13:01 Partizanyñ ýatlamasy | |
PARTIZANYÑ ÝATLAMASY
Goşgular
Ýaşyl tokaýlar, Ýaşyl tokaýlar. Siñip gitsem siziñ ýaşyllygyñyza! Indi hemişeki ýigitligmiz ýok, Indi şek-şübhe ýok ýaşulydygmyza. Ýaşlyk ýyllarymyz şo tokaýlarda Gömüpdik biz urşy, gömdük ebedi. ...Aýlandym şol ýere geçen baharda, Awtomatly däl-de elim sebetli. Tokaýyñ yslyja otlarny tapdym, Kömelek çöpledim hem gül çöpledim. Sypap goja berýozalañ tellerin, Urşy ýatlap öz ýanymdan gepledim. Görüpdim ok Deven ak berýozalañ Edil ýaş gelin deý aglap durşuny. Görendir tokaýlar alyp gidişin Çynar ýigitleri gyzgyn gurşunyñ. Söweşipdi munda biziñ otrýad Mitýa, Iwan, Ergeş hem-de Alekber... Ýene ençe ýigit. Onsoñ ýedi gyz - Ýylmansalar - hüýr periler, melekler. Ýöne sypanyşyp ýörmezdi gyzlar, Oturmazdy dyrnaklaryn hynalap. Gidip-gelerdiler aýazly gije Olar duşman ýollaryny minalap. Ýardyk köprülerni, ýardyk ýollaryn, Ýardyk ştablaryn hem-de tyllaryn. Biziñ otrýadyñ ýazan sahaby Galypdyr gatynda uzak ýyllaryñ. Söweşdeş ýoldaşlam - doganlarym meñ, Bilýän şu tokaýda galypdyr baky. Olañ biri ýolka bolup ösdümi, Sosna öwrüldini ildeşim Baky?! Berýozalañ biri Nataşamykan?! Galypdyrlar munda juda ýaşlygna. Ýaşyl tokaýlarym, Ýaşyl tokaýlar. ...Siñip gitsem siziñ ýaşyllygyñyza! Şadurdy ÇARYGULYÝEW. | |
|
√ Durmuş toýunda okalan goşgy / Goşgular - 24.08.2024 |
√ «Ha» harpy / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Baýrak / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Oba. Ýaz gijesi / Goşgular - 14.11.2024 |
√ «Bürgüt küýsäp çykdym daga...» / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Heýkeltaraş Saragt Babaýewe / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Baky söz / Goşgular - 25.10.2024 |
√ Durmuş / Goşgular - 29.08.2024 |
√ "Söýüň gül roý ajap enelerimizi" / Goşgular - 19.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |