07:52 Perzent we bagt | |
PERZENT WE BAGT
Goşgular
![]() Perzent dünýä indi bir sähetli gün, Ata-enäñ guwanjy sepleşdi gitdi. Ene indi bagty gelen gelindi, Ata indi bagty gelen ýigitdi. Ozalky mähirler has goýalyşdy, Är-aýal bir-birne içgin boluşdy. Iýilýän naharlañ tagamy artdy, Gözler söýgi bilen mähir alyşdy. Arlyklar ýuwulup, serildi güne, Şöhle sypalady olañ ýüzüni. Gundag bagy öwrüldi-de kemende, Halka bolup, dañdy bagtyñ özüni. Bagt her näçe urunsa-da, bolmady, Örke boýun boldy sypjyk gylygy. Babek gapdalynda mekan eýledi,- Saçaga elendi yrsgal elegi. Şyhymyrat ABDYLLAÝEW. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |