23:07 Rapper / hekaýa | |
REPER
Hekaýalar
Oraz häzir ejesini topraga goýýar. Gözünde ýeke damjada ýaş ýok. Ýüreginde welin apy-tupan turýan ýaly. Ýüregi agzyndan çykyp ejesiniň yzyndan gabyra giräýjek bolýar. Şonuň üçinem gaýta-gaýta ýuwdunýar. Belki, şeýdip agzyna gelip barýan ýüregini özüçe yzyna ýuwudýandyr. Kim bilýär?! Ýöne näme üçin aglap bilenok? Belki aglaýandyr, görünýän däldir. Gözýaşsyzam aglap bilermi ynsan? Nädip? Gözýaşlar ýüregiň aglaýanynyň subutnamasy dälmi näme? Onda näme üçin käte ýüregimizde harasat gopar-da, gözümizden ýaş çykmaz? Aslynda ýüregiň aglaýanyny subut etjek bolmak nämä gerek?! Seniň ýüregiňi Alla ýaratmadymy? Öz ýaradan zadynda nämeler bolýanyny özi gowy bilýär-ä, ýeterlik dälmi? Belki Oraza şol ýeterlik bolandyr. —Merhum nähili adamdy? —Gowy adamdy! Töwir okaldy. Jaýlamaga baranlar ýuwaşlyk bilen ulaga tarap ýörediler. Oraz bolsa şol duran ýerinde, bir nokata seredip dur. —Ýöre, düş öňüme— diýip daýysy elinden çekdi. Ýol boýy Oraza iňirdedi oturdy. —Gözüňden ýaşam çykanok doňuz. Ejeň seni adam etjek bolup görmedik güni galmady. Seň kakaň idili däl-ä, tohumyň idili däl-ä. Äý, doganyň.... Doňuzuň agy nä, garasy nä. Oraz başyny aşak basyp oturuberdi. Daýysynyň iňirdisi, sözüniň arasynda sögýän paýyş sözleri onuň piňine-de däl. Gulagy gapylan ýaly bolup otyr. Wagtyň geçáýşini diýsene! Ölüp bilseň boldy, eýýäm ýediňem gelip dur, kyrkyňam. Hawa-da wagtyň dirä rehmi gelýärmi, ölä geler ýaly! Öl-ä öli welin ýeri diri...? Agajyň aşagynda çilim çekip duran ýerinde: —Gel-eý bäri— diýip daýysy Orazy ýanyna çagyrdy. Oraz salam beribem ýetişmänkä: —Eý, deýýus, şunça ýaşap näme etdiň-ow sen? Heý şü öýe işläp bir manat getiren günüň barmy? Ejeň-ä seni adam etjek bolup ölüp gitdi. Indi? Indi näme etjek? Kimiň hasabyna ýaşajak? — diýip çiliminiň tüssesini howa üfledi. —Muň sypatyna dagy sered-ä. Geýýän eşigiň dagy näteňet? Ýyrtyk-ýyrtyk, sal-sal! Köçede biri görüp diwanadyr öýder. Öňüňe teňňe dagy oklasalar geň galaýmagyn. —Daýy men reper-ä. —Ýok bolsan-aý! Şondanam bir kär bolarm-ow! Men ejeňe şunça aýtdym : "Şu oglany işe salaýyn. Saňa kömek bolar" diýidim. "Ýok, oglum saz düzýär, aýdym aýdýar" diýdi, diýenimi etmedi. Hawa, Orazyň ýeke diňleýjisi ejesi. Oraz isleýşi ýaly sazy düzüp, isleýşi ýaly rap aýdan wagty juda begenip, ejesine-de aýdyp berýärdi. Ejesi rap diýilýän zada düşünmese-de oglunyň begenjinden lezzet alýardy. Hat-da bary-ýoguny sarplap, oňa rap aýtmagy üçin ähli gerekli zatlary alypdy. —Saňa şol nirdäki ýok şakyr-şukurlary aljak bolup, ejeň mendenem karzyna pul alandyr, bilip goý! Aýdym aýdýamyş, hä-äý... Aýdymçy bolsaň han-ha dostum Baýry bagşyň ýanyna-da goýberdim-ä seni. Oňam ýanynda oňmadyň-a. Aýdym aýdýan bolsaň şoň ýanynda toýa gidiberseň bolmaýarmydy? —Ol aýdymçy. Özem diňe toýa gidýär. Men aýdymçy däl. Men reper. —Tapyp ýören zadyň gursun-lay, haýwan! Oraz hiç zat diýmedi. Dymmakdan başga çäresi barmy näme?! Ýaşap oturan öýem daýysynyň öýi ahyry! Kakasy başga aýala öýlenmekçidigini aýdansoň, ejesi Orazam alyp atasy öýüne gaýdypdy. Şu wagt ondan kakasy barada sorasaň hiç zat bilmez. Diňe çalaja ýüz-gözi ýadyna düşýän bolaýmasa. Başga aýdyp biljek zady ýokdur. Ol babasynyň elinde ulaldy. Babasy Orazy gowy görýârdi. Çagasy bilen kösenmesin diýip oglunyň adyna alyp goýan jaýyny gyzyna beripdi. Indi babasam, ejesem ýok. Häzir hemme zat daýysynyň ynsabyna bagly. —Garaz wara, elli gepden belli gep. Jaýy boşat ýegen. Meňem oglanlarym ulaldy, öýermeli. Şu wagta çenli doganymyň göwni üçin zat diýmedim. Indi günüňi gör özüň. Senem ýaş çaga däl-ä. Oraz sesini çykarmady, jaýa girip eşiklerini ýygnamaga başlady. Daýysy gapydan kellesini sokdu-da: —Bu zatlaryňam goýup git. Ýary puly meňkidir. Berip bilmejegiň belli, belki sataryn— diýip Kompýuterdir, saz düzülýän esbaplary görkezdi. **** Otly Aşgabat wokzalyna gelip saklandy. Oraz ýolbelediň: "Inim tur! Aşgabada geldik!" diýen sesine oýandy. Daýysy öýünden çykaransoň, pikirlenibem durman, ýanyndaky bary-ýok puluna petek alyp paýtagta gaýdypdy. Indi bu uly şäherde nädip gün görmeli? Ol heniz bu zatlar barada pikirem edenok. Wokzaldan çykyp, awtobus duralgasyna baryp oturdy. Soňam ýoluň ugry bilen ýöräp başlady. Barşyna täze gurulyp ýören jaýlara gözi düşdi. "Şu ýerde iş tapylmazmyka" diýen niýet bilen gurluşyk binasyna tarap ýöredi. Seretse hemmesi özi ýaly oglanlar, işleşip ýörler. Oglanlaryň arasynda, saçlary sary, orta boýly, semiziräk adama gözi düşdi. Onuň geýimi beýleki oglanlaryň eşigi ýaly iş geýim däl adaty geýimdi.Ýöne kellesinde ýörite gurluşykda geýilýän papak bardy.Oglanlara elini salgap birzatlar düşündirýär. Ol öz ýanyndan: "Şu başlyklary öýdýän! Iş soraýsammykam?" diýip pikir edip, şol adamyň ýanyna bardy. —Salawmaleýkim agam! —Salamaleýkum! "Bäh, türkmen däl öýdýän. Salamy alyşy üýtgeşik welin" diýip pikirlendi. Täzeden Rusça salamlaşjak boldy. —Men Türkmençe düşünýän bratişka. Aýdyber, näme problema? —Agam, Aşgabada täze geldim welin iş gözleýän? —Ýaşyň näçe? —22 —Näme iş edip bilýäň? Gurluşyga düşünýäňmi? —Gurluşyga düşünemok welin, näme işi bolsa ederin agam! —Hm-m, Ta-a-ak, Seni ilki bir aý ispytatelnyy srok bilen işe alaýyn. Bir aýyň içinde işi öwrenip bilseň soň naçalniga özüm aýdaryn, ofisiýalny işe başlarsyň. Horoşo? —Bolýa agam! — Men brigadir Sergeý Ýakimow! Özüň ýaly oglanlar maňa dýadýa Saş diýýäler. —Oraz! —Udaçi, Oraz! ***** Oraz işden soň nirä gitjegini bilmedi-de, ýoldaky awtobus duralgasyna baryp oturdy. Güni bilen işläp ajygypdy. Jübüsini sermedi. On manat puldan başga kör köpügem çykmady. "Çörek bilen suwa ýeter" diýip, gapdaldaky dükandan çörek aldy. Soňam goşlary salyngy torbasyny ýassyk edinip, duralganyň oturgujyna gyşardy. Dýadýa Saşyň iş wagty gutarandan soň ähli iş ýerini bir hatar gözden geçirip gaýdýan häsiýeti bardy. Bu günem oglanlary ugradyp, hemme ýeri gözden geçirip, iş ýerinden çykdy. Awtobusa münmek üçin duralga tarap ýöredi. Ol ýerde uklap ýatan Oraza gözi düşdi. —Oraz, Oraz — diýip yralady. —Hä, dýadýa Saş — diýip Oraz ýerinden turdy. —Bärde näme işleýäň? Oraz sesini çykarmady. "Barmaga ýerim ýok" diýmäge utandy. Dýadýa Saş, başyny kakyp: —Ponýatno, poýdem so mnoý — diýdi-de gurluşyk binasyna tarap ýöräp başlady. Bina giriberen ýerde, plastikdan ýasalan kiçiräk otag bardy. Içinde-de uzyn boýly, daýawrak oglan otyrdy. —Bu garawulyň bolýan ýeri, gel — diýip içeri girdi. Içindäki oglan bilen tanyşdyrdy. —Bu oglan biziň garawulymyz. Özüňe ýaşamaga ýer tapýançaň şuň ýanynda bolarsyň— diýdi-de Orazyň eline az-owlak pul berdi. —Dýadýa Saş, hökman däldi. —Aýlygyňdan tutaryn!— diýip, çykyp gitdi. Oraz ýuwaş-ýuwaş iş bilenem, işdeş oglanlary bilenem öwrenişdi. Ýöne hiç gülenok, ýüzi hemişe agyr. Ejesini juda küýsäpdi. Ony görüp bilmeýänligi bir tarapdan gynasa, aglap bilmeýänligem ýüregine düşüp barýar. Aglasa belki köşeşerdem. Onuň ýüregindäki bu duýgular assa-ýuwaş kinä, öýkä, gazaba öwrüldi. Iň bolmanda rap aýdyp bilsedi. Durmuş ondan ene mähri bilen bilelikde sazynam elinden alypdy. Ol köşeşmek üçin dynman işleýärdi. Bar gaharyny işden çykarýardy. Bu ýagdaý dýadýa Saşyň gözünden gaçmady. —Oraz, gel bäri. —How dýadýa Saş? —Boldumy işiň? —Biraz galdy, häzir dynýan! —Boldy, galanyny ertir edersiň. Häzir öýe gideli. Senem men bilen gel. Öýde etmeli işler bar. Oraz garşylyk bildirip durmady. Dýadýa Saş onuň bilen oturup gürleşmek üçin öýüne çagyrypdy. Işem bahana. Dýadýa Saşyň ykjamja öýi bar eken. Ulam däl, kiçem däl. Ýeke özi ýaşaýar. Oraz bir bada ondan maşgalasy barada soramaga çekindi. —Oraz, näme içersiň?— diýip, dýadýa Saş stoluň üstünde duran çakyrlary görkezdi. —Men içemok! —Molodes, alkogol wrednyý— diýdi-de çalaja ýylgyrdy. Olar bile agşamlyk nahar iýenden soň dýadýa Saş çaý demledi. Oraz iş üçin gelip, iýip-içip oturanyna çekindi-de: —Neme, dýadýa Saş, näme iş etmeli— diýdi. —Iş ýok. Seni gürleşmäge çagyrdym— diýdi-de çaý guýup Oraza uzatdy. —Onsaň, işde näme nastroeniýa ýok? Oglanlar bilenem kän ýakyn däl sen? Näme problema? Aýtsaň belki çözeris? Dýadýa Saş Orazy ilki görende onda bir üytgeşikligiň bardygyny aňypdy. Gözüne yssy göründi. Şonuň üçinem oňa kömek edesi gelýärdi. Oraz sesini çykarman oturdy-da, ýuwaşlyk bilen: —Ejemi küýsedim— diýdi. Belki ullakan oglan bolup, beýdip oturanyna utanandyr. Ýüzi gyzardy. Dýadýa Saş hiç zat diýmedi. Barmagy bilen açyk duran gapyny görkezdi-de: —Şol komnatyň lampasy köýüdir. Çalyşsana! Lampa han-ha durandyr— diýdi. Oraz otaga girip çyrany çalyşmaga başlady. Soňam ýakdy. —Ähä, boldy, dýadýa Saş, çalşandyryn—diýip otagdan çykdy. Ýöne hiç kim ýokdy. Şol otagyň gapdalynda, gapysy açyk duran ýene bir otag bardy. Oraz "belki şu ýerdedir" diýip otagyň gapysyny kakdy. Ses ýok. Içeri girdi. Ol otagy görüp Orazyň ýüzünde ýylgyryş peýda boldy. Belki ol bu ýakynda beýle ýürekden ýylgyranam däldir. Begendi! Sebäbi ol ýer aýdym ýazylýan studia eken. Aýdym ýazylýan, saz işlenýän häzirki zaman esbaplar bardy. Birdenem: —Bu meniň oglumyň studiasy— diýip dýadýa Saş seslendi. —Bagyşlaň! Men siz bärdesiňiz öýtdim. Soraman girmek niýetim ýokdy. —Niçego-o-o —diýip dýadýa Saş elini salgady. Saza gyzyklanýanyňy bilemokdym— diýip sözüne dowam etdi. Oglumyň studiasy bu. Özi gurnapdy hemme zady. Rep aýtmagy gowy görýärdi. Saz, söz düzerdi. Sagatlap şu studiadan çykmazdy. —Ogluňyz bar eken-da diýmek. Men ýeke ýaşaýansyňyz öýdüpdim. Ol nirede? —Üç ýyl öň awtoawarýa bolup, aradan çykdy. —Bagyşlaň! Men...! —Ine ol– diýip oglunyň diwarda asylgy duran suratyna seredip ýylgyrdy. Seni ilki görenimde oglumy gören ýaly boldum. Gözüme yssy göründiň. Bilýän, sen erbet oglan däl. Aýdyp bilmeýän zadyň bolsa aýt, synok. Oraz başyndan geçirenlerini gürrüň berdi. —Men rap-i gowy görýän. Edil şahyr goşgy ýazmak isleýşi ýaly, ýazyjy eser ýazmak isleýşi ýaly menem rep aýtmak isleýän. Özümiň islemeýän durmuşymda ýaşasym gelenok. Ine men şu, men rep aýdýan, ýyrtyk eşik geýýän Oraz men. Hawa, hiç kime meňzämok. Ýöne hiç kimem maňa meňzanok. Bolýa, meni bolşum ýaly kabul etmesinler. Bolmanam ejemden başga kabul edenem bolmandy. Ýöne men arzuwymdan geçmek niýetim ýok. Men hökman reper bolaryn— diýip içinde saklap ýören sözlerini ahyry daşyna çykardy. Dýadýa Saş üns bilen diňledi. Soňam: —Menem sazy gowy görýän. Rep-a gowy düşünýän. Bilýäňmi näme, gowy aranžirowka edip, aýdym ýazyp bilýän adamyň bolsa, birazam simpatiçny bolsaň aýdymçy bolup bolýar. Ýöne Reper däl! Sen rep-i däl, rep-iň özi seni saýlamaly. Oňa özüňi saýlatmak üçin zehin, ukyp hemem ýanyp duran ýürek gerek. Aýdymçy owadan sesi bilen adamlary şatlandyryp biler. Ýöne reper, özüniň ýönekeý ýöne täsirli sözleri bilen olaryň ýüregine täsir edip biler. Sen rep-iň seni saýlajagyna ynanýaňmy? —Ynanýaryn! ***** Sahna. Yşyklar. Muşdaklaryň adyny tutup gygyrýan sesleri. Ol bolsa sahnada. Öz söýýän rap-ni aýdýar. Hawa, ony bu gün hemme bolşy ýaly kabul edipdi. Diňe kabul etmek bilen çäklenmediler, oňa meňzejek bolýardylar. Her bir hereketini, her bir sözüni ýatdan bilýärdiler. Ol sahnada bu gün ýönekeý rapper däl, sungat asmanynyň täze ýyldyzy bar Muşdaklaryň sesleri hasam batly ýaňlanýar: —O-raz, O-raz, O-raz! Onuň üstünligini öň hatardan synlap oturan dýadýa Saş gözüne ýaş aýlap ýylgyrýar, el çarpýar. Belki, Oraza kömek etmek bilen öz oglunyň arzuwlaryny amala aşyrany üçin şeýle begenýänidir! Oraz bolsa köpçüligiň içinden ejesiniň keşbini gözleýär. Ýöne tapanok. Muşdaklaryň sesleri oňa eşdilenok. Sahna ony hiç hili jadylanok. Birdenem onuň gözleri gapynyň agzynda hasasyna söýenip duran ak saçly ýaşula düşdi. Ýüregi hasyrdady. Näme bolýanyna düşünmän geň galyp, pikirlenýär: —Bäh, gözleri juda tanyş! Aýsapar EMELOWA | |
|
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |