22:43 Seýranmy ýa Sergezdan? | |
SEÝRANMY ÝA SERGEZDAN?
Edebi makalalar
Iki ýaşulynyň geň söhbetine şaýat boldum. Olaryň sakgallysynyň sakgalyny daraklaýşyny, eňegi ýylmananynyň janygyp jibrinşini, önündäki käsesine guyan çaýyny sowap-sowamanka içişini we beýleki hereketlerini taşlap, başardygymdan diňe söhbetlerini kagyza geçirmegi dogry hasapladym. Ýetmezini özüňiz doldurarsyñyz-da, bolmasa. - Hä, agtyk ýaşy uzyn bolsun! Berildigi bolsun. - Taňryýalkasyn, aýdanyňyz gelsin. Agty- gam şu gezeg-a işem berdi. - Hä? Kynrak boldumy? - Ýok-la, Hudaýa şükür, bäbeklerem gowja, ejelerem. - Hä, onda na? - Aý, şu at dakmak iş boldy. - Nätdiñ-aý, indi hezil-le nähili at daksaň dakybermeli bold-a. Isle Moýsepit dak, isle Jelaletdin. Geň görjek yok. Ýadyma düşýär, ilki agtygym bolanda adyna Habybylla dakjak diýsem, oglanlar "aý-da, aý" bolşupdylar. - Biziňkilerem şo-da. Sen-ä, tüweleme, aýdanyňy etdirdin. - Hä, senem halan adyňy oglanlar halamadymy? - Ýok-la, meň üçin-ä näme at daksalaram ullakan nemedip duramok. - Aý, men-ä how, şu meselede yrymçyl. Göwnüme, adam öz dakylan adyna ýakynrak ýaşaýýan ýaly. Gowy adamlaryň adyna ýanap dakanyňy kem göreñok-da. - Hawa, ol-a şeýle. Ýöne, ine, Doýduk, Bessir, Ogulgerek diýip, gyz çagany kemsitmegem-ä birhili. Türkmen-dä eñen tarapyna eňäýýä-dä. Ýadyňa düşýändir-le, çagasyna Marlen, Stalkon dakyp ýörenlerem bardy. - Hmm! (biraz dymyşlykdan soň) Onda-da men-ä at dakmak yrymyny edil boş zatdyr-a öýdemok. - Aý, bilmedim-dä. Çem gelen adam dakyp bolasy ýok welin, Moýsepit dakanyň bilen ogluň Moýsepit bolýan bolsa bolaýmajakmy? - O diýýäniň dogry-la, onda-da adam pahyr ýagşy niýet edýä-dä. Görýän welin, sakgaldaş agtygyňa at dakmak gowy degnaňa degipdir öýdýan. - Beýle bir ulaldyp oturasy zadam ýok, dogrusy. Agtygam atsyz galasy ýok. Ýöne her zadyň bir ähmiýet bereniñe degýän derejesi bar dälmidir-aýt? - Howa-da indi bahym salkynlasa gerek? - (biraz dymyşlykdan soň) Gelin-ä Seyran dakjakmyş, enelerem ondan-a Sergezdan dakaýyň diýip turuzdy bir gopguny. Onsoň gaharyň gelmezmi? Samsyk diý-de goýaý. Kaka boljagam: "Onda Raj Gapur" dakalyň diýip gülýär. - Loh, loh, loh... Aý, solam-a boljak eken. Gapur ad-a türkmende-de bar. Rajam hindi- türkmen dostlugy bolar-da. - Seň ýadyňa oýun düşýä, sakgaldaş. Öýe barsaň biri şumjaryp otyr, biri hüňür-hünür edip, edil uçjak bolýan uçaryň bar. Beýlekisem, nätjegini bilmän, ýyrş-ýyrş eden bolup ýör. - Ýeri onsoň sen nätdiň? - Nädersiñ? Gelin diýeniň-ä özi çagaň öňüni dolan, ilkije çagam diýip Görogly dogran däldirin öýdenok. Sähel bir zat diýseňem öňküsiçe-de boljak däl. Enelerinem näme, saçy agaran aýalyňy taýaklap ýörjek-maýt? - Beý, birhiliräg-ä bolupdyr-aý. Enesi näme at daksam diýýä? - Aý, senem näme at diýip alyp ýataýdyň. Meň-ä dilimem öwrülenok Abdylbaky diýdimi, Abdylhalyk diýdimi bir zad-a tapyp otyrdy. -Ha... (Şol wagt bu ümlügiň näme aňladanyna düşünmedim). Oglum Batyr dakaýsak nädýä diýdi welin, ejesi oňam al petinden aldy. Ondan-a "Ugurtapyjy" dakyň diýýä. - Amantäjiň dili duzludyr. Gyzka-da şeýledi-dä. Bizden 4-5 ýaş kiçidir welin, bir başlasa bizem gepletmezdi. - Aý, şoň dili bar bolsun. Ahyry gaharyma turdum gaýtdym. How, ogul agtygyňyz bolupdyr, begeniň, degşiň, gülşüň oturyň-da. Näme sen ogluňa Batyr dakanyň bilen gylyç syryp gala gorajagyny näbilýäñ? - Beý, seň meseläni çözmän turup gaýtmaňam-a bolmandyr. Içeriň ýaşulusy sen ahyryn. - Ýaşulyň bor-maýt! Hersi bir kelle. - Aý, niçigem bolsa ýaşulyň sözi dinlener-le. Dinlener welin, menem name diýjegimi bilemok. Bilemok diýýänim meň üçin şo çaga nämä at dakylanda-da bolup dur. Hiç wagtam at diýlen zada ähmiýet bermändim. - Öten-geçenleň biriniň adyny dakaýsaň nädýä? - Olaňam barynyň adyny dakypdyrlar. Aý, şonam kän unap baramok. Ejeleriniň adyny dakyp "Goý, sesiňi, ýerçeken!" diýip ýörenem bar. - Senem-aýt, gapyşdyrýaň goýaýýaň, sen diýdirme, urdurma. - Urdurman bolsa bor-la. - Näme bolman? Öz ýanymda-ra urdurman, maňa görkezmän ursa-da özi Allaň öňünde jogabyny berer. - Aýdýan-a geçenlerimiziňem barynyň ady dakylypdyr diýip. - Beh, çagany atsyzam-a goýup bolmaz. Aý, dakylar-la bir zat. Gury seňem başyňy agyrtdym. Bolýa, men turaýyn. Adyňam bir alajy tapylar-la... Ýaşuly epeý-epeý ädimler bilen öýüne tarap ugrady. Onuň meseläni nähili çözenini bilmedim, ýöne meseläniň çözülmän galmandygynam bilýän, sebäbi atsyz galan çaga ýok. Töre HANGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |