PAŞŞY SERDAR
Häzirki döwürde ýurdumyzda taryhyň giňden, düýpli we köptaraply öwrenilmegine uly ähmiýet berilýär. Şeýle-de halkymyzyň baý geçmişli taryhynda ýitmejek yz goýan türkmen serkerdeleriniň, meşhur şahsyýetleriniň örän köpdügi, olaryň bitiren işleriniň taryhyň gatlaryna ýazylandygy, goýan öwüt-ündewleri bahasyz gymmatlykdyr.
Şöhratly taryhymyzda öçmez yz goýan şeýle şahsyýetleriň biri-de Paşşy serdardyr. Gaýduwsyz gerçegiň azan ady Myrat bolup, Paşşy onuň lakamydyr.
Paşşy serdar dünýä inende türkmen kethudalary bilen ýakyn gatnaşyk saklaýan daşary ýurtly myhman Ahalyň hany Garaoglan hanyňka myhmançylyga gelipdir. Öý eýeleri «Myhman ataňdan uly» diýlen pähime eýerip, ony myhmansöýerlik bilen garşy alypdyrlar. Soňra ony beýleki kethudalaryň hem, ýagny Garahan Abalagyň hem öýünde myhman alypdyrlar. Şonda täze dünýä inen çagany — Myrady myhmanyň gujagyna berip, oňa-da at dakdyrypdyrlar. Myhman täze bolan çaga ýagşy dilegler edip, goý, bu çaganyň ady «Bahram bolsun» diýipdir. Şeýlelikde, Paşşy serdaryň: Myrat, Bahram, Paşşy serdar diýen üç ady bolýar.
Paşşy serdar Abalak hanyň gowlugy, Begnepes serdaryň ýuwlugy, Seýitnepes serdaryň çowlugy, Annaoraz hanyň agtygy, Garahan Abalagyň ogludyr.
Aýtmaklaryna görä, Paşşy serdaryň oglanlykdan oýnagy gylyç, tüpeň, at üstünde harby tilsimleri ýerine ýetirmek bolansoň, ol atdan ýykylyp, burnunyň süňküni döwdürýär. Şol galan şikes zerarly paşşygrak burunly bolansoň, oňa Paşşy lakamy goýlupdyr.
Garahan Abalak ogly Paşşa on ýaşynda söweş tälimlerini öwretmek üçin, ony öz obadaşy Täji batyryň eline berýär. Paşşy bäş ýyllap uruş tälimini öwrenensoň, Garahan Abalak on bäş ýaşly ogluny Nurberdi hanyň kyrk janpenasynyň baştutany — serdary Amanmyrat däli tilkiniň ýanyna synaga eltýär. Paşşy öz dogumlylygyny, güýç-gaýratyny, gylyç oýnadyşyny, at üstünde söweşişini görkezip, synagdan geçýär. Däli tilki ony Nurberdi hanyň ezber söweşijileriniň taýýarlanýan ýerine eltýär. Ol ýerde gylyçly uruşmagy başarýan, 15-20 ädim daşlykdaky garşydaşyna naýza, pyçak, kepje ýaly sowuk ýaraglary dürs zyňyp bilýän ýigitler taýýarlanýan eken. Bu ýerdäki ýigitlere Nurberdi hanyň kyrk janpenasy gezekleşip, uruş-söweş tälimlerini öwredipdirler. Iň güýçli urşujylary synagdan geçirip, Nurberdi hana goragçy belläpdirler.
1860-njy ýylda ýigrimi ýaşlaryndaky Paşşyny Nurberdi hanyň janpenalygyna «serdarlar» diýen dörtlüge goşýarlar. Şol ýylyň tomsunda duşman goşuny Marynyň üstüne çozuş edýär. Bu habary eşiden Nurberdi han Ahal tekelerine baş bolup, Mara kömege barýar. Şeýlelikde, Mary we Ahal tekeleri agzybirlikde gahrymançylykly söweşip, toply gelen duşmana berk gaýtawul berip, ony agyr ýeňlişe sezewar edýärler. Şol söweşde Paşşy serdar gahrymançylyk görkezipdir.
1879-1881-nji ýyllardaky Gökdepe urşunda Paşşy serdar mert söweşipdir. Nurberdi hanyň mirasdüşer ogly Magtymguly hanyň görkezmesi esasynda düzülen atly bölümiň bir bölüminiň serdary Paşşy serdar bellenipdir.
Paşşy serdar 1893-nji ýylda aradan çykypdyr. Paşşy serdaryň Hajymyrat hem-de Berdimyrat (Tegelek) atly iki sany ogly bolupdyr. Paşşy serdar aradan çykanyndan soň, onuň ogly Berdimyrat serdar dogan-garyndaşlaryndan, obadaşlaryndan 14 hojalygy alyp, häzirki «Artyk» obasyna göçüp gelýärler we obanyň günbatarynda ýurt tutunýarlar.
Paşşy serdaryň doganynyň at dakylan ogly Garahan (1884-1946 ý.) hem il bähbitli işlere gatnaşypdyr.
1941-1945-nji ýyllaryň urşuna Paşşy serdaryň kowmundan dört adam gidip, (agtygy leýtenant Mädaly Tegelekow, inisi Garahanyň agtyklary starşina Sapar Garahanow, kapitan Seýitli Garahanow we uly seržant Juma Aýdogdyýew) olardan diňe Seýitli Garahanow sag-aman yzyna dolanyp gelipdir.
Paşşy serdardan miras hökmünde Artyk obasynda ýaşaýan gyz çowlugynda päki we agaçdan nahar guýulýan susak saklanyp galypdyr. Nesilden-nesile geçip gelýän almaz suwly gylyç bolsa saklanylyp galmandyr.
Paşşy serdaryň kowumlary Aşgabat şäherinde, Ahal welaýatynyň Änew şäherinde, Gökdepe etrabynyň Babarap, Kaka etrabynyň Artyk we Gowşut obalarynda hem-de Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde ýaşaýarlar.
Bu günki gün şöhratly taryhymyzyň ylmy taýdan öwrenilmegi, batyrlykda, adyllykda özüni tanadan şahsyýetlerimiziň nusgalyk mekdebini öwrenmäge giň mümkinçilik berdi. Bu bolsa ösüp gelýän ýaşlaryň watansöýüji, merdana, giň dünýägaraýyşly, milli ýörelgelerimize ygrarly bolup ýetişmekleri üçin bahasyz gymmatlykdyr.
Tahyr KADYROW,
Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy, taryhşynas.
Taryhy şahslar