19:13 Uýgur babadaşlarymyza zulum | |
UÝGUR BABADAŞLARYMYZA ZULUM
Publisistika
Ýerli we daşary ýurt habar beriş serişdelerinde Hytaý Halk Respublikasyndaky (HHR) uýgurlaryñ režim tarapyndan lagerlere salnyp, zuluma uçraýandyklary baradaky habarlar ýygy-ýygydan çykyp durýar. Hytaýyñ territoriýasynyñ altydan birini düzýän ýurduñ günbatarynda 1 million 650 müñ kilometr kwadrat Sinszýan-Uýgur Awtonom (Xinjiang Uighur) oblastynda ýa-da biziñ atlandyryşymyz ýaly Gündogar Türküstanda uýgurlardan başga-da gazaklar, gyrgyzlar, özbekler, tatarlar, täjikler ýaşaýar. Bu halklaryñ umumy aýratynlyklarynyñ birem hemmesiniñ musulmanlygydyr. Hytaý hökümeti uýgur terrorçylaryndan bizar bolandygyny soñky bäş-alty ýyl bäri agzap gelýär. Uýgur militaristleriniñ hytaý ygtyýarlylarynyñ we ýönekeý ilatynyñ üstüne hüjüm etmegi bolsa, Pekiniñ sebiti hytaýlaşdyrma syýasatyny möwjedipdi. Hytaýyñ Döwlet Geñeşiniñ Informasiýa müdirligi 2018-njy ýylyñ iýunynda soñky bäş ýylda "ýakasy gaýyşly terrorçy" diýip yglan eden 1 müñ 588 adamy ölüm jezasyna höküm edendigini mälim edipdi. Sebitde eýýäm dört ýyl bäri türki halklardan bolan musulman hökümetiñ bilim bermek maksady bilen gurlandygyny öñe sürýän lagerlerinde saklanýar. Hytaý hökümeti dünýäde birnäçe ýurduñ nägileligini gazanan lagerlerini "täzeden okuw-taýýarlaýyş merkezi" diýip atlandyrýar / Fotosurat: Reuters RAND (Ylmy-barlag we ösüş) guramasynyñ 9-njy iýulda habar beriş serişdelerinde çykan barlagynyñ netijesi, Hytaýda eýýäm 2017-nji ýyldan başlap Gündogar Türküstan boýunça 562 müñ 900 okuwçynyñ ene-atalarynyñ elinden alyp, soñra ýerleşdirjek 4 müñ 387 sany ýetimler öýüne çalymdaş "mekdebiñ" gurluşygyna başlandygyny-da habar berdi. 2020-nji ýylyñ fewral aýynda Hytaýda çap edilen 137 sahypalyk habarnamadan musulmanlaryñ okuw-taýýarlaýyş lagerine (muña zähmet-düzediş lageri-de diýip bilersiñiz) haýsy etmişlerde aýyplanyp alynandygy belli bolýar. Azat ýurlarda oñyn kabul edilýän ýagdaýlaryñ köpüsi bidüzgünçilik hasaplanypdyr. Uýgur ilatyñ köp ýaşaýan Kaşgar we Hotan şäherlerindäki çaga dogluş statistika 2015-nji ýyl bilen 2018-nji ýyl aralykda 1,6%-den 0,26%-e düşdi. Adrian Zensiñ "Jeýmston" fondy bilen bilelikde taýýarlan täze habarnamasy çaga dogluş boýunça gözegçilik profilaktikasyny we önelgesizleşdirme operasiýalaryny indi "fiziki genosid" hasaplap boljakdygyny ýazýar. Munuñ özi BMG-nyñ Genosid etmişiniñ öñüni almak we jezalandyrmak boýunça şertnamasynyñ (SSECS) ikinji maddasynda bellenen kriteriýalara laýyk gelýär. Edilýän gabahatlyklaryñ barsy şu sebitdäki baýlygy elden gidermezlik üçin edilýär. Gündogar Türküstanyñ Urumçy şäheriniñ ýakynyndaky Dabançeng diýen ýerde ýerleşen konslager / Fotosurat: Reuters Öñräk "Şinhua" (Xinhua) habarlar gullugy Gündogar Türküstanyñ günortasyndaky ekerançylyk meýdanlarynyñ ýerleşýän ýerinde 115,3 milliard metr³ tebigy gaz ýatagynyñ tapylandygyny habar beripdi. Nebit ýataklary bolsa 5,6 milliard tonna. Munuñ özi Hytaýyñ nebit ýataklarynyñ 30%-ne, tebigy gaz gorlarynyñam 34%-ne barabar. Pekin HHR-nyñ gurulmagyna goldaw beren sowet despoty Stalinden öwrenen garşydaşlaryny ýa atmak ýa-da GULAG-a (zähmet-düzediş koloniýalary) ugratmak däbini musulmanlaryñ garşysyna ýöredip başlady. Aslynda sebitiñ beýleki türki we musulman etniki azlyklary bolan gazak, gyrgyz, tatar, özbek, täjik halklarynyñ terrorçylykly aktlara goşulandyklary barada hiç hili subutnama ýokdy. Ýagny, "Alynyñ ary Ahmetden çykarylýar". Käbir terrorçylar üçin uçdantutma halky jezalandyrmak boýunça görkezen üstünliginden ötri Stalin ýatan mazaryndan turaýsa dagy, Si Szinpine hökman altyn medal bererdi. Eýsem, dünýä bu adamkärçiliksiz syýasaty habar bermekden başga bir zat etdimi? 2019-njy ýylyñ 30-njy oktýabrynda BMG-nyñ Baş Assambleýasynyñ adam hukuklary boýunça meseleleriñ üstünde durup geçýän üçünji komitetinde arasynda ABŞ-nyñ, Angliýanyñ, Germaniýanyñ hem bolan 23 ýurdy bilelikde beýannama bilen çykyş edip, Sinszýandaky adam hukuklary bozulmalarynyñ gaýga goýýandygy aýdyldy. BMG-de 193 sany garaşsyz ýurt bar. 2020-nji ýylyñ 10-njy iýulynda Türkiýäniñ Ýokary Halk Mejlisinde oppozision partiýalaryñ "Hytaýyñ sütemkär syýasatyna sezewar bolýan uýgur türkleriniñ problemalarynyñ öwrenilmegi" boýunça eden teklibi "Jumhur" ýaranlygynyñ (Hökümetdäki Erdoganyñ başlyklyk edýän AKP-sy bilen milletçi Döwlet Bahçeliniñ başlyklyk edýän MHP-nyñ bileleşigi) sesleri bilen ret edildi. MHP ýaly özüni türkçi görkezjek bolýan partiýanyñ deregne oppozisiýadaky partiýalaryñ meselä arka durmagy bolsa gaty geñdi. Şuña meñzeş geñ-tañsy ýagdaýlar halkara arenasynda hem bolup geçdi. BMG-da Belarusyñ "Pekin hökümetiniñ Sinszýanda terrorizme, separatizme we ekstremizme garşy göreşmek boýunça kabul edýän öñüni alyş çäreleriniñ sebit halkynyñ adam hukuklaryny howpsuz ýagdaýa getirýändigi, sebitiñ asudalygyny we durnuklygyny gazanýandygy" hakdaky hatyna 46 ýurduñ wekili gol çekdi. Meseläniñ iñ gyzykly ýeri gol çekenleriñ hut musulman ýurtlardygydy: Bahreýn, Müsür, Gwineýa, Gwineýa Bisau, Eýran, Yrak, Oman, Päkistan, Palestina, Saud Arabystany, Sudan, Siriýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Ýemen. Tutuş on alty ýurt zulum astynda urunýan dindeşlerini däl-de, Hytaýy goldanyny gowy gördi. Diñe ABŞ HHR-a garşy sanksiýa girizip, muña garşy berk garşylyk berdi. 2020-nji ýylyñ maý aýynda ABŞ-nyñ Senaty uýgurlar üçin hödürlenen kanunnamany tassyklady. Prezident Trampyñ tassyklamagy bilenem bu kanun güýje girdi. ABŞ-nyñ Söwda ministrliginiñ Industriýa we howpsuzlyk býurosy Hytaýyñ Jemgyýetçilik howpsuzlygy ministrliginiñ Sud-medisina ekspertizasy institutyny we sekiz hytaý kompaniýasyny sanksiýa sanawyna girizdi. 9-njy iýulda Sinszýan oblastynyñ Kommunistik partiýasynyñ başlygy Çen Sýuango we oblastyñ ýene iki ýolbaşçy işgärine ABŞ-na girmek gadagançylygy goýuldy. Hytaýyñ Daşary işler ministrliginiñ press-sekretary Çžao Liszýan Pekinde geçiren nobatdaky metbugat ýygnagynda şeýle diýdi: - ABŞ-ny haýal etmän nädogry kararyndan el çekmäge, Hytaýyñ içerki işlerine goşulýan, döwlet bähbitlerine zyýan berýän beýanatlaryny we hereketlerini togtatmaga çagyrýarys. Ýogsa-da, beýleki ýurtlardan nämüçin garşylyk bildirilenok ýa-da tersine: belli bir derejede genoside öwrülen bu işi goldaýarlar? Sebäbi bularyñ barsynyñ Hytaý bilen söwda gatnaşyklary bar we ABŞ ýaly güýçleri ýok. Ykdysady bähbitler adam hukuklaryndan öñde tutulýar. Syýasatçylar näme diýse diýibersin, barybyr mazlum halk babadaşyñam bolsa, dindeşiñem bolsa ýurduñ syýasy, ykdysady, harby bähbitlerinden ýokarda bolup bilmeýär. Näçe ajy-da bolsa, näçe gynançly-da bolsa, hakykat şeýle. Dr. Nadir DEWLET, professor. Çarşenbe, 15.07.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |