21:47 Pagtaçy gelniñ guwanjy | |
PAGTAÇY GELNIÑ GUWANJY
Goşgular
''Bu meýdanda gök öwüsýän deñiz däl, Zähmetimiñ güli ýeri bezeýän. Patrak deý akjaran pakgy mañyz däl, ''Ak altyn'' ol gozalardan uzaýan, Her düýbünde ýüze golaý sürüdir, Her hanasy sap derimiñ dürüdir''. Şeýle pikir edýär fartukly gelin Gök gowaçañ gyrasyndan syn edip. Tirseklerne çenli çermeýär elin Ýas-ýañyja dogan Güne äñedip. Ençelerni çagyrypdyr ýaryşa, Taýynlanýar girmek üçin göreşe. Dişlerin akjardyp sansyz gozalar, Göýä: ''Dostum, haýal etme, ýyg! ㅡ diýýär. Harmanlardan dolsun pagta bazalar, Ganar-ganar doldur, agzyn bog ㅡ diýýär ㅡ Göwnüñi götärin goýnuña salsañ, Bolaryn men, sen her bir zat bol diýseñ''. Gozalaryñ islegine düşýän deý, Oba gelni enaýyja ýylgyryp, Göýä olañ gijän ýerin gaşýan deý Bir gozanyñ hanasyny sorugyp, Ak altyny aýasyna gysanda, Pikir oýandyrdy sap duýgusynda. Diýdi: ''Gyşyñ aýazyna parh goýman, Ýabyñ gazan, peliñ çeken men dälmi? Baharyñ ýagmyryñ, gürlewgin duýman, Ýeri düzlän, süren, eken men dälmi? Men dälmidim tozan-tozan süpüren, Gapaklañda, gapagyñy goparan? Gulaklaryñ gabardypjyk galañda, Meniñ elim dälmi seni sypalan? Otag, iýmit, kätmen hem suw diläñde, Men dälmidim timar berip apalan? Tomsuñ gyzgyn howruna-da bakmadyk, Kimdi senden asyl elin çekmedik? Ýapraklaryñ apbasy deý dakynyp, Emaý bilen ätläp çygly keşlerde, Ysyn ysgap hem görküñe dokunyp, Kimdi depäñ çirten aýny ýaşlarda? Her şahaña, her gülüñe guwanýan, Men dälmidim seniñ gozaña dönýän? Boş gitmedi meniñ çeken zähmetim, Eý, altynym, damarymda ganym sen. Ynha, indi gelip ýetdi rähmetim, Gözümde görejim, tende janym sen! Seniñ ýylyñ ýetýär bütin öýlere, Göwnüm ganat kakyp münýär küýlere. Sensiñ meniñ egnimdäki eşigim, Agzymdaky ýaşmagymy aýyran. Öýümdäki ýorgan-ýassyk, düşegim, Iýmit bolup, meni kemsiz doýuran. Toýda şaýym, bezenemde gülüm sen, Sandygymda mydam nagt pulum sen! Hiliñ üýtgär senagata gireñde, Parahatlyk girewinden birisiñ. Ýöne mymyk bir zat saña garamda, Gerek bolsa göçüp bilýän därisiñ. Göýä gün çylgymy süýnende taryñ, Her taryña gurban, men hyrydaryñ!'' Däne çokýan horazlaryñ çüñki deý, Çalt ýapyşdy endik eden barmaklar. Ýilgi sorlan omaçanyñ süñki deý, Agzyn açyp galdy çal çaññalaklar. Fartuk göwrelendi sanly salymda, Şeýle ýygymçylar kändir ilimde. 1954. Berdi KERBABAÝEW. | |
|
√ Eý, nury-yşka söýgüli senden köňülde ýaz biter / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Allaýar Çüri / Goşgular - 17.09.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ «Akar gaýmaklapdyr aýyň nurundan...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Göwünlik / Goşgular - 12.08.2024 |
√ Gyş rubagylary / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Ogurlyk goşgular ýa-da goşgy bolup ýetişmedik setirler / Goşgular - 29.11.2024 |
√ Zyňlan bäbek / Goşgular - 05.09.2024 |
√ «Baglar ýanýar seň toýuňda...» / Goşgular - 14.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |