20:38 Staliniñ jenaýatlary ýatdan çykanok | |
STALINIÑ JENAÝATLARY ÝATDAN ÇYKANOK
Publisistika
Sowet režiminiñ islemeýän dünýägaraýşyndaky şahslara eden syýasy basyşy 1917-nji ýylyñ Oktýabr rewolýusiýasynyñ üstünden birküç ýyl geçen badyna başlady. Stalin döwründe bolsa, bu ýagdaý köpçülikleýin çärä öwrüldi. 1937-nji ýylda Içeri işler komissary Nikolaý Ýežowyñ N"00447 belgili buýrugy uly terroryñ başlangyç resminamasy boldy. Ilkinji bolup bu buýruk esasynda 82 adam atyldy we 193 adam zähmet koloniýalaryna ugradyldy. 30-njy oktýabr Russiýada 2007-nji ýyldan bäri "syýasy basyşyñ adam pidalarynyñ güni" hökmünde ýatlanýar. Şu ýylyñ 30-njy oktýabrynda "GULAG taryhy muzeýi we ýatlama fondy" Russiýanyñ 11 oblastynda 114 kompýuter saýtynda okuwçylara Staliniñ zulumyndan ejir çekenleri ýatlatma sapaklaryny berdi. Soñky ýyllarda Putiniñ başlangyjy bilen Stalini eden jenaýatlaryny agzamazdan öwmek döwri başlandy. Çünki Putinem şonuñ ýaly şöhratly bolasy gelýär. Taryh sapaklarynda bu jenaýatlar barada aýdylmaýandygyndan häzir Russiýada halkyñ 70%-i Stalini hormat bilen ýat edýär. Moskwadaky "Memorial hukuk kömegi merkezi" biziñ günlerimizde hiç bir günäsi bolmazdan tussag edilenleriñ we türmä salynanlaryñ sany gün geçdigisaýy artýar diýip habar berýär. Merkeziñ 30-njy oktýabrdan bäri mälim eden syýasy tussaglar sanawynda 362 adamyñ ady bar. Bu zuluma uçranlaryñ 297-si dini, 65-i syýasy düşünjesi üçin türmelere salnypdyr. Bularyñ arasynda Moskwa uniwersitetiniñ mugallymy asly tatar Azat Miftahow, başgyrdystanly syýasatçy we ýazyjy Aýrat Dinmuhammedow bar. Şeýle-de edil şumat 252 adam dini düşünjeleri tutaryk edilip, tussaglykda saklanýar. • Staliniñ jenaýatlary NKWD-niñ (Içeri işler Halk komissarlygy) maglumatlaryna görä, 1929-njy ýyldan 1953-nji ýyla çenli Gulag konslagerlerinde we koloniýalardan gelen bendileriñ sany 18 milliona ýetendigi çak edilýär. Staliniñ şahsyýet kultuny ýüze çykaran, ýagny onuñ jenaýatlaryny halka paş eden SSSR-iñ Kommunistik partiýasynyñ baş sekretary Hruşýow "1937-nji ýyldan 1953-nji ýyla çenli zähmet koloniýalarynda 17 million adam boldy" diýdi. Leniniñ we Staliniñ döwürlerinde (1921-1952) syýasy bahanalar bilen tussag edilenleriñ sany 4 milliona ýetendigi çaklanýar. Bularyñ 800 müñi oka düzülip, 600 müñi zähmet koloniýalaryndaky adamkärçilige sygmaýan agyr şertlere çydaman öldi. Gulag-lar SSSR-de millionlarça adamyñ agyr zähmet şertlerinde işledilen lagerleridir. Özü-de Gulag-da oturyp gelen Nobel baýragynyñ eýesi rus ýazyjysy Aleksandr Solženisyniñ "Gulag arhipelagy" atly iki tomluk romany 1973-nji ýylda Parižde çap edildi. Eser Gulagdaky şertleri ussatlarça suratlandyrypdyr. Gulag-da oturyp gelen tatar ýazyjysy Ibragim Salahowyñ "Kolyma hekaýalary" (Kazan, 1989) atly eseri-de şol temanyñ üstünde durup geçýär. Bu boýunça ýazylan iñ saldamly eser bolsa "Pulitzer" baýragynyñ eýesi amerikan ýazyjysy Enn Epplbaumyñ "GULAG" eseridir. Konslagere getirilen syýasy tussaglardan başga-da uruşda ýesir düşenler, uruşdan soñ tussag edilenler, kolhozlaşdyrma döwründe sürgün edilen baý-kulaklardyr işan-mollalaram bardy. 1939-njy ýyldan soñ ýurtlaryndan sürgün edilen polşalylar, pribaltikalylar we Wolganyñ boýunda ýaşaýan nemesler, uruşdan soñ Wolganyñ boýundan sürgün edilen asly mongol galmyklar, krymly tatarlar, ermeniler, grekler, Demirgazyk Kawkazdan gelen çeçenler, inguşlar, garaçaýlar, balkarlar, Gürjüstandan ahyska türkleri bu bendileriñ kerwenine goşuldylar. Ine, şy ýörite sürgünlerden baý-kulaklaryñ sany iki milliondan az-owlak geçýänem bolsa, beýlekileri-de goşanymyzda jemi sany alty milliona ýetýär. Ýokardaky sanlary jemlänimizde SSSR-däki mejbury işledilenleriñ sany 28 million 700 müñe ýetýär. Şugadar bendiden we sürgün edilenlerden näçesi öldi ýa-da öldürildi? Bu boýunça anyk maglumatlary tapmak mümkin däl diýen ýaly. • GULAG şertleri GULAG-lardaky (Zähmet-ýerine ýetiriş lagerleri boýunça baş müdirligi / Гла́вное управле́ние исправи́тельно-трудовы́х лагере́й - ГУЛАГ) ýaşaýyş şertleriniñ Sowet Soýuzyndaky zähmet lagerlerinde geçirilen ilkinji aýlarda görülen we 80%-e baran ýokary ölüm derejesiniñ belli-başly sebäpleri gereginden artyk önümçiligiñ göz öñüne tutulmagy, açlyk, rehim-şepagatsyzlyk we zulumdyr. Daş ýontmak we magdançylyk giñden ýaýran iş bolşy ýaly, şol bir wagtyñ özünde iñ agyr işler bolupdyr. GULAG magdan käninde bir adamyñ gündelik iş plany 13 müñ kilograma çenli çykyp bilipdir. Iş plany has artdyrylyp, bendileri gözegçilere ýallaklatmaga, mekirlige, parahorlyga, jynsy zorluga baş goşar ýaly edilýärdi. Bular ýaly zatlar bolansoñam, hamana köp iş edilen ýaly galplyga ýüz urulýardy. Iş planyny dolduryp bilmezlik berilýän normalaryñ kemeldilmegine getirip bilipdir. Mysal üçin, bir adama günde berilýän gara çowdary çöregi 300 grama, un 5 grama, makaron ýa-da gara bugdaý 25 grama, et 27 grama we kartoşka 170 grama düşürilip bilnipdir. Has az iýmitlenmek has az önümçiligi añladypdyr. Munuñ üçinem şol adam jezalandyrylypdyr. Zähmet koloniýasynda ýa-da türmede oturan biri üçin tussaglykdan soñ iş tapmagam añsat bolmandyr. Öñ sud bolmak täzeden sud bolmak ähtimallygyny saklapdyr. Emma sowet lagerlerinden boşap gelýänlere uly şäherlerde ýaşamagam gadagan edilipdir. Adam ogly erbetlikleri ýatdan çykarmaga meýilli bolýar. Emma bular ýaly erbetlikler ýatlanmasa welin, ondan has beterleri gaýtalanyp bilýär. Russiýada sowet režimi juda ganly formada ornaşdyryldy, emma ol ýetmiş ýyldan köp ýaşamady. Munuñ sebäbi, belki-de, adalatsyzlyklara, ser-sepilliklere her jemgyýetiñ çydap bilýän güýjüniñ we belli bir wagtynyñ bolmagydyr. Emma Putin halkyñ ýatkeşliginiñ pesliginden peýdalanyp Stalini özüne nusgalyk şahs edip aldy. Ol akylly syýasatçy. Hem-ä köne kommunistleri, hemem prawoslaw ruhanylary, hem-de rus faşistleri öz tarapyna çekip oñarýar. Bu garabasma haçanam bolsa bir gün oýanyp, şu günüñ Russiýasynda režim oppozisionerlerine täze GULAG wagşyýanalygyny amala aşyrarmy, belli däl. Ýöne dürli statistiki maglumatlaram eýýämden Orsyýete onçakly gowy günleriñ garaşmaýandygyny görkezýär. Nadir DEWLET, professor. Çarşenbe, 04.11.2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||
| ||