08:36 Taryhda türk-rus gatnaşyklary | |
TARYHDA TÜRK-RUS GATNAŞYKLARY
Taryhy makalalar
Umuman soñky on ýylda Moskwa bilen Ankaranyñ gatnaşyklary hemme ugurda görlüp-eşdilmedik derejede ýygylaşdy we ösdi. Hamana köne duşman ýegre dosta öwrüldi duruberdi. Milli azat-edijilik urşy döwründe patyşa režimini ýykan bolşewikleriñ goldawy bilen başlan gatnaşyklar umuman alanda 2016-njy ýyldaky ýakymsyz wakalar hasap edilmese, ýüz ýyla golaý wagtlap çaknyşyksyz dowam etdi. Soñky on ýylda bolsa, hakyky "şepelere" öwrüldik. Bu oñyn üýtgeşmeler gowy zat welin, 550 ýyllap dowam eden duşmançylygy, iki tarapyñam adam we ýer ýitgilerini nädip ýatdan çykaryp borka? Aýratynam, täze osmanlyçylar bu meselä nädip gararlar? Ýüzlerçe ýyllap goñşy, hatda bir ýer-ýurtda ýaşap gelen slawýan gelip çykyşly ruslar bilen türki halklaryñ ykbaly biri-biriniñ içinden eriş-argaç bolup geçýär. Elbetde, ikitaraplaýyn gatnaşyklar elmydama dostana bolmady. Çünki iki tarapam beýlekisine basyş edip, öz bähbidini öñe tutup geldi. Ine, Patyşa Russiýasynyñ hojaýynlary Romanowlar neberesi bilen Türk imperiýasynyñ patyşalary osmanlylaryñ taryhy gatnaşyklary munuñ subutnamasy bolup garşymyzda dur. Beýleki tarapdan 1917-nji ýylyñ Oktýabr rewolýusiýasyndan soñ daşary ýurda gaçan intelligensiýanyñ we alymlaryñ "kommunizm teoriýasyna" garşylyklaýyn nukdaýnazar hökmünde orta atan "ýewraziýaçylyk" teoriýasyny has soñra käbir rus alymlary gaýtadan gozgady. Lew Gumilýow, biziñ günlerimizde bolsa Putiniñ geñeşdarlygyny edýän Aleksandr Dugin bu teoriýanyñ täze arhitektorlary hökmünde öñe saýlanýarlar. Gumilýow meselem, rus, türki, mongol halklarynyñ doganlygyny öñe sürýärdi. Ol ýazan kitaplary bilen Russiýanyñ Çingiz hanyñ agtygy Baty han tarapyndan gurlan Altyn Ordanyñ mirasdüşeridigini we birentek rusyñam zor bilen ýa-da öz islegleri bilen çokundyrylan tatarlaryñ neslindendigini subut etmäge synanyşdy. Gumilýow aslynda ýalñyş hem aýdanokdy. Hatda Russiýa Federasiýasynyñ prezidenti Wladimir Putin "Rusyñ hamyny soýsañ, aşagyndan tatar çykar" diýmegi halaýar. Täze döwrüñ ýewraziýaçylyk teoriýasynyñ öñbaşçysy Aleksandr Dugin "Meniñ pikirimçe Russiýa bilen Türkiýäniñ ykbaly we geçmeli ýoly bir. Biz bileleşip hereket etmäge, oñşukly ýaşaşmaga mejburdyrys" diýýär. Hatda ol arada bolan yrsaraşmalara garamazdan "Türkiýe bilen Russiýanyñ arasynda uruş turmaz" diýen beýanat hem beripdi. Dugin Eýrany-da şu bileleşige goşasy gelýär. Soñky 10-15 ýylda Russiýanyñ Eýran we Türkiýe bilen ýakynlaşmagynyñ şu teoriýa esaslanýandygyny aýdyp bilerismi? Gumanitar, söwda, syýasy gatnaşyklarda taraplaryñ öz bähbidini goraýandygy her kime-de mälim. Ine, şular ýaly hyzmatdaşlykdan kim has köp peýda görýär? Gürjüstanyñ iki awtonom oblastyny goparyp alan, Ukrainanyñ Krym Awtonom respublikasyny özüne birikdiren we ýurtda graždanlyk uruşyny turzan, Siriýada esasy harby güýje öwrülen Russiýanyñ Türkiýe babatda düýp niýeti näme? Bu soraglara jogap gözlände geçmişe ser salmagyñ peýdasynyñ boljakdygyna ynanýarys. Maşgala gurlanda-da ýaş çatynjalar biri-birini ýakyndan tanamaga synanyşýandyr. Çünki olar jigerlerini ýaryp çykan balalarynyñ geljegini pikir edýärler. Şonuñ üçinem biziñ bu gatnaşyklary dürli nukdaýnazarlardan öwrenmegimiz gerek. Osmanlylar bilen Romanowlar taryhynyñ hemme döwründe biri-birleri bilen urşup gelipdir. Bu barada rus we türk taryh kitaplarynda kän gezek ýazyldy. Nädip ýazylmasyn, hut şeýle döwürlerde uruşlar san-sajaksyz adam we mal-mülk ýitgisine sebäp boldy. Bu ikitaraplaýyn göreş iki ýurduñam öz ideologiýasynyñ möhüm bölegine öwrüldi, mekdepleriñ okuw programmalaryna girizildi. Diýmek, mekdebe gatnan rus we türk ýaşlarynyñ her biri bu meseleler boýunça gaty köp zat öwrendi. Bu bolsa iki tarapyñ biri-birine duşmançylykly we şübheli seretmegine sebäp boldy. Aslynda taryh boýunça okuw kitaplarynda bu wakalar aýdylmadyk bolanlygynda, taraplar biri-biriniñ geçmişini biljegem däldiler. Meselem, Germaniýada okanlar Ikinji jahan urşy, Gitler, genosid ýaly zatlary bilenok, çünki okuw programmasynda bular agzalanok. Elbetde, rus diýenimizde, biz Russiýa Federasiýasynyñ raýatlaryny göz öñünde tutýarys. Etniki ruslardan başga ähli azlyklar-da öz taryhlaryny däl-de, gönüden-göni ruslaryñ taryhyny öwrenmeli bolýar. Netijede beýik rus halkynyñ taryhyny iñ inçe detallaryna çenli bilýän, meselem Altyn Orda döwrüni "tatar zulumynyñ döwri" hökmünde öwrenen tatar çagalarynda milli buýsanç öz-özünden ýok bolýar. Munuñam üstesine, öz ene dillerini-de bilmese, olar üçin tatar, başgyrt, çuwaş ýa-da başga bir etniki azlykdan bolmagyñ hiç bir tarapdan manysy galmaýar. Çünki olar özlerini beýik rus milletiniñ bir parçasy hasaplaýar. Beýleki etniki atlar bolsa gury at bolup galýar. Türkiýe-Russiýa gatnaşyklarynyñ taryhy IX-X asyrlardan başlaýar. Heniz Moskwa döremezden öñ Kiýew Rusy bilen bulgar, suwar, peçeneg, hazar, gypjak ýaly türki bilen gatnaşykda bolnupdyr. Türk taryhçysy professor Akdes Nimet Kuratyñ "Peçenegleriñ taryhy", şeýle-de "IV-XIX asyrda Garadeñiziñ demirgazygyndaky türki kowumlar we döwletler" atly kitaby şol döwürleriñ üstünde durup geçýär. XIII asyrda Gündogar slawýanlary ýokarda agzalan türki taýpalardan daşgaryn Çingiz hanyñ agtygy Baty han tarapyndan gurulan Altyn Ordanyñ häkimiýetiniñ astyna girýär. Iki ýarym asyr dowam eden bu döwri ruslar "tatar zulumynyñ döwri" hökmünde ýatlaýarlar. Aslynda paýtagt Saraý rus knýazlyklarynyñ içerki işlerine, medeni we dini däp-dessurlaryna goşulmandyr, diñe paç almak bilen çäklenipdir. Altyn Ordanyñ gowşap başlan döwründe gurlan Krymdan başgasy - Gazan (Kazan), Kasym, Aždarhan (Astrahan), Sibir hanlyklary Moskwanyñ güýçlenmegi bilen onuñ boýunturygy astyna girdiler. Moskwa olardan paç almak bilen çäklenmedi, gaýtam hakyky zulumyny görkezdi. Emma etniki azlyklar şol döwürleri "rus zulumynyñ döwüri" diýip hiç bir ýagdaýda atlandyrybam, öwrenibem bilenok. Şeýlelik bilen ruslar üçin türk dünýäsinde ýeke-täk bäsdeş - olam Osmanly döwleti galýar. Wagtyñ geçmegi bilen ruslar ýyly deñizlere inmek üçin Garadeñiziñ kenarlaryna, Kawkaz ýurtlaryna gönükýärler. Iki ýurduñ arasynda düýpli çaknyşyklar, uruşlar başlaýar. Garadeñiziñ bir mahallar türk dünýäsine degişli bolan demirgazyk sebitleei ruslaryñ eline geçýär. Romanowlar hatda Konstantinopoly (Stambuly) "azat etmegiñ" arzuwyny edip başlaýarlar. Osmanlylaryñ uruşlarda ruslara garşy umuman şowsuz bolmaklarynyñ sebäbi hökmünde Günbatardaky ylmy-tehnologiki üýtgeşmelerden daşda galmagy, daşary ýurtlarda wekilhanalary açmakda gijikmeleri, goñşulary hakda ýeterlik maglumat almazlyklary, ykdysadyýetleriniñ diñe salgyda esaslanmagy, ylym-bilime ýeterlik üns berilmezligi ýaly sebäpleri görkezip bolar. Ruslar bolsa geçmişde bolşy ýaly häzirem duşmanlaryny, garşydaşlaryny we aýratynam goñşy halklaryny ünsli synlaýar. Aýratynam Beýik Pýotryñ döwründe şu mesele boýunça uly öñegidişlikler gazanylypdyr. Muña delil hökmünde şulary görkezmek mümkin: 1713-1917-nji ýyllar aralygynda Russiýada Türkiýe (Osmanly) hakda jemi 4 müñ 874 kitap çap edilipdir, bularyñ ýarysyndan gowragyny taryhyñ meselelerine bagyşlanyp ýazylan kitaplar düzýär. Diñe şulam olaryñ duşman we geosyýasy bäsdeş hasaplanýan Osmanla nähili üns berendiklerini görkezýär. Nadir DEWLET. Penşenbe, 22.04.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |