12:17 Parahatlyk ýeli | |
PARAHATLYK ÝELI
Goşgular
Batlan, Eý, azatlyk ýeli. Parahatlyk ýeli, Batlan bar ýerde. Batlan Päk ýüreklerde, Gündogarda, Günbatarda, Demirgazykda Hem günortada Halk bilen birlikde, Aýaga galyñ! Zalym üýşmeleñni Çaşyrmak üçin. Azgynlaryñ külün Göge sowuryp, Daglardan-da añry Aşyrmak üçin, Parahatlyk ýeli, Batly öwüs sen Nur dünýäñ ýüzünde Ýaldyrar ýaly, Ýeller Duşman käsesini böwüsip, Gorkusyndan ol Galdyrar ýaly, Şol käsäñ agajyn Damary bilen Goparar ýaly, Öwüs güýçli azatlyk ýeli Goý, ol agaçlar Oduna dönsün. Halkyñ ýeñen güni Ot bolup ýansyn. Ýalkym galkymy Diñ göge sary, Ýagtylsyn asmanyñ dury Aýtymy; Halk arzuwy aşar ýaly Parahatlyk ýeli Uçur aýdymy. Radwan ŞAGAL, türk ýazyjysy. Terjime eden: Sapar ÖRÄÝEW. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |