01:00

Репертуар на декабрь месяц 2023 г. Pусский Драматический театр им. А.С.Пушкина

Teatr we kino sungaty
Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 376 | Добавил: Haweran | Теги: Söhbet Serbazow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Teatr we kino sungaty bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 4
0
1 Injener  
1
Şu sungatam ýuwaş-ýuwaşdan öldürip barýarlar. Teatra baranyňdan, indi Tiktok-da oturanyň gowy ýaly?

0
2 Haweran  
411
Beýle däl, öldürilýän zat ýok. (Bir zat öldürilýän bolsa, ony öldürýän özümiz). Bu zatlar aslynda halkyñ medeni-intellektual derejesine bagly. Geçen dynç güni men Puşkin teatryna baranymda syn edýän welin, tomaşaçylaryñ deñ ýarsyna golaýy ene-atalary bilen gelen mekdep ýaşyna ýetmedik we mekdep ýaşly çagalar. (Ýogsa şolara-da tiktok-miktok diýen zatlar elýetersiz däl-ä).
Milleti rus we rus dilinde gepleýän ildeşlerimiziñ giñ düşünjeli gatlaklary çagalarynyñ ýaşlykdan medeni gözýetimini giñeldýärler.
A bizde bolsa... Gurjak teatrynyñ ýagdaýynyñ nähilidigini bilemok welin, ony hasaba goşmanymyzda-da Aşgabat şäherinde uly ýaşlylara we türkmen dilli tomaşaçylara niýetlenen dört uly teatr işleýär. Häzire çenli men bularyñ birinde-de çagalaryny yzyna tirkäp baran ildeşlerimizi görmedim...

0
3 Injener  
1
Biz ýetginjek wagtymyz Mollanepes teatra barýardyk, özem şol bir oýun diýen ýaly: "Hindi rowaýaty". Ol döwürler bizde "medeni-intellektual" diýen zat ýokdy, teatra baran taksymyzy kidat edýärdik her gezek, öýe gaýdamyzda-da şolar ýaly. Teatrdaky daýza, bizi iň soňunda ýüzümizden tanap başlady we iň soňky setirde oturdýardy, sebäbi aramyzda teatryň sahnasyny gygyryp teswirleýänler bardy. Aýtjak bolýanym teatra öňler köp barylýan bolsada, teatrda (kinomatografdan) başga kankurent ýokdy. Indi welin adamyň wagtyny özine sarp etdirjek zatdan doly. Edil teatr artistlaryň hiliniň nä derejede galanyny bilemok...

0
4 pezzek  
1631
30 ýaşap geçdim. Ömrümde iki gezek teatra baryp oýun gördüm. Lebapda gullukda wagtym eltdiler. Birem Aşgabatda, bir tanşym gideli diýen soň gidäýdim. Ondan bäri onlarça ýyl geçdi. Öz boluşly köplik bilen görseň gyzyklam bolýar. Gitmeli, geleň edilenok. Işleýän ýerimiň 500 metirliginde Kemine teatry. Barylaýanok, bolmasa gyzyklam görýän. Aýallary, çagalary bilen barýan köp.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]