00:34 Ýedigenim ýedi ýyldyz | |
ÝEDIGENIM ÝEDI ÝYLDYZ
Oýlanmalar
Telewizorda sirk oýunlaryny görkezýärdiler. Bir adam mähnet goňur aýyny oýnadýardy. Onuň gowuşgunsyz hereketleri geň görünýärdi hem nebsiňi agyrdýardy. Janawere artistlik ukyby berilmändir. Oňa ýalandan, ýasama hereketler etmek ýat. Muňa ynsan ökde. Menem oglankam artistlik edip görüpdim. Okan mek- debim telestudiýanyň golaýynda bolansoň, çagalar üçin teleoýunlary taýýarlaýan režissyorlar köp gelerdi. Yüzi yşnaklyrak okuwçylary saýlap, yzlaryna düşürip alyp giderdiler. Arap Gurbanowyň "Gülnar" atly eseriniň esasynda taýýarlanan telespektaklda baş gahrymanyň oguljygy bolupdym. Baş rolda-da Baba Annanow oýnaýardy. Pahyryñ meni bökdürip, gujaklap ogşaýşy şu wagtam göz öňümde. Alty Garly, Aman Gulmämmet, Hajy Annamämmet, Baba Annan... umuman, ussat artistlere hormatym uly. Yöne özüm çagalykdan bu käriň gyrasyny görenem bolsam, artist bolmadym. Dogrusy, höwesimem ýokdy, başarnygymam. Kä wagt oturýan-oturýan-da içimden "Sahnada artist bolmagy başarmasamam, durmuşda artistlik etmäni öwrenäýmeli ekenim" diýibem oýlanýan. Iň azarly ýerem öňi-soňy ýasamalyk etmän-ä bolanok. Bähbit aramasaňam, isleseň-islemeseň ýanyňdakyň göwni üçin ýylgyrmalam, gürlemelem bolýar. Aslynda, adamlaryň özara gatnaşyk çarhyny ýaglap, sazlap duran zat artistligi ýalam bolup dur. Adamyň akyllylygy, dogumlylygy, başarjaňlygy ýasamalyga ökdeligi bilen ölçenýän ýalam görünýär. Her zatda çyny gözleseň, ýürekdeşlik etseň "samsyk", hatda "diwana" adyny almagyň hem daş däl. Biri öňünden çykyp ýasama ýylgyryp salam berse, oňa "Ýasama ýylgyrmasana" diýseň terkidünýä meňzejegiň belli, Köpüň içinde yaşasan köpe görä bolmaly bolarsyň-da. Ýogsa-da dünýä sygman dagda, çölde gezip ýören mejnunsuň-da. Goý, ýasama bolsa bolsun, hoş söz bilen biriniň göwnüni göterseň, näme, erbetmi? Ýa-da bir zada gaharly, ýa gynanan bolsaň, töweregiňdäkileriň keýpini bozmazlyk üçin ýasama ýylgyrmagyň näme aýby bar? Gaýta sortduryp otursaň, aýp dälmi? Yöne sizde-de bolýandyr, şeýle bir "artist" adamlara duşýaň welin, "Bu adam öýünde, ýassykdaşynyň ýanynda bir öz hakyky bolşuna bolup bilýärmikä?" diýip oýlananyňy duýman galýaň. Belki, ukuda, düýşünde ol çyny bilen begenýändir, ýylgyrýandyr, gülýändir, aglaýandyr, janyndan syzdyryp, ýasamalygy unudyp gürleýändir. Eger şeýle bolmasa ondan betbagt adam bir barmyka? Onda yasamalygyň hem ýürekdeşligiň hem ýerini, çägini bilmelimikä? Meniň yzagalak, zelil göwnüm bu çäkli dünýäde çägi inkär etmek isleýärmikä? Jogapsyz sowallar asmandaky ýyldyzlara döndi. Olaryň hersi bir tarapa çagyrýar. Ýadyma düşýär, oglankak tomsuň güni daşarda ýatardyk. Ýedigenem her gije biziň üçin dogardy. Ony synlap doýup bilmezdim. Kakam Ýedigenleriň yedi doganlaryň Ülkeriň gyzyny alyp gaçyşyny gürrüň bererdi. "Altynjy ýyldyzyň öňünde çala ýyldyraýan ýyldyzy görýäňmi? Şol Ülkeriň gyzy" diýerdi. Biz doganlar Ýedigen ýyldyzlaryny gowy görerdik. Bir demde ýedi gezek: Ýedigenim ýedi ýyldyz, Ýedi gonar, ýedi göçer, Sanasam sogaby bar. - diýip sanamaga çalşardyk. Sanap sogap gazanardyk. Ol ýyllar ýasamalyk bize-de ýatdy. Gülsegem çynymyz bilen gülerdik, aglasagam. Daň agaryp gelýär. Ol çagalygymyň daňyna diňe meňzeýän daň. Öňümde elliden soň näçe ömür berlen bolsa bary ýatyr. Ony çynlakaýlyk bilen ýasamalygyň arasynda sary-sadylla bolup geçirmelimi? Şumy dünýäniň manysy? Daňdanam, daňdany ýatlasamam danyň ümüş-tamyşynda täret kylyp gelýän bir eli kündükli, bir eli hasaly segsenden geçen ejem ýadyma düşýär. Onuň öýmüzde ýeke özüniň namazyny okan ýyllary köp bolupdy. Birden ol elindäki kündügini ýerde goýdy-da "Oglum, sen iki arada elewremän, Allaň halanyny ediberende bolmaûarmy?" diýdi. Ol hasajygyna daýanyp basgançaklary sanaýan ýaly, ýcke-ýeke basyp barşyna "Dünýäň manysy Ýaradanyň söýgüsini gazanmak dälmi?!" diýende, oňa yokaryk galmaga kömek etjek bolup elimi uzadanym bilen basgançakda hiç kimiň ýokdugyny gördüm. Birdenem sagadym jyňňyrdady. Ol maña "Namazyňy geçirýän” diýip gygyrýardy. Gözümi açyp penjirä seretdim. Penjireden Allanyň elliden soň maña beren ömri görünýärdi. Daňam agaryp gelýär. Töre HANGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |