudaýa şükür, jaň edenem bolmady. «Çuwal serpen» diydi-de, başlady tüydügi zarynlatmaga. Ýok, o ses ejiziň zarynlamasy däldi. Durşuna gussady diýesim gelýänem bolsa, gargy tüydügiň owazynyň gussasy göwnüňi çökerýän gussa däldi. Bilýän, ol owazyň, sesiň adyny tapyp bilmerin. Tapjak bolup näçe dyrjaşsam-da, owaz kän aňyrda galar. Meniň söz baýlygym hiç wagt ol sazyň deňine ýetip bilmez, deň nire, ýelesinden geçip bilse-de razy. Ol ses menin gözleýän ümsümligimdi. O ses sessizlikdi. Dünýäni unutdyryp ruhuňa äkidýän, akyp duran bir zatdy. "Çuwal serpen" dünýämi serpipdi... Çaryýar çalan bolsa 5-6 saz çalyp berendir (iş yerinde mundan artyk mümkin hem däldi), ýöne şol 15-20 minudy wagt ölçegine-de, hiç bir ölçege-de salmak mümkin däldi... * * * Şondan soň kän wagt geçdi. Çaryýar meni tüýdügiň sesini halaýanlaryň sanawynda soňrakylaryň arasynda goýandyr, menem ony "sazanda" diýip tanadym. «Uly» ýa-da "ussat" diýen ýaly sözleri "sazandaň" öňüne goşmanymy geň görme. Çünki kiçi sazanda, ussat däl sazanda bolmaýar, şonuň üçin ulyny «ulaltjak» bolmak nämä gerek? Çaryýar maňa garşy çykdy. - Seniň näme diýjek bolýanyňa düşünýän, «Men bir kiçijik sazanda» diýip, sazandalyk ýüküňi ýeňletjek bolma diýesiň gelýä, ýöne kiçiňi-hä bilemok welin, beýik sazandalar bar - Baky Maşak beýik sazandady, biz onun bilen deňeşdireňde ýöne bir tüýdükçi diýseňem gelser. Kiçigöwünsiräp diýýändir öýtme, men Baky agadan gargy tüydügi çalmany üç ýyl öwrendim, onda-da öyünde ýaşap öwrendim, emma onuň ussatlygynyň ýarpysyny başarýan bolsam, o-da belki... Şeýtdi-de biz eslije ýyl görüşmedik. Nesibedir-dä, bir zerur iş üçin Çaryýary gözlemeli boldum. Telefonda adymy aýdanymdan bada-bat tanady. Ýanyňa baraýyn diýsemem etmän, gelermen boldy. Geldi, ýene-de şol kelte boý, ýöne saçlarynyň buýrasy ýatyşan ýaly, ýene şol kiçigöwün ýylgyryş, yene-de şol bir wagtky owaz... sesleriň, jedelleriň baryny ýatyryp ümsümligi döredýän, saňa dünýäni unutdyrýan, ruhuň bilen gürleşdirýän, şyggyldap gelýän täsin ses. Soňam az salym gürleşip oturdyk... - Käte menden "Tüýdüge imrindiren sebäp näme?" diýip soraýarlar. Bilmedim. Belki, gargy tüýdügiň owazydyr. Baky aganyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren sazlarydyr, ýa-da bu saz guralynyň şol döwürlerde halkyň arasynda ýitip barýanlygydyr. Kim bilýär, durmuşdaky kynçylyklary ýeňip geçmek üçin sebäp bolan bir mümkinçilikdir. Şuňa "tüýdük" diýýän welin, birhili bolýan, bu bir ýürekden çykýan iň ýogyn gan damar bolýandyr, türkler oňa gowy at beripdirler, «şa damar» diýýäler, bu şonuň ýaly bir zad-a. Men muny daşary ýurtlaryň 10-15-isinde çaldym. Komboja, Hindistan, Germaniýa, Polşa, Wengriýa, Türkiýe, Owga- nystan, Eýran, Ýaponiya, Päkistan, Angliýa, Hytaý..., garaz sanasaň ýene sanap oturmaly... - diýip Çaryýar Juma gürrüň berýär. * * * Nesibäm çekip Türkiýä - Konya şäherine, «Boluşyň ýaly görün...» diýip, ynsanyň aňsat-aňsat başarmajak işini wesýet eden Piriň guburyna zyýarat etdim. "Ya hezreti Möwlana" diýlip ýazylan gapydan nädip ätlänimi bilemok - o ýer Yeriň üstünde ýerleşen başga bir yerdi. Gargy tüýdügiň sesini ýatladýan naýyň owazy adaja eşdilýärdi. Allanyň 99 ady sanalýan, togsan dokuz düwmeli, her düwmesi başam barmak ýaly ululykda towlam-towlam edilip goýlan tesbiler, "Diwany Kebir", Möwlana Jelaleddin Rumynyň we kakasynyň, egindeşleriniň gubury... Ayat-töwir okaýarys... Töwerek sessiz owaz, perdesiz saz, sözsüz kelam... Bu ýerde diňe gözler ýaşlar bilen gürleşýär, sessiz-sedasyz..? Birdenem hatara düzülip goýlan türkmeniň gargy tüydügine menzeş naýlara gözüm düşdi. Gulagyma Çaryýaryň "Çuwal serpeniniň" owazy geldi, dünýämi serpen "Çuwal serpen..." Aňymda owaz derwüş deýin aýlanýar. Oturasym gelýär. Başymy topragyna sürtesim gelyär. Seniň ýanyňa gelip, duşundan geçýänleriň, surata düşýänleriň hetdi-hasaby yok. Dilegler eşdilenok... Ony her kim içinden edýär. "Seniň däl, seniň yzyňy, yzyňy däl, yzyň yzyny, yzyň yzyny däl yzyň yzynyň yzyny... (tutuş sahypany yzlardan dolduryp, ýene-de köp nokat goýasym gelýär), eýerip bilenlerden bolsam" diyip dileg edýän. Aňym yzlardan, owazlardan, naýlardan, gargy tüýdüklerden doly... Çuwal däl, gursagym serpilen, türkleriň «şa damar» diýýäninden gan däl owaz akýan ýaly. Ýa hezreti Möwlana! Ruhuňy bimaza edäyen däldirin-dä?! Seniň huzuryňda bolşum ýaly görünenimi duýdum, emma... emma adam sili itekleýär... fotoapparat ýylpyldap gidýär. Huzuryňdan aýrylaryn yene «Bolşum ýaly görünmek» derdim bolar. Seniň bolsa şol bir bolşuň. Gel, şonda-da gel! Kim bolsaň bol, şonda-da gel! Isle kapyr bol, isle butparaz bol, isle otparaz... Isle ýüz gezek bozanlardan bol tobaňy... Şonda-da gel! Biziň dergähimiz umytsyzłyk gapysy däl; Umyt gapysydyr. Ýene gel... - diýýäň. Gelip bilsek, işiň müşgüli şü, eý, hezreti Möwlana! Töre HANGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |