17:20 Orslaşdyrmagyñ täze ädimleri | |
ORSLAŞDYRMAGYÑ TÄZE ÄDIMLERI
Publisistika
Wladimir Putin eýýäm birnäçe wagtdan bäri rus däl awtonom respubliklary we oblastlary ýok etmegiñ meýilnamasyny durmuşa geçirip gelýärdi. Şeýtmek bilen olary ilatynyñ aglaba bölegi rus halky bolan oblastlara birleşdirip, Sowet Soýuzy we ondan soñky Russiýa Federasiýasy döwründe berilen hak-hukuklary ellerinden alýardy. Putiniñ bar gaýgysy rus ilatynyñ azalmagy we gartaşmagydyr. Şeýle-de Sowet Soýuzy dargandan soñ respublikalarda ýaşaýan ruslara raýatlyk berme, ýagny ikiraýatlylyk kanuny kabul edildi. Orsyýetdäki etniki azlyklaryñ sesini gysmak üçin her dürli çäreler geçirilþär. Geçen ýyl awtonom respublikalarda ene dilinden sapak berýän sagatlat ýatyryldy, etniki diller hepdede iki sagatdan geçmeýän ýörite sapaga öwrüldi. Russiýa Federasiýasynda oblastlary birleşdirme işi 2003-nji ýylda başlady. On awtonom oblastdan altysynyñ ady kartadan öçürildi. Ýerli etniki azlyklary goldamak merkeziniñ we şol bir wagtyñ özünde BMG-nyñ Ýerli halklaryñ hukuklary boýunça hünärmeni Rodion Sulýandzigi şeýle diýýär: - Milli oblastlary ýok etmek etno-medeni we lingwistik köpdürliligi gorap saklamak boýunça kabul edilen global gymmatlyklara garşy hereketdir. Putinuñ ýene bir gaýgysy-da milli respublikalaryñ 1991-nji ýylda häzir garaşsyz milli respublikalaryñ roluny oýnama ähtimallygy. Ýagny garaşsyzlyklaryny almagy. Russiýa Federasiýasy Krymy basyp alandan soñ federal birlikleriñ sany 85-e, respublikalaryñ sany 22-ä çykdy. 33 sany dil resmi taýdan ykrar edilen, 31 federal birligiñ öz parlamentleri bar. 146 million adamlyk ýurt 17 million kw² bolup, dünýäniñ iñ uly territoriýasyna eýe Bu äpet ýurduñ ilatynyñ 20%-ni etniki azlyklar düzýär. Putin bulary orslaşdyrmak arkaly ýurdy dargamakdan goraýandyryn öýdýär. Putine bolan ynamyñ barha peselýändigine we onuñ saglygynyñ ýaramazlaşýandygy hakda myş-myşlaryñ köpelýändigine garamazdan, degişli gulluklar heniz aýak üstünde. Putin soñky gezek koronawirus ýokanjyny-da amatly pursat hasaplap, birnäçe gezek sebiti birleşdirjek boldy. Birleşdirilmegi meýilleşdirilen oblastlaryñ arasynda Arhangelsk oblasty, Nenes Awtonom oblasty we Komi respublikasy bar. Bularyñ üçüsiniñem ilaty kän däl. Üçüsini goşanyñda umumy meýdany Skandinawiýa ýurtlarynyñ meýdanyna deñ bolýar. Ilaty 27 million ilatly Daniýa, Finlandiýa, Norwegiýa, Şwesiýa bilen deñeşdirende bary-ýogy 2 milliona ýetýär. Komi parlamenti öñki deputat Bratenkow bu ädimiñ başga dilli halklara garşy boljakdygyny we Putiniñ "Russiýany doly ruslaşdyrmak" syýasatyny goldajagyny aýtdy. Bu üýtgeşme Arhangelsk oblastyny Nenes Awtonom oblasty bilen bir federal birligiñ düzümine goşma, yzyndanam muna Komi respublikasyny-da goşma maksatnamasy nägilelikleriñ döremegine getirdi. Munuñ düzümine goşulmaly edilen komi halky-da, neneslerem nägileliklerini bildirýärler. Eger şeýdilende olar paýtagtlaryny, syýasy we medeni hak-hukuklaryny elden gidererler. Olaryñ şonsuzam rus federal birligine öwrüljegi belli, gynançly ýeri: gowşap barýan ene dillerini ýitirme howpy abanýar. Komiler fin-ugor milletine degişli, dilleri ural-altaý dil maşgalasyna girýär. Russiýada alty halk şu topara girýär. Mundan başga-da finlerdir wengerler hem şol dil toparyna degişli, jemi 25 million adam şu dillerde gürleýär. Nenesler tundra sebitlerinde ýaşaýan we sibir halklary bilen garyndaş kowum. Ilaty 41 müñe ýetýär. Olaryñam öz milli medeniýetlerini we dillerini gorap saklaslary gelýär. Häzire çenli 10 müñ nenes bu maksatnamanyñ garşysyna nägilelik bildirýän arzalaryny berdiler. Komi respublikasynda nebit çykarylýandygy üçin olar beýlekilere garanda gowy ýaşaýar. Olar bujagaz girdejilerindenem kesilerin öýdüp alada galýarlar. Hakykatda Moskwa bu respublikalaryñ girdejisiniñ 70%-ni özüne alýar. Nebit çykarýan Tatarystandyr Başgyrdystanyñ ýagdaýy-da öwerlikli däl. Ýagny, merkez halklary zannyýamanlyk bilen eksplutatirleýär. Tatarystana edilen soñky basyş 26-njy maýda ýurduñ Şehabetdin Merjany adyndaky Taryh institutynyñ ýapylmagy boldy. Russiýada rus däl halklar aslynda uly gaýgy-aladada. 26-njy maýda habar serişdelerine çykan habarlaryñ biri Putinjñ respublikalara garşy amala aşyrýan işlerini gaýtadan orta atdy. Türki respublika bolan Çuwaşystanyñ öñki ýolbaşçysy Mihail Ignatýew Putine garşy suda arza berdi. Bu ýagdaý Russiýanyñ birinju gezek bolup geçýär. Putin ony 2020-nji ýylyñ 29-njy ýanwarynda prezidentlik möhleti dolmanka "ynamy ödäp bilmedi" bahanasy bilen wezipesinden boşadypdy. Eýsem häzir özüne bolan ynam 20%-e düşen bolsa, ony kim wezipesinden boşadyp bilerkä? Russiýada seýrek gabat gelýän bu arza içerki we daşarky mediýanyñ diline düşdi. Russiýa Federasiýasynyñ düzümindäki respublikalardan Çuwaşystanyñ öñki prezidenti Mihail Ignatýew Putiniñ özüni wezipeden aýran kararyna garşy suda ýüz tutdy. Çuwaşystanyñ Ýokary Sudy onuñ arzasyny kabul etdi we birinji sud mejlisi 30-njy iýunda bolup geçmeli. Totalitar we sudlaryñ garaşsyz bolmadyk ýurdunda Putiniñ sudda ýeñilmegi mümkin däl. Ýöne Ignatýew beýleki ähli respubliklaryñ ýolbaşçylaryndan mertdigini görkezdi. Ýerli respublikalaryñ prezidentleri hut Putiniñ özi tarapyndan wezipä bellenýär. Diýmek, ol Ignatýewiñ "guýrugyna" beter basan bolmaly, ýogsam beýle batyrgaý herekete ýüz urmaga mejbur bolmazdy. Gepiñ keltesi, etniki azlyklary rus köpçüligiñ içinde eretmek (assimilleşdirmek), medeniýetlerini we ene dillerini ýok edip, olary orslaşdyrmak ýaly pygyllar hiç wagtam gutarjaga meñzänok. Sowet döwründe "sowet adamyny" döretmek syýasaty ýöredilýärdi. Garym-gatym nikalaşyklara çagyrylýardy. Internasionalizmiñ täsiri bilen ene-atalar çagalaryna musulman adyny däl-de, birnäçe daşary ýurtly sosialistleriñ (Marat, Robert, Marks), ruslaryñ ýa-da gysgaldylan ýasama atlar (Wil, Lenara, Borýa, Kim, Rim, Marlen we ş.m.) goýardylar. Gynansak-da, XXI asyrda-da etniki azlyklar medeni köpdürlilik, baýlyk hasaplanmagyñ ýerine, köp ýurtlarda kelleagyry hasaplanyp gelinýär. Dr. Nadir DEWLET, professor. Ýekşenbe, 31.05.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |