21:48 Güneş saña nurun ýapypdyr serpaý | |
GÜNEŞ SAÑA NURUN ÝAPYPDYR SERPAÝ
Goşgular
Maý, Maý, Maý, Baýramlara baý bu aý. Biziñ ýüreklerde tapypdyr ol jaý. Ine, ýene geldi güler ýüzli Maý, Şatlygny nur edip seçip barýar paý. Baýdaklar parlaýar köçelermizde. Çykdy bu gün köçä gojalarmyz-da Barýarlar eneler, barýar gelinler Çykdy bu gün köçä kiçilermiz-de. Ýene ýatlamalar, ýene pikir-oý. Başymyz sypaýar eli gülli Maý. Biz bagt tapýarys mydam bu aýda. Biz beýik Ýeñişe ýetipdik Maýda. Döşlerde ordenler hem-de medallar, Biziñ weteranlar - biziñ merdanlar, Göterip ýürekde şatlygny Maýyñ, Hatarlara bezeg berip barýarlar. Ýene ýatlamalar, ýene pikir-oý. Şanly senelerden doludyr bu aý. Ýüz altmyş ýyl ozal beýik genini - Marksy-da dünýä beripdir şu Maý. Dynçlygyñ-dostlugyñ baýramydyr Maý, Joşdyrýar ýüregi deprekdir surnaý. "Ýaşasyn..." "Ýaşasyn, eli gülli Maý!" Hoş niýetli sözden dolýar bu howa. Bu gün iñ kiçijik obalarda Maý, Bu gün uly-uly şäherlerde Maý, Baýramyñ şanyna çykyşyp tansa, Ýigitler hem gyzlar gurap barýar aý. Şatlygyma mydam şatlyk gatanym, Gülle sen, Watanym, Joş sen, Watanym, Bu gün gujagyñda eli gülli Maý. Günem saña nurun ýapypdyr serpaý. 1978 ý. Şadurdy ÇARYGULYÝEW. | |
|
√ Içimizdäki Musa... / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Aman Gulmämmedowa / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Bize geçi bersene / Goşgular - 11.06.2024 |
√ «Bürgüt küýsäp çykdym daga...» / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Eý, ýagyş möwsümimiz, aýralyk bilen aglaýan... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Yşk etegin tutmak gerek... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Gözümde muttasyl ol, egme gaş, gerek bolsa... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |