14:56 Putiniñ Nawalnyý gorkusy | |
PUTINIÑ NAWALNYÝ GORKUSY
Publisistika
Rus oppozisioneri Alekseý Nawalnyý 18-nji ýanwarda tussag edildi / Fotosurat: Aleksandr Nemýonow / AFP Kyrk dört ýaşly Nawalnyý ençeme ýyllap Putin režimine we korrupsiýa garşy göreşip gelýär. Şonuñ üçinem ol birnäçe gezek jogapkärçilige çekilip, türmä salyndy. Iñ soñky gezek geçen ýyl "nowiçok" atly sowet döwründe oýlanyp tapylan ölüm howply derman serişdesi zäherlendi. Germaniýanyñ paýtagty Berlinde bejergi alyp, ölümiñ bäri ýanyndan gaýtdy. Nawalnyý gahryman diýiljek derejede merdana ýigit bolup çykdy. Çünki ol resmi ygtyýarlylaryñ "geldigiñ basarys" diýip atýan haýbatlaryna seretmän ýurduna dolanyp geldi. Gelen badyna-da tussag edildi. Diýmek, Putin onuñ oppozision işinden hakykatdanam öler ýaly gorkýan eken. Beýleki bir ýandan ol Russiýanyñ parlamentiniñ aşakky mejlisi Döwlet Dumasynda Nawalnyny "watan dönügi" yglan etdirdi. Beýleki bir ýandan Samarada Kirill Şuprow atly bir polisiýa işgärine Nawalnynyñ zäherlenmegini derñeýän "Bellingcat" atly derñew toparyna maglumat bermekde aýyplanyp, öý tussaglygy berildi. Aýyplama subut edilen ýagdaýynda polisiýa işgäri 10 ýyl azatlykdan mahrum edilmeli bolar. Russiýada Nawalnynyñ fondunyñ hasabyna işleýän belarus raýaty aklawjy Uladzlen Los eline gandal salnyp, kellesine torba geýdirilip on sagatlyk awtoulag ýolagçylygyndan soñ daşary ýurda deport edilipdir. Oña bäş ýyllap Russiýa girip bilmejekdigi aýdylypdyr. Eýýäm bir ýyldan gowrak wagt bäri dowam edip gelýän pandemiýa adamlary işsiz-güýçsiz, gazançsyz, umytsyz goýmak bilen çäklenmedi, döwlet ýolbaşçylatynyñ kowid-19 wirusyna garşy göreşde örän geleñsizdiklerini-de görkezdi. Adamlar täze gözlegleriñ ugruna çykdy. Liderler pandemiýanyñ başynda soñuny saýman hereket etdiler. Bir topar adamy ynandyrmagy-da başardylar. Mekdepleri ýapdylar, emma ybadathanalary açyk galdyrdylar. Leniniñ dili bilen aýdanda "din tirýegini" ulanmagy makul bildiler. Polisiýa 300-den gowrak kämillik ýaşyna ýetmedik demonstraty tussag astyna alandan soñ, hossarlaryna gowşurdy. Sibirde birnäçe ýerde -60 Cº sowuga garamazdan, protestleriñ bolup geçmegine halkyñ bu režimdenem halys bizar bolandygynyñ alamaty diýip düşünýäris. "Kommersant 111", "Business FM" bolsa Nawalnynyñ Korrupsiýa garşy fondundan alan maglumaryna salgylanyp 93 şäherde demonstrasiýalaryñ geçirilendigini habar berdi. Polisiýa demonstratlara juda ýowuz çemeleşdiler. Köpçüligi dargadyp bilen ýagdaýynda, olara käbir zatlary wada berilen bolmaly. Sankt-Peterburgda polisiýa işgäri tarapyndan garnyna ýumruk urulan aýalyñ hassahana ýerleşdirilmegi we reanimisiýa salynmagy iñ köp gowur turuzan waka boldy. Nawalnynyñ YouTube-de beren "Putiniñ köşgi" atly gepleşiginde Gelenjikdäki köşge 700 ýewro hajathana çotgasynyñ alynandygy aýdylandan soñ, altyndan hajathana çotgasy köp demonstrat tarapyndan siwmol hökmünde ulanyldy. Putin bu köşgüñ özüne degişli däldigini aýtdy. Ýöne adamlar totalitar režimlerde liderleriñ ýalan sözlemegi eşege palañ atança-da görmeýändigini bilýändigi üçin oña ynanjak bolup duranam bolmady. Uly demonstrasiýalar Moskwada, Sankt-Peterburgda bolup geçdi. "Reuters" habarlar agentligi Moskwadaky mitinglere 400 müñ adamyñ gatnaşandygyny habar berdi. Ýagny adamlar sowuga we pandemiýa garamazdan köçelere çykyp nägileliklerini bildirme zerurlygyny duýupdyr. "Azat Russiýa" internet habar kanaly üç müñden gowrak adamyñ tussag edilendigini-de mälim etdi. Nawalnynyñ dürli şäherlerdäki wekilleri biri-biriniñ yzyndan tussag astyna alynýar. Daşary ýurtlarda ýaşaýan rus raýatlary we olary goldaýanlar bolsa, Russiýadaky basyşy duruzmaga we syýasy tussaglary boşatmaga çagyrýan ýazgylar göterip, rus ilçihanalarynyñ öñünde ýygnanyşyklar geçirýär. Nawalnyý bilen birlikde asly tatar matematikaçy Azat Miftahowyñam bu ýazgylarda ady geçýärdi. Azat Miftahow Moskwanyñ Döwlet uniwersitetinde matematika boýunça assistentdi. 2021-nji ýylyñ 18-nji ýanwarynda Putiniñ "Единая Россия" partiýasynyñ ofisine hüjüm etmekde aýyplanyp alty ýyl düzediş koloniýasyna ugradylypdy. Atylan sloganlar Putin bilen baglanyşyklydy: "Wezipäñi tabşyr!", "Bärde biz ygtyýarly!", "Utançsyz!", "Sar, ýok bol!", "Ogry Putin!" we ş.m. Dünýäde demonstratlara şeýlekin ynsapsyz, rehimsiz çemeleşilmegine nägilelik bildirildi. ABŞ-nyñ täze Prezidentiniñ press-sekreyarlygy "Şu hepdäniñ ahyrynda Russiýanyñ dürli şäherlerinde protestçilere we žurnalistlere garşy gödek ýanamalaryñ ulanylmagyny berk ýazgarýar" diýip beýanat berdi. Gysgaça aýdanda, käbir liderler ýaly Putinem basyşdyr ýanamalar bilen netije gazanaryn öýdýär. Aslynda hiç biri pyçagyñ haçan süñke baryp direjegini çaklardan ejiz gelýär. Halky şindize çenli agzyna bir barmak bal çalyp, milli we dini duýgularyny oýnap, birtopar (Trampyñ beter halaýan slogany) "ýalan habarlar" bilen awundyryp, daşardan duşman toslap, ölmez-ödi aýlyk berip şu günlere geldiler. Emma indi bu oýunlar tükenene meñzeýär. Dünýä bireýýäm täze liderleriñ we syýasy sistemalaryñ gözlegine çykdy. Eýsem olar muny bilýärlermi? Nadir DEWLET, professor. Çarşenbe, 27.01.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |