07:28 Undulan Krym | |
UNDULAN KRYM
Taryhy makalalar
Çingiz hanyñ agtygy Baty hanyñ esaslandyran we tutuş Russiýany golastynda saklan Altyn Orda döwleti darganda, 1441-nji ýylda orta çykan Krym hanlygynyñ osmanly taryhynda aýratyn uly orny bar. 1475-nji ýylda ýesir düşürilen Meñli Giraý I osmanly hökümdarlygyny kabul edip, gaýtadan tagta geçirilýär. Belli bir derejede özygtyýarly hukuklara eýe bolandygyna garamazdan, patyşanyñ buýruklaryny ýerine ýetirkek, ýörişlere esger bermek, onuñ permany bilen ukrainleriñ we ruslaryñ üstüne ýörişleri etmek ýaly jogapkärçilikleri bolupdyr. 1450-1586-njy ýyllarda 86 müñ, 1600-1647-njy ýyllarda 70 müñ we meselem 1769-njy ýylda Osmanly-Russiýa uruşy wagtynda, soñky we iñ uly çozuşda 20 müñ gul olja hökmünde Kefe portuna getirilipdir. Osmanly patyşalary "Han" statusyny Krymdan alýar. Çünki türklerde hanlyk ýaly dereje bolmandyr, ony diñe Çingiz hanyñ nebereleri ulanyp bilipdir. Mysal üçin, Teýmirleñ han unwanyny ulanmandyr. Netijede wassal bolan Krym hankary bir gezeginde haýyn hem yglan edilipdir. Krym hanlaryny Stambul belläpdir. Osmanly taryhynda täsin ýagdaýda tatarvwe arap hyýanatynyñ gürrüñi köp edilýär. Meselem, Ýyldyrym Baýezidi ýeñen Teýmirleñiñ tabynlygyndaky garatatarlardyr. Taryhyñ hakydasy duşmanlary ýatdan çykarmazlyga hyzmat edýär. Duşman bolsa kim? Ýurduñyzy basyp alan, mal-mülküñizi talan, ýakynlaryñyzy öldüren, sizi sürgüne ýollan, hakyñyzy iýen, gepiñ keltesi ýaşamaga bolan mümkinçiligiñizi gysan we äsgermeýänlerdir. Emma ýaşaýan ýurduñyzyñ öñki eýeleri sizi gyzyklandyryp bilmez. 1774-nji ýylyñ Gaýnarja şertnamasy bilen Stambul Krymyñ garaşsyzlygyny ykrar etdi. Netijede Ýekaterina II 1783-nji ýylda Russiýanyñ Krym, Kuban, Taman ýarymadalaryny öz düzümine birikdirýändigini mälim edýän beýannama bilen çykyş etdi. Ine, şeýdibem Krym tatarlary üçin bela-beterleriñ öñi açyldy. Alan Fişeriñ çaklamasyna görä, 1785-1788-nji ýyllar aralygynda 100 müñe golaý krym tatary dogduk depesini terk etdi. Munyñ yzyny 1802-1803-nji, 1812-1813-nji we 1830-njy ýyllardaky bosgun akymlary ýetirdi. 1802-1803-nji ýyllaryñ bosguny hasaba alynmanda, bu göçhä-göçlük akymlarynyñ Osmanly-Russiýa uruşlarynyñ yzysüre bolup geçmegi ünsüñi çekýär. Iñ uly göç akymy 1853-1856-njy ýyllaryñ Krym urşunyñ yzysüre on ýylyñ içinde bolup geçdi. 1856-njy ýylda soýuzdaş güýçler tarapyndan basylyp alynan ýerlerdäki Krym tatarlaryndan on müñe golaýy Soýuzdaş goşunlar Krymdan çykanda olar bilen bile watanyny terk edip, Osmanly topraklaryna göçürilip getirildi. Emma bu ilkinji toparlar şondan birküç ýyl soñ boljak bosgunlaryñ diñe buşlukçysydy. 1860-njy ýylda we (barha azalmak bilen) ony yzarlan birnäçe ýylyñ dowamynda azyndan 182 müñ krym tatary ser-sepil halda Türkiýä gitmek üçin Krymy taşlap gaýtdy. 1874-nji, 1890-nji, 1902-nji ýyllarda bolup geçen täze göç akymlary bolanam bolsa, bularyñ sany ýüz müñlerçe däl-de, on müñlerçä ýetýärdi. Jemi alanda osmanly topraklaryna 1 million 800 müñ krym tatarynyñ göçüp gelendigi çaklanýar. Bolşewikler ýarymadada 1921-nji ýylda Krym Sowet Sosialistik Awtonom respublikasyny gurdular. Sanlarynyñ azdygyna garamazdannolara birentek medeni hak-hukuklary berdiler. Bu belki-de, olar üçin iñ gowy döwür bolupdy. Emma 1941-nji ýylyñ 16-njy noýabrynda Krymy nemesler basyp aldy. Bu olar üçin eýgilik bolmady. Çünki 5 müñ krymlydan otrýad düzüp, olary sowet partizanlaryna garşy ulandylar. Müñlerçe adamy bolsa Germaniýada zawod-fabriklerde işletmek üçin alyp gitdiler. (Ostarbeiter) 10.04.1944-18.05.1945-nji ýylda sowet goşuny gaýtadan Kryma girdi. Krym tatarlarynyñ başyna inen şum günler gaýtadan başlady. 1944-nji ýylyñ 18-nji maýynda ähli krymlylar nemes faşistleri bilen hyzmatdaşlyk etmekde aýyplanyp, bir gijede sürgüne ýollandylar. Haýwan saklanýan wagonlarda aç-suwsuz hepdeläp ýol ýörediler. Diñe ölülerini wagondan zyñmaga rugsat berlipdir. Jemi 195 müñ çaga, garry, syrkaw sürgün edilipdir. Olar Özbegistana, Gazagystana we beýleki sowet respublikalaryna sürgün edilipdir. Tatarlaryñ 45%-i sürgün wagtynda dyknyşykdan, suwsuzlykdan, açlykdan, keselçiliklerden ölüpdir. Dördünji urgy bolsa bir böleginiñ sürgün edilen ýerlerinden segseninji ýyllaryñ ahyrynda, togsanynjy ýyllaryñ başynda kem-kemden Kryma dolanyp baranlaryndan soñ bolup geçdi. Gaýdyp barmagyñ ýoluny ömrüniñ ýarsyny sowet türmelerinde geçiren Mustapa Jemil Krymogly ýaly şahslaryñ alyp baran göreşi arçady. 1954-nji ýylda Ukraina berilen ýarymada 2014-nji ýylyñ 16-njy martynda geçirilen referendum bilen Russiýa birikýändigini yglan etdi. 17-nji martda-da Putin muny oñlaýandygyny mälim etdi. Krym tatarlarynyñ ähli hak-hukuklaey elinden alyndy, Krymogly we onuñ egindeşleri Kiýewe gaçmaga mejbur boldy. Dünýä we Türkiýe Russiýanyñ bu eden işini oñlamady, emma üýtgän zadam bolmady. Çünki munuñ başga-da mysallary köp. Meselem, Hytaý Gündogar Türküstany we Tibeti öz düzümine birikdiripdi. Russiýanyñ şu asyrda öz düzümine birikdiren ýurtlarynyñ sany barmak büküp sanardan kän. Ysraýylam Palestinanyñ ep-esli bölegini basyp aldy. Gepiñ keltesi, durmuşda-da, diplomatiýada-da kim güýçli bolsa, şoñ edeni bolýar. "Gün güýçliñki, gowurga dişliñki". Dünýäde Krym tatarlarynyñ iñ köp ýaşaýan ýurdy Türkiýe. Olaryñ ýüzlerçe kružoklarybwe federasiýalary bar. Krymdaky babadaşlary üçin iñ köp ýa-da bar edip bilýän zatlary-da Gurban baýramynda Krymda gurbanlyk etmek. Iş ýerlerini açmak, Krymda ýaşaýanlara kredit bermek ýa-da jöhitleriñ Palestinada edişi ýaly Kryma ýerleşmek üçin hiç kim hiç zat etmedi. Çünki Krym taryhy hyýaldan ybaratdy. Krym tatarlary indi Türkiýä doly integrasiýalaşyp gitdi. Olar indi Krym hanlygyny dikeltmek ýaly gury arzuw-hyýallaryny hiç haçanam amala aşyryp bilmezler. Şeýdibem, Krym undulanlaryñ sanawyna girdi. Dr. Nadir DEWLET, professor. Çarşenbe, 08.10.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |