10:42 Pyragynyň hormat goýan ussady | |
PYRAGYNYŇ HORMAT GOÝAN USSADY
Edebi makalalar
Belli bolşy ýaly, musulman dünýäsiniň belli şahsyýetleriniň biri Ymam Ryzanyň manyly ömrüniň bir bölegi gadymy Merwde geçipdir. Ymam Ryzanyň doly ady Aly ibn Musa Kazymdyr. Ol musulman halklarynyň belent hezzet-hormaty, beýikligiň alamaty hasap edilýän on iki ymamyň sekizinjisidir. Onuň künýesi Abulhasan, Ryza bolsa lakamydyr. Ol 148-nji hijri ýylynyň zilkagda aýynyň on birine (765-nji ýylyň dekabr aýynyň ýigrimi sekizine) Medinede dünýä inipdir. Halyf Mamun öz dogany Emin aradan çykandan soň, Marydan Arabystana hat ugradyp, hezreti Ryzanyň Medineden Horasana gelmegini soraýar. Haçan-da, Ymam Ryza Mara gelende, halyf Mamun öz gyzy Ummy-Habybany oňa nikalap berýär we ony orunbasary hem-de mirasdüşeri edip belleýär. Aradan birnäçe wagt geçenden soň, Ymam Ryza 203-nji hijri ýylynyň sapar aýynyň ahyrynda (818-nji ýylyň sentýabr aýynyň başynda) aradan çykýar. Ol Eýranyň häzirki Maşat şäherinde jaýlanýar. Şonuň üçin Maşat şäheri mukaddes hasaplanýar we her ýylda müňlerçe adam Ymam Ryzanyň gubruna zyýarat edýär. Ymam Ryza elli bäş ýyl ýaşapdyr. Ol ömrüniň ýigrimi ýylyny ruhy halypa bolup geçiripdir. Ymam Ryzanyň dürdäne setirleri häzirki günlerimize çenli adamlaryň hakydasynda ýaşap gelýär: «Kanagat keramatyň we serbelentligiň oturdaşydyr». «Bir iş etmezden öň oýlanyşmak seni duşmanlykdan aman saklar». «Akyl her kimiň dosty, nadanlyk bolsa duşmanydyr». «Ylym gapysy ýapyk genji-hazynadyr, açary bolsa sorag soramakdyr»... Ymam Ryza aradan çykandan soň, onuň şanyna müňlerçe kyssa we şygyr eserleri döredilýär. Ol eserlerde Ymam Ryzanyň beýik nusgalyk häsiýetleri, adamkärçilik sypatlary wasp edilýär. Ymam Ryza elmydama halky ynsanperwerlige çagyryp gelipdir. Muny beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň oňa bagyşlap döreden aşakdaky setirleri hem aýdyň görkezýär: Deň-duşlar ýanynda bir bikemalam, Aşygam Mejnunam, şikestehalam, Sine-ýe Horasan, zawwar-e älem, Ýa, Ymam Ryzaýa, bagyşla bizni! *** Hajy Bekdaş, Abdylkadyr, Hoja Ahmet, Ymam Ryzadyr, Feridun bir öwlüýädir, Baryndan hümmet islärin. Bu setirler beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň hezreti Ymam Ryza uly hormat goýandygyny görkezýär. Ýurdumyzda Ymam Ryzanyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanyp birnäçe eser çap edildi. Şeýle eserlere mysal edip, 2007-nji we 2010-njy ýyllarda çap edilen «Hezreti Ymam Ryza alaýhyssalamyň gysgaça ömür beýany» we «Hökümdarlygyň sekizinji güneşi. Ymam Ryzanyň durmuşyna gysgaça syn» atly ýygyndylary görkezmek bolar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde häzirki döwürde türkmen-eýran medeni gatnaşyklary giňden ýaýbaňlanýar. Bu ugurda Ymam Ryzanyň özünden soňky nesillere miras goýan gymmatly eserleri iki doganlyk halkyň köptaraplaýyn gatnaşyklarynyň berkidilmegine ruhlandyryjy çeşme bolup hyzmat edýär. Halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da berkidip gelýän Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan tutumly işleri rowaç bolsun! Täjigül MYRADOWA, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň kiçi ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |