15:09 Ýoldan soñky ýodajyk | |
ÝOLDAN SOÑKY ÝODAJYK
Edebi makalalar
Ýazyň ahyry ýoluň ýakasynda baldagyndan döwlen güljagaza gözüm düşdi. Bägül, gülälek diýen ýaly belli gülem däl. Çopantelpegem bolsa tanardym, haşal otlaryň arasynda açylan mawy reňkli ýönekeýje gül. Şonda-da nebsim agyryp gitdi, "Köçede depelenen güle gynandym" diýip, ullakan gussa ýasajak bolamok. "Bäh, mundan-a gowy gosgy yasap bolardy” diýilýän ýaşdanam geçdim. Ûöne ojagazam Gün şöhlesine açylandyr, baharyň ýakymly şemalyna başyny yrandyr. Käwagt sazyň aşyklary dutary yranyp diňleýändirler. Alla doga edýän takwa kişilerem tutuş göwresi bilen yranýandyrlar. Ana, şolar ýaly täsin yranma, ýaýkanma güllerde-de, agaçlarda-da, goňurbaşda-da bardyr. Yranar, ýakanar oturar, ne ýadar, ne-de ýaltanar, ne-de irer, Yranyşlarynda şadyýanlygyň, bagtyň alamatlary bardyr. Olardan "Bagt nämekä?” diýip soraýasyň geler. Soraýaňda-da olar: "Allany ýatlap ýaşamak. Oña doga edip yranmak" diýäýjekler ýaly. Emma indi ol güljagaz ne ýaýkanar, ne öser. Aslynda, tomsam geldi. Indi öňi-soňy ol gül guran götinsümerleriň arasynda solar gider. Gynananyňa-da ýa degýär, ýa degenok. Ondan beterräk zatlaram saralyp solýar, sen bolsa gep owadanlap haýsydyr bir adyny bilmeýän gülüñ gürrüňini edýäň. Siziň oýuňyza ynsan düşendir. Ynsan özüni güle meňzedegen-dä. Meňzemänem duranok - näzik, owadan, aşyk... ýöne ynsan bilen gülüň arasynda Ýer bilen Gök ýaly tapawut bar eken. Elliden geçenlerem: "Köp büdredim, kän ýykyldym. Ýöne şükür, oňuşmazça däl" diýer. Ýaňy aýak bitip, ylgap ugran çaga-da kõp ýykylýandyr. Kähalat gatyja-da ýykylar, ýarym-ýaş aglar. Hiç kim golundan tutup galdyrmasa-da ýene sesini goýup turar gider. Adamzadyň tebigaty şeýle. "Emma ýykylmak bar, awunsaňam turulýar. Başga-da bir eýmenç ýykylmak bar - iň soňky gezek. Ondan soň turulmaýar..." diýmäň. Sebäbi ölümem adamyň badyny almaýar. Ölüm gutulgysyz. Gutulgysyzlygy hem onuň çykalgasy. Ölüm ýassygyna başyny goýanam "Ölümden gaçyp gutulan ýok. Wagty gelse, hemmämizem gitmeli" diýip, ýol gutaransoň hem özüne inçejik ýodajyk edinýär. Şeýle. Ýöne şol ýodajygam gutarýar. Ölümden soň name? Ölümden soň bir biçäräni Alla dowzaha buýrupdyr. Bende idenekledilip alnyp barylýarka, bir yzyna gaňrylyp seredenmiş. Ynsanyň müýnüni bilse-de bir naýynjar seretmesi bardyr. Alla "Bendäm nämä seretdiň?" diýip sorapdyr. - Men dowzaha gitmäge razy. Ýöne sonda-da umydym bardy. - Bendämiň umydy gyrylmasyn, girsin jennete! Menem giderin, bararyn Ýaradanyň huzuryna. Ýaradyşyna laýyk ýaşap bilmänim üçin başymy müýnli egip duraryn. Şeýtany özüme duşman edinmändigime ökünerin. Soňam... soňam umyt bilen Oňa serederin. Başga hiç zadym bolmasa-da umytjagazymyň bardygyna çalaja begenerin. Bu gün bolsa şojagaz umydymy gül goran ýaly gorap, başardygymdan berjaý etmäge çalyşýan ybadatym bilen suwarýaryn... Ýok, ynsan köçede ösüp oturan güljagaza asla meňzänok. Töre HANGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |