ÖZGERÝÄN ZAMANAMYZYŇ ŞYGRYÝETI
Türkmenistan döwletimiziň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşlarynyň aglabasynda umumy edebi mirasymyzyň hatarynda gadymy, köne we nusgawy şahyrlarymyzyň atlaryny hem häli-şindi ýatlaýar. Munuň şeýle bolmagy tebigydyr: türkmen halky, hemme zatdan öňürti, öz şahyrana çeşmeleriniň, şahsy durmuşynda dörän we durnuklaşan däp-dessurlarynyň esasynda terbiýelenip, aň-düşünjesini kämilleşdirip geldi. Edebi mirasymyzyň tas 70-80 göteriminiň şygyr eserlerinden durýandygyny nazara alsaň, munuň hakykatdan hem şeýledigine şübhelenmeýärsiň. Ýurdumyzda geçmiş şahyrlarymyza döwlet derejesinde, yzygiderli sarpa goýulýandygy hem şol sebäplidir.
Muhammet Zamahşarynyň, Baýram hanyň, Magtymgulynyň, Mollanepesiň, Hoja Ahmet Ýasawynyň döwrüne, ömrüne hem döredijiligine bagyşlanyp türkmen topragynda geçirilen we Nurmuhammet Andalybyň mirasy bilen bagly geçirilmegi göz öňünde tutulýan Halkara ylmy maslahatlar, Zamahşarynyň, Gaýybynyň, Magtymgulynyň, Gul Süleýmanyň, Mollanepesiň, Kätibiniň, Misgingylyjyň, Baýram hanyň, Garajaoglanyň, Mätäjiniň eserleriniň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky neşirleri, olaryň aglabasynyň gözel Aşgabadymyzyň dürli ýerlerinde gurlan ajaýyp ýadygärlikleri biziň sözümiziň görnüp duran delilleridir. Bu, elbetde, türkmen milletiniň şahyrana ruhly, göwni howaly milletdigini, şoňa görä onuň şygra aýratyn gadyr goýýandygyny hem aňladýar.
Garaşsyzlygyň ilkinji 10-15 ýylynda türkmen şygry tema babatda täze giňişliklere çykdy. Köpsanly labyzly syýasy goşgular, ululy-kiçili poemalar ýazyldy. Olarda döwlet Garaşsyzlygy, hemişelik Bitaraplyk, Döwlet simwollary – ýaşyl Baýdagymyz, Gerbimiz, Baky Prezidentimiziň şahsyýeti we işleri, Gurban hem Oraza, Nowruz baýramlary örän hyjuwly beýan edildi. Şu ýerde, ýeri gelende, tema ýaýrawlaryny giňeltmegi dowam etdirýän şygryýetimiziň ideýa-mazmundaky, žanr we çeperçilik babatlardaky ösüşiniň Täze Galkynyşlar we düýpli özgertmeler döwri bilen baglanyşyklydygyny-da aýtmak gerek.
Temadaky ýaýraw. Hormatly Prezidentimiziň diýarymyzyň durmuşyna dahylly ähli meselede alyp barýan özgerdiş çäreleri bilen bagly ýagdaýlar şygryýetde täze tema ugurlarynyň döremegini-de şertlendirýär. Mysal üçin, Türkmenistanyň umumy dünýä syýasatyna işjeň goşulmagy, goňşy döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk, türkmen bedewleriniň şöhratyny jümle-jahana ýaýmak, olary ösdürip ýetişdirmek, bilim hem ylym ulgamyndaky öňe gidişlikler, welaýatlarda döredilen täze etraplar, mawy gazymyzyň eksportyny artdyrmak, şu maksat bilen Hytaýa, Eýrana çekilen geçirijiler, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan ugry boýunça gaz geçirijisini gurmak baradaky tagallalar, obany özgertmek, daýhan hem onuň ýaşaýyş derejesi, Awaza syýahatçylyk we dynç alyş zolagyndaky işleriň güýçli depginde alnyp barylmagy, demir hem asfalt ýollar, sport hem saglyk, söýgi, dostluk, parahatçylyk we beýleki demokratik ädimler – bularyň hemmesi şygryýetiň tema giňişliklerini aňlatmak bilen birlikde, onuň reňbe-reňligini-de kepillendirýär.
Şahyrana duýguda özgeriş. Poeziýa, eger ol hakyky sungat eseri bolanda, ol ýa beýleki bir wakany, hadysany, tebigat görnüşlerini gürrüň bermek /opisaniýe/, gurak beýan etme /izloženiýa/ ýaly stil çemeleşmeleri halamaýar. Onuň nyşanalaýan zady ADAMDYR, adamyň Içki Ruhy ahwalatydyr we pikirlenme dünýäsidir. Ol dünýäni adam we onuň kalby bilen baglanyşdyryp analizleýär, adamyň ol ýa beýleki bir zada bolan garaýşyna çeper söz reňkleri arkaly täsir edýär. Şunda şahyr özüniň teswirleýän ýagdaýlaryna hususy düşünjesi, hususy duýgusy nukdaý nazardan baha berýär. Bu – poeziýanyň subýektiw tarapydyr, ýöne şol „subýektiw, hususy zatlar“ okyjylara ýetirilende obýektiw hadysa öwrülýär, ýagny, indi ol diňe şahyra däl, jemgyýete-de degişli bolýar. Ondaky şahsy duýgy-düşünjeler köpüň edil şonuň ýaly duýgy-düşünjeleri bilen bitewileşýär. Her bir aýratyn alnan goşgy okyja onuň durmuşa düşüniş laýykatyna görä täsir edýär. Biz Atamyrat Atabaýewiň, Orazguly Annaýewiň, Süleýman Ilamanowyň goşgularynda duýgularyň ýokardaky ýaly oňyn sepleşiklerini açyk-aýdyň görüp bilýäris.
Pelsepewi pikir ýöretme we ideýanyň kuwwatlylygy meselesinde hem täze Galkynyşlar we Düýpli özgertmeler döwrüniň şygryýetinde bellärlik ýagdaýlar bar. Nobatguly Rejebowyň, Kakabaý Gurbanmyradowyň, Mämmetnazar Babanazarowyň, Çary Ýegenmyradowyň goşgulary dünýewi häsiýeti, mazmyny filosofik usulda ýüze çykarýandygy bilen tapawutlanýar. Nobatguly Rejebowyñ „Latyn dili“, „Haýyşym: kalbyňy arassa sakla“, „Işle, ýürek, eger ýaşasyň gelse“ kimin goşgularynda gozgalýan meseleler örän ýiti, çuň filosofik terizde suratlandyrylýar. Onuň goşgusyndan bir bölegini okap göreliň.
Haýyşym: kalbyňy arassa sakla,
Seniň, gör, nähili ajap kalbyň bar.
Ýagtylýar ol gökde ýyldyrym çaksa,
Ýeke söze umman bolup tolkunýar.
Salkynlar ol säher ýylgyryp baksa.
Haýyşym: kalbyňy arassa sakla,
Sakla ony desterhan deý päkize.
Sen iýen päkize çöregiň hakla,
Bugdaý sözüňi diý kalby päk ile.
Haýyşym: kalbyňy howaly sakla,
Badalgaňdyr haýyň gaçyp geleňde.
Hiç bolmanda, pes işinden jahanyň,
Bet işinden göter ony belende.
Haýyşym: kalbyňy juda giň sakla,
Giň dünýede darlyk gelişmez, ynsan,
Kalbyň – bu dünýäden gaçybatalga
Hem saňa zyndan!
Ideýa taýdan kuwwatly bolan goşgular, diňe şeýle goşgular okyjyny özüne imrikdirip bilýär. Şeýle goşgynyň düşegi hyjuwdan, täze çeper tapyndylardan, üýtgeşik, täsin söz öwrümlerinden ybaratdyr.
Arada, zähmet rugsadyndakam obada – Akdepe etrabynda bäş-on gün bolup gaýtdym. Meniň baranymy eşidip, ýerli edebiýat muştaklary, bu ugruň mugallymlarynyň birnäçesi ýanyma geldiler. Söhbetdeşlikde, esasan, edebiýat, aýratynam şygryýet barada gürrüňler edildi. Şonda olar M.Babanazarowyň goşgularynyň göwnejaýdygyny, Guldurdy Sähetdurdyýewiň „Garagum“ žurnalynda çykan „Gaýypdan bir owaz“ poemasynda liriki mazmunyň pikir çaknyşmalary arkaly, filosofiýalaýyn häsiýetde berilýändigini aýtdylar. Olar şahyr gelinlerimiz Oguljemal Çaryýewanyň, Bahargül Kerimowanyň goşgularyny-da halaýan ekenler. Köpjiltli „Türkmen şygryýetiniň antologiýasyny“ görmek meýilleri, şahyrlaryň obalara döredijilik saparlary ýola goýulsa,okyjylar bilen ýerlerde duşuşyp dursalar, munuň örän peýdaly boljakdygy baralarda-da göwün ýüwürtdiler. Bu, elbetde, okyjylarymyzyň şygra bolan söýgüsiniň, talabynyň ýokary derejede saklanyp galýandygyny, mazmunly, täsirli çeper şahyrana eserlere olaryň teşnediklerini alamatlandyrýar.
Şahyrlarymyzyň her biriniň öz bir ýazyş, pikir ýörediş stili, tema çemeleşmekde özboluşly usul aýratynlyklary bar.
Aýdaly, Gurbanýaz Daşgynowyň, Ahmet Gurbannepesowyň, Bäşim Ödekowyň, Myrat Ömüriň, Seýitmämmet Hydyrowyň, Allaýar Çüriýewiň, Silgeldi Akmyradowyň stilleri biri-birini asla gaýtalamaýar. Olaryň eserlerindäki liriki gahryman meselesinde-de, bu hut şeýledir. Stilleriň şu hili dürlüligi sebäpli G.Daşgynowyň süýji dilli, gylygy ýumşak liriki gahrymanyny A.Gurbannepesowyň mydama çaý başynda söhbet edýän ýaly açyk göwün liriki gahrymany bilen çalyşjak gümanyň ýok. Şeýle özboluşlylygy Ş.Çarygulyýewiň, H.Hudaýgulyýewiň, M.Hanmämmedowyň, K.Rejebowyň, Ş.Abdyýewiň eserlerinde-de synlamak mümkin.
Žanr hem şekil baýlygy. Garaşsyzlygymyzyň başky on-on bäş ýyllygynda basnýa, elegiýa, satira we tankyt, ýaňsylama ýaly žanrlarynda eser döretmek ýatdan çykaryldy. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Täze Galkynyş we düýpli Özgerdiş syýasaty yglan edileninden soň, şygryýetimizde ýatdan çykarylan bu žanrlara degişli goşgular hem ýazylyp ugraldy. Anyk şahsyýetlere bagyşlanan şygyrlar-da metbugatda görnüp başlady. Häzirki wagtda murapbag, muhammes, muamma, rubagy, gazal, mesnewi ýaly gadymdan gelýän, soň ýüze çykan dörtleme, bäşleme, ak we erkin goşgular, ballada, üçleme, beýt , uzyn we gysga bogunly goşgular, hüwdi, küştdepdi, şygyr žanrlarynyň şekili hem aňladýan görnüşleriniň ýazylýandygy munuň şeýlediginiň tassyklanmasydyr.
A.Atabaýewiň „Yspyhan äheňleri“ eýran-türkmen halklarynyň dostlugyndan söz açýar. A.Allanazarowyň „Awaza tomsy“, S.Akmyradowyň „Çarlak guşlar yşga düşüp saýraýar“ goşgular toplumlary, D.Nuryýewiň kapyýasyz /ak setirlerde/ ýazan „Awaza derýasy“ toplumy bütindünýä ähmiýetli Awaza dynç alyş zolagynyň gurluşyk işlerinden gürrüň berýän bolsa, H.Baýramowyň „Diňe söýgi hakynda“, B.Kerimowanyň „Çagalyk döwrüme etsem syýahat“, „Ak bugdaýly atyzlaryň aýdymy“, A.Maýewiň Magymgula bagyşlan „Şygryýet äleminiň pälwany“ goşgy çemenleri, B.Ataýewiň „Gawun gudraty“, M.Ömüriň „Garagumnama“ liriki poemalary atlaryndan hem görnüp durşy ýaly dürli temalary şahyrana şekillendirýär. Rubagy, murapbag, gazal, dörtleme, erkin, muhammes, mesnewi, bagyşlanma ýaly şygyr görnüşlerinde bedew, ata-ene, söýgi, nowruz baýramy, bahar, watana söýgi, geçmişiň beýik şahsyýetleri ýaly temalarda Ç.Ýegenmyradowyň, K.Gurbanmyradowyň, A.Kirşenowyň, A.Baýhanyň J.Nurtaýewiň, H.Baýramowyň, M.Tuwakbaýewanyň, K.Rejebowyň okyjylary pikirlendiribem, olaryň estetik-emosional talaplaryny ödäbem biljek gowy goşgulary bar.
Elbetde, nähilidir bir üýtgeşik pikir tapanyň hem ony bogun galyplaryna salanyň bilen iş tamamlanmaýar. Esasy zat şol tapylan pikiriň obrazyny /keşbini, suratyny/ döretmekden, onuň okyjynyň aňyna täsirli we düşnükli bolup ornaşmagyny gazanmakdan ybaratdyr. Gynansagam, şeýle etmek häzirki zaman şahyrlarymyzyň iňňän köp bölegine başardyp duranok. Pikiriň obraza öwrülmegi üçin ony gowy aňladyp, häsiýetlendirip biljek deňeşdirmeleri, meňzetmeleri, dürli çeperçilik tärlerini ulanmak gerek. Bu meselede ýaş şahyrlarymyz üçin görelde alarlyk çeşmeler azlyk etmeýär:
Magtymguly, Kemine, Mollanepes, Kerim şahyr, Gurbannazar, Mämmet Seýit, Gara Seýitli... Aramyzda ýaşap ýören, döredijiligiň ýoňsuz tejribesini toplan şahyrlarymyz-da bu babatda ýaşlara nusga bolup bilerler: Nobatguly Rejebow, Atamyrat Atabaýew, M.Babanazarow, Gurbanýaz Daşgyn, O.Annaýew, K.Gurbamyradow, G.Sähetdurdyýew...
Meniň beýle diýmegim ýöne ýere däl. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ata-baba dowam edip gelýän halypa-şägirtlik dessuryny dikeltmegiň peýdaly boljakdygyny öz çykyşlarynyň birinde ýörite ýatlatdy. Bu şygyr sungaty bilen meşgullanýanlar üçin hem bähbitlidir.
Ýurdumyzda häzirki zaman şahyrlarynyň-da gadyry bilinýär. Gözel Şagulyýewa, Süleýman Ilamanow ýaly şahyrlarymyz telim sapar „Türkmeniň altyn asyry“ bäsleşiginiň ýeňijisi boldular. A.Atabaýew, S.Hydyrow, O.Çaryýewa, A.Çüriýew we başga-da birnäçe şahyrlara şeýle hormatly ada eýe bolmak miýesser etdi. Ýazyjy-şahyrlaryň aglabasyna uly döwlet sylaglary – hormatly atlar, ordenler, medallar berildi. Soňky iki-üç ýylyň içinde K.Gurbannepesowyň, G.Ezizowyň goşgularynyň täze neşirleri okyjylara gowuşdy. H.Kulyýewiň, I.Nuryýewiň kitaplaryny-da ýakyn aýlarda çap edip, kitap dükanlaryna ýaýratmak göz öňünde tutulýar.
Her niçik, türkmen şygryýetiniň Täze Galkynyşlar we düýpli Özgertmeler zamanasyndaky ösüşini doly we hertaraply göz öňüne getirmek üçin „Garagum“, „Diýar“, „Güneş“ ýaly žurnallaryň, käbir gazetleriň sahypalaryny agtaryp görmegi okyjylarymyza maslahat berýäris. Sebäbi olar, mümkin boldugyndan, poeziýa eserlerini halka gyzgyny bilen ýetirip durýarlar.
Sözümizi jemläp aýtsak, häzirki döwür şygryýetimiziň ümzügi ileri. Onda okyjyny guwandyrarlyk, buýsandyrarlyk, oýlandyrarlyk, ertirlere umytlandyrarlyk pursatlar az däl. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde bütinleý täze, milli poeziýamyzyň barha we barha hakyky sungat derejesine ýokary göteriljekdigine, şeýdip, dünýä şygryýetiniň dünýewi ruhly, kuwwatly ideýaly we demokratik mazmunly bir şahasyna öwrüljekdigine şübhelenmeýärsiň. Kitapda ýerleşdirilen şygyrlary ünsli okap çyksaňyz munuň şeýledigine siziň özüňiz hem göz ýetirersiňiz, gadyrly okyjylar!
Ahmet MÄMMEDOW,
filologiýa ylymlarynyň doktory, şahyr.
Edebi tankyt