20:05 Remezan aýy we oraza | |
REMEZAN AÝY WE ORAZA
Remezan aýynyñ Kuran aýy bolmagy bilen bir hatarda juda ähmiýetli aýratynlygy-da ynsan nebsiniñ iñ möhüm terbiýeleýiş usuly bolan orazanyñ (agzyñy beklemegiñ) bu aýda part kylynmagydyr. Ýagny, Remezan - hem Kuran, hem oraza aýydyr. Türk alymy Bediüzzaman Nursy orazanyñ başga aýlarda däl-de, Remezanda parz kylynmagynyñ hikmetini şu sözler bilen düşündirýär: Kuranyñ inip başlan Remezan aýynda Kurany täzeden inýän ýaly diñlemäge taýýar hala gelmek üçin haýwany isleg-höweslerden syýrylyp, belli bir derejede perişdeleşip, şol aýy iñ gowy ýagdaýda iñ gowy ruhy halda geçirmek hem-de Kuranda iñ gowy şekilde peýdalanmak üçin oraza emredilipdir. Hadys Kurany ýa Jenaby-Hakdan, ýa Jebraýyl perişdeden (a.s) ýa-da Hezreti Pygamberimizden (s.a.w) diñleýän ýaly iñ mukaddes duýgulara gark bolup diñlemegi sargaýar. Kurany-Kerimde "Oraza sizden öñki ymmatlara parz bolşy ýaly, size-de parz kylyndy" diýilýär. Namaz ýaly jümle ymmatlara parz kylynylan oraza ybadatynyñ elbetde örän uly hikmeti, peýdalary we fazylatlary bar. Birnäçe hadyslarxa bu barada aýdylyp geçilipdir. Ymam Gazalynyñ "Ihýa" eserinde Pygamberimiziñ (s.a.w) "Oraza sabryñ ýarpysydyr" we "Sabyr imanyñ ýarpysydyr" hadyslaryna salgylanyp, "Oraza imanyñ dörtden biridir" diýmek bilen orazanyñ iññän uly ähmiýetini nygtap geçýär. Başga bir meşhur hadysda “İman kyrk bölek şahadyr" diýlenini ýada salsak, orazanyñ dinimizdäki iññän wajyp ornunyñ bardygyna göz ýetirmek mümkin. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |