23:01 Paworotti Sumbarda | |
PAWOROTTI SUMBARDA
Goşgular
![]() Italýan aýdymçysyna Şeýle bagşylar bar owazy melhem, Şahyrlary gül heň, durşuna ylham. Diňläp ony öz bolşumy geňledim, Birdem agyr halym, birden ýeňledim. Misli Mylly aganyň “Humaralasy”, Gitmedi gulagymdan. Behişdi owaz, Akdy şerbet bulagyndan. Beýle-de bir owaz bolar oguşýan, Ömür göwün küýsegiňe gowuşýaň. Şonda men ekdim bir çynar nahalyn, Adyna “Luçano” diýdi dahanym. Tomusda ýel, gyşda nur bolup çoýdum. Kök urup, çynarym ýaýdy şahasyn. Mahal-mahal aýdym aýdýar Sumbarda, Ýaňlandyryp kenaryn, Pawarotti çynarym... Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |