18:19 Pol Robsona | |
POL ROBSONA
Goşgular
Bize aýdym aýtdyrmaýarlar, gardaş, Garañky-tümlügiñ, zulumyñ eli Biziñ agzymyzy baglajak bolýar. Eý, bürgüt ganatly, halkyñ bilbili, Pälwan negr, dür dişleriñ ýyldyrýar, Ähli zatdan heder edýär melgunlar. Gorkýar olar säher şapagyndan hem. Gorkýarlar täzeden, akyl, duýgudan. Biziñ demimizden gorkýarlar bu dem. Gorkýarlar ýatmaga, görmäge olar. Gorkýar olar, oýlanmaga gorkýarlar. Perhat söýgüsinden güýçli söýgimiz, Aýdymymyz halkyñ göwnüniñ şady. (Belki, Perhadyñyz bardyr siziñ hem, Habar ber, gardaşym, kim onuñ ady?) Gorkýar olar toprakdan hem ekinden, Gazap nahalynyñ ösýän kökünden. Zähmetkeş halklaryñ gazaby çäksiz, Dar dünýäni böwsüp barýar ol gazap. Şonuñ üçin bizden gorkýarlar çaksyz, Gorkýar olar aýdymmyzdan sandyrap! 1949 ý. Nazym HIKMET. Terjime eden: Ata ATAJANOW. | |
|
√ Bu jany gördüm / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Ala ýektaý bedroý / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Saňa bolan yşkymdan / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Şahyr / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Kakama / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Goşa ýürek / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Arşda Aý, zeminde ýeke-täk sonam / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Muhammet / Goşgular - 27.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |