22:05 Pikir öwrümleri | |
PIKIR ÖWRÜMLERI
Sözler
Durmuş her bir islän zadyňy edip durmaýar. Ol ýazgyda görä hereket edýär. *** Allatagala hiç kime göterip bilmejek ýüki ýüklemez. Şonuň üçin, ejizleme, hiç wagt ,,Ýüküm agyr!" diýme! *** Ýeňmek üçin ýeňlip görmeli. *** Nebsiňi doýuryberseň, köp zat islär. Iň soňunda, oňa özüňem bermeli bolarsyň! *** Seniň ilkinji mugallymyň ÖZÜŇSIŇ! *** Ak dişim, gara dişim, Saňa näme? Öz işim! *** Bu dünýä mal-baýlyk alyp gelmedik. Alybam gitmeris! *** Bergim galandan algym galsyn. *** Hiç kimsäni pes görme. Beýik daga çykmak üçinem, ilki aşagyndan - pesinden dyrmyşmaly. *** Käte biz haýsy-da bolsa bir wagta garaşýarys, wagt bolsa hiç kime garaşmaýar! *** Az salymlyk dünýäde köp wagtyňy biderek geçirmek utulmakdyr. *** Haramdan köşgüm bolandan, halaldan külbäm bolsun! *** "Çyn dost bähbit gözlemez" diýipdirler. Bähbit gözlemeýän dosta duşdummykam? *** Päk suw kiri ýuwar, çyn toba günäni. *** Ynsanlar şeýle: sen olara kömek edersiň, ýagşylyk edersiň, ýöne birdenkä olaryň ýekeje haýyşy bitmedik ýagdaýynda, göwün guşuñ näzik perlerini çirkizýän alawly sözleri eşidersiň! *** Bolmajak zat ýokdur, mañlaýda ýazylany bardyr. *** Bu bir dünýä müň iş bilen geldim. Ýetişermikäm?! Nury SAKÇYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |