21:04 Ýollar, ýollar... | |
ÝOLLAR, ÝOLLAR...
Edebi makalalar
Ony Tejende gördüm. Dürli reňkli mata bölekleri biri-birine düwlüp, hajathana çenli çekilipdir. Bir bada munuň nämä gerekdigine düşünmän, düşünjegem bolman öý eýesinden: "Bu näme-aý?” diýip morta soradym. Ol müýnli ýaly "Kakamyň gözi görenok” diýdi. Körlügiň ýa-da kör kakaly bolmagyň näme aýbynyň bardygyny bilemok, ýöne näme üçindir, ýoknasyz bilesigelijilik eden ýaly menem soranyma utanyp gitdim. Tomsuň güni bolansoň, daşarda erigiň kölegesinde oturdyk. Oturyp uzagam oturmadyk - bir käse çaý içdik-de turduk. Emma çaýly käsäni elime alsamam, ýerde goýsamam, kör görgüliň ýoluna zol gözüm düşdi durdy. Hernä muny ýanymdakylar aňmadylar. Dogrusy, aňanam bolsalar bilemok, kän gürrüňe goşulyb-a bilmedim. Erikden alma, almadan üljä, üljeden aňyrda zat bolmansoň ýörite ýere kakylan şalmana kä ýerde aşagrakdan, kä ýerde ýokarrakdan, kä halpygrak, kä dartdyrybrak baglanan mata bölekleri beýikli-pesli, öwrümli ýola meňzeýärdi. Ýoldaşymyzyň kakasy biz gidýänçäk daşaryk çykmady. Yöne şonda-da onuň bir eli bilen "ýolundan" ýapyşyp dähedem-dessemläp barşyny görüp duran ýaly göz öňüme getirýärdim... Körhan kaka diýip bir garyndaşymyz bardy. Pahyryň iki gözem kördi. Bir köçe gaýramyzda ýaşardy. Emma her gün gelerdi. Kakam oňa "Haý, körsüreýän bolaýmasaň” diýip degerdi. Ol: "Şujaguzlaň sesi meni öýde oturdanok” diýip başymyzdan sypalardy. O wagtlar biz bolaýsak bäş ýaşlarymyzdadyk. Nädip, haçan gözden galanyny bilemok, ýöne Körhan kakamyzy gowy görerdik. Gelýänini gördügimiz öňünden çykyp idip alyp gaýdardyk. Munuň üçin ol bize Magtymgulyň "Gökje kepderisini" hiňlenip aýdyp bererdi. Her gün aýdaýmalydyr. Gününe goýmazdyk. Yogsa biz ol goşgyny ýat tutup gidipdik. OΙ kör gözlerini asmana dikip: "Bu gün bäş gündür ajam, Awum bergin ýa Aly!" - diýende, gökden bize görünmeýän aç laçyny göräýýärmikä öýderdim. Pahyr çala titreýän ellerini goşarymdan tirsegime çenli ýörederdi-de "Tirsejigiň aýlanyp gidýär, täret kylaňda suwuň töwerege dökülmez, aýlanypjyk akar" diýerdi. Onuň bu sözleri her täret kylamda ýadyma düşüp gidýär. Ol kör gözler bäş ýaşly çaganyň Alla ýadyna düşmän ulalyp, orta ýaşa ýetende-de namaza durjagyny nädip gördükä? O döwürler ors döwrüdi. Azan sesi çykmazdy, sanaýmaly garry oraza tutup, namaz okaýardy. Kakam pahyr "Ors dar balak geýse sizem geýiň, gysgasyny geýse sizem geýiň, hakyňyzy gidermäň" diýerdi. Hatda ors mekdebine saljagam bolupdy. Emma biz oba çagalary orsça hiç zat bilmeýärdik. Mekdebiň direktory, bir ors aýal "Okap bilmezler, kyn bolar" diýip almandy. Agalarym biziň ors mekdebine alynmanymyza gaty gynanypdylar. Kakam dagy Körhan kakamyň görýänlerini şol wagt göz öňüne-de getirmeýän eken. Elbet, gözliň öz gözi, körüň öz gözi bar boldugy-da. Ol gözleriň hersiniň hem öz görýän zatlary, görüp bilmeýän uzaklyklary bar. Bu gün teleantennalara çenli dürli habar beriş serişdeleri biziň gözümizi görgür, gözýetimimizi giňeltmäge çalyşýarlar. Hakykatdan-da munuň şeýle bolýandygyna biz ynanýarys. Ynandygymyzça-da körleriň görýänlerini duýmak ukybymyzyň peselýändigni aňmaýarys. Gözlerimiziň ýitiligi bilen pitjiň atýarys. Emma Ýer ýüzünde ynsanyň goýberýän ýalňyşlary, büdrelemeleri, dökýän gany, agdarylyşyklary, opurylyşyklary artmasa kemelmeýär. Tejenden Aşgabada tarap süýnüp barýan maşynymyz kä beýige dyrmaşýardy, kā aşak inýärdi. Uzak ýol birden böwür berip, birdenem oklaw ýaly gönelýärdi. Meniň göz öňüme körüň ýoly geldi. Erikden alma, almadan ülje agajyna, üljeden soň gaty ýere kakylan bir bölek şalmana baglanan kesindiler, gyýkyndylar, düwün bary düwlüp, çekilen ýol... Aslynda her bir ynsanyň edil şol bize görünmedik kör ýaşulynyňky çalymdaş ýoly bar ýaly. Ýöne biziň "ýolumyz" göze dürtülip durmaýar. Öz ömrümiň ýoly göz öňüme gelip gitdi. Ol özümden öň ýaşap geçenleriň hem özümiň ýaşan ýyllarymyň tejribesinden dörän, edil köne esgi gyýkyndylary ýaly, gyýkyndylaryndan, kä inçejik, kä gysga, kä çüýrük ynamlarymyň başly-barat biri-birine düwlen tanaplaryndan ybaratdy. Esassyz, ham-hyýal umytlarym bolsa gaty ýere kakylan şalmana meňzeýär. Düwünler näme? Ýalňyşlarymdan, ökünçlerimden, ahmyrlarymdan galan ýara yzlarymy?! Allanyň gudratyna haýran galaýmaly. Ol biriniň ýüz keşbini alaga-da beýleki bir bendesiniň ýüzüne goýmaýar. Ol her bendesine özüne mahsus, gaýtalanmajak sypat beripdir. Edil şonuň ýaly hem her kime bir hili ýol beripdir. Olar hem gaýtalanmajak, dürli-dürli ýollar. Ýogsa, olaryň ählisem Ýaradanyň Özüne barýar. Töre HANGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |