14:53 Polady ýumşak oglan | |
POLADY ÝUMŞAK OGLAN
Goşgular
Polat ýaly ýumşakdy, "Ýok" diýen sözi ýokdy. Elegin getirdi elek diýeniñ, Soky diýeniñem - agyr sokusyn. Sylady ojagyn mugt iýeniñ, Sylady mollanyñ özün, sopusyn. Sylady ulyny hem-de kiçini, Kän ýakdylar sada ýigdiñ içini. Polat ýaly ýumşak diýip öwdüler, Şeýdip, ömrün polat kimin döwdüler. ■ GOŞGY BAR DIÝSELER... Goşgy bar diýseler şahynda keýgiñ, Ol keýik gözledi üstünde beýgiñ. Keýigiñ şahyny edindi bir gün, Ýöne joşmady hiç garamöý göwün. Keýgiñ şahy-ha onuñ elinde, Goşgy aýdym boldy özgäñ dilinde. * * * Söýen gyzyn synap görseñ, Az salym bolup keseki. Öz-özüñi synlap görseñ, Az salym bolup keseki. Öz goşgyñy okap görseñ, Az salym bolup keseki. Kömek eýläp, sogap görseñ, Özüñe bolup keseki. Adam bolsañ, bolýandyr kem, Biläýseñ, bolup keseki. Ýaşamasañ, ýöne birdem, Iliñde bolup keseki. * * * Çyn pälwanlar utulmaz, Geçiler başdan-serden. Durmuş añsat gutulmaz, Ynsan emeli - tärden. Gyýa baksa gyr ata, Kelle gyzsa gybata, Kişi ýalta bor ýata, Göwüni sowap kärden. Gara çekip ýüzüne, Erki ýetmän özüne, Uýsa aýal sözüne, Añ-paýhas gider ärden. Sowaşyk düşse sözler, Ýalan sözlese gözler, Köñül birleşip gezmez, Jyda düşer ýar ýardan. Ykbalyñ kynyn saýlan, Topraga ömrün jaýlan, Yhlas etmese daýhan, Bereket gider ýerden. Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||