19:44 Ýaş ýazyjynyñ güni | |
ÝAŞ ÝAZYJYNYÑ GÜNI
Goşgular
![]() Bu gün ýaş ýazyjyñ güni diýdiler, Heniz başlanmanka jedeller gyzýar. Otuz ýyllap bu mekdebe gatnanlar, Gelipdir hem täze oglanlar-gyzlar. Goşgular okalýar joşup-daşyplar, Ýaýdanyp-ýaýdanyp okaýanlar bar. Yşkyn beýan edýär aşyk şahyrlar, Söýgüden döreýän okeanlar bar... Bu ýeri bazar däl goşgy satylýan, Ýöne goşgulara baha kesilýär. Kimler ýegşerilýär tankyt astynda, Kimler bolsa sähel öwgä eselýär. Ýene yz-yzyna goşgy okalýar, Poema okaýar biri küküräp. Her kim öz pikirin atanda orta - Kanunmydy halypalañ pikiri?! Bir öwrenje şahyr turdy-da diýdi: "Göreñzok tankydy suw içençe-de. Ýepbekleýärsiñiz goşgularmyzy, Ýogsa oñatlaram kän-ä içinde". Ýene yz-yzyna turýar şahyrlar, Ýene yz-yzyna okalýar goşgy. Täzelik ýok, öwüşgin ýok, pikir ýok, Birisi ortaça, birisi boşdy. Ýa ol heniz inmedimi jahana, Ýa şu goşgy okaýanlañ birimi?! Munça ýaş şahyry goýup azara, Şol gözlenýän halk şahyrmyz nirede?! Şadurdy ÇARYGULYÝEW. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |