PEREŇDE GYRATYŇ OWAZY GELDI
■ Türkmen ýigitleriniň Birinji jahan urşy ýyllarynda görkezen edermenlikleri barada
Mukaddes Kasama wepadarlyk, är sözüne ygrarlylyk, lebzi halallyk türkmenleriň dogabitdi häsiýetleri. Gahrymançylyga we mertlige ýugrulan türkmen taryhynyň haýsy döwrüni alyp görsek, erkek kişini bezeýän şu häsiýetleri görmek bolýar. Taryhymyzyň dagynyklyk döwründe-de halkymyzyň şu häsiýetlerine goňşy ýurtlaryň hökümdarlary aýratyn ähmiýet beripdirler, olar her edip, hesip edip türkmenleri nöker gullugyna çekmäge jan edýärdiler. XIX asyryň ahyrlarynda ýurdumyzyň basylyp alynmagy bilen türkmenleri köp halklardan tapawutlandyrýan bu sypatlar rus hökümdarlarynyň hem ünsüni özüne çekipdir. Sebäbi türkmen topragyny eýelemek ugrundaky uruşlarda türkmenler ruslary ýiti garşylyga sezewar edipdiler. 1879-1881-nji ýyllaryň 1-nji we 2-nji Ahal-Teke ýörüşleri döwründe bolsa, ruslar türkmenleriň bu häsiýetleri bilen iş ýüzünde ýüzbe-ýüz boldylar. Şonuň üçin hem uruş gutaryp, topragymyz patyşa Russiýasy tarapyndan eýelenenden soň, türkmen ýigitlerini nöker gullugyna göwünjeňlik bilen alyp başladylar. Türkmen nökerleri esasan serhet we içki gulluklarda ulanylypdyr.
Türkmen ýigitleriniň 1914-1918-nji ýyllarda Ýewropa yklymynda görkezen gahrymançylyklary barada şindi 1992-nji ýylda zehinli taryhçy Ö. Gündogdyýew bilen bilelikde çelpek ýaljak kitapça çykarypdyk. Emma kitapça neşir edilenden soň ýüze çykan käbir gymmatly maglumatlar oňa girizilmän galypdy. Olar esasan Russiýanyň Merkezi döwlet harby-taryhy arhiwinden alnan maglumatlardy. Arhiwde Birinji jahan urşy ýyllarynda ölmez-ýitmez edermenlik görkezen ildeşlerimiz hakyndaky maglumatlar «3639» belgili arhiw gorunda (fond) ýerleşdirilip, bu gordaky saklow bukjalarynyň (delo) sany 30-dan hem geçýär. Arhiwde urşa gatnaşan her bir türkmen ýigidi barada-da maglumatlar bolmaly. Emma esgerler baradaky maglumatlar soralanda, arhiwiň işgärleri şeýle maglumatlaryň bardygyna garamazdan, dürli bahanalary tapyp, olary görkezmekden höçjetlik bilen boýun gaçyrdylar.
Türkmen halkynyň Watançylyk urşunda wepat bolan gerçekleriň hatyrasyna her ýyl bellenilip geçilýän mukaddes Hatyra gününinde şol maglumatlar bilen okyjylarymyzy hem tanyşdyrmak isleýäris. Şeýle edilmegi 1914-1918-nji ýyllarda ata Watanymyzdan alyslarda şehit bolan merdana ýigitlerimiziň ruhlaryna özboluşly hormat goýdugymyz, olary hatyraladygymyz bolardy. Biziň gürrüňimiz, Yewropada – türkmenler aýtmyşlaýyn Pereňde – at segredip, söweş eden türkmeniň gerçek ýigitleri hakynda.
Birinji jahan urşunyň başlanmagy bilen 1914-nji ýylyň 24-nji iýunynda Aşgabady etekläp oturan Köşi obasynda 1885-nji ýylda döredilen atly diwizionyň esasynda Aşgabat, Tejen we Merw uezdleriniň ýigitlerinden ýörite Türkmen atly polky döredilýär we haýal edilmän fronta ugradylýar. Bu polk 1-nji Armiýanyň 1-nji Türkistan goşun korpusynyň hataryna girizilip, 1914-nji ýylyň sentýabr – 1915-nji ýylyň ýanwar aýlarynda Gündogar Prussiýada (Germaniýa) nemes goşunlaryna garşy alnyp barlan agyr söweşlere gatnaşypdyr. Polkuň serkerdesi polkownik S. I. Drozdowskiý bolupdyr.
Türkmen ýigitleriniň batyrlygy tiz göze ilipdir. Eýýäm 1914-nji ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynda polkuň serkerdelerinden we söweşijilerinden ştabs-rotmistr Orazberdi, podporuçik Seýitmyrat Öwezbaýew, uly unter-serkerdeler Babahan Meňlihanow, Çerkez Annaberdiýew, unter-serkerde Nyýazgylyç Begenjow, kiçi unter-serkerde Mawy Myradow, wahmistr Alladurdy Abdyllaýew, ober-ýunker Gyşşyk Kazyýew, ýunker Daňatar Artykow, atly esgerler Baýgeldi Kössekow, Baýramaly Nepesow, Allanur Öweznyýazow, Kelhan Şyhlyýew we başgalar uly edermenlikleri görkezip, ilkinjileriň hatarynda orden-medallara mynasyp bolupdyrlar. 1914-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda polkda Gurban baýramy bellenilipdir. Mal öldürilip, palow bişrilipdir. 1-nji Türkistan goşun korpusynyň serkerdebaşysy ýigitleri Gurban baýramy bilen gutlapdyr.
1914-nji ýylyň noýabr aýynda, harby habarçy F.Kupçinskiý «Петроградский курьер» gazetinde türkmen ýigitleri barada şeýle ýazypdyr: «German topragynda, Soldaunyň etegindäki söweşde biziň goşunlarymyzyň türkmenlerden durýan täze goşun bölümini gördüm. Äpet telpekli we donly, eginleri täsin pogonly, billeri egri gylyçly, bir görmäge ýarym wagşy, inçesagt, garaýagyz ýigitler, sarç we dik beden atlary gyrmyzy reňkli, teletini ýüpek bilen keşdelenen eýeriň üstünde haýsydyr bir gadymy mongol söweşijilerine meňzeýärdiler. Olaryň peýda bolmagy hemmleriň ünsüni özüne çekýärdi we heniz görülmedik şowhun döredýärdi. Olar nyzamy saklamaýarlar, «dostlar», egindeşler ýaly deňhukukly. Diňe özleriniň atly we gylyçly tärlerini, öz urgularyny, zarbalaryny, öz şahsy aňtowlaryny (razwedka) ykrar etmek bilen, olar göni hatary saklamaýarlar, «dostlar», egindeşler ýaly deňhukukly hereket edýärler.
Güzerde olaryň at sürüsini gördüm, ordanyň (lager) içinde iki ýana çapýan, sugun sürüsine meňzeş, güýçli, kuwwatly we çapgyr atlar, edil ýabany süri ýaly. Oduň başynda olaryň aýbogdaşlaryny gurup oturyşlaryny gördüm. Olar az iýýärler, özem diňe «özleriniňkini», soldat şülesini iýmeýärler, çöregem känbir iýip baranoklar. Haçan-da olar atlananlarynda, owadan hereketleri bilen donlarynyň etegini aşaklaryna salýarlar we çasly sesleri bilen hereket etmek barada öňdäkä habar berýärler.
Atyny gordurmaýar, diňe ýorgaladýar we ýüzün salyp çapýar. Atyň üstünde doňdurylan ýaly, gös-göni, gelşikli oturan ýigit, töweregindäkileri özüne höwes bilen tomaşa etmäge mejbur edýär. Olar barada soldatlar: «Wagşylar, ýöne gör nähili at çapýarlar!» diýişýärdiler. Olar ýerli ilatdan höwes bilen azyk satyn alýarlar, alan zatlaryna bolsa aýratyn sahylyk bilen eçilýärler. Özleri bilen ätiýaçlyk atlary, halydan edilen çadyrlary getiripdirler. Urşa edil baýramçylyga gelen ýaly, şadyýan, keýpleri kök, eýýäm birgiden söweşlere hem gatnaşypdyrlar. Olar hemişelik atly goşundan pes bolmadyk aňtow işlerini geçirýärler. Kähalatlar atlaryny goýup pyýada gidýärler. Köplenç hemmelerden uzaga gidip, örän wajyp maglumatlary getirýärler».
Türkmen atly polky Awstro-Wengriýa (häzir Awstriýa we Wengriýa döwletleri) girende ýerli ilat mundan öň görülmedik äpet telpekli we donly atlylary görüp, «adam iýýänler geldi» diýşip, basga düşüp, tokaýlara gaçypdyrlar. Emma, geň ýeri, bu täsin atlylar parahat ilata birjikde degmändirler.Türkmen ýigitleriniň milli lybasynyň Birinji jahan urşundaky söweş hereketleriniň gidişine täsiri derrew aýan bolupdyr. Şonuň üçin hem patyşa hökümeti ýörite telpek salgydyny girizipdir. Frontda söweşýän rus atly we pyýada goşunlarynyň ýetenine türkmen telpegi geýdirilipdir. Russiýanyň birinji Jahan urşy, ynkylaby wakalar we 1918-1920-nji ýyllardaky raýatlyk urşy hakyndaky köne filmlerde türkmen telpekli esgerleriň köp görkezilýändigi hut şonuň üçindir. Dogry, türkmenleriňkä meňzeş telpekleri Kawkazyň dagly halklaryndan bolan esgerler hem geýipdirler. Emma olaryň telpegi çöpürlek deriden edilendigi üçin görnügi bolmandyr we ony göreniňden türkmenleriňkiden tapawutlandyryp bolýar. Türkmen telpekleri, bilşimiz ýaly, seçelenip duran ýüňjümek tokly derisinden tikilýär, üstesine-de, olaryň gabarasy çöpürlek kawkaz telpeginden has uly hem beýikdir.
Türkmen atlylary ussat çapyksuwarlar hem bolupdyr. Türkmenleriň at çapyşy, hatda kazaklaram haýran galdyrypdyr. Bir goja türkmeniň gürrüň bermegine görä, söweşiň arasyndaky böwşeňlikde kazaklar «çybyk çapdy» atly oýny gurapdyrlar. Ezber çapyksuwarlar hasaplanylýan kazaklar derrew ata atlanyp, çybyklaryň köpüsini çapypdyrlar. Bu oýna olar türkmenleri hem çagyrypdyrlar. Türkmenler çybyklaryň diňe käbirlerini çapypdyrlar, köpüsi sowa geçipdir. «Sizdenem bir jigit bolarmy» diýip kazaklar gülüşipdirler. Türkmenleriň biri kazaklara atlaryny çalyşmagy teklip edipdir. Kazaklaryň atyny münen türkmenleriň hemmesi oýnuň ähli şertlerini berjaý edipdirler. Türkmen atlaryna atlanan kazaklar bolsa, çybyk çapmakdan-a geçen, gylyçlaryny gynyndan çykarybam ýetişip bilmändirler. Atyň jylawyndan berk ýapyşan kazaklar çybyklaryň düýbünden atylan ok ýaly boş geçip gidýärdiler.
Türkmenleriň frontda görkezen edermenlikleri barada döwründe Russiýanyň metbugatynda köp ýazylypdyr. Türkmenleriň batyrlygy, olaryň harby tilsimleri rus harbylary, harby habarçylary tarapyndan ykrar edilipdir. Bir döwürde basybalyjy general Skobelewi öwüp-arşa göteren we ol barada birnäçe eserleri döreden harby habarçy W.I.Nemirowiç-Dançenkonyň hem türkmen ýigitlerine göwni ýetipdir we 1914-nji ýylyň 23-nji noýabrynda «Русское слово» atly neşirde bu barada ýazypdyr. Habarçy onda 1916-njy ýylyň 16-njy noýabrynda Lodziniň (Polşa) eteginde bolan söweşi beýan edipdir:
«Lowiçiň etegindäki söweşiň öňisyrasy duşman Osmolinden we Žihlinden Kernowa tarapda jemlendi we ümüre duwlanyp biziň üstümize süýşüp ugrady. Şeýdibem, nemeslere bildirtmän, Duplise ýetmek başartdy. Uzakdaky tümlükden nemesleriň bu hereketini şindi M. D. Skobelew tarapyndan ýokary söweş endikleri aýratyn bellenen, Orta Aziýa atly goşunlarynyň bir bölümi tarapyndan görülýär. Hakyky uruşda bu atlylar özleriniň çalt hereketleri we batyrlygy bilen, şeýle urgulary mümkin däl diýip hasaplaýan german goşunlarynyň birnäçe gezek aňkasyny aşyrypdy. German goşunlarynyň Baş ştabynyň serkerdeleriniň biri: «Kim ruslarda adam güýjüniň çäginden daşarda galýan işleri edip bilýän «arwahlar» bardyr diýip pikir etsin. Eýsem-de bolsa akylsyzlyk bilen serhetleşýän şeýle edermenligi öňünden görmek mümkinmi? Aklyňa sygjak zat däl» diýipdir.
Ine, öz güýçlerini ilkinji gezek Teke1 we Merw uezdlerinde görkezen bu täsin atlylar, duşmanyň pirimini aňyp, onuň pyýada goşunynyň üstüne – diňe şu şahyr-esgerleriň başaryp biljek – bir geňsi gazap bilen at goýdular. Olaryň basga düşen nemesleriň uly goşunlarynyň üstüne eden hüjümlerini beýan etmek hem mümkin däl diýip bize habar berdiler. Bu söweşiň her bir pursady juda täsin boldy. Olar çapýardylar, çirkin ses bilen basga düşen sap-sap leşgeriň (kolonnanyň) hut jümmüşine özlerini urýardylar, adamlaryň üstünden olaryň ortarasyna bökýärdiler, olaryň daş-töweregini gabaýardylar. Bu sähra pälwanlary german pyýada goşunlaryny yza çekilmäge mejbur etmek bilen çäklenmän, olaryň gaçyp barýan ýollaryny duşman maslyklaryndan doldurdylar. Ol ýerler gylyç bilen parçalanan nemeslerden ýaňa aýak basyp bolmaýan giden ölüm meýdany bolup ýatyr.
Biziň aziýaly gahrymanlarymyzyň urgusy hem aýylganç, hemem ýyldyrym çaltlygynda bolup geçdi. Egninden guşaklygyna çenli ikä bölünen jesetler duşýardy. Bu weýran ediji atlylaryň hüjümi şeýle bir güýçli boldy welin, hatda özlerini goramak üçin bir ýere ýygnanan duşmanlaryň kiçijik toplumundanam hiç kim diri sypmady. Uruş bize Hazar deňziniň aňyrsyndaky çöllerde we sähralarda özümiz üçin nähili ajaýyp söweşjeň güýçlerimiziň barlygyny görkezdi. Biz ol ýerden M.D. Skobelew tarapyndan «dünýäde birinji atly goşun» diýip atlandyrylan, azyndan 250000 sany atlyny birinji jahan urşunyň meýdanyna oklap bilerdik».
Ýigitleriň hossarlary hem ýagdaýyny tapsalar fronta dürli sowgatlary iberip durupdyrlar. Esasan hem gök çaý bilen nabat köp iberilipdir. 1915-nji ýylyň maý aýynda Türkmen atly polkunyň ýerleşýän ýerine sowgat-salam bilen Gökdepe obasynyň arçyny Molla Çepbe Gandymow bilen ýerli uýezd edarasynyň dilmajy Hangeldi Wepadarhanow ugraýarlar. Russiýanyň şäherlerinde gyrmyzy donly, ak telpekli türkmenleriň peýda bolmagy köçelerde bilesigelijileriň uly märekesini ýygnapdyr. Kiýewiň köçeleriniň biri bilen ýöräp barýan milli eginbaşly, döşleri orden-medally türkmen ýaşulularyny käbir köpbilmişräk adamlar ýesir düşen türk paşalary (general) bolmaly diýip çaklaýardylar.
1916-njy ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatdan Yzgant, Gökdepe, Köşi obalarynyň arçynlaryny, şeýle hem Aşgabat we Bagyr wolostlarynyň dolandyryjylary Türkmen polkunyň ýigitleri bilen duşuşmak üçin ýanlarynyň birtopar sowgat-serpaýy bilen fronta ugraýarlar.
Il-günüň sylaýan adamlarynyň fronta gelmegi onsuzam keýpleri çag türkmen ýigitleriniň göwünlerini galkyndyrypdyr. Fronta gelen türkmen ýaşulularyny 9-njy armiýanyň serkerdebaşysynyň hut özi hem kabul edýär we gökdepeli arçyn Aman Hanmämmedowa we Bagyr wolostynyň wolostnoýy Nury Garryýewe «За усердие» altyn medalyny, durunly arçyn Annaberdi Annageldiýewe, yzgantly arçyn Gelen Täçmyradowa, köşüli arçyn Muhammetberdi Gulgeldiýewe, Aşgabat wolostynyň wolostnoýy Annanyýaz Patdyýewe «За усердие» kümüş medalyny gowşurýar.
1915-nji ýylyň ýanwar aýýnda Gündogar Prussiýada söweşýän esger Hydyrguly Ýusup oglundan hat gelipdir. Ol türkmen ýigitleriniň batyrlygy, nemesler bilen bolan söweşler barada öz hossarlaryna goşgy setirleri bilen ýazypdyr. Hydyrgulynyň goşgysy 1914-1918-nji ýyllarda Aşgabatda türkmen we pars dillerinde neşir edilen «Ruznameý-i Maweraý-i Bahry Hazar» («Hazaraňry [ülkede ýaşaýan] halkyň gazeti») gazetinde çap edilipdir. Goşgynyň bir topbagyny okyjylarymyzyň dykgatyna hödürleýäris:
- Duşmanlarymyz üstümize geldiler,
Biziňkiler Alla diýip eňdiler,
Bäş-on topy, otuz ýaby aldylar,
Şu meýdanda zor at aldyk ýaranlar.
1915-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmen atly polky 9-njy Armiýanyň 32-nji goşun korpusynyň hataryna girizilipdir we Günorta-Günbatar frontda awstro-wenger goşunlaryna garşy geçirilen ägirt uly Karpat söweşine gatnaşypdyr. Şol ýylyň mart aýynyň ahyrlarynda bolsa, korpusyň düzüminde Sankaus toparlanyşygy döredilip, oňa türkmen polky bilen bilelikde 169-njy, 174-nji, 649-njy, 36-njy kazak goşun bölümleri girizilipdir. Alnyp barylýan agyr söweşlerde Türkmen atly polky, 3-nji atly korpusyň ýanaşyk bölümleri bilen bilelikde hereket edipdir.
Ýarym ýylyň içinde Türkmen polkunyň ýigitleriniň onlarçasy esgerlere berilýän iň ýokary tapawutlandyryş sylagy bolan Georgiý hajyna mynasyp bolupdyrlar. 1915-nji ýylyň ýanwar aýynda polkuň serkerdesi Drozdowskiý öz hatlarynyň birinde şeýle ýazypdyr, ýagny polkda «... eýýäm 67 sany georgiý kawaleri bolup, ... 40 golaý adamymyz wepat boldy we ýaralandy. Georgiý kawalerlerinden iň ajaýyplaryň biri Aşgabat uezdiniň Gypjak obasyndan Daňatar Artykow golaýda 2-nji derejeli Georgiý hajyna mynasyp boldy. Onuň öňem 4-nji derejeli Georgiý hajy bardy».
■ 1915-nji ýylyň fewral aýyna çenli Georgiý hajy bilen aşakdakylar sylaglanypdyrlar.
Gypjak obasyndan:
Daňatar Artykow («Batyrlygy üçin» diýen medaly hem bar), Döwlet Molla ogly, Agabaý Atabaý ogly:
Köşi obasyndan: Allaberdi Artyk ogly, Garyp Nazar ogly, Annamämmet Akmämmet ogly, Annaoraz Hojamämmet ogly, Suwhan Öwezhan ogly, Ata Annadurdy ogly, Nyýazmämmet Hudaýberdi ogly, Orazguly Baýramguly ogly, Oraz Öwezgeldi ogly, Rejep Ýazy ogly.
Aşgabat obasyndan:
Çerkez Annaberdi ogly.
Gökje obasyndan: Annamyrat Ynak ogly, Gumman Hudaýguly ogly, Daňatar Gulby ogly, Öwezberdi Möwlamberdi ogly.
Büzmeýin obasyndan:
Gurbanmuhammet Aba ogly, Annanyýaz Ýusup ogly.
Ýasmansalyk obasyndan:
Gulberdi Seýitmämmet ogly, Şyh Muhat ogly.
Ýarajy obasyndan:
Ärnyýaz Rüstem ogly.
Durun obasyndan:
Annamyrat Mergen ogly.
Börme obasyndan:
Myrat Gul ogly.
Gorjow obasyndan:
Samat Orazmämmet ogly.
■ «Batyrlygy üçin» diýen medal bilen sylaglananlar:
Aşgabat obasyndan:
Kadyr Şanazar ogly, Şaberdi Begmyrat ogly, Şalar Şamyrat ogly.
Büzmeýin obasyndan:
Abdyrahym Baýramsähet ogly, Oraznyýaz Atanyýaz ogly, Gowşut Öwez ogly, Ýarsähet Çaryýar ogly, Ata Orazmyrat ogly, Çüri Baýramsähet ogly, Orazmyrat Döwletmyrat ogly, Öwez Burun ogly, Atabaý Işanguly ogly.
Köşi obasyndan:
Hally Kel ogly, Silli Baýnazar ogly, Gazakbaý Annageldi ogly, Halmuhammet Gowşut han ogly, Anna Geldi ogly, Gutly Gara ogly,
Gagşal obasyndan:
Goçaman Seýitnyýaz ogly, Alladurdy Abdylla ogly.
Gypjak obasyndan: Gurbangylyç Gutly ogly, Myrat Nurym ogly.
Herrikgala obasyndan:
Allaberdi Myrat ogly.
Nowa obasyndan: Şaguly Güjük ogly.
Nohur obasyndan:
Begmyrat Pirguly ogly.
Börme obasyndan:
Mawy Myrat ogly.
Artyk obasyndan:
Müňbaşy Hasar ogly.
Mirewe obasyndan:
Pudak Dälihan ogly.
Gökdepe obasyndan:
Han Mämmet ogly, Beki Nowja ogly, Gurban Garaja ogly.
Gökje obasyndan:
Gowşut Täzehan ogly, Annamyrat Hommat ogly, Hanmuhammet Annaoraz ogly.
Gorjow obasyndan:
Mämmetdurdy Nursähet ogly.
Ýaňgala obasyndan:
Baýramguly Nepes ogly.
Ýigitleriň «Keramatly Georgiý hajynyň» dört derejesini alanlary-da bolupdyr. Meselem, atyň eýer-esbaplaryny almak üçin 1915-nji ýylyň awgustynda Georgiý hajynyň dört derejesi bilen sylaglanan iki sany ýigit Aşgabatda gelipdir. Moskwanyň Harby-taryh arhiwinde Russiýanyň welaýatlarynyň birinden gelen bir ýaşuly rus adamsy bilen duşuşmak miýesser etdi. Ýaşuly birinji jahan urşy ýyllarynda edermenlik görkezip, Georgiý hajynyň dört derejesine-de mynasyp bolan esgerler barada maglumat ýygnaýar eken. Men «Georgiý hajynyň dört derejesine mynasyp bolanlaryň arasynda türkmenler hem bar eken» diýenimde, ýaşuly «Mende olaryň köp sanlysynyň atlary bar» diýip jogap berdi. Gynançly ýeri, ýaşulyda ygtyýarnamanyň ýoklugy zerarly, oňa arhiwde işlemäge rugsat bermediler. Şeýdip, ýaşuly bilen gürrüňdeşlik başa barman galdy.
1914-1915-nji ýyllaryň söweşlerinde Türkmen polkunyň gaýduwsyz atlylary gahrymançylygyň ajaýyp nusgalaryny görkezipdirler. 1915-nji ýylyň maý-iýýun aýlarynda türkmen ýigitleri Polşada Bug we Wisla derýalarynyň boýlarynda german we awstro-wenger goşunlarynyň hüjümlerini yzyna serpikdirmäge gatnaşypdyr. Olaryň şan-şöhraty bütin ors goşunlaryny gurşap alýar. Ýokary Serkerdebaşynyň edarasynyň başlygynyň 1916-njy ýylyň 31-nji martyndaky № 415-nji buýrugynda aýdylyşy ýaly, «Onuň aly Hezretleri Ak Patyşa Türkmen atly polkuny mundan beýläk Teke atly polky diýip atlandyrmaly» diýip perman çykarypdyr.
1916-njy ýylda Teke atly polky 8-nji Armiýanyň, 1917-nji ýylyň sentýabr aýyndan başlap bolsa, 9-njy Armiýanyň 11-nji goşun korpusynyň düzüminde Günorta-Günbatar frontda söweşipdir. Şol ýylyň 30-njy maýynda Aşgabada Ýokary Baş serkerdebaşynyň habary iberilýär. Onda Teke polkunyň ýigitleriniň gahrymançylygy barada aýdylypdyr. Bu söweşi 1916-njy ýylyň iýýun aýynda merkezi «Вечернее время» gazetiniň habarçysy doly beýan edipdir:
«Bu waka 28-nji maýynda bolup geçdi we ol harby taryhda görülip-eşidilmedik waka hasaplanýar. Säher wagtydy. Frontuň bütin ugrundan toplaryň, ýarylýan top oklarynyň gümmürdisi we pulemýotlaryň tatyrdysy gelýärdi. Pyýada goşun eýýäm ot içinde. Gyzgyn söweş gidýärdi. Hemme söweşijiler, serkerdelerden başlap, iň soňky esgere çenli üýtgeşik bir wakanyň boljakdygyna ynanýardylar.
Tekeler öňden bäri atyň üstünde. Adamlaram, atlaram üşerilişýärdiler. Atlylar usullylyk bilen egri gylyçlaryny çykardylar we juda ýitilenen ýüzýyllyk gylyçlaryny barlaşdyrdylar. Hemme zadyň ýerbe-ýerdigine göz ýetirip, höwes bilen söweşiň başlamagyna garaşyp doňdular. Ine, birdenem «hüjüme» diýen buýruk ýaňlandy. Gaharjan hem güýçli atlar edil ýel ýaly süýnüp gitdiler. Atlylar ýapyryldylar we olaryň gara gözleri, hol öňe, arzuw edilýän başa-baş söweşiň boljak ýerine eserdeňlik bilen bakýardy. Ol ýerde bolsa daşyna otly halka aýlanan bukylar görünärdi.
Birnäçe sekuntdan bukylaryň üstünde gara bedewler we egri gylyçly ýigitler peýda boldular. Üç hatar edilip gazylan bukylar... Müňlerçe pyýada goşun... Pulemýotlardan, tüpeňlerden atylýan oklar... Şunça güýjüň üstüne başy goýun derisinden tikilen äpet telpekli, sähraýy atlylaryň polky döküldi. Polk gylyç bilen duşmanyň içine müňzäp girdi, üç hatar buka ölüm seçeläp geçip gitdi hem-de hiç bir zat ölüm we başagaýlyk getirýän bu gazaply tüweleýiň, bu siliň öňüni alyp bilemdi. Rus serkerdeleri – «baýarlary» tarapyndan başarjaňlyk we batyrlyk bilen ýolbaşçylyk edilän teke ýigitleriniň okgunly çozuşyny gören goşun guwanç bilen «Ura» diýip gygyryşdylar we bu ajaýyp, gyzykly söweş pursatyndan aýyrylyşyp bilmediler.
Bu wagtlar bukylaryň üstünde tekeler awstriýalylaryň jümmşine aralaşyp, olar bilen geýdirilişýärdiler. Eýýäm atlaram duşmany depeläp, dişläp başladylar, eýýäm tekelerem gözden ýitip gitdiler, diňe gylyçlaryň egrem-bugram ýalpyldysy boýunça olaryň ganly işlerini yzarlamak bolýardy. Pyýada goşunam işe girişdi. Toplar täzeden gümmürdäp ugrady. Birdenem duşman entiredi. Başda onlarça, soňra ýüzlerçe we müňlerçe adamlar başly-barat, masgara bolup gaçyp başladylar. Iňňildiler, ahy-nalalar, gykylyklar, müňlerçe adamlaryň aýak güpürdüsi – bularyň hemmesi aljyraňňylyk we goh bilen garyşyp gitdi. Tekeler duşmany tupandan ürken goýun sürüsi ýaly edip kowaladylar we dyr-pytrak etdiler. Bir atly onlarça duşmanyň üstüne eňýärdi, öldürýärdi we pytradýardy.
Awstriýalylaryň kelleleriniň zyňlyp gidişi we ýerden togalanyşy, jigidiň täze ölüm getiriji urgy urmak üçin üzeňňä galşy açyk görünýärdi. Pilçesinden we ýaýjygyndan çapylan gollar we ikä bölünen jesetler duşýardy. Tekeler awstraliýalylaryň uly güýçlerini onlarça wýorsta kowalap äkitdiler, 2000 sanysyny öldürip, 3000 sanysyny bolsa ýesir aldylar. Ýollaryň ugrunda taşlanan toplar, okly çelekler, tüpeňler, ýaralanan we öldürilen atlar, milýonlarça gülleler dyr-pytrak bolup ýatyrdy. General Pflanseriň armiýasy bütinleý derbi-dagyn edilmelidi - bu gürrüňsiz şeýle-de boldy.
Bu wajyp işde uly iş bitiren tekeleri elde göterdiler. Ýigitler bolsa hemişekileri ýaly ýöne dymaýýardylar, diňe olaryň gözlerinde, täze ýene-de şunun ýaly şowhunly söweş etmegiň egsilmez islegi görünärdi. Diňe agşam olar ýuwaş sesleri bilen biri-birine söweşiň käbir ýerlerini gürrüň berýärdiler, nähili edip uruşlaryny we öz wepaly atlarynyň çapyşyny elleri bilen görkezýärdiler. Ýigitler watanlarynda beýik uruş barada gürrüň berjekdiklerine we öz gylyçlary ýaly gadymy ata-babalarynyň taryhyna täze şöhratly ýazgy ýazyljakdygyna begenýärdiler.»
Uruşda her hili wakalar bolýardy. Bir gezek türkmenler awstriýaly generaly ýesir alypdyrlar. Haçan-da tutulan general polkuň ýerleşýän ýerine getirilende, birden kazaklar «ony biz tutdyk» diýip dawa edip başlaýarlar. Ahyrsoňy kimiň tutandygyny generalyň özünden soraýarlar. Şonda awstriýaly general ýewropalylara mahsus sypaýylyk bilen «meni şu uly telpekli jenaplar tussag etdiler» diýip türkmenleri görkezipdir.
Tiz wagtdan «Fewral» we «Oktýabr « ynkylaplarynyň ýyly gelip ýetýär. Bir tarapdan jahan urşynyň, ikinji bir tarapdan bolsa, ynkylaby wakalaryň girdabyna düşen Russiýa kem-kemden uly heläkçilige tarap süýşüp ugraýar.
1917-nji ýylyň 19-njy iýýulynda hökümede diýenini etdirip bilýän örän täsirli adamlar bolan Sawinkowyň we Filonenkonyň pugta talap etmegi bilen Wagtlaýyn hökümetiň başlygy Kerenskiý general L. G. Kornilowy (1870-1918) rus goşunlarynyň Ýokary Baş serkerdeligine belleýär. Kornilow haýal etmän frontdan Teke atly polkuny öz ýanyna geçirýär.
«Wagşy diwiziýa» romanynyň gahrymanlarynyň biri türkmenleri şeýle suratlandyrypdyr:
«Orta Aziýa sähralarynyň uzyn boýly we görnükli bürünç adamlary, biziň beýleki «tuzemlerimizden» (Russiýanyň golasty milletleri) has äpet we olaryň hemmesi-de ajaýyp atlaryň üstünde.
Atlylaryň gykuwy, gyzyşan bedewleriň kişňemesi, rehimsiz urgular – bularyň bary, söweş wagty baryp ýatan gözellik. Çalajan duşman esgerlerini olaryň atlary gemirýärdi...».
Rus goşunlarynyň Bas Ordasynyň (Stawka) ýerleşýän Mogilýow şäherinde Kornilow berk tertip düzgüni ýola goýýar. Şol wagtdan başlabam Baş Ordany goramaklyk türkmen garawullarynyň ygtyýaryna geçýär. Olar barada şeýle yazypdyrlar: «Uzyn boýly, äpet, şol bir wagtyň özünde inçemik, ýeňil, çeýe ýigitler heýkel ýaly bolup durlar. Diňe gara gündogar gözlerinde gizlenýän nähilidir bir hyýal, olaryň diri adamdyklaryndan habar berýärdi. «Bu adam biziň baýarymyzyň garşysyna bir bet iş etjek bolýan bolaymasyn» diýýän ýaly, Orda gelen her bir adamy, onuň hut kalbynyň jümmüşine aralaşjak - onuň içini biljek bolýan ýaly, tekeler öz nazarlary bilen ykjam yzarlaýardylar. Bular bellenen wagtda durup-aýrylýan döwlet garawullary däl. Bular öz baýarynyň wepaly ýaranlary, duýgur goragçylary we janpenalarydy. Ordanyň girelgesiniň öňünde ýerleşýän gorag ýerlerini olar çäksiz yhlaslary, wepaly gulluklary bilen mukaddesleşdirýärdiler.
Maşynly gubernator jaýynyň öňüne ýetip gelen Sawinkowyň, gören badyna egri gylyçly bu ajaýyp ýigitlere göwni ýetdi, olaryň Kornilowa wepalydyklaryna göz ýetirdi. Ol bu barada eýýäm eşidipdem. Olar öz baýarlarynyň ümi bilen islän adamlaryny öldürmeg-ä däl, hatda onuň üçin öz janlaryndan geçmäge-de taýýardylar. Russiýada özi - Sawinkow üçin ýa-da Kerenskiý üçin edil şunuň ýaly köre-körlük bilen öz janyndan geçmäge taýyn iň bolmanda birnäçe adamam tapdyrmaz – diýip, şol ýerde ynkylapçy harby ministr çuň oýa batdy.»
Polkuň ýigitleri barada belli taryhçy G.Z.Ioffäniň işinde-de gymmatly maglumatlar getirilýär: «Edil şeýle wezipäni Kornilowyň ýanynda türkmenlerden düzülen Teke polky ýerine ýetiripdir... Kornilow türkmençe we parsça gowy gepläpdir. ... «Baýar» sözi olar üçin kanun bolupdyr. Tekeler onuň şahsy goragyna öwrülipdir. Ak telpekli we gyrmyzy donly, billeri gamaly türkmenler görenleriň kalbynda eýmenç gorky duýgusyny döredipdir».
Kornilowyň Baş serkerde wezipesindäki täze başlangyçlary Kerenskiniň maksatlaryna çapraz gelip ugraýar. Kornilowdan haýal etmän döwletiň paýtagtyna gelmeklik talap edilýär. 1917-nji ýylyň 10-njy awgustynda türkmenleriň güýçlendirilen atly bölüminiň ugratmagynda dyzmaç general ýurduň paýtagty Petrograda gelýär. Şäheriň baş demir ýol menzilinde ony Sawinkow, Filonenko, Tereşenko ýaly döwrüniň tanymal adamlary garşylaýarlar. Gyş köşgüne gelip, Kornilow türkmenleriň ýüzlügine köşgüň öňündäki meýdana pytramaklygy buýurýar, beýleki bir ýüzlük bolsa ýaraglary maşynlardan düşürip, maslahat geçýän köşgüň ähli girelgelerini gorag astyna alýarlar. Şol gezek şowuna düşse Kerenskiý Kornilowy tussag etjek eken. Emma türkmenler tarapyndan daşy gurşalan generala batyrynmaga hiç kimiň bogny ysmandyr.
Tersine Moskwada Kornilowa sabyrsyzlyk bilen garaşypdyrlar. 12-nji awgustda Uly teatrda dabaraly ýagdaýda 2500 sany wekil ýygnanan Döwlet maslahaty açylýar. Aýyň 13-ne Kornilow Mogilýowdan Moskwa gelýär. Moskwanyň Aleksandrowsk demir ýol menzilinde G. Z. Ioffäniň ýazyşy ýaly:»Ýokary Baş serkerdäniň goragy bolan tekeler otly saklanan badyna wagonlardan böküp düşdiler we gapylaryň agzynda haýbat bilen durdylar».
1917-nji ýylyň awgust aýynda general Kornilow Russiýada ynkylaby çykyşlary başyp ýatyrmak üçin döwlet agdarylyşygyny geçirmäge synanyşyk edýär. 30-njy awgustda 3-nji atly korpusy «Wagşy» diwiziýa bilen bilelikde frontdan çagyryp getirýär. Emma Kornilowyň maksady başa barmaýar. Jygba-jygaly pursatlarda goşun öz serkerdesini goldamandyr. Wepaly goragçysy bolan Teke atly polkuny bolsa Kornilow Petrogradyň üstüne sürmekden çekinipdir.
1917-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda generallar Kornilow, Lukomskoý, Romanowskiý we beýlekiler tussag edilýär. Ilki wagtlaýyn, soňra bolşewik hökümetleriniň synanyşyklaryna garamazdan Teke atly polky tussaglaryň goragyny özlerinden başga hiç kime bermändirler. Emma «Oktýabr» ynkylabyndan soň tussaglaryň üstüne ýok edilmek howpy abanýar. Şol sebäpden hem 1917-nji ýylyň 19-njy noýabrynda türkmenler Kornilowy we beýleki generallary alyp Don boýlaryna tarap gaçýarlar.
General Kornilowyň gaçanlygy tiz aýan bolýar. Bütinrussiýa demir ýolunyň başlygy (ВИКЖЕЛ) Maliskiý: «Şu gün Byhowdan ýanynyň 400 sany tekesi bilen Kornilow gaçdy» diýip habar beripdir. 24-nji noýabrda bolsa bolşewik goşunlarynyň Baş ştabynyň ýanyndaky Harby-ynkylapçy komiteti (HYK) hem: «Ynkylaby satan, dönük general Kornilow Byhowdan 400 sany tekäniň ugratmagynda günorta gaçdy» diýip habar berýär.
Polk gündiz bukulyp, gijelerine ýol ýöräp uly aralyklary geçipdir.Ýigitler sowukdan we ýadawlykdan surnugýardylar. Russiýanyň uç-gyraksyz tokaýlarynyň içi bilen türkmenleriň Dona ýörişi dowam edipdir. Emma olar şowsuzlyk üstüne, şowsuzlyga uçrapdyrlar. Belli bolmadyk sebäplere görä, türkmen ýigitleriniň bir bölegine ýolbaşçy bolup Suraž şäheriniň etegini barlamaga iberilen poruçik Rannenkampf dolanyp gelmeýär. Şonuň üçin hem zerur maglumatlaryndan kesilen kornilowçylara bolşewikleriň jansyzy ýolbelet hökmünde öz hyzmatyny teklip edýär we polky öňünden bukuda garaşyp ýatan gyzyllaryň üstünden eltýär. Şol gün Kornilowyň topary Mglin tarapa gitmegi niýet edinip, Suraždan günortada ýerleşýän Krasnowiçi obasyndan çykyp, Pisarýewka obasyna ýetýär. Demir ýoldan geçilen badyna bukuda garaşyp ýatanlar polkuň edil maňlaýyndan tüpeňlerden we pulemýotlardan ot açýarlar. Kornilowçylar uly ýitgileri çekip, Moskwa – Brest demir ýoluna ýetýärler. Çatrygyň aňyrsyndan duýdansyz bronepoýezd peýda bolýar we polk indi top okuna sezewar edilýär. Top okuna tutulandan soň polk dargaýar. Kornilowyň aty öldürilýär. Ýöne ölmezden öň janawar – agyr ýaraly ahal-teke aty Kornilowy oduň içinden alyp çykyp, soňundan ýykylýar.
Polkuň galyndylary haýal ýygnanypdyr. 600 sany türkmen atlysyndan bary-ýogy 125-si ýygnanypdyr. Galanlary öldürilipdir ýa-da dereksiz ýitipdir. Türkmenler halys ruhdan düşüpdirler. Olar Kornilowa: «Ah, baýar! Haçan-da bütin bolşewikçi Russiýa bize garşy durýarka, näme edip bileris» diýip nalapdyrlar.
Kornilowyň topary doňan batgalygyň üstünden geçmegi karar edýär. Emma buz jaýrylyp, atlylar suwa ýykylyp başlaýarlar. Ahyrsoňunda, 27-nji noýabrda ir sagat 7-de Teke atly polky batgalykdan çykýar we obalaryň daşyndan aýlanyp, günorta-gündogara tarap ugraýar. Mundan beýläk uly topar bolup gitmegiň howpludygyna Kornilowyň özi-de düşünýär. Kornilow 32 sany atly türkmen bilen iň gowy atlara atlanyp, Nowgorod-Sewerskiý tarapa ugraýar. Emma daş-töweregi gyzyllar tarapyndan gabalan topar, söweşden soň, 30-njy noýabrda Pogara süýşmäge mejbur bolýar. Bu ýerde Kornilow graždan eşigine girýär we Dona tarap ýola düşýär.
Teke polkunyň serkerdesi Kýugelgen Orda wezipäniň tamamlananlygy barada habar iberýär we buýruga garaşýandygyny mälim edýär. Yza galanlary ýygnamak bilen polkuň galyndylary iki hepdeläp Pogarda durýarlar. Emma Ordadan buýruk gelmeýär. Şonuň üçin hem Nowgorod-Sewerskä çenli süýşmeklik karar edilýär. Teke polky Nowgorod-Sewerskiniň eteginde Ukrain Radasynyň goşunlarynyň tarapynda durup, gyzyllara garşy hem söweşýär. Ukrain Radasynyň hökümetiniň ylalaşmagy bilen polkuň galyndylaryny demir ýol bilen Kiýewe geçirýärler. Kiýewde 1918-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda polk dargadylýar. Emma 40 sany türkmen ýigidi Don kazaklarynyň mekanyna – Kornilowyň ýanyna gelýärler. Türkmen ýigitleriniň Don boýlaryndaky edermenlikleri barada rus ýazyjysy Alekseý Tolstoýyň «Хождение по мукам» romanynda (трилогия) gyzykly gürrüň berilýär.
1918-nji ýylyň 31-nji martynda Ýekaterinodaryň (Krasnodar) etegindäki Elizawetinsk obasynda, Kornilowyň öýünde top oky ýarylýar. Generalyň adýudanty Han Hajyýew Kornilowy göterip daşaryk çykarýar. Emma boljak iş eýýäm bolupdy. Russiýanyň garadan gaýtmaz, gozgalaňçy generaly özüne gelip bilmän, bu dünýäniň azabyndan dynýar. Goşun serkerdeligini general Denikin kabul edýär. Türkmenlere ýüregi bilen ynanan Denikin, olara özüne janpena bolmaklaryny teklip edýär. Türkmenler razylyk berýärler.
Şeýlelikde, 1914-1918-nji ýyllaryň birinji jahan urşunda ajaýyp ýeňişleri gazanan Teke atly polkunyň ýörişi heläkçilik bilen tamamlanýar. Olaryň köpüsine ata Watana dolanyp gelmek miýesser etmändir. Dolanyp gelenleriň hem güni gowy bolmandyr. Sebäbi olar ynkylabyň duşmanlaryny gorapdylar ahyryn! Emma, näçe ejir çekseler-de, kasamyna wepaly türkmenler öz borçlaryny ahyryna çenli ak ýürek bilen berjaý edipdirler. Minnetdar ors serkerdesi Budilowiç Teke polkuna bagyşlap şu setirleri ýazypdyr:
- Haýyn duşmanlaryň mekir-alyndan,
Serdar Kornilowy halas eýledi.
Parran geçip agyr söweş ýolundan,
Mert döwüşip, mert ölümi saýlady.
Ganly jeňde bary janyndan geçen,
Borjuny haklady soňky deme çen.
Şeýle minnetdar setirleri kapitan Bragin hem ýazypdyr:
- Teke ýigitleri – şöhrat eýesi,
Rus buýsanjynyň gorag-söýesi.
Edermenligiňiziň öçmez tarypy,
Ýatlar sizi Watanymyzyň taryhy.
Nirede bolsa-da, Görogly gaýraty, edermenligi bilen dünýä ýaň salyp, halkymyzyň abraý-mertebesi üçin janyny gurban eden gerçeklerimiziň jaýlary jennet, ruhlary şat bolsun!
Jumadurdy ANNAORAZOW,
taryh ylymlarynyñ kandidaty.
Taryhy makalalar