14:57 Russiýada oppozisiýany sem etmegiñ islendik ýoly oñlanýar | |
RUSSIÝADA OPPOZISIÝANY SEM ETMEGIÑ ISLENDIK ÝOLY OÑLANÝAR
Publisistika
Türmä sal! Bolmadymy, zäherle! Olam bolmasa, öldür-de dyn! Wladimir Putiniñ döwründe öñki KGB-niñ ulanýan taktikalaryny FSB (Federal Howpsuzlyk Gullugy) üstünlikli dowam etdirýär, ýurduñ içindäki we daşyndaky oppozisionerler birsydyrgyn yzarlanýar. Howp abandyrmak bilen ýa-da başga formada sem bolmaýan žurnalistdir syýasatçylar ilkibaşda işsiz galdyryldy, has soñra dürli aýyplamalar bilen sud jogapkärçiligine çekildi, hatda dälihanalara salyndy. Bularyñ barsy oppozisioner Aleksandr Nawalnynyñ zäherlenip, koma girmegi bilen dünýä habar beriş serişdelerinde-de habar berilenden soñ gaýtadan gozgaldy. 20-nji awgustda Sibiriñ Omsk şäherinden Moskwa uçanda saglyk ýagdaýy ýaramazlaşan Alekseýi uçardan düşürip, gyssagly bejergä aldylar. Şol bir wagtyñ özünde onuñ zäherlenendigi barada gep-gürrüñler ýaýrady. Sibiriñ hassahanasyndaky lukmanlar 24-nji awgustda onuñ janyny halas edendiklerini we haýsydyr bir zäherli maddanyñ yzyna gabat gelinmändigini aýtdylar. Emma Germaniýanyñ Berlin şäherindäki "Charite" hassahanasy Nawalnynyñ has dogrusy şübheli sowet himikaty "nowiçok" toparyna degişli madda sezewar bolandygyny mälim etdiler. Federal kansler Angela Merkel we Daşary işler ministri Maas munuñ derñelmegini talap etdi. Kyrk dört ýaşly Nawalnyý 2018-nji ýylyñ saýlawlarynda Putine garşy kandidaturasyny goýjak bolanda, saýlaw topary garşysyna öñ jenaýat işi gozgalandygyny bahana edip, onuñ kandidaturasyna garşy çykypdy. Birnäçe ýyllap Kremle garşy köp sanly protestiñ başyny çeken we telim gezek tussag astyna alynan Nawalnynyñ internetde her penşenbe agşamy göni efirde berýän gepleşigi orta atýan korrupsiýa aýyplamalary bilen gyzgyn seslenmeleri döredýärdi. • Tussag edilen oppozisionerler we žurnalistler 2020-nji ýylyñ mart aýynda 64 ýaşly "GULAG" taryhçysy Ýuriý Dmitriýew tussag edildi, iýun aýynda onuñ garşysyna 15 ýyl azatlykdan mahrum etmek boýunça iş gozgaldy. Onlarça ýyllap diktator Iosif Staliniñ döwründe öldürilip köpçülikleýin mazarlara gapgarylanlary öwrenýän bu taryhçynyñ näme günäsi bardy? Staliniñ ýurtda gaýtadan ideal şahsyýete öwrülmegine päsgelçilik hasaplanyldymy? Ýene bir seslenme döreden tussag etme bolsa, Russiýanyñ Kosmos gullugynyñ (Roskosmos) başlygy Dmitriý Rogoziniñ geñeşçisi, köne žurnalist Iwan Safronowyñ "watan dönügi" aýyplamasy ýöñkelip tussag astyna alynmagy boldy. Ol NATO harby bileleşigine maglumat bermekde we "watana dönüklik etmekde" aýyplanyp, garşysyna 12 bilen 20 ýyl aralykda azatlykdan mahrum etmek boýunça iş gozgaldy. Sürgün edilen Mihail Hodorowskiniñ "Açyk Russiýa Demokratik Hereketi" öñdebaryjy agzasy Mihail Piwowarow hem tussag astyna alynanlaryñ biri. Onuñ agza bolan jemgyýetine garşy bolsa dokuz sany aýyplaw işi bar. 2020-nji ýylyñ 6-nji iýulynda sud Swetlana Rokopýewany "terrorizmi goldamakda" aýyplady we ony 500 müñ rubl (7 müñ dollar) jerime tölemäge höküm etdi. Russiýanyñ şertlerine bu bu jerimäniñ möçberi gaty uly pul. Russiýada soñky 23 ýylda azyndan 21 žurnalist agyr jezalara uçradyldy. • Kast edilşikler - 2003-nji ýylyñ iýul aýynda syrly kesel bilen aradan çykan Ýuriý Şçekoçihin 1999-nji ýylda "Новая Газета"-nyñ redaksiýasyna edilen bombaly hüjümi derñeýärdi. - Edil Ýuriý Şçekoçihin ýaly bombalama wakasyny derñäp, añyrsynda Putin hökümetiniñ bardygyna ynanan Sergeý Ýuşenkow 2003-nji ýylda öýüniñ öñünde atylyp öldürildi. - 2006-njy ýylda Londonyñ otelleriniñ birinde köne çekist Aleksandr Litwinenko çaý içip durka zäherlendi. Onuñ çaýyna "polonium-210" zäherini garanlaryñ Lugowoý we Kowtun atly FSB-niñ jansyzlarydygy belli boldy. Litwinenko üç hepdeläp jebir çekip öldi. Ol FSB-den çykandan soñ Putini we gizlin gullugyñ işini derñäp başlapdy, 1999-njy ýylyñ bombalamasy üçin gullugy günäkärläpdi. - 2006-njy ýylyñ 8-nji oktýabrynda "Новая Газета"-nyñ tanymal korrespondenti Anna Politkowskaýa Moskwada öýüniñ lift8nde kellesinden atylyp öldürildi. Ol "Putiniñ Russiýasy" atly kitabynda Kremliñ hojaýynyny ýurdy polis döwletine öwürmekde aýyplapdy. Şeýle-de ol Çeçenistandaky korrupsiýalary orta atýardy. - 2009-njy ýylyñ 15-nji iýulynda žurnalist Natalýa Estemirowa öýüniñ öñünde alnyp gaçylyp, endamyna we kellesine birnäçe gezek atylandan soñ tokaýlyga zyñlyp gidildi. Ol çeçen urşy döwründe rus we çeçen militanlarynyñ arasynda galan bigünä halkyñ çeken kösençlikleri we dürli korrupsiýa wakalary barada ýazýardy. - 2009-njy ýylyñ ýanwar aýynda adam hukuklary boýunça aklawhy Stanislaw Markelow we "Новая Газета"-nyñ korrespondenti Anastasiýa Baburowa Moskwada Kremliñ öñünde ýaragly hüjüme uçrap öldürildiler. Markelow rus goşunlaryna garşy çeçenleriñ ýönekeý ilatynyñ hak-hukuklaryny gorap çykyş edýärdi. - 2012-nji ýylyñ 10-njy noýabrynda 2005-nji ýyldan bäri daşary ýurtda Putini tankyt edýän Aleksandr Perepiliçnyý 44 ýaşynda Londonda jaýyñ ýokarsyndan düşüp öldi. - 2013-nji ýylda rus milliarderi Boris Berezowskiý ýapyk hammamynda öli tapyldy. Onuñ ölümini birmahallar işleşen Putin bilen arasynyñ bozulmagyna we ony günäkärlemegine baglanyşdyrýanlar bar. - 2015-nji ýylyñ fewral aýynda sowet döwründe soñ syýasy ýyldyza öwrülen, yaş reformator, Ýelsin döwründe biraz wagtlap premýer-ministriñ orunbasary-da bolup işlän Boris Nemsow arkasyndan dört gezek atylyp öldürildi. Ol mitingler geçirýärdi we ýaşlaryñ arasynda gowy görülýärdi. 2011-nji ýylyñ parlament saýlawlaryna resmi galplygyñ aralaşandygyny, korrupsiýanyñ kök urandygyny ýazdy we Putiniñ garşysyna çykyşlar gurady. Öldürilmänkä-de ýygy-ýygydan tussag astyna alynyp, gününe goýulmandy. - 2017-nji ýylyñ 23-nji oktýabrynda Moskwada giñden tanalýan oppozisioner žurnalist Tatýana Felgengauer pyçakly hüjüme uçrady we tötänleýin diýen ýaly ölmän galdy. - 2020-nji ýylyñ 4-nji iýulynda Awstriýanyñ Wena şäheriniñ golaýyndaky Gerasdorf posýologynda ýaşaýan 43 ýaşly çeçen emigranty Mumihan Umarowyñ janyna kast edildi. Ol şondan biraz öñräk polisiýadan özüne janpena berilmegini haýyş edipdi. Soñky ýyllarda Türkiýede käbir çeçenler edil şoñky ýalu görnüşde öldürilýär. Ýokarda berilen birnäçe mysaldan görnüşi ýaly Russiýanyñ içinde ýa-da daşynda Putuni tankyt etmegiñ howpludygyny bilse bolýar. Dünýäde gaty köp ýurt şuña meñzeş metodlary ulanyp oppozisiýanyñ we halkyñ öz pikirini erkin beýan etmeginiñ öñüne böwet bolýar. Belarusdaky prezident saýlawlaryna galplyk aralaşandygy aýdylýan prezident Aleksandr Lukaşenkonyñ köşgüne eli "Kalaşnikow" awtomatly gelmeginiñ özi oppozisiýa ýeñ astyndan ýumruk görkezdigi dälmi? Uzyn gepiñ gysgasy, demokratiýanyñ ýeterlik ösmedik, ornaşmadyk ýurtlarynda liderler häkimiýeti hiç bir ýagdaýda elden beresleri gelmeýär we munuñ üçin islendik ýamanlykdan gaýtmaýarlar. Nadir DEWLET, professor. Anna, 28.08.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |